09:55 Kyrk ýylda ýazylan kitap -26: Şahyr, ne tiz gojaldyň sen? | |
ŞAHYR, NE TIZ GOJALDYŇ SEN?
Ýatlamalar
Haýsy milletiň wekilidigine garamazdan, adamlaryň ömür hakda, durmuş hakda oýlanyşlary meňzeş ýaly. Geçen hepdede Azerbeýjan edebiýatynyň klassygy Sämat Wurgunyň “Säçilmiş äsärler” diýen bir tomluguny okanymda onuň şeýledigine hasam göz ýetirdim. Onuň “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” diýen goşgusy bolsa dünýäniň hemme gojalarynyň adyndan ýazylan ýaly bolup dur. Şonuň üçinem men ol şygry birneme gysgaldyp, başarşymdan, türkmençä öwürdim. Okap görüň! Bilbil bolup girdim baga, Nagra çekdim sola-saga. Sesim siňdi müň pudaga. Diňdi çemen, diňdi gülşen: “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” Köňül berdim müň agşama, Perwana dek ýandym şeme. Gözünden ýaş dama-dama Şem-de dile geldi birden: “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” Dek düýn maňa öz elinde Gül gowşuran bir gelin-de Gözlerinde ýalňyz sowal, Heýkel ýaly dymdy ol – lal. Men okadym gözlerinden: “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” Bürgüt bolup, ganat açdym, Zamanlardan zaman aşdym, Adamlardan alyslaşdym. Seda geldi ýerden-gökden: “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” Tüpeň alyp, çykdym awa, Güneş dogdy—güldi howa. Jerenleri kowa-kowa Owaz geldi güllelerden: “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” Weýran köňlüm warak-warak, Ösdi hazan, düşdi ýaprak. Ata Watan, Ene toprak Bir ah urdy synasyndan: “Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?” 15-nji mart 1991. Moskwa. • ROWAÝAT BOLANDA-DA... Biziň atly-abraýly žurnalistlerimiziň, alymlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň käbiri rowaýat-legenda gezek gelende, käte-käte şeýlebir jogapkärçiliksiz çemeleşýärler welin, haýran galýarsyň. Olaryň okyja hödürleýän käbir rowaýatlarynda durmuş hakykatam, many-mazmunam, ynandyryjylykly fantaziýa-da ýok. Şol awtorlar ýa-ha rowaýat diýilse, agzyňa gelenini ýaňrap oturmalydyr öýdýärler, ýa-da bizi—okyjylary hiç zada düşünmeýän hasaplaýarlar. Şolaryň haýsy-da bolsa medeniýetliligiň alamaty däl. Men öz aýdýanymy delilleşdirmek üçin soňky ýyllarda okan hem halys göwnümden turmadyk onlarça rowaýatymdan diňe üç sanysyny mysal getireýin. 1. Eşek barada. 1999-njy ýylyň 10-njy dekabrynda ýazyjy Oraz Ýagmyryň Jelaletdin Rumy hakdaky “Köňül töründe” diýen makalasy metbugatda çap edildi. Onda beýik şahyr Rumynyň uly akyldardygyny hasam teswirlemek üçin awtor şeýle rowaýaty mysal getirýär. Şahyra şägirtleri eşek (!?) sowgat edýärler. Emma şahyr aýagulag diýlip sowgat edilen eşegi münmän, idip ýörensoň, şägirtleri onuň sebäbini soraýarlar. Akyldar olara şeýle jogap gaýtarýar: “Birinjiden-ä, beýik Alla ýöresin diýip ynsana aýak beripdir. Ikinjiden, men eşege münsem, halaýykdan ýokarda görünýärin. Meniň halaýykdan saýlanmaga hakym ýokdur. Üçünjiden, eşege münsem, eşegiň kellesi menden öňde görünýär. Eşek kelle adam kelleden hiç mahal öňde görünmeli däldir”. Bu rowaýat, haýsy tarapdan alsaňam, durmuş logikasyndan üzňe. Ýöremeli diýip ynsana iki sany aýak beren Alla şol iki aýakly münsün diýip eşek bilen aty hem döredipdir ahyryn. Ony näme üçin inkär etmeli? Eşek diýilýän haýwan Gündogarda iň bir otrisatel, iň bir ýigrenilýän haýwan. Ol erbetligiň simwoly. Şeýle bolsa, döwrüniň iň beýik akyldaryna berilýän “Möwlana” derejesine mynasyp bolan beýik halypa Ruma şägirtleri näme üçin iň ýaramaz zady sowgat edýärler? Ýa-da şahyr şol kemsitmä myhasyp adam boldumyka? Beýik şahyryň şägirtlerine gaýtarýan jogaby-da möwlananyňky däl-de, alasamsygyňka meňzeýär. Hudaýyň münmeli edip ýaradan haýwanyny münmezligem Hudaýyň garşysyna gitmeklik dälmi? Şeýlelikde, Oraz Ýagmyr ozaldan bar ýa-da özüniň oýlap tapan rowaýatyna daýanyp, beýik şahsyň agzyna niç mahal almajak sadawar sözlerini salmak bilen ony akmaklyk derejesine düşürýär. Men-ä oýlap tapan rowaýatyna awtorynyň özi-de ynanýandyr öýtmeýärin. 2. Guşak hakynda. Mirasgär Ümür Eseniň tapan rowaýatynda bir pukara adam Käbä barýarka, ýolda düşlän çeşmesiniň başynda özüniň gara guşagyny galdyryp gidýär. Ol iki aýdan soň, hajy bolup gelýärkä: “Bar bolsa, guşagymy alyp geçeýin-le” diýip, şol düşlän çeşmesine tarap sowulýar. Görse, çeşmäniň başynda elleri naýzaly iki sany nöker garawulçylyk çekip duranmyş. Olar haja gidip gelýäniň sowalyna: “Iki aý mundan ozal şu çeşmäniň başynda bir gara aždarha peýda boldy, patyşa ony garawullamagy buýurdy” diýip logap gaýtarýarlar. Ýaşuly ölümdenem gorkman, “aždarhany” biline guşaýar-da, ýoluny dowam ediberýär. Nökerler beýle batyr adamynyň eden işiniň habaryny derrew patyşa ýetirýärler. . . . Ýerde ýatan jansyz guşak bilen aždarha parh goýup bilmeýän patyşa akmakmy ýatan bir guşakdan gorkup çeşmä baryp bilmän ýören ilat akmakmy, nokerler akmakmy ýa-da Ümür Esen öz okyjylaryny şeýleräkdir öýdýärmi? Eger-de awtor gara guşagy Käbäniň, diniň gudraty bilen baglaşdyrmak islän bolsa-da, başga bir delil tapyp, aýdýanyna okyjy ynanar ýaly etmeli eken-dä. 3. Durdy Hajymyradowyň “Molla Töre ahun” diýen örän täsirli kitabyny okadym. 19-njy asyrda Maryda ýaşap geçen gaty alym adam bolan molla Töre ahun barada biz ozalam kän hekaýatlar, legendalar eşidipdik. Onuň abraýly adyna, ruhuna hormat goýýardyk. Ýöne okan kitabymda şeýle bir rowaýat bar. Ahunyň (molla Töremi ýa-da edil şonuň ýaly hormatly ahunmy, parhy ýok) ýetişen gyzy hamyr ýugrup bolansoň, elini ýuwup, aýakýoluna gidýär. Ol arkaýyn otyrka, birden zöwwe ýerinden turýar-da, atasynyň ýanyna ylgaýar. “Däde, elimi ýuwsamam, dyrnagymyň düýbünde hamyrýoky galaýypdyr. Aýakýoluna otyrkam göräýdim, däde. Indi maňa bu günämden ýülünmek bolarmyka?” diýip, gyz gözüne ýaş aýlaýar. Dindar ata gyzyna käýinmeýärem-de, köýneginiň içinden garnyna ýassyk daňyp, kyrk gün geçensoň, öz ýanyna gelmegini maslahat berýär. Kyrk günden soň gyzy ýanyna geleninde ahun “Ilde näme täze gürrüň bar, gyzym?” diýip soraýar welin gyzy: “Il içinde-hä, däde “Ahunyň gyzy göwreli bolupdyr” diýen gep bar” diýiip jogap gaýtarýar. Onda ahun ata: “Il töhmete ten berip, seniň günäňi öz üstüne aldy. Sen ýülündiň, gyzym” diýýär. Uly gyz, ahun atasynyň ýanyna baryp, aýakýoluna oturyşyna çenli aýdar durarmy? Goý, ahunyň gyzy akyly ýuka gyzmyş diýeliň. Ýeri, ahunuň özüne näme gerek! Ol näme üçin halky aldap, şol aldawyň üsti bilenem öz gyzynyň günäsini ýuwmalymyş? Akylly adam şeýdip iliň üstünden gülmelimişmi? Bu ýerde ahunyň ýaramaz adamdygy, töhmetçidigi ýüze çykýar ahyryn. Ol gyzynyň günäsini ýuwmaga derek özi-de günä gazanmaýarmy? Netijede, ahunyň abraýyny galdyrýandyryn öýdýän awtor, gaýtam onuň abraýyny ýele sowurýar. * 22-23-nji dekabrda Marynyň Akybaý, Sakarçägäniň Daýhan obalarynda şahyr Çary Gurbangylyjow bilen Pomma Nurberdiýewiň 90 ýyllyk ýubileýleri uly dabara bilen bellendi. Dabaralarda ýerli adamlar bilen birlikde Aşgabatdan ýörite gelen Gurbangylyç Hydyrow, Ahmet Gurbannepesow, Atamyrat Atabaýew, Kaka Salyh hem Amannazar Aşyrow hem A.Tagan dagy çykyş etdiler. 1999. Ulumsylyk hem öýkeleklik medeniýetsizligiň alamaty. Samsyk adam ýigrenilmeýär, emma ulumsy bilen öýkelegi ýigrenýärler. * Özünde agram ýok adam perman bilen alan “agramynyň” hasabyna agralandyryn öýdýär. Ýöne ol agramy onuň özünden başga hiç kes duýmaýar. * Gurhanyň beýikligi millionlarça adamy mejbur etdirilmän özüne imrikdirýänligindedir. * Adam başga kişiniň edýän ýaramazçylygyny näçe az bilse, şonça gowy. Sebäbi eşidip, görüp ýören ýaramazçylyk bilen öwrenişýän adamda erbetligi ýigrenmek duýgusy kem-kemden kütelýär. * “Durmuş, ýaşaýyş teatrdyr” diýilýär. Teatram gowy zat. Ýöne şol teatryň baş režissýory özüniň ýeketäk pýesasyny ömri boýy gaýtalap ýörse, beýle teatrda sungat ýitip gidýär. * Türkmen okyjylary ozalam onçakly aktiw okyjylaryň hataryndan däldi. Men daşary ýurtlarda (hasam Ýewropa ýurtlarynda), SSSR-iň düzümündäki respublikalarda bolanymda, awtobusda, metroda, park skameýkalarynda (hatda öküz goşulan arabanyň üstünde-de) kitap okap oturan adamlary görenimde, öz halkymyzyňam şeýle kitapsöýer bolmagyny arzuw edýärdim. Biziň halkymyz ýuwaş ädimler bilen bolsa-da, meniň şol arzuwyma tarap barýardy. Birdenem ol adim togtadyldy. Indi şol arzuwa ýakyn onýyllyklarda-da ýetilmejekdigine men ynanýaryn. Ýeke-täk edebi žurnalymyz bolan “Garagumuň” tiražy 300 ekz. töweregi diýýärler. Onuň tiražynyň şondan zyýat bolmagy hem mümkin däl. Men ony yzygiderli okamasamam, käbir sany elime düşende ser salýaryn. Žurnalda çap edilýän eserleriň derejesi örän gülkünç. Ol döwletiň uly edebi žurnalyna däl-de, 3-4-nji klas okuwçylarynyň, mugallymymy hem goşman, diňe öz güýçleri bilen taýýarlan diwar gazýetine meňzeýär. 20-25 ýyl mundan ozal “Edebiýat we sungat” gazýetiniň tiražy 60. 000-denem geçipdi. Şonda-da, gaty ir turaýmasaň ol gazýeti kiosklardan aljak gümanyň ýokdy. Häzir onuň tiražy 5 müňe-de ýetmeýär. Sebäbi onuňam çap edýän materallarynyň hil derejesi “Garagumuňkydan” gowy däl. “Garagum” žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary G. Şamyýewiň aýtmagyna görä, 1, 5 milliona golaý ilatly Mary welaýatynda şol žurnala ýazylýan adamlaryň sany 100-e ýetmeýär. Ony-da Mara ýörite komandirowka gidip, welaýatyň ýolbaşçylarynyň “güýji” bilen zordan ýazdyrýarmyşlar. Belkem, kitap, gazýet-žurnallaryň ozalkylary ýaly ürç edilip okalmaýandygyna olarda çap edilýän eserleriň hili sebäpkärdir. “Hudaý urany pygammberem hasasy bilen dürter” diýlişi ýaly, öňki ýagdaýymyzyň üstüne, şu ýyl latyn elipbiýine geçmegimiz bilen biz 20 ýaşdan 70 ýaş aralykdaky okyjylarymyzyňam agramly bölegini ýitirendiris. Edebiýat mugallymlary ýaly öz işi üçin zerur gerek spesialistler bolaýmasa, aýratyn kitap bolup çykyp durandygynda-da, biziň ýazýan täze eserlerimizi okamak üçin latyn elipbiýini ýörite öwrenjek okyjy köp bolar öýtmeýärin. Ýokarky aýdanlarymy tassyklaýan bir waka boldy. Geçen tomus obadakam, bizden iki köçe ilerde ýaşaýan bir obadaşymyň ýetginjek ogly gapymdan salam berip geldi-de: —Gapy-gapy aýlandymam welin, gazýet tapmadym. Gazýetiňiz ýokmy?—diýdi. Men oglanyň kakasynyň jaýyny remont etdirýändigini bilýändigim üçin, pola düşemek üçin gerekdir öýdüp: —Mende bir gujak gazýet-hä ýok—diýdim. —Ýok-la, Atajan däde. Bir gujak gazýet gerek däl. Ýarty gazýetem bolýar. Ussamyza temmäki dolamak üçin gerek-le. . . Ýaş ýigit bäş-alty gapydan barsa-da, hatda temmäki dolanar ýaly ýarty gazýet hem tapmandyr. Men obadaşyma okap goýan 16 sahypalyk “Literaturnaýa gazýetamy” tutuş berdim-de: —Şu gazet siziň gurluşygyňyz gutarýança-da ussaňyza çilim çekmäge ýeter—diýdim welin, galyň gazýeti alan oglan ýüzüme geň galyp seretdi. Okamak meselesi barada oýlananymda ýagdaý meni bir howply netijä tarap itekleýär: —türkmen halkyny tutuş bisowat edip taşlamagyň döwlet syýasaty derejesinde “aladasy” edilýän ýaly. Eýsem, özbaşdak bolup, “täzeçe” ýaşap başlan badymyza hemme zatdan öňürti obalarda poçtalýon wezipesi ýatyrylyp, kitaphanalar ýok edilmezdi ahyryn. 2000. Halamaýan kişimiziň goýberen ujypsyzja ýalňyşyny-da özümüziň eden çökder jenaýatymyzdan uly hasap edýäris. * Gowulygymyzy dogry hem doly peýdalanmaýanymyz sebäpli, erbetligiň üstünden barýarys. * Ozal men ynsan durmuşyndaky iň adyl zadyň adam dahylsyz, tebigy ölümdigini belläpdim. Emma şol barada gaýtadan oýlanyp gördüm-de, kimdir bir ir gitmelini giç äkitmek, ýa-da kimdir bir giç gitmelini ir äkitmek bilen ölmüňem adamlara ýagşylyk etmeýän wagtlary bolýar eken diýen netijä geldim. * Ýasama hormat ýigrençden beterdir. * Erkin ýaşamak garaşly ýaşamakdan has jogapkärli hem kyn. * Men dünýäden ötenimden soň, ýazan eserlerim birki aýlap öwüler. Sebäbi hemme milletlerde bolşy ýaly, türkmenlerde-de ölen adama birbada “erbetdi” diýilmeýär. * Närazy bolmaga esasy barka özümizden närazy bolýan adamlardan närazy bolýarys. * “Aýdylmadyk zat ýok-da, eşidilmedik zat bar” diýilýän gep çyn bolarly. Şu gün 15—16-njy asyrlarda ýaşan fransuz moralçylarynyň rus diline terjime edilen ýygyndysyny okadym. Geň zat: Puşkiniň nakyla öwrülip giden “Aýal halkyna näçe az hormat goýsak, ol bizi has ýiti yhlasly söýýär” diýen sözleri-de ondan has ozal aýdylyp giden eken. Şol kitapda Keminäniňki diýlip türtkmene ýaýran degişmeler hem bar. Ýeri, Puşkin-ä fransuz dilini öz ene dili ýaly bilensoň, ol eserleri asyl nusgasynda okap peýdalanandyr diýeris. Kemine biçäre fransuz moralçylarynyň eserlerini nireden bilip ýörkä? 30.11.91. Horan mal otdan doýmaz, kelpez şöhratdan. * Üçünji asyrda ýaşap geçen Diogeniň eserlerine ýene göz gezdirdim. Ýa-ha çakdanaşa köne pelsepe, ýa-da meniň oňa düşünmäge düşünjäm ýetmeýär. 8.2002. Kanuny berjaý etmek kyn, bozmak aňsat. Şonuň üçinem, käbir adam, köplenç halatda, olaryň ikinjisini kanun hökmünde ulanýar. * Söýgi seniň guluň bolsa, söýmeýänligiň, sen söýginiň guly bolsaň, söýülmeýänligiň alamaty. * Ölümden nägile bolmaklyk geçmiş hem geljek adamlardan özüňi zyýat saýmak we indiki dogulmalylaryň ýaşaýyş paýyny almaga ymtylmak bolýar. Sebäbi dünýä inen janly- jandar ölmän, üstesine-de ýene doglup dursa, ýaşaýşy üpjün etmäge toprakda güýç galmaz. Netijede, öz “paýyny” ýaşansoň ölmek islemedikleriň günäsi bilen olaryň özleri-de soňky doglanlar bilen bile ölmeli bolar. Şeýlelikde, ýaşaýyş gutarar. * Ýa sen tabyn bolmaly, ýa-da saňa tabyn bolunmaly. Ikisinden biri. Aralyk netijesiz. * Soltanşa Atanyýazow jaň etdi. Onuň Daşkentdäki tanyşlarynyň biri özbekleriň “Jahon adabiýoty” žurnalynyň Atajan Taganyň eserlerini çap etmek isleýändigini aýdypdyr. 21.02.2000. Ruslarda (öňem belläpdim) N.W.Gogolyň adyna beriýän “Russiýany iki zat heläk edýär. Olaryň biri—weýran ýollar, beýlekisi—samsyk adamlar” diýen nakyl bar. Şony biz babatda: “Türkmenleri bäş zat masgara edýär: olaryň biri –telewideniýe, ikinjisi —boş hem öwünjeň žurnalistler, üçünjisi —ýaranjaňlar, dördünjisi — ogry ýolbaşçylar, bäşinjisi –samsyk çeper höwesjeňler” diýsek dürs bolardy. * Adamlaryň köpüsiniň damarynda şöhratparazlyk gany bar bolara çemeli. Kän ýerde synlap görýärin welin, žurnalistiň foto ýa-da telekamerasynyň öňüne baran pursaty iňňýän agras hasaplanýan adamlaram birhili, hekgerilip, süzülip, öňki tebigylygyndan üýtgäberýärler. * 15-nji aprelde Oraz Ýagmyr bilen Türkmenistanyň iň ýaşuly ýazyjysy Çary Aşyryň hal-ýagdaýyny soramaga bardyk. Çary aga häzir 91 ýaşynyň içinde. Öz aýtmagyna görä, ol 1909-njy ýylda Türkmengalada doglupdyr. Gojalygyna garmazdan, onuň akyl-huşy gaty ýerbe-ýer, hemme gören-eşideni ýadynda. Ol bize köne mekdepde, soňra Moskwada aspiranturada okan döwürlerinden täsin-täsin wakalary gürrüň berdi. Çary aga uzak ýaşamak üçin iki sany zatdan: gaýgyçyllyk bilen gaharjaňlykdan daşda durmagyň ýardam edýändigini nygtady. ”Men gaýgy-gam basmarlaberse, ýa-ha kitap okaýaryn, ýa-da maşynkanyň başyna geçýärin—diýen ýazyjy, yzyndanam şeýdip degişdi. —“Adam uzak ýaşadygyça akyllanýar” diýýärdiler welin, ýalan eken. Men-ä, gaýtam, togsandan ätlämsoň, çaga öwrülip barýaryn”. 2000. Ýazyjy Gylyç Kulyýewiň aýaly Anna Gurýewna aglap, jaň etdi. Düýn-öňňun “hökümet öwlüýäsinden” Gylyç Kulyýewiň mazarynyň üstünde goýlan ýadygärlik daşy ogurlapdyrlar. Indi öwlüýäden ogurlyk etmäge başlan bolsak, biziň ahlak ýagdaýymyzyň nähili derejede pese gaçandygyny özüňiz biliberiň! 20.09.2000. Men Türkmenistana göçüp gelmek bilen Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny ýitirdim. Şonuň üçinem Russiýa Federasiýasyynyň Türkmenistandaky adatdan daşary hem doly ygtyýarly ilçisi A.W.Şelkunowa şeýle mazmynly hat ýazmaly boldum. (Hat rus dilinde ýazyldy.) Çuň hormatly jenap Ilçi! Size Türkmenistanyň raýaty Atajan Tagan özüne Russiýa Federasiýasynyň raýatlygynyň berilmegini sorap ýüz tutýar. Men käbir eserleri dünýä halkarynyň onlarçasynyň diline terjime edilen, jemi 600000 ekz. tiraž bilen çykan 15 töwerek kitabyň awtory. Meniň eserlerim boýunça “Babagammaryň gaýdyp gelmegi”, “Takdyr”, “Tentek” diýen çeper filmler alyndy. Meniň düşünjeli ömrümiň agramly bölegi (1960-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli) Russiýa bilen bagly boldy. Sowet goşunynyň hatarynda Moskwa hem Leningrad harby okruglarynda gulluk etdim. Meniň Watançylyk urşunda wepat bolan kakam hem Orlow oblastynyň Stepanowka obasynda jaýlanan. Instituty hem Russiýada tamamladym. 1966-94-nji ýyllar aralykda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň pawleniýesinde jogapgär wezipede işlemek bilen, Moskwa şäherinde Russiýanyň raýaty bolup ýaşadym. Çärýek asyr dowamynda K.Fedin, N.Tihonow, K.Simonow, S.Baruzdin, L.Sobolýew, S.Mihalkow, G.Markow ýaly rus medeniýetiniň tanymal wekilleri bilen bile işläp, olaryň durmuş mekdebini geçdim. Men özümi graždan hökmünde-de Russiýada formirlenen hasaplaýaryn. Rus edebiýatynyň onlarça eserini türkmen diline terjime etdim. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň permany bilen maňa—ilkinji türkmene “Russiýa Federasiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri” diýen hormatly at dakyldy. Türkmenistana göçüp gaýtmak bilen, men diňe bir Russiýanyň raýatlygyny ýitirmän, eýsem moral taýdanam kynçylyk çekýärin. Men mydama döredijilik goltgusyny alýanlarym—rus kärdeşlerimdenem daşlaşdym. Ýylda bir gezek, iň bolmanda, Moskwa ýa-da Sankt-Peterburga gidip gelmek hem Russiýanyň raýaty däl adama juda kyn düşýär. Sarpaly jenap Ilçi! Eger-de, meniň Russýa Federasiýasynyň raýatlygyny almak islegim hasyl bolsa, onda men diňe bir moral taýdan köşeşmän, eýsem ol ýagdaý döredijilik işim üçinem ullakan stimul bolardy. Sizi hörmatlamak bilen ATAJAN TAGAN, Türkmenistanyň raýaty, Ýazyjylaryň Halkara Birleşiginiň agzasy. 28.09.2000. 3-nji oktýabrda meni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary hem doly ygtyýarly Baş ilçisi Anatoliý Wiktorowiç Şelkunow bilen Russiýanyň Aşgabatdaky Konsulhanasynyň müdiri Nikolaý Dmitriýewiç Şwydçenko ikisi kabyl etdiler. Şol günüň özünde-de maňa Russiýa Federasiýasynyň raýatlygy berildi hem ol barada resmi dokument gowşuruldy. Bir aýdan soň bolsa maňa Russiýanyň raýatynyň daşary ýurt paspotyny-da berdiler. 2000. Tebigatyň ynsana beren iki sany iň aýylganç hem bejerilmeýän keseli bar. Olaryň biri — rak, ikinjisi –ýaranjaňlyk. Rak keseliniň dermanynyň tapylaýmagy mümkin. Çünki dünýäniň ähli alymlary şol meseläni çözmegiň aladasynda. Ýaranjaňlyk keseliniň welin dermanyny gözleýänem ýok. Gaýtam, oňa garşy göreşmeli adamlaryň özlerine-de şol kesel ýokaşýar. Üstesine-de, rak keseline sezewar bolanlar görgi baryny görüp, dünýä bilen hoşlaşmaly bolýarlar. Ýaranjaň keselliler bolsa, görgi-de görenoklar. Iň ýamany-da, olar, gaýtam, eşretde ýaşaýarlar. * Taryh hakykatdyr diýilýär. Emma taryh ýaly düşnüksiz hem bulam-bujar ylym ýok. Taryhyň başky materiallaryny döredýän uly şahslaryň köpüsi öz etmişlerini basyrmak üçin şol taryhy materiallar döreýän mahaly hökmürowanlyk edip bulaşyklyk döredýärler. Soň hem ondan baş alyp çykar ýaly bolmaýar. Netijede, taryh köp halatda anyk däl-de, çaklama ylym bolup galyberýär. PALÇY GELINE Palçy gelin, gözleriňde jady bar, Belki, gözleň bu dünýäni jadylar. “Güller solmaz”—diýip ynandyr meni, “Dostlaň ölmez”—diýip, ynandyr meni. Gün howluksa: “Howlukma!”—diý, ynandyr. “Görjegiňiz gowluk bor”—diý, ynandyr. Çyna sygynyb-a tapmadym bagt Belki, seniň nesýäň bolsun-da nagt. Ýalan sözleseňem, garap ýüzüme, Müňkür bolmaýyn seň gara gözüňe. Diý, keýgim: “Gudrat bar, jady bar palda” Hudaý-ha aldatmaz, meni bir alda. Arzuwlaryň hasyl bolsun ylaýym. Menem saňa uzak ömür diläýin. Ömrüň pelsepesi bolsa-da belli, Palçy gelin, ber kalbyma teselli. Sözle, keýgim, gury gepde eçil sen, Kerler eşdip, körleň gözi açylsyn. Eneler dökmesin gözünden ýaşyn, Çytmasyn gözeller garlawaç gaşyn Ýetimleň ejesi gelsin, ynandyr, Umytsyz hassalar galsyn, ynandyr. “Güller solmaz!”—diýip, ynandyr meni, “Dostlaň ölmez!”—diýip, ynandyr meni. Nurek, Täjigistan, 1979. “Trud” gazýetiniň (9. 11. 2000) habar bermegine görä, Germaniýanyň “Fors” sosiologik derňew instituty nemesleriň kime hormat goýýandyklaryny anyklamak üçin ilat arasynda derňew geçiripdir. Şonda ilatyň 81-%-i alymlara, 65-%-i ýazyjylara, 32-%-i syýasatçylara sarpa göýýandygyny aýdypdyr. Munuň özi ilatyň agramly böleginiň ýurduň öňe gitmeginiň düýp çeşmesiniň nämededigine dogry düşünýändigine güwä geçýär. Ylym bilen medeniýetiň ösdürilýän ýerinde beýleki ugurlaryň öz-özünden ösjekdigi belli zat. Eger-de häzir Türkmenistanda şeýle derňew geçirseň, ilatyň köp bölegi, öňi bilen nepkeş täjirleri goldardy. Ikinji orun çeper höwesjeňleriňki bolardy. Ylym, medeniýet, syýasat bolsa iň soňky orunlara geçerdi. * Aşgabadyň “Aýna” restoranynda Çary Aşyrowyň 90 ýaşyny belledik. Resmi adamlardan gatnaşan bolmady, resmi gutlagam gelmedi. Biziň hiç kime düşnüksiz syýasatymyzyň Watany gorana, uzak ýaşana, ýurda abraý getirene, gara zähmetiň pidasyna, iň bir halal adama hormat goýşy şeýle. 11.12.2000. SSSR-iň ýykylmagynyň netjesinde biz—türkmenler medeniýet, ylym, bilim barada uly utulyşa galdyk. Häzir bizde özümizden ökdeden tälim almak, öwrenmek mümkinçiligi ýok. Şonuň üçinem biz häzir türkmeniň geçen asyrlardaky derejesine tarap yza barýarys. Bu barada oýlanýan diňe men ýa-da meniň köp sanly ýerli kärdeşlerim däl. ”Trud” gazýetiniň 2000-nji ýylyň iň soňky sanynda ady dünýä belli alym Sergeý Kapusanyň interwýusy çap boldy. Şondan bir abzasy terjime edýärin: “Mysal üçin, Türkmenistany alyp göreliň. Türkmenistanyň medisinasyny ösdürmek üçin her näçe pul goýberseňem, rus medisina ylmyna daýanmasa, hiç hili öňe gidişlik gazanyp bilmez”. * Atamyrat Atabaýew jaň etdi. Şu gün gowy şahyr, tapylgysyz redaktor, salyhatly, halal adam Tagan Söhbet 69 ýaşynyň içindekä Mary şäherinde aradan çykypdyr. Onuň aýdyma öwrülen käbir setirleri ýadyma düşdi: Gülýakaňy gül dek boýna Dakan çagyň ýatla meni. Gyzlar bilen agşam seýle, Çykan çagyň ýatla meni. Şemal öwsüp, çyksaň düze, Saçyň oýnar çöze-çöze. Gara zülpi Aý dek ýüze Döken çagyň ýatla meni. Güller solup, düşdümi güýz? Uzyn derek durmy ýalňyz? Penjiräňden şoňa, gül gyz, Bakan çagyň ýatla meni. 04.01.2000. Ýamanlyga kesekiden garaşma, özüňkiden garaş. * Dosty ýok, duşmany köp bilen, dosty köp, duşmany ýok bilen ýiti gatnaşjak hem bolmaly däl. * Taryha ser salsaň, syýasat diýen zat kä sagdan, kä soldan öwsüp gelipdir. 70 ýyl mundan ozal bolşewikler tarapyndan garşysyna göreşilen basmaçylar halk duşmany hasaplanýardy. Bu gün bolsa basmaçylara garşy göreşip gan döken bolşewikler halk duşmany derejesine ýetirilip barýar. Köne sowal ýüze çykýar: “Edebiýat kimiň tarapynda durmaly?”. 70 ýyldan soň boljak işi öňünden aňýan adam, ýazyjy barmy? Köne jogap kömege gelýär: “Ýazyjy hiç bir partiýa gulluk etmeli däl. ” | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |