KÖÑÜLDE DÖRÄN NUSGALAR
Ruhy gürrüñ orta düşende bedeninde türkmen gany at çapýan her bir adam tolgunyberýär. "Atañ perişdedir, eneñ melekden" diýilýän türkmen Ýer togalagyna aýak basyp ýöräli bäri, Allatagalanyñ bagyş eden PÄKIZE RUHUNY mukaddes saklap, Nuhuñ tupanynda-da aman galyp, Tañry tarapyn şu günki güne gelip ýetdi. Şol MUKADDES RUHY bir ýere jemlemek, külli Türkmeniñ Bütewi güýji hökmünde RUHY SÜTÜNINE öwürmek, ony hakyky Türkmeniñ mertebe belentligine götermek, Türkmeni saýyrdyñ saýlap duran BEÝIK HÄSIÝETINI, DURMUŞ ÝÖRELGESINI berkarar etmek bu gün Garaşsyz, Baky Bitarap Watanly Türkmeniñ ykdysady, medeni ösüşleriniñ talabyndan, dünýä täsirli, ýygjam gatnaşykly wezipelerinden gelip çykýar. Bu beýik wezipäni duýgurlyk bilen amala aşyrjak, Türkmene dünýäde ajaýyp kitaby - ÖZ-ÖZÜÑI TANAMAK, BELENT, PÄKIZE RUHLY ÖMÜRNAMANY ~ sallançakdan başlap, garrylyga çenli halallykdan zerewşan, PAÝHASDAN şempa geýen, ADYLLYKDAN tirme guşak guşanan TÜRKMENI orta çykarjak mukaddes kitaby döretmegiñ baş awtory Merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyñ hut özüdir.
Paýhasly Prezidentimiziñ aýdyşy ýaly, "Adam sallançakdan başlanýar". Şeýle bolsa "Ruhnamanyñ" ilkinji başky bölümi "Sallançak" atlandyrylsa maksada laýyk bolardy. "Ruhnamanyñ" şeýle bölüm bilen başlanmagy soñky bölümleriñ yzygiderliligini, many-mazmunyny, aýdyñlaşdyrmakda ulu rol oýnardy.
Gudratly Güýçliniñ baky penasynda kemal tapan, her hili bela-beterlerden aman sypan, dünýä beýikligine amal ýapan, nesilbaşy Oguz handan, Türkmenbaşy danawaran daýançly, döwleti-mertebesi zyýada Türkmen, göwni keremli, ruhy şazada Türkmen, seniñ bu dünýäde bir ynamyñ, daýanjyñ bardyr ~ olam TAÑRYNYÑ KÖÑÜL KELAMYNY DÜNÝÄ ÝAÝMAKDYR. Sen kim? Kimligini dünýä bilmelidir. TÜRKMEN diýen bir sözden dünýä saña düşünmelidir, dünýä senden mertebelenmelidir, sen älem-jahanyñ zynatysyñ, ynsan kowmunyñ kökenli göwher ýüzügisiñ, sen ýüreklere nur saçýan ruhy şamçyragsyñ. Bu giden barlyk hatda seniñ kemligiñden-de kemal tapar.
- Ýaş ata-ene! Sallançakda seniñ garagöz balañ, türkmen milletiniñ dowamaty ýatyr. Sallançak ~ Watan, alaja bagy ~ ömür örküdir. Sen bu dünýä ýaly öýüñdezn tüýnügiñden Hakyñ nury seçelenýän törüñde hiç kime mälim bolmadyk beýik bir dünýäni apalap, hüwdülenýändigiñi ýatdan çykarma. Ol dünýä hiç haçan we hiç ýerde garalyk ýokdurma. Bu seniñ ata-babalaryñ ruhunyñ öñündäki mukaddes parzyñdyr. Şindi ata-baba gargyşa, nälete giriftar bolan türkmen ýokdur. Ata-babalarynyñ, ene-mamalarynyñ ruhuny päkize saklap gelýändigi üçinem Türkmeniñ gany lasyrdap, baýdagy pasyrdap dur. Kowum-hyşty asyrlap, şöhrata beslenip gelýär. Sen, şeýle Türkmeniñ neslisiñ, garagöz bala!
- Ýagşy ata-eneden ýagşy edep-ekram galar. Ýaş ata-ene! Sen gum ýaly agras, dag deý beýik, çeşme dek dury gözbaşlysyñ. Ol gözbaşlar ýürek ýagyñ jigerbendiñe sözleýşiñden, oturyp-turşuñdan, ýöreýşiñden... gyldan inçelik bilen iññäniñ gözünden geçen ýaly geçmelidir. Hakyky türkmen bikemal, näletkerde nadan ogul-gyzdan elli bizardyr. Beýle ogul-gyzdyñ döremegini Tañrynyñ islemeýşi ýaly, türkmen-de isleýän däldir we oña asla-da ýol bermez. Ogul-gyzda beýle hata-ýalñyşy türkmen geçirýän däldir. Beýle ýalñyşda Türkmen Tañra "Janymy al" diýmez. Ol namysdan jan berýändir.
- Gadymdan gelşi ýaly türkmen ogul-gyzlary durmuşa ýaşlykdan bekeşmelidir. Ýüz dürli hünäri beden öýjügine jaýlamadyk ýigitden hakyky türkmen çykmaz. Çagalykdan edepli, bilimli ýetginjegiñ ruhy hünär kämilliginden görner. Bihudalygyñ gyrasynda ýokdur, özüne hem iline peýdaly işiñ başyndaky ýigit göze mähremdir, Allanyñ öñünde päkdir, myrady hakdyr, uly açyşlara golaýdyr, il kalbyba muwapykdyr. Beýle ýigitden hiç haçan şeýtany göz, ýaramazlyk çykmaz. Türkmeniñ HÜNÄR BEÝIKLIGI, EDEP DEREJESI onuñ ýüreginde şuglalanyp durandyr. Seretseñ, şeýle ýigidiñ kalbyndan ýüzi nurlanyp, dünýäsi galkyp durandyr. Ýigidiñ Türkmendiginiñ tanaw belligi ~ KÖPHÜNÄRLILIGIDIR, BAŞARJAÑLYK KÄMILLIGIDIR. Beýle ýigit hiç haçan kynçylyga uçramaz, uçraýsa-da derrew baş alyp çykar. Emelsiz, sölite ýigit ata-baba Türkmende bolmandyr, indi hem bolmaz. Ýaşlykda ýalñyşmazlygyñ ilkinji şerti şeýledir.
- "Abraýyñy ýaşlykda gora, jan bala. Döwletiñi ýaşlykda ýygna, köşegim. Garrylygyñ höziri ýaşlykdadyr, garrylygyñ jebri, ejiri hem ýaşlykdadyr. Gözel juwanlygy, kämil ýaşlygy bolmadyk kişiniñ garrylyk buýsanjy, ajaýyp ýatlamasy hoşroý söhbeti ýokdur" (Oguz han).
"Paýhasy, ylym-sowady bolmadyk mert ýigit hakyky däldir. Şu ikisi utgaşanda ol ÖZ HALKYNYÑ GERÇEGIDIR (Seljuk beg).
"Biziñ çagalarymyza berýän bilimimiz ene süýdi ýaly halal bolmalydyr" (Saparmyrat Türkmenbaşy).
Adyllyk, halallyk, abraý, döwletlilik, ylymlylyk hemişe ýaryñyz bolsun, onsuz siziñ ýelkensiz, küreksiz gämiden, aýaksyz ýa golsuz kişiden, ganaty gyrlan guşdan, toýnaksyz atdan, dili sogrulan bilbilden tapawudyñyz ýokdur.
- TÜRKMEN ÝIGIDI. TÜRKMEN GÖZELI. Bu at hemişe dünýäde belent ýañlanmalydyr.
"Halkyñ ary-namysy SIZ! Ýüzüniñ tuwagy SIZ!" (Saparmyrat Türkmenbaşy).
Türkmenistan Watanymyzyñ baky juwan ýüregi SIZ. Güýji-kuwwaty SIZ. Halkyñ goja geçmişini juwan geljegine sepleýji SIZ! Siziñ ýaş, berdaşly egniñizde il ykbaly, Watan beýikligi, bakylygy dur. Şonuñ üçinem SIZE peslik ýatdyr, ilden çykmak hebesdir. Şonuñ üçinem Serdar guran bu ak ýolda SIZE gara kysmat ýokdur. Siz gara gijeleriñ Aý perisi, parlak ýyldyzlarysyñyz, säheriñ al şapagy, gündiziñ Güneşi siz. Siz ýamany-ýagşyny göz süzgüjinden süzüp, ýürek eleginden eläp bilýäm, durmuş tejribesini, gojalyk paýhasy özüne siñdiren TÜRKMEN JUWANA DANALARYSYÑYZ. Siz alys ýyldyzlary ýakyna getirip bilýän, adamy täsinlikler dünýäsine ataryp bilýän, Altyn asyryñ altyn halkasyna el ýetirip bilýän TAÑRY GÜÝJÜNIÑ bir bölegisiñiz, Ruhy güýjüñ eýesisiñiz. Sebäbi siz Tañry halan Türkmeniñ asly, Hak sylan Türkmenbaşynyñ nesli! Şeýle ýagdaýda Siz hemişe ýeñişli ýaşarsyñyz. Size hiç haçan hiç ýerde ýeñliş ýokdur. Siz Tañry tarapyn dünýä diñe Ýeñiş üçin doguldyñyz.
- Öýde ~ edepli, märekede ~ saýhally, ylymda ~ kesgir, işde ~ edenli, köñli dutar ýaly owazly türkmen ýigitlerine il-gün şaýatdyr, är lebizli, garadan gaýtmaz, gaýduwsyz hem rehimdar türkmen ýigitlerine, dünýä şaýatdyr, il bähbidini bejit tutup, amal eden işine mensinmegi bilmeýän, özüni hem kişiñ ýüzüne öwmegi başarmaýan, pespälligi, sadalygy jaý edinen gerçeklere Alla şaýatdyr. Şeýle gerçekleri, ýaşlary bolan Türkmen özüniñ ertirini we geljegini, şu dünýesini we ahyretini ebedi gazanandyr.
Hormatly okyjy! Men köñlümde dörän "Ruhnama" dahylly käbir pikirlerimi gysgajyk beýan etdim. Il ~ beýik, il ~ dana. Täze ruhy pikirli garaýyşlary il aýdar. Şeýdip, "Dama-dama köl bolar".
Süleýman ILAMANOW.
"Edebiýat we Sungat" gazeti, 13.08.1999 ý.
Pedagogika we edep-terbiýe