00:14 Kuwwat berýän önümler / hekaýat | |
KUWWAT BERÝÄN ÖNÜMLER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Öňki döwürde begzadalaryň biri ýanyna wezir-wekilleri alyp, goşunyň ýagdaýyndan habar almaga barypdyr. Onuň ýanynda köşk tebibi hem bar eken. Olar esgerleriň dag eteginde türgenleşik geçip ýören pursadyna gabat gelipdirler. Begzada esgerlere golaýdaky belent baýryň depesine ylgap çykmagy buýrupdyr. Esgerler baýryň depesine tarap ylgap gidipdirler. Ýöne olaryň köpüsi baýryň orta biline ýetip, daljygyp galypdyrlar. Bir bölegi baýryň depesine golaýlapdyr. Esgerleriň köp bolmadyk bir bölegi bolsa, badyny gowşatman, baýryň depesine çykypdyr. Begzada ýanyndaky köşk lukmanyndan bu ýagdaýyň sebäbini sorapdyr. Lukman: -Bary düşnükli-diýipdir. -Baýryň orta biline ýetip, daljygyp galanlary baharda ysmanakdan, semeniden, kömelekden datmandyrlar. Ikinji topardakylar bolsa, olardan dadypdyrlar, ýöne doýagarna iýmändirler. Baýryň depesine badyny gowşatman çykan esgerler bolsa, şol aýdylan zatlardan doýagarna iýen, ýülügi doly esgerler bolmaly. Anyklap görseler, lukmanyň aýdany dogry çykypdyr. Adamlar bedeni gurplandyryjy baharyň ilki nygmatlaryna hemişe-de uly ähmiýet beripdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |