22:10 Kyrk ýylda ýazylan kitap -31: Türkmenler hakynda aýdylan jana ýakymsyz sözler | |
TÜRKMENLER HAKYNDA AÝDYLAN JANA ÝAKYMSYZ SÖZLER
Ýatlamalar
Men ki türkmen içre gezdim, hiç musulman görmedim, Käfirstanlar içinde haýry-yhsanyň nedir!? (Nesimi.) Türkmenleriň açgözlügini bilýän Hywa hany sarygyň gulagyny kesip getirene bäş tylla, kellesini alyp gelene 10 tylla wada berýär. (A.Samoýlowiç, “Töre baýyň gürrüňinden.) Dogan dogandan ogurlaýar welin, türkmenler ogurlyk edýärler. (G.de Blokwil.) Siz Angliýa bilen birleşmek isleýärsiňiz welin, Angliýanyň siz ýaly ogrular bilen il bolmak islejekdigi ýa-da islemejekdigi barada oýlanmaýarsyňyz. Ruslaryň birnäçe gezek duýduryş berendiklerine garamazdan, Ahal tekeleri olaryň Hywadan gelýän ýa-da Hywa barýan söwda kerwenlerini talamaklaryny, serhedine çozmaklygy bes etmediler. Şol hem Gökdepe gyrgynçylygynyň ilkinji sebäbi boldy. Alamançylygyňyzy, talaňçylygyňyzy bes etmeseňiz, Ahalyň üstünden inen bela siziňem depäňizden iner... (O.Donnowanyň 1881-nji ýylda Mary hanlaryna ýüzlenmesinden. * * * Ini-boýy bir metr çemesi sungat eserini 600000 (alty ýüz müň) dollara satyn alan adam özüni gaty düşünjeli, eden söwdasynda-da utan, bagtyýar hasaplaýar. 600000000 (alty ýüz million) başga dünýäli adam bolsa, agaç ýaly hasyl bermeýän, mal ýaly et-süýt bermeýän jansyz surata şonça pul töläni barypýatan akmak hasaplaýar. Eýsem, “Köpüň ugry hanja bolsa, senem şonja” diýen nakyl dogrumyka? * Adam dünýä inende, enesine çekip-çydardan agyr yza berip dogulýar, dünýäden gaýdanda bolsa, enesine çekdiren yzasy ýaly yzany özi hem çekmeli bolýar. Ömrüň başlanyşy hem yza, gutaryşy hem. Iki yzanyň arasyndaky ýaşaýyş hem ondan enaýy däl. Hany many? * Akademik Žukowyň “Ymam Homeýni”, Benazir Bhuttonyň “Gündogaryň gyzy” kitaplaryny okadym. Şahs bolup ýetişmek üçin her bir adama tebigy talantyň zerurdygy, elbetde, öz-özünden düşnükli. Emma örän “galmagally” şahsy, köplenç, aň-düşünjesi onçakly ýokary bolmadyk köçe märekesiniň döredýändigine ýene bir gezek göz ýetirdim. 2003. Talantyňa kybapdaş däl öwgä mynasyp bolanyňdan talantyňa mynasyp, hakyky öwgä mynasyp bolmazlyk gowudyr. Sebäbi öwgi her niçik asylly adamyny-da birneme azdyrýar, rahatlandyrýar, durmuş öňündäki jogapkärçiligini peseldýär. * Gören zadyňa çakdan aşa geň galmak —oňa düşünmezligiň alamaty. * Samsyk her gün samsyklasa-da, oňa üns berilmeýär. Akyllynyň welin ýeke gezek eden samsyklygy ömrüboýy maňlaýynda gara tagma bolup saklanýar. * Paradoks: “Aýylganç gowy”. Gowy zat nädip aýylganç bolýarka? “Aýylganç” bilen “gowy” biri-birine gapma-garşy düşünje dälmi? Nahara-da “bal ýaly” diýilýär. Nahar bal ýaly bolsa “aýylganç erbet” bolar ahyryn. Nahar “süýji” hem bolsa, “bal ýaly” diýilmän, “tagamly” diýilýär. * Nazar Gullaýew jaň etdi. Kompartiýanyň baýry işgäri Juma Köýnekow 81 ýaşynyň içinde dünýäden ötüpdir. Şol sebäpli bolan bir waka ýadyma düşdi. Žurnalist Ýazmyrat Belliýew instituty tamamlap, Çärjewiň “Lenin ýoly” oblast gazýetine işe durýar. Ol işe başlan güni stolunyň üstünde duran telefon ilkinji gezek jyrlaýar. Jaň edýän adam “Redaksiýamy?” diýip soramak ýok, salam-helik ýok: —Kim bi?—diýip, haýbatly gepleýär. Ýazmyrat hem şol äheň bilen: —Belliýew—diýip, öz familiýasyny aýdýar. —Türkmende beýle familiýa bolmaz!—diýip, jaň eden trubkany taşlaýar. Az salymdan tejefon ýene jyrlaýar. Ýene şol öňki jaň eden adam: —Kim bi?—diýýär. Ýazmyrat hem jaň edýäniňki ýaly haýbatly ses bilen: —Sen kim bolmaly?—diýýär. —Men Köýnekow. —Türkmende beýle familiýa bolmaz!—diýip, tekepbir ýaş žurnalist hem trubkany taşlaýar. Kän mahal geçmänkä, baş redaktor Ýazmyrady ýanyna çagyrýar. —Sen, inim, işe başlan badyňa biziň günümizi bulaşdyrjak bolma. Ýaňy kim bilen gepleşeniňi bilýäňmi? —Aý, köýnek diýdimi, balak diýdimi, biri-hä haýbat bilen jaň etdi. Familiýamy aýtdym welin, “Türkmende beýle familiýa bolmaz”- diýip, trubkany taşlady. Ikinji gezek jaň edende, menem onuň familiýasyny sorap, edil özüniňki ýaly jogap berdim. Başga zat bolanok, ýaşuly. —Saňa jaň eden ýoldaş Köýnekow ahyryn. Ol Çärjew obkomynyň Birinji sekretary. Ol adamlar näme diýse-de, ýuwutmaly bolarsyň. Indiki gezek ägä bolawergin! 2003. 28-nji maýdan 16-njy iýuna çenli Murgapda — obada boldum, toý, pata-töwirlere gatnaşdym. Öňki-öňkülik diýen ýaly. Yza gaýdyşlyk bar, öňe gidişlik ýok. Obada eýe ýok ýaly. Hemişeler ýollar, köçeler, köprülere göz-gulak bolunýardy, çukanaklara birki pil asfalt taşlap, her hal, tekizlenerdi. Indi adamlar, birhili, dünýäden doýan ýaly. Obalarda yslam güýjäp ugrapdyr. Dine uýulsa, diniň gowy düzgünlerii berjaý edilse, ogurlyk-jümrülik bolmaýmaly welin, tersine. Poçtalýon diýen wezipe ýatyrylypdyr. Bu bolsa ilatyň gazet-žurnallara ýazylmaýandygyna, hiç kimiň hiç zat okamaýandygyna şaýatlyk edýär. Bir zada üns berdim. Meniň heniz 25 hem ýaşamadyk birki sany garyndaşym uzyn don geýip, namaz okaýar. Olar orta mekdebi gutaranam bolsalar, ýalňyş goýbermän, salam haty hem ýazyp bilmeýärler. Olar özlerini dine düşünýän adam hasap edýärler. Emma kuranyň “Yhlas” (“Kulhualla”) süresiniň manysyny sorasaňam bilmeýärler. Bir zadyň manysyna düşünmän, oňa uýmak sowatsyzlygyň nyşany dälmi? Häzir türkmeniň barýan ýoly Orta asyra eltýän ýol. Ol ýoldan gitmek bilen kimiň utýandygyna düşünmeýärin. Ilatyň medeni, aň derejesini yza tesdirmekden kime peýda barka? 2003. Portugal ýazyjysy Paule Koelonyň dünýäniň 140 diline terjime edilen “Alhimik” diýen kitabyny Kiýew şäherine komandirowka gidip gelen dostum Kakajan Açylowyň kömegi bilen ele saldym. Kakajan ony 6 dollara satyn alypdyr. Ady dünýä ýaýran awtoryň nä derejede ýazýandygyny bilmek üçin, ähli işimi taşlap, kitaby okap başladym. Häzir 90 sahypa ýetdim. Enteg-ä üýtgeşik ussatlyk göremok. 06.07.2003. 1998-nji ýylda Tatýana Leşenko-Suhomlinskaýanyň “Dolgoýe buduşşeýe” diýen kitabynyňyň soňky sahypasyna: “Bu kitabyň awtory biz ýaly erkekden müň esse erkek aýal” diýip belläpdirin. 2003-nji ýylda ol kitaby menden alyp okan Orazguly Annaýew: “Atam, menem seniň pikiriňe goşulyp, eden belligiň yzyna öz golumy çekdim” diýip ýazypdyr. * “Garagum” žurnalynyň bir sany elime düşdi. Onuň nä derejededigini aýdar ýaly gep-de ýok, söz-de. Diňe ýaňsyly ýylgyryp ýapaýmalysy galýar. 2004. Köp okadygyňça, düşünjäň giňedigiçe, düşünmeýän zadyň köpelýär, ýaşamak kynlaşýar. * Işan-mollalar, iň bolmanda 16-17 ýaşly ýigitleriň jynazasyna üç minyt duranlary üçin beri pul almasalar, men olara has-da uly sarpa goýardym. * Talantly eser ýazyp bilmeýäniňe düşünmek hatda talantsyz eser ýazmagyňa-da päsgel berýär. * Ýaşaýyşyň öz adyl kanunlary adamlar tarapyndan doly berjaý edilen bolsa, dowzahy, uçmany, o dünýäni oýlap tapmazdylar. TÜRKMENLER TARAPYNDAN DÖREDILEN BIRHILIRÄK, ÝÖNE, ÝITIP GIDÄÝMEÝÄN NAKYLLAR: “Giýewiňi alamana atar, gelse-de, peýdaň, gelmese-de”. “Aşy ýok oraza tutar, işi ýok namaz okar”. “Pulum bolsa, mollany metjitde oýnardym”. “Hudaýa-da ynansaň ynan welin, eşegiňem berkje duşa”. “Nahary bis’milla gutardy”. “Öýünde öýlänligi ýok, oglunyň adyna Allaýar dakar”. “Aklyň bolsa jan çekme janyňdan özge jana”. “Lolynyň eşegini suwar, hakyny al”. “Köpüň gargyşy köp ýaşadar”. * Akmaklar, banditler hakda-da oýlanmaly. Ýöne alymlary ýatdan çykarmaly däl. Çünki dünýäniň ykbaly şolaryň elinde. Gatybir akylly däldigiňe göz ýetirmek üçin akylly kitaplary köp okamaly. Biz akylsyz däl bolsak gerek. Sebäbi, akylsyz däldigimize ynanmak üçin kitaby az okaýarys. Köpçülikde emeli ýol bilen medeniýetlilik görkezmäge çalyşmasaňam, emeli ýol bilenem bolsa medeniýetsizlik görkezmezlige çalyşmaly. * Paule Koelonyň “Bäşinji dag” romanyny hem okadym. Belki-de men beýle eseriň okyjysy däldirin. Ýogsam ýazmaklaryna görä, Koelon häzirki zamanda iň köp okyjyly ýazyjymyşyn. Gahrymana atylan peýkam uçup barýarka egrelse, ölen gahryman dirilse—bu ertekä barýar. Real çeper eser—roman, powest, hekaýada hakyky durmuşdan aýagyny üzýän wakalar boluberse, men beýle eserleri goldamaýaryn. Beýtjek bolsaň, eseri erteki, fantaziýa görnüşinde ýazmaly. 10.2003. Gatybir akylly däldigiňe göz ýetirmek üçin akylly kitaplary köp okamaly. Biz akylsyz däl bolsak gerek. Sebäbi, akylsyz däldigimize ynanmak üçin kitaby az okaýarys. Köpçülikde emeli ýol bilen medeniýetlilik görkezmäge çalyşmasaňam, emeli ýol bilenem bolsa medeniýetsizlik görkezmezlige çalyşmaly. * “Men şu wagta çenli ýazan eserlerimiň 70-75 prosentini hiç mahal okyja ýetmez ýaly edip ýoklap bilsem, soň-soňlar, “Öz döwrüniň birneme ukyply ýazyjysy” diýen baha mynasyp bolsamam bolardym.” Gündeligimden meniň şeýle kesgitlemämi okan dostlarymyň biri elýazmanyň gapdalyna: “Eger sen şu mahala çenli ýazanlaryňy 75-däl, 100-% ýok edip bilseň-ä dünýä belli ýazyjy hem boilardyň” diýip bellik edipdir 2004. Soňky wagtlarda bizde goşgy däl goşgy ýazýan şahyr däl şahyr çakdan köpeldi welin, eliňden gelmeýän zady döretjek bolmakdan näme lezzet barka? 2005. Tas bir ýyl bäri hiç zat ýazylmaýar. Ýazylmaly, ýazmak isleýän zadym sanardan kän. Emma ýazylmaýar. Bu meniň üçin erbetlik bolsa-da, okyjy üçin oňatlyk bolmagy-da mümkindir. * Kimde-kim öz çagasynyň ýaranjaň, ýeňilkelle, öwünjeň bolup ýetişmegini islese, türkmen ýazyjylary tarapyndan soňky on ýylda ýazylan eserleri okamaga mejbur edäýmeli. 2005. Şu gün Tirkiş Jumageldiýew bilen telefonda gepleşdim. Ol meni adamlary tanamaýanym, hemmeleriň kalby päkdir öýdýänligim üçin, delil baryny getirip, gaty tankytlady. Hatda ol “Seniň bu bolşuň samsyklyga golaýlaýar” hem diýdi. Umuman, Tirkişiň tankydynyň jany bar. Şu mahala çenli tanyşlarymdan näme ýamanlyk gören bolsam, olary ak ýüreklidir diýip ynanmagym sebäp boldy. * Artist hem režissýor Çary Mommadow bilen awtobusa mündük. Düşjek düşüp, münjekler münüp başlanda iki sany adam girip gelýänleri itekleşdirip, gapa tarap ýöneldi. Olar tä awtobus ugramakçy bolýança orunlarynda oturypdyrlar. Çary Mommadow artistiň dury hem ýiti sesi bilen awtobusy doldurup gygyrdy: —Bu milletiň haýwandygyny görýäňmi! Oturyp-oturyp, awtobus ugramakçy bolanda, gapa tarap eňýäler. Awtobus durmanka düşmäge häzirlenmelidigine, münýänlere azar bermeli däldigine akyl ýetirmek üçin ýokary okuw jaýynyň diplomy gerek däl ahyryn. Ony haýwanam bilýär-ä... Çary gödegräk aýdanam bolsa, aýdany hakykatdy. Belki, şonuň üçindir, hiç kim oňa garşy çykmady. 3.07.2003. Başga milletleriň ýazyjylarynyň eserlerinde bezelen kaşaň otag suratlandyrylanda, “Diwarynda ajaýyp hytaý halysy” ýa-da “pars halysy asylgydy” diýen jümlä kän ýerde gabat gelýärdim. Şu gün rus edebiýatynyň klassygy Kupriniň “Granatowyý braslet” (“Gyrmyzy bilezik”) powestiniň 43-nji sahypasynda: “Şirokiý diwan pokrytyý tekinskim kowrom” diýen sözlere gabat gelip eseldim. 1978. Absolýut päk ýa-da absolýut päk däl adam bolmaýar. Iň pägiň kalbynda-da erbetlik, iň päk däliň kalbynda-da gowulyk bolmaly. Päkligiň hem päk dälligiň bilinmegi her kimiň kalbyndaky päkligiň, päk dälligiň daşyna çykmak derejesine bagly. Şeýle hem turuwbaşdan päklik ýoluna düşen adam päk dällik görkezmekden saklanýar. Päk dällik ýoluna düşen adam bolsa päk dälliginiň daşyna çykmagyndan utanmaýar. Şeýlelikde, iki tarapyňam uýgunlaşan endigi ýaşamagy, ösmegi dowam etdirýär. * “Şükür etmeli. Şükür bilen ýaşamaly”. Dogry. Ýöne “şüküriň” seni terkidünýälik derejesine çenli aşak düşürmegi bilenem ylalaşmaly däl. “Şüküriň” ýanyndan öz aladaňy hem etmeli. Häzirkiňden ýokarrakdaky ýaşaýyş derejesine ýeteniňden soňam “şükür” edip bolar ahyryn. * Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Berliniň, Parižiň, Budapeştiň, Londonyň kitaphanalaryna girip çykanyňdan soň: “Saňa kitap ýazan bolup ýörmek derkarmyka?” diýen sowal kalbyňy gurşap alýar. Emma şonda-da, käte odur-budur ýazan bolýarsyň. Adam pahyr berlen ömrüni haýsydyr bir zada güýmenip geçirmeli-dä. * Ýagşy-ýaman hadysanyň başyna düşmeginiň wagtyny diňe adamynyň özi tizleşdirýär. * Köpçülikde emeli ýol bilen medeniýetlilik görkezmäge çalyşmasaňam, emeli ýol bilenem bolsa medeniýetsizlik görkezmezlige çalyşmaly. * Meniň “Ýekegöz” atly heniz çap bolmadyk hekaýamyň golýazmasyny bir-birinden bihabar okan iki ýoldaşymyň ikisi-de, edil dilleşen ýaly: “Çaganyň ýeke göz bolup dogulmagy mümkin zat däl” diýdi. Emma “Moýa semýa” gazýetiniň 2003-nji ýyldaky 23-nji sanynda şeýle geň habar çap edilipdir: “Nepalda 4 gözli, 2 agyzly, 2 burunly gyzjagaz dünýä indi. Onuň 24 ýaşly ejesi Şamwaýaty Çaudhariniň aýtmagyna görä, “Çaga özüni oňat duýýar. Gözleriniň hemmesi bilenem görýär, agyzlarynyň ikisi bilenem süýt emip bilýär”. Diýmek, meniň fantaziýa meňzedip döreden obrazym hakyky durmuşda bolmajak waka däl eken. 12.07.2003. Türkmen taryhynda ilkinji uly söweşde ajaýyp ýeňiş nusgasy görkezilip, tekeler 22. 000 serbazdan ybarat gajar goşunlaryny ýeňeninden soň olja alnan 33 sany sary topy Gowşut hanyň buýrugy bilen Hangeçen şäherinde, Murgabyň boýunda halk gahrymançylygynyň şaýady hökmünde hatarlap goýýarlar. Ol toplar 20-nji asyryň kyrkynjy ýyllaryna çenli hem bar eken. Emma olaryň hemmesi bir gijede gürüm-jürüm bolýar. Olaryň ykbalyny yzarlap meniň dörüşdiren materiallarym hiç hili netije bermedi. Diýmek, ol iş örän gizlinlikde amala aşyrylypdyr. Meniň çak edişime görä, gymmatbaha metaldan guýlup ýasalan ol sary toplar Russiýanyň polat erediji zawodlarynyň birine eltilip düşürlen bolmaly. Elbetde, bu ýagdaý türkmen halkynyň taryhyny äsgermezlik, şol toplary ele salmak üçin janlaryny gurban eden il ogullarynyň ruhlaryny depelemek bolýar. 2002. Belli türk taryhçysy doktor Mehmet Saraýyň “Türkmenler imperializm zamanynda” dýen ylmy işinde bellemegine görä, rus generaly Komarow türkmen serkerdesi Gowşut hana “Beýik Gowşuit han” diýip, baha berýär. Garşydaşyndan şeýle baha almagy, elbetde, Gowşut hanyň öz döwründe aýratyn tapawutlanan harby ýolbaşçy bolandygyna güwä geçýär. * Adamlaryň birek-birege hakykaty aýdyp bilmezligi jemgyýetiň ösmegine päsgel berýär. * Ýurduň raýatlarynyň hemmesini kanagatlandyrjak demokratiýa döredip bolmaz. Sebäbi, ýurtda ýeke däl, millionlarça adam ýaşaýar. Olaryňam her haýsy bir dünýä, her kimiňem özbaşdak dünýagaraýşy bar. Demokratýa diýilýän zady her adam özündäki demokratik düşünjäniň terezisi bilen ölçeýär, şony hem bolaýmaly kanun diýip hasap edýär. Mysal üçin, häzir Aşgabatdan Mara çenli maşynly gitseň, ýolda 7-8 ýerde maşynyňy, dokumentleriňi barlaýarlar. Emma käbir adam ony örän ýokuş görýär. Hatda “Ýurdy türmä dönderdiler. Ýoldan arkaýyn ýörejek gümanyň ýok. Her adimde saklap durlar” diýýänlerem bar. Men “öz demokratiýamyň” çäginde ol meselä başgaça garaýaryn. Men oňa tertip-düzgüni saklamak diýip baha berýärin. Ine, meni Aşgabat —Mary ýolunda her gezek saklanlarynda ýolpolis ýaş ýigit edep bilen ýanyma gelýär-de, hormat bilen salam berýär, “Sag-aman gelýäňizmi?” diýýär. Maşyn gurat, dokumentlerim düzüw, neşe ýok, kiçijik çakgymdan gaýry ýaragymam ýok. “Ýaşuly, ýöräberiň. Sag-aman baryň!”. Şoňa men demokratiýanyň çäginiň daralmagy diýip düşünmelimi? Şeýle ýagdaýdan närazy bolýan adamlaryň özlerinde bir “emma” bardyr. Ýogsam, maşynyň dokumentlerini barlanany üçin , düzgünden çykyp, maşyny ýokary tizlikde süreniň sebäpli duýduryş bereni ýa-da jerime salany sebäpli sen ýolpolisden nägile bolmalymy? Eger ýolda ýolpolisler bolmasa, käbir özüni hemmeden artykmaç hasaplaýan ýeňilkelleleriň etjek hereketlerini men etmänkäler bilýärin. Ýene bir epizod. Kakada meni ýolpolis saklady, dokumentleri, maşynyň el tormozyny barlady. Düzüw. ”Ýaşuly, apteçkaňyz barmydyr?”. “Bar. Görkezeýinmi?” “Hökman däl. Ynanýan”. “Ýangyn söndürýän abzal barmy?”. “Şol-a ýok, inim”. “Onda men siziň tehpasportyňyza bellik edeýin welin, ony ediniň!”. “Sen, gadyrdan, ony tehpasporta belläp durma. Ol meniň öz bähbidim. Maşyn ýansa, öz maşynymy özüm söndürmäge synanyşmaly bolaryn. Ony hökman alaryn”. “Bolýar, Gidiberiň!” Hut şol günüň ertesi men ýangyn söndüriji abzaly satyn aldym. . . Men näme üçin nägile bolmaly? Ýolpolis öz aladasyny etmeýär ahyryn. Şeýlelikde, öňürti demokratiýa diýilýän zadyň adyl talaplaryny özüň berjaý edeniňden soň, onuň “çägini” ölçejek bolmaly. * Lihtenbergiň “Aforizmler” diýen kitabyny uly lezzet bilen gaýtadan okadym. Ajaýyp filosof! Onuň: “Özüni bakylaşdyrmak maksady bilen ýadygärlik küýseýän ýazyjy ýadygärlige mynasyp däldir”-- diýen sözleriniň özi nämä degmeýär! * Ägirt uly Rim imperiýasyna 19 ýyllap ýolbaşçylyk eden Mark Awreliniň “Özüm bilen ikiçäk” diýen filosofik oýlanmalaryny okadym. Ol kitap 3 müň ýyla golaý mundan ozal ýazylypdyr. Geň zat: Awreliniň adam hakda, ömür hakda, ölüm hakda oýlanmalary hut şu günüň akyldarlarynyň pikiri bilen gabat gelýär. Oýlanyp oturýarsyň welin, täsin ýagdaý ýüze çykýar. Ylmyň hem tehnikanyň derejesi 3 müň ýylyň dowamynda ösüp-ösüp nähili derejä ýetdi. Emma adamyň durmuş, ýaşaýyş hakdaky oýlanyş derejesi edil özgermedik ýaly. 2003. Ruslarda “Mugt (ýaly) (Iň gymmat peýnir) peýnir diňe gapanyň üstünde bolýar” (“Besplatnyý syr bywaýet tolko na myşelowke”) diýen nakyl bar. Üns berseň, ol pikir nädogry ýaly. Gapanyň üstündäki peýnir mugtmuşynmy? Syçan ony iýse, pul bilenem däl, hut öz şirin jany bilen hasaplaşmaly bolýar ahyryn. * “Aýaldan öňbaşçy bolmaz” diýen bolýarlar. Kleopatra, Ýekaterina, Güljemal han, Tetçer. . . Bular näme aýal dälmi? Özleri-de, olar ýurdy erkeklerden akylly —başly dolandyrypdyrlar. (Seniň sananlaryň we şolara meňzeş tammanlaryny * Men özümiň akylly däldigimi aňýaryn. Ýöne akyly ýok adamda özüniň akylly däldigini seljermäge ukyp bolýarmyka? * Gowulygam gowy, erbetligem gowy. Gowulyk gowulygy üçin gowy, erbetlik bolsa erbetligiň gaýtalanmazlygyna sapak bolup biljekdigi üçin gowy. * Dabarasy dag aşan Paulo Koelonyň eserleri barada meniň bilen pikirdeş adamlaram bar eken. Rus şahyry Sergeý Sokolkin “Literaturnaýa gazýetanyň” şu ýylda çykan 9-njy sanynda: “Koelonyň kitabyny okamaga synanyşdym. Ölmän zordan ahyryna ýetdim. Soňy görnüp duran içgysgynçlyk” diýip ýazýar. 2003. Garşydaşyň artykmaçlygyna mynasyp baha bermegem artykmaçlyk. * Gymmatbaha eşigiň bigörklige görk goşup bilmeýşi ýaly arzanbaha eşik hem görklüniň görküni peseldip bilmeýär. * Wengriýada iş sapary bilen bolanymda maňa, Budapeştiň merkezindedigine garamazdan, parahat hem darajyk köçedäki üç gatly ümsüm myhmanhanadan otag alyp berdiler. Baran günümiň ertesi juda ir oýandym-da, bir bulgur kofe içenimden soň, daşaryk gezelenje çykdym. Günüň dogmagyna entek mahal bardy. Uly şäher ýaňy ukudan açylyp başlapdy. Säher howasynda köne köçe has-da owadan hem özüne çekiji bolup görünýärdi. Men ýuwaş ýöräp barşyma, käbir jaýlaryň köçe tarapky girelgesiniň öňünde goýlan içi süýtlimi, gatyklymy çüýşeleriň durmagyna geň galdym. Men köçe bilen aňyrlygyna gitdigimçe, käbir jaýlaryň öňünde ýene şol çüýşelere gözüm düşýärdi. Birki sagatdan soň terjimeçim gelende, men oňa şol çüýşeler barada sowal bermän durup bilmedim. Asyl ol çüýşeler şol jaýlaryň käbir ýaşaýjylarynyň golaýdaky dukanlara düýn buýran harytlary eken. Haryt buýran adamlaryň öý salgyny bilýän dükan işgärleri çüýşeleri ala daňdandan eltip, öýleriň öňünde goýup gaýdyberýär ekenler. Haryt buýran adam haçan oýansa, daş çykyp, öz çüýşesini alyp gaýdybermelimiş. —Haryt buýurmadyk goňşy-golam ýa-da ötüp barýan ötegçi seniň buýran çüýşäňi göterip gitmezmi?—diýen sowalyma terjimeçi ýylgyryp jogap gaýtardy. —Bizde beýle maýdalyk bolmaýar. . . Men öz hyýalymda ir bilen turup, içi süýtli-gatykly bäş-on sany süýşäni Marynyň ýa-da Aşgabadyň parahat köçeleriniň ugrundaky käbir jaýlaryň öňünde goýup çykdym. Köçäniň aňyrsyna ýetip, yzyma aýlananymda bolsa, goýan çüýşelerimiň köpüsine gözüm ilmedi. * 1987-nji ýylyň noýabrynda Sowet ýazyjylarynyň alty adamdan ybarat delegasiýasy bolup, Wýetnama geldik. SSSR Ýazyjylar Soýuzynyň prawleniýesiniň SSSR halklarynyň edebiýaty boýunça sekretary Ýuriý Iwanowiç Surewsewiň ýolbaşçylygyndaky topara menden başga-da, gruzin şahyry Huta Gauga, Garagalpagystan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy “ Garagalpak gyzy” trilogiýanyň awtory Tülepberegen Gaýypbergenow, şol ýyllarda dünýä ýaň salan “U woýny ne ženskoýe liso” diýen dokumental kitabyň awtory, belarus ýazyjysy Swetlana Alekseýewiç hem-de wýetnam dilini örän oňat bilýän hasaplanýan moskwaly bir ýaş gelin girýärdi. Amerikan jeňbazlarynyň tenine salan agyr ýarasy heniz bitmedik Wýetnam ol ýyllar örän garyp halda ýaşaýardy. Üstesine-de, biz Hoşimin şäherinde uruşdan maýyp-müjrüp bolanlardan başga-da, köçelerde oturdylyp gidilen amerikan himiýa ýaragynyň täsirinden soň dünýä inen nesliň gözilginç ýagdaýyna köp gezek şaýat bolduk. Olar eneden bolanda, ýeke el, ýeke aýak, ýarym göwre, ýüzi atyň, itiň ýüzüne meňzeýän aýylganç çagalardy. Olaryňam, edil abat adamlaryňky ýaly doýa garny doýmaýardy. Moskwadan ugramankak, meniň: “Näme sowgat alyp gitsek gowy bolar?”—diýen sowalyma terjimeçi gelin: “Kükürdi köpräk alyň!” diýen jogap gaýtardy. Men ol jogaby oýundyr öýtdüm. Asyl aýdylarça-da bar eken. Hanoýyň pyýada gatnawy köpräk köçeleriniň gyrasynda oturan käbir adamyň öňünde inçejik şem ýanýar. Ýylpyldaşýan şemler garaňky düşensoň has-da gözeilgiç bolup görünýär. Şem ýakmaklyk haýsyryr bir däbe eýermek ýa-da töweregi ýagtyltmak üçin däl eken-de, geçip barýan kükürdi ýok çilimkeşiň çilimini otlamak hem şondan gazanç etmek üçin eken. Ýagdaý şeýle bolansoň, men Moskwadan alyp baran ýüz guty töweregi kükürdim bilen onlarça wýetnamlyny begendirdim. Wýetnamdan Moskwa gaýtmazymyzdan bir gün öňürti, Hanoýa baranymyzdan soň bize goşmaça terjimeçi bolup goşulan gyza eden hyzmatlary üçin minnetdarlyk hökmünde elten arzan bahaly bilezigimi sowgat etjek boldum welin, ol utançly ýylgyrdy-da: —Men sizde kükürt bardygyny bilýän. Eger gutarmadyk bolsaňyz, Siz maňa bilezige derek bir guty kükürt sowgat edäýiň!—diýdi. Men galan iň soňky üç guty kükürdimi hem üstünde goýup, bilezigi terjimeçä uzatdym. Ol edil uly bir baýlyk sowgat alan ýaly bolup begendi. Amerkan urşunyň Wýetnama ýetiren zeperi aýdylyşandanam bäş beter agyr eken. Hatda paýtagt şäheri Hanoýda-da esasy transport welosiped (garybraklaryňky) bilen rikşa (baýraklaryňky). Ýolagçy mündürip kireý edilýän üç tigirli rikşa-da özi ýöremän, eýesiniň aýagynyň güýji bilen herekete getirilýärdi. (Biz entek Moskwadan ugramankak degişli edaranyň wekili “Siz, ýazyjylar, köp zady öz teniňiz bilen duýup, öz gözüňiz bilen synlamagy gowy görýärsiňiz. Emma Wýetnamda rikşa münmegi maslahat bermeýäris”- diýipdi. Biz beýle “maslahatyň” manysyny aňýardyk, rikşa münjegem bolmaýardyk. Birden amerikan žurnalisti rikşada oturan Atajan Tagany surata alaga-da, suratyň aşagyna-da “Sowet ýazyjyzy wýetnamly garyby ulag hökmünde ezýär” diýip gazete ýazaýsa nädip bolar! KGB- niň wekiliniň “maslahaty” şol “howpdan” ugur alýardy.) Zawod-fabriklerde iş gutaranyndan soň müňlerçe-müňlerçe welosipedliniň birbada işden öýe ugramagy bilen köçeleri kesip geçmek juda kyn bolýar. ”Moskwada müňlerçe maşynyň biriniň aşagyna düşmän, ýigrimi ýyl ýaşaýan Atajan Tagan Hanoýa baran güni köçeden geçmekçi bolanda welosipediň aşagyna düşüp wepat bolupdyr” diýen biabraý ada eýe bolaýma. Häzirje bol!”-diýip garagalpak Gaýypbergenow öz aýdanyna özi gülüp, hezil edinýär. Köçelerde ýeňil hem ýük maşynlary örän seýrek peýda bolýar. Käte göze ilýän owadan ýeňil maşynlaryňam köpüsi daşary ýurt ilçihanalarynyňky bolup çykýar. Üns beriň: uly bir ýurduň paýtagty Hanoýyň merkezinde ýekeje swetofor bar. . Bu hem ýurtda awtomoibil gahatlygynyň bardygyna şaýatlyk edýärdi. Ýene deňeşdirmek üçin üns beriň: meniň dogduk mekanym Murgap etrabynyň merkezi Semendik posýologynda häzir 2 swetofor bar. Ýene bir biz üçin geň hadysa: Wýetnamda bolan iki hepdämiziň içinde men semiz adam-ha däl, eti gany ortaça adama-da gabat gelmedim. Ýerli ilatyň agramly bölegi keselhanadan çykan, ýöne entek agyr dertden saýlanmadyk adamlara çalym edýär. Hemmesiniň reňki solak, güýç-kuwwatlary hem asla ýok ýaly. Belki beýle ýagdaý açlykdan-horlukdanam däldir-de, ýurduň özboluşly tebigatyndandyr. Men iliň ýurduny, tebigatyny tankyt etmekçi däl, ýöne batgaly topragyndan mydama ýakymsyz zeý ysy gelip duran ýerden Garagumuň jöwzaly, gurak emma arassa howasy müň paý gowy bolsa gerek. Ýöne şol ysgynsyz hem arryk adamlaryň zähmet çekişlerine welin haýran galaýmaly. Ýurduň tutuş ýeri batgalyk diýen ýaly. Şonuň üçinem oba-hojalygynyň esasy öndürýän önümi tüwi. Batgaly şaly meýdanynda ertirden tä gün batýança işleýn çepiksije daýhanlaryň işden soň ýykylman öýlerine ýetişleri-de gaty geň. Şeýle jepakeş ilatly ýurduň geljeginiň gowy boljakdygyna öňünden bil baglaýmaly. Amerkanlar häzirki Hoşimin şäherini täze ýewropa şäherine öwren ekenler. Uly bir oba çalym edýän Hanoýdan soň ol kaşaň şäherdi. Ýöne amerikanlar ol şäherde özleriniň eden wagşyçylyklarynyňam nusgalaryny galdyryp gitmeli bolupdylar. Hoşiminiň giň köçeleriniň gyralarynda sadaka ýygnatmak üçin goýlup gidilen adamlary göreniňde başyň-gözüň aýlanyp gidýär. Amerikanlar ynsan beýnisine täsir edýän täze himiýa ýaraglaryny wýetnam urşunda synagdan geçirenden soň dünýä inen çagalaryň köpüsiniň daş keşbini söz bilen beýan eder ýaly dal. Dünýä inende elsiz, aýaksyz, aýaklary elleri bitişik, gorkunç gözleri bitaý, çaşy, burunsyz, sudury bar-da gözi ýok maýyplaryň hetdi-hasaby ýok(Şol aýylgançlyklary gözüň bilen göreniňden soň, özleri kişi ýurdunda adam ykbalyny şeýle ýowuz güne sataşdyran amerikanlaryň ýene adam hukuguny goraýan kişi boluşlaryna, özlerini dünýäde demokratiýanyň arkadaýanjy hasap edişlerine haýran galýarsyň.) Institut ýoldaşym, Wýetnamyň belli şahyrlarynyň biri Thu Bon meni ýoldaşlarym belen birlikde öýüne myhmançylyga çagyrdy. Ol bizi garşylamak üçin şeýlebir uly taýýarlyk görüpdir welin, haýran galdym. Onuň öýüne entek kyrk-elli ädim ýetmänkäk, garaşylmadyk ýerden dumly-duşdan asmana atylýan kän sanly petardynyň (uly baýramçylyklarda ýa-da arzyly myhman gelende atylýan “toý tüpeňi”) sesinden ýaňa daş-töwerek galmagala gaplandy. Birden başlanan tarkyldylardan tisginen Swetlana Alekseýewiç: ”Amerikan goşunlaryny gorkuzmaga öwrenen adamlar-da!” diýip, terjimeçä tarap gysmyljyrady. Herniçik-de bolsa, meniň daşary ýurtlara eden saparlarymyň içinde iň kyny hem iň ýakymsyzy Wýetnam sapary boldy. Sebäbi, baran günümiziň ertesi Wýetnamyň Ýazyjylar soýuzy Hanoýyň şäher häkimliginiň gatnaşmagynda biziň delegasiýamyzyň hormatyna agşamlyk naharyny gurady. Kabuledişligiň soňragynda bizi hemme naharhanalarda mydama tapylyp hem durmaýan bir nahar bilen hezzetlediler. Biziň çalarak gowrulan etimize çalymdaş, aw etine meňzeýän nahar diýseň tagamlydy, iýip doýar ýaly däldi. Ol nahar Wýetnamda örän uly sarpaly myhmanlaryň öňünde goýulýan gaty abraýly tagam hasap edilýr diýip soň terjimeçi bize düşündirdi. Meniň kyn günüm şol hormatly hem tagamly nahary iýenimden soň başlanbdy. Asyl ol nahar it etinden taýýarlanýan eken. Iýenimiziň it etidigini bilenimizden soňam, menden başga hiç kimde ýakymsyz duýgy döremedi. Tülepbergen Gaýypbergenow bolsa: “Biz, ysnat garagalpaklar beýle tagamly etiň bardygynam bilmän ýörüpdiris! Ýogsam biziň köçelerimizde eýesiz itlerem kaňkaşyp ýör ahyryn”- diýip, erte-birigünem it etinden iýen şol tagamyny taryplady ýördi. Men welin kabul edişlikden çykan pursatym, nämäniň etini iýenim aýdylan dessine golaýdaky çöp-çalamlyga eňmeli boldum. Şondan soň men baran ýerlerimizde hezzet edilip goýulýan, it eti däldigi bildirip duran naharlardanam dadyp bilmedim, hatda ýerli tamdyrda bişen gury çöregi-de keştim çekmedi, iýäýsem diýip göz aýlan zatlarymyň hemmesinden itiň ysy gelip duran ýalydy. Meniň beýle ýagdaýymy diňe Gaýypbergenow bilýärdi. Iki gün geçensoň ol ýanyma gelip, menden dört-bäş ýaş uly ýaşuly hökmünde akyl berdi. “Ol-a itiň eti eken, ýylanyň etini berselerem iýip-iýip, meniň edişim ýaly, yzyndan bir bulgur aragy goýber. Arak hemme zady ýuwýar. Biz ýene on gün bu ýerde bolmaly. Beýle ýagdaýda sen ölmeseňem, gülmersiň” Ölmesemem, gülmedim. Ýöne meni öldürmän saklan bir saçak garagalpak külçesi boldy. Tülepbergen öňüne goýlan islendik wýetnam tagamyny ýiip bilýändigi üçin garagalpak külçesine mätäç däldi. Şonuň üçinem ol aýalynyň salan ýigrimi töwerek kiçiçik-kiçijik süýtli külçesiniň hemmesini meniň otagyma getirip gitdi. Bolsa-da... Bolsa-da, Moskwa dolanyp, bosagamdan ätlänimden, ýüzüme sereden öýdeçilerim esli salym aňk bolup durdular. Asyl men mazaly horlanan ekenim. Ylym adamyň janynyň 21 gram agramynyň bolýandygyny anyklady. Adam ölen badyna şol 21 gram agramyň tenden aýrylyp gidýändigini dünýä alymlary tassyklaýarlar. Ýöne olar janyň howamy, bugmy, suwuklykmy ýa-da başga bir himiki jisimdigi barada welin hiç zat ýazmaýarlar. 2004. “Saragt galasy” türkmen dilinde ikunji gezek çap edilenden soň, Moskwadan Aşgabada gelen günüm Ýazyjylar soýuzynda meniň elime içi hatly bir bukja gowşurdylar. Bukjanyň daşyna: “Aşgabat. Ýazyjylar Soýuzyna” diýip ýazylsa-da, hatyň kimdendigi , nireden ýollanandygy näbelli bolup galýardy. Diňe bukjanyň daşyndaky poçta möhrüni görüp, hatyň Kaka raýonyndan gaýdandygyny bilmek bolýardy. Bukjada şeýle mazmunly hat bar eken: (Haty bolşy ýaly göçürýärin): “Bu hat “Saragt galasy” diýen köneçe kitaby ýazan kişä gowuşsyn. Men 92 ýaşa girdim. Özümem dünýäni görmän oturan batyl kempir. Hatymy agtygyma ýazdyrýan. Men gözlükämem hat okap-ýazyp bilemokdym. Biz oglankak, Gökdepede bolan gandöküşlikden soň ürç edilip aýdylan bir aýdym bardy. Biz ony gulpaklyja gyzlar bolup, aglap aýdardyk. Ol aýdym henizem meň ýadymda. Ölmäkäm, şony saňa ýazdyryp ýollaýan. Ömrüň uzak bolsun! Narsoltan ene”. Agalar, arzymny aýan eýläýin, Jebir boldy Ahal gözellerige. Başymdan geçenni beýan eýläýin, Jebir boldy Ahal gözellerige. Ors gelip, meň ýurdumy ot etdi, Ermenini ahallyga gurt etdi. Dykma serdar ganymlary baýnatdy, Jebir boldy Ahal gözellerige. Ýasa döndi toýuň aýdym-sazlary, Hazan kakdy gunça—gelin-gyzlary. Meý-mest boldy kapyr zynabazlary, Jebir boldy Ahal gözellerige. Ýigitler at münüp, çykdy meýdana, Ahalyň topragy boýaldy gana. Sygynalyň Kerimberdi işana. Jebir boldy Ahal gözellerige. Molla Halyl aýdar Ahal şanyna, Ors ýagy boldy teke janyna. Haram gan goşuldy halal ganyma, Jebir boldy Ahal gözellerige.” Megerem “Saragt galasy” bilen (okap ýa-da gürrüňini edip) tanyşdyrylandan soň Gökdepe wakasyny ýatlan kempir hat ýazmagy kalbyna salandyr. Emma “Saragt galasyny” “Gowşut han” ady bilen düýpden täzeden işlänimde-de, men kakaly garry enäniň alada edip ýollan elegiýsyny ulanyp bilmedim. Sebäbi ýokarky setirler anyk bir taryhy waka —1881-nji ýyldaky Gökdepe tragediýasyna degişlidi. Meniň obýektim bolsa 1855-nji ýyldaky Saragt jeňidi. 1991—2002. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |