11:55 Kaspi deñzi | |
KASPI DEÑZI
Goşgular
Tolkun sürüsinden - göm-gök sürüden dolupdyr bu mahal Kaspiniñ ýüzi. Çölleriñ üstünden gelen ýel bilen gürleşýär bu mahal giñ Kaspi deñzi. Kaspi köl, suwy hem öli diýdiler, beýle däl ekeni, gepleýär deñiz. Süri-süri tolkun gaýnaýar dynman. Kaspi köl däl, Kaspi deñizdir kemsiz. Deñizde dostlar bar, duşmanlar hem bar: Gomlar deps-dagdyr, taýmyl hem keýik; gomlar nobur-ýapdyr, taýmyl hem bedre ýa gomlary hasaplaýyñ at diýip. Bir atyñ gerşinden ýykylýar taýmyl, derrew çykýar başga atyñ üstüne. Bir balykçy türkmen aýbogdaşyny gurup, otyr amal edip kesbine. Türkmeniñ başynda gap-gara telpek. Ýok, telpek däl, bir toklynyñ garnyny ýarypdyr-da, geýäýipdir başyna, sürýär taýmylyny jemläp gurbuny. Türkmen tolkunlara bolaýmaz boýun. Türkmen sarsman otyr, hamana, hudaý. Otyr daşdan ýasalan bir şekil dek, gaharly gomlara bakýar biperwaý. Taýmylyñ böwrüne tolkunlar degýär, Taýmyl gaýyp çykýar atyñ üstüne, kiçelip ýok bolýar ol münen aty, taýmyl başga ata münýär dessine. "Habardar bol suwda tüweleý turýar, Mekir tolkunlardan bol sen habardar!.." Gelse gelibersin tolkun sürüsi, bu dünýäde bir başa bir ölüm bar. Deñizde ölýänler deñizde doglan, gomlar bolsa bolubersin betpygyl. Taýmyl gomdan düşýär, goma-da çykýar, suwda bir peselýär, bir galýar taýmyl. 1928 ý. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. # Nazym Hikmet / "Goşgular", 1989 ý. * * * Gözýetimden-gözýetime göterlip, Dälireýşi ýaly garry göherdiñ Hazar dälireýär, Hazar gaýlaýar. Tolkunlar pagşyldap, kenara serlip, Dilin birikdirip harasat bile Hazar gaýnaýar. Gaýnaýar ol gazany deý dowzahyñ. Wah, al kakan, kim aýtdyka, asyl-ha "Suwy öli, özi köl" diýip, Hazara. Ýa-ha möwjäp Kaspiñ şähdi açylýa, Ýa-da Kaspi atlanypdyr gazaba. Dostam onuñ göwsün dilip ýüzüp ýör, Duşmanam ýüzüp ýör onuñ göwsünde. Tolkun ~ dag, arasy jülgeli-saýly. Tolkun ~ gaýa, han-ha onda taýmyl bar. Tolkunlar tolkuna kiçijik gaýgy Guduz açyp ondan-oña gaýdyrýar. Atdan-ata towsup münülşi ýaly, Gerişden-gerişe, towusýar kertden. Aýbogdaşyn gurup gaýgyñ içinde Otyr gypynç etmän balykçy türkmen. Başynda buýraly gara silkmesi, Silkme däl, ol goýnuñ garnyny ýaryp Geýäýipdir kellä, Däli tolkunlar Onuñ depesinden yñdarlyp gelýä, Tolkundan-tolkuna towusýar taýmyl Dergazap bolupdyr deñiz şalygy. Aýbogdaşyn gurup içinde gaýgyñ Deñziñ gaý-tupanyn piñine alman Otyr türkmen hudaýy deý balykçy. Tolkun näme, apy-tupan, gaý näme, Däli deñiz kyýamata tutýamy ~ Syndyrmaz ruhuny! Otyr taýmylda, Otyr türkmen edil daşdan but ýaly, Daşdan hudaý ýaly, gaýgyñ ruluny Sypdyrmaz ol. Ol özüne ynanýar. Bolmajysyn bolup urunýan deñziñ Zarbasyna kenarda zemin yranýar. Kertden-kerte, gerşden-gerşe atylýar. Göge zyñlyp, Suwda towusýar gaýyk. "Habardar bol, aparmasyn gaý seni, Habardar bol, gazabyndan Hazaryñ Taýmylyñy agdarmasyn harasat!" Ol çapdyryp barýar taýmyl-atyny "Tupan turanda nä?" ýalñyz kanun bar! Däli deñziñ gujagynda dogulan, Deñizde tabşyrar amanadyny! Tolkundan-tolkuna towusýar taýmyl, Tolkunlar bat alyp urulýar gaýga, Kiçijik gaýyjak kä ýitip gidýär, Kä pese gidýär ol, Kä çykýar beýge... Nazym HIKMET. # "Watan" gazeti, 1996 ý. | |
|
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |