16:09 Kyrk ýylda ýazylan kitap -11: 13 bişow sanmyka | |
13 BIŞOW SANMYKA?
Ýatlamalar
1969-njy ýylda ýazyjylaryň Gyrgyzystanda geçmeli sebitara duşuşygyna gatnaşmaga razyçylyk beren Berdi Kerbabaýew Frunze şäherine Aşgabatdan göni baraýman, Moskwanyň üstünden aýlanyp gitmeli etdi. Ol paýtagta gelende, “Moskwa” myhmanhanasynyň 6-njy gatyndaky 13-nji otagda ýerleşdi. Ikimiz tirkeşip, jaýa giren badymyza ýaşuly, garaşylmadyk ýerden stola büdredi. Stoluň üstünde duran kaşaň grafin ýere gaçdy-da, dört-bäş bölege bölündi. —Nämäni göwnüňe getirseň, şolam bolýa-da!—Berdi aga grafin böleklerini aýagy bilen bir gyra sürüp durka hümürdedi. —Şu gezeg-a samolýotda-da 13-nji hatarda oturmaly boldy. Ýaňy şu otaga pul tölänimde-de, 13 manat bermeli eken. —Jäç döwülse, gowulyga ýorulýar-a… —Ony orslar şeýle hasap edýäler. Iňlisler bolsa 13 diýen sany halamaýarlar. —Biz orsam däl, iňlisem. Şonuň üçinem göwnümize zat getirip durmaly däl. —Ol-a şeýle welin… —diýip, B.Kerbabaýew oturgyja geçdi. —Hany, sen arabaly meseläňi bir çöz, dorogoý drug! (Kerbabaýew “taksi” ýa-da “maşyn” diýmän, mydam “araba” diýýärdi.) Men edara jaň edip, ertir aeroporta gitmäge maşyn buýrmak üçin ýazuw stolunyň üstünde duran telefon apparatynyň ýanyna bardym. Görsem, apparatyň ýüzüne-de 292-26-13 diýlip ýazylypdyr. . . —Ýaşuly, telefonyň nomeri hem 13 bilen gutarýar eken! —Ana, gördüňmi!—diýip, goja ýylgyrdy. —Bir gezek gämä münen ýolagçylaryň jemi sany 13 bolany sebäpli bir iňlis diplomaty öz ýolundanam galaýypdyr. Berdi Kerbabaýew yrymçy hem däldi welin, şol gezeg-ä 13 diýen san ony biynjalyk edýän ýalydy. Edaradan ertir bize berilmeli maşynyň nomerini sorasam, 86-13 diýdiler. —Bu nähili boldy!—diýip, B.Kerbabaýew gülüp goýberdi. —Hernä muň soňy bir eýgilik bilen gutarawersin-dä! Biz ertir irden Gyrgyzystana bile uçmalydyk. Şonuň üçinem ozaldan telefon arkaly wadalaşygymyza görä, men bu gije myhmanhanada galmalydym. Berdi Kerbabaýewiň ukusy “guşuň ukusy ýaly” diýilýändi. Ol gaty giç ýatyp, gaty ir hem oýanýardy. Onuň üçin uklamak kynam däldi. Ýolda-yzda maşynyň üstünde-de, gözüni ýumdugy uklaýýardy. Ol özüne erk edip bilýän adamdy. Käte ol “Üç minutlyk uky maňa bir sutka ýetýär” diýip gülýärdi. …Men B.Kerbabaýewiň sesine ukudan açyldym. Jahan ýaňy ýagtylyp ugran eken. Emma gara kostýum geýip, aýnanyň öňünde daşaryk seredip duran goja pessaýdan ýognas sesi bilen aýdyma hiňlenýärdi: Çarhy bet bakryň elinden eýlerem men dady heý, Çünki kyldy bizni gamgyn, özgelerni şady heý… Baglarda gyzyl alma, Ýar lebi şirin alma. Ajala men çoh ýalbardym: “Özüm al, ýarym alma!… Şol aýdymyň yzyndan meniň heniz eşitmedik setirlerim ýaňlandy: Dagystan —dag ili, Gürjüstan — bag ili. Daglarnyň üsti garly, Baglary päk enarly… — Men oýanandygymy bildirmän, uzak wagt aýdym diňläp ýatdym. Otagda ertirlik edinenimizden soň, goş-golamlarymyzy alyp daş çykdyk. Aşakda biz bilen bile gitmeli belarus ýazyjysy, Lenin baýragynyň laureaty, “Palessiýa senenamasy” diýen epopeýanyň awtory Iwan Pawlowiç Melež hem garaşyp duran eken. Biz diplomatlarymyzy Meležiň çemodanjygynyň ýanynda goýup, aýak çeken badymyza daşary ýurtly turist bary alagalmagal bolup myhmanhanadan çykdy. Olar hem biziň ýanymyzda saklandylar. Kän mahal geçmänkä, turistleriň mähnet awtobusy gelip durdy. Gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Daşary ýurtlular awtobusa gapgarylansoň, duman sowlan ýaly boldy. Şol mahalam B. Kerbabaýew gapdalyna garady-da: —Hany, meň diplomatym?—diýdi. Garma-gürmelikde onuň diplomatynyň daşary ýurtlularyň goş-golamynyň arasy bilen gidendigi ikuçsuzdy. Men ugrajak bolup duran awtobusa tarap ylgadym. Biziň çakymyz dogry bolup çykdy. Gojanyň diplomatynyň daşary ýurtlularyň goş-golamynyň arasy bilen gitmeginiň sebäbi hem bar eken. Kerbabaýewiň diplomatynyň tutaýynda ol ozal daşary ýurda gidip gelensoňam aýrylman galdyrylan, ýüzüne latyn harplary bilen “Mister Kerbabaýew” diýip ýazylan birka bardy. Myhmanhanayň hammallary bolsa şol birkä seredipdirler-de, “misteriňki” bolansoň, Berdi aganyň diplomatynam awtobusa basypdyrlar. —Gördüňmi 13 sanyň bişowdygyny!—diýip, elgoşy gaýtarylyp getirilen B.Kerbabaýew güldi. —Ana, seň 86-13-iň hem peýda boldy! Biz üç bolup, 86-13-e atlandyk-da, aeroporta tarap ugradyk. Heniz şäherdenem saýlanmankak, agraslanan ýaly bolan “Wolga” silkindi welin, maşyndan az-kem başy çykýan B.Kerbabaýew: —Ana, dorogoý drug, arabaňam tigri ýaryldy—diýdi. Dogrudanam, maşynyň tigri ýarylypdyr. Üstesine-de, geleňsiz şofýoryň ýanynda ätiýaçlyk tigri-de ýok eken. Indi ol maşyny ýedi ýoluň üstünde taşlap, soýuza gidip tigir getirmelidi ýa-da jaň edip, şofýor ýoldaşlarynyň birine ýalbarmalydy. Kerbabaýew diplomatyna ýapyşdy. —Öz gamymyzy özümiz iýibereliň! Bu sölitäň raýyna garasak, samolýotdanam gijä galmagymyz ahmaldyr. Taksä kän garaşmaly bolmadyk. Ýöne ulaga münen badymyza goja yzyna gaňryldy-da: —Gördüňmi, drug, 13 sanyň ediberişini!—diýip ýylgyrdy. Biz aeroporta aman-esen baryp, deputatlaryň otagynda çaý içdik-de, derrewem samolýota mündük. Emma uçmaly wagtyndan kän mahal geçse-de, samolýot ýerinden gozganmady. Ol uçjaga-da meňzemeýärdi, trapy-da aýyrmaýardylar Onuň daşynda alada bilen gaýmalaşyp ýören adam kändi. Birdenem, ýolagçylara samolýotdan düşmegi buýrdular. Biz ýene deputatlar otagyna bardyk. Oturup-oturmankagam ýene samolýota münmäge çagyrdylar. Garaz, şeýdip, ýolagçylary alasarmyk güne saldylar. Ýagdaý şeýle bolansoň ynjalyksyzlanmanam durulmady. Soň bilip otursak, bir kel-köwser ýolagçy çemodanyny tabşyryp, registrasiýadan geçensoň, bufete çaý içmäge gidipdir, bildirişi hem eşitmändir. Şonuň üçinem ýolagçylary samolýotdan düşürip, şol gelmedik adamyň “howply bolmagy mümkin”çemodanyny gözlemäge başlapdyrlar. Şol mahalam çaýhor ýolagçy haýdap gelipdir. Ak bulutlaryň depesine çykan samolýot Gyrgyzystana tarap gönelensoň, men ýaşulynyň ýüzüne garadym-da: —Şol 13 diýilýän sanyň birneme bişowdygyna menem indi ynanman duramok—diýdim. —Biynjalyk bolma!—diýip, goja ýylgyrdy. —Asmandaky samolýotyň tigri ýarylmaz… Biz sag-aman Frunze şäherine baryp ýetdik. B.Kerbabaýewe aýratyn bir ýeňil maşyn berkiden ekenler. Ol ulaga münmänkä, maşynyň döwlet belgisiine seredensoň, maňa garap ýylgyrdy. —Hudaýa şükür! Muň-a nomerinde 13 san ýok eken… Dogrusyny aýtsam, biziň şol gezekki Gyrgyzystan saparymyzdan soň menem 13 diýen sandan çekinmän duramok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |