21:56 Kyrk ýylda ýazylan kitap -30: Zenan näzikligi ýa-da "ýagşy söz..." | |
ZENAN NÄZIKLIGI ýa-da “ÝAGŞY SÖZ...”
Ýatlamalar
Ene-atasy Samarkandyň eteginde ýaşaýan kursdaşym Abdylla obasyny görkezmäge çagyrdy. Bag-bakja bürenip oturan arassa kyşlag. Öýländen soň Abdylla meni obanyň töweregindäki owadan ýerlere aýlady. Abdyllanyň kakasynyň traktorçy bolup işleýändigini bilýärdim. Ýöne ogly saryýagyzdan mylaýym bolany üçin ony hem şeýleräkdir öýdýärdim. Emma çakym çykmady. Gün ýaşyberende, aňyrdan orta boýly, garaýagyzdan gödek bir pyýada peýda boldy welin Abdylla: “Ana, kakamam işden geldi!” diýdi. Men Abdyllanyň kakasyna däl-de, ejesine çalymdaşdygyna düşündim. Gülçehre apa orta boýly, dolmuşdan ak ýüzli görmegeý aýaldy. Ahmet ekäniň aýagynda gonjy eplenen kirze ädigi, elinde könelişen gara sumkasy bardy. Egnindäki ýag, gum siňip giden kombinezony ony hasam agras edip görkezýärdi. Ahmet ekäniň ýüzi salykdy, gür gara murtlary aşak sallanyp durdy, ýadawlykdan bolmagy-da ahmal, özi-de keýpsiz görünýärdi. Asyl onuň gap-gara ýüzi ömürboýy ýylgyran ýüze-de meňzemeýärdi. Adamsynyň gelýänini gören Gülçehre apa, arassa elsüpürgiç bilen suwly taňkany hem bir bölek sabyny alyp oňa tarap ýöneldi. —Dodolary kelýaptiler! Dodolariniň uzlari kelýäptiler! Dodolary mehnet tortup kelýäptiler! Dodolarini Abdulla jonniň Turkmanistondan kelgen bir oşnasi ham kütüp oturupdy... Aýalynyň näzikden-näzik sesi bilen aýdylan ol sözlerden soň, Ahmet eke birden başga adama öwrüldi. Onuň ýüzüniň galyň hamy ýukalyp, salpy murtlary-da ýokaryk galan ýaly boldy. Gepiň keltesi, goja meňzäp gelýän adam birden ýigitlige aýlandy... Ýakymly söz, zenan näzikligi iň bir gödek adamda-da ýumşaklyk oýarýar eken. “Dädeleri gelýär! Dädeleriniň özleri gelýär! Dädeleri zähmet çekip gelýär! Dädelerine Abdylla janyň Türkmenistandan gelen dosty garaşýar!” Muny diňe “dädä” uly sarpa goýýan, oňa ýürekden garaşýan, ony görenine çyny bilen begenýän aýal aýdyp biler. Şondan bäri kyrk ýyla basalykly wagt geçenem bolsa, Gülçehre apanyň ýakymly sesi, mylaýym sözleri henizem gulagymdan gidenok. 12.11.2001. 1991-nji ýylyň 28-nji fewralynda, Türkmenistanyň ýazyjylarynyň iň soňky gurultaýynyň başlanmagynyň öň ýany, Atamyrat Atabaýew meni zaldan tapyp, Prezidentiň ýanyna barmalydygymy aýtdy. Gurultaý Ministrler Sowetiniň jaýynda geçýärdi. Şonuň üçinem A.Atabaýew meni Prezidentiň ol jaýda kabul etjek otagyna eltdi. Giň kabinetde Prezidentiň ýeke özi eken. Ol uly stoluň bärisine geçip, biz bilen salamlaşdy. Ol hal-ahwal soraşansoň, A.Atabaýew çykyp gitdi. Men S.A.Nyýazow bilen şol sapar ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolýardym. Onuň özi-de ýazyjylaryň gurultaýyna gatnaşmak üçin gelen eken. Şonuň üçinem 5-10 minutlyk duşuşykda, ol ikimiziň aramyzda üýtgeşik gep-gürrüň hem bolmady. Meniň netije çykaryşyma görä, ol meni diňe tanyşmak maksady bilen çagyran bolmalydy. Emma ol duşuşygyň başga-başga many bilenem baglanyşyklydygy soň-soňlar aýan boldy. Şondan göni bir ýyl geçenden soň, 1992-nji ýylyň 2-nji fewralynda Prezident meni ýene, ýöne bu gezek öz haýyşym boýunça kabul etdi. Ol meni köne tanşy ýaly açyk ýüz bilen garşylady. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýeti, onuň ertirki güni hakda esli wagt gürrüň berdi. Şol duşuşykda men onuň çakdanaşa ýatkeş adamdygyna, kellesinde örän kän informasiýa saklaýandygyna göz ýetirdim. Ol gepiniň arasynda: “Biziň halkymyz täzeçe ýaşamaga asla gaýym däl eken—diýdi. —Adamlar täzeçe ýaşaýşa başlamagy ýokuş görýärler. Özlerine derek ýolbaşçynyň ýa-da döwletiň oýlanmagyna halys endik edipdirler”. Prezident gepi aýlap-öwrüp, meniň üstümden getirdi. Ol bir ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Howpsuzlyk komitetiniň başlygy general Boýkanyň huzuryna gelip, ýazyjy Atajan Tagan Moskwada Türkmenistandaky syýasy gurluşyň garşysyna goýlan partiýany açdy diýip habar berendigini ýatlady. Men oňa: —Saparmyrat Ataýewiç, partiýa diýilýän zadyň iňňe däldigini siz menden gowy bilýärsiňiz. Partiýa döretmek üçin birtopar adam jemlemeli, açylan partiýa resmi ýagdaýda hasaba alynmaly, konstitusion organlar tarapyndan kabul edilip tassyklanmaly. Siz şeýle partiýanyň açylanyny-açylmanyny, öňüňizdäki telefonlaryň haýsysynyň trubkasyny göterseňizem, bir minutyň dowamynda anyklap bilersiňiz. Meniň partiýa döretmändigim hakykat. Galyberse-de, Moskwadaky türkmenler partiýa açan bolsalar, özüm ol partiýanyň agzasy bolmasamam, ol barada iň bolmanda, eşiderdim. Men-ä Moskwada türkmenler partiýa açypdyr diýibem eşidemok. —Menem şeýle pikir edýärin—diýip, çaky Prezident meniň aýdanlarym bilen ylalaşdy—Men generala “Siz beýle maglumaty nireden aldyňyz?” diýen sowal berdim welin, ol “Moskwada biziň öz adamymyz bar. Maglumaty şol iberdi”-diýdi. Prezident “KGB”-niň “öz adamynyň” adyny açyk aýtdy. Ol adamy men örän oňat tanaýardym. Ol özüni maňa dost hasaplaýardy. Men Prezidente: —Özüm-ä beýle habara ynanamok—diýdim—“Ol” adam biz bilen gabatlaşanda-da, öňürti KGB-ä sögüp, ondan soň salamlaşýardy. Onsoň ol nädip generalyň “öz adamy” bolýarka? —KGB-niň wekilleri şeýdip adamlary gepledýäler-dä!—diýip, Prezident ýylgyrdy. Şonluk bilenem, Atajan Taganyň “Moskwada açan partiýasynyň gürrüňi” gutardy hasap edildi. Men öz meseläme geçdim. Meniň Prezidentiň huzuryna barmakdan maksadym Moskwadan Türkmenistana gaýdyp gelmek meselämi maslahatlaşmakdy. Men ýagdaýymy düşündirdim welin S.A.Nyýazow: —Entek işläbersene şol ýerde!—diýdi. Men oňa 30 ýyldanam gowrak wagt bäri Russiýadadygymy, döredijilik planlarym bilen bärik aralaşmak isleýändigimi aýdanymda, ol: — Gaýdarça wagtam bolan eken. Ýeri, bolýa-da, gaýtsaň gaýt. Sen bärik gelip işlemekçimiň? —Başarsam-a, döwlet gullugynda işlemekçi däl. Ömürem geçip barýar. Diňe döredijilik işi bilen meşgullanmakçy. —Menden näme haýyşyň bar? —Ýagşyzadalar Görogla “At (a-at) gerekmi, zürýat?” diýenlerinde, ol-a “At gerek” diýipdir... —Saňa-da at gerekmi?—diýip, belkem, “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen at dilenjekdir öýden Prezident gülüp goýberdi. —Ýok, Saparmyrat Ataýewiç, maňa zat gerek. —Nähili zat? —Bir-ä, iki tomluk kitabymyň çykmagyna ýardam ediň, ýene hem awa gider ýaly “UAZ” maşynyny beriň! —Meniň kömekçimiň ýanynda otur-da, iki haýyşyňam arzasyny ýazyp gidäý. —Arza ýazaýyn welin, ozalam bir köneräk “Niwa” maşynymyň bardygyny hem size aýdyp gideýin... —Ony näme üçin maňa aýdýaň? —Barybir, özüm aýtmasamam, siz meniň maşynymyň bardygyny bilersiňiz... Dogrudanam, hut şol günüň ertesi B.Hudaýnazarow, A.Atabaýew, A.Bugaýew üçüsi huzura baranlarynda, Prezident düýn meni kabul edendigini, maşyn diländigimi aýdypdyr. Şonda huzura baranlaryň biri, desbi-dähil: “ Atajan Taganyň ozalam maşyny bardy, ýaşuly” diýip, ony gizlin syr ýaly edip habar beripdir. Prezident oňa: “Maşynynyň bardygyny Atajanyň özi maňa aýtdy--diýipdir. – Ol ýoldaşlaryny tanaýar eken!” Bir hepde geçip-geçmänkä, maňa Prezidentiň öz fondundan “UAZ” maşyny berildi, ýöne kitaply haýyşymdan welin netije çykmady. 1992. Paradoks: Turşy süýji. * Türkmen ýazyjylarynyň 92 ýaşly Çary Aşyrowdan soňky iň ýaşulularynyň biri Atda Durdyýew. Ol 80 ýaşynda. Atda aga agyr ýatyr. Şu gün şahyr Amanmyrat Bugaýew ikimiz ony soramaga bardyk. Segsen ýaşanam bolsa, akly-huşy ýerindäki ýaşuly, öz bolşuna kybapdaş alçak, açyk. Ýagdaýyny ýuwmarlajagam bolanok. “Ömrüň soňunyň şeýle ezýetli boljakdygyny öňünden bilen bolsam, bu jahana gelmezligiň aladasyny ederdim. Uruşda ýaradar bolup, buzly meýdanda urnup ýatyrkamam, gözýaş etmändim welin... Elbetde, kişilik däl. Ýöne gözýaş birneme ynjalyk berýär eken... Bir hepde bäri hiç zat iýemok. “Hurşum—işdäm” diýen nakylyň manysyna men indi göz ýetirdim... ” “Hurşum—işdäm” diýen nakyly men şu gün birinji gezek eşitdim. 15.01.2003. “Injili” ýene bir gezek elime aldym. Elbetde, pygamberleriň hemmesine-de hormat goýýarys. Adamzadyň häzirki ýeten derejesinden garanyňda birhiliräk ýaly bolup görünse-de, pygamberler öz döwrüniň çygrynda örän uly işler eden adamlar. Eger-de adaty adamlar bilen deňeşdirilende, hertaraplaýyn artykmaçlygy bolmadyk bolsa, olar pygamberlik derejesine ýetrip bilmezdiler. Emma ”Injiliň” rus dilindäkisinden birki jümläni terjime edeýin welin, siz oňa üns beriň. Ol sözleri aýdyp gideniň Isa (Iusus) pygamberdigine garamazdan, siz ol aýdylanlara pygamberiňki däl nazaryňyz bilen baha beriň! 1. “Duşmanyňyzy söýüň. Özüňizi ýigrenýänlere ak pata beriň” 2. “Ruhy taýdan garyp adam bagtlydyr” 3. “Siz “Näme iýsemkäm?” diýip, öz janyňyzyň, “Näme geýsemkäm?”-diýip, öz teniňiziň aladasyny etmäň. Guşlara seredip görüň! Olar ekinem ekmeýärler, hasylam ýygnamaýarlar. Olary beýik Atamyz (ýagny, Hydaý. —A.T.) ekleýär. Sen näme şol guşlardan üýtgeşikmi?” Men ýokarky aýgytlar dogrusynda okyjyny öz tarapyma çekjek bolmaýaryn. Ýöne: 1. Näme üçin duşmanyňy söýmeli. Ýigrenmezlik başga gep. Emma näme üçin duşmanyňy söýmeli? Sen näme üçin onuň öz garşyňa etjek ýaman hereketlerine ak pata bermeli? 2. Hiç zada düşünmän, hiç zadyň parhyna barman ýaşamagyň ýeňil bolmagy ahmaldyr. Ýöne ruhy taýdan garyp bolmaklyk artykmaçlykmyka? 3. Adam, näme üçin öz iýjeginiň, geýjeginiň aladasyny etmeli däl? Guşlar ekin ekmeýär diýip, adamam öz ýaşaýşynyň gamyny iýmän oňup ýörmelimi? Guşlar näme ýaşamak üçin alada etmeýärlermi, zähmet çekmeýärlermi? Dogry, iki tarapa-da çekilmäge gaýym pikir haýsy tarapa gatyrak çekseň, şol tarapa-da gyşarar. Menem özümiň pes baha bermekde-de, belent baha bermekde-de birneme maksimalistdigimi bilýärin. Şonuň üçinem Isa pygamberiň guşlar hakdaky aýdanlaryny galamdaş ýoldaşym Kakajan Açylowyň teswirleýşini şu ýerde mysal getirmekçi. Ol takmynan şeýle: Artykmaç iýjek bolup, artykmaç geýjek bolup selpäp ýörmeli däl. (Isa pygamber myny edil şeýle däl-de, başgaçarak aýdýar ahyryn. —A.T.) Ýagdaýyňa, berlenine şükür edip ýaşamaly. Ykbalyň, nesibäň bereninden artyk aljak bolup, özüňi gynamaly däl. Pygamber, öz pikirini sada adamlara-da has düşnükli bolar ýaly guşlary mysal getirýär. Bu mysalda K.Açylowyň çözgüdiniň dogry bolmagy-da ahmal. Ýöne soňky iki aýgytda welin. . . 2002. Rus edebiýatçylary “Talanta wsegda nado toçit” (“Talanty elmydama ýitiläp durmaly”) diýýärler. Şu gün Antonin Zgoržyň Bethoweniň ömrüne hem döredijiligime bagyşlanan “Ýalňyz özi ykbalyň garşysyna” diýen kitabyny okadym. Asyl Bethowen heniz harp öwrenmänkä, nota öwrenen eken. Onuň düňýä inip, gulagynyň ilki eşideni saz, gözüniň ilki göreni roýal-u, beýleki saz gurallary. Bethoweniň talanty enesinden doglan badyna taplanyp başlanypdyr. Onsoňam beýik şahslaryň köpüsi, ýoluny saga-çepe sowman, başyndan her hili agyr külpet inse-de, diňe Hudaý beren ukybyny ösdürmek, taplamak bilen meşgullanypdyrlar. Şeýlelikde, olar başarylmajak zady başaryp, boldurylmajak zady boldurypdyrlar. “Depme kerlik” bilen sazandalygyň bir ýoldan ýöräp bilmejekdigine hemme kişi akyl ýetirýändir. Sebäbi saz gulak bilen—eşitmek bilen diňlenýär hem döredilýär. Emma Bethowen gök gümmürdisiiň sesini-de eşitmeýän derejedäki gutarnykly ker bolsa-da sazdan el üzmändir. Onuň şeýle ýagdaýda-da saz döredişi, ony il-günüň, döwletiň sylaýşy hakda oýlanyp, özümiz barada pikir etdim. Eger 200-300 ýyl mundan ozal türkmenlerde-de 6-7 ýaşly ukyply çagalara dutary, gyjagy, beýleki saz gurallaryny çalmak öwredilip, notadan hem ders berlen bolsa, musulman dini çeperçilik sungatynyň garşysyna göreşmedik bolsa, şeýle hem ýüze çykan talantlaryň döreden eserleri Ýewropa ýurtlaryndaky ýaly döwlet tarapyndan hormatlanyp, medet berlen bolsa... * Özümiň telim ýüz sahypalyk uly eser ýazmaga ukubymyň ýokdugy üçin şeýle pikir edýän bolmagym-da ahmal welin, mundan bu ýana edebiýatda “Woýna i mir”, “Aýgytly ädim”, “Doganlar” ýaly telim kitapdan ybarat romanlar ýazylmasa gerek. Sebäbi adam durmuşyna tehnikanyň ornaşmagy, onuň münkinçilikleriniň artyp gidip barmagy wagty gyssady. Durmuşyň akymynyň tizleşmegi bilen adamyň gabat gelen zada wagt ýitirmäge haýpy gelýär. Bu meselede ýazýanam, okaýanam kybapdaş pikir edýän bolsa gerek. Şonuň üçinem uly romanlar modadan düşer. Häzir Ýewropa ýurtlarynda 80-90 sahypalyk romanlaryň döreýäni hem şonuň bilen bagly bolmagy ahmaldyr. 31.12.2001. Urşa girip çykan adam uruşdan gorkandygyny söweş gutaranyndan soň bilip galýan bolsa gerek. * Şklowskiniň, Bondarýewiň, Rasputiniň, Moemiň hem başgalaryň edebiýat, durmuş hakdaky oýlanmalaryny, hatlaryny okasaň, ukybynyň dürli-dürlüdigine garamazdan, ýazyjylaryň köpüsiniň durmuşa garaýşy birmeňzeşräkdigine göz ýetirýärsiň. * Meniň garry enem “Beýgi gör-de, pikir et, pesi gör-de, şükür et” diýen nakyly kän gaýtalaýardy, bäş wagt namazyň yzyndanam “Edenňe şükür, Taňrym!” diýýärdi. Men şol mahal, sekiz çagasy-da bir ýaşaman ýogalan, ölmän adam bolan ýalňyz perzendi-de 31 ýaşynda uruşda wepat bolan, iýmäge, geýmäge zady ýok, köneje gara öýde ýaşaýan garry enäniň “Edenňe şükür!” diýip, Hudaýdan razy bolşunyň manysyna düşünmeýärdim. Belkem, ol ýeke oglunuň ojagyndaky oduň öçmejegine, ondan nesil galandygyna şükür edendir. Ýarymaç garry başga nämeden razy bolsun! Özümi göz öňünde tutup, şol nakyl barada oýlanýaryn. Özümden beýgi görüp, pikir edýärin. Hernäçe pikir etsemem, meniň ol beýiklige ýetmäge ukybym ýok ahyryn. * Meniň “kitaphanaçym” Kakajan Durdyýewiň baý kitaphanasy bar. Ol şu günem bir topar kitap getirip gitdi. Oleşa, Moem, Boris Bedniý, Şopengauer. Kakajan diňe meni däl, Atamyrat Atabaýewi-de kitap bilen üpjün edýär. Şu gün Atamyrat maňa jaň edip: “Kakajana “Hak tölemeseň ýa-da hepdede bir gezek myhmançylyga çagyrmasaň, kitaplaryňy okajak däl” diýeli” diýip degişýär. Umuman, Kakajan Durdyýew köp okaýan, köp işleýän, jepakeş adam. 14.10.2003. Ulumsy, gaharjaň hem garasöýmez awtor okyjynyň göwnünden turar ýaly eser döretmäge ukypsyzdyr öýdýärin. Çünki beýle häsýetli ýazyjy okyjyny adam hökmünde hormatlamagy başarmaz. * Başyna düşen masgaraçylykdan hem agyr işden sypmak üçin oňa kömege ýetişen iň ýakyn hossary ölüm boldy. * Ol döwlet işinde işlemäge başlamazyndan ozal şahandazdy, oturylyşyklaryň bezegidi, märekemandy. Uzak ýyllaryň dowamynda çinownik bolup işlemegi ony gury agaja çalymdaş edipdir. Onda ne ýaprak bar, ne-de miwe. Içini gurçuk iýen, daşy gaty gury töňňe-dä. Ol adamlar bilen ýylgyryşmagy-da, ýürekden gürrüň edişmegi-de unudypdyr. Indi ol garry adam bolsa-da, çinownikligiň özboluşly tertip-düzgüninden, gülkünç endiginden çykyp bilmeýär. Şeýlelikde, ol ýarym gepde ýüregiňi bilip duran ýakymly garry hem däl. Ol ýöne çinownik. * Aýaly Sofýa Andreýewna 13 çaga dogranam bolsa, Lew Tolstoý, umuman, çagany halamandyr. (T.Afanasýewiň “Maşgala” diýen kitabyndan okadym). * Kalp ysnyşygyndan dostluk döreýär. Akyl ysnyşygyndan hormat döreýär. Ten ysnyşygyndan höwes döreýär. Şol üç ysnyşygyň jeminden söýgi döreýär. (“Şetdaly şahalaryndan”) Şu gün hormatly ýazyjymyz, türkmen edebiýatynyň ösmegi üçin ägirt uly işler eden Çary Aşyrowy iň soňky ýoluna ugratdyk. Tabydy göterip barýarkak, onuň käbir setirleri kelläme geldi: Gidere ugur tapman, sümere deşik, Iýere nan tapman, geýere eşik. Bız hem nälaç şol baýyňka ugradyk, Garyplykda suwsuz gül dek guradyk... Çarýar bir sada ýigitdi, Emma gara eken bagty. Çagalarny döküp gitdi, Aýny hossar gerek wagty. Gep ýumrukdy, laldy diller Akyl güýç däl, güýç akyldy. Nähak ýere gyzyl ganlar Döküldi, dostlar, döküldi... Nirede sen Nina, ermeni gyzy, Gezsem taparmykam bütin Soýuzy? 20-nji asyr türkmen edebiýatynyň uly şahyry, öndümli işlän prozaçysy Çary agamyzdan jyda düşdük. 04.02.2003. “Gamşy gowşak tutsaň, el gyýar” nakyly Hudaýberdi işan: “Gamşy gowşak gyssaň gol gyýar”diýip aýdýardy. Ol has gowy ýaly. Sebäbi, nakylyň hemme sözleriniň baş harpy “g”-dan (assonans) başlanýar. * Özüňi söýmeýäni-de söýmek ýakymly. * 30-40 ýyl mundan ozal türkmen obalarynda özüňe “Gowy ýigit” diýdirmek örän kyndy. Onuň onçakly ýeňil bolmadyk şertleri bardy. Arak-şerap içmek hakda-ha gürrüňem ýokdy welin, gowy ýigit ene-ata sarpa goýmalydy, öňünden çykan tanş-u-nätanyş uly adama salam bermelidi, odun, ot ýygmalydy, garry atasyny ýadatmajak bolup, säher turup, mal-gara seretmelidi, işden gaçmaly däldi, gojalary, mekdep mugallymlaryny has-da hormatlamalydy, olaryň öwüt-ündewlerini kabul edip, bir aýdanlaryny iki gezek gaýtalatmaly däldi, ogurlyk-jümrüligiň golaýaynda görünmeli däldi, çilimden, nasdan arassa bolmalydy... Indi nähili? Indi obada özüňe “Gowy ýigit” diýdirmegiň ýekeje şerti bar. Ol hem geroin çekmezlik. Şonda-da obadaky gowy ýigitleriň sanyny barmak basyp hasaplaýmaly. 1991. Akylly adama akyllylygy zerarly howp abanyp biler. Emma akmak beýle howpdan azatdyr. * Eli egrilik, galplyk kelläňe gelmejek hile bilenem ýüze çykýar eken. Meniň ozal ministr bolup işlän bir ýoldaşym, pensiýa çykanyndan soň, hojalygynyň bazarlyk aladasyny hem özi edip başlady. Bazarda bolsa, kartoşka alsaňam, sogan alsaňam, kem çekip berýärler. Şonuň üçinem ozalky ministr jübä salaýmaly el terezisini satyn aldy. Şeýlelikde, ol bazardan zat alsa, öz terezisi bilenem ölçeýärdi. Ol galp satyjylary ýeňýändigi üçin biziň ýanymyzda öwünmäge başlady: “Men siz ýaly däl. Akmak nepkeşlere özümi oýnadyp ýöremok”. Ýöne ol bize maryly nepkeşlerden utulyşyny hem gürrüň berdi. Bir gezek meniň şol ýoldaşym täze alan “Jip” maşynyna atlanyp, Aşgabatdan Mara, öz dogduk obasyna gidýär. Ol Hanhowuz suw howdanynyň golaýynda, akar ýabyň gyrasynda balyk satýan ýigitleriň ýanynda maşynyny saklaýar-da, ýalpak suwdaky ýüp bilen daňylgy balyklaryň iň ulusyny saýlaýar. Balyk 7 kg. çykýar. Alyjy, terezisi hem mydama ýanynda bolansoň, “barlag çekimini” edýär. Terezi 7 kg. 200 gramy görkezýär. “Marylylar aşgabatlylardan ynsaply eken” diýip içini gepleden ýoldaşym, maşynyň gapysyny açýar-da (özi elini hapalamajak bolup) “Şu ýere taşlaý, inim!” diýýär. Emma balyk ýigidiň elinden sypýar-da, ýere gaçýar. “Wah. elimden sypdy-da!—diýip, balyk satýan ýigit ahmyr edýär. —Ýekeje minut garaş, agam. Men myny ýuwaýyn, ýogsam maşynyňy hapalar”. Ýaba tarap ylgan ýigit hapalanan balygy derrew ýuwup gelýär. “Jip” Mara tarap ugraýar. Obadaky öýüne ýeten ýoldaşym balygy maşyndan çykaran wagty, kalbyna müňkürlik aralaşyp, ony ýaňadandan çekip görýär. Hanhowuzdaky 7 kg. çykan balyk bir sagatdan soň oba gelýänçä, gaty “horlanan” eken. Tereziniň görkezijisi 5 kg. 100 grama-da ýetmän durýar. Şondan soň meniň ýoldaşym satyjynyň balygy elinden tötänden gaçyrmandygyna, “hapalanan” harydyny ýuwmak bahanasy bilen gidip, daňylgy duran balyklaryň kiçirägi bilen çalşyrandygyna göz ýetirýär. 1998. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |