KASPI DEÑZI
Gözýetimden-gözýetime göterlip,
Dälireýşi ýaly göýä göherdiñ
Hazar dälireýär,
Hazar gaýlaýar.
Tolkunlar pagşyldap,
kenara serlip,
Dilin birikdirip harasat bile
Hazar gaýnaýar.
Gaýnaýar ol gazany deý dowzahyñ.
Wah, al kakan, kim aýtdyka, asyl-ha
"Suwy öli, özi köl" diýip, Hazara.
Ýa-ha möwjäp Kaspiñ şähdi açylýa,
Ýa-da Kaspi atlanypdyr gazaba.
Dostam onuñ göwsün dilip ýüzüp ýör,
Duşmanam ýüzüp ýör onuñ göwsünde.
Tolkun - dag,
arasy jülgeli-saýly,
Tolkun - gaýa,
hanha onda taýmyl bar.
Tolkunlar-tolkuna
kiçijik gaýgy
Guduz açyp ondan-oña gaýdyrýar.
Atdan-ata towsup münülşi ýaly,
Gerişden -
gerişe,
towusýar kertden.
Aýbogdaşyn gurup gaýgyñ içinde
Otyr gypynç etmän balykçy türkmen.
Başynda buýraly gara silkmesi,
Silkme däl,
ol goýnuñ garnyny ýaryp
Geýäýipdir kellä.
Däli tolkunlar
Onuñ depesinden yñdarlyp gelýä.
Tolkundan-tolkuna towusýar taýmyl
Dergazap bolupdyr deñiz şalygy.
Aýbogdaşyn gurup içinde gaýgyñ
Deñziñ gaý-tupanyn piñine alman
Otyr
türkmen hudaýy deý balykçy.
Tolkun näme,
apy-tupan,
gaý näme,
Däli deñiz kyýamata tutýamy -
Syndyrmaz ruhuny!
Otyr taýmylda
Otyr türkmen edil daşdan but ýaly,
Daşdan hudaý ýaly,
gaýgyñ ruluny
Sypdyrmaz ol.
Ol özüne ynanýar.
Bolmajysyn bolup urunýan deñziñ
Zarbyna kenarda zemin yranýar.
Kertden-kerte,
Vvgerşden-gerşe atylýar,
Göge zyñlyp,
Suwda towusýar gaýyk.
"Habardar bol, aparmasyn gaý seni,
Habardar bol, gazabyndan Hazaryñ
Taýmylyñy agdarmasyn harasat!"
Ol çapdyryp barýar taýmyl-atyny
"Tupan turanda nä?"
ýalñyz kanun bar!
Däli deñziñ gujagynda dogulan,
Deñizde tabşyrar amanadyny!
Tolkundan-tolkuna towusýar taýmul,
Tolkunlar bat alyp urulýar gaýga,
Kiçijik gaýyjak kä ýitip gidýär,
Kä pese gidýär ol,
Kä çykýar beýge...
Terjime eden: Nobatguly REJEBOW.
Goşgular