21:51 Kyrk ýylda ýazylan kitap -29: Gojukda eşdenlerimden | |
GOJUKDA EŞIDENLERIMDEN:
Ýatlamalar
- Gurbaga warryklanda näme diýýänini bilýäňmi? - Bilýän. Gurbaga: “O ýurt, Bu ýurtr, Mary bir uly ýurt, Tejeniň suwy bir owurt”--diýýär. * Atam diýip, sarpa goýup, Gelmeseňem gelme, oglum. Ýöne Hudaýdan dilegim: Men ölýänçäm ölme, oglum. * Gara ýer bir aç towukdyr, adam ogly dänedir. ýa-da: Agzy ganly, at-ýaragly mertlerimden aýrylyp, Daglara saýa salgan bürgütlerimden aýrylyp. Göwnümden turan soňky üç setiriň awtorynyň kimdigini bilmeýärin. Olary 15- 16 ýaşly oglankam eşidipdim. Mary teatrynda işleýän Sähetmyrat Welmyradow, seýregem bolsa, Gojuga gelende, saz çalyp, obadaşlaryna hezil berýärdi. Bir gezek ol ýaşulularyň göwnünden turmak üçin, tutuş agşam, sazyň ýany bilen “köneçeden” hiňlendi. Men ýokarky setirleri şonda eşidipdim. “Daglara saýa salan bürgütler!”, “Gara ýer bir aç towukdyr, adam ogly dänedir!”. Nähili gowy obraz! Ony haýsy şahyr döretdikä? * Beýik adam peselip biler, emma pes beýgelmez. * Samsyklyk iki hili bolýar. Olaryň biri—gepläp bilmezlik, beýlekisi—geplemän durup bilmezlik. (Şuny-ha bir ýerde okan bolmagymam ahmaldyr.) * Men düşünmeýän zatlarymyň käbirine düşünmäge gorkýaryn. Şonuň üçinem köp zatlara düşünmeýänime gatybir gynanybam duramok. * * * Rus ýazyjysy I.A.Gonçarowyň hatlary çap edilen kitap elime düşdi. Ol “Siziň romanyňyzy terjime edýärin” diýip, daşary ýurtly terjimeçileriň ýazan hatlaryna: “Siz meni begendirdiňiz, örän minnetdr. Ýöne siz öz okyjylaryňyzy rus dünýäsi bilen has ýakyndan tanyşdyrmak isleseňiz, meniňkiden öňürti Tolstoýyň, Ostrowskiniň eserlerine üns beriň!” diýip, jogap ýazýar eken. Umuman, rus ýazyjylarynyň galamdaşlaryny özünden ileri tutan pursatlaryna men kän gezek gabat geldim. Bizde nähili? Köp mysaldan birini getireýin. 20-nji asyr türkmen poezýasynda uly yz galdyran şahyr Allaberdi Haýydowyň goşgularyny terjime edip, rus okyjysyna ýetirmek barada neşrýat bilen gepleşik gutaran badyna direktoryň adyna türkmen ýazyjysy Nargylyç Hojageldiýewden telim sahypalyk hat geler. (Onuň türkmen ýazyjylarynyň aglabasynyň üstünden kemsidiji hem zyýan beriji hatlary gaty kän gezek ýazandygy üçin men onuň adyny açyk görkezmäge mejbur bolýaryn.) Ol öz hatynda A.Haýydow diýilýän şahyryň türkmen poeziýasynda iň gowşak şahyrdygyny, onuň eserleriniň türkmen okyjylary tarapyndan asla okalmaýandygyny “hakykatyň hem edebiýatyň hatyrasy üçin” habar berer. Herniçik-de bolsa, neşirýatda az-kem müňkürlik dörär. Netijede, şahyryň golýazmasy ýaňadandan derňewe berler. Kynçylyk üste kynçylyk dörär, terjimeçi, resenziýaçylar türkmen edebiýatynyň wekili bir topar wagt ýitirer. Türkmen ýazyjylarynyň birnäçesi diňe öz şahsy aladasyny edýär. Meniň şahyrçylygyna uly sarpa goýýan hem ýakyn dostlarymyň biri Atamyrat Atabaýew ile, galamdaşlaryna päsgel berýän, olara ýamanlyk isleýän adam däl. Ýöne ol Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçysy bolup işlände, beýleki respublikalardan “Antologiýada” ýa-da ýygyndyda çap etmek üçin türkmen şahyrynyň bir goşgusy haýyş edilip hat gelse, gepsiz-gürrüňsiz öz goşgusyny hem iberýärdi. Ýarym ýyl mundan ozal Kiýewde ukrain dilinde çap bolan “Ensiklopediýa” geldi. Onuň türkmen edebiýaty bölüminde diňe A.Atabaýewiň suraty hem döredijilik beýany bar. Men A.Atabaýew oňa mynasyp däl diýmekçi bolmaýaryn. Ýöne men onuň nähili beýle bolýandygyna-da belet. Moskwada şeýle ensikjopediýa çykanda neşirýat Ýazyjylar soýuzyna hat ýollap, kitapda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň iki sanysyna orun goýlandygyny habar berýär hem ol awtorlaryň kimler bolmalydygyny soraýar. Biz bolsa şahyrlardan Magtymgulyny, prozaçylardan Berdi Kerbabaýewi, eger-de olar öňki neşire goşulan bolsalar, Mollanepesi hem Beki Seýtäkowy ýa-da başga klassyklary hödürleýärdik. Özümizi, öz deň-duşlarymyzy hödürlemegiň pikirinem etmeýärdik. Ýokarky sözler gybat däl. Men A.Atabaýew ukrain ensiklopediýasyny görkezende: “Özüňi sylamaly. Ýöne seniň bu edýän hereketiň gelşikli däl” diýsem, Atamyrat ýylgyrdy-da: “Sen 30 ýyllap Moskwada türkmenleriň aladasyny ede-ede, ahyrynda “Taňryýalkasyn” aldyňmy?—diýdi. —Özüň öz aladaňy etmeseň, hiç kim seniň aladaňy etmeýär. Men şol teoriýa uýýan, agam. “Aklyň bolsa jan çekme, janyňdan özge jana” diýip, Kemine pahyr ýöne ýere aýdandyr öýdýärmiň?” A.Atabaýew mamlamy? Umuman, türkmenleriň arasynda ýaşajak bolsaň, onuňky dogry ýaly. Bolsa-da... 12.1994. Birnäçe ýyl mundan ozal men şu gündelikde hakyky ýazyjynyň hökümetiň edara edişdäki käbir hereketini goldamaýandygyny belläpdim. Döwlet ýaly uly maşgala ýolbaşçylyk etmekdäki bilinibu-bilinmän goýberilýän kiçijik ýalňyşlyklaryňam halk köpçüligine uly zyýan bolýandygyna gowy düşünýän ýazyjy döwletiň käbir syýasatyna bil guşap garşy durmak derejesine çenli ýetýär. Başgaça aýtsak, hakyky ýazyjy oppozisionerdir. Men şeýle pikiri hiç ýerde okamandym, hiç kimden eşitmändim. Yrga bolaýmagy-da mümkin hasaplasamam, ony diňe özüm tapyp, özüm belländirin öýdýärdim. Emma şu gün “Woprosy literatury” žurnalynyň 1989-njy ýylda çykan bir sanyna sataşdym. Onda Raisa Orlowanyň (birki ýyllykda men onuň Lew Kopelýew bilen bilelikde ýazan “My žiwýom w Moskwe” diýen örän täsirli kitabyny okapdym) “Russkäýa sudba Hemingueý” diýen makalasy bar eken. Onda amerikan ýazyjysynyň şeýle setirleri getirilýär: “Ýazyjy halky sygan ýalydyr. Onuň hiç bir döwletiň öňünde borjy ýokdur. Hakyky ýazyjy öz ýurdunyň hökümetinden hiç mahal hoş bolmaýar. Döwlet býurokratiýasy bilen çaknyşan pursatyndan başlap, gowy ýazyjy ony halaman ugraýar. Hökümetem býurokratiýanyň elini ulanyp, talantly ýazyjyny bogmak bilen bolýar. Çünki hökümet ösüp belli bir derejä ýeteninden soň, adalatlykdan daşlaşýar”. Beýle pikiri ozal okamandygym, eşitmändigim özüme aýan. Emma men 20-nji asyryň otuzunjy ýyllarynda aýdylan pikiri 70 ýyldan soň gaýtalapdyryn. Diýmek, ömür, ýaşaýyş—gaýtalanmak bilen. 2002. Marynyň bir obasyndaky tanşym, jaýy iki köçäniň çatrygynda bolansoň, melleginiň daşyna üç metr çemesi beýiklikde ýukajyk galaýy ýaly zatdan haýat aýlapdyr. Meniň: “Beýle mäkäm haýat salkyn şemalyň geçmegine päsgel bermeýärmi?” diýen sowalyma: “Myhman üste myhman gelip dur. Her gün bolmasa-da, üç günden-ä bir goýun soýulýar, çişlik bişirilýär. Hemmesem köçeden geçene görnüp dur. Il-günüň ýaşaýyş derejesinem özüň bilýäň...” diýen jogap gaýtaryldy. Günde-günaşa goýun soýulýanyny ýylda bir gesek hem goýun soýmaýan garyp-gasardan gizlejek bolmak, elbetde, adamçylykdan nyşan. Galplyk bilen gazanylan baýlyk käbir adamyny birneme oýlandyrýar eken. Ýöne men oňa: “Bişýän naharlaryň, çişligiň ysyny haýat bilen saklap bolýarmy?” diýip berläýmeli sowaly welin berip bilmedim. 1997. Dünýä aç-ýalaňaçdan doluka, özüňi bagtly saýmak ynsapdan daşda durmakdyr. * Ýarym gije bulganda, Gapyny açgan kim bulgaý? Çit balakny şypbyldadyp, Törge utgen kim bulgaý? Ýarym gije bulganda, Gapyny açgan min bulgaý. Çit balakny şypbyldadyp, Törge utgen min bulgaý. (Hydyr Derýaýewiň tatarça-türkmençe hiňlenmelerinden.) * Rus okyjylarynyň özboluşly bur häsiýeti bar. Olar Wadim Kožewnikow, Semýon Babaýewskiý ýaly gazet-žurnallarda eserleri öwlüp arşa çykarylýan, döwlet sylag-serpýlarynyň hemmesini alýan ýazyjylaryň kitaplaryna ullakan ünsem bermän, A.Platonow, W.Dudinsew, Warlam Şalamow ýaly döredijiligi ähli ýerde tankytlanýan ýa-da gadagan edilen ýazyjylaryň eserlerini ürç edip okaýarlar. * Hakyda—gutaran ömri uzaltmaga hem ölümiň garşysyna çykmaga edilýän synanyşykdyr. * Men türkmen ýazyjylarynyň hem okyjylarynyň düşünje derejesiniň rus ýazyjylarynyň hem okyjylarynyň düşünje derejesi bilen deňeşdirilende, gaty tapawutlanýandygy barada kän gürrüň edýärin-de, rus ýazyjylarynyň diňe 19-njy asyrda ýazan kitaplarynyňam sanýetmezdigini nygtamagy unudýaryn. Elbetde, biziňem geçen zamanlarda Tolstoý, Dostoýewskiý, Turgenýew, Gonçarow, Griboýedow ýaly prozaçylarymyz bolan bolsa, şu günki okyjylarymyzyň aň-düşünjesi başgarak bolardy. Şeýle hem fransuz, iňlis, nemes, izpan dillerini kössüz bilýän rus ýazyjylarynyň, terjimeçileriniň gaty kändigi sebäpli, rus edebiýaty dünýä edebiýatynyň ýokary nusgasy bilen şeýlebir baýlaşdy welin, onuň söz bilen aýdyp bahasyna ýeter ýaly däl. Dünýä edebýatynyň iň gowy eserleriniň diňe 20-nji asyrda rus diline terjime edilenlerini, başga iş etmän okap çykmak üçinem ýüzlerçe ýyl ömür gerek bolar. Elbetde, terjime eserleriniň özi-de uly bir mekdep ahyryn. Bizde şol mekdep geçmişde-de bolmandy, häzirem ýok. * Meniň institut ýoldaşym, häzir Amerikada ýaşaýan özbek ýigidi, terjimeçi Kamron Hakimow birinji kursdan başlap, tä okuwy tamamlaýançak, özüniň garry enesini günde-günaşa ýatlaýardy, onuň mylaýym hem süýji dilli kempirdigini aýdýardy. Özi-de, şol mahalam 80 töweregi ýaşan garry 12 ýaşyndan şu mahala çenli bäş wagt namazyny hem sypdyrman okaýarmyş. Kamron enesiniň suratyny-da mydama ýanynda göterýärdi. Biz hem kempiriň şekilini hälimi-şindi görýärdik. Şeýlelikde, Kamronyň ak ýüzli, kiçijik enesi bize-de ene ýaly bolup galdy. Daşkentden gelýän hatlarda Kamronyň “dust-ýorlariga-da yssyk salom” gelýärdi. Biz şol garryny görmegiň arzuwundadyk. Nesibe şeýle bolup, instituty tamamlanymyzdan soňam, Kamron ikimiz SSSR Ýazyjylar soýuzynda , bir kabinetde köp ýyllaryň dowamynda bile işledik. 1968-nji ýylda Daşkent şäherinde dünýä möçberinde örän uly ýygnak geçdi. Edaramyzyň Orta Aziýa degişli jogapkär işgärleriniňem köpüsi ol ýygnaga gatnaşmaly boldy. Daşkende baran günümiziň ertesi Kamron meni myhmançylyga çagyrdy. Men “Ahyr onyň garry enesini görmek miýesser etjeg-ow!” diýip begendim. Emma meniň arzuwum hasyl bolmady. Sebäbi biz Daşkende gelenimizden dört-bäş gün ozal şeýle bir waka bolupdyr: Daş-iç girip-çykyp ýören kempir, hasasyny tyrkyldadyp, dul-degşir ýaşaýan goňşusy bolan rus aýalynyň öýüne barýar. Kempir ozalam mahal-mahal ol öýe barýar eken. Bu gezek welin Kamronyň enesi rus goňşusynyň et gowrup duran pursatyna gabat gelýär. Bäş-alty dogramçany tarelka çykaryp, goňşusynyň öňünde goýan aýal “Kuşaýte, apa!” diýýär. Täze hem ýumşajyk et garrynyň agzyna hoş ýakýar. Ol tarelkadaky dogramçalaryň hemmesini iýýär-de, töwir galdyryp, goňşusuna minnetdarlyk bildirýär... Kamronyň kakasy, “Uzbekfilm” kinostudiýasynyň baş redaktory Maruf eke agşamlyk işden dolanýar. Ol saçak başynda ejesi bilen bile oturmagy halaýar eken. Garry ene oglunyň ýanyna gelip otursa-da, nahara elini uzatmaýar, ýap-ýaňy Maşa goňşusynyň bişiren ýumşajyk etinden iýip gaýdandygyny aýdýar. Düýn rus goňşusynyň doňuz soýanyndan habarly Maruf eke: —Sen, eje, musulman. Özüňem bäş wagt namazyňy yrman okaýaň, oraza tutýaň, Alla hormat goýýaň... Sen ol eti iýmeli däl ekeniň. Ol seniň agzyňa degirmeli zadyňam däl ahyryn—diýýär. — Maşa gelin “Kuş eti” diýse iýäýdim. Kuş eti bolansoň, ýumşajygam eken. Kän mahal bäri guş etinem iýmändim-de... Ogly oňa rus dilindäki “kuşaýte” diýen sözüň “kuş eti” (guş eti) bolmaýandygyny, iýeniniň doňuz etidigini düşündirýär. Beýle habary eşiden namazhon kempir ak saçlaryny penjeläp: —Woý, do-ot!—diýip, çirkin gygyrýar-da, öz bolýan otagyna tarap eňýär. —Indi men nusulman bendesiniň gözüne görnüp bilmen! Guş etidir öýdüp, doňzuň etini iýensoň, özüni kapyra öwrülendirin öýden kempir şondan bäri ýüzüne perde örtüp, otagyny içinden gulplap ýatanmyş. Ol aýak ýoluna-da diňe garaňky düşensoň gidýärmiş. Men köp ýyllardan bäri ol garryny görmek arzuwunda bolandygymy aýtdym welin, Maruf eke aýalyna tarap ýylgyryp seretdi. —Uzak ýoldan gelen myhman salamlaşmak isleýär dagy diýseň daş çykmazmyka? Garrynyň otagyna tarap giden aýal derrewem yzyna dolandy. —Yryp bildiňmi?—diýip, Maruf eke derrew sowal berdi. —Ýok—diýip, Kamronyň ejesi başyny ýaýkady. —“Kamron janyň aşnasy. Özi-de türkmen ýigidi. Sizi görmek üçinem ýörite gelipdir” diýsemem: “Türkmenem musulman. Men indi musulmanyň gözüne görnüp bilmen” diýip otyr. Şeýlelikde, men dostumyň söýgüli enesi bilen salamlaşyp bilmän gaýtdym. Birki ýyl gecensoň, kempir dünýäden ötdi. Kamronyň maňa aýtmagyna görä, ol ölüm ýassygynda aljyrap ýatyrka samrasa-da, şol “guş etini” iýşini hakydasyna getirip, Hudaýdan ötünç sorap gidipdir. * Söýmekden ýigrenmek aňsat. * Adama ýagşylyk etmekden lezzet alýan adam gowy adamdyr. * Türkmenlerde köneden gelýän, gulaga ýakymly atlar barka, obalara“Ýalkym”, “Dostluk”, “Gyzylmeýdan”, ”Uçgun” daýhan birleşigi “ (Obalarda diňe daýhanlar ýaşaýarmyka?) ýasama hem ýuwan atlary dakmak ýoň boldy. “Gojuk obasy”, “Sazakly oba”, “Çäşdepe obasy” diýen ýaly owadan atlary ulanmaly ahyryn. Ozal Mary sebitlerinde obalara “Çarlakýap”, “Akýap”, “Gowşutbent” diýen ýaly ýerli ýagdaýa kybapdaş atlar dakylar eken. Kakanyň üstünden geçip, Mara tarap barýarkaň, uly ýoluň sag tarapynda: “Kaka etrap “Ýüzbaşy obasy” diýen owadan ýazgy bar. Nähili oňat! * Ýömutlarda Teke, Ärsary, tekelerde Ýömut, ärsarylarda Saryk diýen adam atlary bar. Bu türkmen tireleriniň raýdaşlygynyň şaýady. Türkmen özüňiň iň ýakyny bolan çagasyna Gazak, Gazakbaý, Özbek, Owgan, Arap diýen atlary hem dakýar. Bu hem onuň saýry milletlere hormat goýýandygyny aňladýar. * Rahym Esenow jaň etdi. Ol gep arasynda: “30 ýyl mundan ozal Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolup işleýärkäm, sen tarapyny çalsaňam, bir dostumyň gepine gidip, Kakabaý Gurbanmyradowy işden boşatdym. Şol hereketimiň gaty ýalňyş bolandygyna indi düşünýärin. Asyl Kakabaý maňa aýdylyşyndan başga adam eken” diýdi. Ýalňyşyňa düşünmek gowy zat. Ýöne telek bilen dürs seljerilmeli wagtynda seljerilse, has-da gowy boljak. 09.02.2002. Boris Polewoýyň “Siluýety” diýen kitabynyň ýaryny okap, gapdala taşlamaga mejbur boldum. Köpi gören, dünýäniň ahli ýurtlaryna diýen ýaly aýlanyp çykan adam. Emma onuň susup oturmaly baý materialdan ýazýan zatlary welin içgysgynç. Polewoý hem Kožewnikow, Aleksin ýaly tomluklary kän-de, kitaby ýok awtorlaryň biri bolsa gerek. Onuň mekdep, ýokary okuw programmalarynyň hemmesinde orun berlen, köp dillere (türkmen diline-de) terjime edilen “Hakyky adam hakynda powest” dýen kitaby-da sosrealizmiň içine keýpihon girilip ýazylan kitapdy. Onuň başga kitaplaryny-ha okamok welin, galam ýöredişinden many alsaň-a örän gowşak ýazyjy. Bolsa-da ol ömrüni deputatlyk hem “Zähmet Gahrymany” nyşanlaryny dakynyp geçirdi. * Meniň okyjy hökmünde düşünmeýänim üçin beýik şahs beýikliginden peselmez. Ýöne men Alyşir Nowaýy bilen Döwletmämmet Azadynyň eserlerini okap çuň lezzet alyp bilmeýärin. Käbir eserini türkmen diline terjime edenem bolsam, ady dünýäde äşgär Hemingueý hem meniň üçin şol “tukatlardan”. Emma Hemingueý barada men ýeke däl ekenim. Ol hakda belli rus ýazyjylarynyň käbiriniň aýdanlaryny ýatlaýyn: Wiktor Astafýew: “Men Hemingueýiň eserleriniň hiç birini-de ahyryna çenli okap bilemok. Ol örän adaty hem gaty sadawar ýazyjy...” Wladimir Tendrýakow: “Amerikan edebiýatynyň “şöhratly klassygy” E. Hemingueý ýazyjy hökmünde mende täsir galdyrmaýar. Oňa Nobel baýragynyň berilmegini bolsa, edebi düşünjäniň, talabyň derejesiniň juda aşak gaçandygy bilen delillendirip bolar”. * Magtymguly adyndaky uniwersitetiň köne professory gabat geldi. Ol şeýle zeýrendi: “Durmuşymyzda näme bolup geçýänine men-ä haýran. Şu günki studentler on-on iki ýyl mundan ozalkylar bilen deňeşdireniňde 5-6-njy klasyň okuwçysy ýaly. Häzirki studentler kitap okamaýarlar. Kurs iş diýip getirýän zatlaryny täzeden ýazmaly. Harp ýalňyşdanam doly. Ertirki kadrlarymyzyň nä derejede boljakdygyny Alla biläýmese, biz-ä biljek däl”. 2004. Ölümden gorkmasaňam, ölümiň gutulgysyzdygyny hakydaňdan çykarmaly däl. Ol pikir seni köp betbagtlykdan, harsydümýälikden, açgözlükden, özüňe, adamlara edäýmegiň ahmal zeleliňden sowa geçirer hem-de berlen ömri arkaýyn, tygşytly ýaşamaga kömek eder. * Men özümiň kimdigimi bilmek isleýärin. Emma bolmaýar. Sen nähili adam? Akmakmy, akyllymy, agrasmy, kelpezmi? Iň ýakynlarym, çala tanyşlarym saňa nähili baha berýärkäler? Dostuň-a seniň kemçiligiňi görmän, görse-de, görmedik bolup, ýa-da ol hakda pikir etmän, gowy adam hasaplaýar. Duşmanyňam seniň gowy tarapyňa göz ýumup, görse-de, görmediksirän bolup ýa-da ol hakda pikir hem etmän, erbet adam hasaplaýandyr. Dostuňdanam, duşmanyňdanam obýektiw baha alyp bolmaýan bolsa, hakykaty nädip bilmeli? Garaz, kimdigiňi tanamak aňsat iş däl. Sen ýoldaşlaryňy, iliňi tanaýarsyň. Emma özüňe iň ýakyn adam bolan özüňi welin tanamaýarsyň. Özüňe öz berýän bahaňa-da ynanmaýarsyň. Ynanmaly hem däl. “Özüni bilen weli” diýen bir gep bar. Diýmek, weli hem ýok, özüni bilýänem ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |