12:39 Koronawirusly günlerde Remezan aýynyñ pikirlendiren hususlary | |
KORONAWIRUSLY GÜNLERDE REMEZAN AÝYNYÑ PIKIRLENDIREN HUSUSLARY
Pedagogika we edep-terbiýe
2020-nji ýylyñ dünýäsinde musulmanlar öñkülerinden has başgaça Remezan aýyny başdan geçirýär. Metjitler ýapyk. Köpçülikleýin agzaçarlar, tarawa namazlary, agzaçar çadyrlary, metjitleriñ howlusynda ýa-da meýdançalarda açylan ýarmarkalar ýok. Tanyş-biliş, dost-ýar, dogan-garyndaş bolup bir ýere üýşmek, görme-görşe gitmek hyllalla boldy, adamlar diýseñ lapykeç halda. Durmuş bilen bitewileşen many-mazmun dini-de many-mazmunly görkezýän eken. Ibn Arabynyñ "din adatdyr" diýen sözüni şu nukdaýnazardan-da düşündirip bolar. Ýogsa-da, öýümizden çykman özümizi karantin astyna alan şu günlerimizde mundan ýerlikli peýdalanyp bilerismikä? Hakyky erkinlige düşünmegiñ şerti taýýar bolan ýaly görünýär. Öñi-soñy bizi terk etmeli zatlary seljermek we ähmiýetlisidir ähmiýetsizini aýyl-saýyl etmek gerek. ■ Dünýäniñ ümzügi nirä tarap? Ýakyn günlerde bize nämeler garaşýar. Çak etmek mümkin däl. Dünýäniñ ümzügi düýbünden başga tarapa ýöneldi we biz bu täze düzgüniñ gymmatlyklarynyñ nämelerden ybarat boljagyny bilemzok. Ol gymmatlyklaryñ içinde ynanç barmy, bar bolsa nähili bolar? Islesek-islemesek, bular bizi çynlakaý oýlandyrýar. Siwilizasiýalaryñ diñe uly heläkçiliklerden soñ kämilleşýändigini aýdýan Toýnbi "Medeniýet jogapkärçilige çekilýär" atly kitabynda bu boýunda etmeli işlere şeýle ünsi çekýär: "Syýasy ugurda dünýä hökümetini dolandyryp biljek esaslandyryjy sistemany taýýarlañ, ykdysadyýetde erkin maýa goýumy bilen sosializmiñ arasynda sazlaşykly (ýerine we wagtyna görä üýtgäp bilme ukybyna eýe) zähmet sistemanyny dörediñ, ruhy taýdan dünýewi gurluşy dini kadalar bilen birleşdiriñ, şu üç ugurda garaşylan netijäni gazanyp bilsek, medeniýeti gorap saklamak söweşinde ýeñiş gazanyp bileris". Ýeñişi adamzat kesgitlär, has takygy adama goýulan goýumlar kesgitlär. ■ Ybadatyñ özeni düşünmekdir Düşünje üýtgäp-özgerip duran zat. Hut düşünje üýtgäp-özgerip durýandygy üçin adam kämilleşýär. Dünýewi düşünjäniñ durnukly häsiýete eýe bolan ýerinde düşünjede ösüş bolup bilmez. Onuñ birnäçe şertleri bar. Semawy ýörelgede inziwa (çile) aýratyn orun tutýar. Inziwa - kişiniñ bolup geçen zatlary gözden geçirmesi, boş-gereksiz zatlary terk etmesi we ondan soñly tapgyrda jemgyýetiñ peýdasynyñ-bähbidiniñ hatyrasyna özünden geçmegine aýdylýar. Derwüşlerde, Sokrat ýaly filosoflarda, mistik şahsyýetlerde, pygamberlerde bu şahsy münzewiligi (ýalñyzlygy) görmek bolýar. Edil Hezreti Muhammediñ (s.a.w) Hyra tejribesinde bolşy ýaly. Düýp esaslaryny monastyr tejribesinden alan uniwersitet toparlanmalarynyñ özeninde-de çuññur düşünme we çete çekilme haly bar. ■ Dindarlygy janlandyrma Her bir ritualyñ, her bir ybadatyñ özenini oýlanyp-ölçerip hereket etmäge çagyryş düzýär. Nuretdin Topçynyñ aýdyşy ýaly, birnäçe sany el-aýak, kelle, beden hereketleri diniñ esaslaryny emele getirip bilmez. Mysal üçin, namaza tekbir bilen başlanyñda elleriñi galdyrmak "Masiwany (Alladan başga hemme zady) yzymda goýup, ýeke-täk we beýik bolan Allaha ýönelýärin" diýmekdir. Oraza tutmak - maddy zatlardan saklanul ruhy gymmatlyga geçmek üçin özüñi terbiýelemegiñ metodydyr. Ybadatlara fiziki gymyldy-hereketleri aşyp, ynsan hökmünde orta çykyşymyzyñ düýp manysyna ýönelmek manysynda-da düşünip bileris. Diýmek isleýän zadym, ýalñyzlygy boýdan-başa başdan geçirýän bu wagt aralygyny çilä öwürmek (itikaf hem diýip bolar) werziş bolan dindarlyga we "döreyiş hallaryna" täze röwüş çaýyp biler. Aýşe SUJU. 27.04.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||