09:27 Kerwen ýolunda / hekaýa | |
KERWEN ÝOLUNDA
Hekaýalar
Argyşa taýýarlyk görülýänini eşidende, Mustak kän oýlanyp gezdi. Bir günem: "Menem öz bagtymy synap göräýsem" diýip, garry atasyna sala saldy. - Oglum, men bütin ömrümi mal yzynda geçirdim. Çopançylyk kärinden zyýan çekmedim. Indi men gojalypdyryn. Şükür, yzym ýitmedi, senem meniň kärimi alyp göterdiň. Men muňa begenjimden iki bolup bilemok. Bu günem argyşa gidäýsem diýýäň welin, aslynda men oňa garşy däl. Mallary wagtlaýynça çolugyňa tabşyrsaň, senem gidip gelen adamyň biri borsuň. Ýöne söwda-satygam aňsat işdir öýtme. Ýol azabam üstesine. Rast, gitmegi ýüregiňe düwen bolsaň, Ogşuk kerwenbaşy bilen özüm gürleşerin. Sen onuň ýanyndan aýrylmaly dälsiň. Onuň aýdan-diýenleri bilen bolsaň, hor bolmarsyň. Garaguşam indi näçe wagtdyr seýisläp bildik, onam münüp git, ol saňa höwür bolar. Onsoňam atyň güýji arpadadyr, ýadyňda bek sakla, ýanyň bilen biir horjun arpa göter, her niçigem bolsa bar mydarym şol atdyr. - Bolar, ata, sen ondan arkaýyn bol. Aýdyşyňyz ýaly ederin. Aýt, saňa o ýurtlardan näme getireýin? - Maňa seniň sag gidip, aman geleniň ýeterlik bor, oglum. Ýöne, içmegim ýamalyp-ýamalyp, halys egne atarlygy galmandyr. Elýeter bahadan tapylsa, ýaşymyň ahyrynda täze içmekdenem bir geýip göräýsem diýýän. - Bor, atam, onuň gürrüňi bolmaz, hökman getirin. Özüňe seret, meni welin birjigem gaýgy etme. - Gözümi ýolda goýmaweri, balam. – Goja elini gözüne ýetirdi. - Ýak, walla, atama sered-ä, bozulma ahyry, men indi oglan-oglanjyk däl-ä. Kerwen bilen giderinem, gelerinem. - Kileň deň-duşlaryň öýlendi, özbaşdak maşgala bolup ýaşap ýör. Saňa-da çen bolandyr, besdir, ýigrim bäş ýaşadyň. Garşy bolmasaň, menem indi toýuň ugruna çykmakçy. Ýaşymyň soňunda, il-gün ýaly, meniňem agtyga guwanmaga hakym bardyr-a. - O diýeniň hem bolar ata. Heniz söwda-satykly meseläni bir birýüzli edeýin. Şondan soň goja ogluna ak pata berip ýola saldy. Bamydan ugran kerwen ençeme günläp ýol ýöräp, ymgyr çöllerden geçip, suwly guýularyň başynda ýük ýazdyryp, ahyry bir günem barmaly ýerine ýetdi. Adamlar bu ýerde tutuş üç günläp diýen ýaly söwda-satyk bilen meşgul boldular. Olar getiren harytlaryny satyp, ýagşyja pullandylar. Uzak gündogardan gelen kerwenler bilen harytlaryny alyş-çalyş etdiler. Mustak welim tutuş bazardan atasynyň sargan içmeginden tapmady. Şonuň üçinem ol: - Ogşuk kaka, meniň söwda-satygym birýüzli boldy—diýip, kerwenbaşynyň ýanyna bardy. Harytlarymam ýerledim, ýol şaýymam tutdum. Maňa atam gaýtmankam özi üçin bir içmek sargapdy. Ony bu ýerden tapmadym. Goňşy şäherde welin içmegiň haýsy reňkinden, haýsy ölçeginden diýseň satylýan ýörite dükan barmyşyn. Aýdyşlaryna görä, ol şäher bu ýerden o diýen bir uzagam däl eken, şol ýeriň salgysyny alyp, baryp gaýdaýsam diýýän –diýdi. Ogşuk kerwenbaşynyň gulagynyň eşidişi ýabygorlydy. Şonuň üçinem ol hemişe gygyryp diýen ýaly gaty gepleýärdi. Häzirem Mustagyň atasy üçin içmek gözleýändigini aňsa-da, ondan soňky sözlerini ýarym-ýarpy eşidipdi. - Dogry edýäň inim, ýok eken diýib-ä eliň boş baryp bolmaz. Ataň sargan zadyny hökman tapmalysyň, ýüküňi-düýäňi ýoldaşlaryňa tabşyr-da ötägit. Gijä galmarsyň-a? Bilip goý, ertir däl, birigün ýola düşjekdiris. Iki günde dünýäň aňrybaşyna gidip-gelse bor—diýip, kerwenbaşy hem onuň gitmegine garşylyk görkezip durmady. - Taňryýalkasyn, Ogşuk kaka, kän eglenmejek bolaryn, aldygym gaýdaryn.--Mustak kerwenbaşydan izin alansoň ýüklerini ýoldaşlaryna tabşyryp, atyna atlanyp, ýola düşdi. Mustagyň salgysyny alan barmaly şäheriniň uzaklygy esli aralyk bar eken. Oňa barýan ýol-ýodalaram diýseň çola eken. Mustak ýoluň agram bölegini atyny çapdyryp diýen ýaly geçdi. Göz çaky bilen ol şähere golaýlaberipdi. Şu ýerde-de bolmasyz bir iş boldy oturtberdi. Bir topar atly edil ýerden çykan ýaly, onuň öňüni kesdi. Mustak olaryň habaryny almak isledi. - Siz kim borsuňyz, näme üçin meniň ýolumy sakladyňyz? - Aslynda sen kim, bizden hasap sorarça. Ugur nire, niräň adamy? Sen tetellini bu jelegaýda öň görmändik-le. Bol, bahym, seniň bilen samahullaşyp oturmana wagtymyz ýok, jogap ber? - Men Etrekden, bu ýere kerwen bilen geldim. Atam içmek sargapdy, tapmadym. Gowy içmekler goňşy şäheriň dükanynda barmyşyn. - Hä, içmek satyn aljak bolýan diýsene. Häzir, häzir, biz saňa içmegi özümiz alyp beräýeris. Hany, onda öňinçä bize içmek aljak puluňy görkez! Içmege ýetjekmi-ýokmy? Mustak goltuk jübüsinden çykaran puluny olara görkezdi. - Pulum bar, meň ýalan sözlemäm bolmaz. - Dogrudanam, puluň-a bar eken. -Size menden näme gerek? - Indi düş atdan. - Näme üçin? - Düş diýdimmi, düş! - Düşmesem näme? - Düşmeseň düşüräýmeli borus. Ine, şo mahalam ýeňsede duran atlyň biri tüpeňiň gundagyny işletdi. Mustak serrelip ýere düşdi. Eýesiniň urlup ýykyanyny aňan Garaguş çarpaýa galyp, birbada golaýyna adam getirtmedi. - Tutuň aty. Onam eltip söwdagärlere geçen ýerine satarys. Garakçylar Mustagyň el-aýagyny baglap, ýoluň üstünde taşladylar-da, onuň atynam, pulunam alyp gitdiler... Gün öýleden agyberipdi. Mustak özüne gelende, gyrçuw sakally bir hortaň adam üstüne abanyp durdy. - Şükür, oglum, özüňe geldiň. Men saňa ýol üstünde gabat geldim. Öýe getirdim, kelläň ganjaran ýerine ýapgy ýapdym. Kimligiňi, nädip bu hala düşüp ýöräniňe haýran. - Atam, men bir ötegçi. Hywa kerwen bilen gelipdim. Bu ýerigem atama içmek almak üçin gelýärdim. Garakçylar sataşdy, soň näme bolanyny bilemok. Pulumam, atymam şolar alandyr. - Pälazanlara sataşdym diýsene. Hälem çöregiň bitin eken, olar seni diri goýberipdir. Ol adamlaryň gaýtjak zady bolmaz. Mustak ýerinden turmakçy boldy, bolmady, başy aýlandy. - Ýok, saňa ýeriňden turmak, asla gozganmak bolmaz, meniň ýapgylarym peýda etmese, seni güýçli tebiplere görkezmeli bolar. - Atam, maňa bolan zat ýok. Azajyk başym agyrýar, olam birazdan aýrylar gider. Bu ýerde endilişere näme bar? - Sen oýunlyga salma. Seniň kelläňe zeper ýetipdir. Biperwaýlyga salsaň, ol seni has agyr ýagdaýlara hem salyp biler. - Meniň aýaga galmagyma näçe wagt gerek bolar? - Azyndan üç gün. - Üç gün! - Sen ony köp gördüňmi? Hälem men ony azaldyp aýtdym. Kelläňe şikes ýetdipdir, şony beri bilýäňmi? - Wah, ýene iki günden biziň kerwenimiz ugraýar. - Bu mahal seniň uzak ýola ugramagyň hatarly, ogul. Agyryň beterleşmeginden, beýnä gan dolmagyndan gorkýan. Mustak bu merhemetli gojanyň öýünde ýatyberdi. Goja-da onuň aýaga galmagy üçin elden gelenini etdi. Diňe dördünji gün diýlende, ol aýak üstüne galdy. Şol günüň özem goja bilen sagbollaşyp, Hywa dolanyp geldi. Bu wagt Ogşuk kerwenbaşynyň ýerleşen ýerini özge bir ýurduň kerweni eýeläpdi. Ol özüniň kerwenden gijä galanlygyna, Ogşuk kerwenbaşa beren sözünde tapylmanlygyna gynanyp, kyn-gyssaga düşdi. Bu ýerden dünýäniň çar tarapyndan gelnip-gidilýänem bolsa, heniz-henizler öz ýurduna bakan gitjek ýa-da geljek kerwene duşmady. Şeýdip alaçsyz galyberdi. Elinde harjy bolmansoň telim günläp garnyny doýurmak üçin barly adamlara hyzmatkär bolmak üçin iş gözledi. Habaryny welin hiç kim almady. Onsoň gündizlerini entäp geçirse, gijelerini kerwenlere goşulan haýwanlaryň saklanylýan ýatakhanalaryna golaý ýerde, sokaklarda özi ýaly işsiz-güýçsüž, öýsüz-öwzarsyz adamlaryň üýşen ýerlerinde ýatyp daňyny atyrdy. Bir günem Mustak saba bilen adamlaryň „Kerwen gelýär!” habaryna oýandy. Adamlar ör turup kerweni garşyladylar. Mustak hem olar bilen bile gitdi. Onýança kerwenbaşy kerwene golaý gelen Mustagy görüp, ony ýanyna çagyrdy: - Ýaş ýigit, hany bärik gel, bize ýükleri düşürişmäge kömek edermiň? Hakyndan gaçmarys. Mustak geplemän birbada dilini ýuwdan ýaly, kürtdürdi. Gözlerini tegeläp oturyşyna zoraýakdan guraksy dillendi: - Salawmaleýkim, agam. Meniň iş dannamam bolmaz. Buýruň, näme etmeli bolsa men taýýar. Indi näçe günüň ajy, gözlerim garaňkyrap, aýaklarymyň üstünde zordan durýan, bir döwüm cörek berip, garnymy doýursaňyz bolany, başga hak istemen - diýdi. - Bä, tüýs bize gerek adam ekeniň. Açlygyňy ýok ederis. Bolmanda-da, „Aç bilen dost boljak bolsaň, ilki onuň garnyny doýur” diýýändir atalarymyz. Sen biziň aýdanymyz bilen bolsaň, hor bolmarsyň.—Şondan soň kerwenbaşy saçakdan bölüp alan ýarty çöregini ýanynyň ýumruk ýaly gowurmasy bilen Mustaga uzatdy. - Al, inim iý, noş bolsun, ilki bir garnyňy doýur, özüňe gel. - Taňryýalkasyn, agam. - Mustak özüne uzadylan cörek bilen gowurmany garbap aldy-da, bir demde onuň ýarysyna golaýyny iýdi. Soňam töwirini galdyryp, galan çöregini ýanyna aldy. Hä diýmänem bir-birden düýeleri çökerip, olaryň ýüküni düşürişmek bilen boldy. Dogrusy, başga-da ýükçüler bardy. Ýöne kerwenbaşynyň Mustagyň işleýşine syny oturypdy.Bürjeşik hortaň ellerini göreninde,onuň zähmete bişendigine akyl ýetirdi. „Öz-ä iş görene, hemem halal ýeriň adamsyna, edep-terbiýeli kişä meňzeýär”. Mustak hem ýüzi nurana, mähirli adama garap, misli doganyna duşan ýaly begendi. Şol begenji bilenem: - Agam, siz türkmenmi?—diýip sorady. - Menmi, ýok, ýok, özbek. Sen ony arassa türkmen dilinde gürleýänim üçin soransyň. Seni türkmene meňzedemsoň, seniň bilen türkmençe gepleşmek isledim. Sen türkmen gerek? - Hawa. - Meniňem çagalygym türkmenleriň arasynda geçdi. Asyl doglan ýerimem türkmen topragy. Ýaşlykda öwrenen diliň bolsa daşa ýazylan ýaly bolar ekeni. Öz ilimde maňa Gapbar eke diýýärler. Gapbar kerwenbaşy diýseň tanamaýan ýokdur. Seniň özüň haýsy türkmenlerden borsuň? Adyňa kim diýerler? Aslynda, seň ýaly uzyn boýly, syratly, görmegeý, jepakeş ýigit bu ýerlere nädip düşüp ýör?—diýip, onuň üstüne sorag baryny ýagdyrypdyr. - Agam jan, bu bir uzyn hekaýa—diýip, Mustak agyr çuwallary kerwenbaşyň görkezen ýerine daşamaga durdy.— Adym Mustak. Oturymly ýerimizem Etrek derýasynyň alkymy. Gurtmyrat çopanyň ogly. - Aslynda meniň o ýerlere beletçiligim ýok. Etrek derýasynam göremok, Gurtmyrat çopanyňam tanamok. Meniň ýaşlygymyň geçen ýerleri Barsagelmez, Üstýurt ýakalarydyr. Buhara ýetginjek döwrümiz göçüp barypdyrys. - Atamyň bir pendini ýerine ýetirmänim üçinem şu hala düşdüm. - Haýsy pendini? - „Azaşsaň köp bilen azaş”,”Bölüneni böri iýer”diýen nakyllary köp gaýtalardy. Olaryň rowaýatynam aýdyp bererdi.Ýola ýeke çykmaly däldim. Indem yzymy tapamok. Sowara sowalgam, ýatara sümelgäm bolmansoň, sokaklarda ýatyp-turýan. Ähli zadym, alan mata-marlagym, eden söwda-satygym barysy kerwen bilen gitdi. Size duşanyma-da, alladan müňde bir şükür edýän. - Kerwenimizden galdym diýsene. O gowy däl. Ýogsa-da, kerwenbaşyňyza kim diýerler? Belki men ony tanaýandyryn. - Ogşuk Galkyn. - Ogşuk ekedir ol. Tapylgysyz, zor adamdyr. Men ony gowy tanaýan. Gyzyl sakal, dolmuş ýüzli, gözlerem mawy, elli-elli bäş ýaşlaryndaky pyýada. Bildim gerek? Hawa, hawa. Ol diýseň gowy,mysapyr adamdyr, iň esasam dostluga gadyr goýýan kişidir. Birneme gulagy agyr eşidýär diýmeseň,walla, artykmaç adamdyr. Ýylda bir gezek, ýarym gezek onuň bilen şu ýerde duşuşypdygam. Alyş-çalyş edip, lomaýja pulam gazanypdyk. Halalhon, kişiniň malyna göz gyzdyrýan kişilerden däldir. Halal adamdyr. Men ony bir göremde aňladym.Ýöne ol-a kerwen bilen getiren adamyny taşlap gitmeli-hä däl. - Wah, ol meni taşlanok, gaýta ol maňa üç günläp garaşandyr. Günä meniň özümde. Giden ýerimden bir günden soň dolanmalydym. Beren sözümde tapylmadym. Yzymda ýekeje garry atam bar, ana şony men gaýgy edýän. Olam meni gaýgy eder. - Elbetde, elbetde. Gojaň gözleri ýoluňda galar. Ogşuk eke-de uly alada galandyr. Ýöne sen gam çekme. Her zadyň bir alajy bardyr. Sen ýaňy bir gepiňde özbaşdak hereket edip, kerwenden galdym diýdiň welin, nämemişin ol iş. Kerwenden gijä galar ýaly şeýle möhümmidi? - Soň aýdaryn. - Bolýa, goý, seniň diýeniň bolsun. - Sen näme başarýaň? Eliňden näme kär gelýär? - Bäş ýyllap goýun bakdym. Çopançylykdan başga, walla, gören zadym ýok. Argyşa-da ilkinji gezek gelşim. Meni kerwene hyzmatçy edip alyň. Size ak ýürekden hyzmat ederin. Görersiňiz, men siziň bir aýdanyňyzy iki gaýtalatdyrman. Hak-heşdeginem soramaryn. - Ýok, o bolmaz. Hyzmatçy edip alsak, Ogşuk ekäň hatyrasyna saňa hakam belläris. Ýogsa-da, seniň biş-düşden başyň çykýarmy, kerwençileriň çaý-naharyny taýynlap bilermiň!? Meniň çaý-nahar diýýänim neme, bilýäň-ä bu ýeriň garbaryşhanasy-da bar, çaýhanasy-da.Ýöne öz eliň bilen taýynlanyň başga. Bahas-a bir gymmat, üstesine naharyň nämäniň etindendigem belli däl. Bize bolsa aram-aram gökje çaý, jüýjelije palaw, çekdirme, çişlik, kämahallaram siz türkmenlerde içeňde ähli ýadawlygyňy aýyrýan, dümewe-beýlekä dep bolýan bir nahar bardyr-a. - Burçlyja unaş. - Edil özi, burçluja unaş. Şularyň hötdesinden gelermiň? Hä, nädersiň? - Agam jan, tüýs meniň başaraýjak işimden söz açdyň. Siz meniň bişiren tagamlarymyň süýjüliginden ýaňa, barmaklaryňyzy iýjeksiňiz. Çopan goşunda-da bu naharlary bir özüm bişirýärdim. - Çopan goşunda siz bir ýa iki adam. Bu ýerde welin biz köplük. Nädersiň? - Siz ony gaýgy etmäň. - Eýle bolsa, seň häzirki etmeli işiň tüňçeleri oturyşdyr-da, ilki bize bir çaý gaýnat. Onsoňam bazardan gerek harytlaryňy al-da, agşamky naharyň ugruna çykyber. Ýanyňa iki adam kömekçem bereýin. Aňyrsy üç gündenem ýola düşeris. Belki şu döwürde obadaşlaryňa duşarsyň. Bolmasa, biziň bilen Buhara bararsyň. Ondan aňryny gaýgy etme, o ýere siz tarapdan günde-günaşa gelip-gidip durlar, tüweleme. Üsti ýükli paýtunlaň gatnawy kesilenok. - Sag boluň, agam jan, sag boluň. Size duşmadyk bolsadym, ýene-de başyma nämeler gelerdi. - Mustak şondan soň Gapbar ekäň ýanyndan aýrylman, onuň aýdan-diýenleri bilen bolup geziberipdir. Üç günden soň kerwen Buhara sary ýola düşdi. Kerwenbaşynyň aýtmagyna görä, Buhara ýetmäge ýedi gün çemesi ýol bardy. Häzir welin kerwen Sazakly guýusynda düşläpdi. Kerwençiler Mustagyň bişiren tagamlaryndan garbandylar, gök çaýdan mazalyja keýplerini köklediler. Soňam kerwene garawul goýlansoň adamlar ýatmagyň aladasyny etdiler. Mustak Gapbar kerwenbaşa başyndan geçirenlerini gürrüň berse,egninden agyr ýük aýrylan dek boljakdy. Şonuň üçinem ony gürrüň bermegi ýüregine düwdi. Kerwençiler ýadawdy, başlaryny ýerde goýduklary salym geçip-geçmänkä uka gidýärdiler, asyl olary yralabam turzup boljak däldi. Birazdan Mustagam özüne ybaly bir ýer tapyp gyşardy. Golaýynda agyr ýükden boşan haýwanlar hem edil ynsan ýaly ymyzganyşyp ýatyrdy. Hä diýmänem daň atar. „Ýolagçy ýolda ýagşy”. Hiç kime diri-dynuw ýokdy, her kes galkynar-da,derhal kerwene goşulmak bilen bolar. Rast kerwene goşuldyňmy, kerweniň edim-gylymyna il deňinde sen hem eýeräýmeli. „Gämiçiniň jany bir” nakylam, meger, şunuň ýaly waka esasynda dörändir. Ertesi Mustak işiniň arasynda maý tapdy-da, Gapbar kerwenbaşa özüniň kerwenden galmagynyň sebäbini birin-birin gürrüň berip, soňundanam uludan ah çekdi. Ony duýan kerwenbaşy: - Mustak, oglum, sen näme üçin ah çekdiň?—diýip sorady. Mustak welin: - Aý, hiç-le—diýip, oňa munuň sebäbini aýtmajak boldy. Kerwenbaşy: - Ýöne ýere-hä sen ah çekmeli däl, aýt, näme derdiň bar? Janyň sagmy? Ýa-da bizden bir zady gizläp ýörmüň? - Janym sag, Gapbar aga, kem zadym ýok. Şeek ýola çykyp ýalňyşdym. Onuň sargan içmegindenem alyp bilmedim, üstesine, atamyň bar zatdan eý görýän „Garaguşyny” elden giderdim. Bu zatlara garry atamyň üzüljegine gynanýan. Kerwenbaşy: - Şoň üçin dagy ah çekerlermi, inim? - Wah, „Garaguş” diýseň garaguşdy. On menzillik ýoly bir günde geçip bilýän algyr guşdy. Özem yzçydy, öýden onlarça menzil uzaklykdan goýberäý, azaşman öýi tapardy. Atam eşitse, heläk bolar,taýçanaklygyndan ösdürip-ulaldan atydy. Toý-baýramlaryň gelşigidi, ýaryşlara gatnaşyp baýraksyz galan gezegi bolmandy. Kerwenbaşy: - Maňa bu hakda aýdanyň kem bolmady. Biziň üçin çeken azabyň astyndan nädip çykyp bilerkäm diýip ýördüm. Heniz aman-sag Buhara bir aşaly. Sen Gapbar ekäň saglygyny dile. Özüňe-hä ýolda müner ýaly bir ýaby bererin. Elbetde, ol seniň „Garaguşuň” ýerini tutmaz. Ýöne ol seni ýolda-da goýmaz. Ataňa bolsa içmeg-ä içmek, Buharaň ak bazaryndan saýlap-seçip, hanlaň geýen ýüpek donundan alyp bermesem, maňa-da Gapbar kerwenbaşy diýmesinler. - Taňryýalkasyn, agam, döwletiň artsyn. Bizi sylany alla sylasyn. - Onsoňam Ogşuk kerwenbaşyň agyr kerwenem obaňyza senden öň barar öýdemok. Indi bolsa, bar palawyňa seret, ysy janymy aldy-la. Bişen bolsa, üýşüpjik iýeliň. Aňryma bir zatlar atmasam, walla, gözüme uky gelmez. Kerwençiler guýa golaý ýerde ýazylan düşekçä geçip, aýbogdaşyny gurap oturdylar. Birsalymdan Mustagyň bişiren bugaryp duran jüýjelije, datly palawam orta geldi. *** Kerwen Buharaň bir çetinden giripdi. Olaryň gelip düşen ýerem uly bazaryň gündogar çeti boldy. Gapbar kerwenbaşy Mustagy alyp öňinçä mal bazaryna sowuldy. - Adam beren sözünde dursa ýagşy. Indi men saňa näme söz beren bolsam şonam alyp bereýin. - Taňryýalkasyn, agam. Bazaryň mähellesi özüne ýetik bardy. Adamlar ber-başagaýdy. Aslynda bazar deň ikä bölünip, bir tarapynda azykdyr egin-eşikler satylsa, ikinji tarapyny mal bazary eýeläpdi. Ol ýerde ownuk mallardyr guşlardan başlap, atdyr düýe, sygyr, eşekdir gatyr hem satylýardy. Ine, şu ýerde-de bir söwdagär sesiniň ýetdiginden gygyryp jar çekýärdi: - Adamlar! Geliň görüň, ahalteke aty satylýar, gözellikde, owadanlykda hem ýyndamlykda muňa taý geljek at ýokdur. Ýelden ýüwrük, inçe bil, gyl guýruk, hakyt Göroglyň gyratynyň neslinden, geliň, geliň, synlaň! Satyn alanyňyza ökünmersiňiz, ajaýyp at, ýok, ýok, bu at däl, duranja bir guş. Bu sesi Mustagam eşitdi, kerwenbaşam. Olar baranlarynda, çarpaýa galyp, jylawyny çeýnäp ýolara gelýän satlyk at aýlawdan uçup çykjaga meňzeýärdi. Mustak süňk ýuwdan ýaly boldy. Dogrusy, gaýdyp Garaguşyna sataşaryn öýtmändi. Ol sen-men ýok, baraga-da Garaguşuň boýnundan gujaklap,maňlaýyny sypady, ýüzünden öpdi. Häliden bäri çarpaýa galyp töweregine adam eltmeýän at Mustagy görüp köşeşipdi, gözlerinden akan ýaş düwmelenip, uzaboýy syrygyp gaýtdy. Mustagam perişan boldy. - Garaguşym, meniň algyr guşum, allam saňa şükürler bolsun, men atyma gowuşdym. – Mustagyň soňky sözlerini bu ýere ýygnananlaryň ählisem eşitdi. Söwdagär welin onuň üstüne azaryldy: - Eý, ýigit, edýäniň näme, çekil yza, at gerek bolsa, ber puluny, satyn al. - Agam, agam jan, ony satmaň! Bu meniň atym.—Soňky sözlerini Gapbar kerwenbaşa garap aýtdy. –Gapbar aga, bu meniň bir hepde mundan ozal garakçylara olja bolan atamyň aty—Garaguş! Söwdagär Mustagyň alkymyna dykylyp bardy: - Bar, bar, git, owarra bol. Men ony agramyna pul berip satyn aldym. Indem kim meň diýýän bahamy tölese, at hem şonuňky bolar. Nämäniň-nämedigini aňan Gapbar kerwenbaşy ara düşdi: - Halypa. Gury ýere dawalaşmagyň geregi ýok. Bi ýigit dogry aýdýar. Bu at hakykatdanam olaryň hojalyk aty. Ýogsa-da, bu ata näme bahalaýaň? Şondan soň Gapbar kerwenbaşy söwdagär bilen söwdalaşyp, Garaguşy hak eýesine gowşurdy. Soňam Mustagyň atasy üçin ak bazardan hanlaň geýen ýüpek donundan edindi. Bir gün myhman alyp, ertesi bazara barsa, söwdasy oňan türkmenlerem topar-topar bolup ýola düşjek bolup duran eken. Şeýdibem Mustak özüňkilere sataşdy. Gapbar kerwenbaşy bilen sagbollaşyp, dogduk mekana bakan ýola düşdi. | |
|
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |