22:18 Kyrk ýylda ýazylan kitap -32: Çap edilmedik seslenme | |
ÇAP EDILMEDIK SESLENME
Ýatlamalar
Oguz han, Nowaýy, Azady, Andalyp, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji, Berdi Kerbabaýew, Gurbannazar Ezizow, Gylyç Kulyýew, Nury Halmämmedow, Beki Seýtäkow, Ata Atajanow, Kerim Gurbannepesow, Çary Nurymow, Mäti Kösäýew, Hojaw Annadurdyýew, Aman Gulmämmedow dagy meniň üçin ikinji gezek dünýäden öten ýaly boldy. Çünki olaryň atlary köçelerden aýryldy. Beýik şahslaryň ornuny boş sanlar eýeledi. Ýene ýüz ýyldan soň biziň nesillerimiz Gurban Durdy, Tagan Baýramdurdyýew, Weli Muhadow, Yzzat Gylyjow... köçelerinden ýöränlerinde, köçä atlary dakylmaga mynasyp bolan adamlaryň kimdikleri bilen gyzyklanardylar, bilerdilerem. Olaryň başky ikisi türkmeniň edermenligini görkezen halk gahrymanlarynyň sapyndan, üçünjisi dünýä belli kompozitor, dördünjisi başga bir halkyň äleme belli beýik ogly Çingiz Aýtmatowa “Yzzat, sen meniň buýsanjymsyň” diýdiren tanymal hudožnik. Nesillerimiz: “Ata-babalarymyz nähili adamlar bolupdyrlar!”- diýip guwanardylar. Emma olaryň buýsanjy, guwanjy bolmaly beýik şahslaryň atlary indi boş san bilen çalşyryldy. 1881-nji ýyldaky Gökdepe tragediýasynda biziň neresse çagalarymyzy, bigünä garry enelerimzi, gurpdan gaçan gojalarymyzy gyrmakda “edermenlik” görkezip tapawutlanan Lemkulow bilen Mamasewskiniň adyny (Men olaryň atlaryna Moskwanyň harby-taryhy arhiwinde gabat geldim) demir ýoldan gaýradaky iki köçesinde ýüz ýyllap göteren türkmen şäheri Aşgabada indi ol ganhorlaryň atlarynyň gaýtadan gelmejegine ýürekden gynanan kimdir biri biziň milli atlarymyzy hem san bilen çalşyryp özüni köşeşdirmegi maksat edinipdir. Ol türkmeni äsgermezlik, onuň şahslaryny kemsitmek maksadyna-da ýetdi. Biz hem, milli buýsanjymyz juda pes bolansoň, onuň edenine däl diýmedik. Ol adam türkmen atlaryny ýok edip, Amerika öýkünmek isledimikä? Bize Amerika öýkünmegiňem, Amerika bolmagyňam geregi ýok. Biz Amerika däl-de, Türkmenistan bolup ýaşamaly, köçelerimiz hem Waşington, Nýu-Ýorkyňky ýaly san bilen belgilenmän, milli atlarymyza bezelmeli. Köçeleriň hemmesini adam atlary bilen belgilemek hökmanam däl bolmagy mümkin. Käbir köçä “Saýaly köçe”. “Ümsüm köçe”, “Çetki köçe”, “Leýli-Mežnun”, “Bägülli köçe”, “Kelte köçe”, “Uzyn köçe”, “Ýaşlyk”, “Arassa”, “Ýagşylyk”, “Ýedigen”, “Ülker”, “Arzuw” diýen ýaly atlary hem dakybermeli. San “täzeligini” bize ornaşdyran adam kimem bolsa, ol türkmeniň şu günki ösüşine buýsanmaýan, onuň milliligine guwanmaýan, başarsa, türkmeniň adyny kemsitmek, onyň neslini milli buýsançsyz edip ýetişdirmäge çalyşýan adam bolmaly. Bu gün köçelerimizden halkymyzyň her gün görüp, guwanyp ýören buýsançly milli atlaryny san bilen çalşyrmagy başaran adamynyň ertir biziň milli taryhymyzy-da täzeden ýazmaga taýyndygyna-da men ynanýaryn. Ýakyn wagtlarda türkmen taryhynda Oguz hana derek 1950, Görogla derek 1600, Magtymgula derek 1112, Andalyba derek 1888 diýen ýaly sanlaryň ýazylmagyna garaşybereliň. Biz diňe şu günümiziň däl-de, nesillerimiziň kim, nähili bolmalydygynyňam aladasyny etmelidiris. Goý, olar özlerini 1950-niň, 1600-iň, 1112-niň, 1888-iň nesli bolman, Oguz hanyň, Keýmirkörüň, Magtymgulynyň, Gowşut hanyň, Nurberdi hanyň, Aba serdaryň, Amanýaz serdaryň, Güljemal hanyň, Ak işanyň, Gaýgysyz Atabaýewiň, Şaja Batyrowyň, Mylly Täçmyradyň, Nobat bagşynyň, Sahy Jepbaryň, Yzzat Gylyjyň, Alty Garlyýewiň neslindendigini bilip, olaryň watanperwerliginden, milli buýsançlylygyndan nusga alsynlar. Şeýle bolmagy üçin neslimiziň aňynda manysyz boş sanlara derek ilimiziň öz ogul-gyzlarynyň, atlary hem ruhlary saklanmalydyr. Bu meselede köçä dakylýan adyň hem örän uly ähmiýeti bar 12.06.2005. Murgap. Kaýum Taňrygulyýewiň ýaş toýunda bukjanyň daşyna ýazylan setirler. Çagalar şahyry bolanyň üçin, Seň ýanyňda elmydama çaga biz. Togsan ýaşly çaga bolmak isleýäs, Sen göni ýüz ýaşa, Kaýum agamyz. Maý, 2005. “Türkmenler her bir işde başga milletlerden asgyn we yzdadyr” Muhammetguly Atabaýew. (“Ruzname-ýi Mawera-ýi Bahr-i Hazar” gazeti), “Garagum” žurnalyndan alyndy. Getirilen ýokarky kesgitleme ýigriminji asyryň başlarynda türkmen dilinde çykýan gazetde çap edilipdir. Men öz çakym ýalňyş bolaýsa, hem-ä begenerdim, hemem okyjydan ötünç sorardym. Ýöne ylym, bilim, medeniýet babada ýigrimi birinji asyryň başlarynda hem türkmenleri ozalky SSSR-iň düzümine giren respublikarynyň halklarynyň arasynda iň yzdakysy hasaplaýaryn . Men muny 30 ýyl gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşap, SSSR halklarynyň toý, ýas, ýubileý dabaralarynyň, medeni bäsleşuikleriniň, ylmy konferensiýalarynyň, çekişmeleriniň ýüzlerçesine şaýat bolan, onlarçasynyň guramaçylarynyň biri bolan, has beterem musulman halklarynyň wekilleri bilen içgin gatnaşan, olaryň kän-kän obalaryna, şäherlerine aýlanan, sypaýy gatlak adamlary bilen ýakyndan iş salşan, umumy ösüşleri bilen deňeşdirme görnüşinde gyzyklanan bilesigeliji häsiýetli adam hökmünde nygtaýaryn. Şol jähtden biziň diňe garagalpaklar bilen deňeçerräk, belki-de, olardan sähel ýokarrak bolmagymyz mümkindir. 11.10.2005. Ýaşlygyň adam bedenine berýän gözelligini hiç hili ýaramaz eşiklerem bozup bilmeýär. Garrylygyň adam bedeniniň gözelligini bozuşyny hiç hili gymmatbaha eşikler, şaý-sepler bilenem düzedip bolmaýar. * Ady aleme belli kinorežissýor Andreý Tarkowskiniň (Magtymgulynyň terjimeçisi, rus şahyry Arseniý Tarkowskiniň ogly) “Literaturnaýa gazýetada” çap bolan gündeliginde: “Artist diýilýän adamlaryň arasynda akyllysy bolmaýar. Men bütin dünýä boýunça ýekeje akylly artiste gabat geldim. Ol hem, yzarlasam, režissýor bolup çykdy” diýen kesgitleme bar. Beýle ýowuz kesgitlemeden nähili netije çykarmaly? * Mert adam amala aşyrmasy kyn bolany sebäpli saňa ýagşylyk etmese-de, amala aşyrmasy aňsat ýamanlyk hem etmez. * Utanjy ýok söýgüden söýgä garaşmaly däl. Utançsyz söýgi uzak söýmeýärem, söýülmeýärem. * Köp okap, az bilýän adam. * Düýnüm geçdi, ertirimiň boljagy belli däl, diňe şu häzirki pursadym bar. * Kitap ýazýan ýazyjy kän, kitap okaýan, hem ýazan kitaby okälýan ýazyjy az. * Elinden hiç zat gelmeýän adam özüni elinden kän zat gelýän, elinden kän zat gelýän adam özüni elinden hiç zat gelmeýän hasaplaýar. Şonuň üçinem olaryň birinjisi elinden zat gelmeýän bolup galýar, ikinjisiniň bolsa elinden gelýän zadynyň sany barha köpelýär. * Ýeňeni üçin ýeňlen ýeňiş. * Islendik eseri tankydy göz bilen okasaňam, gedemlik, göwnüýetmezçilik bilen okamaly däl. Gedemlik, başgalara göwnüýetmezçilik etmeklik, umumanam adamyny dürs ýoldan sowýar. * Talanty ene dogurmaýar, ony gara zähmet bilen azap döredýär. * Älemde geçýän, ýöreýän hasap edilýän wagt diýen hakykat ýok. Ýyl, aý, gün, hepde, sagat, minut ynsanyň öz ýaşaýşyny düzgünleşdirmek, ýeňilleşdirmek üçin döreden şertliligi. * Senden beýikligi onuň beýikdigini aňlatmaýar. * Ediljek bolunsa-da edilmedik ýamanlyk edilen ýagşylykdyr. * 1943-nji ýylda, Watançylyk urşunda wepat bolan kakamyň mazary Russiýanyň Orlow oblastynyň Zmeýewskiý raýonynyň Stepanowka obasynda galdy. 1981-nji ýylda ýogalan ejemiň mazary Murgapda. Öň olaryň ikisiniňem mazary bir toprakda, bir Watandady. SSSR-iň ýykylmagy bilen Russiýa bir ýurda, Türkmenistan başga bir ýurda öwrüleni sebäpli, men özümi iki Watanly ýaly duýýaryn. Bir adamda iki Watanyň bolmajakdygyna düşünýärin. Düşünsem-de, şol iki ýurduň birine Watanym, beýlekisine Watanym däl diýmäge dilim aýlanmaýar. * Mertlikde gara güýç bolmaýar, adalat bolýar. Namartlykda adalat bolmaýar, gara güýç bolýar. * SSSR ýykylyp, bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen bizde taze bir nesil—adamçylyksyz, edepsiz, doňýürek, “ýekeçanak”, harsydünýä nesil döredi. Awtobusda eli hasaly goja aýak üstünde dursa-da, mekdep okuwçylary hem oňa orun bermän, ýüzüne göni seredip otyrlar. * Durmuşdan, özünden, ruhy ýa-da ykdysady ýagdaýyndan nägileligi ýok adam döredijilik işine baş goşmasa gowy bolardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |