22:34 Kyrk ýylda ýazylan kitap -34: Otly geçip barýar | |
OTLY GEÇIP BARÝAR...
Ýatlamalar
(“Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysynyň sowallaryna jogaplar) “ E-S”. - Şu mahala çenli söhbetdeş bolan ýazyjylarymyň hiç hirine-de bermedik sowalym öňürti siziň paýyňyza düşdi.Şahsy kitaphanaňyzda awtorlyk ýazgy bilen sowgat edilen eserler känmi? Nähili ýazgy size aýratyn täsir edýär? A.T. - Mende ýakynlarymyň sowgat beren elli töwerek kitaby bar. Edilen ýazgyaryň käbiri meniň üçin has-da täsirli. Olardan Berdi Kerbabaýewiň “Atajan Tagan ogluna dostluk üçin” diýen ýazgysy. Şahyr Italmaz Nuryew sowgat beren kitabyna şeýle geň ýazgy edipdir: “Moskwadaky ýeke-täk türkmen, Aşgabatdaky ýeke-täk musaýa...” Üçünjisi gyrgyz ýazyjysynyň öz ene dilinde eden ýazgysy: “Atažanymga sag-salamatlyk tileýmen. Çingiz Aytmatow”. “E-S” - Siz nowellistika žanryna köp üns beren ýazyjy. Şonuň üçinem hekaýalaryň sany gaty kändir? . A.T. - Dört-bäş sany ýitenini hasap etmeseň, altmyş töweregi. “E-S”- Ol san bir ýazyjy üçin azmy ýa köp? A,T.. - Kim üçin az, kim üçin köp. A.P.Çehow 1880-1885-nji ýyllar aralygynda, bäş ýylda üç ýüz hekaýa ýazypdyr. Balzak togsan tomdan ybarat “Ynsan komediýasyny” ýigrimi ýylda döretdi. Özüňiz hasaplaberiň. “E-S”. - Şonça hekaýaňyzdan näçesini nesillere galar öýdýäňiz? A.T. - Men şol sowaly-da, şol sowala berilýän käbir jogaby-da halamaýaryn. . “E-S” - Näme, özüňize ynamyňyz ýokmy? A.T. - Siziň ol “ynam” diýýäniňiziň netijesi öwünjeňlige baraýýar. Gara garga-da öz çagasyna “ap-agym” diýýärmiş. Ýazanymdan pylançasy nesillere galar diýip bilýän adam ... Ony öňünden kesgitlejek bolup oturmagyňam zerurlygy ýok ahyryn... Men gowy eser ýazyp bilmesemem, gowy bilen gowy däl eseriň parhyna barmakda özümi ussat hasaplaýaryn. “E-S” - Hut şonuň üçinem öňki sowalymy gaýtalandy hasap ediň. A.T. - Zora ýanaýan bolsaňyz, jogap bermeli bolar. Ýazan altmyş töweeregi hekaýamdan diňe ýekejesiniň “özümden soňa” galmagy mümkin.. Ol hem “Otly geçip barýar..” diýen hekaýam. 1988-nji ýylda bir aýa golaý kellede göterilip, bir günde-de ýazylan şol sekiz sahypalyk hekaýany men öz döredijiligimdäki iň gowy, hakyky prozadan edilýän talaplara laýyk gelýän, gutarnykly derejä ýetirilen, esasy-da ýakyn ýyllarda “garramajak” eser hasaplaýaryn. M.B. Geň jogap. Geň diýýänimiň sebäbi, siz hekaýa ýazmagyň ussady hasaplanýarsyňyz. Kän-kän hekaýaňyz dünýä dillerine terjime edildi. Ynha soňky gezek hem Ankarada çykýan “Uýku” žurnaly “Uruş haçan gutarýary” türk dilinde çap edipdir. Ol hekaýanyň dünýäniň ýigrimä golaý diline terjime edileninii hem bilýäris. Otuz ýyl bäri şeýle söýlüp okalýan, abraýly antologiýalara giren, mekdeplerde öwrenilýän ol meşhur hekaýa-da nesillere galmaz öýdýäňizmi? A.T. Ähli gep hem şol “nesil” sözünde-dä. Ertirki nesil şu günki däl. Onuň talapy, islegi, derejesi başga bolar. Onuň şol günki islegini şu gün kesgitlejek bolmak özüňe artykmaç baha bermeklige syrygýar. Şu gün söýlüp okalýan eser ertirem söýler öýtmeli däl. Hut özümi mysal alyp görýärin. Men özümi edebiýatyň, sungatyň ösüşini, syýasy ýagdaýlary yzarlaýan, onçakly yza galak däl, orta medeniýetli adam hasap edýänem bolsam, hatda şu günki ýaşlaryňam maňa bolan garaýşy özümiň özüme garaýşym bilen deň gelmeýär. Şonuň üçinem ertir boljak islege meniň ynamym bilen baha bermek nädogry hem magtanmak bolardy. “E-S” - Eserleriňize öz garaýşyňyz? A.T. Şu mahala çenli döreden eserlerimiň hemmesi-de ýazýan wagtym beýik eser bolaýjak ýalydy. Emma bolmady. Men öz eserlerimi ýazmankam, ýazyp otyrkam halaýaryn-da, ýazyp bolanymdan soň ýigrenip başlaýaryn. “E-S”. Siziň eserleriňiz, öz ssenariňiz boýunça 4-5 çeper kino döredildi. ýene taýýarlanýanlary-da bar, “Kinonyň öz dili bolmaly. Ony diňe kinoçy bilýär” diýen düşünje bar... A.T. Galat. Ol ýazyjyny ssenariýçi hökmünde sygrynmaýan adamlaryň tapýan mekirligi. O nähili kinonyň “öz dili” bolýarmyş? Hakyky kinoda asla-da “uzyn dil” bolmaly däl. “Müň dokuz ýüz elli üçüň sowuk tomsy” diýen dünýä ýaň salan filmi ýatlaň. Şonda näçe sany söz bardyr öýdýäňiz? Kino az sözli bolsa şonça gowy. Ol spektakl däl. Kinoda waka, hereket bolmaly. Dartgynly sýuşžetli, waka baý, sözi az hekaýa—taýýar ssenariý. Ol meselede ähli zat režissýoryň ukybyna bagly. “E-S” Käbir edebiýat muştaklarynyň bellemeklerine görä, siz türkmem prozasynyň ýazlyş tehnikasynda açyş edipsiňiz... A.T. (ýylgyrýar). Nädogry maglumat. Hiç hili açyş edemok. Men tanymal rus ýazyjylarynyň käbiriniň proza ýazlyş tehnikasynda ozaldan ulanýan bir inçe tilsimini öz eserlerimde ulanmaga başladym. Ol pikiriň eseriň gahrymany bilen awtorynyň haýsysyna degişlidigi bildirmeýän, has takygy pikiri ikisine-de deň derejede degişli edip, “başganyň sözüniň” belgilerini peýdalanman ulanmakdan ybarat. Ony men ilki “Aglasy gelýän ak bulut” powestimde “synagdan geçirdim”, “Keseki” romanymda hem giňden ulandym. Rus prozasyny köp okaýan zehinli ýazyjymyz Ata Atajanow şol powestim bilen tanşan badyna ol “syryň” üstüni açdy hem türkmen prozasyna aralşan täzeligi ikelläp goldady. Ýazyjy onyň tutuş türkmen prozasyna ornaşdyrylmagynyň arzuwyny etdi. Ýöne ol usul meniň proza ýazlyş tehnikasynda öz döreden täzeligim bolman, ýokary derejedäki edebiýatyň ussatlygyndan täsirlenmegim bolandygyny ýene bir gezek nygtaýaryn. “E-S”. - Siziň içki dünýäňize gatyşmak meýlim ýok. Döredijiligiňiz bilen mekdep ýyllarymdan bäri gyzyklanýaryn. Siz biziň okyjylarymyzyň eserlerini küýsäp okaýan ýazyjysy. “Lal perişde”, “Saragt galasy” “Ýalňyzlyk”, “Keseki”, “Iň soňky kempir”, “Mähnet dünýädäki kiçijik jaý”, “Jennet derwezesiniň açary”, “Ýekşenbe güni öýleden soň”, “Aglasy gelýän ak bulut”, “Aýylganç baharyň jybarly güni”, ”Ogul, “Serwi gelin” ýaly halanyp garşylanan eserleriň, “Gaýyn ene” ýaly köp ýyllap sahnadan düşmedik pýesalaryň, gowy hekaýalaryň awtory, eserleriňiz dünýä dillerine terjime edilip dur, ýazyjylaryň halkara duşuşyklaryna çagyrylýarsyňyz. Hatda daşary ýurtda (Berlinde) siziň “Hekaýa agşamyňyz” hem geçirildi. Ýöne siz, kesäňizden synlasaň, kalbyňyzda düýpli nägilelik bar ýaly bir duýgy döredýärsiňiz. Hatda institutda bäş ýyllap döredijilik ýolbaşçyňyz bolan rus ýazyjysy hem diplom işiňizie beren synynda siz barada “Meniň gözleri hasratly şägirdim” diýip ýazýar. Siziň gözüňizde hiç hili hasrat bolmaga durmuşy esas welin ýok ýaly,.. A,T. Özüme berilýän şol bahadan men habarly. Onuň ýüzüme aýdylyp, sebäbiniň soralan ýeri hem boldy. Emma men ol baha bilen ylalaşmaýaryn. Men özümi degişmegi, gülüşmegi başarýan, oýun-henegi göterýän, keýpiçag şahs hasaplaýaryn. Durmuşymda bolsa beýle derejede nägile bolar ýaly tutaryk ýok. Ýöne adam hemme wagt bir durkuny saklabam bilmeýär-dä. Howanyňam gaşy çytylýan ýa-da bulutsyz, açyk wagtlary bolýar ahyryn. “E-S” - Gowy görüp okaýan ýazyjyňyz ýa şahyryňyz? A.T. - Baha berşim ýaşyma görä üýtgäp dur. 20-25 ýyl mundan ozalky Stendal, Moem, London, Tolstoý, Merime, Blok, Markes, Kamýu, Saryhanow, Naryman Jumaýew, Warlam Şalamow, Dudunsew häzir başgarak derejede bolup görünýär. Ýöne olar meniň üçin gymmatlylygyny welin ýitirmeýärler. “E-S” - Eseriň doly bahalydygyny kesgitlär ýaly “gural” döredip bolarmy? A.T. Sözüň doly manysynda bolmaýmasa. “Täzelik—ýatdan çykarylan könelik” diýilse-de, şol babatda tapan “guralymy” özüm açandyryn öýdýärin. Ol gural eseriň başga dile terjime edilmegi hem onuň ekrana çykarylmagy. Hiç bir terjimeçi başga edebiýatdaky gowşak eseri terjime edip özüni biabraý etmek islemez. Hiç bir edebiýat başga edebiýatyň terjime edilen gowşak eserini özüne baýlyk diýip kabul etmez. Diýmek terjimäni haýsydyr bir derejeje gowy eseri tanamagyň “guraly” hasap edip bolardy. Kino hem edil şonuň ýaly. ýokary derejedäki edebiýatyň ussatlygyndan täsirlenmegim Üns berseňiz, dünýä edebiýatyndaky naýbaşy proza eserleriniň aglabasy kino diline geçirilendir. Türkmen edebiýatynda-da ýagdaý edil şeýle: “Aýgytly ädim”, “Gara kerwen”, “Şükür bagşy.—biziň edebiýatymyzyň iň tanymal eserleri bolany üçin kino öwrüldi. Güýçli režissýora duşsa Agageldi Allanazarowyň, Kömek Kylyýewiň, Osman Ödäýewiň, Ahmet Halmyradowyň iň gowy eserlerinden dünýä derejesine dalaş gurjak kino döredip boljakdygyna ynanýaryn. “E-S” - Terjimeçilik işi hakda siziň pikiriňiz nähili? A.T. Terjime taýýar baýlyk.Terjime üsti çala ýapyk hazyna. Terjime ýaş edebiýatyň ösmegi üçin daýanç nokady. Emma “Ýazyjy terjimeçi bolmalymy?” diýen sowala nähili jogap gaýtarjagymy bilmeýärin. Terjimäni kim etmeli? Her zat diýseler-de, ýazyjy däl adamyň terjimesi beýik eseriň derejesini peseldýär. Tejribeli ýazyjy bolsa terjime üçin öz hususy döredijiligini togtatmaly bolýar. Men ozalam Hemingueýiň, Aýtmatowyň, Şukşiniň, Rasputiniň, Akbalyň, Žukuň, Gulamyň, Sagretýanyň eserlerini türkmen diline terjime edipdim.Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda bolsa “Dünýä edebiýaty” žurnaly üçin Turgenýewiň “Bahar bulaklary” powestini, Londonyň “Martin Iden”, Kamýunyň “Saýry” , Mopassanyň “Pýer bilen Žan“, Moemiň “Aý bilen teňňe” romanlaryny türkmen diline geçirdim. Häzirem nusgawy amerikan ýazyjysy F. Fiçjeraldyň “Beýik Getsbi” romanyny terjime edýärin. “E-S” - Olar türkmen edebiýaty üçin tapylgysyz hazyna dälmi? A.T. - Ol dogry. Ýöne “otly hem geçip barýar”.. “E-S” - Wagtyňyza haýpyňyz gelýärmi? A.T. Edil ol sözi-hä dilime alyp biljek däl. Sebäbi,birinjiden-ä, örän agyr iş hem bolsa (men terjime etmegiň öz eseriňi ýäzmakdan kyn düşýändigine gutarnykly göz ýetirdim.) dünýä edebiýatynyň iň görnükli eserleriniň 6-7-sini turkmen okyjysyna ýetirenime, dogrusyny aýtsam, buýsanmanam duramok. Ikinjiden, ol beýik eserleri terjime etmek bilen men ussatlygyň ýokary mekdebini geçen ýaly boldum. Sebäbi “Martin Ideni” terjime etmek “Martin Ideni” okap çykmak däl, rus prozasynyň esasy sütünleriniň biri I.Turgenýewe terjimeçi bolup “erjeşmegem” uly bähbit. Terjimeden kän zat alyp, özümdenem kän zat ýitirdim. Iki ýarym ýylyň dowamynda her günde 6-7 sagat kompýutoryň başynda oturmak... Özümiň “Gojukda jadygöý döräpdir” ady bilen başlan powestim bolsa dowam edilmegine garaşyp ýatyr. “E-S” - Haçan siz özüňizi ýazyjy hasaplap başladyňyz.? A.T. - Hiç haçan. Men özüme ýazyjy diýilse utanýaryn. Ýazyja ýazyjy diýilmän, kitaby okalýar. “E-S” - Köp zadyňyzy okasamam, üns bermändirin. Siz öz eserleriňizde “we” sözüni ulanmaýarsyňyz diýýärler. Şol çynmy? A.T. - Çyn. Kitap çykarylanda redaktor goşan bolaýmasa, men şol sözi tutuş döredijiligimde-de ýeke gezegem ulanmadym. “We” çeper eseriň diliniň owasyna guraksy äheň berýär, akymy büdredýär, ýasamalyk döredýär. Çeper eseriň dili resmi dilden däl-de, halk dilinden düzülýär. Halk dilinde, gepleşikde hiç mahal “we” ulanylmaýar, ulanylsa-da örän ýerliksiz bolup duýulýar. Şeýle hem türkmen dilinde ýäzylan çeper eserde “we” sözüni ulanmak üçin asla zerurýetlik ýok. “E-S” - Öz senediňizi goramaly bolsa nädip gorardyňyz? A.T. - Bilmedim. Eser gowy bolsa gowulygynyň kömegi bilen özüni gorap biler. Şeýle hem ona diňe akylly okyjy bilen ýiti edebi derňew kömege geler. Ýöne senedine keseden gödek “täsir” edilýän ýazyjynyň göýdük bolup galýandygyny welin men oňat bilýärin. Bir başlanan “täsir” hem ömrüň ahyryna çenli dowam edýär eken. Men öz döredijilik ýolumda beýle ýagdaýa belet boldum. “E-S” - Ýazyjylyk näme? A.T. - Ýazyjylyk görgä, kynçylyga baş goşmak, durmuşyň köp-köp lezzetinden özüňi keýpihon mahrum etmek, parahat, ynjalykly bolmaly ýaşaýşyňy ukusyz gijelere çalyşmak... “E-S” - Onda näme üçin siz tutuş ömrüňizi şol kynçylykda ýaşap geçirmek bilen ylalaşdyňyz? A.T. - Men ol sowala-da doly jogap bermekden ejiz. Sebäbi ol seniň erkiňe bagly mesele däl. Sen başga bir göze görünmeýän täsire, gudrata bakna adam. Sen şonuň “guly”. Şol gudrat işlemeli etse, aç-suwsuzlygyňa, ukusyzlygyňa garaman, toý-meýlisi taşlap işleýärsiň.Ýöne çeken agyr zähmetiňden dörän sahypalar kimdir birini ýylgyrdýandyr, kimdir birini oýlandyrýandyr diýen inçejik tama seniň biynjalyk kalbyňa az-kem teselli berýär... Otly bolsa geçip barýar. * Hormatly Osman Öde! 70 ýaşanymdan soň, şu mahala çenli ýazan zatlarymy gaýtadan okap çykmak bilen men özümiň ýazyjy däldigime gutarnykly göz ýetirdim. Meni il içinde ýazyjy hökmünde görkezýän sebäp bolsa okyjylarymyzyň dünýägaraýşynyň juda pesligi, hatda meniňkidenem pesligi, dünýä edebiýatyndan bihabarlygy eken. Beýle kesgitlemäniň “at oýnatmak” däl-de, ýürekden çykýandygyna pes derejeli okyjylar ynanmasa-da, Osman Öde ynanar öýdýärin. Eger ol hem çyny bilen ynanmasa, onda meniň öz okyjylarymyzyň derejesi baradaky ýakymsyz kesgitlemämiň hakykatdygy has-da aýdyň ýüze çykar. 2012. * Akyllynyň güni akmagyňkydan, baýyň güni garybyňkydan kyn geçýändir. * Adamlaryň hemmesi bisowat bolsa, sowatlylyk gowulyk hem hasap edilmän, gaýtam, sowatly adam gabat gelse, onuň üstünden gülerdiler. * Beýle häsiýetiň gowulyk däl bolmagy-da mümkindir, ýöne meniň halamaýan adamlarym kän, ýigrenýänlerim ýok. * Türkmen ýaly öwünjeň millet ýok bolsa gerek. Biz hakykat hakda oýlanman, akyl bilen ýetilýän (ylym, bilim, medeniet) ýa-da düşünjesiz, gara güýç bilen ( sportyň küşt däl-de futbol, boks ýaly görnüşleri) gazanylýan görnuşlerinde-de dünýäniň ähli milletlerinen yzdadsygymyza-da üns bermeýäris.. Ýöne öwünmek boýunça dünýä ýaryşy geçirilse welin, biziň iň öňdäki orunlaryň birini eýelejekdigimize men gaty ynanýaryn. * Meniň basa oturyp işlemegime päsgel berýän iki tragediýam bar. Olaryň biirinjisi gowy eser ýazmak ukybymyň ýokdugy, ikinjisi - gowy eser bilen erbet eseri tanamak ukybymyň bardygy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |