22:48 Kyrk ýylda ýazylan kitap -28: Maňzyma batan pikirler | |
MAŇZYMA BATAN PIKIRLER
Ýatlamalar
Eliňe dynç berme, diliňe dynç ber. Lew Tolstoý. Soramaklyk bir minutlyk utanç, soramazlyk ömürlik utanç. Ýapon nakyly. Bilmedigni sorap öwrenen –alym, Ony namys kylgan özüne zalym. Nowaýy. Akyldar kim? Hemme kişiden öwrenýän adam. Beýik kim? Öz ýagdaýy bilen oňşup, şoňa şükür edýän adam. Güýçli kim? Özüne erk edip bilýän adam. Ýewreýleriň “Talmudyndan”. Öz kemçiligiňi diňe kişi gözi bilen seredeniňde görüp bilersiň. Hytaý nakyly. Sungat işgäriniň elinden zat gelmeýän bolsa, bu—tragediýa. Ýöne şeýle ýagdaýda-da ol başgalara päsgel berýän bolsa, bu—hyýanat. Maýýa Plisesskaýa. Barlygyň (Hudaýyň) bendesi bolmakdan ýüz öwren ýoklugyň (Hudaýzyzlygyň) bendisi bolar. Osman Ödäýew. Soňky mahallarda dillerini aýnadyp doga okaýan ýaş mollalaryň sany köpelipdir. Olaryň arasynda hiç ýerde işlemeýäni-de kän. Bu ýagdaý dine ýüregiň bilen uýmak däl-de, bähbit aramak bolaýmasa. Şeýle mollalar, din döwlet derejesinde gadagan edilip, dinden bähbit ýok mahaly ýitip gidýärler, din döwlet tarapyndan götergilense-de, ýene derrew peýda bolýarlar. Dine, Hudaýa ýürekden uýýan adamlaryň din üçin zabun yzarlanylýan mahallarda-da bäş wagt namazy sypdyrman okandyklaryna özüm şaýat boldum. * Obadaky garyndaşlarymyň biri oraza aýynda ýaşululary ýygnap, “agyz açar” agşamlyk naharyny berdi. Agzymy beklemeýän bolsamam, ol ýere men hem çagyryldym. Şonda men agyzlaryny bekleýän adamlaryň oraza tutmak bilen özlerine diňe kast edýändiklerine göz ýetirdim. Saçagyň üstünde hurma, gawun-garpyz, dürli—dümen salat, etli hem gökli somsa, mineral hem süýji suwlaryň telim görnüşi, pişme, üzüm, düýe çal bardy. Agyzlaryny “açan” adamlar şol zatlary iýip- içip azaldyberenlerinden soň hem çakdanaşa ýagly çekdirme, gowrulan et, palaw hatda unaş hem çekildi. Men adamlaryň nebsewürlik bilen nahar iýişlerine haýran galdym. Uzynly gün aç bolup boşap galan aşgazany birden beýle derejede doldurmak adamynyň ömrüni gysgaltmagyna, dürli kesele sataşmagyna sebäp bolýar. Bu zatlar biziň din ýolbaşçylarymyzyň diniň, halkyň aladasyny etmeýändiklerinden, oraza aýynda iýip-içmegiň düzgünini ile öwretmeýndklerinden gelip çykýar. Adamynyň saglygyny goramak, aşgazana, bagra, içegelere birneme dynç bermek, adamyň ruhy derejesini götermek üçin din “agyz beklemegi” oýlap tapypdyr. Bizde bolsa ol beýik däbi tersine ulanýarlar. * Gaz geleni sebäpli ýaz çykmaýar, ýaz çykany sebäpli gaz gelýär. * Gizlin saklanmaly syr eşitdirilmegi zerur habardan öňürti ile ýaýraýar. * Sen öz agramyň, abraýyň nä derejededigini başyňa kyn iş düşende ýa-da karz pul gözläniňde bilersiň. * Seniň döredip bilmejek gowy zadyňy duşmanyň döredenem bolsa begenmegi başarmak artykmaçlygyň, medeniýetliligiň hem mertligiň alamatydyr. * Ynsapsyzlyk merkezine bazar diýilýär, bazar ykdysadyýetine-de ynsapsyzlyk diýilýär. * Ýazyjy hem alym Kakajan Durdyýew “depme” ker. Men hem onuň öňüni dolan. Bir gezek K.Durdyýew ikimiz uniwersitetiň deňinden geçip barýarkak, köçäniň beýleki tarapynda duran Atamyrat Atabaýew bizi görüpdir-de: “Kakajan! Atajan!” diýip, bäş-alty gezek gygyrsa-da, biz eşitmändiris. Şonda A.Atabaýew “It üýrer, kerwen geçer” diýen köne nakyly “It üýrer, KERLER geçer” diýip üýtgedipdir. Ony hem gabat gelen ýerinde gaýtalap ýördi welin, men oňa: “Sen zor. Kimiň it, kimiň kerwendigini bilýär ekeniň” diýen jogap tapdym. * Mahal-mahal özüme ýer tapmaýaryn. “Akmaňlaý” ady bilen başlan hekaýam hem ýöremedi. Elim işe barmansoň, “Kak my pişim” diýen kitaby okap çykdym. Mendäki ýaly sussupeslik, göwnüçökgünlik uly ýazyjylarda-da bolýar eken. Oňa geň galyp, ertesi Ýan Parandowskiniň “Alhiimiýa slowa” diýen kitabyny okadym. Onuň bellemegine görä, Gýugo, Balzak ýaly beýikleriňem tutuş bir hepde stol başynda oturyp, ýekeje sahypa ýazmadyk mahallary-da bolupdyr. * 1988-90-njy ýyllardan başlap, Türkmenistanda edebiýatyň hem sungatyň ösüşi emeli ýol bilen togtadyldy. Hakyky edebiýatyň derejesine ýetjek bolup, ýaňy “gözi açylyp” ugran ýazyjy-şahyrlaryň, her niçigem bolsa doly bahalyrak eserleri okyja ýetmän başlady. Edebiýat hem sungat boş tarypnama öwrüldi. Elbetde, özüne, öz senedine sarpa goýýan ýazyjylar ol ýol bilen gitmediler. Netijede, olaryň eserlerri çap edilmän, şeýle awtorlar diňe “özleri üçin” ýazmaly boldular. Edebi tankyt ýatyryldy. Ýokarky sebäplere görä, üns beräýmeli bir ýagdaý ýüze çykdy. Eger-de edebiýatyň ösüşi togtadylmadyk bolsa, täze, has talantly ýaş ýazyjylaryň döremegi bilen 70-80-nji ýyllarda ösen poeziýanyň öňüni çeken A.Atabaýew, N.Rejebow, A.Annaberdiýew, I.Akmyradow ýaly ýazyjylar togsanynjy ýyllaryň aýaklarynda “modadan düşüp” galardylar. Bu tebigy ýagdaý. Halypadan ozdurýan nesil dörese, halypalar ikinji orna geçmeli. Şoňa-da öňe gidişlik, ösüş diýilýär. Emma türkmen edebiýatynyň ösüşiniň togtadylmagy bilen täze awtorlaryň peýda bolmazlygy öňki talantly ýazyjylaryň eserleriniň ömrüniň uzamagyna getirdi. * Adam özüni beýik saýmak bilen peselýär. * Bütin dünýädäki döwletler ilat, ylymly-bilimli, edepli, medeniýetli bolsun diýip köp sanly gazýet-žurnaly, çeper edebiýaty, hudožnikleriň eserlerini, ylmy kitaplary halka ýaýradýar. Onuň üçin abyrsyz harajat çykarylýar. Döwletiň ol uly çykdaja nebsi agyrmaýar. Bu düşnükli. Häzir Türkmenistanda döredilýän “çeper eserler”, ylmy hasaplanýan kitaplar, gazýet-žurnal, radio-telewideniýede gidýän materiallar, aýdym-saz, spektakllar adamlara diňe bisowat bolmagy, ýaranjaňlygy, öwünjeňligi, ýalançylygy öwredýär. Şonuň üçinen döwlet abyrsyz çykdajy çekýär. Bu welin düşnüksiz. * “Türkmenistan” neşirýatynyň direktory Agageldi Allanazarowa. Siziň haýyşyňyz bilen Atajan Taganyň fransuz goşununyň kapraly Gulibef de Blokwiliň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” atly gündeligi esasynda döreden “Keseki” romanynyň golýazmasyna seredildi. Romanda taryh bilen çapraz düşen pursatlar ýa-da garaşsyz Türkmenistanyň şu günki içeri hem daşary syýasatyna gabat gelmeýän motiwler ýok. Prezidentimiziň agzybirlik, raýdaşlyk ideýalaryny taryh äheňleri bilen teswirleýän bu eser okyjy köpçüliginiň göwnünden turar hem döwürdeşlerimiziň Watany söýmek maksadynyň berkemegine oňaýly täsir ýetirer diýen umyt edýäris. Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory, professor N.Atamämmedow. 15.09.1995. Ýokarky resmi hatyň “Türkmenistan” neşirýatyna gowşanyna bäş ýyl boldy. Emma neşirýat awtora ýagşydan-ýamandan jogap hem berenok. Mart. 2000. Nadan adamlaryň nukdaýnazaryndan seretseň, olaryň öz ýurdunyň ýolbaşçysy dünýädäki iň akylly şahsdyr. Çünki beýle şahsy hem diňe nadanlyk döredýär. * Ýurdumyzyň “täze” syýasaty adamlary edebiýatdan, sungatdan daşlaşdyrmak maksadyna ýetiberen ýaly. Indi olar kitap okamak, teatra barmak endigini unudypdyr. Iň soňky mysal: Şu gün “Nusaý” myhmanhanasynyň zalynda zamanamyzyň beýik hudožnigi Yzzat Gylyjowyň täze döreden eserleriniň sergisi açyldy. Emma ony görmäge baranlaryň sany (daşary ýurt ilçihanalarynyň wekillerini hasap etmeseň) 15-20 adamdan kän däl. 23.02.2002. Dünýäden öten adamyň üçüniň, ýedisiniň (hristianlarda—dokuzy), kyrkynyň aýratyn günler edilip bellenmeginiň sebäbini bilmän ýördüm. Şu gün rus gazýetleriniň birinde ol barada ýazan alymyň pikirini okadym. Alym şeýle çaklaýar: 3 günde merhumyň ýüzüniň terzi bozulýar, 7 günden soň bedeni dargamak bilen bolýar, 40 gün geçensoň, adamyň ýüregi çüýreýär. Süňküni hasap etmeseň, adam organizminde iň çydamlysy ýürek eken. 25.03.2002. “Erkeksiz dünýä” ady bilen başlan, yly göwrümli bolar öýdüp çaklaýan eserimiň 9 sahypasyny ýazdym. Ýazdym, okadym, maşynkadan geçirdim, ýene okadym. Ahyram golýazmany-da, maşynkadan geçen sahypalary-da ýyrtyp taşladym. Oturup, özümiň ukypsyzdygym hakda oýlandym. Ýeri, beýdip görgi görüp ýörmek nämä gerek diýsene! Aslynda seniň azap baryny çekip ýazan zadyň kime gerek, kime derkar, kim oňa baha berjek! Hudaýyň ölçäp beren ömrüni emeli azap, emeli güzap bilen öz-özüň gysgaldýarsyň. Dünýäniň täze diregini tapaýjak ýaly, sen mydama bolgusyz pikirlere gümra bolup ýaşaýarsyň. Käte ýeke özüň samrap, yzyndanam öz bolşuňdan utanýarsyň. Berlenje ömri ýatyp-turup, dynç alyp, keýp çekip, arkaýyn geçir-de ýör-dä. Ýazyjylaryň köpüsiniň ömri mätäçlikde, gadyr-gymmatsyz geçýär. Ol taryh boýy hem şeýle bolupdyr. Tolstoý diýjekmi? Sen Tolstoý däl ahyryn. Olar ýaly äpetler telim asyrda bir gezek dünýä inýäer. Özüm özümi ýigrenip, gezim etmek üçin daşaryk çykdym. Ýaşaýan ýerimiň golaýynda meniň “Dowzah” diýip atlandyrýanym, hakyky ady “Jennet” bolan bazar bar. ”Dowzaha” giren ýerimde, uzyn boýly, görmegeý ýaş ýigit gaýnan mekge satyp dur. Men onuň ýanynda aýak çekenimem duýman galdym. Onuň ýiti sesi “Dowzahyň” beýleki çetindäkilere-de ýetýän bolsa gerek. “Mekge alyň! Mekge iýiň! Akyly bar adam gaýnan mekge iýýändir. Mekgäniň adam jany üçin ýokumlydygyny bilmeýän bolsaňyz, bilip goýuň! Doktorlaryň aýtmagyna görä, gaýnan mekge garryny ýigdeldýär, ýaşyň güýjüne güýç goşýar. Öz enemem gaýnan mekgäni kän iýeni üçin togsan dokuz ýaşady. Mekgä geliň! Gaýnan mekge iýiň!” Ýaş ýigit hem gygyrýar, hemem mekgeli elini galgadýar, öz bolşundan özi lezzet alýar. Ana, saňa gyzykly durmuş! Hem özi-özünden, hem edýän işinden lezzet alýar. Ol ýigit sen ýaly özüni ýigrenýäne meňzemeýär. Ol öýüne baransoňam, gazananja puluny hasaplap, ýassyga kellesi ýetenden uka gidýändir. Mekge satýan ýigidi synlap, keýpim göterildi. Ýöne beýle ýagdaý uzaga çekmedi. Ýazylyp ýyrtylan 9 sahypa, ýazylmanka gorkuzýan ak kagyz, köneje “Erika” göz öňüme geldi. Men ýene ýaýdandym, ýene özüm-özümi ýigrenmäge başladym. “Beýdip nä azaryň?” Diýseňem, bolanok. Şol aýylganç hem düşnüksiz dünýäden indi çykma ýok. Sen şol kyn dünýäde doglan, ölýänçäň hem şol ýerde ýaşamaly. Belki, bu-da adamyň haýzydyr bir günäsi üçin Hudaýyň oňa berýän jezasydyr? Ýazyjy diýilýän adam günäsi ýokka, öz islegi bilen keýpihon türmä girýän adamdan kän tapawutlanmaýar. Türmä keýpihon girýäniňem akyl-huşuny derňemek üçin doktoryň geregi ýok. * Ýazyjy bolmak maksady bilen ýörite ýazýan adam, ýazyjy däl hem bolsa, özüni ýazyjy hasaplaýar, ýazyjydygyna buýsanýar, ýazany çap bolup ile ýetse begenýär. Ýazyjy bolmak hakynda pikir hem etmän, eden işiinden özi lezzet alyp ýazýan adam ussatlyk derejesine ýetse-de ony aňmaýar, özüni ýazyjy hasaplamaýar, eseriniň ile ýetmeginden (öňünden) ýaýdanýar. * Terezi adamynyň agramyny ölçeýşi ýaly akyl-huşuny hem ölçeýän bolsa, onda edaralara ýolbaşçy tapmak hyllalla bolardy. * Soltanşa Atanyýazowa. Gadyrly dostum, Soltanşa! 1. Kitaplaryňy okadym. ”Täsinlikler dünýäsine syýahatyňy” has-da haladym. Ylmy eserdigine garamazdan, çeper prozanyňky ýaly akyp barýan dili bar. Lejikdirenok. Wakalar gysgadan düşnükli. Özi-de okyjyny yzyna düşürýär. Şony köp awtor başarmaýar. Men okan kitabyma onda bar bolan, özümiň heniz eşitmedik, bilmeýän wakalarymyň sanyna hem agramyna görä baha berýän okyjy. Şeýle wakalara-da seniň kitaplaryňda kän gezek sataşdym. 2. Men saňa Blokwiliň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” kitabynyň Pariž neşirinden alnan 28 sany suraty peşgeş berýärin. Olary Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Kuanon “Kesekiniň” sözme-söz terjimesini okanyndan soň, meniň üçin Parižden ýörite getirdipdi. Ol suratlary saňa berýänimiň dört sany sebäbi bar: a) suratlaryň gadyr-gymmatyna sen menden gowy düşünersiň. b) suratlar sende bolsa, hiç mahal ýitip gitmez. w) belki-de, sen olary indiki kitaplaryňda peýdalanarsyň (Bu esasy sebäp.) g) Türkmenistanda ýeke-täk nusgada bolan ol suratlar mende däl-de, geçmişiň çyn muşdagy Soltanşada dursa, dogry bolar. . Döredjilik rowaçlygy mydama hemraň bolsun! A.T. 03.05.2002. S.S. 1989-njy ýylda Parižde bolan wagtym Žorž Blokwiliň diri galan ýeke-täk garyndaşy Žak Blokwil meniň S.Atanyýazowa sowgat eden suratlarymy görkezende: “Şu suratlary Blokwiliň özi çekipmi? Ol hudožnigem bolanmy?” diýen sowalyma “Ýok, bu suratlary Blokwiliň türkmen durmuşyny beýan edip çeken eskizleriniň esasynda hudožnik dosty döredipdir” diýen jogap berdi. Ýöne Žak Blokwil ol hudožnigiň adyny aýdyp bilmedi. * Umuman, hakyky ýazyjy ynanjaň hem oýnatgyraga golaý sada bolýar. Ýöne her bir şeýle ynanjaňdan ýazyjy çykmaýanyna-da şükür edýäris. * Ogry däl halyňa ogry diýlip töhmet atylandan hakyky ogry bolmak ýeňil düşse gerek. * Kitaby ýazyjy döredýär. Ýöne ol gowy kitap bolsa, gowulyk derejesine ýetirýän okyjy. * Milletçi öňi bilen öz milletiniň duşmanydygyna düşünmeýär. * Rusça iň uzyn söz 33 harpdan ybarat “neblagorassmotritel6stwuýuşiýesýa” diýen söz hasaplanýar eken. Men muny Konstantin Paustowskiniň “Güýz bilen ikiçäk” diýen kitabyndan okadym. Ýazyja-da ol sözi bir şofýor aýdypdyr. * Sentýabrda Halkara edebi fondunyň çagyrmagy bilen 10 gün Moskwada bolup geldim. Moskwa tanalmaz ýaly özgeripdir. Emma bir zat – moskwalylaryň kitap okamak endigi welin entek gutarnykly üýtgemändir. Men her gün, her gezek metro girenimde, şoňa üns berdim. Merto wagonlarynyň her bölek oturgyjyna 6 adam ýerleşýär. Oturanlaryň, iň bolmanda, üçüsiniň-ä elinde kitap ýa-da gazýet bar. Moskwadan gelen günümiň ertesi uly awtobus bilen Mara gitmeli boldum. Ýörite üns berdim: tä Mara ýetilýänçä geçen 6 sagat wagtyň dowamynda 50-60 ýolagçynyň ýekejesiniň elinde-de kitap, hatda gazýet hem görmedim. 2004. “Trud” gazýetinde şeýleräk bir gülkünç habar okadym. Moskwanyň metro stansiýalarynyň biriniň çykalgasynyň agzynda duran ýaş ýigit, görmegeýräk gyz gapydan çyksa: “Gözel gyz, men şu golaýda ýaşaýaryn. Ýör, meniň öýüme baraly. Nahar bereýin. Isleseň, kofe, konfetli çaý bilen hezzetläýin. ” diýýärmişin. Gyzlaryň biri onuň aýdanyny eşitmediksirän bolup gitse, käbiri “Sür!” diýýän ýaly elini silkip geçýärmiş. Käbir dogumlyrak hem tekepbir gyzlar bolsa süýem barmagyny çekgesine ýetirip, “Kelläň ýok” diýip gidýärmiş. Kimdir birine garaşyp, beýle ýagdaýa kesesinden tomaşa edip duran bir ýaşuly adam, saklanyp bilmeýär-de, ýigidiň golaýyna barýar. —Ýaş ýigit, öz bolup durşuňdan utanaňokmy? Sen olary, olar seni tanamaýan halatyňyzda haýsy akmak gyz yzyňa düşüp gider öýdýärsiň? Men-ä garnyny doýurmak üçin nätanşyň yzyna düşüp gitjek gyz bardyr öýtmeýärin. Aç gezip ýören maşgala ýok ahyryn... Ýaş ýigit ýaşulynyň ýüzüne ýylgyryp seredýär. —Siz ýalňyşýarsyňyz, atam. Şeýdip, 10-12 gyza habar gatýarsyň welin, arasynda bir wäşirägi razylaşaýýaram. Men şeýdip, eýýäm 4-5 gyz bilen tanyşdym. Şolardan birine-hä öýlenäýmegimem ahmal... Men özüm üçin geň bolup görnen şol wakany kellämden çykaryp bilmän, ozalam ruslarda “Nahalstwo gorod berýot” (“Bihaýalyk gala alar”) diýen nakylyň bardygyny hem ýatladym. Ýokarky waka täsir etdimi-nämemi, men hem “bihaýalyk” bilen gala basyp almak isledim. ”Ýetim oglan öz göbegini özi keser”—men eserleri çap bolmak gadagan edilen ýazyjy hökmünde, öz aladamy özüm etmelidim. Şonuň üçinem ”Keseki” romanymyň iki sahypalyk annotasiýasyny rus dilinde taýýarladym, iňlis, fransuz dillerine terjime etdirdim. Olary romanyň temasy bilen gyzyklanaýjak ýurtlaryň 5-6 sanysyna iberdim. Şeýdip, men bihaýalygyň däl-de, biedepligiň “gala alýanyny, almaýanyny” derňemek isledim. Kän mahal geçmänkä, Türkiýeden Irfan Ependi Nasreddin oglundan “Keseki” bilen bir neşirýatyň gyzyklanýandygy, Özbeistanyň “Uzbekiston” neşirýatynyň romana eýýäm terjimeçi hem belländigi, Moskwanyň “Družba narodow” žurnalyndan roman birneme gysgaldylsa (uly göwrümli eseri doly çap etmäge mümkinçilik ýok) çap etmäge meýillenýändigi barada habarlar gelip başlady. Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bolsa şol mesele bilen awtory öz huzuryna çagyrdy. Şeýlelikde, “bihaýalyk” galalaryň gyrasyndan girip başlady. * Gowy eseri azap baryny çekip özüň ýazmaly, ýöne erbet eseriňem özi ýazylmaýar. * Ýene-de Magtymgula ýapyşdym. Dört-bäş goşgy okanymdan soň, elime galam almaly boldum. Ol öz ýazan beýik eserlerini poeziýa düýpli düşünmeýän adamlaryň resenziýa ýazýandyklary, redaktirleýändikleri üçin betbagt şahyr bolsa gerek. “Türkmeniň”, “Çilimkeş”, “Nas atan”, “Ýaranlar” (birmeňzeşräk “Ýaranlar” telim ýerde bar) ýaly Magtumgulynyň özüniňki däldigi okanyňdan bildirip duran, şamaşaýyrdy goşgulary hasaba almanyňda-da, onuň özüniňki hasaplanýanlaryňam akylly-başly redaktirlenmezligi biziň neşir işinde entek juda gowşakdygymyzdan habar berýär. Tekstdäki göçürijileriň säwligi bilen bulaşan iki sözüň ýerini çalşyrsaň ýerine düşäýjek rifmasyz bentler, artykmaçdygyny ýa-da ýetmezdigini aňdyryp duran bogun “büdremelerine-de” redaktor üns bermän geçýär. * Oýlanýan okyjysy, akylly redaktory, obýektiw tankytçysy ýok talantly ýazyjy talantsyza öwrülýär. * Aýlygyň hem pensiýanyň nämedigi bilinmeýän gadym zamanlarda Gün ýaşandan soň adamlar “Ömrümiziň ýene bir güni kemeldi” diýip aglaşar ekenler. * Meniň adamlarda iň halamaýan häsiýetlerimiň biri-de it uruşdyrmak. Iki sany bigünä, aňsyz haýwanyň biri-birini çeýnemeginden hoş bolýan, lezzet alýan adamyň ýüregi nähilikä? Uruşýan itler däl-de, olary uruşdyrýanlar wagşy bolsa gerek. * Garralýar öýdýän. Hekaýany diňe bir ýazmaga başlamakdan däl, onuň ýazylmaly kagyzyny elime almaga-da ýaýdanýaryn. Hatda 40-45 ýaşlarymda-da, agşam sagat 10-11-lerde stol başyna geçip, tä daňdana çenli işläp bilýärdim. Serhoş tanyşlarymyň biri jaň edip, işe zeper ýetirmezligi üçin telefony-da öçürýärdim. Indi welin, kimdir biri jaň edäýmezmikä diýip, telefon apparatyna seredip oturýan wagtlarymam bar. Işlemezlige bahana gözleýärin. Ýogsam, 60 ýaş düýpli keseli ýok adam üçin garrylyk hem bolmaly däl ýaly. Gylyç Kulyýew äpet-äpet romanlaryny 55 bilen 75 ýaş aralygynda ýazdy. Elbetde, ýazmagam, ýazyjam hil-hil bolýandyr-da. Özüm-ä indi käte gysgajyk hekaýa ýazaýmasam, uly göwrümli eser döredip bilerinem öýtmeýärin. Döretmäge-de höwes gerek. Ýazanlaryň gazýet-žurnallarda çap edilmese, 15 ýyllap kitabyň okyja ýetirilmese, höwes nireden bolsun. 2004. Türkiýede çykýan “Kaşgar” žurnaly meniň “Palçy gelin” diýen köne goşgymy çap edipdir. Goşgyny terjime eden türk şahyrynyň örän geň ady bar—Hudaýjan. Bu onuň edebi lakamy bolsa gerek. Hawa-da, ýykylsaňam belentden ýykylmaly—lakam edineniňe görä Hudaýdan pese ýapyşmaly däl! Umuman, türk intelligentleriniň hemmesi diýen ýaly lakam göterýär. Lakam edinmek Azerbeýjanda örän ýörgünli. Ýaňy başlan ýaş şahyr hem adynyň yzyna dogduk obasynyň golaýyndaky depäniň adyny tirkeýär welin, lakam tutunýar. Häzir merhum bolan dostum, azerbeýjan şahyry Aly Aga eserlerini Aly Aga Körçaýly diýen lakam bilen çap etdirýärdi. Körçaý onuň obasynyň ady bolmaly. Lakamlaryň arasynda örän üýtgeşikleri, gulaga geň bolup eşidilýänleri-de bar. Dünýä belli türk satirik ýazyjysy Eziz Nesiniň (hakyky ady Mehmet Nesret) lakamyna üns beriň: “Eziz Nesin”—“Eziz ne sen”, ýagny “Eziz, sen kim?”. Pyragy, Şeýdaýy, Pidaýy, Zynhary, Mätäji, Kätibi, Zelili, Aýdyň, Daşpolat, Bilbil, Ýaşen... —bularam lakam. Ýokarda Körçaýly lakamly azerbeýjan şahyrynyň adyny tutdum. Ol men Moskwada işleýän döwrümde türkmen edebiýaty boýunça geňeşiň agzasydy. Her ýylda 3-4 gezek geçirilýän geňeş ýygnanyşygyna Körçaýlyny hem çagyrýardyk. Şeýlelikde, ol ikimiz dostlaşyp gitdik. Körçaýlynyň 10 ýaşlaryndaky gyzjagazynyň iki aýagy-da ysmaýardy. Üstesine, onuň ejesi-de ýogaldy. Körçaýly, umumanam, örän ýukaýürek adamdy welin, öz gyzjagazyna gezek gelende-hä, janyny bermäge-de taýyndy. Ol aýaly ýogalanyndan soň, gyzjagazyna özi enekelik etdi. Hatda bir gezek ol geňeşe çagyranymyzda gyzyny arkasyna alyp, Moskwa-da getirdi. Ol geňeşden soňky bankete-de galman: “Gyzymyň ýalňyz özi gapa garap oturandyr” diýip, derrew myhmanhana tarap ylgady. Şol gezek Aly yzyna gidende, men ony aeroporta çenli edaranyň maşyny bilen ugratdym. Ana, şol näsag gyzjagaz, özi zerarly kakasynyň görýän görgülerine haýpy gelip, Alyny aldawa salýar. Ol kakasynyň boýnuna hopba bolýar-da, özüni deňze suwa düşmäge alyp gitmegini haýyş edýär. Gyzjagaz kenara baransoň, bir hili ýol bilen Alynyň gözüne çöp atyp, keýpihon halda Hazar tolkunlaryna gark bolup gidýär. Ol şeýdip, özi sebäpli dörän kynçylyklardan dyndaryp, kakasyna ýagşylyk edendirin hasaplandyr. Emma ol ýagdaý ýüregi ýuka Aly Aga Körçaýla agyr urgy boldy. Kän mahal geçmänkä, onuň özi-de ýogaldy... Käse ýaly ullakan gara gözleri balkyldap duran azerbeýjan gyzjagazyny, adamlary söýýän, dost-ýarlaryny öz janyndanam ileri tytýan talantly şahyr Aly Aga Körçaýlyny ýatlanymda, ýüregim henizem gyýym-gyýym bolýar. * Mary sebitlerinde “Dawagäriň goňur bolmasyn” diýen bir gep bar. Men bir gezek Goňur obasynda myhmançylykda bolanymda, ýanymda oturan ýaşuludan şol gep barada soradym. Ýaşuly şeýle jogap berdi. —Men ol gepiň haçan, nähili dörändigini aýdyp bijek däl. Dogrusy —bilemok. Ýöne, men başga bir bilýän zadymy aýdaýyn. Ynha, goňurly iki dogan bar. Olaryň biri toý etmekçi. Toý etmeýän dogan, eger şol toýda dawa edere tutaryk tapylmajagyny öňünden bilse, Tejene gidip, dawa satyn alyp gelýär... Men aýdara gep tapman, ýylgyraýmaly boldum. * Ýuriý Oleşanyň “Setir ýazylmaýan gün bolmasyn” diýen kitabyny 15 ýyldan soň gaýtadan okadym. Göräýmäge üýtgeşik zat hem ýok ýaly. Emma kitaby okap gutarjakdygyňa gynanýarsyň. Hudaý beren talantly adamlar, näme hakda ýazsalaram, täsin bolup çykaýýar. Şol kitaby hem soňky aýlarda W. Zakrutkiniň O neuwýadaýemom”, W. Kawerniň “Weçerniý zwon” eserlerini okap, okyjyny akyl satmak bilen däl-de, diňe sadalyk bilen özüňe çekip bolýandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. * Biziň ýolbaşçylarymyzyň arasynda entek çäkliligiň milletçilik derejesine-de ösüp ýetişmän, tireçilik dünýäsinde ýaşap ýörenleri-de bar. * Osman Ödäýew “Garaşsyzlyk diwany” diýen uly kitap ýazypdyr. Elbetde, kitabyň ady birhiliräk. Osman Ödäýew ýaly eli işleýän ýazyjy öz kitabyna beýle at goýmaly däl ýaly welin, elbetde, gerekdir-dä. Kitapda ünsüňi çekýän özboluşly pikirler, ýiti gözlegler, meselä batyrgaý hem akylly çemeleşmeler bar. Şol hem kitabyň iň gymmatly tarapy. Ýöne meni has-da oýlandyran zat awtoryň iki sany kesgitlemesi boldy. Olaryň birinjisi sosialistik realizm barada. Ol hakda awtor şeýleräk pikir ýöredýär. Ýagny SSSR döwrüniň 70 ýylynda, sosrealizm çäkliligine girizilendikleri sebäpli, ýazyjylar hakyky eser döredip bilmändirler. Indi bolsa, garaşsyz döwlet bolanymyz hem sosrealizmden ýüz öwrenimiz sebäpli, düýpli, hakyky eserleri ýazmaga mümkinçilik berlipdir. Beýle konkret pikiri edebi taryhy bimeýän hem kitap okamaýan awtor aýtsa geňem görmezdim. Emma hakykatdan üzňe kesgitlemäni Osman Öde ýalydan eşitmek geň hem gynançly. Sosrealizm gury syýasat. Gury syýasata tabyn bolmadyk agras ýazyjylar sosrealizm zamanynda-da gowy eserleri döretdiler ahyryn. Sany köpeldip oturman, sosrealizm döwründe dünýäniň sosrealizmsiz arenasyna giren W.Bykowy, W.Dudinsewi, K.Paustowskini, A.Twardowskini, Ç.Aýtmatowy, O.Süleýmenowy, Anary, F.Muhammedini, G.Matewosýany, Ý.Kazakowy mysal getirsegem ýeterlik bolsa gerek. Eger olar sosrealizme tabyn bolup eser ýazan bolsalar ýa-da sozrealizm öz isleýýn eserinden başga eser ýazmaga ýol bermedik bolsa, ýokarda atlary tutulanlar dünýä edebiýatynyň derejesine aralaşyp bimezdiler. Sosrealizmi bahana edinmek, ony günäkärlemek eser ýazyp bilmeýän, her bir täze syýasat dörände şoňa gulluk edýän, kölegesinden gorkup ýören hem “suw meýilli gurbaga” ýazyjysumaklaryň gaçybatalgasy ahyryn. Naryman Jumaýewiň, Arap hem Täşli Gurnabowlaryň, Bekge Pürliýewiň, Tirkiş Jumageldýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Allaberdi Haýydowyň, Halyl Kulyýewiň sozrealizm döwründe ýazan iň gowy eserleriniň sosrealizme näme dahyly bolupdy? Hiç hili. Sosrealizmiň serhedi bilen çäklendirilmedik daşary ýurt ýazyjylary-da maşgala durmuşy, gün-güzeran görmek, halal zähmet çekmek, söýgi, aýralyk, Watana sarpa, gahrymançylyk hakda eserler döretdiler. Sowet ýazyjylarynyň, şol sanda türkmen ýazyjylarynyň hem “kapitalist” ýazyjylarynyň saýlan temalary bilen bap gelýän aglaba eserleri hut Osman Odäniň tankyt edesi gelip duran syýasaty döwründe döremedimi? Ýa-da Naryman Jumaýeýewiň “Ýuwaş gelni”, Bekge Pürliýewiň “Söýgi mukamy”, Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Ýurek daş däli”, Beki Seýtäkowyň “Derýadasy”, Arap Gurbanowyň “Gülnary”, Täşli Gurbanowyň “Saralan ýapraklary”, Tirkiş Jumageldiýewiň, “Başagaýy”, Kömek Kylyýewiň ajaýyp hekaýalary“ sosrealizm dünýäsinde däl-de, “kaprealizm” syýasatly ýurtlarda ýazylyp, “kaprealizm” neşirýatlary tarapyndan türkmenlere ýaýradyldymyka? Atlaryny tutan hem ýene onlarça türkmen eserleri sosrealizmiň bardygy hakda pikir hem edilmän ýazylan eserler. Eger sosrealizm käbir täze dörän syýasatçysumaklaryň baha berşi ýaly “polat penje” bolan bolsa, türkmen edebiýatynyňam onlarça gowy eserini çapa bermegi gadagan ederdi. Tötänden dörän garaşsyzlyk üstümize getirilip berleninden soňky ýöredilýän edebiýat syýasatyna nähili baha, nähili at bermeli? Sosrealizm ýazyjyny özüniň agaçdan ýasalan galybyna salmak islese-de, “arassa syýasy” edebi kitaplaryň ýany bilen syýasatsyz kitaplary-da halka ýetirmäge mejbur boldy ýa-da öz syýasatynyň birneme obýektiw syýasatdygyny äşgär etdi. Gaýtam, bize sosrealizmiň ýerine gelen, Osman Ödäniň goraýan “boşrealizmi”, hakyky edebiýatdan “daşrealizmi” turuwbaşdan özüne agaçdan däl, demirden guýlan galyp ýasanyp, hakyky çeper eser ýazmagy düýpden gadagan etdi. Eger-de, garaşsyzlyk türkmen ýazyjysyna erkinlik beren bolsa, 15 ýyla golaý wagtyň içinde, sosrealizm döwründäki ortaça romana ýa-da poweste derejesi boýunça, iň bolmanda, golaýlaşyp bilýän 3-4 sany kitap dörärdi ahyryn. Munuň hakykatdan üzňe däldigine hiç kim düşünmese-de, düşünjeli Osman Öde düşünmeli ahyryn. Sosrealizmiň ýerine gelen “boşrealizmiň” täsiri ýasamalykda sosrealizmiň täsirindenem täsirli bolan ýaly. Ol Osman Öde ýaly ýazyjyny hakykaty aýtman, tersine geplemäge mejbur edip bilýän bolsa, dogrudanam, şeýle bolmaly. Sozrealizm ýuwmarlaýanlary, ýasama obraz döredýänleri, diňe öz ideýasyny goldaýanlary goldady. Şu günki realizm hem ýalan sözlemek, halky aldamak, boş öwünmek, ýaranjaňlary goldamagy maksat edinmeýärmi? Şu sanalan “temalardan” eser ýazmasaň, kitabyň çap boljak gümany ýok. Sosrealizmiň welin edebiýata birneme “gözüni ýumup” hem seredendigini, hakyky eserlere-de ýol berendigini bizem bilýäris, Osman Öde-de bilýär. Täze realizm özüni öwmeýän hakyky eserleriň ýekejesini-de çapa goýbermedi. Osman Ödäniň ikinji kesitlemesi şeýleräk: türkmen ýazyjylary roman janrynyň nämedigine doly düşünmeýärler. Şonuň üçinem türkmen edebiýatynda entek roman ýok. Bu meselede men onuň bilen doly pikirdeş. Özüme ýokary baha berýän ýaly bolýandygymy bagyşlaň, ýöne türkmen edebiýatynda romanyň ýokdugyny bilenime, has takygy, düşündirilenine 25-30 ýyl boldy. Şoňa-da türkmen ýazyjylarynyň arasynda täk özüm düşünýändirin öýdýärdim. Bizde romanyň ýokdugyna ýene bir ýazyjynyň düşünýändigine-de begenýärin. 15-20 ýyl töweregi mundan ozal türkmen neşirýatçylarynyň arasynda anekdota meňzeş şeýle gürrüň bardy. Bir ýazyjy neşirýata golýazmaly papkasyny eltipdir-de: “290 sahypalyk powest getirdim. Ýene 10 sahypa ýazaýan bolsam, roman bolaýjakdy welin...” diýipdir. Diýmek, bizde powest bilen roman eseriň göwrümi boýunça kesgitlenýär. Türkmenlerde näme üçin roman ýok? Sowala jogap gaýtarmazymdan ozal, okyjynyň meniň özüme beräýmeli sowalyna jogap gaýtaraýyn. “Roman ýok diýýärsiň-de, özüň näme üçin “Saragt galasy” eseriňe roman diýipsiň?” Sowal ýerlikli. Men “Saragt galasyny” neşirýata ilki elten döwrümde Osman Öde 5-6-njy klasda okap ýören oglanjyk bolmaly. Ol men papkamy neşirýata gowşuran pursadym edil ýanymda duran ýaly bolup hakykaty ýazýar. Osman Öde: “Türkmen ýazyjylary galam haky üçin “roman” döredýän bolaýmasalar” diýýär. Gaty dogry. Ýöne onuň üstüne “şöhrat üçin” diýen kesgitlemäni hem goşsaň, has-da dogry bolardy. Osman Ödäniň geçen hakykaty bilşine geň galýaryn. Men “Saragt galasyny” ilki neşirýata eltenimde ol 500 sahypalyk powestdi. Papkany kabyl edip alan ýazyjy R. iň soňky sahypany açdy-da: “Mynyň powest däl, roman bolýar” diýdi. Men oňa eseriň roman däldigini düşündirjek boldum welin ol: “Öz aýagyňa özüň palta urmasa-na!—diýdi. —Roman diýeris welin, hem-ä haýbatly bolar, hemem 15 müňe derek 30 müň tiraž bererler. Şoňa görä-de gonorar alarsyň. Powest diýseň welin...” Şol mahal ýaş ýazyjy bolan men romanyň awtory bolmak teklibi bilen ylalaşdym. “Saragt galasy” roman däl, powest. Şu günki ýaly ýadymda. 1981-82-nji ýyllarda belli rus edebi tankyçysy hem alymy Ýuriý Surowsew (onuň türkmen hem beýleki rus däl halklaryň edebiýatlarynda heniz çap bolmadyk eserleriňem köpüsini sözme-söz terjimäniň üsti bilen okap çykandygyna men diri şaýat) edebiýat barada gürrüň edip otyrkak: “Türkmen edebiýatynda Berdi Kerbabaýewiň “Nebitdag” hem Tirkiş Jumageldiýewiň bir romanynda (haýsydygyny unudypdyryn—A.T.) azajyk roman ysy bar. Başga roman ýok. Hatda “Aýgytly ädimem” roman däl” diýdi. Roman näme? Dünýä edebiýatynda 90 sahypalyk hekaýa-da bar, 80 sahypalyk roman-da. Diýmek, üstüne 10 sahypa goşanyň bilen powest roman bolmaýar eken. Romanyň öz gurluşy, wakalarynyň ýaýbaňlanyşy, gahrymanlarynyň obrazlarynyň etaplaýyn ösüşi, häsýetleriň açylyş özboluşlygy bar. Men ony teoriýa boýunça göz öňüne getirsem-de, roman ýazmagy başarmaýaryn. Men özümi hekaýa ýazmaga azda-kände ukyplydyryn öýdýärin. Ýöne 20 sahypalyk hekaýany ýene 500 sahypa süýndüreniň bilen roman bolmaýandygyny aňýaryn. Maňa roman žanryny ýazmak üçin kanagat, güýç, eseri teoriýa laýyklykda roman derejesine ýetirmäge ukyp berilmändir. Şeýle hem ýazyja diňe roman ýazsa abraý gelip, roman ýazmasa hiç kim ony tanamaýar, eserlerini okamaýar diýen kesgitleme-de ýok. Beýik rus ýazyjysy A.P.Çehow diňe hekaýa ýazyp dünýä belli boldy ahyryn. Fransuz dilinden at alan roman, gahrymanyň hususy, adamçylyk, ahlak derejesiniň talabynyň sosial hem tebigy derejedäki talaba gatnaşygynyň epik görnüşde beýan edilmegi blen döreýär. Muny teoriýa boýunça şeýleräk düşündirmegi başarsagam, roman ýazmagy hemme kişi başarmaýar. Diýmek, türkmen dilindäki uly göwrümli eserleriň roman bolmaýşy ýaly, başga edebiýatlardaky, romanyň ýazylyş şertine eýermeýän uly göwrümli eserler-de roman däldir. Ol şeýle. Ýöne gazetleriň ýazmagyna görä, häzir rus ýazyjylarynyň arasynda roman žanrynyň nämedigini kesgitlemäge başgaçarak çemeleşmek hakda-da gürrüň gidýär. 2005. Weniamin Kaweriniň “Weçerniý den” diýen diňe edebiýat bilen baglanyşykly awtobiografik kitabyny okadym. Ozal men onuň “Iki kapitan” diýen kitabyny hem okapdym. Kaweriniň ýazan kitaplarynyň sany uçursyz kän bolmaly. ”Weçerniý deni” okap, özümden göwnüm geçdi. Dogry, Kaweriniň ýazyjylygynyň köki edebiýat alymlygyndan başlanýar. Belkem ol şonuň üçin köp okamaga mejbur bolandyr. Emma şol ýeke adamynyň okan kitaplaryny biz—hemme türkmen ýazyjylary bolubam okan däl bolsak gerek. Üstesine-de, Russiýada Kawerin ýaly ýazyjylaryň diňe 20-nji asyrda-da ýüzlerçesi ýaşap geçdi. Netijede rus ýazyjylarynyň derejesini türkmen ýazyjylarynyň, rus okyjylarynyň derejesini türkmen okyjylarynyň derejesi bilen nädip deňeşdirjek? * Döredijilik adamlarynda her hili geň gylyklar bolýar. Maksim Gorkiniň ýazmagyna görä, dünýäniň uly ýazyjylarynyň biri Emil Zolýa stol başyna geçende, özüni oturgyjyna ýüp bilen mäkäm daňyp işleýär eken. * Geçen asyryň altmyşyynjy ýyllarynda biz —ýaşlar, Bäşim Ataýewi terjimäniň “hudaýy” hasaplaýardyk. Ol mahallar Wartan Nikolaýewiç (B.Ataýewiň ýörgünli lakamy) M.Şolohowyň “Göterilen tarp” romanyny türkmen diline terjime edýärdi. Türkmen edebiýatynda terjime babatda “Göterilen tarp” ýaly bagty çüwen eser ýok bolsa gerek. Terjimäniň şowly çykmagynda şol wagtlar “Sowet edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory bolup işleýän D.Haldurdynyň hem paýy uludy. “Göterilen tarp” ilki žurnalda çap edilýärdi. Şonuň üçinem terjimäniň ilkinji redaktory hem D.Haldurdydy. Ol örän talapkär, her söz üçin “gylyçlaşýan” redaktordy. Bir gezek žurnalyň soňky sanynda gitmeli terjime bölegini baş redaktoryň kabinetinden alyp çykan Wartan Nikolaýewiç: “ Agsak (D.Haldurdy ýeke aýak bolansoň, “Agsak” hem diýýärdiler—A.T.) meni gaty heläk edýär. Edil ýükçi eş-şek ýaly işledýär” diýip baş ýaýkady. Hany, ol talantly hem talapkär redaktorlar! Hany, ol halal hem jepakeş terjimeçiler! 2001. Her döwrüň öz okyjysy, şol okyja mynasyp hem ýazyjysy bolarly. Elli ýyl töweregi mundan ozal B. Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimi” elden-ele geçirilip okalýan kitapdy. Bir gezek oba baranymda, köp ýyllyk arakesmeden soň “Aýgytly ädimi” elime aldym. Ol şu günüň okyjysynyň talabyna onçakly laýyk gelmeýän ýaly. “Lemmer-lemmer ak bulutlar saýylan ýüň ýaly. ”, “Ilkagşam jybarlap ýagyp başlan ýagyş daňa golaý diňdi”. . Belki-de, biz rus prozasyny okap, “zaýa” bolandyrys? * Uly ýygnak gutarandan soň, Daşkent aeroportundan Berdi Kerbabaýew Aşgabada, menem Moskwa uçmalydym. Jübimi barlasam, Moskwa baramsoň, “Domodedowadan” şähere gitmäge taksi pulumam galman eken. Men şonda B. Kerbabaýewden 50 manat pul karz almaly boldum. Ony hem hakydamdan çykarypdyryn. Kerbabaýew ýogalanyndanam köp ýyl geçensoň, birden şol bergim ýadyma düşdi. Men ýaşulynyň körpe ogly, medisina institutynyň mugallymy bolup işleýän Baýram Kerbabaýewiň ýanyna ýörite baryp, şol puly hödürledim, emma her näçe dyzasamam, Baýram puly almady. Gaýtam ol: —Goja seni öz ogullarynyň biri ýaly görýärdi. O dünýä baranyňda “50 manadymy berenok” diýip, kakam seň üstüňden ýokaryk arza ýazyp durmaz-la—diýdi. Garaz, puly almady. Tersine, ol meni töre geçirdi-de: —Ikimiz Kerbabaýewlere ýene bir 50 manatlyk çykdajy çekdireli—diýdi. Baýram ikimiz giç agşama çenli stol başynda oturup, konýak içdik, gojany ýatladyk. 1996. Ykbal, nesibe nirä sürse süräýýär. 99 ýasasa-da, tutuş döredijiligi B.Kerbabaýewiň “Japbaklaryna”, B.Seýtäkowyň “Derýada” hekaýasyna ýa-da N.Saryhanowyň “Şükür bagşysyna” degmeýän Jambyl Jabaýyň ady Gazagystanyň uly oblastlarynyň birine, şähere, kolhoz- sowhozlara dakylypdyr. Men onuň ýasama öý muzeýine baryp gören mahalym türkmen ýazyjylarynyň ykbaly hakda oýlanmaga mejbur boldum. Jambyl, 1985. Telewizory açsaň, gepleşikler başdan-aýaga ýaranjaňlyk. Türkmenler beýle ýaranjaňlygy nireden öwrenip ýörkäler? Ýa-da ol biziň ganymyzda barmyka? Umuman, “Türkmen ýaranjaňlygy” diýen at bilen çaklaňja bir kitap ýazylsa, ol örän kän dillere-de terjime edilerdi. Şeýlelikde, ahyr bir türkmen kitaby dünýä derejesinde şöhrat gazanardy. Ýöne ol kitaby ýaranjaňlyk materialyny gowy bilýän ýaranjaň ýazyp bilerdi. Ol kyn hem düşmez. Ýaranjaň awtor diňe öz obrazyny döretse-de, ol kitap deňli-derejeli bolar. Şony başaraýjak ýazyjy hem bizde gyt däl. Ýöne şeýle kitap ýazmak olaryň hiç biriniňem kellesine gelýän däl bolarly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |