11:30 Kerepli sakyrtgalar we daýhan / erteki | |
KEREPLI SAKYRTGALAR WE DAÝHAN
Ertekiler
Barlar bar eken, ýoklar ýok eken. Haşal otlaryň arasynda howply kerepli sakyrtgalar diýilýäni tutuş maşgala bolup ýaşaýar eken. Olar gowaçadyr, gawun, garpyzdyr kädi, almadyr ýorunja ýaly ösümlikler bilen iýmitlenip, daýhan hojalygyna uly zyýan ýetirýär eken. Özleri-de ähli ýerde giňden ýaýrap, örän çalt köpelipdirler. Ýüzden köpräk ýumurtga guzlaýan kerepli sakytga her ýigrimi günden bir nesil beripdir. Kerep olary daşky duşmanlardan, artykmaç gyzgynlykdan gorapdyr. Olar ýapragy deşip,onuň suwuklygyny sorupdyrlar. Suwy sorulan ýapraklar bolsa basym gurap dökülmek bilen bolupdyr. Şonuň üçinem daýhan olardan dynmagyň ymykly ugruna çykypdyr. Bu habary eşiden kerepli sakyrtgalaryň baştutany howsala düşüpdir-de, kowumdaşlaryny gyssagly maslahata çagyryp, ýagdaýy habardar edipdir. - Daýhan bizi düýpli ýok etmegiň ugruna çykypdyr. Munuň üçin ol altyngözlüje atly jandary ulanyp başlady. Indi ony emeli usulda köpeldibem bilýär. Ýekeje altyngözlijäniň öz ýaşaýan döwründe iki ýüzden köpräk şirejedir dört ýüze golaý kerepli sakyrtgany iýmäge ukyplydygy belli boldy. - Hawa, ony menem eşitdim - diýip, kerepli sakyrtgalaryň ekabrragy gürrüňe goşulypdyr. - Özünem daýhan ony diňe biziň garşymyza däl, eýse ony bakja, erik, gowaça, ýorunja şirejelerine, alma, armyt ballyjanlaryna, güýeleriň garşysyna hem ulanýar eken. Altyngözlijäniň ýekejesiniň guzlan ýumurtgalarynyň sany dört ýüzden-de geçýärmişin. - Men altyngözlüjelere belet. Olar ýörite biziň üçin dörediläýýän ýaly. Çagalary dört-bäş günüň içinde ýumurtgadan daşyna çykýarlar we howanyň gyzmagy bilen dessine uçup başlaýarlar. Her biri-de dört-bäş nesil berýär. Däne sakyrtgasy: - Galla ekilýän ýerlerde-de daýhandan ýaňa bize gün ýok. - Alma, armyt, alça, erik, şetdaly, garaly hem öňkülerinden has berk goralyp başlanyldy – diýip, goňur bilen gyzyl miwe sakyrtgalary jedir-jedir edipdirler. Şol maslahata oklukirpi hem çagyrylan eken. Ol hem söz alypdyr: - "Oklukirpiler mekgejöwene, sübselige, gawun-garpyza, ýeralma uly zyýan ýetirýär“ diýip, daýhan bizi hem ýok etmegiň kül-külüne düşenmiş. - Men arada hakyt daýhanyň altyngözlüjelere sapak berip duranlaryny gulaklarym bilen eşitdim--diýip, garagurt möýi söz alypdyr. - Ýeri, gürrüň bersene, möý dost, olar nämäniň gürrüňini etdiler?--diýip, kiçi kerepli sakyrtga gyzyklanypdyr. - Daýhan gürrüňiniň başynda "Sakyrtgalar gamyş, çaýyr, selme, peçek, suwoty, semzek, itüzüm, bürmek, kekre, malöldüren, süýji buýanyň köp ýerinde, her dürli haşal otlaryň arasynda guzlaýarlar we köpelýärler“ diýdi. Kiçi kerepli sakyrtga: - Bäý-bä, muňa serediň-ä, biziňkileriň ýaşaýan ýerlerini ýörite aňtan bolmaly. Garagurt möýi: - Sözümi bölme-de garaşaý-da! Özüň-ä soraýaň, özüňem diňläňok. Kiçi kerepli sakyrtga: - Bolýa, bolýa, bagyşla dost. Garagurt möýi: - Soňam daýhan altyngözlüjilere garap: „Men sizi ýakyn günlerde sakyrtgalaryň bol ýerlerine eltip goýbermekçi“ diýdi. Birsellem hiç kesden ses çykmady. Bökelek: - Men-ä eýýämden gorkup başladym. Bize ägä bolmak gerek, dostlar. Ýogsa-da, möý dost, biz bökelekleriň ady tutulmady dälmi? Garagurt möýi: - Tutuldy. "Uly siňekler bolan okara gözli bökelekleriň hem ýoguna ýanmalydyrys. Olar mallaryň, adamlaryň ganyny sorýarlar“ diýdi. Bökelek: - Şonsuzam bize teneçirlerden ýaňa gün ýok ahyryn. Olar bizi hem-de siňekdir çybynlary uçup barýarkalar hem awlap bilýärler. Qize-hä degýän ýok. Şeýle gerek? Sebäbi siz mör-möjekleri, çekirtgeleri, kebelekleri, ganatly sary garynjalary, süňkleri iýýarsiňiz. Ganatly sarygarynjalary iýip adamlara uly peýda berýärsiňiz. Ýogsam, sarygarynjalar diýilýäni adamlaryň iň gymmat görýän zatlaryny, kitaplaryny, suratlaryny, egin-eşiklerini, diwaryň ýüzüne berkidilen haly-keçelerini, radio, elektrik agaç sütünlerini, jaýlaryň aşagyna, üstüne goýan agaçlaryny iýýärler. Bu bolsa adamlara ummasyz zyýan getirýär. Garagurt möýi: - Näme diýseňizem, daýhanyň köwähedi oňat işleýär, ol kime garşy göreşmelidigine, kimi goramalydygyna aňryýany bilen düşünýär. Bir zady ýüregine düwdümi, şonam edýär. Bitleri adamlarda garahassalyk keselini emele getirýär diýip ýok etdi, büreleri mergi keselini ýaýradýar diýip gyryp ýör. Ýöne ine, şu golaýda bir daşdeşen bar. Ol gije-gündiz daş deşýär, sesi daýhany-da, onuň çagalaryny-da ýatyranok. Hany, şoňa garşy göreşsin-dä! Göreşmez, çünki daşdeşeniň esasy iýmiti tomzakdyr gurçuklar. Bu jandarlaryň bolsa daýhana ummasyz ýetirýän zyýany ýok. Däne sakyrtgasy: - Dogry aýdýaň, möý dost, daýhan diýlen zalymdan ýaňa bize gutulma ýok. Oklukirpi: - Siziň daýhan diýýäniňiz ýöne-möne adam däl-how, biçak köp bilýär.Ol ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan bolmaly. - Kime daýanýar, ylym diýýäniň kim? - diýip, bu gezek gurçuk oklukirpiden sorapdyr. Oklukirpi: - Ylym diýilýäni bir adam däl. Ol mör-möjeklere garşy göreşmäge gulluk edýän adamlaryň toplumy. Gurçuk: - Onda olar köplük-dä! Oklukirpi: - Juda köplük. Gurçuk: - Görýän welin ylym diýilýäni bizi köpçülikleýin gyrmagyň ymyklyja ugruna çykypdyr öýdýän. Bize garşy altyngözlüjäni oýlap tapanam şolar bolmaly. Kerepli sakyrtgalar maslahata gatnaşýanlaryň gürrüňini diňläp, çuň oýa batypdyrlar. - Munuň ýeke-täk bir ýoly bar - diýip, kerepli sakyrtganyň ulusy dostlaryny maslahata çagyrmagynyň maksadyny aýdypdyr. - Biziň bir ýerik jemlenegä-de, barymyzyň bir wagtda oba hojalyk ekinine, miwä çozmagymyz, özi-de ýerden-gökden çozmagymyz gerek. Hiç zatdan gorkmaly däl. Diňe şeýdilende, daýhany aljyradybam bolar, ony boýun egdiribem.Ýa-da bu ýurtdan altyngözlüje jandaryň ýok ýerine baş alyp gitmeli bolarys. Bökelek: - Göçmeli diýýäniňi goldamok, asyl ony hiç kesem goldar öýdemok. Heý-de, altyngözlüje atly bir sümükli jandardan gaçybam dogduk ýurduňy taşlap gitmek bolarmy? Gerek bolsa onuň gözlerini çokarys. Hemmeler bökelegi biragyzdan gollapdyr. Şeýdibem oba hojalyk ekinlerine çozha-çozluk başlanylypdyr, ýerden-gökden ylla mör-möjekler dilleşen ýaly köpçülikleýin peýda bolupdyrlar. Kerepli sakyrtgalardyr gylyçly çekirtgeler, çyrlaklar, buzawlar, bökelekler, aý, diňe olar hem däl bakja kekenesimi jyk-jykysy, murtlak tomzaklar, kelem, miwe güýeleri, un kebelekleri, garagurt möýler, inçe barmakly alaka, hindi oklukirpisi dagylaryň ählisi hem dilleşen ýaly jem bolup hereket edipdirler. Daýhan ahyry bir gün şeýle boljagyny bilip, onuň irgözinden aladasyny eden eken. Öňünden taýynlap goýan ýüz müňlerçe altyngözlüjeleri öz erkine goýberipdir. Şunlukda, ekindir miwelere gonan mör-möjekler sähel wagtda bütinleý gyrlyp, ýok edilipdir. Iki-ýeke galanlary bolsa zordan diýen ýaly gaçyp, başyny gutarypdyrlar. Şol günden başlabam altyngözlüjeler daýhanyň iň ynamdar kömekçileri bolup, onuň ekininini kerepli sakyrtgalardan we beýleki mör-möjeklerden gorap gelipdir. Daýhan hojalygy bolsa gowaçadyr gawun, garpyzdyr kädi, almadyr ýorunja ýaly ekinlerden bol hasyl alyp, ýyl-ýyldan gurplanyp gidipdir. Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |