18:54 Kölege | |
KÖLEGE
Goşgular
Ýagtylykdan gaçyp, yzda ýa öñde, Garalyp gidipdir reñkiñem seniñ, Bukulýañ, gizlenýäñ, käte kiçelýäñ, Meni galkan edýäñ, Hany edebiñ? Haçan görseñ, meniñ yzyma düşüp, Bolşuña görä-hä berýän peýdañ ýok. Çar tarapyñ açyk, örtenip ýörme, Git! giñ çöle, daga-düze, meýdana. Tümlikde gijede daşymy gaplap, Ulalyp-ulalyp giñeýär dünýäñ. Mysgalça-da ýo:k, seniñ agramyñ, Sorag bersem, sessiz, jogapsyz dymýañ. Menden algyñ näme? Näme niýetiñ? Reñkiñden gorkmaly, Açyk däl, ak däl. Gürrüñdeş bolaly ikimiz bile, Dymmaklygyñ meniñ üçin jogap däl! Agras ýüzi bilen diýdi kelam söz, Tisginip gitdim men sesiñ zarbyndan... "Garaş! Entek wagt bar, howlukma heniz, Señ daşyñ örterin, Diñe gabryñda." Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |