14:19 Kyrk ýylda ýazylan kitap -6: dowamy | |
NEŞIRÝATDA HYÝALYM Ýetmişinji ýyllarda pul ýetmezçiligindenmi ýa-da başga bir sebäp bilenmi biziň “Türkmenistan” neşirýatymyz bireýýäm ile ýaýran kitaplaryňam galamhakyny tölemän, ýazyjylary gaty köseýärdi. Men hem şol öz hakyny alyp bilmeýänleriň biridim. Şonuň üçinem men şeýle bir degişme ýazdym: “1970-nji ýyllarda bu dünýä täzeden gaýdyp gelen şahyr Magtymguly Pyragy “Türkmenistan” neşirýatyna ozal çykan kitaplarynyň gonoraryny almaga barypdyr. Telim aý gatnasa-da, hakyny alyp bilmäni sebäpli, ol biçäre neşirýatyň bosagasynda çök düşüp, özüniň “Hindistanda hyýalym” diýen goşgusyny şeýleräk bir görnüşde üýtgedipdir. Gonorara gurbandyr, Başym, aýagym, janym. Günde ýüwrüp barýandryn, Neşirýatda hyýalym. Diläp gözüm ýaş etdim, Gatnap, köwşüm çagşatdym. Restorana bagyş etdim, Zordan alanja malym. Adam däller ýanyda, Durdum şolaň sanyda. Gonorarsyz panyda Niçik öter agmalym? Halmyrady kowladym, Ýeke tiýn pul sowmadym. Ahyry gan ýygladym, Göterip men desmalym. Pul alyp bilýän adam, Şahyr Atamyradam Gyjalat berýär kädem, Sanjydyr sagym-solum. Neşirýatyň bir nagtyn Görmän, ötürdim wagtym. Wah, meniň ýatan bagtym, Italmazmy hossarym! - Mätäçlikden gep açyp, Nirä gideýin gaçyp? Aýak—ýalaň, baş—açyk, Litfond soramaz halym. Bir asgyryp galypmen, Galganymny bilipmen. Buhgalteriýa gelipmen, Ne diýerem delilim? Aýny ýaşaljak çagy, Ýürege salyp dagy Pulsuz barsaň, Pyragy, Öýden kowar aýalyň. Neşirýatyň direktory Baýmyrat Halmyradow diýseň ýumşak adamdy. Ýöne haçan barsaň: “Dogan, işgärlemme aýlygam berip bilemok. Ýogsam, olaňňam her haýsynda bäşden-üçden çaga-da bar welin” diýip zeýrener oturardy. Emma oňa garamazdan, käbir dogumly awtorlar çykan kitaby hakda-ha gürrüňem ýok welin, entek çap bolmadyk kitaplarynyň-da gonoraryny alyp bilýärdiler. Şeýle awtorlaryň biri-de şahyr Nury Baýramowdy. Bir gezek ol Moskwa komandirowka gelende, men “Türkmenistan” neşirýatyndan gonorarymy alyp bilmeýänimden zeýrendim welin: “Wah, maňa duýduraýmaly ekeniň-dä. Men Halmyradowyň piri ahyryn!—diýdi. —Ynha, ertir sag-aman Aşgabada baraýyn, eger diri bolsam, seň gonoraryň bir hepde geçip- geçmän geler” diýdi. Men hoş söze ynanyp, Nury Baýramy ugradyp goýberdim. Ýöne bir hepde geçse-de, bir aý geçse-de, meniň gonorarymdan derek bolmady. Ahyr men oňa şu degişme goşgyny ýolladym: “Diri bolsam, geler” diýip, söz berdiň, Diri bol-da, gonorardan habar ber. Aşgabatly müňden iki çynçylaň Biri bol-da, gonorardan habar ber. Ugratdym Meskewden ýetirip towuň, Beren wadalaňňa joş urdy göwün. Karunyň kakasy Halmyradowyň Piri bol-da, gonorardan habar ber. Müň ýaşasyn köçäň, maşynyň, howlyň, Bolsun palta kesmez murtlaryň towly. Hiç ýalan sözlemez Baýramyň ogly Nury bol-da, gonorardan habar ber. Öz aýtmagyna görä, Nury Baýramow neşirýata baryp, direktora meniň degişmämi okap beripdir. ”Ýoldaş Halmyradow, indi sizem edebiýatyň taryhyna girdiňiz. gözüňiz aýdyň!” diýipdir. Belki, degişme goşgy täsir edendir, belki-de, neşirýatyň pul ýagdaýy gowulanandyr, garaz, kän mahal geçmänkä, meniň gonorarymy iberdiler. Nury Baýram ikimiz käte birek-birege aýak üstünden (ekspromt) ýazylan degişme goşgy bilen hat alyşýardyk. Şolardan iki sanysy bilen sizi-de tanyşdyraýyn: Moskwada, goh-galmagal içinde, Käte-käte tutaýýaram çakyza. Unaş içmek üçin, geleňde, Nurym, Getirewer ýarym kilo çekize. Ýarym kilolykdan agyr daş goýsa, Diý satyja: “Çekizäňi çek yza!” Nury Baýram, gaýrat edip, geleňde, Getirewer ýarym kilo çekize. Mundan zyýat zat diýmäge hakym ýok, Dileg edýän dile diýýän: “Saýrama!”. Dekabr aýynyň ýigrim birinde, Garaşýan çekizä, Nury Baýrama. Bir gezek Nury Baýramdan Täze ýyl gutlagy gelende, men oňa şeýle jogap ýazypdyryn: Öz Nurym, özüňe müň gezek salam, Salamy ýollaýan dara-direde. Öwretmedik bolsa Aşyr Nazarym, Salamam bermezdik birek-birege. Çekize-de çykyp gitdi ýadymdan, Çakyza-da çykyp gitdi ýadymdan. Dilimiz-ä—belke, dişimiz—noýba, Süzme edýäs çekizäniň adyndan. Ýigrimi sekizinji dekabr güni Hyýal guşun Aşgabada uçuran. Handan-begden gözläp geljek rysgyny, “Gowşut hany” dokuz gezek göçüren, Gonoraryn bokurdakdan geçiren, Burny iki garyş, boýy bir garyş, Ýagdaýyn sorasaň, “telpegi agan”. Täze ýylyn gutlap Nury Baýramyň, Şu namany ýazan Atajan Tagan. 28.12.77. Moskwa. Men tutuş ömrüm boýy ýazan eserlerimiň içinde diňe 8-10 sany hekaýamdan başga “ “Ogul”, “Aglasy gelýän ak bulut” powestlerimi utanman okyja hödürlär ýaly eser hasaplaýaryn. Emma edebi tankydam olara şeýlebir üns bermedi. “Sallançak mukamyny” režissýor Bulat Mansurowdan başlap, diňe kinoçylar “tanadylar”. Režissýor Halmämmet Kakabaýew powestden “Takdyr” ady bilen çeper film döretdi. Emma, meniň pikirimçe, film şowsuz çykdy. * Rahym Esenowyň işeňňirligi, Gylyç Kulyýewiň ýiti akyly, Ata Atajanowyň sowatlylygy, Gurbandurdy Gurbansähedowyň okumyşlygy Kaýum Taňrygulyýewiň erjelligi, Kömek Kulyýewiň prozadaky, Atamyrat Atabaýewiň hem Nobatguly Rejebowyň poeziýadaky talanty, Sapar Öräýewiň edebiýatdaky utançsyzlygy jemlenip bir türkmen ýazyjysyna berilse, bizde-de dünýä belli eseriň döremegi mümkindir. * Aşgabadyň “Mekan” köşgünde Sowet edebiýatynyň Türkmenistanda bolan günleriniň jemleýji dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň Birinji sekretary M.G.Gapurow hem söz sözledi. Çykyş edýänleriň arasynda Özbegistanyň iň ýaşuly şahyrlarynyň biri Şükrullo hem bardy. Ol münbere baran badyna ýarym özbekçeläp, ýarym orsçalap, ýarym türkmençeläp, zaldakylary gyzyl-gyran gülüşdirdi. Ol öz gürrüňini kyrk ýyl mundan ozal bir türkmen gyzyna aşyk bolandygyndan başlady, şol gyzy ýitirendigine heniz-henizlerem ahmyr çekip, saçynyň agarandygyny gürrüň berdi. Men prezidiumdadym. Edil gapdalymda-da ýaşy ýetmişdenem geçen artistkalarymyzyň biri otyrdy. Dogrusy, men ony ilkinji gezek beýle golaýdan görýärdim. Ol bigörkdi, mama dişän ýüzüne kempirlik ýygyrtlary urandy. Ol ikimiz ýuwaşjadan gürleşýärdik. Şükrullo bolsa şöl aýra düşen türkmen gyzyna henizem sataşmak umydy bilen ýaşap ýörendigini öwran-öwran gaýtalady welin, men artistka ýüzlendim-de: —Şol özbek münberden düşer welin: “Kyrk ýyl mundan ozal ýitiren türkmen gyzyň men bolmaly” diýseňizläň! –diýdim. —Dogrudanam, men ony şeýdip oňaraýyn-la!—diýen artistka meniň degişmämi höwes bilen kabyl edensoň, maňa tarap çiňerildi. —Birden ol meni Özbegistana äkidermen bolaýsa näderkäm? —Birinjiden-ä, ol äkitmez. Men özbeklere belet—özbek özüne bek. Ikinjidenem, äkidermen bolsa, Amyderýanyň köprüsiniň üstünde toý tutaýarys. Özbek giýewli boljak ekenik-dä. Özbegem öz biri-birimiz. Dabaranyň iki bölüminiň arasynda 15-20 minutlyk arakesme boldy. Myhmanlar bilen çaý-suw berilýän otaga tarap topar tutup barýarkak, ýaňky artistka M.G.Gapurowyň gapdalyndan bardy-da, gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Gapurow ýylgyryp baş atdy. Soň hem ol özbek şahyryny ýanyna çagyrdy. —Hany, özbek garyndaş, bu ýana geliň! Bir gep bar. Şükrullo onuň ýanyna baryp, tagzym etdi. Şahyry örän oňat çykyş edeni bilen gutlan M.Gapurow onuň elini mäkäm gysyp durşuna agras sypata girdi. —Özbek garyndaş, men size bir hoş habaram aýtmakçy. Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň “hoş habar” diýen sözi özbek şahyryny birneme tolgundyrdy. Ol durşy bilen göz-gulaga öwrülip, oňat habara garaşdy. M. Gapurow gapdalynda duran bigörk aktrisany myhmana görkezdi-de: —Siziň kyrk ýyl mundan ozal aşyk bolup ýitiren maşgalaňyz-a şu bolmaly!- diýdi. —Emma… —“Ammasi” nimä, ortak Gapurow?—diýip, şahyr derrew sowal berdi. —“Emmasy”, garyndaş, siz maňa biraz galyň tölemeli bolarsyňyz. Biz öz gyzymyzy mugt berip bilmeris. Baş atan Şukrullo Gapurowyň elini gysdy-da: —Ortak Gapurow, biz juda hursant!—diýdi hemem aktrisanyňam elinden ogşady. Olar şeýdip gülşüp, degşip aýrylyşdylar. Çaý içip otyrkam, Şükrullo meniň ýanyma geldi-de: —Atajan, sen özbek myhmanyňyzyň juda akmak däldigini ildeşleriňe düşündireweri!—diýdi. —Ýogsam… —Näme, domullo (“halypa” diýen ýaly many berýär), göwnüňize degen adam boldumy? —Albatta. —Kim degdi? —Turkmanistonniň raisi ortak Gapurow… Ol “Hoş habar” diýse, men biçäre “Kitabyňy türkmençe çykaryp berjek” diýermikä öýdüpdim. Ol bolsa, meniň kömegim bilen öz bigörk kempirleriniň birinden dynmak isleýär eken. Olar ýaly hatynlar Amyderýadan aňyrda-da kän ahyryn. Şükrullo beýle oýnatgy däldir. Oturanlar hezil edinip gülüşdiler. 1981. “Ganly syýahat” (Soňky ady “Keseki”) romanymyň golýazmasyny neşirýata hödürledim. Neşirýat hem ony resenziýa ýazmaklaryny sorap, Taryh institutyna ýollapdyr. “Türkmenistan” neşirýatynyň direktory A. Allanazarow resenziýa üçin pul tölenmegini sorap, Metbugat baradaky komitetiň başlygy meniň galamdaşym H. Diwangulyýewe ýüz tutupdyr. H. Diwangulyýew haýyşy kanagatlandyrypdyr-da: —Atajan Taganyň romanyny okanlary üçin Taryh institutynyň işgärleine-hä biz pul töläris welin, ol romany okajak okyjylara puly kim tölemeli bolarka?—diýipdir. * Bir gezek Resul Gamzatow bilen Ýazyjylar soýuzynyň howlusynda gürrüňleşip durkak, geçip barýan eli portfelli ýigit şahyry tanap, bize tarap sowuldy. —Ýoldaş Gamzatow, men siz bilen görüşmegiň arzuwyndadym welin, gowy bolaýdy—diýdi. — Iki sany poema bilen kyrk-elli sany goşgy ýazdym. Şolary siz okap görseňizläň! Boljakmy-bolmajakmy… —Ýok, başarman—diýip Resul gysga jogap gaýtardy. —O näme üçin? Siz gowy goşgular ýazýaňyz ahyryn?! —Dogry aýdýaňyz. Men goşgy ýazýan. Ýöne goşgy okamak häsiýetim ýok. * 1987-nji ýylda Ýuwaş okeana suwa düşdüm. Ol ýuwaş däl, däli eken. * Mädemin hanyň Saragtyň Pälizek depesiniň üstünde alnan kellesiniň Eýranyň “Hökümet derwezesi” diýilýän ýerinde jaýlanandygy hakynda taryhy maglumat bar. Onuň göwresini bolsa Gowşut hanyň buýrugy bilen göwdä salyp, Saragtdan Hywa eltip jaýlapdyrlar. Mädeminden başga-da kellesi bir ýurtda, göwresi başga ýurtda jaýlanan iki mazarly adam boldumyka? * Nemesleriň howasynda-da tertip-düzgün bar ýaly. Berliniň köçelerinde gezip ýörkäň, kaşaň jaýlaryna gireniňde, muzeýlerine aýlanaňda, döredijilik adamlary bilen duşuşanyňda, olaryň biçak öňe gidendiklerine haýran galýarsyň. Nahili ukyply hem medeniýetli halk! Şeýle medeniýetli, düşünjeli adamlaryň ele ýarag alyp, başga ýurtlaryň üstüne çozandyklaryna-da, çagalary, garrylary gyryp, gözellikleri weýran edendiklerine-de ynanar ýaly däl. Medenýet diýilýän zat diňe başgalaryňkydan gymmatbaha eşik geýmek ýa-da daşy “üýtgeşik haşamlanan” jaý gurmak diýip düşünýän bize –türkmenlere nemes medeniýetiniň şu günki derejesine ýetmek üçin azyndan 300 ýüz ýyl gerek bolar. Germaniýa, Wenzee kölüniň kenary. 7.02.1991. Bir gezek Çärjewiň Seýdi adyndaky teatrynda meniň “Iň owadan gyz” diýen komediýam goýuldy. Spektakl kabul edilenden soň režissýor Abdylla Ýakubow bilen Mara gaýtdyk. Maryda, biziň bir umumy tanşymyzyň düňýäden öten adamsynyň belli güni bellenýär eken. Pata ýerinde Abdylla çöküne düşdi-de aýat okamaga başlady. Men onuň edil gapdalynda otyrdym. Şonuň üçinem oňa tarap has-da golaýlap, Abdyllanyň näme pyşyrdýaýanyny eşitjek boldum. Meniň meýlimi aňan A. Ýakubow maňa tarap ýüzüni çalarak öwürdi-de: —Şu müňkurligiňi goýmasaň, gaýdyp seň pýesaň goýlarmyka, doňuz—diýip pyşyrdansoň: — Allahymma magfyrly, wali walideýýä weljemygyl. . -diýip, doga okamasyny dowam etdi. Emma onuň sögünjini meniň özümden başga eşidenem bolmady, aňanam. * Bir gezek Moskwadan Aşgabada jaň edip, Atamyrat Atabaýew bilen salamlaşdym. Onuň keýpi kök eken. Men onuň sebäbini soradym. —Aý, şu gün Magtymgyly baýragynyň komitetinde baýraga hödürlenen eserlere iň soňky gezek seredildi. . —Seni gutlabermelimi? —Ýok. Maňa baýrak bermediler. —Onda nämä keýpiň kök? —Şu günden başlap ýaranjaňlyk etmeli däl. Şonuň üçin keýpim kök. —O nähili ýaranjaňlyk? —Baýraklar komitetinde ses bermeli adamlara ýaranjaňlyk ede-ede soňky iki aýyň içinde tas desmalça öwrülipdim. Şu günden başlap, halamaýan adamlarymyň ugrundan gopmak aladam ýok. —Eserleriňe baýrak berilmedigem bolsa, soňky çyn sözleriňe-hä ýörite baýrak berilse-de gelişmän durjak däl ýaly… • HATYRALYNYŇ HATYRASYNA Ömür ýolundan: 1935-nji ýylda doglan. 22 ýaşynda Moskwanyň meliorasiýa institutyny tamamlan. 25 ýaşynda raýispolkomyň başlygy. 30 ýaşynda partiýanyň raýkomynyň birinji sekretary. 32 ýaşynda Türkmenistanyň oba-hojalyk ministri. 51 ýaşynda… Hindilerde “Täzelik ýatdan çykarylan könelikdir” diýen nakyl bar eken. Şol nazardan çen tutsaň, durmuşda hiç hili täze söz, täze pikir, täze özgerişikler döremeli däl ýaly. Pelegiň çarhy öňe tarap aýlansa-da, durmuş wakalary diňe gaýtalanyp durana meňzeýär. Oňa garamazdan, men öz sulhum alýanlar bilen saçak başynda oturanymda köplenç gaýtalaýan badalyk sözlerimi heniz menden gaýry aýdan adam ýokdur öýdýärin. Elbetde, ol hem ýatdan çykarylan könelikdir. Ýöne men ony öz ýanymdan täzelik hasaplan bolýaryn. Ol badalyk şeýleräk: “Men özüme görk-görmek beripdir diýip, çynar ýaly boý beripdir diýip, çogup duran akyl-paýhas beripdir diýip Hydaýdan razy bolup biljek däl. Ýöne, dost-ýar paýlanda welin, maňa tarhanlyk bilen eçilendigi üçin Hudaýdan müňdebir razy. Çünki özüme ýegre dost hasaplaýan alty-ýedi sany döwürdeşlerimiň hemmesi-de, haýsy nukdaýnazardan alsaňam, menden bir gez belentde durýar. Muny men Hudaýyň ýalkadygy hasap edýärin. Eger-de dost-ýarlarym özümden pes bolan bolsalar, men gaty kän zat ýitirerdim…” Dogrudanam, takdyryň oýnuna serediň! Menden kän agramly, kän abraýly, talantly tanyşlarymyň: “Salamlaşyp bolmazmyka?” diýip arzyw ýüwürdip ýören adamlary bilen ykbal meni ýakyndan tanyş etdi. Olaryň birnäçesi bilen duz-emek boldum. Russiýadan Nikolaý Tihonow, Mihail Dudin, Dagystandan Resul Gamzatow, Afrikadan Aleks la Guma, Gazagystandan Olžas Süleýmenow… Men bu sanawy medisina, ylym, medeniýet dünýäsinde tanymal tanyşlarymyň hasabyna-da uzaldyp bilerdim. Sanan hem sanamadyk ýakynlarymyň arasynda öz ildeşimiz Gylyçdurdy Sähetmyradowa aýratynam sarpa goýýardym. Ol adam bilen ýigrimi ýyl töweregi saçakly gatnaşdyran ykbalymdan men gaty razy. Gylyçdurdy Sähetmyradow ýaly şu güne-de, ertire-de mynasyp döwürdeş bolup biljek adam seýrek gabat gelýär. Meniň ony bolşundan ulaldyp görkezýän ýaly sözlerimiň hakykatdan üzňe däldigine G. Sähetmyradowy ýakyndan tanan döwürdeşlerimiň hemmesi güwä geçse gerek. Ol Murgap sebitlerinde sarpasy belent tutulýan, halk paýhasynyň nusgasy hasaplanýan, zähmetsöýer hem döwletli maşgalada terbiýe alan adam. G. Sähetmyradowyň dünýäden juda ir gaýdan inisi Samet Sähetmyradow alym hem eli ýeňil hirurgdy, Baba Sähetmyradow ylymlaryň kandidaty, Döwlet, Esen… Sähetmyradowlaryň hemmesi-de ata Watana, ene topraga hyzmat eden, edýän zähmetsöýer hem edepli adamlar. Sowady örän ýetikdigine garamazdan, Gylyçdurdy Sähetmyradowda mydama okamaly, mydama öwrenmeli diýen endik bardy. Ol eline kitap almaga ýaýdanýan ýolbaşçylardan däldi. Tersine, komandirowka gidende-de, ýany bilen göterýäni kitapdy. Aşgabatda-da, Moskwada-da täze goýlan spektakllaryň birini-de sypdyrmaýardy. Onuň hut oba-hojalyk problemasyna gönüden-göni degişlidigi üçin başgyrt dramaturgy Azat Abdulliniň Moskwanyň Wahtangow adyndaky teatrynda göýlan “On üçünji başlyk” spektaklyny telim gezek görendigine men şaýat. Men ony Azat Abdulliniň özi bilen hem tanyşdyrypdym. G. Sähetmyradowyňky diňe bir “keýpine şäriklik” däldi, Ol okalan kitaba, görlen spektakla, diňlenen simfoniýa düşünmäge ukyplydy. Hertaraplaýyn zehin oňa tebigat tarapyndan berlen paýdy. Iň täsin tarapy-da ol oba hojalygynyň gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini ylmy ösüşiň derejesi bilen deňeşdirip, umumy netije çykarýardy, düýnüň bähbitli taraplarynyň üstüne derrew atanak çekjek bolmaýardy. Gollandiýada kartoşkanyň bizde ekilýän kartoşkadan ýokary hasyl bermeginiň sebäbini biljek bolýardy. Şol bir mahalyň özünde-de, oba-hojalyk adamydygyna garamazdan, edebiýata-da, taryha-da, sungata-da içgin aralaşmagyň aladasyny edýärdi. Şonuň üçinem onuň bilen tirkeşmek hem ýakymlydy, hemem kyndy. Ýakymlydygy—ol seniň bilen öz dogany ýalydy, bilmeýäniňi öwretmegi hossa görmeýärdi. Ol bir görseň-ä, özüne has-da düşnükli bolary ýaly Magtymgulynyň eserlerini arap elipbiýinde okaýandyr, bir görseňem, ekerançylyga degişli ylmy kitaplary dörüp oturandyr. Ondan öwrenere zat kändi. Tirkeşmegiň kyndygynyň sebäbi bolsa, kitap dilinde aýtsam, ol “eruditdi”, döwi mydama güýçlüdi. Ýöne ol özüniň danyşmentligini mazamlaýan ýa-da ile bildirjek bolýanlardan däldi. Ol öz gürrüňdeşinden döwüniň güşçlüdigi hakda oýlanýana meňzemeýärdi. Ol maýdaja bir nätakyklygy-da düzetmegiň, onuň sebäbine düşünmegiň aladasyny edýärdi. Bir gezek ikiçäk gürleşip otyrkak, men gepiň gerdişine görä “Ýagşylyk et, — derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýen nakyly getirdim. Gürrüňiň şol epizody gutaransoň G.Sähetmyradow: “Biz şol nakylyň sözlerini ýerbe-ýer göýamyzok öýdýän” diýdi. Meniň özüm-ä hut şol duşuşyga çenli oňa “Ýagşylygy derýa atsaň, balyk biler, balyk bilmese-de Hudaý biler” diýen manyda düşünýärdim. G.Sähetmyradowyň many çykaryşyna görä bolsa, haýsydyr bir sebäp bilen suwuň daşyna düşen biçäre balygy ölümden halas edip suwa (derýa) atsaň, edilen ýagşylygy balyk biler, balyk bilmäýende-de Halyk biler” bolmaly. Şonda ol nakylyň dürs manysy ýüze çykmaly. “Ýagşylyk et, balygy derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler”. Hakykatdanam, derýa atylmaly zat ýagşylyk däl, balyk ahyryn! Şujagaz mysaly getirmek bilen men: “Sähetmyradow Amerikany açdy” diýmek islemeýärin-de, onuň edebiýatçylaryň, dilçileriň üns bermedik zadynyňam pikirini edýändigini nygtaýaryn. Aradan birki ýyl geçensoň, Krymda dynç alyp ýörkäm, türki dilli halklaryň nakyllaryny ýygnaýan köne tanşym, alym hem terjimeçi Aly Aly ogluna gabat geldim. Ol şonda gürrüňi edilen nakylyň türkmenlerde ulanylyşynda logikanyň birneme bozulýandygyny, G. Sähetmyradowyň gelýän netijesininň dogrudygyny tassyklady. …Moskwada Türkmenistanyň günleri geçirilýärdi. Oňa medeniýet, oba hojalyk işgärlerinden başga-da respublikamyzyň hökümet-partiýa ýolbaşçylary-da gatnaşýardy. Umumy topara Türkmenistan KP MK-nyň sekretary Çary Ataýew ýolbaşçylyk edýärdi. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi Türkmenistandan gelen myhmanlaryň hormatyna Edebiýatçylaryň Merkezi Öýüniň restoranynda 50- 60 adamlyk kabul edişlik gurady. Oňa Türkmenistandan gelen myhmanlardan başga-da, türkmen edebiýatyny propagandirleýän moskwaly ýazyjy-şahyrlaryň hem 8-10 sanysy çagyryldy. Nahary SSSR Ýazyjylar soýuzy guranam bolsa, kabul edişligiň märekemany edilip, näme üçindir, Çary Ataýewi bellediler. Ol SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Birinji sekretary ýanynda oturanam bolsa, näme üçindir, ilkinji zözi Türkmenistanyň medeniýet ministri Hudaýberdi Durdyýewe berdi. Köp okan, köp bilýän H. Durdyýew, agras adamdygyna garamazdan, şol gezek SSSR ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylarynyň öňünde özüniň sowadynyň ýetikdigini görkezmäge çalyşdymy, nämemi, juda uzak gepledi. Ol bular ýaly ýagdaýda adaty kabul edilen serhediň çäklerinden çykdy, Marksdan, Engelsden, Leninden uzak-uzak sitatalar getirdi. Şeýlelikde, medeniýet ministriniň çykyşy saçak başynyň gysgajyk nutugyndan üýtgäp, “Bilim” jemgyýetiniň lektorynyň leksiýasy ýaly boldy. Kabul edişligiň sagat on ikilere bellenendigini, entek günorta naharyny edinmedik adamlaryň üsti nazy-nygmatdan doly stola seredip agyzlaryny suwardyp oturandyklaryny hem nazara alsaň-a, ministriň çykyşy hakykatdakysyndanam has uzyn bolup duýlandyr. Eýýäm bulgurlaryny gymmatbaha içgilerden dolduran myhmanlaryň söz sözleýäniň sözüni tizräk tamamlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary öz-özünden düşnükli bolmalydy. Ahyr agyzlary aşa ýeten adamlar köýdürilen wagtyň “öwezini dolmak” bilen boldular. Ikinji nobatda söz alan SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň Biringi sekretary Georgiý Mokeýewiç Markow myhmanlaryny Moskwa gelmekleri bilen gutlap, özüniň Franzuz ýazyjylarynyň delegasiýasyny kabul etmelidigini, şonuň üçinem hoşlaşmaga mejbur bolýandygyny aýdyp, köpçülik bilen sagbollaşdy. Uly başlygyň gitmegi bilen ýerli ýazyjy-şahyrlaryň örüsi giňedi. Türkmenistanyň oba hojalyk ministri Gylyçdurdy Sähetmyradowa söz berildi. Meniň gapdalymda oturan iýmek-içmegi juda halaýan rus ýazyjysy, Beki Seýtäkowyň terjimeçisi Anatoliý Ferençuk “Ana, saňa!”, diýip uludan bir dem aldy. Men onuň hereketiniň manysyny çakladym. Moskwalylar Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň etjek çykyşyndan öňünden ýaýdanmalydylar. Sebäbi bular ýaly kabul edişlikde iýmäge-içmäge päsgel bermezlik üçin gysgajyk söz aýdaýmaly medeniýet ministri leksiýa okap, adamlary lejikdiren bolsa, oba hojalyk ministrinden nämä garaşjak! Onuň “Beýik Watanymyzyň kuwwatyna kuwwat goşýan inçe süýmli “ak altyndan” başlap, türkmeniň şirin gawunynyň hiline çenli düşündiriş berýän has uzaga çekjek leksiýa okamagy-da ahmaldy. Üstesine-de, oba hojalyk ministriniň şeýleräk äheňde gepläýmegine tutaryk hem bardy. Stoluň üstüni türkmenleriň özleri bilen getiren gawun-garpyzlary, üzümi bezeýärdi. Emma ýagdaý düýpden başgaça boldy. Oba hojalyk ministri ýerinden turdy-da, gadymy şekiller bilen haşamlanan diwarlara seredip gepledi. —Bu diwarlar atlary äleme belli bolan şahyrlaryň sesine şaýat bolan diwarlar bolmaly. Bu diwaarlaryň häzirki eýelerini-de üýtgeşik söz aýdyp geň galdyrjak gümanyň ýok. Emma birneme azotlyragam bolsa, birneme fosforlyragam bolsa, oba hojalyk iýmitini öndürýän adamlara ruhy iýmit, ruhy lezzet berýän edebiýatçylara öz minnetdarlygymyzy aýdyp, şu badany Onuň Aly Hezreti keramatly poeziýanyň rowaçlygy üçin götermegiňizi haýyş edýärin!. . Şol sozleriň yzyndanam Türkmenistanyň oba hojalyk ministri rus şahyry Sergeý Ýeseniniň: “Swet weçerniý şafrannogo kraýa, Tiho rozy begut po polýam…” diýip başlanýan goşgusyny ýatdan aýtdy. Özi-de ol goşgy tüýs şeýle pursatda ýaňlanaýmaly goşgudy. Oturanlaryň arasynda ol şygry badaçy bilen bile aýdyp başlanam tapyldy. Şonlukda kabul edişlik jaýynyň howasy täzelenen ýaly boldy. G.Sähetmyradow sözüni tamamlanda, bir gyrada oturup, eýýäm keýpini köklemäge ýetişen ýaşuly rus şahyry, Magtymgylynyň, G.Seýitliýewiň, A.Atajanowyň, G.Ezizowyň, K.Gurbannepesowyň goşgularyny ussatlyk bilen terjime eden Ýuriý Petrowiç Gordiýenko saklanyp bilmedi: —Türkmenistanyň oba hojalyk ministri bilen medeniýet ministriniň ýerini çalşyrmagy teklip edýärin! Adamlar şahyryň replikasyny degişme hökmünde kabul etdiler. Ýöne degişmäniň aňyrsyndaky mana hem dogry düşünen bolsalar gerek… Gylyçdurdy Sähetmyradowyň hem Saýlaw Myradowyň dünýäden ötmegi bilen men öz ýazýan eserlerimiň talapkär synçylaryny ýitirendigime soň düşünip galdym. Meniň heniz doly çap bolmanka “galmagal” baryny turzan “Saragt galasy” romanymyň, “Ganly Merw”, “Sallançak mukamy”, “Lal perişde”, “Ýalňyzlyk”, “Uruşdan soňky söweş”, “Aglasy gelýän ak bulut” ýaly ulurak göwrümli eserlerimiň golýazmalarynyň sahypalary G.Sähetmyradowyň örän ýerlikli eden belliklerinden doludyr. Esasanam, ol dil meselesinde ýazyja has peýdaly maslahatlar bermäge ussatdy. G.Sähetmyradow klassyky mirasymyza aýratyn sarpa göýýardy. Hatda ol diňe Magtymgulynyň eserlerine has içgin aralaşmak üçin ýörite arap elipbiýini öwrendi. Beýle häsýet diňe şol ugurdan çörek iýýän edebiýatçylara mahsus ahyryn. Ol bir gezek keselhanadaka yzyndan baranymda, indiki gezek Magtymgulynyň soňky çykan bir topmlugyny getirmegimi haýyş etdi. Netijede, onuň Magtymgulynyň eserleri barada ýiti synçylyk bilen ýazan uly makalasy “Edebiýat we sungat” gazýetinde çap boldy. Ol keselhanadan çykandan soň maňa gaýtaran kitaplarynyň sahypalary bolsa eserler redaktirlenende goýberilen säwliklere edilen belliklerden doly eken. Men G.Sähetmyradow bilen köp ýyllaryň dowamynda tirkeşenim sebäpli, onuň işiniň rowaç alan mahallaryndanam, rowaçlygyna badak atylan mahallaryndanam habarlydym. Eger biz bir hepde ýa-da on gün telefonda gepleşmesek, ol menden öňürdiip, jaň ederdi-de: “Bir söý birle aşnalygmyz ýat oldy-low!” diýip, klassyka gyşardyp söze başlardy. G.Sähetmyradow edeplidi, tapbilendi. Ol bir gezek Moskwa komandirowka baranynda, şol ýerde Ýokary partiýa mekdebinde okaýan Hudaýberdi Diwangulyýew ikisini agşam çaýa çagyrdym. Nahar başynyň söhbetleşiginden soň ol ikisi küşt dikmeli etdi. Iki döwüň netijesi deň çykdy. Şonuň üçinem üçünji döw hem oýnalmalydy. Emma diwardaky sagada assyrynlyk bilen sereden G. Sähetmyradow “Ertirem ir turmalydyr” bahanasy bilen gaýtmaly etdi. Şonluk bilen men myhmanlarymy ýola saldym. Ertesi H. Diwangulyýew edarama jaň edip, üçünji döwi myhmanhanada dowam edendiklerini aýtdy. G.Sähetmyradowyn üçünji döwi myhmanhanada öz otagynda dowam etmegi ýaş çagaly öýde myhman ýeriňem uzak alada goýmazlyk bilen baglanyşyklydy. Ýüz ýaşanyňdan soň gelse-de, ajal gijigip geldi hasaplanmaýar. Ýöne, Gylyçdurdy Sähetmyradowyň ýaňy elli ýaşyny doldurup ýogalmagy ony ýakyndan tananlaryň köpüsiniň düňýäsinde öwezi dolmajak boşlugyň döremegine sebäp boldy. Men onuň näsaglandygyny eşidip, Moskwadan Aşgabada günaşadan diýen ýaly jaň edýärdim. Ol soňky näsaglanda Türkmenistan KP MK-nyň sekretary bolup işleýärdi. Üöne men ol näsaglyk beýle gamgyn netije bilen gutarar öýdüp, eger-eger pikirem etmeýärdim. Ýap-ýaňy respublikanyň döwlet ýolbaşçylarynyň biri bolan uçursyz jepakeş adam indi işlemelidi, indi döretmelidi. Onda Türkmenistanyň oba hojalygyny dünýä derejesine ýakynlaşdyrmak üçin uly-uly maksatlar bardy. Biz ony durmuşyň gyrasyndan ýaňy giren adam hasaplaýardyk. Şonuň üçinem bir gün giçlik ýazyjy Gylyç Kulyýew diňe şol mesele bilen öýe jaň edip: “Dostuň-a keselhanada welin, mümkinçiligiň bar bolsa, bir günlügem bolsa, gelip-gidäýsene!” diýende-de, ýaşuly Gylyçdurdynyň ýagdaýynyň umytsyzdygyny syzdyrýandyr öýtmändirin. Sebäbi beýle ýagdaý hut özümiz bilen bolsa-da, G. Sähetmyradow bilen bolmaly däl hasaplaýardyk. Çünki ol Watana, il-güne bize görä has bähbitli, has zerur gerçekdi. Ýöne “Ajala-da gowy adam gerek” diýilýän gep ugrunda bar bolarly. Bolsa-da, Gylyç Kylyýewiň jaň eden agşamynyň ertesi men Aşgabada uçdum. Elimde-de hut düýn-öňňun “Izwestiýa” neşirýaty tarapyndan çapdan çykarylan täze kitabym bardy. G. Sähetmyradow ol bir tomluga giren eserleriň hemmesini ozal okanam bolsa, samolýotda otyrkam men oňa ýeýle ýazgy etdim: “Gylyçdurdy Sähetmyradowa. Ykbal aýnatsa-da, bassa-da gerşden, Eselip-peselip, hetden aşmadyk. Meger, nesip çekip, aşsagam arşdan, “Hiç söý birle ýat olmasyn aşnalyk!” Atajan Tagan. 3-nji fewral, 1987. TU-154 uçarynyň borty”. Aeroportdan göni keselhana geldim. Meniň ýazan awtografymy okandan soňam uzak mahallap oňa seredip oturan Gylyçdurdynyň hortaň keşbi heniz-henizlerem göz öňümden gidenok. Ýa-ha ol awtografyň üçünji setirinden özüçe başga many çykarjak boldy ýa-da kitabyň awtory bilen Garagum beýewanlarynda, rus tokaýlarynda, supra başynda geçirilen kynçylyksyz hem kynçylykly döwürlerde bolan duşuşyklary ýatlady, garaz, tukatlandy. Tebigat Gylyçdurda uzak ömür eçilmän eken. Ykbal ony 25 ýaşly ýigitkä raýispolkoma başlyk, 30 ýaşyndaka raýkomyň birinji sekretary, 32 ýaşyndaka oba hojalyk ministri wezipelerine bellänem bolsa, ony götergiledi hasap etmeýärin. Çünki ol beýle orunlara mynasypdy. Tebigat oňa biçak işeňňirlik ukybyny beripdi. Haýsy mesele bolsa-da, gazanylan uly üstünligi bir ýa-da iki adama ýöňkemek meselä obýektiw baha berildigi bolmaýar. Ýöne Mary oblastynyň Hanhowuz düzlüginde tarp ýerleri özleşdirmegiň ilkinji ädimlerini ädenleriň esasylarynyň biri G.Sähetmyradow bolsa gerek. Ol gowaçadan bol hasyl almak ugrunda azap çekişi ýaly adamlaryň janynyň rahat bolmagy üçinem alada edýärdi. Onuň halamaýany käbir žurnalistiň “Kolhozçylar janlaryny aýaman zähmet çekýärler” diýen sözleridi. “Ol tersine bolmaly ahyryn—diýýärdi—Zähmet janyňy aýamak üçin çekilýär-ä”. Murgaply mehanizator Kakajan Akmyradow G.Sähetmyradow hakynda gep açylanda, bir epizody gürrüň berdi. Şeýle wakany göz öňüne getiriň: Hanhowuzda zähmet joşýar. Mehanizator ýigitler gije-gündiz diýen ýaly traktordan düşmän işleýärler. Olaryň alýan haklary-da zähmet çekişleri ýaly lomaý. Şonuň üçinem olar üst-başlaryna seretmegem ikinji-üçünji dereje hasaplaýarlar. Bir hepde, hatda on günläbem sakgal-murta päki degirmäge-de wagt tapylmaýar. Gazanjyň aly, nebis ähli zatdan rüstem gelýär. Bir gün raýkomyň 30 ýaşly täze sekretary olara armaçy bolup gelýär. —Näme islegiňiz, näme haýyşyňyz bar?—diýip, G.Sähetmyradow mehanizatorlara ýüzlenýär. —Çekinmäň-de, aýdyberiň! —Haýyş ýok, ýaşuly. Hemme zat gül ýaly. Nahar berilýär. Hak-heşdegimizem örän oňat. Haýyş ýok. —Beýle bolsa, meniň sizden bir haýyşym bar. —Aýdyberiň, ýaşuly! —Aýtsam, —diýip, G.Sähetmyradow agras görnüşe geçýär. —Men siziň hemmäňize tutuş iki sagatlap traktora münmegi gadagan edýärin… Mehanizatorlar henize çenli hiç bir ýolbaşçynyň agzyndan çykmadyk sözleri eşidip, haýran galýarlar. —Haýyşymy geň görmäň!—diýip, raýkomyň sekretary dowam edýär. —Zähmetem çekmeli, gazanjam etmeli. Ýöne gazanç diýip adamdygyňam unudaýmaly däl. Men size iki sagat wagt berýän. Ýuwnuň, ardynyň, sakgal-murty syryň. Ýogsam, pul baryny gazanyp, öýüňize baraňyzda, birden gelinleriňiz sizi tanaman durmasyn… G.Sähetmyradow biziň oba hojalygymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan guýmagursak zehindi. Ol öz döwrüniň, Kerim Gurbannepesow aýtmyşlaýyn, “potology pessejik” ýokary wezipeli ýolbaşçylaryndan mese-mälim tapawutlanýardy. Şonuň üçinem beýle işgäriň wezipe basgançagy bilen entegem ýokary galmagyndan ägä bolmak islän “ketdeler” derrew öz aladalaryny edip başladylar. Ony aňryýany bilen hötde gelýän wezipesinden boşadyp, ösüş gapylary ýapyk hasap edilýän bir işe geçirdiler. G.Sähetmyradowyň wezipesi peselse-de, abraýy peselmedi. ”Sähetmyradowy azerbeýjanlar işe çagyrýarmyşlar”, “Sähetmyradow ýaly kadryňyz kän bolsa, Amyderýadan bärik geçiriberiň!” diýip özbekler Aşgabada jaň edenmişler”. Il içine ýaýran ol gepler ugrunda barmy-ýokmy—aýtmak kyn. Ýöne şeýle gürrüňleriň biziň öz obalarymyza ýaýramagy G.Sähetmyradow ýaly işe ökde kadrlary “çepe-saga” zyňyşdyryberseň, köpüň göwnünden turmajakdygy duýdurylýardy. Dünýäden ötmezinden ozal G.Sähetmyradow gulagyny operasiýa etdirmek üçin Moskwanyň 2-nji medisina institutynyň kliniki keselhanasyna girdi. Şol mahal şäherde grip epidemiýasy bar bolany sebäpli, näsaglaryň ýanyna barýan adamlaryň sany çäklendirilendi. Sähetmyradowyň ýanyna girmäge-de diňe bir adam üçin rugsathat beripdirler. Gylyçdurdy hem ol rygsathaty meniň adyma ýazdyrypdyr. Şeýlelikde, men onuň ýanyna her hepdede bir gezek baryp bilýärdim. Onuň keselhanada ýatan döwründe Türkmenistanda deputat saýlawlary geçirilýärdi. Bu gezek G.Sähetmyradow deputatlyga hödürlenýän adamlaryň düzüminde ýokdy. Ondan köpler, şol sanda men hem habarlydym. Emma ol özi barada edilýän “alada” hakynda hiç kimiň ýanynda dil ýarmaýardy. Türkmenistanda saýlaw geçirilýän güni men keselhana ýörite gitdim. Meniň maksadym deputatlyga hödürlenmedik Gylyçdurdy saýlaw güni täk özi içini hümledip oturmaz ýaly, onuň ünsüni bölmekdi. Keselhananyň ýeke orunlyk palatasynda iki ýoldaş bolup, üç sagatdanam gowrak oturaýypdyrys. Edebiýat, taryh, durmuş baradaky söhbet şeýlebir gyzdy welin, palata girip çykýan şepagat uýalarynyň biri näsaga: “Siz bu gün nähili şähdaçyk görünýärsiňiz!” diýmäge mejbur boldy. Jahaňyň ýedi gudratynyň biri bolan Zewsiň altyn heýkelinden başlanan gürrüňiň öwrüm-öwrüm ýollary Bermut üçburçlugyna çenli baryp ýetse-de, Türkmenistanda geçýän deputat saýlawlarynyň welin üstünden eltilmedi. Ýöne syýasata birneme degildi. Ana, şonda G.Sähetmyradow: “Aý, näme, biz-ä indi syýasy oýundan çykan adam” diýen gepi dilinden sypdyrdy. Men onuň göwnüni götermek isläp: “Oýundan çykmak, oýna girmek çalşykly çemçedir—diýdim. —Ynha, birdenem pelegiň çarhy oňuna aýlanar weiin, oýundan çykarylanlar oýna girer duruberer”. Dogrudanam, şondan esli wagt geçensoň, pelegiň çarhy “oňuna” aýlanmaga başlady. Saparmyrat Nyýazow Türkmenistan KP MK-nyň birinji sekretarlygyna saýlandy. Ol hem işe başlan badyna “küle gaçan göwheri” tapdy. —Sähetmyradow Merkezi Komitetiň sekretary wezipesine işe çekildi. Ýöne Magtymgyly Pyragynyň “Niýetine görä ykbal bolmady” diýşi ýaly, S.A.Nyýazowyň G.Sähetmyradow bilen bile işleşmek niýeti uzak hasyl bolmady. Geljekki Prezidentiň bil baglan egindeşi G.Sähetmyradow täze bellenen wezipesinde doly bir ýyl hem işlemedi. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpli özgertmek baradaky ajaýyp maksatlaryny amala aşyryp bilmän aramyzdan gitdi. 1990. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |