22:44 Kyrk ýylda ýazylan kitap -35: Hudaýberdi işandan eşidenlerim | |
HUDAÝBERDI IŞANDAN EŞIDENLERIM
Ýatlamalar
Bir obada zäher ýasaýan iki sany tebip bar eken. Köplenç hünärli adamlarda boluşy ýaly, olaryňam biri beýlekisinden özüni belent, has ussat saýypdyr. Netijede olar kimiň artykmaçdygyny ile äşgär etmek isläpbirler. Jedeliň şerti; her kim garşydaşynyň ýasan zäherini içip, onuň zäheriniň garşysyna derman tapyp,ölmän galmagy başarsa, şol has ussat, has güýçli hasaplanmaly.Öňürti zäher içmeli tebip üç çelek süýt taýynlaýar. Garşydaşynyň beren zäherini içenineden soň, ol ilki birinji süýtli çelege çümüp çykýar, Tebibiň endamyndaky zäheriň esasy bölegini sorup alan süýdüň reňki sap-sary bolýar. Ol ikinji çelege çümende süýt öňküden birneme durlanýar, üçünjä girip çykanda bolsa süýt öz rekine gelýär.Ol şeýle ýol bilen içen zäherinden saplanýar-da, ölmän galýar. Ikinji tebip hem içmeli zaheriniň garşysyna goýar ýaly bir derman taýýarlamaly.Ýöne ol nähili zäher beriljegini bilmänsoň, nähili çäre oýlap tapmagy hem bilmýär. Sebäbi garşydaşy her gün irden esli salym bir zady düňküldedip obany ukudan oýarýar. Il şol düňküldiniň kömegi bilen tebip heniz görülmedik zäher ýasaýandyr öýdýär. Tebibiň garşydaşy bolsa onuň beýdip nähili zäher ýasaýandygynyň biljek bolip, gije-gündiz pikir edýär. Beýleki tebibiň düňküldisi bolsa her säher dowam edýär. Hakykatda ol tebip zäherem ýasaman, diňe iki sany agajy bir-birine urýar ekeni. Düňküldiniň ‘ýasaýan zaherini” anyklamagyň gijeesi-gündizi pikirini, aladasyny ede-ede ikinji tеbip zäher içmänkä ölüp galýar. * Adam häsiýeti her hili bolýar. Kim şagalaňa, öňe çykmaga, köpçülikden saýlanmaga, adynyň tutulyp durulmagyna. öwülmegine, telewizorda görünmäge höwesek bolýar. Belki-de ol berilen ömrüň hoş geçmegine kömek edýändir. Men aladalansaamam, şol zatlara özümde höwes, isleg oýaryp bilmeýärin. Ýogsam zalda oturanlary esli salym güýmemäge ýagdaýym hem bar; 10-15 goşgyny türkmençe-rusça ýatdan aýtmagy, ýiti sowallara ýiti jogap gaýtarmagy, zalyň ünsüni çekmegi başarmanam duramok. Ýöne men özüm bilen bagly şagalaňy, özüme üns berilmegini asla halamaýaryn. Öz Watanymyň, başga ýirtlaryň beren hormatly atlaryny-da gazet-žurnallarda adymyň yzyndan getirmegi medeniýetsizlik, şöhratparazlyk hasap edýärin. Watanyň beren sylagyny zol-zal agzap ýörmek şol sylagdan bähbit hantamaçylygyna eltýän ýaly bolýar. Ol serpaýa hormat goýmaly, ýöne mazamlap ýörmeli däl. Men häzire çenli ýaşan ýetmişe golaý ýaşymyň dowamynda ýeke gezek öz dogan günümi hem (hatda maşgaalamyň arasynda-da) bellämok. Şol mesele-de çagalarymam menden närazy. (Olaryň doglan günlerini welin, dabara bilen bellemäge höwesli gatnaşýaryn). Bolsa-da men özümi ýeňip bilemok. Eletde, ol edermenlik däl, artykmaçlygam. Oňa kemsiz düşünýän. Düşünsemem,özümi ýeňip bilmeýärin. * Men özümi gatybir ejiz adamam dälmikäm öýdýänem bolsam, juda gowy görüşýän ýoldaşlaryma seýregräk sataşanymda, näme üçindir, bokurdagym dolýar. (Ömrüň gysgadygyny ýatlaýarmykam?) Elbetde, beýle ýagdaýymy men olara duýdurmazlyga çalyşýaryn. * Dünýädäki ähli gymmatlyklardan gymmat zadyň wagt ekendighine men giç düşündim. * Ýazyjynyň agramy galyň kitap ýazmagynda däl-de, ýazan galyň kitabyny gysgaltmagy başarnygynda. * Hemme adamyň hemme islegi kabul bolsa ýaşaýyş gaty kynlaşardy ýa-da gutarardy. * Bagtyýarlygyň urgusy betbagtlygyň urgusyndan aýylganç bolýar eken. * Öňki aýalyň bolýar, ýöne öňki doganyň bolmaýar. * 2 Dünýädäki baýlyklaryň iň gymmatlysynyň wagt ekendigine men giç düşüşndim. * Hapa hapa ýokmavar, arassa ýokýar. * Hudaýa çyn ýürekden uýulýan bolsa, durmuşda erbetlik bolmazdy. * Din meselesinde men ýene bir zada üns berdim. Öz güýji, öz aladasy bilen abraý, agram, baýlyk gazanyp bilýän möwriti duşundan geçen meniň käbir deň-duş, tanyşlarym dini perde edinip, ondan abraý gözläp başladylar. Olar ýaşkalar, janlary sagka, işdäleri açykka, aşgazanlary abatka hiç zatdan gaýtmadylar, doňuz etine çenli iýdiler. Dini bardyram öýtmediler, gaýtam, “Hudaýyň öz döreden eşretinden mahrum” namazhonlaryň üstünden güldüler. Indi olar dine ynanýan kişi bolup, hatda arak-şerap içilýän ýerdenem sowlup geçýärler. Bu arassa bolmak ýa-da dini goramak maksady bilen edilmeýär-de, garran beden arak-şeraby islemeýändigi hem il gözüne arassa kişi bolup görünmek ňçin edilýär. Ýöne şol hem gowy zat. * Adamçylyk adamçylyk döredýär. Bu dogry. Ýöne ogrudan ogry dogýarmka? * Her bir işde utmanyňa gynanmaly däl-de, utulmanyňa begenmeli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |