16:56 Köñlümiñ halany / hekaýa | |
KÖŇLÜMIŇ HALANY
Hekaýalar
Olaryň bir-biriniň ýüzüne hyrydar garap oturyşlary çak edişiňdenem uzaga çekdi. Ikisem ylla doňňara daş ýaly gymyldaman durdy. Tagan Ogulhanyň gözleriniň icine bakýardy. Ogulhanam ondan gözlerini aýyrmaýardy. Haçanda iki juwanyň göreji bir nokada nogtalananda welin, ylla şo dem bulutsyz günde ýyldyrym çakan dek daş-töwerek ýagtylyp gitdi. Ogulhan maýa ýaly owadan, görmegeý, ýaňagy hally, uzyn boýly, etli-ganly maşgalady. Şonuň üçinem Tagan onuň owadan keşbinden gözlerini aýryp bilmän jadylanyp otyrdy. Asyl onuň ozal-ozallar Ogulhany häzirkisi ýaly golaýyndan synlan gezegi bolmandy. Şonuň üçinem onuň aşyk göwnüne öňünde oturan bu ýönekeý bir gyz däl-de, göýä Aýyň bir parçasy getirilip oturdylan ýaly bolup göründi. Şo dem onuň serine şu setirler geldi: Ak ýüzünde haly taýly, Şirin sözli, hoş roýly, Uzyn boýly, göwsi jaýly, Gelinler geçen ýoldur bu. Soňam “Şahyr Zelili hem bolubilse, şeýle maşgalanyň waspyny edendir. Belki, Ogulhan hem şeýle gözellerden biri bolup, geçjek ömür ýoly meň garyp çatmamyň üstünden düşer. Ol meniň göwün guşum, baky bagtym, köňlümiň ýarany bolar” diýip oýlandy. Ol çalaja ýylgyrjyklady. Edil şeýle tolgunmany Ogulhan hem başdan geçirýärdi. Ol hem Tagana garap durşuna içini gepledýärdi: ”Görk-görmegem hiç neneň däl, ýaraşykly ýigit, ýüz-gözem gülüp dur, gepi-sözem ýerbe-ýer. Eliniň hünärem bar, ýöne... adamyň sypatyna bakyp baha bermek bolmaz. Onsoňam agzy boş ýigitleň men seni söýýän, ugruňda köýýän, sensiz ýaşap bilemok diýmelerine bakmaly däl. Belki-de molla Keminäniň „Ýigrimi bäşiň dälijesi yşky mestana geler“ diýen setirindäki aňyny yşga aldyryp ýören ýigitlerdendir!? „Öýi arkasynda, çemçesi bilinde“ diýilýänlerden bolsa sen näbilýäň? Hiç bir ýerde mesgen tutman, öýsüz-öwzarsyz, gezip ýören ykmanda-ha däldir-dä! Ýok, kimem bolanda kesgitli bir zat aýdaýmak nädürs bolar. Adamy bir göreniňde tanap bolmaz”. Ogulhan akylyndan şu zeýilli pikirleri öwrüp-çöwrüp durka, onuň Tagana beren sowalam morta boldy: --Sen oglan, gysgançmy?--diýdi. Tagan adaja ýylgyrdy, ýöne jogaba derek gyzyň sowalyna sowal bilen jogap berdi: --Sen ony näme üçin soradyň? --Birentek adamlar „Alynça şirin-şeker, alansoň--eşek deper“ edýärler. Bu meselede ýedi ölçäp, bir kesmek gerek. Dogry dälmi? --Gaty dogry, Ogulhan. Oňa menem her kesçe düşünýän. Aslynda durmuş gurmagyň ikinji gezek gaýtalanmajagyna düşünmeli. Şonuň üçin menem ýaşlaryň ur-tut goş birikdirmeklerine garşy. Bu hakda ata-enelere sala salmaly. Birek-biregi ýakyndan tanamaly, esasy zat, sulhuň alyşmaly. Oňa birneme wagt gerek bor. --Elbetde, her zadyň öz wagty bar. Menem şonuň üçin seniň gabanjaňlyk hakdaky pikiriňi bilmek isledim. Mysal üçin, haçanam bolsa bagtyň açylyp, kimdir birine öýlenseň, sen ony özgelerden gabanarmyň-ýokmy? --Öýlenensoň-a bilmedim welin, häzir-ä söýýän gyzymy öz-özümdenem gabanýan. --Ol jogap däl. Aşyklyk dünýäsine düşüp, yşky söýgä tutaşan ýürekde gabanjaňlyga ýer bolmaz, bolubam bilmez. Sen ol gyzy söýýän dälsiň. --Onda-da, ýöne-möne söýmemi. Dünýe ýüzünde hiç bir zady şonça söýüp bilerinem öýdemok. --Bu ýeterlik däl. Pederlerimiz „Söýeniňi alma, seni söýeni al“ diýendir. Ol gyzyň hem seni çyn ýürekden söýmegi gerek. Onsoňam, söýýäniň çynyň bolsa, saňa menden maslahat, gabanjaňlygy ýüregiňden çykaryp taşla. Gabanjaňlyk hiç bir kişinem bagtly edýän närsa däldir. Men muny durmuşda göre-göre gelemsoň aýdýan. Gabanjaňlyk maşgalanyň ak bagtyňa sürtülen gara tegmildir. Öňde bir şahyryň jaýdar belleýşi ýaly, hakyky söýginiň ýanynda başga hiç hili duýgulara, hatda gabanjaňlyga-da orun ýokdur. Gabanjaňlyk müňkürlikdir, ýeňsesinden ýaralanan söýgüdir. Ogulhan bu sözleri janygyp aýtdy. Ol soňky sözlerini haýsydyr bir rus edebiýatyndan okap, olam beýnisinde mäkäm ornan sözleridi. Gabanjaňlygyň agyr külpetlere eltýändiginiň hem gözli şaýadydy. Mysaly uzakdan gözläp ýörmeli däldi. Golaý goňşulary, söýşüp durmuş guran är-aýalyň her güni gabanjaňlyk zerarly dawa-jenjel bilen geçýärdi. Narlynyň gelni Jereni kimdir birinden gabanar ýaly hiç bir esas ýokdy. Ony gelnini her kesden gabanardy. Hatda ýekelikde çeşmä suwa barypsyň diýip, ýolda-yzda gabat gelen synpdaş oglanlaryň bilen salamlaşypsyň diýip, garaz, goňşy-golamlara baryp gaýtsa-da, şol güni uzakly günläp azar ýamanyny berýärdi, gygyrardy, oňa ejir baryny çekdirerdi. Haçan görseň, görgüliň üstüne ýel berlen tulum ýaly çişýärdi. Ýedi uklaňda ýadyňa–oýuňa düşmejek gürrüňler tapyp, ýüregini mazaly çişirerdi. Aý, garaz otursa ýerini, tursa özüni urýar diýilýänlerdendi. Şeýdibem aşyna awy gatardy, özüniňem, gelniniňem ýüregini awadardy. --Ýogsam olar ýaş-ýeleňlerem däl. Tagan Ogulhanyň näme hakda, kim hakynda gürrüň edýänine düşünmedi. Şonuň üçinem: -- Düşünmedim, sen kim hakda?—diýip sorady. --Goňşymyz hakda-la. Birki sany çülpe ýaly çagajyklaram bardy. Çagalam hor-zardy. Ýok, olar aç bolanokdy. Atanyň hoş sözüne, enäniň mährine mätäçdi. Günde-günaşa öýde turýan goh-galmagaldan ýaňa olara-da rahatlyk ýokdy. Onsoň gelni iki oduň arasynda galyp, gözýaşyna güýç berýärdi. Çagalaryny yzyna tirkäp atasy öýüne gidibermäne-de namys edýärdi. Kakasy “Seniň halap baran oglanyň” diýip ýüzüni alaryndan gorkýardy. Şonuň üçinem ol muny çykalga hasaplamaýardy, görgi baryny görse-de, kän-kän ýerde saklanýardy, çydajak bolýardy. Pahyrjyk, bu zatlar hakynda maňa janygyp gürrüň bererdi. Olar bir-biregi oňat tanaman, ur-tut toý tutan ekenler. Jereniň özi gül ýaly, päkize, edep-terbiýe gören maşgalady. Narly-da erbet ýeriň çagasy däldi welin, bar häsiýeti öýlenensoň açyldy duruberdi. Aşa gabanjaňlyk ony otdan alyp, suwa oklady. Ol indi öňki gören mylaýymdan ýaz ýaly oglana meňzeş däldi. Öňküleri ýaly indi onda dost-ýary hem galmandy. Töweregi halys çolaryp galypdy. Jeren daýaw gyzdy, sähel wagtyň içinde iňňä sapaýmaly, horlanaýdy. Özi-de işden gaçmazy bolmazdy. „Ýele-ýelken, güne galkan“ diýleni sowuk diýmän, yssy diýmän howlysynda bir özi gydyrdanar ýörerdi. Gaýyn ýok, gaýynata ýok, sopbaş özi. Şonda-da ähli zada bir özi ýetişjek bolardy, ýetişerdem. Äri işden gelýänçä, kirini ýuwardy, çeşmeden suw daşardy, naharyny taýynlardy, tamdyrda çörek bişirinerdi, çagalaryna esederdi, oý-işigi tämizlärdi. Elbetde, adamsynyň ýersiz ýere gabanmagy oňa ýaranokdy. Ol muny ýüregine alýardy. Onuň düzelerine, akylyna aýlanaryna garaşýardy. Bolmady. Ahyry sabyr käsesi püre-pür bolandyr-da, aglaý-aglaý körpe çagasyny gujagyna gysyp çykyp gitdi. Narly uluja ogluny bermän, ýanynda alyp galdy. Indem bir şonuň ýaşaýşyny, gün-güzeranyny baryp gör, dogrusy, gelniniň nähili ýaşaýanlygyny bilemok, ýöne ýeke ogly bilen galan äriniň gününe it aglabermeli. Haçan görseň, ýüzüni ton ýarym edip otyr. Ondan ýaňa çagasynyňam ýüzi gülenok. Näme iýip, näme içýänlerini bir alla bilýär.Içerde gazan gulagy gyzana meňzänok. Ataly-enelikä o çagajyklar ýetim galdy. Eýse, şeýle maşgalada doglan çagada nä ýazyk bar? Şonuň üçinem Tagan, meniň saňa „Gabanjaňmy?“ diýip beren sowalymy geň görme. Lukmanlarmyz keseli bejermekden, öňüni almak aňsat diýýärler. Pikiriň söýýän gyzyňka çapraz gelse, häzirden aýtmagyň aýby ýok. “Soňky tüýkülik sakal ezmez”, gül ömrüň solansoň, puşmeýandan peýda ýok. Tagan birhowa dymyp oturdy. Ogulhan Taganyň uzak dymmasyna getirilen mysalyndan özüçe many çykarandyr diýip düşündi... Aradan aý aýlanyp ýyl geçdi. Basym Taganyň kowum-garyndaşlarynyň Ogulhanlaryň öýüne garynja gatnawyny açanlygyndan uly oba habarlydy. Ýöne heniz-henizem gudaçylyk işi bir ýüzli bolubermändi. Gün orta bolupdy. Bir günem Tagan Ogulhana çeşme başynda gabat geldi. Söz aýdyjylar köp gatnansoň Tagana Ogulhan bilen duşuşmak, gürrüňdeş bolmak hasam kynlaşypdy. Hemmeler olary synlaýan ýalydy. Bu gezegem gabat gelerin öýtmändi. Ýogsam näçe gününi gyzyň geljek ýoluny saklap geçiripdi. Ogulhan bedresini çeşmäň jürrüldili akýan ýerinde goýdy. Olar adaja baş atyp salamlaşdylar. Dogrusy, iki ýüregem tolgunýardy. Tagan gyl gymyldysy bilen öňe süýşýärdi. Ogulhanyň çukanakly ýaňaklary gyzarypdy. Ýüzi gyzaranyň ýüreginde gara bolmazmyş. Gör-ä onuň ýüzüniň gyzaraýşyny. Tibirdäp duran dodaklaryna sered-ä, ýa-da onda Tagana aýdara-goýara sözi ýokmuka? Tagan gyzyň alkymyna dykylyp bardy. Özi-de äh-mäh etdigiň, agyz salaýmagyndan gorkýardy. Gyzyň ýüregi ony syzan borly, töwerege gorkuly seredip durşuna yza bir ädim ökje ogurlapdy. Tagan seresaplylygy elden bermeýärdi, agzyndan çykjak sözleri içinden gaýtalaýan ýaly birhowa dymýardy.Ýöne bu gezek hökman gürleşmelidi. Birdenem gyzyň gidibermeginden howatyrlandy-da, öňküsine görä çuslandy. --Neme...Ogulhan biziňkileriňem size şol bir gatnap ýörişleridir--diýdi. --Bilýän. -- Düýnem baryp gaýtdylar. Her gezegem: „Gyz göwnese, biziň garşylygymyz ýok“ diýýýärler diýip gelýärler. Bary saňa bagly. Bu gezek Ogulhan gürlemän, oglanyň ýüzüne bakyp çalaja, ýöne üýtgeşik bir terzde ýylgyrdy. Şol üýtgeşik ýylgyryş owadanlyk bardy, ol ýylgyryşda mähribanlyk bardy, çünki ol ýylgyryş gyzyň tutuş ýüzüne mähir bolup çaýyldy. Ol indi birmahalky aladaly, ýüzüni aşak salyp, ederini bilbilmän alşyraňňy oturan, iki oduň arasynda galan Ogulhan däldi. Ol özüniň her bir ätjek ädimini, her bir etmekçi bolýan işini pugta ölçäp-dökene meňzeýärdi. Ýöne näme, zenana mahsus bolan uýaljaňlyk, aşa çekinjeňlik häsiýetler birbada hakykaty aýtmaga-da maý bermeýärdi. Tagan welin gyzyň öz bagtyny bütinleý özgertjek jogaba garaşýardy. Dogrusy, ol henizem Ogulhanyň nireden gopjagyny, nämä netije geljegini bilenokdy, gara der bolupdy. Soramaga-da ýaýdandy. Ýöne ol uzak eglenip durmady. Oňa bir ýerden gaýrat geldi, gujur geldi, aňyna-endamyna mertlik, batyrlyk aralaşdy. Ol özüne garap oturan gyzyň owadan gara gözlerine bakyp, bokurdagyna agram salybyragam bolsa, dil ýardy: --Ogulhan, hany aýtsana, nämä karara geldiň? Hawamy ýa ýok. Ogulhan ýarym degişmä salyp gülümsiredi: --Kararym, ýok... däl-de, hawa. Häliden bäri garagoply, başynda müň set-pikir pelesaň urýan ýigidiň begenjinden ýaňa gözleri çygjaryp gitdi: --Onda sen... Ogulhan geplemedi. Ýöne ýerde ýatan ujy ýiti çüýşe bölegini alyp, dili bilen aýtmaga çekinen sözlerini çeşmäň ýokarsyndaky daşa çyzyp görkezdi:“Meň dünýäme hoş geldiň!“. Bu mahal bedreden çogup akýan dury suwuň hem ýaş juwanlaň şatlygyna köňle ýaran mukamy bilen jogap berýän ýaly, şildir-şildir edip, bir enaýy ses bilen, şo-ol bir ýere akyp oturyşydy. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |