11:26 Keç ykballar | |
KEÇ YKBALLAR
Taryhy şahslar
■ NOBAT BAGŞY – Atamyz Nobat bagşyny otuz ýedi-de: «Owganystana gaçyp giden Rahmanguly han bilen gatnaşyk edipsiň» diýip basýarlar. Ol şo wagt 36 ýaşlarynda bolmaly. Inisi Bäşim hem 21 ýaşynda, onam ýygnaýarlar. Olaryň basylmagynda Owganystan bilen gatnaşyk däl-de, onuň bir ujy Aşgabada gelýär. Atamyz radioda işleýän eken. Radionyň ýanynda sazçylyk mekdebi açylýar. Atam bir klasda, inisi Bäşimem başga bir klasda sapak berýär. Atam iki aýlyk alýan eken. Bir aýlygyny işgärlere paýlaýan eken. Bir gün onuň okuwçylarynyň biri bir sazyň öwrümini nädip çalmalydygyny soraýar. Nobat bagşy: «Ine, şeýleräk etseň bolar» diýip, oňa öwredýär. Synlap duran başga bir sazanda: «Beýle bolmaly däl» diýýär. Nobat bagşy-da giňlige salýar welin, beýleki gyzyp, gidip otyr. Atamyz oňa: «Sen sazyň pygamberi bolsaň, men – Hudaýy» diýipdir. Nobat bagşy durup bilmän: «Haýsy guralda çalşasyň gelse, gel, çalaly! Aý, sen başga saz gurallaryny näbilýäň, al eliňe dutary, kowşaly!» diýýär. Ol çalýar, Nobat kowýar. Soň Nobat gaçyp, ol iki aýlawam edip bilmän, dutaryny goýýar. Nobat bagşy oňa: «Men dirikäm, sen meniň ýanymda saz çalmarsyň» diýipdir. Muny soň şo wakanyň şaýady – atamyň okuwçysy gürrüň beripdir. Şeýdibem, atam işden çykyp, obasyna gaýdýar. Dawanyň başy şol. Nobat bagşy atamyz ýamanlanan bolmaly – diýip, bagşynyň agtygy Gurbanmyrat aýdýar. – Ödenyýaz akgamyz şo wagt 1-nji klasyň okuwçysy eken. Atamyz basylan soň, onam «halk duşmanynyň çagasy» diýip, okap oturan ýerinden kowýarlar. Öňdenem kakasynyň elini baglap, öýlerinden äkidişlerine jany ýangynly çagajyk öz deň-duşlarynyň arasynda kemsidilişine çydaman, öýlerine çenli ýol boýy aglap gelýär. «Halk duşmanynyň çagalaryny» obadan göçürip, Sandykgaça sürgün edýärler. Ödenyýaz okuwyny dowam etdirýär. Dokuz ýaşyndaka Aşgabatda geçirilen aýdym-saz bäsleşigine gatnaşýar, bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Baýrak gowşurylýar. Şo günüň öýlänem: «Saňa baýrak bolanok, sen halk duşmanynyň çagasy ekeniň» diýip, çaganyň elinden baýragyny alypdyrlar. Ine, bu-da şol döwrüň zabunlygyndan bir nyşan. ■ AJAP ÝEŇŇE Ömrüni kolhozyň gara işlerinde geçiren Ajap ýeňňäniň göreni görgi, edeni bergi bolupdyr. Onuň ýaşlyk döwri «baý-kulak» diýilýän döwre gabat gelipdir. Durmuşa çykyp, ýaňy onuň hözirini görüp ugran çaglary ömür saly çaýkanyp başlapdyr. – Adamyma «baýyň ogly» diýip, alty ýyl iş kesdiler, obadan göçürdiler. Elimde-de iki sany suw ýaly çaga – diýip, garry ene gürrüň beripdi. – Ine-de, otuz ýedinji ýylam ýetip geldi. Şu günki ýaly ýadymda, gözümiň öňünde. Dagda çarwadyk. Patefonyňam ýaňy çykan wagtlarydy. Agşam. Adam bary biziňkide patefon diňläp otyrdylar. Iki sany harby geýimli adam gelip, ýoldaşym Muhammetnuruň goluny baglap äkitdiler. Patefonda aýdym diňläp oturan adamlar keýpsiz halda dagaşdylar. Ertesi onuň Garrygalanyň üsti bilen Bäherdene äkidilendigini doganym Artyk bagşy bilip geldi. Muhammetnuruň tutulan güni Alp Arslanyň 13-nji agşamsydy. Ertesi bir gijede Kowus, Ylýas, Allaberdi diýen üç dogany tutdular. Ýene ertesi Güseýin Hywalynyň dört ogly bir gijede ýygnaldy. Başga bir gün bir gijäniň içinde obamyzdan 50 adam tutulyp äkidildi. Muhammetnuruňam gidişi-gidişi boldy. Ne öldi habary, ne ýitdi habary, ne diri habary geldi. Şondan bärem onuň ojagyny saklap gelýän. Horlugym köpdür – diýip, Ajap ýeňňe çaýly käsäni eline alyp, owurtlap, gürrüňini dowam etdiripdi. – Uruş döwrüdi. O wagtlar dagda ýer sürlüp, düme bugdaý ekilerdi. Ýanymyzda iki sany ýaşajyk oglany goýardylar, bizem bäş-alty sany ýaş gelin bolup, öküze goşup, ýer sürerdik, mala bilen ýer tekizlärdik, orak orup, döwek döwerdik. Ine, biziň men diýen wagtymyz şeýdip geçip gitdi. Arpa otagydy. Serhetçiler dagda bir adamy atyp öldüripdiler. Ýanyna barmak – gadagan. Jaýlamak – gadagan. Eger jaýlanyp-zat ediläýse, birem habar edäýse, dat günüňe. Tohum-tijiň bilen ýok etjekler. Adamlaryň gözi gorkan-da! Hiç kim atylan adamyň ýatan ýeri bolan deräniň içine baryp bilmedi. Şeýdip, bu arpa oragy geçdi. Indiki arpa oragy diýlende, biz: «Kimem bolsa, bu musulman bendäni adam ýaly jaýlaly» diýdik. Ýanymdaky erkek adamlaryň ikisi-de: «Biz baryp biljek däl, ýöne kim gelýä, kim gidýä, seni garawullarys» diýdiler. Menem Allany çagyryp, «Bismillä yr-rahman yr-rahym» diýip, doga okadym-da, işe başladym. Ýüpek köýnek ýüňden çalt çüýreýän eken. Ýanynda üç dest köýnek-balak, ýüz gram çaý, üç sany çörek saçaga dolangy. Çöregiň daşy şowjarypdyr, çaý dagy şu günki goýlan ýaly, üç gulaç dolak bar, bir – telpek. Soň: «Ol bir sygra dilenýän telpek» diýdiler. Bir ýüzi çüýrän eken. Tahýasy bar. Süňkleri biri-birinden aýrylmandyr. Ýazgyt diýleni çyn ekeni. Maňlaýynda harpa meňzeş zatlar ýazylgy. Okap bilýänmi men?! «Bu dünýäde seniň gaýybana bajyň bolýan» diýip, bir «Alhamy», üç «Kulhuwallany» okap, onuň egin-eşigini çykaryp başladym. Geýiminiň ýarysyny astyna ýarysynam üstüne ýapdym. Telpegi, tahýany başujunda goýdum. Şeýdip, çukuryny gazyp, jaýladyk. Mazaryny hem suw-sil äkitmez ýaly, sowarak ýerde etdik. 10-15 ýyldan soň onuň mazarynyň başyny aýladylar. Ol Döwletmyrat çaryk diýilýän adamyň ogly bolup çykdy. Neresse öz gününe ýaşap ýören daýhan adam eken. Halk duşmany nämişlesin?! Goçmyrat ahunyň neberesindendi... Häzir Ajap ýeňňe aýatda ýok. Ýogalanyna birnäçe ýyl geçdi. Eger söhbetdeş bolmadyk bolsam, onuň geçen külpetli ýoly hakda hiç wagtam bilmezdim. Bu gün ony ýatlap, merdana aýalyň ruhuny şat edesim geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |