KERKAWDERÄNIŇ
Jülgesi bar jülgelerden zyýada,
Ýadamarsyň ýol ýöreseň pyýada.
Zawdan inseň hopukdyrar birbada,
Keýikdir awlagy Kerkawderäniň.
Bir gezek dem alsaň gül howasyndan
Müň ýaşasyň geler ýene azyndan.
Başga lukman bolmaz onuň özünden,
Akar ter bulagy Kerkawderäniň.
Käkiligi gezer gaýadan-gaýa,
Ömür sürsün, uçsun, düşmesin ýaýa.
Bardyr arzuwlary, bolmasyn zaýa,
Melhemdir ýylagy Kerkawderäniň.
Misli bu zeminiň nagşy ýalydyr,
Bilbili bar – Sahy bagşy ýalydyr.
Sergin şemal – bahar ýagşy ýalydyr,
Bezegidir dagy Kerkawderäniň.
Kerkawdere gözelligiň şahyry,
Waspy kän, aňk eder garry, jahyly.
Gulak goýsaň gadymydyr taryhy,
Synla Erem bagyn Kerkawderäniň.
8.04.1999 ý.
▶ JUGRAFIÝA MUGALLYMY
Nyýaz Hallyýewe
Her kese diýilmez «Päli pes adam»,
(Beýle kişi ýalkanydyr Hudaýyň!)
Bu gün ýolum düşüp geldim salama,
Eý, eziz mugallym, niçik ýagdaýyň?
Bäşinji mekdebi Könekesiriň
Jugrafiýady söýýän eserim.
Hyýalymda ýurt sökmekdi «heserim»,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Altmyş altyň maýy, iň soňky gezek,
Mekdebiň öňünde durupdyk uzak.
Şondan soň ýollarym gidipdi uzap,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Demirgazyk, Buzly, Ýuwaş okean...
Garagum, Sahara... çöllerin sökýän.
Häzirem öňüňde jogap okaýan,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Geçeňde Hindistan, Atlantikany...
Oturardyk şakyrdatman partany.
Ýasan ýalydyň sen özüň kartany,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Amerikany açypdyk biz seň bilen,
Açyşymyz çyndy, däldi çen bilen.
Gimalaýa seýl edipdik daň bilen,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Hakykata sežde edýän kişi sen,
Gep alyp galmadyň haram kişiden.
Sözüme hak diýer muny eşiden,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Az-owlak garrapsyň, ýyllar geçipdir,
Kalbyň ak gapysy şindem açyk dur.
Göwni açygyň ýoly mydam açykdyr,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
Ýyllar hökmün ýöretmändir görsene,
Şükür,bu günem sen hatarda ýene.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana
Uly buýsanjyň bar, Nyýaz mugallym,
Men saňa minnetdar, eziz mugallym.
26.09.1999 ý.
▶ GEREGIM
«Bir gözel görmüşem, elheder aman...»
Gaşlary ýaý, dodaklary pissedir.
Akly haýran bolup oturmyş gören,
Görmedikleň ömürleri gussadyr.
Seýkin basyp, ýöräp gelşiň messana.
Bir bakyşyň bermen ajap dessana.
Çyksam bile seniň bilen bossana,
Janda dert, serde gam galmaz, Geregim.
Çoh armanda goýduň murgap gözeli,
Neçün duşmadymkam saňa ozaly.
Waspyňy söýlärden şahyr gazaly
Asla özüňe taý gelmez, Geregim.
Niçik edip, ýar göwnüňe ýaraýyn,
Goýber saçlaryňy birdem daraýyn.
Indi saňa bagly boldy haraýym,
Ýylgyrmasaň ugrum bolmaz, Geregim.
Hyýalymda guçam inçe biliňden,
Öpem ýaňagyňdan, sorup diliňden.
Parçala ýa geçir meni niliňden,
Saňa aşyk bolan ölmez, Geregim.
Düşüpdir ýüzüňe taňry nazary,
Ýüzüň sowup menden, sowma bazary.
Gözýaşdan doldurdym Bahry-Hazary,
Bagda bagban gülüň ýolmaz, Geregim.
Elese goý, eläbersin elegin,
Dözerin oduna çarhypelegiň.
Bolaýyn men seniň Seýpelmelegiň,
Ýogsa Medhaljemal gülmez, Geregim.
26.09.1999 ý.
▶ ELWAN ÝAGLYKLY SERWIM
Duşdum, ýeňledi derdim,
Asmana ganat gerdim.
Sen şatlyk, gaýgy berdiň,
Elwan ýaglykly serwim.
Mähriňden serhoş menem,
Dagda laçyn guş menem.
Ýylgyrmasaň joşmanam,
Elwan ýaglykly serwim.
Janym janyňa gurban,
Halym halyňa gurban.
Ugruňda men talaban,
Elwan ýaglykly serwim.
Göwsüňdäki goşa nar,
Humaý gözler kimde bar.
Alma ýaňak kimde bar,
Elwan ýaglykly serwim.
Öldürjegem özüň seň,
Güldürjegem özüň seň,
Aýyrmasyn gözüňden,
Elwan ýaglykly serwim.
11.01.1990–11.10.1999.
▶ YKBAL GOŞGUSY
Ykbalymdan närazy däl,
Bet işlere ulaşmadym.
Aýralyga tap getirip,
Ummanymy gulaçladym.
Çekdim ne iş gelse başa,
Zeýrenmedim menzil aşa,
Dost bolmadym köňli boşa
Razymysyň ykbal menden.
Ýazyny ýazladym munda,
Ýar saçyny çözledim munda
Kä ýalan sözledim munda
Razymysyz ykbal menden.
Bersem dünýämiň baryny–
Çekdim atanyň zaryny.
Elden gidirdim ýarymy.
Öç aldyňmy ykbal menden.
Duşmadyk ýaly hamana
Betlagam zandy ýamana.
Sözlerim gelmez tamama,
Razymysyň ykbal menden.
Bilip göwne degipmidim,
Namarda baş egipmidim.
Dalmydym ýa elipmidim?
Razymysyň ykbal menden.
Horlanmaýar wyždan diýsem,
Ynanarmyň maňa eýsem?
Haram işe ýanyp-köýsem,
Razymysyň ykbal menden.
Elli ýaş uly däl eken,
Manysy – ýagşy päl eken.
Dostam, duşmanam kän eken,
Razymysyň ykbal menden.
Öwýänem bar, döwýänem bar,
Gurçuk deýin köwýänem bar.
Iň esasy öwýänem bar,
Razymysyň ykbal menden.
Seždegähim ata watan,
Şodur enem, şodur atam.
Diýdirmedim bagty ýatan,
Razymysyň ykbal menden.
7.10.1999.
▶ ÝAGMYR AGA
Bir şygyr ýazasym geldi şanyňa
dana sözüň diňläp, eý, Ýagmyr aga.
Seni görüp atam düşýär ýadyma,
Aýdan her bir sözüň manysyn aňlap.
Ýetmişi atypsyň arka bireýýäm,
Eli altyn, dili senaly ussam.
Niçeme gyş, niçeme ýaz geçipdir,
Ýadymdan çykanok aýdan bir kyssaň.
Okan eken biri on ýyl Buharda,
Soň gaýdypdyr kerwen bilen diýara.
Tamdyryň başynda oturan aýal,
Nan uzadýar suw beren dek biýara.
– Halal, haram ýerin saýla-da myhman
Iýip otur – diýip, hödür edipdir.
Ahun kişi nätjegini bilmänsoň,
Jogap gözläp, Buhar sary gidipdir.
– Kesegin, ýanygyn aýyryp nanyň
Iýäýmeli eken – diýipdir piri.
Ýaş ýigit gaýdypdyr hoşwagt bolup,
Ýol uzak, ne öli – ne-de bir diri.
Ölümiň öňünde bolupdyr myhman
Ýene şo-ol öňküje pukara öýe.
Öý eýesi zenan diňläp myhmany
Nan berip, suw berip, çykypdyr eýe.
Ýene bir sowaly beripdir zenan,
Ýaş ýigit özüne gelensoň biraz.
– Eşegiň hamyndan biliňe orap,
Öküziň gerşinde okarmyň namaz?
Bu sowal öňkiňem çeni-çaky däl,
Ýene ýola düşenmişin Buhara.
Görüp sopusynyň nadanlygyny
Pirem dolanmyşyn ajy gahara.
– Eşegiň hamyndan gylyjyň gyny,
Öküz derisinden dälmi çarygyň?
Ylym saňa hebes, öňküje pişäň
Dowam et sen gynama-da arrygyň.
Diýip, gürrüň beren tymsalyň mydam.
Körzehine duşanymda ýatlaýan.
Ýagmyr aga, özümem kä sowala
Jogap tapman ýanyňa kän gatnaýan.
9.10.1999.
▶ ÝAZLAR GEÇIPDIR
Ýazlar geçip, gyşlar dolanmyş imdi,
Şol mahmal gijeler ýalanmyş imdi.
Gündiz Gün, gijeler Aý dogýan eken,
Tomusda däl, gyşda gar ýagýan eken.
Ýatladyp baharyň gülgün şemalyn,
Gözden gaýyp boldy gülgün jemalyň.
Ýaşlygymy ýatlap, lak atdym gyza,
Geçip gitdi gözel garaman yza.
Ah, garagöz, bakma saçyň agyna,
Gabat geldiň ömrümiň şam çagyna.
Geçipdir, bilýärin ol ajap çaglar,
Söýgimize şaýat bu giden baglar.
Söýüpdim, söýüpdi bir gözel meni,
Melul bolupdym men undup dünýäni.
Bir zenana göwni gidip bir gojaň
Lak atyşyn görüp, gülüpdim, eý, jan.
Şo waka ýadyma düşdi-de birden,
Diwana deý bolup ýylgyrdym birdem.
«Garry» diýip, meniň göwnüme degen
Baky däldir ýaşlyk, düşüngin, ýegen!
14.10.1999.
▶ BIR POSA BER ÝAŇAGYŇDAN
Bir posa ber ýaňagyňdan,
Ömrümiň ýarsyn bereýin.
Ýagşy arzuw-umytda bol,
Baýlygymyň barsyn bereýin.
Duýmaýyn gyşyň aňzagyn,
Geçeýin ýoluň uzagyn.
Gülüm, gur maňa duzagyň –
Bir posa ber ýaňagyňdan.
Seňki bolsun genji-känim,
Seňki bolsun şöhrat-şanym.
Aýtdym-a seňki janym
Bir posa ber ýaňagyňdan.
Samarkandy, Buharany
Bagyş eýlän Hapyz hany?
Zülpüň örtäp Keminäni
Bir posa ber ýaňagyňdan.
Keramatam özüňdedir,
Melamatam özüňdedir.
Şepagatam özüňdedir,
Bir posa ber ýaňagyňdan.
14.10.1999.
▶ GEREKDIR
Ýugrumy ýetmese hamyr nan bolmaz,
Adam üçin iň zerur zat ýürekdir.
Parhy bardyr palçyk bilen palçygyň,
Bişen kerpiç üçin toýun gerekdir.
Halalyň ýanynda haram bar eken,
Adalat ýanynda karam har eken.
Ýagşylyk, ýamanlyk... baram bar eken,
Ýas ýas bolar, şol gün toýam gerekdir.
Bir ýigit görmüşem gopbamja örän,
Ýüzünden gar ýagýar, gözünden boran.
Aýyplaşmaň, diýsem şoň ýala baran,
Gülüşmek, degişmek, oýun gerekdir.
«Watan, seni söýýän» diýmek bir başga,
Söýýäniň çyn bolsa topragyn ogşa.
Gerekmi, gaýgyrma, janyň bagyşla,
Watan duşmany üçin ýaýyň gerekdir.
Ömrüň uzar dilber dilber bolanda,
Betine çäre ýok, nä ot bolaňda,
Her gün iňirdiden gulak ganaňda,
Diliňe düşünýän gaýyn gerekdir.
Çöl hem bolsa ýagyş suwy göl ýasar,
Joşup aksa takyr ýerden köl ýasar,
Diýipdirler: «Berim gökden ýol ýasar»,
Jaý ýerinde belki, goýun gerekdir.
Bolup bolsa diňe gowy bolmaly,
Tilkisi däl, çölüň döwi bolmaly.
Teşnelere çeşmäň suwy bolmaly,
Myhmansöýer ojak-öýüň gerekdir.
Dünýä dursa, belki, ýörejek at kän,
Indi bildim dostdan duşman kän, ýat kän.
Gün çyksa gar deýin erejek zat kän,
Dünýä gelip ýagşy köýüň gerekdir.
Gör, niçik asuda ýyldyzly asman,
Baýlygyňa çendan buýsanma ynsan.
Wagty gelse senem bolarsyň bir san,
Mydam başyň aşak boýuň gerekdir.
Ol ýigitniň eger bolmasa asly,
Ýüregi gertdendir, damary posly.
Söz sözlese sözi ýaramaz ysly,
Baýlyga däl, akla boýun gerekdir.
Garyndaşa idi-yssywat ýagşy,
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy.
Kemsinmeziň ýaly elde zat ýagşy,
Herki halal zatda paýyň gerekdir.
Depe depe bolar – Sünt däl, Erek dçäl,
Göwni ýykmak üçin köp zat gerek däl.
Desterhanda nazy-nygmat, gerek däl,
Göwnüm üçin käse çaýyň gerekdir.
Akylly doganyň bahasy bolmaz,
Talyň çynarky deý şahasy bolmaz.
Bilgin bigänäniň agysy bolmaz,
Çyn dost, bir mähriban daýyň... gerekdir.
Agam bar Görogly, jahana ýaýran,
Agaýunus peri aklyňa haýran.
Zürýatsyz ötensen, bolmarsyň weýran,
Duluňda akylly atyň gerekdir.
– Ogul-gyz, parhy ýok, atanyň güli,
Nebiň däl, goý, bolsun atanyň guly.
Armanym ýok, bolsam Watanyň guly,
Ne iş bolsa taýyn gaýym gerekdir.
– Janyň sagat, başyň dik bolsun Adam,
Ne öli, ne diri durmuşdan ýadan.
Garaňky däl, şöhle çaýsyn elmydam,
Dünýäme nurly Gün, Aýym gerekdir.
Çöregiň gadyryn biler ajygan,
Howanyň garydyn ýolda daljygan.
Aýyp görmäň, söýgi durmuşda jygam,
Gojalaýyn, ýöne taýym gerekdir.
– Nebisiň salgymdyr – çöle äkider,
Göni barýan bolsaň sola äkider.
Aşak eňer batly, nula äkider
Netijesi hakda oýuň gerekdir.
– «Ulyny aglatmak – kiçä ýaraşmaz»1
Birin urup durmak üçe ýaramaz
Ula goýberseňiz käre ýaraşmaz,
Bedewiň esbaby – şaýy gerekdir.
– Sözlediň nejüre Allaýar, inim,
Dostuň diýdi: «Walla, oturdy synym».
Aý, hawa-la, gylyç kesmezmiş gynyn,
Pis işlere birje haýyn gerekdir.
24-25-nji oktýabr, 1999.
▶ OÝLANMA
Maňa oglan gerek, aglan gerek däl,
Gamly çagym keýpin çaglan gerek däl.
Gerek däl dost diýip, işiňi görýän,
Pagta bilen alyn dişiňi döwýän.
Baý bolanda näme, bolsa eger jüwlük,
Beýle kişilerden garaşma gowluk.
Sözi söz, işi iş, merdana gerek,
Lebzi halal mydam, dürdäne gerek.
Islän çagyň döküp bolsa ýüregiň,
Ýüzeňde almasa elden küregiň.
Durmuş diýýänimiz misli bir derýa,
Kä çümüp, kä çykyp, şo-ol akyp barýaň.
Päliň düzüw, päk bolmasa niýetiň,
Ir-u-giç oklanýaň öňüne itiň.
Ilki bilen özüň adam bolmaly,
Ajyny, süýjüni dadan bolmaly.
Her kesi göreňde gyzmasyn ýüzüň,
Aman gelsin gyşyň, tomusyň, güýzüň...
Gün dogandan ýüzümize sylaly,
Sylamagyň gerek seni sylany.
Ömri uzak däldir, biliň ýalanyň,
Aýyl-saýyl bolar ýagşy-ýamanyň.
Ejizlere agyr ýüki durmuşyň,
Arkasy-da gara ýagyr durmuşyň.
Silterlese silterlesin iki ýan,
Durmuş mertler üçin beýik okean.
17.08.–4.10.1998.
Goşgular