22:52 Kyrk ýylda ýazylan kitap -36: Özüme nekrolog | |
ÖZÜME NEKROLOG
Ýatlamalar
“2... -nji ýylyň güýz paslynyň bir güni Mary welaýatynyň gadymy Gojuk obasynda ýaşaýan, kompartiýanyňam, dempatiýanyňam hiç mahal hatarynda durmadyk prozaçy Atajan Tagan tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuň dünýäden ötmegi türkmeniň altyn asyrynyň altyn edebiýaty üçin öwezi dolunmajak agyr ýitgidir diýsek, gaty ulaltdygymyz bolar. Atajan Tagan ömrüniň dowamynda müňlerçe sahypa kagyz garalady. Oňa garamazdan, döreden eserleriniň hemmesini uçdantutma okap çykmagyň hajaty ýok. Öňki neşirlerinde köp säwlik goýberilip, täzeden ýazylan “Gowşut han” (“Saragt galasy”),“Serwi gelin”, “Lal perişde”, “Aglasy gelýän ak bulut”, “Ýalňyzlyk”, “Aýylganç baharyň jybarly güni” diýen eserlerini, 5-6 hekaýasyny, eger çap edilse, “Keseki” romanyny okasaňyz bolar. Biz A.Taganyň akyllydygyna-da, akmakdygyna-da düşünip bilmän galdyk. Çünki, ol döwür bilen aýakdaş gitmegi başarmaýardy, ýa yza galýardy ýa-da öňe gidýärdi. Şonuň üçinem onuň döreden iň gowy eserleri-de türkmeniň aityn edebýatynyň altyn fonduna girer öýtmeýäris. Umuman, Atajan Tagan düşnüksiz şahsdy. Ol hertaraplaýyn yzarlansa-da, ýanalsa-da, töhmet ýassygy edilse-de, çykjak bolup duran kitaby ýatyrylyp, repetisiýasy gidip duran pýesasy togtadylyp, kinossenarisi saklansa-da, ruhdan düşüp, galamyny taşlamady. A.Tagan tutuş ömrüni mätäç adamlara ýagşylyk etmek arzywy bilen geçirdi. Emma ýagşylyk edip bilmedi. Sebäbi onda ýagşylyk etmäge ýagdaý ýokdy. Gaýtam, onuň özi ýagşylyk edilmegine mätäçdi. Ol hiç kimi, hatda duşmanlaryny-da ýigrenip bilmeýärdi. Şol hem onuň manysy hakda oýlanyp görmeli esasy düşnüksizlikleriniň biridi. Atajan Tagan köplenç akymyň ugry bilen gitmän, öz ýagdaýyny kynlaşdyrýardy. Hanlar, baýlar, işan-mollalar goldanmasyz mahaly olary goldap, eser ýazýardy. Şeýtmek bilenem ol özüne bähbitli kän zat ýitirýärdi. A.Tagan özüni ölen güni ady ýitjek ýazyjylaryň biri hasaplaýardy. Biz onuň şeýle boljakdygyna ynanýarys. Şonuň üçinem “Özümiz ölýänçäk, biz seniň adyňy ýadymyzdan çykarmarys, ruhuňy kalbymyzda saklarys” diýip, boş wada bermekden saklanýarys. Herniçimem bolsa, biz onuň il-güne zepersiz, neşeden-şerapdan bihabar, zähmetsöýer ogul-gyzy Kemal bilen Eneşe, akyllyja agtyjaklary—ejesiniň ady dakylan Eşeş bilen kakasynyň adyny göterýän Tagan Tagana, aýaly Gülseniwere duýgudaşlyk bildirip, özüne-de: “Ol ýerde bir ýerli ýagdaýa, görä bolawergin! Ýogsam, saňa ýene aňsat düşmez” diýmek isleýäris. Döwürdeşleriniň bir topary. 16.10.2006. Mary şäheri. • OKYJY BILEN HOŞLAŞMAK ÜÇIN ÝAZYLAN SOŇKY SETIRLER Döredijilik işi bilen meşgullanmagyň nähili jebirli işdigine diňe adamlara ýolbaşçylyk edýän döwlet işgärleri doly göz ýetirip bilseler, onda olar döredijilik senediniň wekillerini görenlerinde, haýpygelijilik bilen baş ýaýkardylar. Men beýle diýmek bilen bilini büküp pagta ýygýan daýhanyň, kellesini agyrdyp sapak geçýän mugallymyň, adamyny agyr dertden gutarýan lukmanyň çekýän zähmetine kembaha garajak bolmaýaryn. Ýöne ol adamlar işden soň, iň bolmanda hezil edinip ukusyny-ha alýandyrlar. Ýazyjy biçäräniňki ol hem däl. Gijäniň bir mahaly oýanyp, kagyza bir zatlary bellärsiň, ýene ýassyga başyňy goýarsyň. Şol belligiň barada, tersinden-oňundan oýlana-oýlana ukyny hem harama çykararsyň. Ertir bolsa gije zerur diýip tapan zadyň dereksizdigine göz ýetirersiň. Sende ne-hä adaty adamlaryňky ýaly uky bardyr, ne-de belli bir sagatlaýyn iş. Çekýän zähmetiňem hiç kime görünýän däldir. Özümi mysal alyp görýärin. Men ölen badyna ady ýitip gitjek ýüzlerçe ýazyjynyň biri. Oňa garamazdan, diňe “ Saragt galasy” (“Gowşut han”) üçin material ýygnanymda (Saragt, Tejen, Mary, Gökdepe, Kaka sebitleriniň birnäçe ýerlerini paý-pyýada aýlananymy, Moskwanyň, Leningradyň, Parižiň arhiwlerinde, kitaphanalarynda ýitiren wagtymy hasaba almanymda-da) aýlaryň, ýyllaryň dowamynda roman üçin garalan kagyzymyň sany 5000 sahypadanam geçýär. “Gowşut hanyň” ilkinji nusgasynyň golýazmasyny maşynkadan geçirenimde, 700 sahypa ýetdi. Onuň dördünji nusgasy 500 sahypa geldi. Romany orta hasapdan 600 sahypa hasaplap, onuň bäş gezek göçürilenini hem golýazmany jemleseň, iň bärkisi 3000 sahypadan hem geçýär. Standart sahypanyň her haýsysynda 1700-e golaý harpyň bolmalydygyny nazara alsaň, maşynkanyň klawişlerine jemi 6 million gezek basmaly. Onda-da gözüňi ýumup urup oturmak hem däl, sözleri, sözlemleri çalşyrmaly, syntgylamaly, käte tutuş sahypany zyňyp, täzeden ýazmaly. Şeýle zähmetden soňam, golýazmanyň bagty açylyp, dawasyz-jenjelsiz okyja ýetäýse-hä seniň bagtyň çüwdügi. Çüwmese-de, awtor, şu gündeligiň “Gowşut hanyň hem “Gowşut hanyň” töwereginde” diýen bölüminde beýan edilýän wakalara çalymdaş güne sataşýar. Üstesine-de, çykan kitabyň okyjynyň göwnünden turmasa, azabyň köýdügi. Ýazyjylykda gara zähmet çekmekden, görülýän görgüden gaýry bähbit ýok. Galyberse-de, ýazyjynyň hak-heşdek baradaky ýagdaýy hakda oýlansaňam, “Okalan namaz ürküzilen gurbaga degmeýär”. Professional ýazyjy ýa-ha kitap ýazmaly däl, ýa-da garyp bolup ýaşamaly. Çopan ýa daýhan işläp ýörse, iň bolmanda, bergä batman günemasyny aýlaýar. Ýazyjynyňky tersine. Şu mahal bizde ýazyjynyň zähmetine berilýän gonorar ýazan eseriniň maşinka tölegine-de ýetmeýär diýen ýaly.Garaz, kitap ýazmak görgülik. . . “Onda näme üçin kitap ýazýarsyň?” diýen kanuny sowal ýüze çykýar. Bu sowala men jogap berip biljek däl. Kitap ýazmak sebäbi düşündirilip bolunmaýan bir ýagdaý. Ýazylasy gelinýän mahaly, ukusyzlyga, açlyga, ýadawlyga garalman ýazylýar. Ýazylasy gelinmeýän mahaly bolsa, her sahypasyna million tölense-de, bir setirem döremeýär. Çopan, daýhan, gullukçy çeken zähmetine hak tölenmese işlemez. Emma ýazyjy welin ýazýan zadynyň nähili bolup çykjagyny öňünden görmese-de, çeken zähmetine bir köpük hem almajagyny öňünden bilse-de, ýazman oturmaýar. Gijesini gündiz edip işleýän uly ýazyjynyň (eseri çap bolaýanda-da) bir ýylda gazanjagyny nepkeş bir sagatda gazanýar. Ýöne ýazjy-ha nepkeşligi, nepkeş hem ýazyjylygy başarmaýar. Üstesine-de, hakyky ýazyjy ýaşaýşa-da düýpden ukypsyz bolýar. Umuman, ýazyjylyk görgä sataşmak. Ýazyjylyk düşnüksiz bir närse. Iň gowusy onuň alyna aldanmazlyk, gyltymyna kowalaşmazlyk hem çylşyrymly örülen toruna düşmezlik. Eger ýazyjylyk kesbi hünär hasaplanýan bolsa, özüm-ä şol hünäre baş goşmagy dostuma-ha däl, duşmanyma-da maslahat bermezdim. 16.12.2006. Mary. Öýüň abadan, rowaçlyk hemraň bolsun, sarpaly okyjy. Atajan TAGAN, Moskwa-Aşgabat-Mary-Murgap—1966—2006. • ATAJAN TAGANYŇ ÖMRI HEM DÖREDIJILIGI BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT Atajan Tagan 1940-njy ýylda Türkmenistanyň Mary welaýat, Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylyň 21-nji iýulynda Beýik Watançylyk urşynda Orýol şäherinde wepat bolýar. A.Tagan Mary şäherindäkl 10-njy mekdep-internaty tamamlaýar, kolhozda işleýär. Mary welaýat gazetiniň redaksiýasynyň ýanyndaky şahyr A.Çaryguly—Erkin tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän edebiýat birleşmesine işeňňir gatnaşýar.1958-nji ýylda türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetiň birinji kursuny tamamlan ýaş ýazyjyny Türkmenistan Ýazyjylar guramasy Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa ýollaýar. Okuwynyň arasynda iki ýyl Sowet goşunynyň hatarynda gulluk etmek bilen A.Tagan 1967-nji ýylda instituty tamamlaýar. Şol ýyl hem Türkmenistan Ýazyjylar guramasy ony SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşiň jogapkär kätiplik wezipesine Moskwa şäherine işe ugradýar. Şol ýerde ol 1994-nji ýyla çenli - Türkmenistana gaýdyp gelýänçä, gulluk edýär. Atajan Tagan döredijilk işine goşgy ýazmakdan başlaýar.Ýaş şahyryň ilkinji şygyrlary “Ýaş kommunist”. “Edebiýat we sungat”, “Mydam taýýar” gazetlerinde, “Sowet edebiýaty”, “Pioner” žurnallarynda yzygiderli çap edilýär. Ol “Seni gözleýän”, “Aşgabadyň agşamy” atly goşgular kitaplarynyň awtory. Kompozitorlar Nury Halmämmedowyň, Rejep Allaýarowyň. Orazgeldi Berdiýewiň, Myrat Ataýewiň saz ýazmagy bilen A.Taganyň “Aşgabadyň agşamy”, “Durjan-durjan”, “Oýar sen meni”, ”Düýnden bäri”, “Aglama, gurjak”, “Seni gözleýän” ýaly goşgulary öz döwründe söýlüp aýdylýan aýdymlara öwürdi. Atajan Taganyň “Uryş haçan gutarýar” diýen ilkinji hekaýalar ýygyndysy oňa prozaçy hökmünde şöhrat getirdi. Ýygyndy bilen adybir hekaýa bolsa dünýäniň onlarça diline terjime edildi.”Uruş haçan gutarýar” diýen hekaýa M.Şolohow, Ç.Aýtmatow , Ý.Bomdarýew, Mustaý Karim, E.Kazakewiç,W.Bykor ýaly belli ýazyjylaryň iň gowy hekaýalaryny özünde jemlän abraýly ýygynda goşuldy.. Nowellistika žanrynyň ussady hökmünde 1991-nji ýylda Berlinde (Germaniýa) “A.Taganyň hekaýa agşamy» geçirildi. Halkara derejesinde geçen beýle çäre türkmen prozasynyň taryhynda ilkinji gezek bolan waka öwrüldi. A.Taganyň hekaýalarynyň köpüsiniň, şol sanda “Ýekşenbe güni öýleden soň”, “Sazyň piri hirede?”, “Iň soňky kempir”, “Lal perişde” , “Serwi gelin”, “Aýylganç baharyň jybarly güni” ýaly eserleriniň başga dillere-de terjime edilmegi, üstünlik gazanmagy awtoryň sada, işeňňir, halal, ynsanperwer türkmen adamynyň, esasanam oba ýaşaýjylarynyň hemme milletler üçinem nusga alarlyk özboluşly obrazyny açmagy ussatlyk bilen başarmagyna bagly boldy. Atajan Taganyň “Saragt galasy”, “Lal perişde”,, “Ýalňyzlyk”, “Sallançak , “Keseki” eserleri türkmen okyjylarynyň halaýan kitapňlaryna öwrüldi. Onuň halkymyzyň watanperwerliginiň beýik nusgasyny taryhy esaslara daýanmak bilen açyp görkezýän “Saragt galasy” romany bizde seýrek bolýan ýagdaý—60.000 husga bilen okyja ýetirildi. Onuň “Keseki” taryhy romanyny bolsa Daşkendiň “Jahon adabiýoty” žurnaly 2012-nji ýyldaky 1-5-nji sanlarynda tutuşlygyna özbek dilinde çap etdi. Başga ýurduň döwürleýin žurnalynda biziň ýazyjymyzyň romanynyň tutuşlygyna çap edilmegi hem türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji gezek bolan wakadyr. Häzir ol roman rus, gazak dillerine hem terjime edildi. Bu A.Taganyň eserleriniň dünýä ýaýraýandygyna şaýatlyk edýär. A.Taganyň eserleriniň özüne çekijiligi hakyky durmuşdan alnan milli obrazlara baýlygy üçin, watanperwerlik ideallaryň çuňňur wasp edilýändigi üçin, adalata, zähmete, zähmet adamlaryna sarpa goýulýandygy üçindir. Onuň eserleriniň köpüsinde türkmen eneleriniň (Uruş haçan gitarýar”, “Iň soňky kempir”), gelin-gyzlarynyň mertligi, ojaga wepalylygy,(“Serwi gelin”), öz halkynyň ajaýyp dessurlaryna, topragyna, adatyna (“Ýalňyzlyk”) guwanyşy, hormat goýuşy inçelik bilen beýan edilýär. Şonuň üçinem A.Taganyň döredijiligine diňe bir türkmen edebi tankydy däl, eýsem daşary ýurt edebi synçylary-da ýokary baha berdiler. Görnükli edebi tankytçylar tarapyndan onuň eselerini hertaraplaýyn derňeýän makalalaryň 20-ä golaýy çap edili. Onuň döredijiliginden ýokary okuw jaýlarynda kurs işleri ýazyldy, dissertasiýa goraldy. Atajan Tagan türkmen, rus, bolgar, täjik, gyrgyz, özbek dillerinde jemi 650.000 ekz. tiraž bilen çap bolan 20 töwerek kitabyň awtory. Onuň powestleri, hekaýalary “Znamýa”, “Oktýabr”, ‘Družba narodow”, “Ogonýok”, “Öükü” (Ankara), “Sadoi şark” (Täjigistan)), “Alo too” (Gyrgyzstan) ýaly jurnallarda çap edilýär, aýry-aýry hekaýalary arap, fin, wýetnam, , moldawan, azerbeýjan, belarus, ukrain, nemes dillerine terjime edilýär. Atajan Tagan türkmen edebiýatyny dünýäniň meşgur eserleri bilen baýlaşdyrmakda hem önjeýli zähmet çekdi. Atajan Tagan çeper eserleriniň ýanyndan türkmen halkynyň bagtyýarlyk zamanasynyň artykmaçlyklaryny, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň yktysadyýetini, medeniýetini ösdürmekde bitiren hem bitirýän ägirt uly işleriniň manysyny okyja giňden düşündirmek üçin publisistik makalalar bilen hem yzygiderli çykyş edýär. Oňa mysal edip ýazyjynyň “Neýtralnyý Türkmenistan”, “Edebiýat we sungat”, “Nesil” gazetlerinde, “Diýar”, “Garagym” žurnallarynda çap bolan “Наша гордая эпоха” (“Biziň buüsançly zamanamyz”), “Döwür hem döredijilik”, “Döwletli döwran” (“Ýaşuly ýazyjynyň ýürek sözi”), “Beýik galkynyşyň nury”, ‘Köşgi-eýwanly Watan” “Guwanýaryn, buýsanýaryn” ýaly çykyşlaryny ýatlamak bolar. A.Taganyň kitaplary: 1.Seni gözleýän, goşgular, aşg.1966. 2. “Sen-sen..” powest, Aşg. 1971. 3. Uruş haçan gutarýar, hekaýalar, Aşg.1976. 4. Uruşdan soňky soweş, powestler, Aşg,1978. 5. Mähnet dünýädäki kiçijik jaý, powestler, Aşg..1981. 6. Lal peişde, powestler, Aşg. 1989. 7. Aşgabadyň agşamy, goşgular, Aşg.1983. 8. Zа семью реками, рассказы, Москва, 1975. 9. Gaflat ýapynjasyny syran, powest,1975 / 10.Чужой, повести, Москва, 1986. 11. Gyzylgül., powest, Aşg.1987. 12. Glatok wody, stihi, “Mol. Gw”, 1989 13. Одиночество, повести, Москва, 1987. 14. Saragt galasy, roman, Aşg.1988. 15. Saragt galasy, roman (2-nji neşir), Aşg. 1990. 16. Kрепость Серахс, роман, Москва, 1981. 17 Крепость Серахс, роман, на болгарском яз, София, 1985 18. Ключ от рая, однотомник, «Известия»,1989. Tiraž 265.000 ekz. 19. Алыска сапар, рассказы, на кирг. яз. Бишкек, 1988. 20. Закат Плеяды, рассказы, на тадж. яз. Душанбе, 1993. 21 Ýalňyzlyk, powestler hem hekaýalar, Aşg.1990. 22. “Kyrk ýylda ýazylan kitap”, bölekleri metbugatda çap bolan 40 çap listden ybarat gündelik-esse. A.Taganyň eserlerinden hem öz ssenariýlerinden döredilen çeper filmler; 1.Babagammaryň gaýdyp gelmegi. 2.Takdyr. 3.Tentek. 4. Ogul (Ak maýanyň ýoly). A.Taganyň pýesalaryndan goýlan spektakllar: 1.Padymanyň tallary .—Kemine teatry. 2.Söýgüniň haky üçin.—Kemine teatry. 3.Gowşut han. –Kemine teatry. 4 Gaýynene --Kemine teatry. 5.Gaýynene --Oş teatry, (Gyrgyzystan). 6. Läleler näme diýýärler?—Daşoguz teatry. 7. Iň owadan gyz. –Türkmenabat teatry. 8. Biz ýene duşuşarys, (“Keseki” romany esasynda), Puşkin adyndaky teatr). A.Taganyň dünýä edebiýatyndan türkmen diline terjime eden eserleri: 1. Lek London, “MARTIN IDEN”, roman. 2. G-de Mopassan, “PÝER bilen JAN”, roman. 3. A. Kamýu, “SAÝRY”, roman. 4. F. Fiçjerald, “BEÝIK GETSBI”, roman. 5. G. Moem, “AÝ hem teňňe”, roman. 6. I. Turgenýew, “BAHAR BULAKLARY”, powest. 7. E. Hemingueý, “RET BOL, ÝARAG”, tragediýa. 8. Ç. Aýtmatow, “AK GÄMI”, powest. 9. Ç, Aýtmatow, “DÝÜEGÖZ”, powest. 10. W. Şukşin, “AÝLY AGŞAMDAKY SÖHBET”, hekaýalar kitaby. 11. H. Gulam, “AŞYK DAŞPALTA”, komediýa. 12. W.. Rasputin, “FRANSUZ DILINIŇ SAPAKLARY”, hekaýalar.. 13. Türk, rus, belorus, özbek, gyrgyz ýaşyjy-şahyrlarynyň onlarça goşgusy hem hekaýalary. Atajan Tagan Türkmenistanyň sungatda at gazanan, Russiýa Federasiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri, Halkara ýazyjylar guramasynyň agzasy. Häzir ol Aşgabatda wagtlaýyn ýaşamaga rugsat berilmegi bilen “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasynda terjimeçi bolup işleýär. “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasy. 2013. A.Taganyň eserlerine ýazylan synlar: (Doly däl maglumat) 1. Pawel Ulýaşow. Kogda konçitsýa woýna? žurn. “Dr.narodow”,1977. № 1. 2. Aýlar Kerbabaýewa. O proze Atadžana Tagana. “Aşhabad”, 1990. 3. Lew Anninskiý. Çelowek i obyçaý. ‘Literaturnaýa gazýeta”. 1976. 4,.A.Hutow.O doblesti, o slawe,o geroizme.”Uçitelskaýa gazýeta” (Moskwa), 1979. 5. Zoýa Kedrina. S lýubowýu k çeloweku. “Turkmenskaýa iskra” 1979. 6. W.Korobow. Wstupleniýe. “Izwestiýa” 21 fewr. 1977. 7. L.Semýonowa. Rasskazy o nezabywaýemom. ‘Weç.Aşh”” 3 marta,1976. 8 .Wladimir Pu. Zametki o proze Atadžana Tagana. W polnyý golos. “Komso- moles Turkmenistana”, 30 niýun. 1977. 9. Larisa Lebedýewa. Posleslowiýe k knige A. Tagana. ‘Mol. Gw”. 1975. 10. I.Kirillowa. Slawnava doç naroda. “Knižnoýe obozreniýe” №9 1979. 11.A.Pynalyýew Kaýnene . “Kyrgyzstan madaniýaty”, 29 maý 1980. 12. Ýuriý Surewsew. Posleslowie k odnotomniku A.Tagana. 1983. 13. Bolot Şamşiýew. Prodolženiýe žizni. Resenziýa na sbornik A.Tagana “Alyska sapar” na kirgizskom ýazyke. “Kyrgyzstan madaniýaty” 4 sent.1980. 14. Kazbek Sultanow. Ožiwşiýe freski. “Litgazýeta” 27 iýulýa,1983. 15. Ý. Borisowa. Za semýu rekami. “Weç. Aşhabad”. 20 dek. 1983. 16. A.Awagimowa. Çaşa džaýrana. “Edebiýat we sungat”.27 apr.1975. 17, Ýuriý Surowsew. O molodoý proze. “Literaturnaýa Rossiýa”, 25 few. 1977 18. W. Panowa. Gde iskat klýuçi ot raýa? “Weçerniý Aşhabad” 29 apr. 1982. 19. Swetlana Aliýewa. Moment Istiny. Žurnal “Znamýa” 12, 1982. 20. I. Stahowa. Klýuçi or raýskogo Godžuka. “Literaturnaýa gazýeta”, 5 fewr. 1983. 21. Swetlana Aliýewa. Obraz naroda. žurn. “Dr,narodow” , №12, 1984. 22. K.Lazutko. Sila slowa, harakter slowa. “E-S”, 29 maýa 1987.. 23. F.Grinberg. Raskroý swoýu duşu. O knige powesteý i rasskazow A. Tagana. 1.apr.1978. 24. T. Glebowa. Pesok wremýon. Žurnal “Aşhabad” №1,1988. 25, S..Balandin. “Odinoçestwo” 26. A, Baženowa “Krepost Serahs”. “Litobozreniýe” №7,1988. 27. Saýlaw Myradow. A. Taganyň prozasy hakynda oýlanma. “Sowet edebiýaty”, 2. 1980, 28. Ş. Gandymow. Söweş hakykaty hakynda ýürekden gürrüň. “E-S’ 21 1979. 29. J. Allakow. Obraz nähililik bilen ýatda galýar. “Sowet edebiýaty” 3,1980 30. A. Çüriýew. Giň diapazonly eserler. “Sowet Türtkmenistany”. 21 sent, 1980. 31. E. Aşyrowa. “Sen-senden” başlanan ýol. “Sowet edebiýaty” 3, 1985. 32. Ş.Halmuhammedow. Harasat hem hasrat. “E-S” 22 noýabr,1980. 33. Ş. Çarygulyýew. “Iň owadan gyz”. “E-S”, 13 ýanwar, 1982. 34. A.Aşyrow. Ýylgyrşyň agraslyga öwrülişi. “E-S”. 2 sent, 1978. 35. H. Ataberdiýew. Ussatlygyň bosagasynda”. “E-S”. 12 mart, 1984. 36. H. Diwangulyýew. Ugur ussatlyga tarap. “Sowet Türkmenistany” 27 maý 1982. 37. A. Mämmedow. A.Taganyň döredijiliginde Beýik Watançylyk urşy temasy. TSSR Ylymlar akademiýasynyň Habarlary. № 5, 1986. “Ylym”. 38. Ş. Halmuhammedow. Mähnet dünýäniň aladalary. “E-S”, 20 noýabr. 1987. 39. A.Karaýew. Kogda konçitsýa woýna. “Turkmenskaýa iskra”, 8 dек. 1987. 40. Ş, Geldiýewa. Kämillik ýolunda. “Sowet Türkmenistany, 5 dek. 1987. 41. A. Atabaýew. O proze A.Tagana. ‘Weçerniý Aşhabad”, 1987. 42. Nobatguly Rejebow. Gojuk obasy. “ Ýaşlyk”. 5 ýanwar. 1987. 43. D.Nuralyýew.Saragt galasyna syýahat. Sowet Türkmenistany”, 2 apr. 198o. 44. S. Myradow. Sallançak mukamy. “E-S” awg.1990. 45. A.Agaýew. O proze A.Tagana “Aşhabad” №7,1988. 46. A,Hanow. Unudylmaz obraz. “Edebiýat we sungat”, 17 fewr.1885. 47. B. Ussaýew. Kämillikden kämillige.. “E-S”, 5 okt.1990. 48. Islaý Zoltan. Angelьskoe terpeniýe. гazýeta “Nepsabadşag” 5 мая 1980, Budapeşt. (Венгрия). * * * • ATAJAN TAGANYŇ “KYRK ÝYLDA ÝAZYLAN KITAP” gündelik-essesi barada aýdylan pikirler KAKAJAN AÇYLOWA Gadyrly Atdaş! “Kyrk ýylda ýazylan kitabyň” 780 sahypasyny saňa iberýärin. “Gapyrga syrsaň” syr, ýöne ýüz görme. Galamyňy eliňden düşürmän okamagyňy haýyş edýärin. Haýyş şulardan ybarat: Özüm özümi gaýtalasam, başga awtoryň pikirini göz-gýörtele öz adymdan berýän bolsam, gerekmejek, gödegräk, ýuwanrak ýerler gabat gelse, örän ýowuz dara. Garaz, sülä geler ýaly et. Kömegiňi gaýgyrmajakdygyňa ynanýaryn. Atamyrat Atabaýewiň moskwaly ýewreý garyndaşlary bir-birege ýardam edip, samsyklarynam adam edäýýärler. Elbetde, sen indiden soň meni adam sanyna goşup bilmejegiňe akyl ýetirýänsiň. Bolsa-da, bellikleriňi gaýgyrma. Döredijilik üstünlikleri hemraň bolsun. A.T. 10.02.03. • GOLÝAZMANY OKAP... Atajan Tagana. Sarpaly Atdaş! “Uly kitabyňy” okadanyňa minnetdar. Ýöne sahypalary zaýalamajak bolup, pikirimi aýratyn kagyza ýazdym. Atdaş, men saňa belet, senem maňa. Sen-ä öwülmegi halaňok, menem öwmegi. Ýone bolana “Boldy” diýmeli. Ägirt zähmet çekipsiň, gowy iş edipsiň. Eger Taňrynyň özüňe beren mümkinçiligini doly peýdalanan bolsaň, has düýpli kitap hem dörärdi. Bilýän, seniň özüňde-de şeýle pikir bolmalydyr. Bu kitaba galamly daraşmak mümkin däl. Sebäbi ol seniň şahsy gündeligiň, hususy oýlanmalaryň. Ol diňe seniň özüňe degişli taryh. Taryhy bolsa düzetjek bolup, azara galyp ýörmeli däl. Golýazmany okap halan ýerlerim: 1. Kerbabaýew, Seýtäkow, Derýaýw, Kulyýew, Çary Aşyr hem türkmen edebiýatynyň beýleki agirtleri hakynda düýpli ýatlama ýazanyň üçin men okyjy hökmünde saňa çäksiz minnetdar. Ýokary ukyp bilen ýazylan ynandyryjylykly wakalar olaryň özleri bilen duşuşan ýaly edýär. Elbetde, olar bilen senden başga-da duşuşan, duz-emek bolan adamlar kän bolandyr. Ýöne şeýle düýpli ýatlama men birinji gezek gabat gelýärin. Seniň çeken ägirt zähmetiň olaryň ruhlaryna goýlan sarpadyr. 2. Milli buýsanç, özbaşdaklyk, millilik, taryh hakdaky oýlanmalar, syýasat, ykdysadyýet, jemgyýetçilik gatnaşyklary barada oýlanmalaryň, käte birtaraplyrak bolsa-da, kitabyň gymmatyny artdyrýar. 3. Aforizm derejesine ýetýän pikirleriň, degişme äheňindäki ýazgylaryň ýeňil okalýar hem okyjynyň kalbyna golaý. 4. Umuman, çeken zähmetiňi ýerine düşen hasaplaýaryn. Gynansak-da, biziň köpümizde gündelik ýöretmek, wakalary bir ýere jemlemek endigi ýok. Sende şol gowy häsiýet hem erjellik bar. ”Bagt ýaşamakdyr, ýaşamak bolsa işlemekdir”. Tolstoýdan getiren dana sözleriň hut seniň özüňe-de bap gelýär. Golýazmany okap, razylaşmaýan ýerlerim: 1. Türkmeniňki däl sözler köp ulanylýar: stress, ekstremal, detal, sentimental, maksimalist, epizod we ş. m. 2. Medeniýetsizlik, sowatsyzlyk ýa-da tersine. Tutuş halk dogrusynda beýle kesgitlemäni ulanmagyň özi-de sowatlylyk ýa-da medeniýetlilik dälmikä öýdýärin. Dogry, sen ony deňeşdirme (otnositel) görnüşde getirýärsiň. Bolsa-da. . . 3. Dogry, bizde Eýnşteýnem, Rozerfordam, Korolýowam. . . döremändir. Ýöne özümize ýeterlik (!—A. T.) döränler, ýene döräp duranlar (?—A. T.) bar ahyryn! 4. Men Tolstoý, Puşkin, Lermontow, Griboýedow, Balzak, Gýugo, Dýuma, Moem, Aýtmatow, Şolohow, Dudunsew, Granin we beýlekileriň eserleri bilen azda-kände tanyş. Emma Kerbabaýew, Seýtäkow, Derýaýew, Saryhanow, Kylyýew, Halyl Kulyýew, A. Atabaýew, A. Gurbannepesow, A. Taganyň ýazan eserlerini ýokarkylaryňkydan gowy görýänim üçin men sowatsyzmy?. . Umuman, Atdaş, sen meniň näme diýjek bolýanyma düşünýänsiň. Beýan etmesi agyrrak mesele “Jany ýanan Taňrysyna gargar” diýen gep bar. Seniň käbir resmi ýa-da resmi däl bellikleriňde şol nakylyň manysyna kybapdaş pikir bar. Ol hem maňa düşnükli. Köp ýyllara çeken nämälimlik, eden işiň, çeken zähmetiň netijesini görmezlik (rusça oňa “Sostoýanie waakuma” (howasyz boşluk) diýilýän ýagdaýynda edilýän pikirleriň has “ýitiräk” bolmagy-da mümkin. Sen Jawaharlal Neruwyň “Awtobiografiýasyny” okansyň. Kitabyň ahyrragynda: “Men muny türmedekäm ýazdym. Şonuň üçinem käbir bölümleriň has-da janyýangynly bolmagy mümkin. Kitabyň ýazylan döwrüni, bendilikde ýazylandygyny göz öňüne tutuň!” diýen ýaly sözler bar. Seniňem döredijilik ykbalyň ýoly çarkandaksyz däl. Gam çekme. “Çendan bilen-de bardyr”. . . Sen Ç.Aýtmatowyň “Tawro Kassandrasyny” ýazgylaryňda ýatlapsyň. Ol umumadamzat gymmatlygy. Genial eser. Ony ýazan hem “sowatsyz” Aziýanyň wekili. Näme üçin şeýle eser bizde döremeýär? 12.03.2003. Kakajan Açylowyň eden bellikleri meni oýlandyrdy. Men öňi bilen bir zada göz ýetirdim. Kakajan Açylow ýaly köp okaýan, taryh, medeniýet, ylym, ykdysadyýet, syýasatdan baş çykarýan, üstesine-de, döredililik adamynyň biziň diňe öwülmegimizi, sähelçe-de tankyt edilmezligimizi halaýandygy meni biraz geňirgendirdi. Bu bolsa meniň şu gündelikde biziň birneme öwünjeňräkdimizi nygtaýan pikirlerimiň dogry ekendigini tassyklaýar. Ýöne men şeýle pikiri nygtamak bilen, adamlaryň üstünden gülmek ýa-da olary kemsitmek islemändim-de şeýle gylyklaryň ýok bolmagyny isläp ýatlapdym. Medeniýetlilik, sowatlylyk-bisowatlyk hakdaky edilen gürrüňler hem edil şonuň ýaly. Men ol barada özümiziň üstümizden gülmeýärin, ýetmezimizi ýatlap, biziňem ösen halklaryň derejesine ýetmegimizi isleýändigiimi, onuň aladasynyň edilmegini nygtaýardym. Ýagşy niýetli “tankytlarym” Kakajan Açylow ýaly taýýarlykly, obýektiw okjynyňam göwnünden turmandygyny bilenimden soň mende “Ondan pesräk okyjy awtora näme diýer!”- diýen howsala döredi. Umuman, meniň tanyş-bilişlerimiň köpüsi (hemme türkmeniňem şeýleräk bolaýmagy ahmaldyr) ýoldaşyna bähbitli bolsa-da, oňa haýsydyr bir kiçijik bellik etmegi, özlerine-de haýsydyr bir kiçijik bellik edilmegini halamaýar. Şu ýerde men bolan bir wakany ýatlaýyn. Baýramalyda bir oba toýa bardym. Toý başlanýança uzagrakdan gelen myhmanlary uly bir daragtyň saýasynda oturtdylar. Meniň köne tanşym ýoldaşy bilen toýa geldi. Men onuň ýoldaşyny tanamaýardym. Birden onuň köýneginiň kebzesini guş hapalady. Nätanyş ony duýmady. Men köne tanşymyň gulagyna “Ýoldaşyňa aýtsana, köýnegini guş hapalady”-diýip pyşyrdadym. Ol guşuň hapalan ýerine seretdi-de, ýylgyryp, elini silkip goýberdi, soňam “Aý, näme işimiz bar” diýdi. Köne tanşym bir alada bilen turup gitdi welin, men nätanyşa ýagdaýy aýtdym. Ýaş ýigit gidip, toý eýesiniň bir arassa köýnegini geýip gelensoň: “Duýduranyňyz gowy boldy. Asyl o köýnek bilen märekede oturar ýaly bolman eken”-diýdi. Üns beriň. Men köýnegi hapalanany üçin ýigidi tankyt etmedim, bar bolan kemçiligi aýtdym. Netijede kemçilik düzeldi. Dýmek, meniň belligim kemçiligi tankyt etmeklige däl-de, onuň düzedilmegine gönükdirilen eken. Ýene. Eger men häzirki zaman türkmen edeiýatynyň Ýewropa edebiýatyndan pesdigini belleýän bolsam, ol meniň öz edebiýatymyzy ýigrendigim bolmaýar ahyryn. Türkmen edebiýatyny gowy görmegi gadagan edýän ýok. Baş üstüne, isledigiňçe gowy gör. Ýöne özlerini, eserlerini gowy görýäniň üçin Atajan Taganyň ýa-da Hudaýberdi Diwangulyýewiň talantyny Lew Tolstoýyň talantyndan pes görmezlik özümiziň derejämiziň pesdigini boýun almazlyk bolar ahyryn. Men bizde-de edebiýatyň hakyky ägirtleriniň döremegini isleýärin, onuň üçinem öz derejäňe dogry baha bermelidigini, şol dogry baha bolmasa edebiýatymyzyň ösmejekdigini, beýikleriň döremegi üçin bizde degişli şertleriň bolmandygyny belleýärin. Näme, Lew Tolstoý tötänden, gury ýerden döredimi? Onuň fransuz dilini öz ene dili ýaly bilýändigi üçin hakyky roman ýazmagy-da fransuzlardan öwrenendigini rus edebiýatçylarynyň özleri belleýärler. Biziň kiçijik milletimizde bolsa şol derejede öýkünmäge hiç hili şert, nusga bolmandyr. Türkmen edebiýatyny beýleki edebiýatlardan gowy göreniň üçin onuň derejesi beýgelmeýär. Kakajan Açylow Çingiz Aýtmatowy mysal getirip, onuň “sowatsyz” Orta Aziýadan çykandygyny nygtaýar. Ýöne ol Aýtmatowyň edeiýatdaky ene diliniň rus dilidigini, şol diliň kömegi bilen beýgelendigini unudýar. Men bu sowala ýazgylarymda jogap berýärdim. Ýöne ”Kyrk ýylda ýazylan kitaby” indiki okajaklara-da has aýdyň bolar ýaly, özüm özümi gaýtalaýaryn. Dogry, diňe rus dili däl, ýene on sany dil bileniňde-de özüňde Taňry beren talant bolmasa, eliňden hiç zat gelmez. Ýöne gazak Olžas Süleýmenow, özbek Timur Pulatow, gyrgyz Çingiz Aýtmatow, belarus Basil Bykow, abhaz Fazil Isgender dagy eserlerini öz milletiniň dilinde ýazan bolsalar, ýaşlykdan rus diliniň kömegi bilen dünýä edebiýatynyň mekdebini geçmedik bolsalar, diňe öz ene dilinde ýazylan kitaplaryň terbiýesi bilen çäklendirilen bolsalar, öz ene dilinde ýazyp ýören ildeş ýazyjylarynyň derejesinden onçakly ýokary galmazdylar. Men ýokarda atlaryny agzan rus dilli milli ýazyjylarynyň hemmesi bilen ýakyn aragatnaşykda bolan adam hökmünde gelen aýgydyma örän bil baglaýaryn. Kakajan Açylowa ýazan haty üçin men çäksiz minnetdar. Çünki ol meniň ýazgylarymyň okyjyny haýsydyr bir derejede biparh göýmajakdygyny tassyk etdi. Eger men okyjyny oýlandyryp bilen bolsam, eger men okyjyny “jedele” goşular ýaly derejä ýetirip bilen bolsam çeken azabymyň reýgan bolmadygy. Nowruz. 2003. 1996-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda Atajan Taganyň “Kyrk ýylda ýazylan kitap” diýen gündelik—essesini okap gutardym. Men hemişe-de öz başarmajak işimi başarýan adamlary özümden belent hasaplaýardym... Meni gynandyrýan zat awtoryň bu kitabynyň entek-entekler okyjylar köpçüligine ýetmejekdigi. Ýogsam beýle tapylgysyz maglumatlary ýazyjynyň öz döwürdeşleri okaýsa, kitabyň gymmaty has-da artardy (Maýdaja bellikderimi aýratyn kagyza ýazýaryn.) Öwelek Durdymyradow Medeniýet işgäri. Mary. “Kyrk ýylda ýazylan kitaby” hezil edip okadym. Iň bir gowy gören zadym kitapdaky ýazgylarda ýasamalyk ýok, durmuş wakalaryna, belli-belli adamlara awtor öz garaýşyny obýektiw beýan edýär. Kitapda biziň sowatsyzlygymyz barada aýdanda awtor müň kerem mamla. Özümiňem şol adamlaryň biridigime ýene bir gezek göz ýetirdim. Ýöne şeýle kitabyň Türkmenistanda çap ediljekdigini asla göz öňüne getirip bilemok. Bir begenmeli zat A. Taganyň şu kitaby ýazanlygy hem-de originaly az sanly bolsa-da, käbir adamlara okamaga mümk inçilik döredilenligi. Annamyrat Hotjyýew, žurnalist, şahyr. “Kyrk ýylda ýazylan kitaby” okamaga mümkinçilik döredeni üçin men Öwelek Durdymyradowa minnetdar. Men gaty talapgär okyjylaryň hataryna girmeýärin. Ýöne golýazmadaky sagdyn pikirleriň köpüsi bilen ylalaşýaryn. Bellik: 1. Tutuş halkyň medeniýeti pes, bisowat bolýandygy baradaky pikir bilen öňler razylaşmaýardym. Ýöne bu hakykatdanam şeýle. Dünýä jemgyýetçiligine biz onuň nusgasyny görkezdik. Bir atly filosof (Megerem Gegel bolsa gerek): “Každyý narod imeýet togo prawitelýa, kotorogo on zaslužiwaýet” (“ Her halkyň özüne mynasyp hökümdary bolýar”) diýipdir. 2. “Mädemin han ýaly iki ýurtda jaýlanan, iki mazarly adam barmyka?” diýip ritoriki sowal goýýarsyň. Bar. Kutuzowyň ýüreginiň Polşada, göwresiniň bolsa Orsýetde jaýlanandygyny men “Ogonýok” žurnalynda okadym. 3. Kompartiýanyň bikanun halda sahnadan düşürilmegi. Golýazmadaky çaklamalar kompatriýanyň masgaralanmagynyň esasy sebäpleri däl. Ýöne aýdyşyň ýaly häzirki “demokratlaryňam” (şol sanda meniňem) öz partiýasynyň üstüne gara bulut abansa, goldamajakdyklaryna kepil geçip biljek. 4. Türkmen dili baradaky meselä meniň öz garaýşym bar. A.Çarygulyýew, partiýa işgäri. 26.01.96. Men sanardan kän kitap okamadygam bolsam, gruzin ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň “Uzaga çeken tümlük”, özbek ýazyjysy Pirimkul Kadyrowyň “Ýyldyzly gijeler”, rus ýazyjysy Walentin Pikulyň Grişa Rasputin hakyndaky “Gorpuň gyrasynda” diýen romanlaryny, Belowyň, Rasputunuň, Bykowyň, Isgenderiň birnäçe powestlerini okanymdan soň, uzak wagtlap olaryň täsirinden çykyp bilmedim. Şeýle hem türkmen edebiýatynda şolar ýaly eserleriň ýokdugy meni kemsindiripdi. Atajan Taganyň çapdan gaýtarylan “Keseki” romanyny hem “Kyrk ýylda ýazylan kitap” gündelik-essesini okap çykanymdan soň, hakyky eser döredip bilýän ýazyjynyň bizde-de bardygyna göz ýetirip begendim. “Kyrk ýylda ýazylan kitap” meni oýlanmaga mejbur etdi. Durmuş kynçylyklaryny şonuň awtory ýaly ýeňip geçmäge ruhlandyrdy. ”Keseki” bilen “Kyrk ýyldakynyň” ilkinji okyjylarynyň biri bolanyma şat. Abdyrahym Akmyrat, magaryf işgäri. 1996 ATAJAN TAGANA Atam! “Kyrk ýylda ýazylan kitaby” men-ä hezil edinip okadym. Umuman, memuar, gündelik, esse, ýatlama žanrlaryny gowy görýändigim üçin seniň bu golýazmaň maňa has-da golaý. Redaktirlemek, redakrorlyk gözi bilen okamak baradaky eden haýyşyň dogrusynda. Bu ýazgylary redaktirlemäge, düzetmäge hiç kimiň, hatda seniňem hakyň ýok. Bu ýazgylar ömrüň bir döwründe, bir pursatynda bolup geçen, ýazylan zatlar. Ony düzetmek, redaktirlemek üçin redaktor şol döwre gaýdyp barmaly, wakalara hut özi şaýat bolmaly. Golýazmany üýtgetseň, many üýter, hakykat üýtgär, netijede hem gymmatly materiallaryň gymmaty gaçar. Bu kitaby okamak meniň üçin örän bähbitli boldy. Sebäbi meniň özümde-de şuňa meňzeşräk “Saýlanmadyk eserler” ady bilen bir zat döretmek meýli bar. Seniň bu kitabyňam, meniň ýazjak “Saýlanmadyk eserlerimem” okaljak kitap bolmaz. Sebäbi olar çap edilmez, köpçülige ýetirilmez. Ýöne, ynsan arzuw bilen ýaşaýar. Maňa şeýle ýakymly pursatlary ýaşadanyň üçin saňa köp minnetdar. Orazguly Annaýew”, ýazyjy. O7. 10. 02. Änew Atajan, dogan! “Kyrk ýylda ýazylan kitaby” okap, hezil etdim hem-de ondanam bäş beterräk gama batdym. Biz nähili günlerde ýaşapdyrys! “Kesekiniň” wakalaryna özümem gatnaşan ýaly boldum. Romany okap ahyryna çykanyma gynandym. Bibi Orazdurdyýewa, şahyr. 08.10.2006. Hormatly Atajan ТАGAN “Kyrk ýylda ýazylan kitabyň” adyny şertli diýip hasap edýärin. Sebäbi ol kyrk ýylyň dowamynda ýazylan hem bolsa, beýan edilýän wakalaryň örüsi azyndan 3 müň ýyl töweregi döwri öz içine alýar we şol döwürler barada subýektiw-de (kähalatlarda) bolsa giňişleýin düşünje berýär. Biz şu wagta çenli daşary ýurtly alymlaryň, taryhçylaryň, jahankeşdeleriň, syýasatçydyr syýahatçylaryň türkmenler hakynda aýdan-ýazan zatlaryny gyzyl tapan ýaly garbap alyp, ýeri gelse-gelmese (elbetde öwünmek üçin) şolara salgylanyp geldik. Siziň Kitabyňyz şeýle pikir-garaýyşlary türkmenleriň özleriniňem özleri hakda aýdyp bilýändigini subut edýär. Ol garaýyşlar kimdir birleri üçin birtaraply bolup görünmegi mümkin, ýöne käbir zatlara ýakynyndan, içinden seretseň gowy görünýändigi hem belli ahyryn. Kitaby okanlaryň (geljekde okajaklaryň arasynda hem) kitapda türkmenler babatda öteräk geçiläýýän ýaly diýýänleri bar, bolar. Men-ä öte geçilen ýer görmedim, gaýtam henizem bärräkden gaýdylan ýaly. Belki-de şeýle pikirdäki adamlaryň öz garaýyşlaryny bir döwürler daşary ýurt metbugatynda çykyş edýänleri tankytlamak üçin ýörgünli ulanylan “Näkes aýyp gözlär, dogan ilinden” diýen şygara öwrülen setirlere salgylanyp delillendirmäge synanyşjaklary-da tapylar. Ýöne olara “Aýbyny ýaşyran aýňalmaz” diýen nakylyňam türkmeniňkidigini ýatladaýmaly. Hatyra gününiň bellenişi, köçeleriň atlarynyň san bilen belgilemek bilen çalşyrylyşy (bu öz taryhyňy öz eliň bilen ýok etmek bolýar ahyryn, obalara, şäherlere dakylýan atlaram şeýle), döwlet ýolbaşçylarynyň şöhratparazlyga gözlerini gapdyryp, giden milletiň ruhy taýdan ösüşine böwet basyşlary, (ruhy göýdüklige, mangurda öwrüşi), elipbiý çalşygynyň ýetiren ummasyz zyýany, gazet-źurnal, radio-telewideniýe we olaryň işgärleri (olara žurnalist diýesim gelenok) baradaky pikirleriňizde Siziň bilen hörpdeşligimi aýdyp biljek. Kitabyň entek-entekler çap edilmejekdigine, asla haçandyr bir wagt çap ediljekdiginiňem gümanalygyna gynanýaryn. Ýöne A.Atabaýewiň degişmä salyp aýdyşy ýaly bolmasa-da, bu ýazgylar kitap bolup çykaýsa, okanlaryň köp bolmagy mümkin, ýöne pikirini aýdyp biljek, baha berip biljek köp däl bolaýmasa (biziň köpimiziň tereziniň haýsy tarapynyň agyr geljekdigine ymykly göz ýetirýänçäk ätiýajy elden bermezlik keselimiziň bardygy üçin aýdýaryn). Ýöne kim bilýär, dünýäniň agyp-dönmesi bir sagat, ýarym sagat diýlişi ýaly, birdenkä haýsydyr bir gudrat-keramatyň (şuňa gaty ynanasym gelýärdä) kömegi bilen bu kitabyň ýakyn wagtlarda, ýagny biziň ýaşap ýören döwrümizde-de çapdan çykaýmagy mümkin. Siz halk ýazyjysy bolmasaňyzam, kandidatlyk dissertasiýany goramadyk bolsaňyz hem (ýaltalygyňyza özüňiz günäkär-degişme) Kitapdaky maglumatlar bäş-on ylmy işe material bolup biljek (öwýändir öýdäýmäň, men öwgä gezek gelende husydyrakdyryn). Kitapda ähli ýerde diýen ýaly “gazýet” diýip ýazypsyňyz, menem gözümiň ilen ýerinde olary “gazet” diýip düzetdim. Haýsymyzyňkynyň dogrudygyny ýokardaky Taňry bilen ýerdäki “Hudaýlar” kesgitlärlerdä. Siziň sap adamkärçilikden ugur alandygyňyza ynanýaryn, ýöne munça bolanyna görä, B.Kerbabaýewiň ýubileýindäki şol “ýuwulmadyk çemçäniň” hem adyny ile äşgär edäýmeli ekeniňiz. Kitaby okanlaryň käbiri onuň käbir ýerlerini gysgaltmagy maslahat beripdirler. Men bu pikir bilen ylalaşmaýaryn. Rus we daşary ýurtly ýazyjylaryň, okyjylaryň, umuman, dünýä edebiýatynyň derejesi bilen türkmen edebiýatynyň, ýazyjylarynyň, okyjylarynyň tapawudyny deňeşdirip netije çykarmak açyş däl. Aýtmak, deňeşdirmek mümkin, ýöne... Ajylygy üçindirdä, milli buýsanç, milli mertebe barada ýazanlaryňyzy okamak agyr degýär, ýöne aýdylýan pikirleriň dogrulygy ylalaşmaga mejbur edýär. Kitabyňyzda Görogly hakdaky garaýyşlaryňyz, getirýän delilleriňiz bilen ylalaşmaýaryn. Dogry, Görogly perişde däl, janly adamda bolup biläýjek ähli gowy we ýaramaz häsiýet-gylyklaryň islendigi onda hem bolup biler. Ýöne onuň giden bir ýurduň-milletiň soltany bolup otyrka ýekeje aýala – Agaýunusa kanagat edip oturyşyny ýatlanyňda hem, onuň edýän jalaýlyklaryna göz ýumulaýanda-da ullakan günä bolmasa gerek. Sebäbi ýeke aýally soltany, patyşany, hany (onda-da Gündogarda) bilýän ýok bolsa gerek. Meniň Göroglyny ideal gahryman edip görkezmek hyýalym ýok, ýöne ondan nämäni nusga almalydygyny, nämäni almaly däldigini okyjynyň özi kesgitlese dogry bolar. Mysal üçin, Göroglynyň dogan okaşan adamsyny (Bezirgeni) namartlyk edip öldürişini ýa-da onuň oglunyň gelinligine aşyk bolşuny hiç kimiň nusga edinesi gelmese gerek. Magtymgulynyň iňňän gadymy we çylşyrymly obraz bolan Görogla öz döredijiliginde orun bermezliginiň sebäbini Siziň aýdyşyňyz ýaly şahyryň ony “ýakyndan tananlygy” bilen baglanyşdyrmaly däl. Munuň köp sebäpleriniň bolmagy mümkin. Birinjiden, eýýäm aýdyp geçişim ýaly, Görogly örän gadymy obraz. Eposyň doly görnüşdäki ýazuwly nusgasy biziň günlerimizde-de, belki Magtymgulynyň döwründe-de bolan däldir. Magtymguly bolsa boş söze dälde, öz gören-okan zadyna ynanandyr diýip pikir edýärin. Gözbaşyny adamlaryň däl, Hudaýlaryň ýaňy dörän döwründen – gadymy mifologiýadan alyp gaýdýan (belki özi hem şol Hudaýlaryň biri bolan) Göroglynyň ýazuw çeşmesiniň bolmazlygy, ol we onuň çeper obrazy hakda dürli garaýyşlaryň, bahalaryň döremegine getiripdir. Siz Göroglynyň sünnüligine salgylanyp, onuň Hezreti Ala pirim diýip sygynmagyny birhiliräk görüpsiňiz, ýöne eposda onuň “Bir pirim hazreti Isa” diýýän ýeri hem bar. Bu ýerde pirlik meselesinde yslamyň şaýy, sünni mezhepleri barada-ha gürrüňem ýok, bütinleý başga bir diniň esaslandyryjysyny hem Görogly öz piri saýýar. Muňa näme diýersiňiz?! Halk döredijiligi eserligine salgylanyp eposy redaktirlemek barada aýdýanlaryňyz bilen, umuman ylalaşýaryn. Ýöne iň gowusy eposyň ähli nusgalary (ýazuw we bagşylaryň dilinden ýazylyp alnan nusgalary) üýtgetmezden, tankydy tekst hökmünde neşir edilse dogry bolsa gerek. Galyberse-de eposyň her neşirinde ony şeýle bir “redaktirleýärler” welin, başyň çaşýar. Umuman, Görogly hakdaky gürrüň soňsuz, şonuň üçin ýokardakylar bilen çäklenäýeýin. N.S.Tihonowyň “Ýol ber, Gürgen çaýy” atly goşgusy hakda meniň başgarak pikirim bar. Megerem bu goşgy N.Tihonowyň öz ýazan goşgusy däldirde, “Ýusup-Ahmet” dessanyndaky onuň gürrüňi edilýän goşgusy bilen adybir hem mazmun taýdan sözme-söz diýen ýaly gabat gelýän şygryň terjimesidir. „Gowy eseriň gowy baha almazlygy gowuluk bolmasa-da, erbetlik däl. Belkem, ol awtor üçin bähbitlidir”. Ylalaşamok. Ol nähili erbetlik däl?! Awtor üçin nädip bähbitli bolýarmyşyn, zehinini küteldýänligi, ylhamyny syndyrýandygy üçinmi?! Kitabyňyzda has göwnümden turan ýerlerini, şeýle-de olar barada öz pikirlerimi we düşünmedik, ylalaşmadyk ýerlerimi tekstiň özünde gyzyl reňkde berdim. Bizde M.Şolohow, W.Şukşin, Ç.Aýtmatow, R.Gamzatow ýaly ýazan eserleri bilen dünýä özlerini tanatmagy başaran ýazyjylar ýok hem bolsa, olaryň derejesinde pikirlenip, ýazyp bilýänler juda bir ýogam däl. Mysal üçin, T.J., A.T.,J.H., K.K... Olaryň eserleriniň türkmen we beýleki dillerde çap edilip-edilmezligi, dünýä derejesinde propagandirlenmezligi bolsa ol ýazyjylaryň özlerine bagly däl. Şuňa düşünmegim hem meniň ýalylara azda-kände teselli berýär. Häzirlikçe gysgajyk şular, eger has jikme-jik, giňişleýin baha isleýän bolsaňyz, onda köpräk garaşmaly bolarsyňyz. Rejep Pirjanow, žurnalist 08.10.2006. Täsirli kitap ýazmak üçin durmuş mekdebini geçmeli. Emma men “40 ýylda ýazylan kitaby” okap, durmuş öwredýän kitap mekdebini geçen ýaly boldum. Gurbannazar Orazgulyýew, ýazyjy. 10.11.2006. Hormatly Atajan Tagan! “40 ýylda ýazylan kitaby” 6 günde okadym. Hezil edip. Dogrusyny aýtsam, kitap meni “alyp gaçdy”. Umuman gowy kitapdan aýratyn halan ýerlerimiň käbiri hakynda: 1. Batyrgaýlyk, aç-açanlyk, gönümellik, kinesizlik, milletiň ykbalyna halys ýürekden ýanmak. Bular kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. 2. Dili gowy. Söze örän seresaply çemeleşilýär. “Sadawar”, “öýlenewaç” diýen ýaly täsin sözlerem bar. 3. Ýumor kitaby bezeýär (edebi ýaňsylamalar, gojuklylaryň gürrüňleri, agtygyň Ejeşiň aýdanlary. . .). 4. Örän baý materiallara esaslanyp, dünýä, medeniýet, edebiýat, terjime, millet... baradaky oýlanmalar täsirli hem janagyryly, ýerlikli. 5. Sataşan, işleşen, duz-emek bolşan adamlaryň hakyndaky ýüzgörmesiz ýatlamalaryň ýakymly. Kitapda aýratynam Atamyrat Atabaýyň hoşgylawdan gönümel, sypaýydan batyrgaý örän zehinli şahyryň ýylgyrýan suraty görnüp duran ýaly. 6. Saz baradaky pikirleriň gowy. Ştrausyň “Goluboý Dunaýy” hakyndaky ýazanlaryň-ha gysga metražly filmiň taýyn ssenarisi. 7. Elipbiý hakdaky pikiriňe goşulýan. Milleti nadanlykda saklajak bolsaň wagtal – wagtal elipbiýi çalşyrybermeli, geçen asyrda 4 gezek çalşyrylyşy ýaly. 8. Aşyr Mämilä ýazan hatyň 3-nji punkty göwnejaý. Oktýabr rewolýusiýasynyň üstüne atanak çekmek adylsyzlykdyr. 9. Köçe atlary baradaky pikiriňi ikelläp goldaýan. Görogly meselede hem şeýle. KÄBIR BELLIKLER: 1. Özüňi çökderräk ýepbekleýäň. Çynyň bilenem diýýänsiň welin, köp gaýtalasaň näzirgeýäniň ýaly duýulýar. 2. Türkmenem aşarak ýenjilýän ýaly. Namartlygymyzdan, bigaýratlygymyzdan, nadanlygymyzdan ýaňa özümiňem-ä içim tütäp dur welin, onda-da biraz ýumşadylsa kem bolmaýjak ýaly bolup dur. 3. ”Her döwrüň kitabynyň öz okyjysy bolmaly” diýýäň. Publisistika babatda belki şeýledirem. Bu pikir çeper esere degişli däl. 4. Kitapdaky ýaranjaňlyk, döwlet derejesindäki öwünjeňlik, ýalançylyk hakdaky, nadan, ile towky döwlet, hökümet ýolbaşçylary hakynda birki ýerde giňişleýin, düýpli gürrüň ediip, beýleki ýerlerden aýrylsa gowy bolardy. 5. ”Milli buýsanç hakynda oýlanmadan” köp çagalylyk hakdaky pikiri aýyrmalymyka diýýärin. Biziňki ýaly ýurtda garyplyk, işsizlik üçin köp çagaly maşgalalar günäkär däl-de, tebigy we intellektual potensialymyzy halkyň eşretiniň hatyrasyna gönükdirmegi başarmaýan, has dogrusy, gönükdiresi hem gelmeýän ýolbaşçylarymyz günälär. 6. Kitaby birneme gysgaltsaň utarsyň. B.Kerbabaýewiň Gahrymanlyk adynyň belleniş dabarasy, oňa çagyrylmadyk biriniň gatnaşmagy, A.Atabaýewiň 50 ýyllyk ýubileýi, K.Fedin bilen hoşlaşyk, ”Bir kostýumyň taryhy” ýaly ýatlamalar, “açar” “ýeňsiz köýnek” aýrylaýanda-da utulyş bolmaz. 7. Rusça sitatalar, rus gazýet-žurnallarynyň atlary kirilde berilse gowy bolar. 8. Harp ýalňyşy köp. 9. Türkmen edebýatynyň rus edebýatyndan pesdigini boýun almagyň aýby ýok, ýöne bu pikiri gaýta-gaýta ýanjamagyňam žerurlygy ýok. 10. Metbugatyň, radio-telewideniýäniň medeni derejesiniň gözdençykgynç pesdigi dogry. Ýöne onuň sebäbini güzerany üçin satlyga öwrülen žurnalistlerimizden ýa medeniýet işgärlerimizden däl-de, ýokarrakdan gözlemeli. 11. Din bir ynjyk mesele. Ol hakda seresaplyrak gürrüň edilse kem bolmaz. Ymuman, dine öz garaýşyňda-da çaprazlyk bar ýaly duýulýar. S. S. Bes edäýeýin. “Komsomolskaýa prawda” ýalan sözläpdir. Enşalla, uzak ýaşarsyň. Ýaşaber. Türkmen senden köp-köp gowy eserlere garaşýar. Uly hormat bilen: Bäşim Ödek, şahyr. 0.09.2006. Gadyrly Atajan! Uly-kiçi belliklerimi golýazmanyň sahypalarynda galdyrdym. Iň esasy belligim bolsa şundan ybarat: “Ýazyjy döwür bilen ýaşaýar” diýilýär welin, meniň pikirimçe, ol döwrüň depesinde ýaşamaly. Haýsydyr bir gabahatlyk edýäniň pesligini görkezjek bolmak käte onuň derejesine çenli aşak düşülmegine-de sebäp bolaýýar.Şonuň üçinem Orazgeldi Aýdogdyýew ýaly şahslar (Käşkä şahs bolsadylar!) baradaky ýazgylary eserden aýyrmagy maslahat berýärin. Olar jennet iýmişlerinden doldurylan tabaga gonan hapa siňekler ýaly iştäňi tutup durlar. Sen meniň näme diýjek bolýanyma diýmänkäm düşünensiň. Akmyrat Ýazyýew, žurnalist. Atajan! “Kyrk ýylda ýazylan kitabyň” golýazmasynda seniň durmuş ýagdaýlaryna synçylygyň, nogsanlyklara “daşdan ýanyp, içden köýýändigiň” ýüze çykýar. Seniň oduň käte lowlap ýanýar, käte-de tüsseleýär, käte ýakmasyz ýerleri-de ýakýar. Bu ýazyjynyň döredijiliginde adaty ýagdaý. Iň esasy zat, sen ot bolup, adamlary ýylytmak isleýärsiň. Ot ýakypsyň, çoýunasy gelýän adam peýdalanybermeli. Çoýunmak islemeýänlere bolsa, seniň görüp biljek çäräň ýok. Kakajan Durdyýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň dossendi. 10.10.2006. Atajan TAGANA. Hormatly Atajan! “Keseki” romanyňy bir demde okap çykdym. Özboluşly hem täsirli eser. “Kyrk ýylda ýazylan kitaby” howlukman, örän siňňitli okadym. Gyzykly wakalar, duşuşyklar, pelsepeli ýatlamalar, pikirler mende juda oňat täsir galdyrdy. Men seniň öňki ajaýyp eserleriňdenem habarly. Emma bu eser başgaça okalýar hem başgaça täsir edýär. Elbetde seniň başyňdan geçen wakalara meňzeş wakalar köp adamyň başyndan geçendir. Emma seniň ýaly beýle sada dilde, çuňňur pelsepe äheňde ýazmak hemme kişä başartmaz. Tebigatyň çylşyrymly hadysalaryny öwrenýän we seljerýän adamlaryň hataryna girýänim sebäpli edebiýat meýdanynyň meşhur wekiliniň döreden çuňňur oýlanmalaryna baha bermek maňa başartmaz. Şeýle-de bolsa, golýazma boýnça käbir belliklerimi aýtmaly hasaplaýaryn. 1. Meniň pikirimçe, kitabyň ady “Durmuşyň käbir öwrümleri” ýa-da “Kyrk ýylyň durmuş öwrümleri” diýip alynsa gowy bolaýjak ýaly. 2. Magtymgula degişli pikirleriň hakykata ýakynyrak. Emma bu mesele häzirem jedelli mesele bolup galýar. Men Ylymlar Akademiýasynda ol barada juda dartgynly ýagdaýda geçen maslahatlaryň gözli şaýady boldum. 3. Kitapda seniň öz agyran-ynjan ýerleriň beýan edilende birneme ýüzleýräk beriläýse kem bolmazdy. 4. 432-nji sahypada “ akmaklardan, banditlerden gorkmaly däl, alymlardan gorknaly” diýip ýazýarsyň. Beýle pikiri goldamak mümkin däl. Elbetde, alymlar dünýä ylmy-tehniki progressiň başynda durmak bilen howply ýaraglary hem oýlap tapýarlar. Emma olary şeýle ýagdaýa düşmäge durmuş mejbur edýär. Olar agressiw döwlet ýolbaşçysynyň talabyny berjaý etmeli bolýarlar. Üns beren bolsaň, alymlar mydama urşuň garşysyna aktiw hereker edýändirler. (Bu gutarnykly däl hem jedelli pikir. Ýöne men ady dünýä belli, tanymal alym bilen çekeleşige girmekden özümi ejiz hasaplaýaryn—A.T.) 5. 169-njy sahypada “Ýokary attestasiýa komissiýasy” diýip ýazmaly. 6. Merýem Azizownanyň oglunyň ady Emin däl-de, Emil bolmaly. Golýazmany okamaga bereniň üçin Taňry ýalkasyn! Inim Atajan, ömrüň uzak bolsun! Mundan beýläk-de edebiýat meýdanynda täze üstünlikler gazanmagyňy çyn ýürekden arzuw edýärin. Akademik A.G.BABAÝEW. O1.10.2006. Atajan Tagana. Golýazmany okan adamlardan çen tutsaň, esasy okamaly adamlar okan ýaly. Golýazma kitap bolup çyksa-da, şondan kän adam okar öýtmeýärin. (Degişme). Gutlaýaryn. Ýatlamalar döwür hakda giňişleýin düşünje berýär. Atamyrat Atabaýew, şahyr. 2.12.2006. Hormatly Atajan Tagan! “Garagum” žurnalyndaky ýatlamalaryňyz, Jek Londonyň “Martin Idenini” terjime edişiiňiz Siziň häzirki döwrüň iň güýçli türkmen ýazyjysydygynyzy subut edýär. Eger J.Selenjeriň “Nad propastýu wo rži” romanyny hem terjime edäýseňiz Hudaýam, halkam sizden razy bolardy. D.Gurbanow, žurnalist, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |