17:00 Kitaplar kimiñ bähbidini araýar? | |
Has Türkmeniñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Ýekşenbe, 11.06.2023 ý. Talyp Annabeg Aýmakowanyñ kitap hakdaky "Günümiziñ modasy näme?" ýazgysy käbir agzalaryñ arasynda uly seslenme döretdi. Annabegiñ gozgan käbir pikirleri bilen özümem ylalaşamok welin, her döwrüñ bir modasynyñ bolýandygy, özem kitap okamagyñ hem şolar ýaly moda bolandygy hakykat. Häzir haýsy goşgusydygy anyk ýadyma düşenok, ýöne K.Gurbannepesowyñ bir goşgusynda myhman otagyny añrybaş mebeller we şol mebelleri daşy ýalpyldawuk owadan kitaplar bilen bezän biriniñ ol kitaplary diñe owadanlyk üçin goýandygyny, ony okamag-a beýlede dursun, eliñi hem degirmeli däldigini, munuñ diñe gelen myhmanyñ gözüne öý eýesiniñ kitap okaýan adam ýaly görnüş bermegi üçin şeýdilendigi çeper suratlandyrylýardy. Diýmek, belli bir döwür bizde kitap okamak hem moda bolan eken... Annabeg bilen ýene bir ylalaşmaýan zadym - köpçülikleýin çäreler bilen ýaşlary kitap okamaga çekmek. Kitap okamak şahsy lezzet we isleg meselesi. Haýsydyr bir çäre bilen, hatda pul beribem islegi ýok adama kitap okadyp bolmaz. Kitap diýlende, ýüregiñ şoña tarap telwas urmasa, näme etseñ et, netije bermez. Kitap okamaly diýlende, ýene bir ýerde ýalñyşýarys: kitaby halkyñ ýüz prosenti okamalydyr öýdýäris. Ylaýta-da ýazyjy-şahyrlarymyzda şeýle hyýalbentlik bar. Hatda şeýle pikire beýik şahyrymyz Magtymgulyda-da gabat gelmek mümkin. Ýogsam bolmasa, olam "Sözüm añlan ýok diýp, ümsüm oturma, Jahan giñdir, çendan bilende bardyr" diýip, jowranyp ötmezdi. Teatr sungatynda şeýle ölçeg bar: dünýäniñ medeni taýdan ösen iñ uly şäherlerinde-de teatryñ binasy şäher ilatynyñ 2%-ine niýetlenip gurulýar. Bizde şol ölçege eýerilýärmi? Meniñ pikirimçe eýerilenok. Eger eýerilýän bolsa, boş tomaşaçy zallaryny esgerlerden, okuwçylardyr talyplardan emeli ýagdaýda doldurjak bolup ýörmezdik. Ülñüsizligimizi, ölçegsizligimizi teatr binalarynyñ üçüsiniñ bir ýerräkde, hatda ikisiniñ ýanaşyk duranlygyndanam bilip bolýar. Ýene biri şäher ilatynyñ merkezinden allaowarada - aýakýeterden daşdaky Arçabil şaýolynyñ ugrunda... Teatr tomaşacysynyñ çäkli möçberiniñ bolşy ýaly çeper edebiýatyñ hem çäkli okyjysy bolýar. Bolaýmaly. Günbatarda meşhur bolan şeýle aýtgy bar: "Sungat - sungat üçindir". Ýene bir zat: Biziñ ýazyjy-şahyrlarymyzyñ köpüsi kitap diýlende çeper edebiýaty göz öñüne getirýär. Bir küştçi Magtymgulydan, Ferdöwsiden, Puşkinden, Ezizowdan ýeke setir okamanam ömrüni ötürip biler, ýöne ol küşt oýnuna degişli ähli ýazylan kitaplary waraklap çykandyr. Bir agronom edebiýat teoretiginiñ halaýan Tolstoýyndan, Dostoýewskisinden, Kafkasyndan, Kamýusyndan we şuña meñzeşunden bihabar bolsa-da, öz ugruna degişli edebiýatlary setirme-setir ýatdan bilýär. Eýsem biz olary çeper sözden añlamaýar diýip, jahyl yglan etmelimi, sowatsyz saýmalymy? Eger şeýle bolsa, küştçiniñ gözi bilen alsak, haýsydyr bir ýazyjy-şahyr küşt oýnuny oýnap bilmeýänligi üçin kim bolýar? A.Aýmakowanyñ ýazgysyna seslenen başga bir okyjynyñ pikirleri meni geñ galdyrdy. Hamana, "islendik awtoryň islendik kitaby hökmany ýagdaýda awtoryň şahsy bähbidini araýarmyş". Ýokmy şeýle awtorlar? Bar, kän. Diñe öz bähbidini aramak üçin däl, diñe bir adamy şöhratlandyrmak üçinem kitap ýazyp ýörenler gyt däl. Emma saña akyl-huş, paýhas berlipdir, agy garadan saýgarma ukyby berlipdir. Sosial mediýadan meşhurlyk gözleýän we gözleýän "meşhurlygyny" tapandyryn öýdýän käbir telli-pelli populist ýaş şahyrlar galam ujundan baýamalydyr, dokuzyñy düzläp bolýandyr öýdýärler. Bular ýalylar turuwbaşdan bir zada nädogry düşünýärler. Döredijilik ýoly dokuzy düzüwiñ ýoly däl. Bu ýol - ýa akly kemteriñ, ýa bagty kemteriñ ýoly. Mundan baýlygam, meşhurlygam gözlenmeýär. Gözleýän bolsa, ol eýýäm şahyr däl. Ýazyjy-şahyr hökmünde hem, okap bagta ýeterin, durmuşdaky hemme bähbidine jogap taparyn öýdýän okysyjynyñ bolandan bolmany ýeg. Bu ýalançy dünýä, bu alasarmyk durmuş ozalybetinde hiç kime ölümsizligi, sagdynlygy, bagty, eşreti, bol-elinligi wada bermändir. Biz näme üçin onda hassa düşeginde ýatan wagtymyz okan kitaplarymyzdan peýda gözlemeli? Kitaplar nämüçin okyjysyny dert-keselden, bela-beterden saklama missiýasyny boýnuna almaly? Allanyñ pygamberleri Musa, Dawut, Isa, Muhammet Töwrat, Zebur, Injil, Kuran ýaly ylahy kitaplar eline inendigine garamazdan ynsan oglunyñ mañlaýyna ýazylan takdyrdan aman galdyrmadyñ diýip kime şikaýat etmeli, kimden nägile bolmaly? Hudaýamy, gelen kitaplaramy, kitaplarda ýazylanlaramy? Ylahy kitaplarda ýazylanlar kimiñ bähbidini araýardy? Hakdan inen kitaplar külli adamzadyñ bähbidi üçin haýsy ýoldan ýöremelidigini görkezýän bolsa, hakdan içen ýazyjy-şahyryñ, akyldaryñ galamyndan çykan kitaplaram adamzadyñ bähbidi üçin awtorynyñ şirin janyndan, saglygyndan, gyzyldan gymmat wagtyndan we gaýry şahsy bähbitlerinden geçip ýazylan kitaplardyr. Muña hiç hili şek-şübhe bolup bilmez. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |