12:15 Käte özüm bilen özüm gepleşip... | |
Kerim GURBANNEPESOW
Goşgular
▶ Goşgy älemindäki iñ ilkinji synanyşyklarymyñ hemaýatkäri "Sowet Türkmenistany"gazetiniñ şol mahalky redaktory Şamyrat Täşliýewe Käte özüm bilen özüm gepleşip, Pikire batýaryn halypa hakda. ...İñ uly halypam Pyragy weli, İlkinji ädimmi penalamakda İlkinji goluny uzadan adam Başga howandardy,başga kişidi. Ol Pyragy däldi.Ýöne meñ üçin Şondan ne uludy, Ne-de kiçidi. Käte özüm bilen özüm gepleşip, Pikire batýaryn halypa hakda. ...İñ uly halypam Puşkindi weli, Täze halypam hem halypalykda Şonça iş edipdi.Ejiz setirlem Şonuñ emri bilen alga geçipdi. Ýok ol Puşkin däldi. Ýöne şo pursat Şondan ne uludy, Ne-de kiçidi. Käte özüm bilen özüm gepleşip, Pikire batýaryn halypa hakda. ...Ullakan halypam atamdy weli, İkinjisi duşup ýowuz ýaşlykda, Orakly atamyñ ýetişmedigni Kem-kemden taplapdy eli çekiçli. Ýok,ol atam däldi, Ýöne meñ üçin Şondan ne uludy, Ne-de kiçidi. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |