22:25 Kyrk ýylda ýazylan kitap -33: Gyzyl ýüzli ýaşuly | |
GYZYL ÝÜZLI ÝAŞULY
Ýatlamalar
Ol halklaryň, halklar onuň aşygy. Kawkazlydyr gyzyl ýüzli ýaşuly… Şular ýaly setirleri ýazyp, her kim «gyzyl ýüzli ýaşulyny» özüne golaý edip görkezmek isleýärdi. Ýogsam ol adam hemme halka ortalyk, damarynda diňe öz milletiniň gany aýlanýan Рeterburgyň hakyky ruslaryndandy, şol şäherde hem 1896-njy ýylda dünýä inipdi. Edebiýatçylar tarapyndan «gyzyl ýüzli ýaşulymyz» diýlip, aýratyn sarpa goýulýan ussat Nikolaý Semýonowiç Tihonowdy. Ol diňe gyzyl ýüzli hem däldi-de, özi-de gyzyl ýaly adamdy, sadady, pespäldi, rus hem ýewropa medeniýetinden uly paý alandy. Ol adamlara, halklara ýagşylyk etmekden lezzet alýardy. Ony sylaýardylar, onuň barlygyna guwanýardylar, her kim onuň bilen salamlaşmagy-da özüne dereje hasaplaýardy. Nikolaý Tihonow bile men sekiz ýyl bile işledim. Ol şol döwrüň ýazyjylar guramasynyň milli edebiýatlar bölümiň başlygydy. Ol adam bilen işleşmek hem kyndy, hem aňsatdy, hem başga ýerde tapylmajak uly mekdepdi. Kyn diýýänim — onuň özi hiç mahal eden işinde ham goýmaýardy. Biz, onuň başy ýaş işgärleri şoňa düşünýändigimiz sebäpli, onuň tabşyryklaryny kössüz berjaý etmek üçin kän zahmet çekmeli bolýardyk. Ana, şol welin kyndy. Onuň bilen işlemegiň aňsat ýeri — edara, şäher, ýurt çäginde hälimi-şindi geçirilýän dabaralarda biziň daýançymyz şol gojady. Mysal üçin Magtymgulynyňmy, Seýdiniňmi, Berdi Kerbabaýewiňmi döredijilgine bagyşlanan edebi duşuşyk ýa-da ýübileý agşamlarynda uly jogapkärçiligi ol öz boýnuna alyp, ony-da uly abraý bilen berjaý edýärdi. Sen işgäri bolsaňam, onuň çykyşlary üçin sahypa-sahypa maglumat taýýarlamaly dälsiň. O türkmen ýazyjylarynyň döredijiligini senden zyýat bilmese, pes bilmeýärdi. Beýle ýagdaý hemme halklaryň edebiýatyna gezek gelende-de şeýledi. Ýöne Turkmenistan barada has-da aýratyndy. Sebäbi onuň öz hususy döredijilik dünýäsi ýaňy berkäp ugranda, Garagumyň kalbyňy gyzdyrýan yssysyndan, Sumbaryň, Köpetdagyň jülgeleriniň jana şypaly howasyndan, Amyderýanyň suwundan güýç alypdy. Nikolaý Semýonowiç poeziýa barada geçýän dünýä derejesindäki forumlarda aksakal hökmünde, ussat, halypa hökmünde hökman çykyş edýärdi. Çykyş etse-de, dünýäniň Petrarka, Gýоte, Puşkin ýaly beýikleriniň arasysynda Magtymgulynyňam adyny hökman tutýardy, eserlerinden ýatdan mysal getirýärdi. Ol poeziýa baradaky gürrüňde Magtymgula ýüzlense, aýratynam şahyryň «Pukaraýam» goşgusyndaky: Я, Махтумкули, ятаганом был, Я червонным чеканом был — diýen setirlerini goşgy ritminiň nusgasy hökmünde mysal getirýärdi. Ýaşuly Arseniý Tarkowskiniň Magtymgulydan eden terjimeleriniň köpüsine örän ýokary baha berýärdi. Bir gezek ol öz işgärleri bilen jahankeşdeligiň döredijilige edýän täsirti barada gürrüň edip otyrka, otuzynjy ýyllary ýatladymy nämemi, birden: «Meni dünýä syýahat etmäge höweslendiren türkmen topragy boldy» diýen sözleri aýdyp goýberdi. Ussadyň döredijilk ýoluna ser salsaňam ol sözler hakykatdan üzňe däldi. Gepiň gerdişine görä ýatlasam, türkmen şahyrlary-da oňa goşgy bagyşlapdylar: Sumbaryň ne ajap jülgeleri bar, Pyraga ylhmdar bolany magat. Men haýran galýaryn: şol jülgelere Siz meniň özümden has öňräk belet. Beşir obasy bar gaýra Lebapda, Ýaplary bol suwly, baglary şabat. Men haýran galýaryn: şol alys oba Siz meniň özümden öňräjik belet. Uzak günortada Şiram guýy bar. Giň örüsi sonar, dowary gurat. Men haýran galýaryn: şol alys guýa Siz meniň özümden has ozal belet. Şahyr entegem bärden gaýdýar. Bu jahankeşde adamyň türkmen topragynda barmadyk, görmedik ýerleri azdyr. Nikolaý Semýonowiç Tihonowyň döredijilik hem ömür ýoluny öwrenýän edebiýat alymlarynyň Moskwa ýazyjylar guramasynyň arhiwinde saklanýan işlerinde şeýle maglumat bar: «…Ýazyjy türkmen topragyna döredijilik syýahatyny edende, demir ýol bilen 2000, awtoulag bilen 800, atly-eşekli 250, gaýykly 300 km. ýol geçipdir…» Onuň uzak aýlaryň dowamynda Kerkiden Garrygala aralygynda paý-u-pyýada geçen ýolunyň dagy ädim sanyny sanajak gümanyňam ýokdur. Nikolaý Tihonow jemgyýetçilik aladasy başdan agdyk bolany üçin edara işini goýmaly boldy. Şol döwürde Türkmenistan ýazyjylar guramasynyň Moskwa degişli, çözülmegi zerur hem kyn bir meselesi bilen men, onuň öýüne barmaly boldum. Şonda ýazyjylar, alymlar, uly derejeli harby ýolbaşçylar üçin ýörite gurlan, Moskwa derýasynyň boýundaky «aýratyn jaýa» ilkinji gezek girip gördüm. (Türkmen edebiýatynyň, umuman, Türkmenistanyň janköýeri, tanymal rus ýazyjysy Ýuriý Trifonow ol belli jaý hakynda «Kenardaky öý» diýen täsin roman hem ýazypdy). Gapyny ýazyjynyň gyzy Nina Nikolaýewna açdy. Aňyrdan peýda bolan «gyzyl ýüzli ýaşuly» (şol gezeg-ä onuň ýüzi maňa has-da gyzyl bolup göründi) Iki elinem öňe uzatdy-da: — Hany, inijigim (A nu-ka, мой браток — A.T.), ikimiz köne türkmen salamlaşyşyny edeli! — diýdi. Menem iki elimi uzatdym. Ol meni tirsegimden tutup, iş otagyna eltdi, oturgyç hödürlänsoňam: — Men saňa heniz dünýä inmäkäň Türkmenistandan getiren bir zadymy görkezeýin — diýip, beýleki otaga geçdi, Men pursatdan peýdalanyp, diwaryň ýüzündäki ullakan «Dünýä kartasyny» synladym. Kartada Moskwa şäherinden gidýän gyzyl çyzyklar ýer ýüzüniň hemme ýerine diýen ýaly ýaýraýardy. Ol N.S.Tihonowyň baran ýurtlaryny, şäherlerini görkezýän çyzyklar bolsa gerek diýip çak etdim. Uly kartanyň ýüzündäki Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň bolsa ähli ýeri diýen ýaly çyzylandy. Ol hem düşnüklidi. Dolanyp gelen gojanyň elinde gyny könelen ullakan pyçak bardy. Gaýyş seçekli gyndan çykan pyçak täze ýaly lowurdady. — Muny 1930-njy ýylda Sumbar jülgesinde bir türkmen aksakaly sowgat beripdi — diýip, goja hem baş ýaýkady hem ýylgyrdy. — Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlarymyň köpüsi şu pyçaga aşyk bolýar. Käbiri, aňýan, sowgat ediler öýdübem hantama bolýar. Menem beräýemok. Özüm bakyýete gidemsoň, bu pyçagy edebiýat müzeýine beriň diýip wesýet etdim. Bilýäňmi, doganjyk, durmuşda örän tasin zatlara gabat gelinýär: kalp golaý bolanda, dil bilmeseňem, düşünüşmek bolýar eken. Ynansaň, gadymy Merwiň eteginde türkmen ýaşulylary bilen bolan çaýlaşykda uzak gürrüňlere-de başdan-aýak diýen ýaly düşündim. Olaram maňa düşündiler. Geň ahwalat! Ýogsam meniň türkmençe bilýänim kyrk-elli sözden känem däldir… Soň esasy meselä geçdik. Hemme ýerde sylanýan ýaşuly biziň meselämizi çözmäge synanyşjakdygyny aýtdy, sözünde-de tapyldy. Bu wakanyň bolan wagtyny men gündeligimde «1978-nji ýylyň 16-njy sentýabry» diýip belläpdirin, 1979-njy ýylda bolsa N.S.Tihonow dünýäden ötdi. Türkmen topragynyň oňa ýazyjy hökmünde beren maglumatlarynyň aňyrsy-bärisi ýok. Dogrusyny dogry aýtmaly; toprak özmiziňki bolsa-da, üstünde doglup, üstünde ýaşap ýörsegem, kä halatlarda biz öz topragymyzyň täryhyny, medeniýetini wagtlaýyn syýahat eden adamlarça-da bilmeýäris. Oňa N.S.Tihonowyň döredijiligi aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň «Çarwalar», «Jemşitler» «Garrygala», «Buluçlar», «Türkmen ýazgylary» diýen eserleri, hekaýalary üçin ýygnan, öwrenem materiallaryny okap haýran galýarsyň. Maksim Gorkiniň 1930-njy ýylda N.Tihonowyň syýahatdan soňky döreden eserlerini okap: «Talantly şahyr hem prozaçy N.Tihonowyň «Türkmen ýazgylary» durmuşy söz bilen beýan etmek sungatydyr» diýip bellemegi-de ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ýazyjy Aýderäniň, Parhaýyň pisse tokaýçylygyny beýan edende şol agaçlaryň arasynda özüňi hem bar ýaly duýýarsyň. Onuň ussatlygy, suratkeşligi türkmen sährasyny, Garagumy, Amyderýany, Murgap jülgesini, Uzboýy görmek höwewsini oýarýar. Men şindi-şindi hem ajaýyp adam N.S.Tihonowy ýatlasam, onuň 1930-njy ýylda Gürgen çaýynyň kenarynda, öz aýdyşy ýaly «türkmençe aýbogdaş gurap», aksakallar bilen gara tüňçeden gök çaý içip oturyşyny göz öňüne getirýärin, türkmen klassygy Magrupa öýkünip ýazan bir goşgusyny bolsa ýadyma salýaryn: «Üstüňden düşdi ýolumyz, Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber! Teň eýleme ahwalymyz, Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber! Dag ýollaryn söküp geldik, Ilden medet tapyp geldik. Ýadap, şöwür çekip geldik, Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber! Il-gün hözüriňi görsün, Meýdanlar bol hasyl bersin. Ädimmiz ileri ýörsün, Ýol ber, Gürgen çaýy, ýol ber!»… Biziň milli medeniýetimiziň aýaga galmagynda, ösmeginde bitiren uly işleri üçin Türkmenistanyň hökümeti rus ýazyjysy N.S.Tihonowa «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakdy. Ol at türkmen topragyny öz dogduk mekany ýaly söýen beýik ynsana halkymyzyň adyndan goýlan hormat boldy. Şonuň üçinem «gyzyl ýüzli ýaşulynyň» ol serpaýa aýratyn sarpa goýýandygyna men kän gezek şaýat boldum. Iýun,1991. Peredelkino “Gowşut hanyň” täze nusgasyny okan Tükmenistanyň medisina akademiýasynyň akademigi, professor Kakabaý Şagylyjow meniň romanda Mollanepesiň adyndan getirýän “Ýegen ujy ýagydyr, ýagam bolsa gowudyr” diýen nakylymy “Ýegen u-ja (türre) ýa-agydyr (ýag), ýa-agam bolsa gowudyr” diýip düzedipdir. Men nakylyň bu aýdylyşyna ilkinji gezek gabat gelýärin. Düzedişiň dogry bolmagy mümkim. Ýegen näme üçun ýagy (duşman) bolmalymyş? Ol uja ýagyna deňelýär. Uja ýagy bolsa, känbir ýüregiňe-de degmeýän, iň tagamly ýag hasap edilýär eken. * Gyt boldugyça, gerekli hem gowy zadyň gowulyk hiliniň derejesi ýokarlanmasa-da ýokarlanýan ýaly bolup, gitdikçe gymmaty artýar. Şol gerekli hem gowy zat bolaldygyça, gowulyk derejesi peselmese-de peselýän ýaly bolup, gitdikçe gymmaty peselýär. * Türkmen şahyry Mollanepesiň “Köňlüm” diýen hoşlaşyk goşgusynda “Gudratyňa akyl haýran, Muhammet!” diýen setir bar. Muhammediň, ýagny musulman dininiň gudratyna, dogrudanam, aklyň haýran galýar. Onda akmagy akylly, akyllyny akmak etmegi başarýanam aýratyn bir güýç bar. Bir mysala ýüzleneýin. Meniň örän gowy görüşýän bir ýoldaşym bardy. Moskwanyň bir ýokary okuw jaýyny üstünlikli tamamlap, ateistlik derejesine ýeten ýaş ýigit meni hut öz agasy ýaly sylaýardy, hälimi-şindi jaň edip, hal-ýagdaý soraşýardy, baýramçylyklar bilen gutlaýardy. Özümden ýigrimi ýaş dagy kiçi ol ýigit meni özüne halypa saýyp, “siz” diýip ýüzlenýärdi, menem ony adamçylygy, örän sowatlylygy üçin sylaýardym. Özi blen şol temadan gep açmasamam, men ozal mekdep mugallymy bolup işlän, pensiýa çykyp hem dindarlyga ýüz tutan kakasynyň täsiri bilen onuň ertir namazyny hem okaýandygyny eşidipdim. Bir gezek ol öýe jaň edip, näsag ýatan Nazar Gullaýewi soramaga gitmek üçin onuň öý adresini sorady. Men oňa “Sen onuň öýüne baryp görmedik bolsaň, üstümden gel, bile gidäýeris” diýdim. Ol höwes bilen ylalaşdy. Iikimiz awtobusa garaşyp durkak, ýaş ýigit gürrüň arasynda birden “Asmandan inen dört kitaby” ýatlady. Men oňa: —Sen şol dört kitabyň (Isanyň “Injiliniň”, Musanyň “Töwradynyň”, Dawudyň “Zeburynyň” hem “Gurhanyň”) asmandan inendigine ýüregiň bilen ynanýaňmy?—diýen sowal berdim welin, ol: —Çyn ýürekden ynanýan—diýdi. —Oňa ynanmaýan adam ýokdur. —Men-ä şoňa ynanamok. —diýdim. —Ol bisowat adamlary oýnamak üçin tapylan pirim bolmaly. Ol meni oýun edýändir öýtdümi-nämemi, ynanýanymy-ynanmaýanymy gaýtadan sorady. Men oňa ynanmaýandygymy berk aýtdym welin, ol: “Şoňa ynanmaýan bolsaňyz, ikimiziň ýolumyz başga-başga bolmaly”- diýdi-de elini silkip ötägitdi. Men Nazar Gullaýewiň öýüne ýeke özüm gitmeli boldum. Şondan bäri iki ýyl geçdi. Emma maňa mydama hormat goýan ýigit, toýda-ýasda, ýolda-yzda sataşsa-da, diňe baş atmak bilen çäklenýär, elinem uzatmaýar. Men beýle ýagdaýy dine köre-körlük bilen sarpa goýmakdan hem diniň gudratynyň bardygyndan gelip çykýan ýagdaý hasaplaýaryn. Ýogsam, asmandan dört sany kitabyň ýere düşmejegine üç ýaşly çaga-da ynanmaz ahyryn. Üstesine-de, oňa ynanmaýany ýa-da seniň uýýan diniňe uýmaýany, hatda dini halamaýany-da ýigrenmek, gaýtam, özüň üçin günä gazanmak dälmikä?. 1999. Baýyň kalby garyp, garybyň kalby baý. * Biziň metjitlerimizde “Ruhnama otagynyň” açylmagy türkmenleriň, bir tarapdan seretseň, dine düýpden hormat goýmaýandyklaryny ýa-da dine asla düşünmeýändiklerini aňlatsa, beýleki tarapdan, tutuş yslamyň üstünden gülýändiklerini aňladýar. Ömrüni yslam dinine gaşy göreşip geçiren, ömründe bir gezek hem namaz okamadyk, töwir galdyrmadyk, ateist adamyň kitabynyň musulman metjidinde goýulmagy gaty düşnüksiz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |