14:25 "Kelle agyry paýlaýan" | |
11 “KELLE AGYRY PAÝLAÝAN”
Ýatlamalar
Bu sözi aýdan ýazyjynyň adyny tutmak hökman däl. Men ol adamyň etmişini mysal getirmek bilen döwre häsiýetli bolan tutuş bir hadysa siziň ünsüňizi çekmekçi bolýaryn. Ol adam sowet zamanynda ýazyjylaryň arasynda rowaç diýilýänleriň biridi. Eserleri gazet-žurnallarda, neşirýatdarda bökdençsiz çap edilýärdi. Goşgy, poema, powest, roman, ylmy makala ýazýardy, terjime edýärdi. Onuň eserlerindäki haýsydyr bir kemçilik barada dil ýarmaga tankytçylar çekinýärdi. Gorkar ýaly onuň wezipesi-de ýokdy, onda-da het edip bilenokdylar. Partiýanyň merkezi komitetinde işleýän emeldarlar hem ondan çekinýär diýerdiler. Onuň ýeser ýaragy bardy, islendik adamy dogry nyşana alyp, ok atýardy. Atanda sessiz atýardy, adamlary seňseledýärdi. Göze görnüp duran ýara salmaýan aýylganç okuň ady bardy: anonimka, türkmençe: “golsuz arza” diýilýärdi, ýöne rusça ady ýörgünlidi. Anonimka ýazypsyň diýlip, ol adamyň tutulan mahaly ýok, tutulmasa-da, onuň mergendigine şübhe edilmezdi. Ol irden maşynyny haýal sürüp, redaksiýalara aýlanardy. Entek oňa belet bolmadyk bir adam geň galyp sorapdyr: “Sen gije ýazan goşgularyňy irden redaksiýalara paýlap çykýaň öýdýän?” “Ýok, men goşgy paýlamok, kelle agyry paýlaýan” diýipdir. Onuň paýlaýan kelle agyrsyndan ejir çekenleriň biri-de Nury Baýramowdy. “Mydam taýýar” gazetiniň redaktory bolup işe başlan mahaly bir gün redaksiýanyň jaýyndan çykyp barýarka oňa gabat gelýär. Ol: “Nury, ýagdaýlar neneň?” diýýär. Nury sowalyň äheňine üns bermeýär-de: “Ýagdaýlar-a gaty gowy” diýýär, geçýär gidiberýär. Üç-dört günden partiýanyň merkezi komitetinden Oleg Kuzmin Nura til edýär, gelip git diýýär. Barsa, Olegiň stolunyň üstünde Nurynyň aýagyndan ýazylan golsuz arza ýatyr. Oleg hem ýazyjylar soýuzynyň agzasydy, ýazyjylaryň käbiri bilen oturyp-turuşýardy, içmäni, keýp çekmäni halardy. Nury-da amatyna garap, ony öýüne çagyrardy, iýdirip-içirerdi. Oleg orusçalap sögünýär-de: “Ine, “dostlaryň” bitiren işi, otur-da düşündiriş ýaz” diýýär, arzany oklaýar. Nury töhmet edilenine gaharlanýar: “Ýazan adamy tapyp bolmazmy” diýýär. Oleg gülýär, sandyrap oturan Nura jogap berýär: “Anonimka merkezi komitetiň býuro çleniniň aýagyndan ýazylan bolsady, tapsa-da bolardy, ýöne sen pioner gazetiniň redaktory, seniň wezipäň töhmetçini tapmaga ediljek alada degenok. Sen ýene bir ýagdaýa düşün: eger anonim hata üns berilýän bolsa, onuň peýdaly ýeri bardyr. Gowusy, sen kim bilen nähili gatnaşykda bolmaly, kime nähili söz aýtmaly, ine, şony öwren”. Iki aýdan ýene öňki ýagdaý gaýtalanýar, şundan soň Nury haty kimiň ýazandygyna, nähili ýagdaýda ýazylandygyna, nähili säwlik goýberendigine düşünýär. Nury Baýramyň soňky aýdany: Seretsem, ýene şol adam garşymdan gelýär. Paýhasymyň durlanyşyna haýran galaýmaly boldy. Eger akmaklyk etseň, bu adam üçünji öwre anonimka ýazar, bir alajyny gör diýýän. Edil zäherli ýylan golaýlaşyp gelýän ýaly boldy. Bir bada ýylanyň jadysyna baglanan syçan ýaly sandyradym. Aklym işledi, gorkynyňam peýdaly ýeri bolýan ekeni, özümi tutdum, ýumruk ýaly düwüldim. Içimi tutup, buruljap başladym. “Nuryş, ýagdaýlar nähili?” Öňki iki gezegem meniň akmaklygym şu sowaldan soň başlanypdy. Indi näme diýmelidigini welin, bildim-dä! “Ýagdaý galdymy, görýäň-ä – diýip, aýak üstünde durup bilmeýän kişi bolup, diwara söýendim. – Ýagdaý erbet, gaty erbet diýsemem boljak. Häzirem dogtora barýan, keselhana gir diýäýmeklerem ähtimal. Analiz aldylar, rentgene saldylar. Aşgazanyňda ýara bar, öthaltaňda daş bar, bir böwregiňe sowuk degripsiň, öýkeniňe ýene bir seretmeli, bir gara tegmil bar diýdiler. Nejis gury üsgülewik tapyldy, şondan gorkýan” diýdim. Ol indi maňa söýget berip başagaý boldy. “Saňa seýrek tapylýan derman ot bereýin, otdan gowy em bolmaz” diýdi. “Derman otlary hakynda gazete-de makala gerek, şony senden gowy ýazjak ýok, gaýrat et. Goşgularyňy indiki nomeriň maketine salandyryn, baraý, jogapkär sekretar görkezer” diýdim. “Wraçyň ýanyna özüm äkideýin” diýdi, “Sag bol, köçede maşyn garaşyp dur” diýdim. Bäş gün geçdi, on gün geçdi anonimka ýok. Indi ony gördügim içimi tutup buruljap başlaýan. Dynaýdym. Mary oblastyna gitdik. Ady respublika belli sowhoz direktory bardy, öýüne nahara çagyrdy. Üç myhman, öý eýesi, saçak başynda otyrys. Nury direktora belet ekeni, onuň ýazyjylar bilen gümür-ýamyr etmegi halaýandygyny, kitapçyldygyny duýdurypdy. Diýeni ýaly, täze çykan kitabyň birgidenini okapdyr. Her kitaba öz pikirini aýdýar. Şol ýazyjynyň adyny tutdy, golaýda onuň romanyny okapdyr, halamadym diýdi. Nury elheder aldy: – O-how, bu pikiriňi iň soňky eşiden biz bolaly, gaýdyp diliňe alaýmawergin, oň gulagyna ýetäýse!.. Baý-bo-ow!.. Direktor güldi. – Ony men gördümmikäm? – Görme-de, bilme-de! – Onda özüň aýt, nähili adam ol? Direktor Nurynyň jogabyna garaşdy. Nurynyň berjek jogabyny eşitmek maňa-da gyzyklydy. Ol adamy häsiýetlendirende Nury haýsy zatlara üns bererkä, anonim haty agzarmyka? Agzamak üçin hakykatdan hem ol adamyň anonimka ýazanyna subutnamaň bolmalydy, onsuz töhmet bolar. Töhmet atylanyny eşidäýse, ol adam Nuryny diriligine ýuwdar! Eşitse, bizden eşitmelidi, ýöne biz tarapdan söz ýetmejegine Nury ynanýan bolmaly. Garaşýan. Nury ýaýdanyp oturmady, jogaby öňden kebşirläp goýan bolsa gerek, geplemäge höweslidigini duýdum. – Sen urşuň agyr ýyllaryny gowy bilmeli, hemmämiz oba oglany – diýdi. Direktor baş atdy. – Açlygym bolsa, maý baýramy, oktýabr baýramy gelende, bilýänsiň, kolhoz ýylyssy edip, adamlara dadyran bolardy. Ýaňkyň obasynda-da şeýdýäler. Süýtden galan, burny sümükli kelek geçiniň süňküni suwdan doly gazana atyp, gaýnadyp başlaýalar. Ýarym gün gaýnasa-da et ýumşanok, ýumşar ýaly et ýog-a, süňk bilen syr bar. Wah, bişmese-de, aç adamlar hezil edip iýjekler, görgüliler garaşyp, syryljaşyp otyrlar. Äý, ind-ä bolaýdy öýdýän diýlende, ileri tarapdan bir geň ses eşidilýär. Köne howly bar ekeni, içi üzümçilik, Owganystana gaçyp giden baýyň mülki. Haýatdan aşyp, bir ýalaňaç oglan gaýdýar, gözüne urlan ýaly gygyryp, ylgap gelýär, köýnegem elinde, depesinde bulap gelse, bir erbetlik bolandyr öýdülýär. Häzir Amerikaň filmini görkezýäler-ä, “Çingakçuk” diýilýär. Şonda kellelerine guşuň peri berkidilen, elleri naýzaly adamlar bardyr, şolary göz öňüne getiräý. Bu oglanam kellesine, biline gamyşyň tozgasyny daňypdyr, sähel-mähel adamyň ýüregini ýarjak. Ýaňky ylgap gelşine badyny peseltmän gaýnap duran gazanyň gapdalyndan geçýär gidiberýär. Bu näm boldugy diýip, adam bary haýran bolup duran. Onýança eli susakly adam: “Serediň-ä muňa!” diýip, gazany görkezýär. Seretseler, gazanyň ýüzünde birgiden kyrkaýak, içýan, möý ýatyr, ýaňky oglan zyňyp gidipdir. Ana, şol oglan seň soran adamyň bolmaly! Direktor: – Başga zat aýtma, şu aýdanyň ýeterlik – diýdi. Nury ýasan obrazyndan göwünhoş ýylgyrdy, Nury ondan şeýdip ar alyp, ýüregini sowadaýmasa, başga edip biljek alajy ýokdy. Biziň hemmämiz golsuz arza ýazýanlaryň öňünde alaçsyzdyk. Adamda kelle agyry, göz agyry, bil agyry, diş agyry, ýürek agyry, gury agyry diýlen keseller bar. Derman berilse-de bu keselleriň köküni aňsat köwläp bolanok. Golsuz arza jemgyýetçilik keselidi. Onuň ýokarky kesellerden tapawudy adamlara onuň dermany berlenokdy. Onuň tepbedi agalyk edýän häkimiýetiň ygtyýaryndady, emma häkimlik keseliň bolmagyny isleýärdi, hatda oňa özi tekge berýärdi. Sowet zamanynda bu keseli adamlary hemişe gorkuda saklamagyň guralyna öwrüpdiler. Ondan halas adam ýokdy diýse bolar. Ol telim gezek meniň hem başymdan inipdi. Biri hakynda “Biz kim ekenik?” diýen kitabymda ýazypdym. Gorky keseliniň açyk, gönümel ulanylýan başga usullary-da bardy. Şolaryň has mojugy hakynda aýdaýyn. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |