15:21 Kysasyl enbiýa -36: Ýusup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany / dowamy | |
Hekaýat. Bir kempir gelip, Pygamber alaýhyssalama: «Eý, Allanyň resuly! Biz sährada: «Halymyz zyýada bolsun» diýip, ýylky-garanyň yzyna eýerip ýörýäris. Emma biziň ýagdaýymyz hiç zyýada bolmaýar» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Siz ýylky-garaňyzy satyň, iliň arasyna gelip ekin ekiň we ekinleriňiziň arasynda kubaşlar dikiň». Olar pygamber alaýhyssalamyň aýdyşy ýaly etdiler. Olaryň ýagdaýlary gowulaşdy. Sowal: Ekiniň içinde garantgy dikmekden näme peýda bar? Jogap: Peýda şeýledir: Ýaman gözli kişi ekine baksa, ekin heläk bolar. Eger onuň içinde garantgy bolsa, ýaman kişiniň gözi ilki bilen garantga düşer we oňa deger, emma ekine degmez. Eger siz pikirlenip görseňiz, ýaman göz ilki garantga degse, soňra gök ekine göz degmez. Aýdypdyrlar: Garantgy ekinden saýlanyp durandygy sebäpli ilki oňa, ondan soň ekine göz düşer. Şonuň üçin ýaman göz garantgaly ekine zyýan etmez». Sowal: Ýaman göz ilki düşen zadyna zyýan eder, soň düşen zadyna zyýan ýetirmez. Munuň sebäbi nämedir? Jogap: Gözüň zereri – zyýany ilki bakan zadyna bolar. Haýsy zat eziz bolsa göz şoňa deger. Ondan soň ol göz näçe baksa hem başga zada zyýan ýetirip bilmez. Sowal: Göz degmekde näme hikmet bar? Jogap: Onda parasat şeýledir. Hudaýtagala mömini söýdi. Ol Özüni hem söýüň diýdi. Aýat: «Allatagala olary söýýär, olar hem Allatagalany söýýärler». Haçan mömin söýük gözi bilen bir zada baksa, Allatagala ol zady halamaz we: «Bendäm menden başga zada gowy görmek gözi bilen bakmasyn» diýip, ol zady heläk eder. Pygamber alaýhyssalam: «Meniň hem gözüm degýändir, Sagdyň hem gözi degýändir. Emma Allatagala ikimizden hem beter göz degirijidir» diýipdir. Sowal: Garantgynyň degýän gözi gaýtarmaga näme gudraty bar? Jogap: Garantgynyň gudraty ýok. Emma araplaryň bir adaty bar. Olar bir işiň ugruna bolmagyny isleseler, onuň sebäpkärlerine ýardam berýärler. Aýat: «Ybraýym alaýhyssalam: «Eý, Taňrym! Butlar köp adamlary dogry ýoldan azdyrdy» diýdi. Butlaryň adamlary azdyrmaga gudraty ýok. Emma olar azmaklyga sebäp bolýar. Biz ýene öz maksadymyza gaýdyp geleliň. Ýakup pygam-beriň oglanlary Müsüre geldiler. Olaryň her biri bir derweze-den girdiler. Aýat: «Olar atalarynyň buýruşy ýaly Müsüriň derwezelerinden bölünişip girdiler». Ibn Ýemin Ýehuda bilen bir derwezeden girdi. Olar hemmeden öňürti Ýusup alaýhyssalamyň köşgüne geldiler. Ýakup pygamber Ýusup alaýhyssalama Ybraýym pygamberiň sellesini bolak iberipdi. Ol Ýakup py¬gambere miras galypdy. Olar bu selle bilen salam berip Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna girdiler. Ony onuň öňünde goýup: «Ýakup pygamber: «Bu destar maňa atam Ybraýymdan miras galdy. Men ony Müsür patyşasyna iberýärin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam bu sowgada begendi. Çünki ol selle kime ýetse ol pygamber bolardy. Ýene olar ýükleriniň içinden çykan zatlary onuň ýanynda goýup: «Bu zatlar biziň elten ýüklerimiziň içinden çykdy. Biz: «Olary ýalňyşyp goýan bolaýmasynlar» diýip yzyna alyp geldik» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Siz muny ýagşy etdiňiz. Ýöne, biz ol zatlara mätäç däl. Olaryň hem¬mesi siziňki bolsun. Siz ony ýol azygy ediniň» diýdi. Ýusup alaýhyssalam atasynyň bu zatlary yzyna iberendigini bildi. Ýusup alaýhyssalam tapyglara: «Alty tabak bilen tagam getiriň» diýip buýurdy. Olar tagam getirdiler. Bir sözde: «Ýakup pygamberiň her iki ogly bir eneden dogdy» diýip aýdypdyrlar. Ýusup alaýhyssalam: «Bir eneden doganlaryňyz bir tabakdan tagam iýiň» diýdi. Olar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler. Ibn Ýemin ýalňyz galdy. Aşyň öňünde Ibn Ýemin ýyglap başlady. Ýusup alaýhyssalam ony görüp, perdeden oturan ýerinde: «Siziň doganyňyz näme üçin ýyglaýar?» diýdi. Ibn Ýeminiň özi sowala: «Meniň bilen bir eneden doganyň özi bu gün bu ýerde bar bolan bolsady, onda men ýalňyz tagam iýmezdim» diýip jogap gaýtardy. Ýusup alaýhyssalam: «Siz bu ýeke garyndaşyňyza rugsat beriň. Ol meniň bilen tagam iýsin?» diýdi. Doganlaryň hemmesi ör turup, hyz¬mat aýdyp: «Bu bize uly at-abraýdyr» diýdiler. Ibn Ýemini perdä girizip tagtyň üstünde oturtdylar. Onuň öňünde tagam goýdular. Ýusup alaýhyssalam ýüzündäki nikaby göterdi. Ibn Ýemin Ýusup alaýhyssalamyň ýüzüni görüp, ah tartyp, özün¬den gitdi. Ýusup alaýhyssalam onuň agzyny tutdy. Gülap su¬wu¬ny getirip, Ibn Ýeminiň ýüzüne sepdiler. Ol özüne geldi. Ýusup alaýhyssalam oňa: «Seniň bir derdiň barmy, tutgaýyň barmy?» diýdi. Ibn Ýemin: «Biz pygamberler urugyndandyrys. Bizde yllat, tutgaý bolmaz. Emma siziň ýüzüňiz meniň gaýyp bolan agamyň ýüzüne meňzeýär. Meniň şol agam ýadyma düşüp özümden gitdim» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Sen gaýgy etme. Seniň şol gaýyp bolan agaň mendirin» diýdi. Ibn Ýemin ýene özünden gitdi. Onuň ýüzüne ýene gülap seçip, özüne getirdiler. Aýat: «Olar Ýusubyň ýanyna girenlerinde, Ýusup öz doganyny ýanyna çekip: «Men seniň doganyňdyryn. Sen bularyň edýän işlerine gamgyn bolma» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Meniň atamyň haly niçikdir? Sen maňa şony aýdyp ber» diýdi. Ibn Ýemin: «Ol Beýtil-ahzana girip, ýyglamakdan ýaňa iki gözi kör boldy» diýdi. Ýusup alaýhyssalam bu sözi eşidip ýyglady we bihuş boldy. Ol huşuna gelip: «Eý, Ibn Ýemin! Sen aşdan iý. Men saňa doganlarymyň maňa eden işlerini aýdyp bereýin. Olar ilki meni guýa saldylar. Soňra meni guýydan çykaryp gul diýip satdylar. Ondan soň men bu ýerde zyndana düşdüm. Köp ýyllar zyndanda ýatdym. Men Allatagalanyň rehmeti bilen zyndandan çykdym. Ol maňa şu-nuň ýaly ýurt we patyşalyk berdi. Ýöne sen meniň bu sözümi agalaryňdan ýaşyr. Men olary emgedeýin» diýdi. Ibn Ýemin: «Sen özüň näme etseň şoňa hem erklisiň» diýdi. Ibn Ýemin perdeden çykdy. Ýusup alaýhyssalam olary üç gün hormatlady, her birine bir düýe ýüki bugdaý berdi we olaryň ýol azygyny taýýar etdirdi. Aýdypdyrlar: Ol ilki Ibn Ýeminden başgasynyň bugdaýyny susup berdi, iň soňunda oňa bugdaý susdurdy. Ýusup alaýhyssalamyň suw içýän bir idişi bardy. Ol ony olardan ýaşyryp Ibn Ýeminiň çuwalynyň içine saldyryp gizletdi. Aýat: «Haçan olaryň ýüküni taýýar edenlerinde ol suw içýän gabyny doganynyň ýüküniň içine salyp goýdy». Aýdypdyrlar: Ol gap kümüşdendi. Hudaýtagala oňa Gurhanyň içinde «Sykaýa» diýip atlandyrdy. «Sykaýa» arap dilinde «suw gaby» diýmek bolar. Ol ýene bir ýerde oňa «Sawag» diýdi. «Sawag» arap dilinde «tereziniň jamy» diýmek bolar. Ol jam dört aýakly, her bir aýagy dürli-dürli göwherler bilen bezelendi. Onuň içinde, daşynda üç ýüz altmyş mährabyň suraty bardy. Her bir mährapda bir şerigat eýesiniň ady ýazylgydy. Onuň dört burçunda dört sany gymmat bahaly göwher goýlandy. Doganlaryň hemmesi Ýusup alaýhyssalama ýagşy dilegler edip, ýola düşdüler. Olaryň gelýän ýolunyň ugrunda Aýnuş-şems atly bir oba bardy. Olar bu ýere gelip düşlediler. Olar naharlanyp we dem-dynçlaryny alyp ýola ugramakçy boldular. Şol wagt Ýusup alaýhyssalam dört müň atly bilen atlanyp, ýetip geldi. Ol: «Eý, argyş halky! Biz sizi: «Bugdaý almaga gelendirler» diýip oýlapdyk. Emma siz ogry ekeniňiz» diýip jar çekdirdi. Aýat: «Eý, kerwen halky! Siz ogrular ekeniňiz» diýip jarçy jar çekdi. Peýda. Aýdypdyrlar: Ogrylar dört hili bolýandyr. Mal ogrusy, namaz ogrusy, söz ogrusy we ölçeg ogrusy. Mal ogrusynyň elini keserler. Aýat: «Ogry erkegiň we ogry aýalyň ikisiniň hem ellerini kesiň». Söz ogrusyny oda köýdürerler. Aýat: «Kim ogrynça söz diňlese, onuň arkasyndan ýiti ot gelip köýdürer». Namaz ogrusynyň ýüzüniň suwuny dökerler. Pygamber alaýhyssalam: «Ogrynyň iň erbedi öz namazyndan ogurlyk edýän kişidir» diýip aýdypdyr. Tereziden ogurlyk edýäni dowzah oduna ýakarlar. Aýdypdyrlar: Dünýäde ogurlykdan ýaman zat ýokdur. Ogrynyň görjek azabyndan beter azap hem ýok. Ol azap-onuň sag goluny keserler. Ol bu goly bilen tagam iýer, onuň bilen täret alar we onuň bilen mesh tartar. Sag el hemme ýagşylyk-lary eder. Munuň ýaly eziz el ýarym altyn üçin kesiler. Munuň ýaly erbet azap bolmaz. Ýakup pygamberiň oglanlary «ogry» sözüni eşitdiler. Olaryň güýç-kuwwatlary galmady, ýüzleri sargardy we gorkup: «Siz näme ýitirdiňiz? Siz kime ogry diýýärsiňiz?» diýdiler. Aýat: «Ýakubyň oglanlary olara ýüzlenip: «Siz näme zat ýitirdiňiz?» diýýärsiňiz. Ol jar çeken: «Siziň bize rehimiňiz gelsin. Biz patyşanyň ölçeg gabyny ýitirdik. Kim ony çykaryp berse, biz oňa bir düýe ýüki bugdaý bereli» diýdi. Sowal: Bu ýerde söýünjini özge zat etmän, «bugdaý bereli» diýmeklerine sebäp nämedi? Jogap: Açlykda bugdaýdan artyk zat ýok. Şonuň üçin olar «bugdaý bereli» diýdiler. Jarçy: «Kim ol jamy tapyp berse, meniň oňa bugdaý berjegim hakdyr. Aýat: «Jarçy: «Kim ony tapyp berse bir düýe ýüki bugdaýy bererin. Men bu söze kepildirin». Eger siz ony özüňiz tapyp bermeseňiz, onda men ony özüm gözläp taparyn. Onsoň siz emgege düşersiňiz. Siz özüňize beýle sütem getirmäň, özüňizi bela düşürmäň. Gowusy bir düýe ýüki bugdaýy alyň, jamy beriň. Bolmasa patyşa biziň yzymyzdan geler» diýdi. Aýnuş-şems obasynyň erkegi, urkaçysy bu ýagdaýa tomaşa edip durdy. Olar: «Bular jamy berip bir düýe ýüki bugdaýy alsalar ýagşy bolardy» diýdiler. Şol wagtda Ýusup alaýhyssalam dört müň atly bilen ýetip geldi. Ýusup alaýhyssalam: «Jamy tapdyňyzmy?» diýdi. Jarçy: «Jamy tapmadyk» diýdi. Ýusup alaýhyssalam doganlarynyň ulusyna: «Siz näme diýersiňiz?» diýdi. Olaryň hemmesi: «Biz bu ile ýaramaz iş üçin gelmedik. Biz pygamberiň oglanlarydyrys. Aýat: «Biz ogrular däldiris». Biz ýüklerimiziň içinden çykan zatlary Kengandan getirdik. Biz näme üçin jamy ogurlaly. Biz Kengandan çykanymyzdan soň: «Iliň mülkünde biten otlary iýmesinler. Kapyrlaryň agajyndan bir ýaprak iýmesinler» diýip düýelerimiziň agzyna çenli bagladyk. Müsürden çykanymyzda hem biz şonuň ýaly etdik. Biz patyşadan şunça hormat-hezzet görüp, onuň duzuny iýip, köşgünde bolup, ondan bugdaý alyp, näme üçin onuň jamyny ogurlary?» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Biz ýüküňizi agtaraly. Eger ony tapmasak, onda biz yzymyza gaýdarys. Eger biz ony tapsak, ogrynyň elini kesmeli bolarys. Bu nähili bolar?» diýdi. Olar: «Ybraýym, Yshak, Ýakup pygamberleriň şerigaty boýunça jam kimiň ýükünden çyksa, ol dirikä patyşa gul bolar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Biziň kanunymyzda ogrynyň eli kesiler, ýa-da ondan mal alnar, ýa-da oňa tagma basylar» diýdi. Olar: «Sen öz kanunyň boýunça höküm çykarsaň hem, biziň şerigatymyz boýunça höküm çykarsaň hem öz erkiňde» diýdiler. Aýat: «Biz zalymlaryň jezasyny şunuň ýaly berýäris». Ýusup alaýhyssalam: «Ýükleriňizi açyň» diýdi. Ilki beýleki adamlaryň ýüklerini agtardylar. Soňra on aga-ininiň ýüküni gözlediler. Olaryň ýükünden jam çykmady. Ýusup alaýhyssalamyň bulary bagyşlap, yzyna gaýtmak pikiri bardy. Rubil: «Siz bu birimiziň ýüküni hem görüň» diýdi. Ibn Ýeminiň ýüküni açdylar. Jam ondan çykdy. Aýat: «Ol jamy doganynyň ýükünden çykardy». Hemmeler gamgyn boldular. Agalary: «Eý, Rahylyň ogly! Seniň eneň iki ogul dogurdy. Siziň ikiňiz hem ogry» diýdiler. Ibn Ýemin: «Eý, doganlar! Men ogry däl. Hudaý kessin, men ony ogurlamadym» diýdi. Olar munuň bu sözüni kabul etmediler. Ol Hudaýtagala ýalbaryp başlady. Doganlary: «Hudaýa ýal-baryp dileg edýänçäň, ogurlyk etmeseň ýagşy bolardy» diýdiler. Sowal: Ibn Ýemin ölçeg jamyny ogurlamady. Ýusupdan oňa «Siz ogry» diýmeklik nähili rowa bolar? Jogap: Aýat: «Biz Ýusuba agalarynyň hile edişi ýaly olaryň garşysyna hile etmegi öwretdik». Aýat: «Allatagala her bir ylymly kişiden alymlykda ýokardadyr». Doganlary utanyp: «Ibn Ýemin jamy ogurlady. Emma onuň beýleki dogany hem ogrudy» diýip, bahana tapdylar. Aýat: «Olar: «Bu häzir ogurlyk eden bolsa, onuň dogany öň ogurlyk edipdi» diýdiler. Sowal: Ýusup alaýhyssalam ogurlyk etmedi. Näme üçin doganlary oňa «Ol ogurlyk etdi» diýdiler? Jogap: Bu sowala jogap köpdür. Emma olardan munuň has dogry jogaby şeýledir. Ýusup alaýhyssalamyň bir halasy bardy. Ol Ýakup pygamberiň nikasyndady. Ol Ýusuby örän göwy görerdi. Şonuň üçin ol Yshak pygamberiň guşagyny Ýusuba bildirmän, onuň donunyň içinden guşady. Onsoň ol: «Men guşak ýitirdim» diýip, Ýakup pygamberiň ýanyna geldi. Ony gözläp Ýusupdan tapdylar. Ol wagtyň şerigatynyň düzgüni boýunça ogry zat eýesiniň guly bolardy. Ol şeýdip Ýusuby alyp galdy. Bu sebäpden agalary Ýusuba: «Ol öň ogurlyk edipdi» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam bu sözi eşitdi. Emma ol syr bildirmedi. Aýat: «Ýusup bu ogurlykly gürrüňi içinde gizlin saklady we olara ony bildirmedi». Allatagalanyň oňa: «Aýtma» diýen emri bardy. Doganlary: «Eý, patyşa! Sen muňa tagma bas, ýa-da bizden mal al, emma ony alyp galma. Eger sen ony alyp galjak bolsaň, oňa derek biziň birimizi alyp gal. Onuň yzynda garry atasy bar» diýdiler. Aýat: «Doganlary: «Eý, eziz! Munuň uly ýaşly garry kakasy bar. Onuň ornuna biziň birimizi alyp gal» diýdiler. Doganlary Ýusup alaýhyssalamy eziz diýip öwdüler, atalaryny şefyg edip getirmediler. Sowal: Olar atalarynyň pygamberligini şefyg getirmediler. Muňa sebäp nämedi? Jogap: Olar Müsüriň mülküniň haýsy dindedigini bilme-ýärdiler. Pygamberleri musulmanlar sylaýarlar, kapyrlar bolsa olara hormat goýmaýarlar. Bu sebäpden olar «garry» diýdiler, «pygamber» diýmediler. Ýusup alaýhyssalam: «Hudaý saklasyn! Men öz jamym kimden çykan bolsa şony alyp galaryn. Men ony goýberip, başga birini alyp galsam, zalymlardan bolaryn». Aýat: «Onda biz zalymlardan bolup galarys» diýdi. Doganlary Ýusup alaýhyssalamdan tamany üzdüler. Ýehuda: «Eý, doganlar! Siz bu kerwen halky bilen leşgere bäs gelseňiz, men patyşa bäs geleýin. Bolmasa siz patyşa topulyň, men galan leşgere bäs gelerin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam agalarynyň güýç-kuwwatyny bilýärdi. Olar haçan gazaplansalar tüýleri dim-dik bolup, donlarynyň daşyna çykardy. Onsoň olar bir ili bozmasalar rahatlanmazdylar. Ýakup pygamberiň urugyndan bir kişi eli bilen olaryň arkasyny sypalasa, diňe şonda olaryň ga¬har-gazaby köşeşerdi. Ýehuda garyndaşlaryna: «Menden uzakda duruň. Men bulara topulaýyn» diýdi. Ýusup alaýhyssalam Ýehudanyň gazabynyň gelendigini gördi we öz ogluna: «Sen baryp ol äriň arkasyny sypala» diýdi. Oglan baryp onuň arkasyny sypalady. Ýehudanyň gahary ýatdy. Ýehuda: «Müsür ilinde Ýakup pygamberiň urugyndan kim bar?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, argyş halky! Siz: «Güýç-kuwwat diňe bizde bar. Ol başga kişide ýok» diýýärmisiňiz? Siz jamy ogurlany bize goýup gidiň» diýdi. Ol Ibn Ýemini alyp yzyna döndi. Doganlar Aýnuş-şems obasynda galdylar. Ýehuda: «Eý, doganlar! Atamyz bizden hat aldy, biz: «Ibn Ýemini salamat getireris» diýip äht etdik. Biz mundan öň Ýusup üçin ýolsuzlyk etdik. Men ony alman Kengana barmaryn. Onsuz men atamyň ýüzüne nähili bakaýyn? Men üç işiň biri berjaý bolmasa bu ýerden gitmerin: ýa-ha atam maňa rugsat bermese, ýa-ha Hudaýtagala maňa höküm etmese, ýa-ha men bu ýerde ölmesem. Men diňe ol doganymy atamyň ýanyna alyp bararyn. Elbetde, hemme hökümlerden Hudaýtagalanyň hökmi beýikdir. Aýat: «Men tä atam maňa rugsat berýänçä ýa-da Allatagala maňa höküm çykarýança hergiz Müsürden çykmaryn. Elbetde, Allatagala höküm çykaryjylaryň iň ýagşysydyr» diýdi. Ýusup alaýhyssalamyň doganlary mutahaýýyr galdylar. Olar ýüklerini bu obada amanat goýdular. Olar ýyglap Müsüre geldiler. Aýdypdyrlar: Olar Müsüre gelip: «Biziň her birimiziň bu çäklik güýç-kuwwatymyz bar. Biz urşup inimizi alalyň» diýip geňeşdiler. Ýehuda: «Men ýalňyz Ymlagyň leşgerini gyrdym. Men Müsür ili bilen söweşe girerin» diýdi. Olar agaçlary kes-diler we uly daşlary ýygnadylar. Doganlar: «Biziň her birimiz bir iş bitireli» diýip sözleşdiler». Ýusup alaýhyssalam: «Olar geler» diýip, sakçylary goýupdy. Sakçylar gelip Ýusup alaý-hys¬salama: «Olar: «Biz uruşjak diýýärler» diýip habar berdiler. Ýusup alaýhyssalam kyrk müň ýaragly nöker jemledi. Bu habar Reýýan patyşa baryp ýetdi. Ol: «Men hem atlanaýyn» diýdi. Emma Ýusup alaýhyssalam ony unaman: «Bu işiň alajyny özüm görerin» diýdi. Ertesi doganlaryň her biri bir derwezeden girdiler. Ýehuda gaty üýn etdi. Onuň bu sesini eşidip, Müsür halkynyň hemmesi bihuş boldy, ýükli aýallar çagalaryny düşürdiler. Şemgun başga derwezeden girdi. Adamlar ony görüp gaçdylar. Ol bir daşy göterip, Ýusup alaýhyssalamyň köşgüne uryp, ony ýumurdy. Ýusup alaýhyssalam olaryň garşysyna hiç kimiň durup bilme¬jek¬digini bildi. Ol Ybraýym alaýhyssalamyň sellesini çykaryp, alyp olaryň garşysyna çykdy. Olaryň üýnleri çykmaz ýaly boldy. Ýusup alaýhyssalam yzyna gaýtdy. Olaryň hemmesini tutdular. Ýehuda owaz edende Reýýan patyşa gorkup tünege giripdi. Ýusup alaýhyssalamyň olary tutandygyny eşidip patyşa begendi. Müsür ili jemlendi. Ýusup alaýhyssalam olara: «Siz dünýäde är diňe bizdiris diýip pikir edýärmisiňiz? Bu ýerde hem ärleriň bardygyny gördüňizmi?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam bir kişini iberip, ol obadan bularyň ýüklerini getirtdi. Üç gün olary öýde saklady. Dördünji gün doganlarynyň gözüniň alnynda: «Bulary öldür» diýip, Reýýan patyşa adam iberdi. Ýusup alaýhyssalam olara: «Men sizi bagyşladym, eden günäleriňizi geçirdim, sizi azat etdim, siz bu ýerden tiz gidiň» diýdi. Ýehuda: «Men Kengana barjak däl. Siz baryp atamyza: «Ogluň ogurlyk etdi» diýip aýdyň» diýdi. Dokuz aga-ini Kengana geldiler. Olar Ýakup pygambere bolup geçen wakalary aýdyp berdiler. Ýakup pygamber dokuz ogluny gördi. Ol iki ogly gelmänsoň gamgyn boldy we: «Siz mundan öň birini alyp gitdiňiz, ony ýitirdiňiz. Ýene birini alyp gidip, ony getirmän: «Ol ogurlyk etdi» diýip bahana edýärsiňiz. Meniň oglum ogurlyk etmez. Siz ýalan aýdýarsyňyz» diýdi. Olar: «Siz bize ynanmasaňyz, onda ol obadaky argyş halkyndan soraň» diýdi. Ýakup pygamber: «Maňa sabyr etmeklikden özge çäre ýok. Hudaýtagala ogullarymyň hemmesini maňa gowuşdyrar» diýdi. Aýat: «Indi maňa sabyr etmeklik ýagşydyr. Allatagalanyň özi maňa olaryň hemmesini getirip berer. Çünki ol bilijidir, parasatlydyr» diýdi. Ol köp ýyglady. Ahyry eline döwet, galam alyp hat ýazdy: «Müsür halkynyň patyşasyna Ybraýym halylallanyň neberesi, Yshak zabyhallanyň ogly Ýakup ysraýylalladan hat. Bu hat Pyrgaun aguşy Müsür ezizine ýetsin. Biz pygamberler urugyn¬dandyrys. Biziň ata-babalarymyz bela duçar boldy. Meniň atam Yshak pygamber Taňrynyň buýrugy bilen bogazlandy. Uly atam Ybraýym pygamber Nemrudyň oduna atyldy. Men hem iki ogluň gaýgysyna sataşdym. «Olaryň birini böri iýdi» diýdiler. Ýene birini sen ogry diýip alyp galypsyň. Bizde ogurlyk edýän kişi ýok. Men ejiz, gamgyn, gözsüz garrydyryn. Meniň ýaşym ulaldy, süňklerim köwlendi, saç-sakgalym agardy. Arkam gaýgy-gamdan büküli. Siz maňa rehim ediň we ony bagyşlaň. Gözümiň röwşeni oglumy maňa iberiň. Men saňa ýagşylyk dilegini edeýin. Sen bu jahanda ýagşylyk gör, ol jahanda azapdan gutul. Sen biziň köňlümizi agyrtma. Eger sen ony maňa ibermeseň, men säher bilen gopup, jadylyk okuny seniň tarapyňa ataryn. Onsoň sen mülküň, il-günüň bilen ýok bolarsyň». Sowal: Ýusup alaýhyssalam Pyrgaun neslinden däldi. Ýakup pygamber näme üçin oňa: «Pyrgaun nesli» diýip hat ýazdy? Muňa sebäp nämedir? Jogap: Müsüriň patyşalarynyň hemmesi Nemrudyň urugyndandy. Ol pyrgaun diýlip atlandyrylýardy. Ýakup pygamber: «Bu patyşa hem olaryň urugyndandyr» diýip, onuň aslyny bilmän hatda şeýle ýazdy. Hat Ýusup alaýhyssalama baryp ýetdi. Ol haty okap görüp, öýe girip üç gün ýyglady. Ondan soň ol hata: «Bu hat Müsür ezizinden Yshak pygamberiň ogly Ýakup pygambere ýetsin: «Eý, ejiz garry! Sen hatda: «Atam bogazlandy, uly atam oda atyldy, oglumy maňa iber. Eger sen ony maňa ibermeseň, men säherde gopup, dileg edip, jady okyny ataryn» diýipsiň. Meniň saňa jogabym şeýledir, seniň atalaryň nähili sabyr eden bolsalar, sen hem olar ýaly sabyrly bol. Hudaýtagala olara nähili ýol beren bolsa, saňa hem berer. Ýene bir sözüm, säherde gopup, ol oky maňa tarap atma. Seniň gözüň röwşeni, köňlüň şatlygy ogluňy Taňrytagala tiz wagtda saňa Ýusuby gowşurar. Wessalam» diýip jogap gaýtardy. Ýusup alaýhyssalamyň bu haty Ýakup pygambere gelip gowuşdy. Ol ony okady we: «Bu hat kapyrlaryň haty däl. Bu hat syddyklaryň hatydyr» diýdi. Ol wagtda Ýakup pygamberiň urugynda onuň özünden başga pygamber ýokdy. Ol: «Bu Ýusubyň haty bolaýmasa» diýen umytda boldy. Aýat: Ol oglanlaryna: «Siziň nebsiňiz öz halaýan işiňizi size ýagşy edip görkezendir». Müsüriň patyşasy ogrynyň gul edilýändigini nähili bildi. Ony siz oňa öwretdiňiz. Siziň içiňizde näme bardygyny Taňry bilýär. Ogul-gyza gargamak bize rowa däl. Men Ýusuba sabyr edişim ýaly muňa hem sabyr edeýin. Belki, Hudaýtagala olaryň hemmesini maňa gowuşdyrar» diýdi. Aýat: «Indi maňa sabyr etmeklik ýagşydyr. Allatagalanyň özi maňa olaryň hemmesin getirip berer. Çünki Allatagala biliji we parasatlydyr». Aýdypdyrlar: Şol wagtda Hudaýtagalanyň emri bilen Ýakup pygamberi uky basmarlady. Ol düýşünde Ezraýyl perişdäni gördi. Ýakup pygamber ondan: «Eý, Ezraýyl! Sen meniň Ýusubymyň janyny aldyňmy?» diýip sorady. Ol: «Ýusup diridir. Men onuň janyny almadym. Hudaýtagala Ýusuby saňa gowuşdyrar. Sen begenersiň» diýip aýtdy. Ýakup pygamber begenip oýandy we: «Meniň Ýusubymyň haly niçikdir?» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam ýetişip gelip: «Eý, Ýakup! Sen näme üçin ýyglaýarsyň? Hudaýtagala: «Ogluň Ýusuby saňa gowuşdyraryn» diýip aýdýar. Ýakup pygamber begenjinden başyny seždä goýdy. Ol Hudaýtagala şükür etdi we oglanlaryny çagyryp: «Siz Müsüre gidiň we Ýusuby gözläň» diýdi. Olar: «Eý, ata! Biz gideli. Ibn Ýemini getireli. Emma biz Ýusuby tapyp bilmeris» diýdiler. Aýdypdyrlar: Ýakup pygamber Ýusup üçin köp ýyglady, onuň iki gözi agardy we kör boldy. Ol oglanlaryndan ýüz öwürdi. Bir söze görä ol kyrk ýyl aglady, başga bir söze görä ol segsen ýyl aglady. Sowal: Adam ata üç ýüz ýyl aglady. Onuň gözleri agar-mady. Ýakup pygamber kyrk ýyl aglady onuň gözleri agardy. Muňa sebäp nämedir? Jogap: Adam ata Hudaýtagalanyň permanyny bozup bug-daý iýdi. Ol günä iş etdi. Ol Taňrysyndan bu ýazygy üçin gorkunjyna aglady. Onuň üçin onuň gözi agarmady. Ýakup pygamber günäsi üçin aglamady. Ol ogly Ýusupdan aýrylany üçin aglady, onuň üçin gözleri agardy. Aýdypdyrlar: Dawut pygamber ýazygy üçin kyrk ýyl aglady. Onuň töwreginde kyrk gary suw ýygnandy. Ol suwdan ot öndi. Ot ösüp, Dawut pygamberiň boýy onda görünmez ýaly boldy. Hekaýat. Bir gün howadan uçup barýan guşlaryň biri gelip Dawut pygamberiň gözýaşyndan içdi. Ol uçup barýarka: «Men örän lezzetli suw içdim» diýdi. Dawut pygamber bu sözi eşidip, öňküsinden has artyk ýyglap başlady. Hudaýtagaladan: «Eý, Dawut! Sen näme üçin ýyglaýarsyň?» diýen owaz geldi. Ol: «Eý, Taňrym! Indi meniň halym şeýle boldumy? Howadaky guşlar: «Seniň gözýaşyň şirin eken» diýip, meniň üstümden gülýärler» diýdi. Allatagaladan: «Eý, Dawut! Olar dogry aýdýarlar. Men dünýäde günäkär bendeleriň gözýaşyndan datly zat ýaratmadym» diýen owaz geldi. Dawut pygamber muny eşidip begenjinden has köp ýyglady. Hekaýat. Şyh Zünnün Müsri (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) bir gije öýüniň üstüne çykyp tagat edip durdy. Ol köp ýyglady. Onuň gözýaşy nowadan akdy. Bir kişi ötüp barýardy. Onuň göz ýaşy bu kişiniň donuna damdy. Ol: «Bu nowadan akýan suw päkmi ýa-da päk däl?» diýdi. Zünnün onuň bu sözüni eşidip: «Eý, mömin! Donuňy ýuw, ol arassa bolsun. Bu bir günäkär bendäniň gözýaşydyr» diýdi. Indi biz maksadymyza gaýdyp geleli. Jebraýyl alaýhyssa-lam adam suratynda bolup, gelip Ýakup pygambere: «Eý, Ýakup! Seniň gözleriňi näme gidirdi, biliňi näme bükür etdi we ýüzüňi näme saraltdy?» diýip aýtdy. Ýakup pygamber: «Ýusup üçin ýyglamagym gözümi gidirdi, Ibn Ýeminiň gaýgysy bilimi bükür etdi, Ýehudanyň pikirini etmek ýüzümi saraltdy» diýdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Seni Ýusup ýaratdymy, Ibn Ýemin seniň rysgalyňy berermi?» diýdi. Ýakup pygamber: «Ýok» di¬ýip aýtdy. Jebraýyl alaýhyssalam: «Onda näme sen Allatagala şikaýat edýärsiň?» diýdi. Ýakup alaýhyssalam bu sözleri Jebraýyl perişdäniň aýdandygyny bildi. Jebraýyl alaýhyssalam şol wagt gözden gaýyp boldy. Ýakup alaýhyssalam: «Eger sen bu gamçy bilen meni başdan uran bolsaň, ömrümi Ýusubyň ady bilen aglap biderek geçirmezdim» diýdi. Ýakup pygamberiň agysyndan onuň öýündäki ogul-gyzlary: «Allatagalanyň haky üçin kasam bolsun! Sen Ýusup diýip ýyglamakdan irmediňmi? Sen dynman Ýusup diýýärsiň. Sen bu gaýgyda ölersiň» diýip aýdardylar. Aýat: «Olar: «Taňrydan kasam bolsun! Sen mydama Ýusuby ýatlaýarsyň. Sen bu bolşuňda ýa-ha özüňi jyda gynarsyň, ýa-da heläk bolarsyň» diýip aýtdylar. Bu söz Ýakup pygamberiň gaýgysynyň üstüne ýene gaýgy goşdy. Ol: «Meniň şikaýat-agym onuň üçin däl. Meniň şikaýatym Taňradyr. Men Allatagalanyň dergähine şikaýat edýärin» diýdi. Aýat: «Ýakup alaýhyssalam: «Men çekýän gamymy we ahymy Allatagala şikaýat edýärin, size şikaýat etmeýärin» diýdi. Ol tagat-ybadatdan boşan wagty bu dilegi ederdi: «Ýa kesiral-haýri, we ýa da‘imel-magrufi messikni alel-islämi hattä alkake».24 Ol ýene bu dilegi aýdardy: «Allahumme rudde aleýýe reýhani summe isnag mä şi’te» Rowaýat. Abdylla ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýdypdyr: «Ýakup pygamber Taňrysyna ýalbaryp şatlyk diledi. Ol bu dilegini köp gaýtalady. Bir gün Ezraýyl alaý¬hyssalam adam suratynda bolup geldi. Ýakup pygamber ony eli bilen tutdy we: «Sen kimsiň?» diýdi. Ol: «Men Ezra-ýyl¬dyryn» diýdi. Ýakup pygamber: «Eý, Ezraýyl! Sen meniň Ýusubymyň janyny aldyňmy?» diýdi. Ezraýyl alaýhyssalam: «Ýok, men onuň janyny almadym. Tiz wagtda sen Ýusuby görüp begenersiň» diýdi. Ýakup alaýhyssalam begenjinden aglap başlady. Ezraýyl alaýhyssalam: «Eý, Ýakup! Hudaýtagala saňa salam aýdýar. Taňry saňa: «Men çekýän ahymy we gaýgymy Allatagala şikaýat edýärin» diýmegiň deregine: «Eý, haýyr-yhsany köp bolan Taňry! Eý, mydama ýagşylygy bolan Taňry!» diýseň, Ýusup bilen Ibn Ýemin ölen hem bolsa: «Olary direlderdim, emma bu gün olaryň ikisi hem diridir. Onsoň men olary saňa nähili gowuşdyrmaýyn» diýýär» diýdi. Ýakup pygamber bu sözi eşidip oglanlaryna: «Men Ýusuby böri iýmändigini, Ibn Ýeminiň bolsa ogurlyk etmändigini bilýärin» diýdi. Onuň oglanlary: «Eý, ata! Sen olaryň diridigini we olaryň özüňe gowuşjakdygyny bilipsiň. Onsoň ýene seniň: «Waý, meniň Ýusubym diýip aglamagyň näme sebäpdendir?» diýdiler. Ol: «Men Hudaýtagalanyň ony özüme gowuşdyrjakdygyny bilýärin. Emma onuň haçan gowuşjakdygyny bilme¬ýä¬rin. Men şonuň üçin ýyglaýaryn» diýdi. Adamzadyň perzentleri kyýamat gününiň geljekdigini bilýärler. Emma onuň haçan geljekdigini bilmeýärler. Olaryň gorkunçlary bu sebäpdendir. Aýdypdyrlar: Ýakup pygamberiň oglanlarynyň azyklary tükenmezden öň atalarynyň ýanyna geldiler. Ýakup pygamber olara: «Baryň Ýusup bilen Ibn Ýemini soraň we gözläň» diýdi. Aýat: «Ýakup: «Eý, meniň oglanlarym! Siz Müsüre gidiň. Ýusupdan we onuň doganyndan habar getiriň» diýdi». Olar: «Eý, ata! Köp ýyllar geçdi. Sen mydama ýyglaýarsyň. Sen diňe Ýusup diýýärsiň. Biz böri iýen Ýusuby nireden tapaly?» diýdiler. Ýakup pygamber: «Siz Allatagalanyň rehmetinden näumyt bolmaň. Allatagalanyň rehmetinden diňe kapyrlar umydyny üzýändirler» diýdi. Ýakup pygamberiň oglanlary ýola düşdüler. Atalary olary ugradyp, ýola çykdy we oglanlaryna öwüt-nesihat etdi. Doganlary Müsüre baryp ýetdiler. Ýol sakçylary olaryň habaryny Ýusup alaýhyssalama ýetirdiler. Ýusup alaýhyssalam on müň altyn guşakly ýigitleri olaryň garşysyna iberdi we ýene ýüz müň kümüş guşakly ýigidi öz ýanynda duruzdy. Aýdypdyrlar: Ýusup alaýhyssalamyň ýedi gat köşgi bardy. Onuň diwarlary altyn-kümüş, sütünleri mermer daşy bilen bezelendi. Ol birinji gatda Müsüriň uluglaryny oturtdy. Olaryň barçasy ýüpek don geýnendi we altyn guşaklar guşanandy. Ol ikinji gaty ýaşyl reňk bilen bezedi we onda begleri oturtdy. Ol üçünji gaty gyzyl bezeg bilen bezedi, onda bahadyrlary oturtdy. Ol dördünji gaty nash bilen bezedi, onda aksakgallary oturtdy. Ol bäşinji gaty läleler bilen bezedi, onda müneçjimleri oturtdy. Ol altynjy gaty ýypar bilen bezedi, onda danyşmentleri oturtdy. Ol ýedinji gaty çiçekler bilen bezedi, onda hyzmatkärler altyn tagt gurdy. Tagtyň üstünde özi oturdy, sagynda müň altyn guşakly ýigit, gollaryna altyn amudlar alyp, çepinde müň kü¬müş guşakly ýigit, gollaryna ok-ýaý alyp durdular. Onuň arka¬synda bir düýp agaç oturtdy. Onuň pudaklary altyn-gyzyldan, ýapraklary kümüşden, iýmişleri hünjüden we ýakut¬dandy. Onuň doganlary gapa gelip ýetdiler. Ol olary hormatlap içeri girizdi. Olar bu dabarany görüp gorkdular. Olar: «Patyşa bizden ýaman işi oýlap, beýle haýbat gurnapdyr» diýip pikir etdiler. Ýusup alaýhyssalam olaryň her birini bir tagtyň üstünde oturtdy. Onuň özi Ibn Ýemin bilen bir tagtda otyrdy. Ýakup pygamberiň oglanlarynyň bu gezek üçünji sapar gelişidi. Gahatlyk şeýle bir uly derejä ýetipdi. Bir eşek bugdaýy dört magryby altynyna alardylar. Olaryň bu gezek gelenlerinde pullary ýokdy. Olar haryt, çuwal gaplary, ýüpleri alyp geldiler, bu zatlary arkalaryna ýükläp, ýalbaryp, eňräp gapydan girdiler we: «Eý, eziz! Bize, ogul-gyzymyza açlyk ýetişdi. Indi biziň açlyga takatymyz galmady. Biz hazyna ýarajak zat getirmedik. Biz az-kem ýag, ýüp, gap-çanaklar we haryt alyp geldik. Ol zatlar bugdaýyň bahasyna ýetmez. Sen bu zatlary bizden al. Sen bize sadaka diýip bugdaý ber» diýdiler. Aýat: «Ýakup pygamberiň oglanlary: «Eý, Eziz! Bize we biziň maşgalamyza açlyk geldi. Biz azajyk harç bilen geldik. Muňa garamazdan sen bize ýagşy ölçäp galla ber. Sen bize: «Sadaka» diýip hem galla ber» diýdiler». Ýusup alaýhyssalamyň we Ibn Ýeminiň gözünden ýaş akyp başlady. Onsoň Ýusup alaýhyssalam öýe girip, köp ýyg-lady. Onuň ýanyndakylar: «Eý, Eziz! Dört ýyldan bäri hemme halklar eňreýärler we ýalbarýarlar. Sen olaryň hiç birine ýyg-lamadyň. Bu gün saňa näme boldy, sen näme üçin ýyglaýarsyň?» diýdiler. Ol: «Ümsüm duruň. Bular meniň doganlarymdyr. Meniň garry atama we bu doganlaryma agyr emgekler ýetipdir. Olar munça halkyň öňünde utanman: «Bize we maşgalamyza açlyk düşdi» diýip, perýat edip durlar. Onsoň men nähili ýyglamaýyn?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Siz bir sagu bugdaýyň kyrk altyn bolandygyny bilmeýärsiňizmi? Siziň bu getiren zatalaryňyz bize ýaramaz» diýdi. Olary her sapar gelenlerinde Ýusup alaýhyssalam myhman alardy. Emma bu sapar ol olary gonaklamady. Aýdypdyrlar: «Adam perzendine bir sagat açlygyň edýän işini müň dürli bela edip bilmez. Bir sagat doklugyň adamlara edýän işini müň şeýtan edip bilmez». Ýene aýdypdyrlar: «Hudaýtagala adamyň nebsini ýaradan-da ondan: «Men kim we sen kim?» diýip sorady. Nebs: «Sen-ä sensiň, men hem mendirin» diýip aýtdy. Hudaýtagala ony her dürli rahatlyga salyp, bu soragy oňa berdi. Nebis Oňa öňki jogabyny berdi. Onsoň Hudaýtagala ony açlyk bilen gynady. Ol nebisden şol sowalyny sorady. Onsoň nebis: «Sen meniň belent Taňrymsyň, men hem seniň ejiz guluň nebisdirin» diýip aýtdy. Allatagala ýene aýdypdyr: «Ýaryn uçmahylar uçmahdan dowzahylary, dowzahylar bolsa dowzahdan uçmahylary görerler. Olar hemme kynçylyklara çydarlar we perýat etmezler. Emma açlyk-suwsuzlyga çydam edip bilmän perýat ederler. Aýat: «Dowzahylar jennetilere: «Allatagalanyň size rysgal edip beren jennet suwundan we nygmatlaryndan bize hem iberiň» diýip gygyrarlar». Jennetiler: «Hudaýtagala bu iýim-içimleri kapyrlara haram edipdir» diýip aýdarlar. Bu aýatdan hemme kynçylyklardan garyn açlygy gatyrakdygy belli bolýar. Indi biz maksada dolanyp geleliň. Olar ýedi günläp Ýusup alaýhyssalamyň köşgüne gatnadylar. Ol bularyň zatlaryny unamady. Olar: «Eý, eziz! Biziň harytlarymyz seniň hazynaňa ýaramaz. Sen bize muňlug dälsiň, emma biz saňa mätäçdiris. Sen bizi näumyt edip gaýtarma. Sen bize sadaka edip, bugdaý ber. Sadakanyň muzduny saňa Hudaýtagala gaýtaryp berer» diýdiler. Aýat: «Sen bize Sadaka diýip, galla ber. Elbetde, Allatagala sadaka edijilere sogap berijidir». Hamyt Nesewi aýdypdyr: Ýusup alaýhyssalamyň guşluk aşyna kyrk müň altyn, gijelik aşyna hem şonça altyn harç bolardy. Ol ýene kyrk müň altyn her gündiz we her gije şonuň ýaly altyny sadaka bererdi. Olar: «Eý, eziz! Seniň juwanmertligiň ähli äleme röwşenlik berýär. Seniň sahy eliň biz garyba hem röwşenlik berse, nähili ýagşy bolardy! Biziň garry atamyz bar. Ol Ibn Ýemin üçin ýyglaýar. Sen biziň atamyza rehim et. Sen bize Ibn Ýemini sadaka edip ber. Saňa onuň muzduny Allatagala berer» diýip aýtdylar. Aýdypdyrlar: Olar Ýusup alaýhyssalamy ilki eziz diýip öwdüler. «Eý, eziz!» diýip, aýtmak bilen özlerini kemsitdiler. Ikinji, bize we maşgalamyza açlyk düşdi diýdiler. Üçünji, biziň getiren zatlarymyz saňa ýaramaz diýdiler. Dördünji, bize ýagşy ölçäp ber diýdiler. Bäşinji, sahylyk umyt edip: «Bize sadaka diýip galla ber» diýdiler. Altynjy, sadaka üçin muzd wada edip: «Elbetde, sadaka edijileriň sogabyny Allatagala berijidir» diýdiler. Abdylla Harys ibn Nowfyl şeýle rowaýat edipdir: Dogan-lary Ibn Ýemini görmediler. Olar Ýusup alaýhys¬salamdan: «Eý, eziz! Siziň ogurlyk etdi diýen doganymyz nirede?» diý-diler. Ýusup alaýhyssalam: «Men ony satdym. Satandy¬gyma ony alan kişiden hat aldym. Ine, ol hat şudur. Biz ybrany dilinde okap bilmeýäris. Ol siziň diliňizdir. Siz ony okaň, biz bolsa eşideli» diýdi. Ýusup alaýhyssalam ol haty Ýehuda berdi. Ol utanyp ony Rubile, Rubil Şemguna, Şemgun bolsa Lawa berdi. Olar haty elden-ele geçirdiler. Olaryň hiç biri ony okamady. Olar: «Biz bu haty okap bilmeýäris» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Siz öz diliňizdäki haty nähili okap bilmeýärsiňiz, okaň!» diýdi. Olar gorkdular, ýüzleri sargardy, ýalbaryp başladylar we: «Eý, eziz! Siziň bu haty bize okatmakdan maksadyňyz nämedir? Her nähili kyn hem bolsa, biz ony çekeli. Siz bize bu haty okatmaň. Biz öz hatymyzy özümiz okap bilmeýäris» diýip aýtdylar. Kyýamat güni hem şunuň ýaly bolar (Biz ol günüň boljakdygyna ynanýarys we bu ynanjymyzy tassyklaýarys!). Her bir bendäniň eden işlerini hata ýazyp, onuň goluna bererler we oňa: «Oka» diýerler. Ol bende hatda ýazylan zatlaryň hem¬mesiniň günä işleridigini görer we okap bilmez. Oňa: «Oka» diýip aýdarlar. Ol: «Hat şu boljak bolsa, biziň ornumyz dow¬zahdadyr. Bu haty maňa okatmaň. Men ony utanjymdan okap bilmän durun» diýip, perýat eder. Ýusup alaýhyssalam: «Bolmaz, okaň» diýip, haty Ýehuda berdi. Ýehuda ony alyp: «Bu hat oldur, Mälik Zagar Ýakup pygamberiň oglanlaryndan Ýusup atly bir oglany satyn aldy şunuň ýaly suratly» diýip okady. Doganlar Mälik Zagaryň adyny eşidip: «Biz oňa bir oglany gul edip satypdyk» diýip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam: «Siz şu wagta çenli ony böri iýdi diýýärdiňiz, indi bolsa gul edip satdyk diýýärsiňiz. Ol siziň doganyňyzdyr. Dogany satmak rowa bolarmy? Tutuň bulary!» diýdi. Olaryň hemmesini tutdular. Ol Müsüriň uluglaryny jem¬le¬di. Olar bilen: «Biz bulary näme edeli?» diýip geňeşdi. Olaryň käbiri: «Bularyň gollaryny kesiň, başga biri bolsa olary dara asyň» diýip aýtdy. Ýusup alaýhyssalam: «Bulary başgalara pent bolar ýaly gynap öldüriň. Goý, hiç kim mundan soň doganyny satmasyn» diýdi. Olary bazara äkitmekçi boldular. Olar perýat edip: «Eý, eziz! Sen bu gün näme etseň, ol bize mynasypdyr. Senden biziň dilegimiz şeýledir. Sen bizi öldüreniňden soň biziň harytlarymyzy we süňklerimizi atamyza iber» diýdiler. Ýehuda ýyglap: «Atamyz Ýakup pygamberiň bu güne çenli bir ogul üçin ýyglamakdan gözleri kör boldy. Indi, ol on ogul üçin nähili ýyglar?» diýdi. Olaryň hemmesi ýyglaşyp aýtdylar: Bu biz dek gaty kynda kim bar bu gün, Uruldy aryg janga türlük düwün. Garyplykda erksiz düşüp, iglenip, Esiz on garyndaş ölermiz bu gün. Olar: «Eý, eziz! Biz aşlyk sadaka ber diýdik, ondan geçdik. Ibn Ýemin doganymyzy sadaka ber diýdik, ondan hem geçdik. Beýle iş başymyza düşdi. Indi, gury başymyzy sadaka ber» diýdiler. Bularyň bu nalasyny eşidip hemme Müsür halky ýyglaşdylar. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Ýusup! Hudaýtagala: «Sen bulara bir gezek emgek ýüklemediň. Getirenlerini almadyň, wada eden bugdaýyňy bermediň, ýene sen bulary: «Men sizi öldürerin» diýip gorkuzýarsyň» diýip aýdýar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam olary gaşyna getirip, belent ses bilen: «Men siziň harydyňyzy kabul etdim. Men size bugdaýy artygrak hem bereýin. Emma galan işleriňizi ertir bitireýin» diýdi. Olar muňa begendiler. Kyýamat güni hem şunuň ýalydyr. Hudaýtagala hemme bendeleri tamug bilen gorkuzar. Soňra olar Taňrynyň rehmeti bilen uçmaha girerler. Hekaýat. Bir adam öldi. Ony düýşde gördüler. Ondan: «Allatagala saňa näme iş etdi?» diýip soradylar. Ol: «Menden hasap sorap, köp ýençgilediler. Ahyrsoňy maňa ýagşylyk edip, dowzahdan azat etdiler» diýdi. Rowaýat. Ýusup alaýhyssalamyň agalary: «Biz ol haty okamarys» diýdiler. Ol öz bitikçisine: «Oka» diýip haty berdi. Mürze: «Biz Ýakup pygamberiň on sany oglanlary: Ýehuda, Şemgun, Rubil, Lawy, Jad, Don, Ýagşa, Ýastajir, Ramalun, Kazara maslahat edip, Ýusup atly gulumyzy Mälik Zagara satdyk» diýip okady. Ýusup alaýhyssalam: «Onuň hekaýaty nähilidi?» diýdi. Ýehuda: «Biz inimiz bilen awa çykdyk. Özümiz awa meşgul bolan wagtymyzda ony böri iýipdir» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Bu söz makul däl. Meniň bir ölçeg jamym bar. Ol maňa haýsy sözi sorasam, ony aýdyp berýär» diýdi. Ol jamy getirdi. Ony bir eline aldy we beýleki eli bilen ony kakdy. Jam ses etdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, ýigitler! Siziň araňyzda bir ýigit bar. Onuň gahary gelende aýagy bilen ýeri depse, ol dyzyna çenli ýere çümýär. Eger ol daşy eli bilen üwese, ol un ýaly bolýar. Arlasa tüýleri dikelip, donundan ötüp daşyna çykýar. Üýn etse sesi bir agaç ýere barýar. Onuň dörtden bir ülüşini eşiden göwreli aýallar çagalaryny düşürýärler. Ol kimdir?» diýdi. Ýehuda: «Ol mendirin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Sen men diýmeklige utanmaýarsyňmy? Munuň ýaly güýç-kuwwatyň barka, sen nähili Ýusuby börä iýdirdiň?» diýdi. Ol ýene jamyny kakdy we: «Meniň jamym siziň araňyzda bir är bar. Ol saýasynda müň goýun ýatýan agajy bir goly bilen goparýar. Ol sanjyşmaga girse ýigrimi müň äri gaçyrýar diýip aýdýar. Ol kimdir?» diýdi. Şemgun: «Ol mendirin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Seniň munça kuwwatyň bar bolup, Ýusuby nähili börä iýdirdiň?» diýdi. Ol ýene jamyny kakdy we: «Meniň jamym siziň araňyzda bir ýigit bar. Ol bir ok atsa ýedi agaç ýere ýeter. Atan oky hem boş geçmez diýip aýdýar. Ol kimdir?» diýdi. Rubil: «Ol mendirin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Seniň munça güýjüň bolup, nähili Ýusuby börä aldyrdyň?» diýdi. Ol ýene jamyny kakdy we: «Meniň jamym bularda bir är bar. Ol düýäni başyndan aşyryp taşlaýar diýip aýdýar. Ol kimdir?» diýdi. Lawy: «Ol mendirin» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Bu güýjüň bilen Ýusuby nädip börä aldyrdyň?» diýdi. Ol şunuň ýaly edip, on gezek jamyna kakdy. Olaryň her birine jogap aýtdy. Ol ýene bir gezek jamyna kakdy we: «Siz Ýusuby öldürmekçi bolupsyňyz, soňra ony guýa taşlapsyňyz. Onsoň ony guýudan çykaryp, gul diýip satypsyňyz. Siz ony satyn alan kişä: «Munuň aýagyna gandal ur, gaty howuda mündür, uzak ýere äkit» diýip tabşyrypsyňyz. Siz oňa: «Munuň üç dürli aýby bar. Gaçgak, aglak, ogry» diýipsiňiz. Bu gün men siziň elleriňizi kesdirip, Müsür iliniň işiklerinden asdyraryn» diýdi. Olar gorkup: «Geliň, munça emgek bilen ölýänçäk, ärdigimizi görkezip öleli» diýip özara sözleşdiler. Ýehuda bu sözi eşidip: «Siz şu wagta çenli bu sözi hiç kime aýtmadyňyz. Ony atamyz, oglumyz, gyzymyz bilmedi. Ýene bize atamyz: «Siz baryň Ýusuby we Ibn Ýemini gözläň» diýip aýtdy. Ybraýym pygamberiň, Yshak pygamberiň we Ýakup pygamberiň haky-hormaty üçin aýdýaryn. Bu patyşa Ýusupdyr» diýdi. Aýat: «Doganlary: «Bu senmi? Elbetde, sen Ýusupsyň» diýip aýtdylar. Eý, patyşa! Eger sen Ýusup bolsaň, bizi mundan artyk emgeme. Sen ol garry atamyzy mundan artyk gaýgyda galdyrma» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam ýüzünden perdesini göterdi. Onuň başynda nyşanasy bardy. Ol ony görkezdi we: «Men Ýusupdyryn. Bu meniň bilen duran bolsa dogan inim Ibn Ýemindir» diýip aýtdy. Aýat: «Ol: «Men Ýusupdyryn we bu meniň doganymdyr» diýip aýtdy. Sowal: Ibn Ýemin Ýusup alaýhyssalamyň doganydy, süýtdeş inisidi. Doganlary muny bilýärdiler. Bu ýerde: «Men Ýusup, bu meniň doganym» diýmekde näme sebäp bardy? Jogap: Jam onuň ýükünden çykdy. Ýusup alaýhyssalam: «Biz muny ogurlygy üçin gul diýip alyp galdyk. Ony gul diýip atlandyrdyk. Ol gul diýen ady eşidip, gamgyn boldy. Bu gün bolsa doganym diýdi. Ol muny onuň köňli össün we begensin» diýip aýtdy. Bu ýerden hemme emgegiň soňy rahatlyk, hemme gaýgynyň soňy begenç, her bir azabyň soňy nygmat bolýandygy mälim boldy. Doganlary: «Eý, Ýusup! Biz seni gul diýip satdyk. Biz seni garyplyga saldyk. Sen bu patyşalyga nähili ýetdiň?» diýip soradylar. Ýusup alaýhyssalam: «Maňa Hudaýtagala ýagşylyk etdi. Kim ýazykdan saklansa, Taňrydan gorksa, ol onuň emgegini zaýa etmez» diýdi. Aýat: «Allatagala bize ýagşylyk etdi. Kim Allatagaladan gorksa we kynçylyklara sabyr etse, Taňry ýagşy işleri edijileriň muzduny puja çykarmaýar». Men Allatagalanyň hökmüne sabyr etdim. Müsür aýallarynyň belasyndan gutuldym. Onuň bereketinden patyşalyga ýetdim» diýdi. Doganlary Ýusup alaýhyssalamdan ötünç soradylar. Ol bularyň ötünçlerini kabul etdi, olary gaýgydan çykardy we: «Eý, garyndaşlarym! Siz meni guýa atmadyňyz, tagta oturtdyňyz. Eý, garyndaşlarym! Siz meni keseki ýurda atmadyňyz, patyşa etdiňiz» diýip aýtdy. Olaryň hemmesi bu sözi eşidip, begenişip: «Allatagala seni biziň bilen mertebä galdyrdy we hormatlady. Aýat: «Alladan kasam bolsun! Allatagala seni eziz edip bizden ýokary etdi. Biz bolsa hata edijilerdendiris» Hemme ýazyk bizdedir» diýdiler. Ýusup alaýhyssalam olary utançdan çykardy we: «Bu günden başlap men tarapdan size öýke-kine ýokdur» diýdi. Ýusup alaýhyssalamyň ärligi Allatagalanyň olary ýalkamagyny dilemegidi. Aýat: «Günäňizi boýun alanyňyz üçin Allatagala size rehim eder. Elbetde, Allatagala rehimdarlaryň hem rehimdarydyr». Olar dik durup gujaklaşdylar. Ýusup alaýhyssalam ogly Afrotimi garyndaşlary bilen görüşdirdi. Müsür halkynyň hem-mesi hyzmata taýýar bolup, uzur sorady. Ýehuda: «Eý, Ýusup! Sen biziň birimize buýur. Goý, ol atamyzy söýünjiläp barsyn» diýdi. Kejebeler bejerdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Kengana baryp Ýakup pygamberi aýallary bilen, başga garyndaşlary bilen bu ýere göçürip geliň» diýdi. Ol Ýehuda: «Sen meniň köýnegimi alyp baryp, atamyň gözüne sürt. Şonda onuň gözleri açylar» diýdi. Rubil turup geldi. Ol Ýehudanyň aýagyna ýykyldy we: «Eý, dogan! Ol gün ganly köýnegi men eltipdim. Atamyzy men gamgyn edipdim. Onuň gaýgysy menden boldy, söýünji hem menden bolsun» diýdi. Doganlaryň her biri: «Men baraýyn» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ol köýnegi öň kim elten bolsa, goý bu gün hem ol gitsin» diýdi. Şeýlelikde, ol Rubili iberdi. Sowal: Ýakup we Ýusup ikisi hem pygamberdi. Olaryň biri-birinden segsen ýyl aýrylmagyna sebäp nämedi? Jogap: Ýusup oglan wagtynda Ýakup pygamberiň Mubaş-şira atly gul gyrnagy bardy. Ol guluň Beşir atly ogly bardy. Bir gün oglanlar oýnap ýörkä, Beşir Ýusuba bir şapbat urdy. Ýusup aglap atasynyň ýanyna geldi. Ýakup pygamber: «Men Beşiri sataryn» diýip, ant içdi. Ol ahyry ony enesinden aýryp satdy. Enesi Mubaşşira ýyglap galdy. Taňrytagala: «Eý, Ýakup! Sen Beşiri enesinden aýryp satdyň. Men Ýusuby senden aýryp sataryn. Hemme älem halky eti dyrnakdan aýyrmaly däldigini bilsin» diýip takdyr etdi. Aýdypdyrlar: Mubaşşiranyň ogly Beşiriň gaýgysyndan ýyglap gözleri görmez boldy. Ýakup pygamberiň hem Ýusubyň aýralygyndan gözleri kör boldy. Mubaşşira ýyglap, Ýakup pygamberiň ýanyna geldi. Ýakup pygamber: «Eý, Taňrym! Bu Mubaşşiranyň ogly oňa, meniň oglum bolsa maňa gowşarmy?» diýip mynajat etdi. Allatagaladan: «Eý, Ýakup! Meniň takdy¬rym şeýledir. Men Mubaşşiranyň ogluny oňa gowuşdyrýançam, Ýusuby hem saňa gowuşdyrmaryn» diýen owaz geldi. Ýakup pygamber bu hoş habary Mubaşşira aýtdy. Mubaş-şira umytda boldy. Ol ýoluň ugrunda kölege edip oturardy. Onuň ogly Müsürde guldy. Ol Ýusubyň habaryny bilip: «Ýakuba söýünji habaryny aýdaýyn» diýip jemaza münüp ugrady. Beşir öňünden, Rubil soňundan geldi. Olar Kengana ýetdiler. Beşir enesiniň oturan kölegesinden baryp, suw sorady. Enesi oňa suw berdi. Enesi ondan: «Sen nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Beşir: «Men Müsürden gelip, Kengana barýaryn. Men Ýakup pygambere ogly Ýusubyň söýünjisini aýtmaga barýa¬ryn» diýdi. Enesi: «Sen ýalan aýdýarsyň» diýdi. Ol: «Eý, kempir! Sen näme üçin meniň sözüme ýalan diýýärsiň?» diýdi. Enesi: «Meniň oglum hem menden aýrylypdy. Ýakup pygamberiň dilegi bilen Hudaýtagala oňa: «Mubaşşiranyň ogluny oňa gowşurýançam, Ýusuby Ýakuba gowuşdyrmaryn» diýip, habar beripdir. Maňa oglumyň söýünjisi entek gelenok, Ýakuba nähili Ýusubyň söýünjisi geljekmiş?» diýdi. Beşir: «Seniň ogluň ady nämedi?» diýdi. Ol: «Beşir» diýdi. Beşir: «Seniň adyň näme?» diýdi. Ol: «Mubaşşira» diýdi. Beşir bu sözi eşidip, düýeden özüni taşlady. Ol enesiniň aýagyna ýykylyp: «Men seniň şol ogluňdyryn» diýdi. Mubaşşira ogluny gujaklandan onuň gözi açyldy. Aýdypdyrlar: Rubil Müsürden çykandan Ýakup pygambere Ýusubyň köýneginiň ysy geldi. Ýakup pygamber perýat edip: «Men bu wagt Ýusubymyň ysyny aldym» diýdi. Aýat: «Olaryň atasy: «Men Ýusubyň ysyny syzýaryn. Siz meni aklyndan azaşan diýip hasap edäýmeseňiz» diýdi. Ýakup pygamberiň öýdäki gyzlary: «Eý, ata! Sen Ýusubyň gaýgysynda garradyň we bükür bolduň. Sen haçandan bäri Ýusuby isleýärsiň, heniz hem seniň başdaky söýgüň gitmändir» diýdiler. Aýat: «Olar: «Allatagaladan kasam bolsun! Sen henizem şol ýalňyş pikiriňdesiň» diýdiler». Şol gün Beşir enesi Mubaşşira bilen bile girip, Ýakup pygambere söýünjilediler. Munuň yz ýany bilen Rubil ýetip geldi. Ol Ýusubyň köýnegini atasynyň gözüne sürtdi. Ýakup pygamberiň gözleri açyldy. Aýat: «Buşlukçy ýetip gelip, ol köýnegi Ýakubyň ýüzüne sürtdi we onuň gözleri açyldy». Ýakup pygamber Rubili guçdy we ondan Ýusubyň habarlaryny sorady. Ol hemmesini aýdyp berdi. Ikinji günde onuň galan oglanlary hem ýetip geldiler. Olar kejebeleri we Ýusubyň iberen hyzmatkärlerini getirdiler. Sowal: Rubiliň köýnegi ýüze sürtmegi bilen Ýakup pygamberiň gözi açyldy. Muňa sebäp nämedi? Jogap: Aýdypdyrlar: Ýusup pygamberiň iki gudraty bardy. Biri, onuň jamydy. Ol haýsy sözi sorasa, oňa jogap bererdi. Beýlekisi, onuň köýnegidi. Ybraýym pygamberi Nemrut (goý, oňa nälet bolsun!) oda atdy. Allatagalanyň permany bilen Jebraýyl alaýhyssalam bir köýnek getirdi. Ony Ybraýym alaýhyssalama geýdirdi. Onsoň ony ot köýdürmedi. Şol köýnek ondan Ýusuba miras galypdy. Oglanlary Ýakup pygambere: «Eý, ata! Biz saňa uly ýazyk etdik. Indi biz ýazygymyzy boýnumyza alyp geldik. Sen ony bizden geçir. Allatagalanyň hem ony bizden geçirmegi üçin dileg et. Aýat: «Olar: «Eý, atamyz! Biziň günämiziň geçilmegini Allatagaladan dile. Elbetde, biz ýalňyş iş edijilerden bolduk» diýip aýtdylar.» Ýakup pygamber dilege elini götermedi. Ol: «Wagty gelende men siziň günäňiziň geçilmegini soraryn». Aýat: «Ýakup: «Tiz wagtda men siziň günäňiziň geçilmegini Taňrymdan dilärin» diýip aýtdy». Sowal: Agalary Ýusupdan ötünç soradylar. Ol şol wagt olary bagyşlady. Oglanlary atalaryndan olaryň günälerini Hudaýyň geçmegini soramagy dilediler. Ol şol wagt dileg etmedi. Muňa sebäp nämedir? Jogap: Aýdypdyrlar: Ýusup ýigitdi. Ýigitleriň köňli giň bolar. Ol munuň üçin olary şol wagt geçirdi. Garrylaryň köňli dar bolar. Onuň üçin Ýakup pygamber bu işi yza goýdy. Ýigit bilen garrynyň arasynda bu hili tapawut bar. Ýene bir jogap: Ýakup pygamber köňli darlykdan yza goý¬mady. Ol her bir zadyň wagtynyň bardygyny bilýärdi. Dilegiň kabul boljak wagty säherde bolar. Allatagala: «Meniň bendelerim gijesine az ýatarlar. Olar oýa bolup, tagat ederler. Säher wagty bolsa olar ýene dileg ederler» diýip aýtdy. Ýakup pygamber: «Säher wagty bolanda dileg ederin» diýip, bu işi yza goýdy. Ondan soň Ýakup pygamber Kengandan Müsüre göçdi. Ol egindeşleri bilen Müsüre ugrady. Müsüre üç günlük ýol galdy. Ýusup alaýhyssalamyň Afratim atly ogluny üç müň kişi bilen bularyň öňünden çykmak üçin iberdi.Ol çykyp, uly atasyny gördi. Ol atdan düşüp, oňa salam berdi. Ýakup pygamber: «Bu kimiň ogly? Meniň köňlüm muny Ýusupmyka diýip gowy gördi» diýdi. Oňa: «Bu Ýusubyň ogludyr» diýip aýtdylar. Ýakup pygamber ony guçdy. Ýusup alaýhyssalam Müsürde: «Kim islese meniň bilen atlanyp, atamy garşy almaga çyksyn» diýip, jar çekdirdi. Dört müň kişi atlandy. Ol nagara kakdyryp, tüýdük çaldyryp atasyny garşylamaga ugrady. Onuň altyn, hünji we ýakut bilen bezelen bir baýdagy bardy. Onuň ýüzüne ýyldyzlar çekilendi. Ol bu baýdagy hem alyp atlandy. Müsür halky bir agaçlyk ýere tomaşa etmäge çykdylar. Ýusup alaýhyssalam atasyny atyň üstünden guçdy. Sowal: Ýusup alaýhyssalam näme üçin atasy bilen atdan düşüp görüşmedi? Jogap: Ol atasyny tanamady. Şeýle hem oňa Reýýan paty-şa: «Atdan düşme» diýipdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eger men atdan düşsem, Reýýan patyşa menden gaty görer. Emma atam meni örän söýýär. Ol menden muny geçirer» diýip oýlandy. Aýdypdyrlar: Ýusup: «Eger men atdan düşsem, Reýýan patyşanyň sözi synar. Eger atdan düşmesem, men atamy azara goýaryn» diýip, ikigöwünli boldy. Ol namaz okady. Seždede uklady we düýş gördi. Ol: «Eý, Ýusup! Sen atdan düşme! Allatagala kerimdir. Ol senden muny geçirer. Emma patyşa mahlukdyr. Ol senden muny geçirmez» diiýen owaz eşitdi. Bu sebäpden ol atdan düşmedi. Şonuň üçin Ýusup alaýhyssalamyň oglanlaryna pygamberlik ýetmedi. Käbir rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Ýusup alaýhyssalam atdan düşdi we atasyny altyn araba mündürdi. Olar dabara bilen Müsüre girdiler. Ýakup pygamber ondan: «Eý, Ýusup! Saňa nähili emgekler geldi? Sen olary maňa aýdyp ber» diýip sorady. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, ata! Men köp emgekler gördüm. Olary aýdyp tükedip bolmaz. Emma ýagşylyk az gördüm. Rugsat berseň, men hemmesini aýdyp bereýin» diýdi. Ol gören emgeklerini aýtdy. Emma ol: «Atamyň köňli doganlarymdan sowar» diýip, olaryň özüne eden ýamanlyklaryny aýtmady. Olar Müsüre girensoňlar, Ýusup alaýhyssalam atasyny altyn tagtyň üstünde oturtdy. Ýusubyň halasy Ýakup pygamberiň nikasyndady. Onuň atasy, halasy, on bir dogany hemmesi Ýusuba sežde etdiler. Aýat: «Ol ata-enesini belent kürsä mündürdi. Olar Ýusuba hormat üçin sežde eden hallarynda başyny egdiler». Ol halda Ýusup alaýhyssalam: «Eý, atam! Ol gün Kenganda men düýş gördüm. On bir ýyldyz, aý we gün maňa sežde etdi. Meniň ol düýşümiň ýorgudy bu gün dogry geldi» diýdi. Aýat: «Ýusup: «Eý, ata! Bu meniň öň gören düýşümiň ýorgudydyr» diýip aýtdy». Sowal: Hudaýtagaladan başga zada sežde etmeklik rowa bolmaz. Ýakup pygamberiň oglanlary näme üçin Ýusup alaýhyssalama sežde etdiler? Bu söze üç dürli jogap bardyr. Birinji jogap: Ýusup alaýhyssalam olaryň kybla tarapynda oturýardy. Ýakup pygamber oglanlary bilen Hudaýtagala şükür seždesini etdiler. Bu sežde Hudaýtagala üçindi. Ikinji jogap: Olar Ýusup alaýhyssalama başlaryny egip, tagzym etdiler we ýüzlerini ýere goýmadylar. Üçünji jogap: Ol sežde Ýusup üçindi. Öňki şerigat boýunça patyşalara salam bermegiň ýoly şeýledi. Ol biziň pygamberimiziň şerigatynda mansuh boldy. Bu jogaplardan dürsrägi şu jogapdyr. Ol Gurhanyň aýatyna hem muwapykdyr. Sowal: Taňry Ýusup alaýhyssalama düýşüniň ýorgudyny bildirýänçä näçe ýyl geçdi? Jogap: Hasanyň we Katadanyň sözüne görä segsen ýyl geçdi. Süleýmanyň sözüne görä kyrk ýyl geçdi. Sagyt ibn Habiriň sözüne görä otuz alty ýyl geçdi. Ýene bir söze görä ýigrimi iki ýyl geçdi. Muhammet ibn Yshagyň sözüne görä on sekiz ýyl geçdi. Ýusup alaýhyssalam: «Hudaýtagala meniň düýşümi dogry ýordy. Ol maňa ýagşylyk etdi we zyndandan çykardy» diýdi. Ol zyndanda köp oturdy. Şonuň üçin ikinji jogap şeýledir. Ýusuby agalary guýa saldylar. Emma ol: «Bu günden başlap size meniň tarapymdan öýke-kine ýokdur» diýip, olaryň günäsini geçipdi. Ol utanmasynlar diýip, agalarynyň ýazygyny atasyna aýtmady. Emma ony zyndana Müsür halky girizipdi. Olaryň köňlüni saklamady. Ony atasyna aýdyp berdi. Üçünji jogap: Ýusup alaýhyssalam atasyna bu sözleri şükür ýoly bilen hekaýat edip berdi. Ol guýydan çykarlyp, gulçulyga satylanyny aýtmady. Emma ol zyndandan çykyp, patyşalyga ýetenini şükür edip aýdyp berdi. Ol ýene: «Sizi Kengan sährasyndan Taňrym bu ýere getirdi. Aýat: «Ol şeýtan meniň we doganlarymyň arasyna agzalalyk salandan soň, sizi sähra¬dan bu ýere getirdi. Meniň Taňrym isleýän zadyna mähribandyr, Ol bilijidir, Ol höküm çykaryjydyr» diýdi. Ertesi Reýýan patyşa gurban bermek üçin mal getirdi. Ol Ýakup pygambere salam berdi. Ýusup alaýhyssalam ol mallary garyndaşlaryna berdi. Reýýan patyşa Ýakup pygamberiň öňünde iman getirdi. Kyssalarda şeýle aýdylypdyr: Ýusup alaýhyssalam zyndandan çykyp Reýýan patyşanyň ýanyna gelende patyşanyň altyndan ýedi sany degirmen daşy bardy. Olaryň her biriniň agramy bäş müň batmandy. Reýýan patyşa Ýusup alaýhyssalamyň görküni görüp, haýran galyp, oňa tarap ýörände aýagy daşa degdi. Ýusup alaýhyssalam ol daşy göterip uzagrak ýere taşlady. Reýýan patyşa Ýusup alaýhyssalamyň ol güýç-kuwwatyny görüpdi. Ol Ýusup alaýhyssalamyň doganlarynyň güýç-gaýratyny hem görüpdi. Ol: «Bularyň güýç-kuwwatyny synap göreýin» diýip çagyrtdy. Ilki Şemgun bäş müň batmanlyk daşy göterip taşlady. Olaryň hemmesi şonuň ýaly agramly daşy göterdiler. Patyşa bularyň güýjüni görüp geň galdy. Aýdypdyrlar: Bir gün patyşa olar bilen awa çykdy. Şemgun arslanyň, Rubil bolsa gaplaňyň boýnundan tutup, patyşanyň ýanyna getirdi. Olaryň hemmesi özleriniň gujur-gaýratlaryny görkezdiler. Olaryň atlary we owazalary äleme ýaýyldy. Patyşa: «Eý, Ýusup! Sen doganlaryňa: «Olar maňa mülk basyp alyp bersinler» diýip aýt» diýdi. Perman boldy. Olaryň her biri söweş edip, Rum we Şam welaýatyndan on bir sany mülk basyp aldylar we on müň leşgerli boldular. Patyşa ol mülkleri olaryň özlerine berdi. Olar öz mülklerinde ornaşdylar. Şeýdip, olar mülklere ýaýyldylar. Beni Ysraýyl olaryň urugyndan boldy. Ýakup pygamber ondan soň ýigrimi ýedi ýyl ömür sürdi. Köp halaýyk Ýakup pygambere iman getirdi. Reýýan patyşa mundan soň sekiz ýyl üç aýa çenli diri gezdi. Reýýan patyşa Pyrgaunyň atasydy. Ol dokuz ýaşyndaka Reýýan patyşa ony Ýusup alaýhyssalama tabşyrdy. Ýigrimi ýedi ýyldan soň Ýakup pygamber öldi. Ondan soň pygamberlik Ýusup alaýhyssalama ýetdi. Ol atasyndan soň ýigrimi ýedi ýyl ýaşady we ondan soň öldi. Aýdypdyrlar: Ýakup pygamber hem, Ýusup pygamber hem Müsürde öldi. Ýakup pygamberi Kengana eltip jaýladylar. Emma Ýusuby Müsürde jaýladylar. Musa pygamberiň günlerine çenli olaryň gabry Müsürdedi. Musa pygamber gelip, olaryň çüýrän süňklerini ýygnap, Kengana eltdi we atasynyň gabrynyň ýanynda jaýlady. Hadys. Pygamberimiz Muhammet alaýhyssalam: «Pygamberleriň etleri ýere haramdyr, olar çüýremezler» diýipdir. Emma ol gün Züleýha Ýusup alaýhyssalamy öýe girizip, özüne dartanda Ýusup alaýhyssalam oňa ýüz bermedi we sözlemedi. Züleýha: «Eý, Ýusup! Seniň gözleriň nähili görklüdir» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ertir bu gözler gabra goýlar we olar toprak bolar» diýdi. Züleýha: «Seniň nähili görkli saçlaryň bar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Ertir olar görüň içinde biri-birinden aýrylyp, dagarlar» diýdi. Züleýha: «Seniň ne görkli dişleriň bar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Olaryň hemmesi ertir görüň içinde döküler» diýdi. Züleýha Ýusuby öwse, ol şeýle jogap berdi. Hudaýtagala Ýusup Syddygyň: «Sözleri dogry bolsun» diýip, onuň etlerini görde çüýretdi we süňklerini uşatdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |