21:37 Kyrk ýylda ýazylan kitap -27: Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan | |
DÖREDIJILIK ADAMLARYNYŇ DURMUŞYNDAN
Ýatlamalar
Türkmenistan ýazyjylarynyň plenumynda Hojanepes Meläýew söz aldy-da, garaşylmadyk ýerden rus dilinde gepläp başlady. Aljyradymy, nämemi, ol aýtjak pikirini entek ortalamanka bulaşdy. Şonuň üçinem rusçadan türkmençä geçdi. Zalda oturanlaryň hyşy-wyşysy täsir edendir-dä, ol öz aýtjagyny türkmen dilinde-de şeýlebir göwnejaý aňdyryp bilmedi. Arakesmede ýanymyza gelen Hojanepes: —Birhiliräg-ä boldy welin, bagyşlarsyňyz-da!—diýdi. Hudaýberdi Diwangulyýew oňa ýüzlendi. —Sen meniň diýenimi etseň, hiç mahal “birhiliräk” bolmaz, Hojanepes... —Hany, aýt!—diýip, Hojanepes gyzyklandy. —Aýtsam, sen dagy-duwara ýygnaklarda bir-ä rusça gepleme, bir-de türkmençe. Töwerekdäkiler hezil edip gülüşdiler. Çünki Hojanepes şol iki dilden başga dil bilmeýärdi. * Ýazyjy S. dyknyşyk awtobusda 40 müň manat puluny ogurladypdyr. —Halal diýdim!—diýip ol başyny ýaýkady. —Uzyn paltonyň aşagyndaky, penjegiň aşagyndaky jalbaryň artky jübüsindäki puly özüme duýdurman alyp bilýän ogry gabat gelse, oňa ýene bir 40 müň manat bererdim. Ýazyjy Nazar Geldiýew gülüp goýberdi. —Onda sen şol 40 müň manadyňy öz aýalyňa beräý! * Bir gezek edarada iş stolumyň başynda otyrkam, Resul Gamzatow gapydan girdi de: —Içgysgynç ýygnakdan çykyp gaýtdym. Ýaňralar halys ýürege düşdüler—diýdi. — Ýör, bufede baryp, adama göni 100 gramjyk konýak içeli! Aşak düşdük. Bufetde otuz ýyl bäri işleýän, ýazyjylaryň hemmesini dýen ýaly ýüzünden tanaýan, olaryň hüý-häsýetlerine belet bolup giden Anna Iwanowna bizi adaty ýasama ýylgyryşy bilen garşylady. —Rasul Gamzatowiç, keýpiňizi götermek isleýäňizmi? —Akylly hem görmegeý zenanlar erkegiň kalbyny bilip dur-da!—diýip, Resul çişik aýalyň goltugyna garpyz gysdyrdy. —Adama 120 gram konýak guý, Anna Iwanowna! Iki sany hem peýnirli buterbrod... Resul bufetçi bilen hasaplaşýança, men buterbrodly tarelkany alyp, boş stollaryň biriniň başyna geçdim. Her eli bir rýumkaly gelen Gamzatow, töwerekdäkilere-de eşitdirjek bolýan ýaly gygyryp gepledi. —Dagystan hem türkmen halkynyň saglygyna! Göterdik! Göterdik. Buterbrod iýip otyrkam, men şahyra ýüzlendim. —Dagystan hem türkmen halky sag bolsun welin, Resul aga, sen ýaňy “göni ýüz gram” diýdiň-de, bu ýere geleňsoň, 120 gram buýrdyň-la. Artyk guýduran 2O gramyň bilen biz näme utýarys? —Sen entek içgi meselesinde Resul Gamzat bilen deňeşjek bolma. O meselede sen entek agzy sary jüýje ahyryn—diýip, eýýäm gyp-gyzyl bolan Resul ýylgyrdy. —Men Anna Iwanownany 25 ýyl bäri tanaýaryn. Ol 100 gram buýrsaň, göni 80 gram guýýar. Onuň eli şeýtmäge endik edip gidipdir. Şonuň üçinem sen häzir 120 gram konýak içendirin öýdüp, serhoş bolup oturma. . . 1967. Muny Duşenbä, öz ýubileýine baranymda, täjik ýazyjysy Fateh Nyýazy gürrüň berdi. Özbekler hem türkmenler ýaly “F” sesini kän ulanmaýarlar. Oňa derek “P” diýýärler. Mysal üçin, “putbol”, “pabrika”. Bir gezek Fateh Nyýazy Duşenbeden Samarkanda komandirowka gelipdir. Ol myhmanhanada ýerleşmekçi bolanda, kabul edýän özbek ýigidi ýazyjynyň adyny, familiýasyny sorapdyr. —Fateh Nyýazy. —Hop ýakşi!—diýip, özbek ýigidi ýazýar. —Pateh Nyýazy... —Pateh däl, Fateh. —Menem şeýdip ýazýaryn-da. Pateh. —Pateh däl how, Fateh!—diýip, ýazyjy gaharlanjak bolýar. —Fateh.. F. FF... Ahyr özbek ýigidi hem gaharlanyp ýerinden turýar-da, iki elini-de biline urup, öz göwresiniň görnüşi bilen “F” harpyny şekillendirýär... —Şundakka “P” emasmi?—diýip, ol şonda-da ýene “F” diýmän, “P” diýýär. 1977. Gorbaçýow zamanasynyň aç-açanlyk döwründe “Aşhabad” žurnalynyň baş redaktory Wladimir Pu giň köçäniň beýleki tarapyndan barýan Atamyrat Atabaýewi görüpdir-de: —Atamyrat!—diýip gygyrypdyr. Atamyrat eşitmänsoň ol: —Şahyr!—diýip has gatyrak gygyrypdyr. Onda-da jogap bolmansoň, çalarak “Geniý!” diýipdir welin, Atamyrat derrew bärsine bakyp, köçeden geçipdir. Pu oňa ýüzlenipdir. —Adyňy tutup gygyrsam eşitmediň, “şahyr” diýip gygyrsam eşimediň. ”Geniý” diýip, çalaja seslensemem, şol bada eşitdiň. Bu nä beýle? Atamyrat ýylgyrman-ýyrşarman: —Aç-açanlyk döwründe her kimiň öz mynasyp adyny tutmaly-da—diýip jogap gaýtarypdyr. * Ýazyjy Berdi Soltannyýazow gije sagat 12-lerde edebiýatçy Nurmyrat Esenmyradowyň öýüne jaň edipdir. —Numat, ertir säher bilen Moskwa uçmaly welin, irden meni aeropta eltip gaýtsana! —Öýüňde ýetişen ogluň barka, maşyny barka, beýle ýumuş bilen ýatan adamy oýaryp ýörmäň näme, Berdi? —diýip, Nurmyrat aga gaharlanjak bolupdyr. —Nä öz ogluň ugradyp bilenokmy? Ýa sen onuň ukusyny bozmak isläňokmy? Ýa maşyny ýokmy? —Sen, Numat, gaharlanma—diýip, Berdi aga ýuwaşja gepläpdir. —Öýümde ýetişen oglumam bar, maşynam bar, ukusuna-da dözýän. Ol meni uly höwes bilenem ugratjak... —Onda näme? —Wah, Numat jan, özüň bilýäň-ä, meniň oglumyň ugradýan adamlarynyň ýekejesem yzyna dolanyp gelenok ahyryn. Menem yrymçy bolamsoň... Mana düşünen Nurmyrat aga razylyk bermeli bolupdyr. Asyl Berdi Soltannyýazowyň ogly şäheriň merhumlary öwlüýä ugradýan edarasynyň orkestrinde sazanda bolup işleýär eken. * Taryhda belli ýüz sany şahsyň sanawyny özünde jemleýän bir üýtgeşik kitap çykypdyr. Kitap Muhammet pygamberiň ady bilen başlanýarmyşyn. Men entek ol kitaby elime alyp göremok. Kitaby okan adamlaryň aýtmaklaryna görä, şol 100 sany geniniň sanawyna Lew Tolstoý, Fýodor Dostoýewskiý, Magtymguly ýaly şahslar hem girmändir. Emma degişmegi gowy görýän Hudaýberdi Diwangulyýew gije Atamyrat Atabaýewe jaň edip: “Ýaňy bir oturlyşykda ol kitabyň gürrüňini etdiler. Bahasy hem 150000 manatmyş. Okan adamyň aýtmagyna görä, oňa türkmenlerden diňe seni goşupdyrlar. Gutlaýaryn!” diýýär. Atamyrat alada baryny edip, ol gymmat kitaby tapýar. Emma öýüne baryp seretse, kitapda öz ady ýok eken. Ýagdaýa geň galan Atamyrat H. Diwangulyýewe jaň etse, ol: “Soň bildim welin, ol kitabyň 1-nji tomuna ölen genileriň atlary giripdir. Diri gezip ýören geniler 2-nji tomdamyş” diýýär. * Atamyrat Atabäew aýaly Bibi Orazdurdyýewa bilen bir zat almak üçin “Jygyldyga” aýlanyp ýörkäler: —Täleýiňize garap bereýin!—diýip, olaryň ýoluny kesen bir sygan aýal ýöremäge maý bermändir. Bibi ol aýaldan başyny gutarjak bolup: —Biziň pal atdyrmaga-da pulumyz ýok—diýýär. —Sen, gowusy, “täze baýlaryň” täleýine gara! —Siziň ikiňizem gowy adam ekeniňiz. Men sizden pulam almaýyn. Palyňyza garasam bolýa—diýip, her hili bolsa-da, emlenmän gidilmejekdigine belet sygan aýal, elinden ýapyşyp, Bibini sypdyrmandyr. Ol Atamyrat bilen Bibini 50 ýaş töwereklerindedir diýip çaklap, pal atmaga başlapdyr. Takmyn ýaşlary aýdylyp, hemme hojalyklarda-da birmeňzeşräk gabat gelýän problemalardanam birki sanysy öz hojalygyna-da ýanalansoň: —Waý, muň aýdýanlarynyň hemmesi ugrunda bar-da!—diýip, Bibi gapjygyna ýapyşýar. —Men diňe hakykaty aýdýan palçydyryn!—diýip, sygan aýal öwünýär. —Elli ýaşaýançaňyz siziň maşgalaňyzda pul neselesi-de kynrak bolandyr. . —Elli ýaşdan soň nähili bolar?—diýip, Atamyradam gyzyklanyp sowal berýär. —Elli ýaşdan geçeňizsoň, siz özüňiziň pulsuzlygyňyz bilen kem-kem öwrenişip gidýäňiz—diýip, palçy aýal Atamyradyň ýüzüne seredýär. * Başga bir gezegem Bibi Orazdurdyýewa bazara gidende, ullakan bir oklaw alypdyr. Öten agşamky toýdan giç gelip, uklap ýatan Atamyrat sagat 11-lerde gapynyň jaňynyň sesine oýanýar. Ol gapyny açanda, daş işikde eli oklawly duran Bibä gözi düşensoň: —Öýde bir çüýşe arak almaga pul ýokka, sen mebel almalymy!—diýip hüňürdeýär-de, ýene ýorgana girýär. * Ýaşuly täjik ýazyjysy Boki Rahymzada üýşüp oturan köpçülikde kimdir biri derman atsa, derman ganjoşmadanmy, içgeçmedenmi —parhy ýok: “Bizge-de şondan birini beriň!”—diýip, elini uzadaýýardy. * Ahmet Gurbannepesow, Atamyrat Atabaýew üçimiz bir ýere myhmançylyga gitmelidik. Men sagat göni 19-da öz öýümiň gapdalyna köçä çykyp durmalydym. Belleşilen wagta laýyk üç minut galanda meniň öýümiň gapdalynda maşynyny saklan Atamyrat: —Biziň gelenimizi aýnasyndan görübem durandyr welin, ýene ikiýarym minut geçmese, Atajan Tagan öýünden çykmaz—diýýär. —O nä beýle?—diýip, Ahmet gyzyklanýar. —Ol ulumsy adamam-a däl ýaly. —Ulumsy däl. Ýöne 30 ýyl Moskwada işläp ol onuň akylly dostlaryndan öwrenen samsyklygy. 19 nol-nol diýip gepleşdikmi, göni 19-nol-nolda-da maşynyň gapysyny açar. Ynanmasaň, sagat tutaý. Men maşynyň gapysyny açanymda: —Nätdi?—diýip, Atamyrat Ahmede ýüzlendi. Ahmet sagadyna seretdi: —Ýok, edil seň aýdyşyň ýaly-ha däl. Sagadyň 7 bolmagyna ýene 12 sekund bar. —Onda seň sagadyň 12 sekund yza galýar—diýip, Atamyrat çykalga tapdy. * Bir gezek “ Moskwa” myhmanhanasyndan çykyp gelýärkäm, täjik şahyry Mürze Dursunzadä gabat geldim. Salam-helik alşygyndan soň meniň “Domullo, saglygyňyz nähili?” diýen sowalymy eşiden näsag şahyr uludan dem aldy. —Men saňa nähili jogap gaýtarsamkam, Otaçon inim? Işlemeýän agzam agyranok. Işleýän agzalarymyň welin hemmesi agyrýar. * Täze ýylda çykan türkmen gazýetleriniň hemmesi latyn elipbiýinde çap boldy Üýşüp durkak, täze elipbiýiň birbada kynçylyk döretjekdiginden zeýrendik. —Dogrudanam, aňsat däl—diýip, Atamyrat Atabaýew hem aýdylanlara goşuldy. —Şu gün bir goşgym gazýetde çykypdyr welin, şony özümem okap bilmedim. —Şol goşgyny okap bilmedik bolsaň, sen gaty bagtly ekeniň—diýip, kimdir biri duranlary gülüşdirdi. * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşut Şamyýew Mary welaýatyna, öz obasyna gezmäge barypdyr. Ol jaýynyň kölegesinde çaý içip otyrka, iki sany ýaş gelin peýda bolýar. Olar gaz peji üçin bir şaý gözläp ýören ekenler. Gelinler gitjek bolup durkalar, Gowşut olara: —Siz meni tanadyňyzmy?—diýýär. Gelinler tanamandyklaryny aýdanlarynda, özüne “ýazyjy, şahyr” diýilmegini halaýan Gowşut ýene sowal berýär. —Siz ýazyjy, şahyrlary tanaýaňyzmy? Gelinleriň biri gapdalyndakydan öňürdip: —Ýaşy kesilsin-le şo ýaranjaň ýazyjylaň!—diýýär. —Biz-ä olary telewizorda göremizde-de itden beter ýigrenýäs. (G. Şamyýewiň öz rugsady bilen ýazgylara goşuldy.) * Mirasgär Ümür Eseniň öz muzeýinde goýmak üçin gadymdan galan köne-küşül ataşgirmi, aňňalmy, Hywa pyýalasymy, hyrly tüpeňmi görse (hatda ol Daşoguzdan köne juwaz hem getirdi), derrew hyrydar bolýandygyna belet bagşy Ödenýaz Nobatow bir gerek Ümür öýüne myhmançylyga baranda, 90 ýaşly ejesine tarap elini salgapdyr-da, agtyklaryna ýüzlenipdir: —Şu adam gidýänçä, gaty ägä boluň! Birden garry enesiz galaýmaň! * Hirurg dostum, professor Oraz Geldiýewiç Babaýew il içinde “Kremlýowka” diýlip atlandyrylýan, Moskwanyň Merkezi kliniki näsaghanasyna saglygyny barlatmak üçin ýerleşdi. Oňa esasy korpusdan daşrakda, gür tokaý bilen ýanaşyk duran bölümden aýratyn palata berdiler. Men ýygy-ýygydan onuň yzyndan barýardym. Bir gezek onyň ýerleşen bölümine ýetip barýarkam, töwerekde hiç kim ýok ýalydy hem welin, agaçlaryň aňyrsyndan tötänden peýda bolan iki sany daýaw ýigit meniň ýolumy kesdi. Olar nirä barýanymy, näme üçin barýanymy soransoňlar: “Hany, öňürti biz bilen gideliň, barmaly ýeriňize soň bararsyňyz” diýdiler. Men ýaman pikir etmesemem, olaryň yzyna düşmeli boldum. Jaýa girilip, meniň dokumentim barlanandan soň, bir ýere jaň edip Babaýew diýilýän näsagyň bardygyny-ýokdugyny bilip, Babaýewiň özi bilenem telefonda gepleşdiler, onyň şu gün kime, nähili familiýaly adama garaşýandygyny anykladylar. Diňe şondan soň maňa ýolumy dowam etmäge rugsat berildi. Meniň entek öýden gaýtmankam, Oraz Geldiýewiçe jaň edip, barjakdygymy duýduranymam gowy bolupdyr. Ýogsam. . . Asyl O.G.Babaýewiň ýatan bölüminiň edil gapdalyndaky jaýda böwrek keselli aýratyn näsaglaryň mahal-mahal ganyny arassalaýan üýtgeşik bir apparat bolup, hut meniň näsaghana baran pursadymyň yz ýany ol ýere SSKP MK-nyň Baş sekretary Ý. W. Andropowy getirmeli ekenler. Agaçlaryň arasynda gizlenip duran ýigitleriň kimdigi maňa şondan soň düşnükli boldy.. Ýanyna bnaranymdan Oraz: “Owganly duşmana meňzäp duran bu saypatyň bilen entegem ataýmandyklaryna sen şükür et”—diýip, içini tutup güldi. * Çakdanaşa Watanperwerlik görkzmeklik ýasama hupbulwatanlyga barýar, ýurduň kemçiligine göz ýummaklyga, diňe üstünligini görmeklige iterýär.Ol bolsa Watanyň ösmegine päsgel berýär. * Gözelligiň şöhrata dahyly, baglanyşygy ýok. Ol lezzete, duýga degişli. * Biziň maýdaja zatda-da diňe öz bähbidimize çapmagymyz ýetip gelýän uly bähbidimizi ýolundan sowýar. Nätanyş adamlaryň arasyna düşenimde, ýoldaşlarym meni ýazyjy diýip tanyşdyrsalar, gaharym gelýär. Meniň ol häsýetime belet köne tanyşlarym-a maňa “edebiýat mugallymy” diýäýýärler. Bir gezek köne aşnam bilen Ýölötenden Mara gaýtdyk. Türkmengala ýetenimizde ol maňa: “Bir dostumyň agasy düýn-öňňun amnistiýa düşüp, türmeden geldi. Edil bäş minut sowlagada “Gözüň aýdyň!” diýip geçeli-le. Öýem ýoluň gyrasynda” diýdi. Sowuldyk. Iki ýoldaş bolup giren otagymyzda bäş-alty sany adam oturan eken. Men olary, olar hem meni tanamaýardy. Kimiň kimdigini soranam bolmady. Ara düşen dymyşlygy ozal edilip oturylan gürrüň dowam edilmek bilen bozuldy. Türmeden gelen, 50 ýaşlaryndaky çalsaç adam kitaby köp okandygyny gürrüňinden aňdyryp: —Ýaňky “Tentek” diýlen biderek kinonyň kitaby kinosyndan on esse gowy. Kinony alan adam kitaba oňly düşünmedik ýaly. Kino gaty biderek çykypdyr—diýdi. —Şol “Tentegiň” kitabyny ýazan adamam seň edil gapdalyňda otyr-da. Atajan Tagan diýýäler—diýip, ýoldaşym saklanyp bilmän tanyşlyk berdi. Çalsaç adam ynanmazçylyk etdi. Men hakykaty boýun almaly boldum. Birdenem şol çalsaç adam ýüzüme çiňerilip seretdi-de, gönüledi goýberiberdi. —Al inim, ýazýan kitaplaryňy okap oňaýan bolsak gowy boljak eken. Men-ä sen gapydan gireniňden, düýnki amnistiýa düşenleriň birimikäň öýdüpdim. 1999. “Halk ýazyjysy” diýen ady perman bilen bermeli däl. Ýazyjynyň gowusyna, erbedine, goý, halkyň özi baha besrsin. Ol ady asla ýatyrmaly” diýen pikir orta atylanda, şahyr Nobatguly Rejebow oňa garşy çykdy. —Ýok, ol ady edil häzir ýatyrsaň, karam bolýar. Bizde şol ada mynasyp ýene 8 sany ýazyjy bar. Şolara-da “Halk ýazyjysy” beriläýse, türkmen edebiýatynda at almadyk ýazyjylaryň hemmesi-de talantly, hakyky döredijilik adamlary bolup galýar. * 80-nji ýyllarda ýakyn dostum Türkmenistanyň çetki raýonlarynyň birine raýkomyň 1-nji sekretary wezipesine bellendi. Ol hälimi-şindi Moskwa jaň edip salamlaşýardy, myhmançylyga çagyrýardy. Bir gezek Türkmenistana komandirowka gaýdanymda, men onuň ýanyna bardym. Bir käse çaý içenimizden soň, dostum meni düýn-öňňun toý eden bir kolhoz başlygynyň öýüne özi bilen bile myhmançylyga gitmegi teklip etdi. Ol mahallar ýolbaşçy işgärler, raýkomyň 1-nji sekretary-ha hasam beter, toý-tomga açyk gatnaşmakdan çekinýärdiler. Olar juda ýüzünden geçip bilmeýänleriniň çakylygyna-da toýuň öňünden ýa-da soňundan görünýärdiler. Meniň dostumam şeýle düzgündäki adamdy. Toý eden kolhoz başlygynyň gapysyna baryp düşdük. Bizden ozalam ol ýere iki sany maşyn gelip duran eken. “Birinjiniň” gelmegi bilen gaýda-gaýmalaşyk köpeldi. Owadan kündükden akydyp, myhmanlaryň ellerini ýuwdurdylar. Gelenleri garşylaýanlaryňam, olara hyzmat edýänleriňem ählisiniň ünsi raýkomyň 1-nji sekretaryndady. Meni bolsa tanaýanam, maňa üns berýänem ýokdy. Meniň haýsy maşyndan düşenimem bilinmeýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, meniň elime-de hemmelerden soň suw akytdylar. Men elimi süpürýänçäm, raýkomyň 1-njisini töwerekleşip, öýe saldylar. Şeýlelikde, men birki minutdan soň jaýa tarap ýöremeli boldum. Bosagadan ätlän ýerimde duran bir adam: —Sen bärik giräý, ýigit!—diýip, meni barýan ugrumdan sowdy-da, dostumuň giren gapysyndan başgasyny görkezdi. Salgy berlen otaga girdim. Içerde dört sany adam kart oýnap oturan eken. Ýene bir ýaşulyrak kişi ýassyga ýaplanyp çaý içýär. Meniň beren salamymam göwünli – göwünsiz alyndy. Ýaşuly bir käse çaý uzatdy. Käsäni agzyma ýetiren badyma, ýaňy iç işikde meni ilki garşylan adam, günäli ýaly bolup, gapydan girdi. —Ýaşuly, bagyşlaň, siz o jaýa geçmeli. Men uki minutyň içinde ýigitlikden ýaşula hemem “senden” “size” öwrülenimiň manysyna soň düşündim. Görkezilen otaga bardym welin, törde abşarylyp oturan dostum: —Gel, şofýor!—diýip gülüberdi. * 1990-njy ýyldy öýdýän. Partiýanyň Murgap raýkomynyň 1-nji sekretary Baýrammuhammet Çollukow ogul öýerdi. Ýazyjy Amannazar Aşyrow ikimiz hem ol toýa çagyryldyk. Toý Mary şäherinde. B.Çollukowyň öýüniň gapdalyndaky giň aýmançada tutuldy. Iki hatar uzyn stol goýlandy. Amannazar ikimize-de hataryň ortaragyndan orun ýetdi. Amannazar toýa myhmançylykdan geleni sebäpli keýplidi, gepläsi gelip durdy. Toýy “giriş sözi” bilen Mary obkonynyň 1-nji sekretary Gurban Myradowiç Orazow açdy-da, elindäki rýumkasyny hem goýman, hataryň arasy bilen bärik gaýtdy. Ol ýöräp gelşine-de gabat gelen bilen bulgur çakyşdyrýardy. Tutuş Mary iliniň “ýaşulusy” bilen käse çakyşdyrmak isleýänleriň bolsa sany kändi, käbirleri entek ol golaýyna gelmänkä, ýerinden turup, häzir bolup durdy. Orazow ýüzi aňryk bolany sebäpli bizi görmän deňimizden geçiberdi welin, keýpi kökje Amannazar: —Gurban Myradowiç! Nä biz bilen çakyşdyrmak isläňizokmy?—diýip, çasly gygyrdy. Yzyna aýlanan G.Orazow biziň ýanymyza geldi. —Hany, götereliň! Toý bolup dursun! Amannazar ýöne oturyp bilmedi. —Atajan Taganyň bulguryndakynyň suwdugyny bilýäňizmi, Gurban Myradowiç? By ýewreý hatda Sizem aldajak bolýar. —Bu meni aldamaz. . . Suwuňy dök. Atam!—Guý, Amannazar! Hany, içmäbilse içmesin. . . —Men rulda, Gurban Myradowiç. . . —Rulda bolsaňam, içersiň. Tutulsaň, ýanyma baraý. Guý, Amannazar! Töwerekdäkileriň ünsi bize tarap gönügendi. Olar G.M.Orazowy-da, onuň ýanynda ýaranjaňlyk edip loňkuldaşyp ýörenleri-de tanaýardylar. Meni bolsa hiç kim tanamaýardy. Şonuň üçinem “ýoldaş G.M.Orazowyň hut özüniň” şeýdip ýanynda güýmenýän gödekden garaýagyz adamynyň kimdigini bilmek höwesiniň köpüň kalbyna ornandygy ikuçsuzdy. ”Bäý, obkomyň birinjisi ýalbaryp durka-da, arkan-ýüzin gaýdan bolýan dogumly kimkä?”. G.M.Orazow guýlan konýagy içýänçäm, ýanymdan gitmedi. Gidende-de mähirli hoşlaşdy. Toýa gelen ýolbaşçy işgärler köpüň arasynda däl-de, gapdaldaky howluda oturýar ekenler. Kän mahal geçmänkä toý eýesi ýanymyza geldi-de: —Ikiňizem ýoldaş Orazow öz ýanyna çagyrýar. Ýörüň tizräk!—diýdi. Ony hem töwerekdäkiler eşitdiler. Elbetde, ýene “Beýdip gereklener ýaly ýaňky garaýagyz kimkä, walla?” diýen sowal hökman dörändir. Bir aýdan soň ýazyjylaryň plenumynda Aşgabatda duşuşanymyzda, Amannazar Aşyrow toýda men babatda döremeli sowallaryň çaklama jogaplaryny aýdyp berdi. “Şol garaýagyzdan gödek adam kanundaky ogry bolmalydyr. Ýogsam, ýoldaş Orazow oňa beýle içgin ýüzlenmezdi. Kanundaky ogrulardan bolsa diňe obkomyň birinjisi däl, ondan ketderäklerem çekinýärler. . ” * Atamyrat Atabaýew maşynly Mara barýarka, Hanhowzuň ýanynda 40-dan sürmeli ýerde 70-80-den sürende, iki sany ýolpolis ony saklaýar. —Ýaşuly, näme 80-den sürüp gelýärsiň-le? Ýüzüne 40 ýazylgy ullakan belgini görmediňmi? —Wah, men yllakan belgini gördüm-de, belgiden kiçiräk sizi görmändirin. . . * Hydyr Derýaýew Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýärkä, kabinetinde otyrkak, ol Atamyrat Atabaýew ikimiziň ýüzümize gezek-gezegine seretdi-de: —Siziň ikiňizem bir jülgeden bolmaly. Siz türkmen däl, pars—diýdi. —Gaty göreňzokmy? Atamyrat menden öňürtdi. —Biz-ä gaty görmeris welin, beýle diýseňiz özüňiz utularsyňyz, Hydyr aga... Hydyr Derýaýew Atamyrada ýylgyryp seretdi. —Näme diýjek bolýaň? —Ozalam türkmenler Nowaýyny özbege, Nesimini azerbeýjana, Rumyny täjige berip gedaý galdy. Indi Atamyrat Atabaý ýaly beýik geniý şahyry, Atajan Tagan ýaly geniden sähel pesräk prozaçyny parsa ýa kürte berseňiz, türkmen edebiýatynda hiç zadam galmaz-da. Atamyradyň jogabyna haýran galan Hydyr Derýaýew başyny ýaýkady. —Ýok, siz kürtjagazlar, bize eýgertjek däl... * Aşgabadyň Puşkin adyndaky rus Döwlet drama teatrynyň direktory hem çeper ýolbaşçysy Serdar Nepesow menden “Keseki”romanym boýunça pýesa ýazyp bermegimi haýyş etdi. Men oňa öz ýagdaýymy düşündirdim. Türkmenistanyň ähli metbugat serişdelerinde, neşirýatlarynda eserleri çap bolmagy gadagan edilen Atajan Taganyň ýazan pýesasynyňam sahnada goýdurylmajakdygyny aýtdym. Bolsa-da, ol roman bilen örän gyzyklanýandygyny, ondan diýseň özboluşly spektakl döredip boljakdygyny nygtady. Men oňa “jany barlamak” üçin “ýokary” bilen gepleşip görmegini maslahat berdim. Serdar Nepesow Türkmenistanyň Ministrler Kabibetiniň başlygynyň orunbasary Orazeldi Aýdogdyýewiň hem Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Kakajan Aşyrowyň ýanyna baryp, öz islegini beýan edipdir. Olaryň ikisi-de, edil dilleşen ýaly fransuz ýesiri barada Atajan Taganyň romanynyň hatda kinossenariýesiniňem bardygyny, ýöne ol awtoryň adyny ile ýaýmagyň gadagandygyny birmeňzeşräk sözler bilen aýdypdyrlar. “Fransuz ýesiri hakda spektakl goýulmagyna biz garşy däl, ýöne pýesanyň awtory hökmünde A. Taganyň adyny görkezmek bolmaýar” diýipdirler. Teatryň ýolbaşçysy şol jogaplardan soňam fransuz ýesiri hakda spektakl döretmek meýlini taşlamady. Teatryň hudožnigi Berdiguly Amansähedow üçimiz ýagdaýdan çykalga gözläp, kän oýlandyk. Berdiguly degişme äheňi bilen hatda şeýle bir çykalga hem hödürledi: meniň romanym esasyndaky pýesany üç bolup ýazýarys-da, her haýsymyzyň adymyzyň ilkinji bir bognundan hem Serberat (Serdar, Berdiguly, Atajan) diýen daşary ýurtlaryňka meňzeýän awtor adyny ýasaýarys. Şeýdibem, “ýökarkylaryň” gözüne çöp atýarys. Elbetde, ol “çykalga”oýun ýaly zat hem bolsa, dünýä edebiýatynda-da, sowet edebiýatynda-da bolan wakalardy. Gadagan edilen awtorlaryň käbiri her hili ýol bilen öz eserlerini okyja ýetirýärdiler. Özümem şeýle çözgüdiň üstünde kän oýlandym. Ahyram, Serdar Nepesowa: “Eseri al-da, nädip ýasasaňam, pýesany özüň ýasa. Ýöne maksadyň amala aşsa, dünýä praktikasynda edilişi ýaly, afişanyň bir ýerinde “A. Taganyň romany boýunça” diýen ýazgy etmeli bolarsyň” diýdim. Serdar ylalaşdy. Häzir Ikar Pasewýew bilen Gowşutgeldi Daňatarow “Kesekiniň” esasynda pýesa ýazýarmyşlar. Maý, 2002. * Žurnalist Ikar Pasewýew jaň etdi. Ol “Keseki” esasynda ýazylýan pýesa ikinji awtor bolmaklykdan ýüz dönderýär. Men onuň sebäbini soradym. ”Ýokardan” şol pýesa Saparmyrat Türkmenbaşynyň obrazyny goşmagy talap edýärmişler. Men oňa: “19-njy asyryň ortalarynda bolup geçen wakanyň içine häzir ýaşap ýören adamyň obrazyny nädip goşup bolar?” diýdim. Ikar esli dymansoň jogap gaýtardy: “Ol akmaklara menem şol sowaly berdim-dä. Ol gülkünç bolar-a”. 02.06.2000. “Mollanepesiň kitabyndaky “Ner gezgin” diýen goşguda: “Dogmaz togsan dört ýylda BOGAZ bolsa är-ärden” diýen setir bar. Siziň alymlaňňyz oýlanmanam söze düzediş beriberýäler . Ol söz “bogaz” bolmaly däl, “bugz” bolmaly. Bugz arapça “kitüw” diýmekdir. Dogry, türkmende “gepden bogaz bolmak” hem bar. Ýöne ol başga. Mollanepes ol manyda däl-de. “bugz”, ýagny “kitüw” manysynda alýar. . . ” (Hudaýberdi işanyň aýdanlaryndan.) Ýalan sözlemek örän aňsat. Ýöne şol aňsat ýalany ýalana çykarnak welin gaty kyn. * Edebiýatyň geçmişine göz aýlasaň, ýurda häkimlik edýän topar, köplenç halatda, talantly adamlary her hili ýol bilenem bolsa, esasanam, satyn almak, orden-medal paýlamak bilen öz tarapyna çekipdir. Eger satyn alynmakdanam netije çykmasa, talantly adamlar ýok edilipdir ýa-da “halk duşmany” hasaplanypdyr. Emma L. Tolstoý, M. Gorkiý, M. Şolohow ýaly beýik talantlar welin her hili ýagdaýda-da ýazyjylyk abraýyny dökmändirler. Tolstoý Nikolaý patyşa bilen, Gorkiý Stalin bilen, Şolohow Hruşýow bilen il bolman geçdi. Men türkmen ýazyjylary hakda oýlanýaryn. Olaryň köpüsi bir jüp galoşa ýa-da hökümet stolunyň başynda oturdylyp, mugt berilýän 100 gram araga-da satylyp ýörler. * Ýaranjaňlygy hantamaçylyk döredýärmikä ýa-da hantamaçylyk ýaranjaňlykdan gelip çykýarmyka? * Şöhratparazdan şa bolmaz, ýygradan—geda. * Adam öz rowaçlygyna kanagatlanarly baha bermese-de, närowaçlygyna artykmajy bilen baha berýär. Emma onuň tersine, ol kişiniň rowaçlygyna artykmajy bilen baha berse-de, närowaçlygyny welin görmeýär. * Medisina taýdan zerurýetlik bolanda altyndan diş saldyrmak medeniýetsizlik däl-de, altyn dişi medeniýetlilik hasap etmeklik medeniýetsizlik. * Şu gün Fransiýanyň Türkmenistanbaky adatdan daşary hem ygtyýarly ilçisi jenap Alen Kuanon meni öz huzuryna çagyrdy. Ol meniň “Keseki” romanymyň rus dilindäkisini okapdyr. Ol romana käbir bellikler etdi hem Blokwiliň fransuz dilinde çykan köp suratly kitabyny görkezdi. Ilçi meniň romanymyň fransuz okyjysyna ýetjekdigine ynam bildirdi. 6.08.2001. Çakdanaşa baý adam mydam garypdyr. * Şu gün mugallym hem şahyr Gurbandurdy Orazow meniň ullakan portretimi özüme sowgat etdi. Ol onuň işleýän türkmen-türk mekdebinde “Türkmen ýazyjylary” diýen stentde, beýleki kärdeşlerimiň suratlarynyň arasynda asylgy duran eken. Meniň portretimi bolsa “Döwürden yza galan ýazyjynyň” portreti hökmünde aýryp taşlapdyrlar. 20.08.2001. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |