15:38 Kyrk ýylda ýazylan kitap -10: Halypany hormatlap... | |
HALYPANY HORMATLAP…
Ýatlamalar
Bu çaklamany tassyklamaga ýa-da ret etmäge meniň elimde dokument ýok. Ýöne 1966-njy ýyldaky, ýazyjylara Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen adyň töparlaýyn (Aleksandr Prokofýew, Mürze Dursunzade we başgalar) berlişiginde Berdi Kerbabaýewiň hem ady bardy diýip gürrüň edýärdiler. Emma Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçysynyň goldamandygy sebäpli B.Kerbabaýewi hödürlenişikden çykarypdyrlar. Ýaşulynyň özi ol mesele barada dil ýarmasa-da, birneme kemsinýändigi welin duýulýardy. Oňa Gahryman ady berilmese-de berilmedi welin, Gahrymanlyk berlen 8 ýazyjynyň arasynda Kerbabaýewiň bolmalydygy, bolaýmalydygy barada eli galam tutýanyň ikisiniň başynyň çatylan ýerinde gürrüň edýärdiler. 1969-njy ýylyň ýanwarynyň aýaklarynda Moskwanyň etegindäki ýokary gatlak adamlarynyň saglygyna gözegçilik edilýän ýer bolan Borwihada dynç alýan täjik şahyry Mürze Dursun-zade öz ildeşi, meniň kärdeşim Şöwket Nyýazynyň ýanyna salama geldi. Gürleşip otyrkak ol menden Berdi Kerbabaýewiň saglygyny sorady. Şonluk bilenem gürrüň biziň aksakalymyza tarap öwrülensoň, Mürze domulla bize şeýle bir wakany gürrüň berdi. Men ondan eşidenlerimi, başarşymdan, üýtgetmän gündeligime belledim. “Men Borwihada Türkmenistan Kompartiýasynyň birinji sekretary Balyş Öwezow bilen bile dynç aldym. Ol meniň duldegşir goňşym boldy. Onuň bilen her gün duşuşdyk, duz-emek bolduk. Dynç alýan adamlar bolanymyz üçin mahal-mahal döwre gurap, käse göteräýmekdenem gaçyp ýörmedik. Men bir gezek öz elim bilen täjik palawyny bişirdim. Balyş Öwezowiçiňem öler aşy ýagly palawdy. Men ony nahara çagyrdym. Keýplerem kokeldi welin, Balyş Öwezowiç meniň döşümdäki Ýyldyzy gutlap bada göterdi. Men öz jogap sözümde gutlany üçin minnetdarlyk bildirdim-de: “Sarpaly Balyş Öwezowiç! Siziň ýaňky gutlagyňyzyň ýüregiňiziň teýinden çykýandygyna men asla müňkür däl. Ýöne, siz meniň şu Ýyldyzy arkaýyn dakynmagyma ýardam ediň!” diýdim. Ol sebäbini sorady. ”Sebäbimi?—diýip, men gaty çynym bilen gepledim. —Sebäbi, men Gahryman bolup gomparyp barýarkam, öňümden Berdi aga Karbabaýew (Ol mydama Kerbabaýew diýmän, Karbabaýew diýýärdi. —A.T.) çykaýsa, hut ynanyň, döşümdäki Ýyldyzy gizlemäge deşik gözläberýärin. Eger biz beýle Ýyldyza bir gezek mynasyp bolsak, Karbabaýew iki gezek mynasypdyr. ” Balyş Öwezowiç ýubileýine gabatlap, aksakalyň döşüne Ýyldyz dakmagy wada berdi…” Emma gep-gürrüňinden çak edişime görä, Berdi Kerbabaýewiň özi welin respublikanyň ýokary ýolbaşçysy täzelenäýmese, Gahrymanlyk nyşanyny alaryn öýtmeýärdi. (Ol türkmen ýazyjylarynyň biri B.Öwezowa gep içirýändir öýdýärdi.) B.Kerbabaýewiň 75 ýyllyk ýubileýi hem golaýlap gelýärdi. Men ýokary sylaga hödürlenýän adamyň dokumentleriniň azyndan bir aý ozal barmaly ýerine iberilýändiginden habarlydym. Ýazyjylar sylaga hödürlenende, ony hödürleýän respublikanyň ýollaýan dokumentleriniň ýanyndan SSSR Ýazyjylar soýuzy hem hödürnama taýynlaýardy. Ony edaranyň kadrlar bölümi bilen bile taýynlaýardyk. Emma B. Kerbabaýewiň 75 ýyllyk ýubileýine çenli ýigrimi günden sähel gowrak wagt galanam bolsa, ol barada hereket edýän adam ýokdy. Men edaranyň Işgärleriniň “gizlin bölüm” diýip atlandyrýan bolüminiň (KGB-niň bir şahajygy bolsa gerek) müdiri, ýokary kwalifikasiýaly ýurist Aleksandr Iwanowiç Orýewiň ýanyna bardym-da, Mürze Dursun-zadäniň aýdanlaryny beýan etdim. A.I.Orýewiň jogaby gysga boldy. “Gadyrdanym, Berdi Myradowiç Gahrymanlyga, elbetde, mynasyp adam. Ýöne, respublikanyň özi ol meseläni öňürti gozgamasa, biz hereket edip bilmeris. Beýtsek, biziň güýjümizi mazamladygymyz bolar. Düzgün şeýle”. Men şol günüň özünde TSSR Ministler Sowetiniň SSSR Ministler Sowetiniň ýanyndaky hemişelik wekilçiliginiň medeniýet işleri boýunça referenti Haldurdy Weliýewe B.Kerbabaýewiň 75 ýyllygynyň golaýlandygyny, B.Öwezow bilen täjik şahyrynyň arasynda bolan gürrüňi aýtdym. Haldurdy Weliýew hem hökümet telefony bilen (öz aýtmagyna görä) Aşgabada jaň edipdir-de, “ketderäkleriň” birine bolan gürrüňleri aýdypdyr. Şeýlelikde, “Berdi Kerbabaýewi SSSR Ýazyjylar soýuzy Gahrymanlyga hödürleýärmişin” diýen gürrüň ýaýrapdyr. Şol esasy ýok gürrüň hem Gahrymanlyga hödürlenmeli adamyň dokumentleriniň gyssagly ýagdaýda taýynlanmagyna getiripdir. (Belkem, ýaýran habar B.Öwezowyňam gulagyna ýetip, oňa Dursunzade bilen eden gürrüňini ýatladandyr.) Habar derrew Moskwa ýetdi. Biz hem B.Kerbabaýewiň dokumentlerini haýal etmän taýynladyk. Dokumende ýolbaşçylarymyz gol çeken badyna A.I.Orýew meni ýanyna çagyryp: “Wagt gyssagly. Ýetişiläýjegi-de gümana. Şonuň üçinem dokumentleri sen hut öz eliň bilen gowşurmaly ýerine tabşyryp gaýt” diýdi. Ol maňa SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Manež meýdançasynda ýerleşýän kabulhanasynda referent bolup işleýän Zinaida Andreýewna Žukowa diýen aýalyň oturýan ýerini salgy berdi, özi hem ol aýala jaň edip, meniň sanlyja minutdan barýandygymy duýdurdy. Şondan kän mahal geçmänkä, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň guramaçylyk hem döredijilik işleri boýunça sekretary Konstantin Wasilýewiç Woronkow meni kabinetine çagyrdy-da, keýpi kök halda: —Aksakal nähilidir bu günler?—diýip sorady. —Oňat. Işläp otyr. Käte öýüne jaň edýän. Keýpi ýaman däl. (B. Kerbabaýew ol mahallar Ýazyjylar soýuzyndan gidipdi.) — Sen Aşgabada ýene bir gezek jaň et-de, ony biziň adymyzdanam, öz adyňdanam gutla. —Näme bilen gutlamaly? —Hut on minut mundan ozal Nikolaý Wiktorowiç Podgornyý Permana gol çekipdir. Berdi Myradowiç Zähmet Gahrymany boldy. Maňa Wasiliý Filimonowiç Şauro jaň etdi. Men öz otagyma bardym-da, derrew Aşgabada jaň etdim. Trubkany Kerbabaýewiň özi göterdi. —Ýaşuly, gutlaýan! —Eýsem-de bolsa, sen meni näme bilen gutlaýarkaň? —Berdi Kerbabaýew Sosialistik Zähmetiň Gahrymany! —Ony saňa kim aýdýar? —Ony men aýdýan. —Ony sen ýalynyň göwni isleýändir, dryg moý. —Ol diňe isleg däl, ýaşuly. Ýaňyja Konstantin Wasilýewiç meni huzuryna çagyryp habar berdi. Onuň adyndanam gutlaýan. Oňa-da Köne ploşaddan Şauro jaň edipdir. Şauro diýen familiýany eşiden gojada müňkürlige ýer galmady öýdýän. Sebäbi W.F.Şauro SSKP MK-nyň medeniýet bölüminiň müdiridi. Esli dyman Berdi aga: —Beýle bolsa, bu ýerler ondan bihabarmyka? Menden-ä habar tutýan ýok. —diýdi. —Woronkowyň aýtmagyna görä, Podgornyý on-on bäş minyt mundan ozal Permana gol çekipdir. Ol habaryň entek Aşgabada ýeten däl bolmagy-da ahmaldyr. —Ýa şeýlemikä?—diýip, B.Kerbabaýew ynjalykly jogap gaýtardy. Şeýlelikde, Zähmet Gahrymany bolanda B.Kerbabaýewi ilkinji gutlan men boldum. Aradan kän mahal geçmänkä, Kerbabaýewiň ýubileýini bellemeli etdiler. (Ol dokument boüýnça 15-nji martda doglan hasaplanýardy.) Dabara ilki Aşgabatda, soňam Edebiýatçylaryň Merkezi Öýüniň uly zalynda bellenmelidi. Moskwadaky dabaranyň bolmaly güni ýaşulynyň döşüne Altyn Ýyldyz dakyldy. Şol bahana bilen men hem Kremliň hökümet otaglarynyň birnäçesine girip gördüm. SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy N.W.Podgornynyň şol pursat Skandinawiýa ýurtlarynyň birine wizit bilen gidendigi sebäpli, sylaglary onuň orunbasary, Gazagystan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy Sabyr Bilýälowiç Nyýazbekow gowşurmalydy. Kremliň resmi otaglaryna girmek meselesi bir hepde öňünden gepleşilendi. Beýik diwarly agyr kabulhana ýetýänçäk, telim ýerde biziň dokumentlerimizi barladylar. Berdi Kerbabaýew “Bu dünýäde görmedigi galan däldir” diýilýänlerdendi. Ol türmede-de oturypdy, ölüm jezasyna-da buýrulypdy, yzarlanypdam, töhmet ýassygam bolupdy, tükeniksiz şagalaň-şatlyk hem görüpdi, Eziz han bilenem işleşipdi, Gaýgysyz Atabaýew bilenem. Şonuň üçin bolsa gerek, ol adam kiçi-girim zat üçin tolgunmaýardam, biynjalygam bolmaýardy. Emma bu gezek welin ol kabulhana girenimizden tolgunmaga başlady. Biz baran mahalymyz giň otagda Zinaida Andreýewna Žukowa oturan eken. Başda B. Kerbabaýewiň dokumentlerini elten mahalym men onuň bilen tanşypdym. Ol gelenler bilen salamlaşandan soň, köne tanyş ýaly bolup meniň ýanyma geldi-de sypaýyçylyk bilen: —Biz Berdi Myradowiçi bular ýaly günde azara goýup ýörmäliň—diýdi. —Şu dokumentleri özüň dolduraýsana. Ol gol çekäýsin. Men B. Kerbabaýewe derek üç-dört sany kagyz doldurdym. Ýaşuly hem görkezilen ýere goluny çekdi. Soňra Zinaida Andreýewna Kerbabaýewiň ýany bilen baran, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Prawleniýesiniň SSSR halklarynyň edebiýatlary boýunça başlygynyň orunbasary M.W.Gorbaçýowyň ýanyna bardy-da, onuň eline biýz berip ýylgyrdy: —Bizde işsizlik halanmaýar. Sizem ýöne durmaň! Ýubilýaryň penjeginiň döşüne Ýyldyz dakar ýaly deşik ediň!—Ol deşik etmeli ýeri hem barmagy bilen görkezdi. Men ömrümde ýeke gezegem ne Aşgabatda, ne-de Moskwada döwlet sylag-serpaýyny alyp görmämsoň (Ha ynanyn, ha ynanmaň—men şoňa gynanybam duramok), aljak baýragyňy dakmak üçin edilýän deşige çenli öňünden taýynlap barmalydygyna gaty geň galdym. Jaýda Berdi Kerbabaýewiň ýany bilen baranlardan M.W.Gorbaçýow ikimizden başga-da “Sowet Türkmenistany” hem “Turkmenskaýa iskra” gazýetleriniň ýörite habarçylary B.Paromonow, G.Matusow, TASS-dan bolsa gerek, elleri foto-kino apparatly adamlar bardylar. Sylaglanýanlar üç adamdy. Olaryň biri B.Kerbabaýew, ikinjisi bir harby adam—polkownik, üçünjisini bolsa men kesesinden tanaýardym. Ol belli aktýor Rostislaw Plýatdy. Penjekleriniň döşüni deşdirenler hem olaryň ýany bilen baran penjekleriniň döşi deşilmedik adamlar beýikligi dört metrden pes däl ýaly bolup görünýän mähnet gapynyň açylmagyna garaşyp durdular. Hiç kimden ses-seda çykmaýardy. Bu bolsa şatlykly dabara gelenleri däl-de, haýsydyr bir howsalaly ýagdaýa ýaýdanyp garaşýanlary ýatladýardy. Birdenem kän garaşdyran mähnet gapy giňden açyldy. Edýän gullugyna görä, sypaýydan tibt geýnen, eşigi harbynyňky bolmasa-da, özüniň harbydygy bildirip duran syrdam kişi işigiň iki gapysynan serip goýdy-da, myhmanlary çagyrdy. Ol adam edil agaçdan ýonulyp ýasalan ýalydy, ýüzünde-gözünde janly hereket, gymyldy bara meňzemeýärdi. Sylaglanýanlaryň diňe birine Gahryman nyşany berilýär eken. Şonuň üçinem dabaranyň bismillasy B.Kerbabaýewden başlandy. —Köpmilletli Sowet edebiýatynyň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin ýazyjy Berdi Myradowiç Kerbabaýewe… Gezek orta boýly, tegelek ýüzli ýaş polkownige ýetende, S.Nyýazbekow onuň baýragyny gowşurdy-da, žurnalistlere ýüzlendi. —Polkownigiň adyny hem alan baýragyny gazýet-žurnallarda, radio-telewideniýede äşgär etmegiň düýpden gadagandygyny duýdurýaryn. Men şonda harby geýminde samolýotyň nyşany görnüp duran polkownigi täze çykan uçary ýa-da oňa berkidilen howply ýaragy synagdan geçiren adam bolsa gerek diýip çakladym. S.Nyýazbekow sylaglananlary ýene bir gezek gutlap, sylag alanlar hem olaryň ýoldaşlary bilen bile surata düşdi. Kremlden çykylansoň, Berdi Kerbabýew hemmämizi “Moskwa” myhmanhanasynda ýerleşen lýuks otagyna nahara çagyrdy. Men ol çakylyga baryp bilmedim, agşamlyk ýubileý dabarasydy. Onuň guramaçysy SSSR Ýazyjylar soýuzy bolsa-da, esasy jogapkäri mendim. Ol mahallar beýle dabara örän eserdeň garalýardy. SSKP MK-nyň medeniýet bölüminiň instruktorlary jaň edip ýa-da sekretariata ýörite gelip ýagdaý bilen içgin gyzyklanýardylar. Dabaraly ýygnagyň prezydiumynda oturmaly adamlaryň sany, kimdigi, hatda çykyş etjekleriň näme geplejekdikleri hem olary biynjalyk edýärdi. Sebäbi beýle dabaralar partiýanyň milli syýasaty bilen baglydy. B.Kerbabaýewiň ýubileýinde çykyş etmek isleýän adam kändi. Edaranyň ýolbaşçylary çykyş etmäge isleg bildirýänler ýanlaryna baranlarynda olaryň ýüzüne gelip bilmän, “Ol meseläniň öz jogapkäri bar. Şonuň bilen gepleşmeli” diýip, olary seniň üstüňe iberýärler. Olar ýanyňa ýetmänkä-de “Pylany ýanyňa barýandyr welin sypjak bolgun. Onuň agşamda çykyş etmegi hökman däl” - diýip, içki telefondan saňa jaň ederler. Beýle ýagdaý diňe B.Kerbabaýewiň däl, soýuzda geçýän hemme dabaralarda-da şeýleräkdi. Beýle “oýunlaryňam” özüne ýetik sebäbi-de bardy. Çünki ýubileý agşamlarynyň abraýyny göteräýjek N.Tihonow, S.Mihalkow, K.Simonow, R.Gamzatow, Ç.Aýtmatow ýaly äpetleri-hä çykyş etmäge yrmak hyllallady. Olar her hili bahana tapyp, “tantanaly” agşamlardan gaçmak bilen bolýardylar. Onuň tersine, şolar ýaly dabaranyň abraýyna abraý goşman, gaýtam dabaranyň abraýyndan özlerine abraý gözleýän “maýdajyk balyklary” bolsa çykyşa goşman saklamak kyndy. Üstesine-de, şol “maýdaja balyklaryň” azap bary çekilip taýýarlanylan dabarany biabraý edäýmekleri-de ahmaldy. Ol hem dabaranyň jogapkäriniň boýnuna düşýärdi. Moskwada Ýazyjylar soýuzy tarapyndan geçirilýän ýubileý dabaralarynyň däbe öwrülen kadasy bardy. Başky—dabaraly bölüm 45-50 minut, yzky—konsert bölüm 55-60 minut bolmalydy. Şeýlelikde, tutuş dabara iki sagatdan uzak dowam etmeli däldi. Wagt şondan uzaga çekse, toý dabarasy gutaransoň, ýolbaşçylaryň ähli gazaby seniň depäňden iner. Gije-gündiz ylganam bolsaň, sen işe el ujundan çemeleşen adam bolup galarsyň. Şeýle ýagdaýa sataşmajak bolup, sen iki minut wagt üçin epeý adamyň göwnüne-de degmeli bolýarsyň. Sebäbi dabaraly agşama (B.Kerbabaýewiňkini mysal alsagam) SSKP MK-nyň iki bölüminiň müdirleri, olaryň orunbasarlary käbir ministrler, ilçihana wekilleri gatnaşýarlar. Olar hem wagt meselesinde her minuty çäkli hasaplanýan adamlar. Şonuň üçinem ýubileý dabarasynyňam jogapkärçiligi az-küş bolmaýar. Iň gowusy, zalda oturyp tomaşaçy bolmak. Syýasy guramaçylyk, çeperçilik nukdaý nazaryndanam biziň ýubileý dabaramyz ýokary derejede geçdi. Ýazyjylaryň çykyşlaryny-da, konserti-de ölçelip berilýän wagta sygdyrdyk. Hiç kime käýelmedem, iňirdelmedem. Indi bir bolan geň wakany ýatlasym gelýär. Ýubileý dabarasynyň ertesi, ýagny 1969-njy ýylyň 9-njy aprelinde, sagat 14-de SSSR Ýazyjylar soýuzunyň prawleniýesi Berdi Kerbabaýewiň hormatyna 100 adamlyk kabul edişlik gurady. Bu alada hem dabaraly agşam ýaly uly jogapkärçilikli bolmasa-da, hysyrdyly işdi. Onda nahara çagyrylýan adamlaryň berk spisogy bardy, her gabat gelen adam çagyrylmaýardy. Onuňam sebäbi, dabaraly agşamda bolşy ýaly ýene şol MK-nyň jogapkär işgärleri, Türkmenistanda 20-30-njy ýyllarda gulluk edip, häzir Moskwada ýaşaýan generallar, köne bolşewikleriň birnäçesi çagyrylýardy. Şonuň üçinem nahara çagyrylmadyk adamlar ol ýere goýberilmeýärdi. Myhmanlara ozaldan tipografiýada çap edilip taýynlanan owadan çakylyk biletleri iberilýärdi. Olar çakylyk alanlaryndan soň nahara geljekdiklerini ýa-da gelmejekdiklerini telefon arkaly bize habar berýärdiler. Jaň etmediklere özümiz jaň edýärdik. Gepiň keltesi, ozaldan gelýän tertip-düzgün bozular diýip biynjalyk bolmaga hiç hili esas ýokdy. Ýazyjylar soýuzynyň işgärleri, esasanam, respublikalaryň wekilleri kabul edişlik dabarasyny gurmakda kän “çorba sowadan” adamlardy. Şeýle dabaralara mürähetsiz “tötänden” hemişe geläýýän moskwalylary biz, köplenç, ýüzünden hem tanaýardyk. Olar barmak basyp sanaýmalydy. Emma bu gezek “düzgün bozmak” biziň garaşmadyk tarapymyzdan peýda boldy. Kabul edişlik zalynyň öňündäki myhmanlaryň ýygnanýan jaýynda bir nätanyş türkmen bardy. Ol adamy bizden öňürti görenem B.Kerbabaýewiň özi boldy. Ol menden: “Sen bu ýere del adam-a çagyran dälsiň?”-diýip sorady. ”Ýok” jogabyny alansoňam: “Tanalmaýan adam bar bolsa, ony häzirlikçe, bu ýerden ugratjak bolaweriň!” diýdi. Şol sözüň yzy bilenem ol edilmeli gelşiksizräk hereketi öňünden ýuwmarlajak bolýan ýaly, biziň ozaldan bilýän zadymyzy, ýagny nahara belent mertebeli adamlaryň gelmelidigini, nätanyşlar eşitmeli däl gep-gürrüňleriňem bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Ol edil şeýle bolmaýanda-da, çagyrylman gelen nätanyş bu ýerde artykmaçlyk edýärdi. Ýöne ol del türkmeniň özüni alyp barşy gaty arkaýyndy, ilden öň çagyrylan çuň hormatly myhmana meňzeýärdi. Ol kaşaň geýnen, görmegeýdi. Hatda ol başgalardan birneme gijräk gelen W.F.Şauro özüniň birinji orunbasary A.A.Belýaýewi yzyna tirkäp gapydan girende, olar bilen köne tanyş ýaly bolup görüşdi, hal-ahwal soraşdy. “Myhmanyň” ol hereketi B.Kerbabaýewiň göwnünden turmady. Ol Şauro hem Belýaýew bilen gujaklaşyp salamlaşandan soň, meni bir çete çagyrdy-da: —Sen şol biedebi bu ýerden ugradyp bilýäňmi ýa-da meniň özüm goşulmalymy? —diýdi. Men synanyşyp görmäge wada berdim. Kiçijik zat ýaly bolsa-da, mesele kyndy. Toýa diýip gelen adama nädip “Sen bu ýerden git” diýjek? Şonuň üçinem emel etmek isledim. Aňyrrakda Abdylla Myradow bilen gürleşip duran türkmen uniwersitetiniň mugallymy B.Kerbabaýewiň dosty Hanguly Taňryberdiýewi üm bilen ýanyma çagyrdym. —Han aga, sen şol duran türkmeni tanaýaňmy? —Bir görenime-hä meňzedýän welin, tanamadym. Men-ä ony seň dost-ýarlaryňdan birimikä öýdüp durdum. —Men-ä tanamok, senem tanaňok, ýaşulam tanamaýar eken. Şoň üçinem “agaň” “Hanguly ony bu ýerden ugratsyn!”- diýdi. —Näme üçin men ugratmaly? Bu ýeriň guramaçysy sen ahyryn? Onsoňam toýa gelen adamy nädip kowjak? —Men-ä saňa ýaşulynyň tabşyrygyny aýtdym, Han. Isleseň ugrat, islemeseň, öz işiň. “Guramaçy sen” diýen bolup, ozalam ähli işi meň boýnuma taşladyňyz. Özüňizem iş tapman, gybat urup dursuňyz. Berdi aga hemmämize deň adam. Sizem kömekleşmeli ahyryn. Sadadan ynanjaň dostum Hanguly Taňryberdiýew boýnuny gyşardyp “myhmana” tarap ýöneldi, kän mahal geçmänkä-de, ýüzi boz-ýaz bolup yzyna dolandy. —Gurtmuň, tilki, Han aga? —Aý, “gurduň” bar bolsun, Atam. Ol-a meň ýüzümi gyzartdy goýberdi… —“Gitmen” diýýämi? —“Menem edil sen ýaly türkmen. Kerbabaýew seňem ataň dogany däl” diýip, gaýtam, özümi utandyrdy. Gapyda durýan garawullaryň “kömegi” bilenem ol adamy ugratmagy gelşiksiz hasapladyk-da, ýagdaýa görä bolubermeli etdik. Gitmäni-hä gitmäni welin, gaýtam ol türkmen stol başyna geçilende-de, gyraraga çekiläýmän, “prezidiumda” Georgiý Markow bilen Beki Seýtäkowyň arasynda oturup, ilden öňürti nahara başlady, hyzmatçylaryň guýup bererine-de garaşman, çüýşeleri açyşdyrdy. Oturan ýeri tanymal adamlaryň arasy bolansoň, fotograflaryň bir hepdeden, eýeli eýesine gowşurmak üçin maňa getirip tabşyran kän sanly suratlarynyň ikiden birinde “hormatly myhmanymyzyň” şekili bardy. Şol wakadan ýigrimi ýyl dagy geçensoň, iki bolup meniň arhiw materiallarymy görüp otyrkak, edebiýatçy alym Kaka Salyh ol adamyň kimdigini suratyndan tanady. Ol Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynda işleýär eken. Ýöne, birki ýillykda dünýäden ötendigini nazara alyp, şu ýatlamada onuň adyny görkezmegi uslyp bilmedim. ALADAÇY Berdi Kerbabaýew ýeri gelende, owadan gülmegi, gerek ýerinde örän gaharlanmagy başarýan adamdy. Ol agrasdy, az geplidi, gyzykly anekdotlary, degişmeleri gowy görse-de, kelç-külç däldi. Men ýekeje gezegem onuň agzyndan paýyş sögünç çykanyny eşitmedim. Onuň bilen känbir mäşi bişişmedikler: “Aý, Berdi aga diýilýän adam diňe öz şahsy aladasy bilen ýaşap ýören adam-laýt!” diýýärdiler. Emma ol beýle däldi. Dogry, B.Kerbabaýew hem özi hakda-da oýlanýardy, öz aladasyny-da edýärdi, kitaplary çyksa-da begenýärdi. Ol tebigy ýagdaý. Ýöne ol ýeri-pursaty gelende, başga adamlaryň aladasy üçin “göwnüne degilmesiz” adamlar bilenem dikleşýärdi. Men şeýle pursatlara kän gezek şaýat boldum. Onuň filosof Gylyç Mülliýewiň doktorlyk dissertasiýasynyň üstünden Aşgabatdan Moskwa ýazylan golly-golsuz arzalar zerarly tassyklanmaýany sebäpli WAK-a (Bütinsoýz attestassiýa komissiýasy) ýörite baranda, men onuň ýanyndadym. Ol WAK-yň Wolkow familiýaly başlygy bilen gaty ýowuz gepleşdi. Onuň “Siz golsuz arzalara üns bermäň-de, bizde seýrek dogulýan alymyň işine üns beriň! Siz golsuz ýazylan arza boýunça WAK-my ýa-da ylmy işler boýunça?” diýen sözleri meniň ýadymda. B.Kerbabaýewiň eden saparyndan iki aý geçensoň, Gylyç Mülliýewiň doktorlyk dissertasiýasy tassyk edildi. Ýa bolmasa, B.Kerbabaýewiň Magtymgulynyň kitaplaryny başga dillere terjime etdirmekde, ýaşlara kömek bermekde eden işleri gaty abyrsyz. Men şu ýazgymda onuň özümde saklanýan kan sanly hatlaryndan birki sanysyny mysal getireýin: “Hormatly Atajan! “Wera hanymdan (Wera Feonowa—SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Daşary işler komissiýasynyň türk hem owgan edebiýatlary boýunça terjimeçi geňeşçisi—A.T.) sorap habar et” diýipdim welin, näme üçindir, habar bermediň. Belkem, geleňsizlik zerarly unudansyň. Men ol kitaby Ankaradan Wera hanymyň adyna iberipdim. Hatam ýazdym. Eýsem-de bolsa, ol kitap tizden-tiz bize gowşar ýaly, ýörite bar-da, haýyş et. Hanguly (H.Taňryberdiýew. —A.T.) kitaplary getirdi. Ýöne Ankaradan iberen kitabym ýok. Ol bärde zerur gerek. Tizle. Hemme saglyk. Dostlara salam. B.Kerbabaýew. 24. 11. 71. ” Bu hat Berdi Kerbabaýewiň Türkiýä gidip-gelenden soň ýazan haty bolmaly. Hatdaky gürrüň onuň öz kitaby barada däl-de, Garajoglanyň diwanyna degişli. Ol Garajoglan barada gaty kän alada etdi. Onuň kitaplaryny getirdi, getirtdi, köp ýerlere ýüz tutdy. Emma ol Garajoglanyň Türkmenistanda çykan kitabyny görmän düňýäden ötdi. * “Gorkiý adyndaky Edebiýat insitutytynda okaýan okyjylara (hatda şeýle—A.T.) ýörite hat. Gadyrly okuwçylar! Biz Edebiýat institutynda terjimeçilik bölümini nähili kynlyk bilen açdyrdyk, oňa nähililik bilen okyjylary taýynladyk. Sebäbi bize özümizden ýetişen terjimeçiler suw bilen nan ýaly zerur. Şol zerur mesele üçin döwlet näçe maýa sarp edýär! Men öz studentlerimiz şol ahmiýetli ýagdaýa kemsiz düşünýndir öýdýärdim. Siziň şowly okuwyňyza adatdan daşary guwanýardym. Emma institut direksiýasynyň maňa beren maglumatyna görä, meniň şol ynamym, şol guwanjym üflenen tüsse ýaly bolup, arman, puja çykyp barýar. Studentleriň iki-ýekesi bolaýmasa, galanlary hepdeläp okuwa-da baranoklar. Olaryň nirelerde gaýyp bolýanyny bilýän-de ýok. Özleriniň abraýyny ýele sowurýanlary-da ýok däl. Gör, nähili ysnat! Gör, nähili ajy şarpyk! Şol agyr zarba çydaman hem men size şu haty ýazmaga mejbur boldum. Geliň, biz egri oturalyň—dogry gürleşeliň. Siz sowet ýaşlary, sowet okyjylary bolup durup, şeýle wejeralyga nähili ýüz urup bilýärsiňiz? Özüňiziň ýaş ömrüňizi, altyn wagtyňyzy, gözel abraýňyzy nähili ýele sowrup bilýärsiňiz? Ýa institut maňa galp maglumat berýärmi? Şeýle bolsa, men ýörite baramda, näme üçin siziň hiç biriňizi-de tapmadym? Siziň nirededigiňizi habar beren-de tapylmady. Belki, siziň okuwa baranyňyza ökünýäniňiz bardyr? Şeýle bolsa, döwlet maýasyny biderek sarp etmän, bizi namys astynda goýman, derrew yzyňyza dolanmagyňyz zerur. Şu haty okanyňyzdan soň, siz mazalyja oýlanyň. Meýliňiz okamazlykda bolsa, derrew goşuňyzy toplaň. Eger-de ýalňyşlyk goýbereniňize biraz düşünip, ökünip başlaýan bolsaňyz, onda şindem bir pille, siz ähli haý-owaýydan el ýuwup, bütin ünsüňizi okuwa bermeli, sypdyran pursatlaryňyzy ýanyşdyrmaly. Emma boş söz berip, ýene öňki geleňsizligiňizi dowam edip, bizi ysnat astynda galdyrjak bolsaňyz, onda menden eýgilik tamasyny etmeli däl. Men ýakynda ýene Moskwa bararyn, ähli ýagdaýyňyzy derňärin, kim zerur sebäpsiz bir gününi sypdyran bolsa, şol sagadyň özünde instituty terk etmeli bolar. Şeýlelik bilen yzyňyza dolansaňyz, respublikanyň ýokary okuw jaýlarynyň birine-de ýerleşeris diýen tama etmäň! Hormatly Atajan! Meniň adymdan studentleriň baryny ýygna-da, şu haty okap ber. Kim näme pikirde? Maňa hiç hili wada gerek däl. Men okuw talap edýän—maňa terjimeçi gerek. “Jany ýanan Taňrysyna gargar” nakylyna görä, meniň ajy sözümi gaty görmesinler. Özlerini gören bolsam, öz ýüzlerine has-da zäwegliräk söz aýdardym. Berdi Kerbabaýew. 25 hoýabr, 1968” B.Kerbabaýew her näçe aladalansa-da, elinden-dilinden gelen kömegi etse-de, şol topardan biz ýekeje-de terjimeçi alyp bilmedik. Ýöne Berdi aga milli kadrlaryň köpelmegi üçin gaty kän alada edýärdi, biziň ýalňyşlyklarymyzy düzedýärdi, käte dagy juda gödek hereketlerimizi-de bagyşlaýardy. Ol Moskwa ýoly düşse, ýatakhana baryp, türkmen studentleriniň hal-ýagdaýy bilen içgin gyzyklanýardy. Bir gezek, agşamaralar student otagymda ýeke özüm işläp otyrkam, gapy kakyldy. Gapy kakany mydama çilim ýa-da otluçöp gözläp ýören student ýoldaşlarymyň biridir öýdüp “Giriber!” diýsem-de, gireniň kimdigine birbada ümsem bermedim. —Ýeri, ýoldaş, işläp otyrmydyň?—diýen sowala yzyma garasam, iç işikde duran Berdi Kerbabaýewdi. Men aňk-taňk bolup ýerimden turdum-da, ýaşuly bilen görüşdim. —Aý, işem däl-de, oňa-muňa güýmenip otyrdym—diýip, gümp-samp etdim-de, stolumyň üstünde ýatan alty ýüz sahypalyk golýazmamy ondan ýaşyrjak boldum. —Hany, Gowşut han barada roman ýazýa” diýdiler-le?! Men Berdi Kerbabaýewiň ýanynda “Roman ýazýan” diýen howalaly sözi dilime getirmäge-de çekinip: —Aý, ýok-la, roman ýazyp bolarmy?—diýen boldum. —Onda Okalmaz Nuryýew dostuň maňa galat sözledimikä?—diýen goja stola golaýlady-da, Gowşut hanyň şahsyýetine, onuň döwrüne degişli maglumatlary bellän ullakan depderimi açdy, äýnegini dakynyp, sahypalamaga başlady. —“Ýazamok” diýýäň welin, bu bellikler näme? Okalmaz galat aýtman, seň özüň galat aýdýan ýaly-la? Berdi aga meniň ýygnan materiallarymyň käbiri bilen gaty ünsli tanyşdy. Ony ilki özüne çeken Marynyň Goňur obasyna ýesir düşen fransuz Blokwiliň ýazgylary boldy. —Şoňa-da suratçy-buýanky diýen bolýalar welin, galatmyka öýdýän. Ol Gowşut hanyň üstüne ýörite gönderilen hakyna tutma jansyz bolaýmasa. O zamanam biziň topragymyzyň, esasanam Merwiň hyrydary kändi. Gowşut hanyňam şolar ýalynyň biriniň elinden ölen bolmagy ahmal. Şeýle gep biz oglankagam bardy. —Gowşut han, dogrudanam, iliň gürrüň edişi ýaly akylly adam boldumyka, Berdi aga? Ýaşuly esli salym dymdy-da: —Bizde han köp boldy. Ýöne, Gowşut han ýalysy bolan däldir. Han ýöne han bolýar, hanlyk edýär, Gowşut han öňürti guýmagursak akyldar, onsoň han. Atamyz pahyr oň adyny dilinden düşürmezdi. Berdi Kerbabaýew şol agşam Gowşut hanyň eneden ters bolan gyzynyň adyna Düzüw dakylandygyndan başlap, Dowan şahyryň, Maýly hanyň ruslaryň öňünden suw alyp çykany üçin: Bigaýrat, binamys boldyň sen, Maýly, Elden gitdi, Gowşut hanym gelmedi — diýen setirlerine çenli ýatlady. Ol sözüni şeýleräk tamamlady: — Bu zamanda han-begler barada ýakymsyz gürrüň köp edilýändir. Eýsem-de bolsa, Gowşut han hakda il içinde ýaman gep ýokdur. Ol uçursyz akyl-paýhas eýesi bolan. Halk ogly bolan. Giňgursak bolan. . Ol “Giňgursak bolan” diýdi-de, aýdan sözüni tassyklaýan mysal getirdi. Bir gezek Gowşut hanyň ejesi eglip, tamdyra nan ýapyp durka, geçip barýan dul çopan onuň sagrysyny synlapdyr-da, bir gödek söz aýdyp goýberipdir. Ol hem aglamjyrap oglunyň ýanyna barypdyr-da: “Sendenem han bolarmy? Geçip barýan bir süpügem eneň sagrysyna dil ýetirip geçdi. Han bolsaň, oň başyny al ahyryn” diýipdir. Gowşut han loh-loh gülüpdir-de “Aý, eje, sagrysy hiç kimiň gözüne ilmeýän heleý han ogul dogrup bilmez ahyryn!” diýip jogap beripdir. Berdi aga maňa rowaçlyk diläp, ýerinden turdy, sagbollaşdy. Birdenem ol gapa ýetip barýarka, yzyna dolandy-da: —Hany, ruçkaňy ber-le!—diýdi. Ol stoluň başynda ornaşdy, äýnegini dakyndy. Meniň ullakan depderimiň ikinji sahypasyna ýeýle sözler ýazdy: “GOWŞUT HAN TÜRKMEN TARYHYNDA UNUDYLMAZ BIR OBRAZ. OL HALK OBRAZY. KIM ŞONY DIKELDIP BILSE, ONUŇ TÜRKMEN HALKY ÜÇIN UNUDULMAZ IŞ ETDIGI. BERDI KERBABAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |