21:26 Kysasyl enbiýa -32: Ýakup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON BÄŞINJI KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
ÝAKUP ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Ol: «Ýakubyň iki gözi Ýusubyň aýralygynyň gamyndan kör boldy we ol ogullaryna gaharlydy» diýen sürmäni gözüne tartdy. Ol: «Men çekýän gamymy we ahymy Allatagala şikaýat edýärin» diýip mynajat etdi. Ol: «Eý, perzentlerim! Siz Müsüre gidiň, Ýusupdan we onuň doganyndan habar getiriň. Allatagalanyň rehmetinden umytsyz bolmaň» diýip, ogullaryny iberdi. Ol Ýusupdan: «Meniň şu köýnegim bilen atamyň ýanyna gidiň, ony ýüzüne sürtüň, soň onuň gözi açylar» diýen hoş habary eşiden Ýakup alaýhyssalamdyr. «Sawçy Yshak ogly» diýip bu ady alan Ýakup ol, Alty hatyndan on iki oglan bolan – Ýakup ol. Munça oglan arasynda aňsyzyn ol on ikä, On birinji oglun öldürip, ölýü turan Ýakup ol. Keç aýalyň keç ugurda ýygylu girip ýyglaşu, «Böri iýdi» diýse, özün ýere çalan Ýakup ol. Beýtil-ahzan içre girip, tünle-gündiz eňreýu, Ýüzi görklük Ýusuby Hakdan golan Ýakup ol. Daşa çykan, güni dogan, görk üçin göz aldyryp, Göwsi köýen, otda ýanan, bagry ölen Ýakup ol. Özi muňlug, kez ýürekli, Möwlanyň mursal guly, Ol çiçek dek eňgi küýsäp, meňzi solan Ýakup ol. Ýedi ýaşap, ýaş ogulny ýitiriban ýaşy akyp, Ony segsen ýyldan kezin gaýra bulan Ýakup ol. Onuň neberesi Ysraýylalla ibn Yshak Safyalla ibn Ybraýym halylalla. Ýakup pygamber güýçli we görklüdi. Ol alp ýüregine guwanyp, men-menligi özünden gidirerdi. Rowaýatda şeýle gürrüň getirilipdir: Ol bir gije ýylky-garasyny, goýun-guzusyny sähra çykardy we öz hajatyna meşgul boldy. Ol ýylky-garadan yza galdy. Allatagala bir perişdäni adam suratynda ogry ýaly edip iberdi. Ýakup onuň bilen tutuşdy. Perişde Ýakuby göterip ýere çaldy. Ýakubyň uýluk damary agyrdy. Ol: «Eger Hudaýtagala maňa bu agyrydan şypa berse, haýsy iýim-içimi halaýan bolsam, men şony özüme haram ederin» diýip nezr etdi. Hudaýtagala oňa şypa berdi. Hezreti Ýakuba iýilýän zatlardan düýäniň eti, içilýän zatlardan düýäniň süýdi ýarardy. Ol bu iki zady özüne haram etdi. Ýakupdan soň ýakubylar bu sünnet bilen bu iki zady iýmediler we içmediler. Olar: «Bu zatlar hemme pygamberlere Adam atadan bu güne çenli haramdy. Bu ýagdaý Töwratda şeýledi» diýdiler. Hudaýtagala olaryň sözlerini ýalana çykaryp: «Ýakup pygamberiň ummatyna tagamlaryň hemmesi halaldyr. Töwrat asmandan inderilmezinden öň Ýakup özüne käbir halal zatlary haram edipdi» diýdi. Sowal: Ýakup pygamber näme üçin Ysraýyl diýlip atlandyryldy? Jogap: «Ysr» sözüniň manysy «ýesir» diýmek bolar. Ol şeýtany bir wagtda bulnamyşdy. Onuň üçin oňa Ysraýyl diýlip at goýuldy. Hekaýat. Ýakup Beýtil-Mukaddesde hyzmat ederdi. Ol onuň çyralaryny ýakardy. Şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) gelip, bir çyrany öçürmekçi bolanda, Ýakup ony tutdy. Onuň boýnuna zynjyr baglap, bir agaja daňyp, agajy ýere berk dikdi. Ol onuň üçin Ysraýyl at aldy. Ýene bir jogap şeýledir «Ysr-bulun bolar, Il – Taňrynyň ady bolar. Ysraýyl – Taňrynyň guly diýmekdir. Ýakubyň on iki ogly, ýene bir gyzy bardy. Bir kapyr patyşa Ýakubyň gyzyny soradyp sawçy iberdi. Ýakup muňa göwnemedi. Ol patyşa: «Sen gyzyňy maňa bermeseň, seniň bilen sanjyşaryn» diýdi. Ol patyşanyň goşuny köpdi. Allatagaladan: «Eý, Ýakup! Sen kapyrlary heläk etmekçi bol¬saň, men ola¬ry heläk edeýin ýa-da men seni olara musallat edeýin. Ýog¬sa olary öz elim bilen heläkläýin» diýen owaz geldi. Ýakup oglanlaryna: «Siz bu iki şertiň haýsysyny isleýärsiňiz?» diýip geňeşdi. Onuň oglanlary: «Taňry bize olaryň üstünden höküm etmekligi bersin» diýdiler. Ýakup oglanlarynyň bu teklibini göw-nemedi. Ol dileg etdi. Hudaýtagala olaryň hemmesini ýeriň goýnuna salyp heläk etdi. Ýene bir patyşa onuň gyzyny sorap ugrady. Ýakup: «Meniň şerigatymda bir däbim bar. Sen ol däbimi çerigiň bilen kabul etseň, saňa gyzymy bereýin» diýdi. Patyşa: «Ol nähili däpdir?» diýdi. Ýakup: «Ol däp hatna kylmakdyr» diýdi. Patyşa özüni we leşgerini hatna etdirdi. Ýakup oglanlary bilen gylyç tartyp geldiler. Olar patyşany we leşgerini hatna etdirmegiň agyrysyny çekip ýatyrka, hemmesini gyrdylar. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Adyň Şetdat diýen ogly bardy. Ol dünýäde uçmah saldyrdy. Emma oňa girmek özüne miýesser etmedi. Şetdadyň Ymlak atly ogly bardy. Ol atasynyň ornuna patyşa boldy. Ymlak özüne: «Men hudaý» diýip gabaryp ýörerdi. Ol bir gün bir şäher gurmak küýüne düşdi. Ol: «Maňa hoş howaly ýagşy bir ýeri tapyň» diýip, gözleg üçin adam iberdi. Ol adam Ymlagyň buýrany ýaly ýeri tapdy we gelip bu ýer barada Ymlaga habar berdi. Patyşa ol ýerde ymaratlary we bazar saldyrdy. Ol şähere Kutrum diýip at goýdy. Ol şäheriň ortasynda belentligi iki ýüz gary bir köşk bina etdi we altyn-kümüşden dört derweze goýdy. Şäheriň gurluşygy tamam bolandan soň ol bu ýere göçüp geldi. Şol wagtlarda Kenganda gahatlyk boldy. Hemme nan tapmagyň gamynda jan berdiler. «Kutrum şäherinde bugdaý satylýar» diýip, Kengana habar ýaýrady. Kengandan Kutruma çenli on günlük ýoldy. Ýakubyň oglanlary aşlyk satyn almak üçin ol ýere ugradylar. Olar Kutruma ýetip geldiler. Bularyň başlaryna bulut saýa bolup gelýärdi. Ymlak (goý, oňa nälet bolsun!) bularyň başyna bir ak buludyň galkan dek kölege bolup gelýändigini köşgünde oturan ýerinde gördi. Onuň bulutda: «Lä ilähe illalla, Muhammet resulalla» diýen ýazgynyň bardygyna gözi düşdi. Ol wezirini: «Ol ýigitleri meniň ýanyma getiriň» diýip iberdi. Wezir bularyň ýanyna gelip: «Patyşa sizi ýanyna çagyrýar» diýdi. Ýehuda: «Biz Hudaýtagalanyň pygamberiniň işini bitirýänçäk onuň ýanyna barmarys» diýdi. Wezir yzyna gaýdyp, bu sözi patyşa ýetirdi. Bular aşlyk alanlaryndan soň patyşanyň ýanyna geldiler. Olar patyşa salam berdiler. Patyşa bu on ýigidiň biri-birinden görmegeýdigini, boýlarynyň bolsa deňdigini gördi. Ol taňlap bulara hezzet-hormat etdi. Olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Ýehuda: «Biziň onymyz bir dogandyrys. Biz Ýakup pygamberiň oglanlarydyrys. Biziň atamyz Yshak, uly atamyz Ybraýymdyr. Biz Kengandan bu ýere aşlyk almaga geldik» diýdiler. Patyşa: «Siziň başga doganynyň barmy?» diýdi. Olar: «Biziň ýene iki doganymyz bar. Biri Ýusup atly, beýlekisi Ibn Ýemin atly» diýdiler. Patyşa: «Men erkek doganlaryňyzy soramaýaryn. Siziň gyz doganyňyz barmy?» diýdi. Olar: «Biziň bir gyz doganymyz bar» diýdiler. Patyşa: «Siz ol gyz doganyňyzy maňa beriň. Men siziň ataňyzy hem, özüňizi hem beg edeýin. Size bihasap mal bereýin. Siz hemmelerden artykmaç bolarsyňyz» diýdi. Ýehuda doganlaryna bakyp: «Siz bu söze näme diýersiňiz?» diýdi. Şemgun, Rubil gaharlandylar. Ýakubyň oglanlary gaharlansalar, welaýaty harap edýänçäler gaharlary öçmezdi. Ýakup pygamberiň urugyndan biri gelip eli bilen olaryň arkasyny sypalasa, gaharlary öçerdi. Ýehuda iki doganynyň gaharynyň gelendigini gördi. Ol öz-özüne: «Bular Kutrum şäherini harap etseler, bize emgek ýeter» diýdi. Ol Rubiliň we Şemgunyň arkasyny sypalady. Ol ikisiniň gahary ýatyşdy. Olar: «Eý, patyşa! Seniň doganyň gyzyňy senden geňeşsiz birine berermi?» diýdiler. Patyşa: «Ýok» diýip, aýtdy. Ýehuda: «Biziň atamyz bar. Biz baryp seniň sözüňi oňa ýetireli. Bu meseläni atamyzyň özi çözer» diýdiler. Patyşa bu söze begendi. Ol on düýe ýük bugdaýy, on düýe un, müň kümüş, on batman ýypar, on batman anbar, on batman kafur getirip bulara berdi. Ymlak bulardan başga hem birnäçe zatlary olaryň üstüne goşup: «Bu zatlary ataňyza eltip beriň. Meniň sözümi ataňyza ýetiriň. Siz oňa: «Ymlak sizi atalyga kabul etdi, siz hem meni ogulluga kabul ediň» diýdi diýip aýdyň» diýdi. Ýakubyň oglanlary yzlaryna gaýdyp geldiler. Olar patyşanyň sözüni atalaryna aýtdylar. Ýakup bu sözi eşidip köp gamgyn bolup: «Menden öň hiç bir pygamber gyzyny kapyra bermedi. Men oňa gyzymy nähili bereýin?» diýdi. Oglanlary: «Eý, ata! Siziň özüňiz bu meseläni çözüň. Ygtyýar siziň eliňizdedir» diýdiler. Bu söze bir aý bolandan soň Ymlak Ýakuba hat iberdi. Ilçi oňa haty getirip berdi. Ýakup haty okady: «Bu hatyň mazmuny patyşalaryň patyşasy, ägirtleriň ägirdi, uly mülkli, köp goşunly Ymlakdan – hor-homsy, garyp Ýakuba ýetsin. Bu haty eline alandan soň ol öz gyzyny maňa bezäp, taýýarlap goýsun. Eger ol gyzyny maňa öz razylygy bilen bermese, men baryp onuň ilini-gününi weýran ederin. Özüni oglanlary bilen öldürerin. Gyzyny güýç bilen alyp gaýdaryn. Saňa pygamberligiň peýda bermez. Men ýer taňrysydyryn. Asman taňrysy bolsa seniňkidir. Gök taňrysynyň meniň bilen näme işi bar?» Ýakup alaýhyssalam oglanlaryny ýygnady. Olar: «Eý, ata! Sen özüňe, bize rehmiň gelsin. Kengan şäherini weýran etdirme. Gyzyňy patyşa ber» diýdiler. Ýakup oglanlarynyň bu sözüni oňlamady. Ol Ýehuda: «Hatyň jogabyny ýaz» diýdi. Ýakup aýtdy, Ýehuda ýazdy: «Bismillähi-r-rahmäni-r-rahym. Men Ýakup Ysraýylalla Safyalla ogly Ybraýym halylalladan dünýäniň we ahyretiň nälet siňen haramzadasy Ymlaga hat iberýärin. Sen hiç bir pygamberiň kapyra gyzyny bermändigini bilip gör. Men hem saňa gyzymy bermerin. Eger sen: «Lä ilähe illallahu we inni Ýakubu resulallahi» diýip imana gelseň, men saňa gyzymy bererin». Ýakup bu hata möhür basyp ilçiden Ymlaga iberdi. Ymlak haty aldy. Onuň meňzi saraldy. Patyşanyň akly gidip, gahary gelip, on iki müň begine bakdy. Ol: «Bu söze näme alaç görmeli?» diýdi. Olar: «Eý, patyşa! Biziň leşgerimiz köpdür. Biz leşger bilen onuň şäherini weýran edeli. Adamlaryny ýesir alaly. Gyzyny güýç bilen alyp gaýdaly» diýdiler. Bularyň sözi patyşanyň göwnüne makul geldi. Ymlak leşgerini ýygnady. Ýüz müň kişi ýörüşe atlandy. Ymlagyň özi örän semizdi. Ony hiç bir gatyr, at göterip bilmezdi. Şonuň üçin ony ýagana mündürdiler. Ol leşgeriniň öňüne düşüp, Kengana geldi. Ýakup alaýhyssalamyň oglanlary sähradady. Ymlagyň leşgerini görüp olaryň huşlary başlaryndan uçdy. Olar atalarynyň ýanyna gelip: «Eý, ata! Ymlagyň leşgeriniň hetdi bar-da, hasaby ýok. Bulara garşy durup söweşmek öz hanjaryňy özüňe urmakdan başga zat däldir. Munuň alajyny özüňiz ediň» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam dileg etdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip, hezreti Ýakuba Taňrynyň salamyny we sözüni ýetirdi: «Ýakubyň perzentleri kapyrlaryň leşgeriniň köplüginden gorkmasynlar. Men olara ýardam bererin. Ýakubyň gyzy Meniň dergähimde ezizdir. Men ony duşmana bermerin. Goý, Ýakubyň perzentleri kapyrlara garşy çyksynlar we duşmanlar bilen uruşsynlar. Olar meniň gudratyma tomaşa etsinler. Men kapyry pygamberiň üstünden erkli etmerin». Ýakup alaýhyssalam şat boldy. Ol oglanlaryna: «Siz söweşe çykyň» diýdi. Oglanlary: «Eý, ata! Biz bary-ýogy on sanydyrys, kapyrlar bolsa köpdür. Onsoň biz olar bilen nähili tutluşaly?» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam: «Men size söweş esbaplaryny bererin. Kim ol esbaplar bilen söweşse, duşmany ýeňer» diýdi. Oglanlary: «Sen bize erklisiň, biz söweşe çykaly» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam sandygy açdy. Ol Adam atanyň donuny Şemguna, Şisiň donuny Rubile, Ybraýymyň goçunyň şahyny Ýagsara, Musanyň hasasyny Ýehuda berdi. Dokuz ogluna Ýehudany serdar etdi. Ýakup alaýhyssalamyň oglanlary aý-gün ýaly bolup söweş meýdanyna çykdylar. Patyşa tagtyň üstünde otyrdy. Ol uzakdan Ýakup alaýhyssalamyň oglanlaryny gördi. Ol beglerine: «Siz baryp Ýakubyň oglanlarynyň näme iş bilen gelendigini biliň. Eger aman diläp gelen bolsalar, olara aman beriň. Eger olar uruşmaga gelen bolsalar, olaryň onusynyň hem başyny kesip maňa getiriň» diýdi. Wezir on müň leşger alyp, Ýakup alaýhyssalamyň oglanlarynyň ýanyna geldi. Wezir olardan: «Siz näme iş bilen geldiňiz?» diýip sorady. Ýehuda: «Biz ýoldan azaşanlary dogry ýola çagyrmaga, ýalançylary ýalançylykdan döndürmäge geldik. Eger göwnemeseler, sanjyşmaga geldik» diýdiler. Wezir onuň bu sözüne güldi. Ýehuda doganlaryna: «Siz bu ýerde duruň. Men ilki çykaýyn» diýdi. Ol hezreti Adamyň taýagyny kellesiniň üstünde aýlady, soňra ony howa zyňdy we ýene gapdy. Şeýdip, dünýäde taýagy howa zyňyp, ýene gapmak Ýehudadan galdy. Ondan soň ol «Allahu ekber» diýip bir üýn etdi. Beýleki dokuz dogan hem bu sözi gaýtalap üýn etdiler. Perişdeler asmandan «Allahu ekber» diýip üýn çykardylar. Bu üýnleriň gorkunjyndan on iki müň leşgeriň ýüregi ýarylyp öldi. Patyşa: «Näme boldy? Leşgeriň sesi gelmeýär» diýip sorady. Oňa: «Eý, patyşa! Ol on dogan üýn etdiler. Ol üýnden on iki müň är öldi» diýip aýtdylar. Patyşa ýene beglerine bakdy. Ol ýigrimi dört müň är bilen atlanyp bardy. Ýehuda: «Eý, Şemgun! Indi gezek saňa ýetdi» diýdi. Şemgun öňe çykyp: «Eý, kapyrlar! Siz: «Lä ilähe illallahu, Ýakubu resulullahy» diýip aýdyň» diýdi. Kapyrlar bu jümläni aýtmadylar. Olar Şemguna depindiler. Şemgun üýn etdi. Onuň bu nagrasynyň haýbatyndan kyrk müň kapyryň ýüregi ýarylyp öldi. Ot gelip ýigrimi dört müň äri köýdürdi. Patyşa bu ýagdaýyň habaryny ýetirdiler. Ol pile mündi. On iki begi bilen atlanyp geldi. Ýehuda doganlaryna: «Geliň biz bir gezek tekbir aýdalyň» diýdi. Hudaýtagala dört müň sap perişde iberdi. Onuň her bir sapynda kyrk müň perişde bardy. Ýehuda doganlary bilen tekbir etdiler, perişdeler ony gaýtaladylar. Ýakup alaýhyssalamyň oglanlary depinip söweşe girdiler. Bular ýerden, perişdeler asmandan gelip söweşdiler. Kapyrlar gorkup Kutruma tarap gaçdylar. Olar yzlaryndan ýetip kapyrlary heläk etdiler. Ymlagyň özünden başga hiç kim diri galmady. Ymlak tagtyna münüp oturdy. Ol: «Men halas boldum» diýdi. Ol şäheriň hemme derwezelerini baglady. Ýakubyň oglanlary gelip ýetdiler. Olar şäheriň gapylarynyň baglydygyny gördüler. Şemgun: «Hemmämiz jemlenip, arkamyz bilen itip, diwary ýykaly» diýdi. Olar jemlenip diwary itip, ony tebretdiler. Şemgun bir nagra tartdy. Onuň sesiniň ýeten ýerindäki diwarlar ýykyldy. Olar şähere girdiler we patyşany köşkde tagtyň üstünde buldular. Ýehuda: «Eý, melgun! Sen Taňrynyň gudratyny gördüň. Indi sen: «Lä ilähe illallahu, Ýakubu resulullahy» diýip aýt» diýdi. Ymlak üýn etdi. Şemgun elini uzadyp, onuň sakgalyndan tutdy we tagtdan aşak tartdy. Ony tutup Ýakup alaýhyssalamyň ýanyna getirdiler. Ýakup alaýhyssalam Ymlagy görüp: «Sen «Lä ilähe illallahu, Ýakubu resulullahy» diý» diýdi. Ymlak: «Eý, Ýakup! Men bu gün seniň eliňde ýesirdirin. Sen maňa näme isleseň, şony hem etgin. Maňa senden we seniň taňryňdan özge hiç kim duşman däldir» diýdi. Ýakup alaýhyssalam: «Eý, Ymlak! Sen iman getirseň, Allatagala saňa bu mülküňe iki esse mülk berer. Ol saňa kyýamat güni uçmahdan orun berer» diýdi. Ymlak: «Eý, Ýakup! Sen maňa möhlet ber. Men öýüme baraýyn. Seniň taňryň maňa mülk berýärmi ýa-da bermeýär? Men ony göreýin. Eger ol maňa mülk berse, men iman getireýin» diýdi. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Allatagala: «Oňa möhlet ber» diýýär» diýdi. Ýakup alaýhyssalam: «Saňa näçe wagt möhlet gerek?» diýdi. Ymlak: «On ýyl» diýdi. Ýakup alaýhyssalam Ymlagy öz ornunda goýdy. Allatagala bu on ýylyň içinde oňa öňküsinden hem köp mülk berdi. Ol özüne ýigrimi dört müň beg edindi. On ýyl tamam boldy. Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Ýakup! Taňry saňa salam iberdi. Ol saňa Ýehudany Ymlagyň ýanyna ibermeklige we Ymlagy imana ündemeklige perman berdi» diýdi. Ýakup alaýhyssalam Ýehudany Ymlagyň üstüne iberdi. Ýehuda Kutrum şäherine gelip girdi we Ymlagyň ýanyna gelip: «Eý, melgun! Atamyň saňa beren on ýyl möhleti tamam boldy. Sen Iziniň gudratyny gördüň. Ol saňa täzeden mülk berdi. Indi sen: «Lä ilähe illallahu, Ýakubu resulullahy» diýip imana gel» diýdi. Ymlak: «Eý, Ýehuda! Sen ilçisiň. Patyşalara ilçini öldürmeklik aýypdyr. Bolmasa, men seniň başyňy kesip, jesediňi pilleriň aýagynyň aşagyna taşlardym. Sen baryp ataňa aýt: «Ol aýdan sözlerini gaýdyp alsyn. Ol maňa gyzyny bersin. Eger ol meniň sözümi kabul etmese, söweşe taýýar bolup dursun. Men onuň üstüne agyr leşger tartyp bararyn. Onuň ýaly köp leşger seniň taňryňda hem ýokdur. Onuň taňrysy maňa kär edip bilmez. Ol wagt men gapyl ekenim. Men seniň jadygöýdigiňi bilmändirin. Seniň jadylygy maňa täsir etmez. Indi men etjek işimi bilip ederin. Men onuň oglanlaryny öldürerin. Onuň ilini-gününi atyň aýagynyň astynda heläk ederin. Men onuň gyzyny güýç bilen alyp gaýdaryn. Onsoň haýsy taňryň onuň elini tutup kömek berjekdigini göreýin» diýdi. Ýehuda atasynyň ýanyna gaýdyp geldi we Ymlagyň sözlerini oňa beýan edip berdi. Ýakup ýalawaç Hudaýtagala ýalbardy. Derhal Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Eý, Ýakup! Hudaýtagala saňa salam iberdi. Ol saňa: «Men Halymdyryn. Men howlukmaýaryn. Ýehudany ýene Ymlagyň üstüne ibersin» diýip perman berdi» diýdi. Ýakup alaýhyssalam Ýehudany Ymlagyň ýanyna iberdi. Ýehuda Ymlagyň ýanyna gelip: «Eý, Ymlak! Sen: «Lä ilähe illallahu, Ýakubu resulullahy» diýip aýt» diýdi. Ymlagyň muňa gahary geldi. Ol leşger ýygnady. Ol ýüz ýigrimi dört müň kişi bilen Kengana tarap atlandy we Kenganyň iki agaçlyk ýakynyna gelip düşledi. Ymlagyň leşger tartyp gelendigi baradaky habar Ýakup alaýhyssalama ýetdi. Ol Hudaýtagala ýalbardy. Jebraýyl alaýhyssalam geldi we: «Eý, Ýakup! Hudaýtagala saňa salam iberdi. Ol: «Bu gije men seni ol melgundan halas edeýin» diýdi. Gije düşdi. Allatagaladan şemala «Ös» diýip, oda bolsa «Köýdür» diýip perman geldi. Şemal ösüp, ody getirdi. Ot Ymlagy hemme leşgeri bilen köýdürdi. Olardan hiç bir kişi diri galmady. Jebraýyl alaýhyssalam Allatagalanyň permany bilen gelip, Kutrum şäherini ýykan-ýumran etdi. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Ýakup! Allatagala saňa Ymlagyň mal-mülküni, altyn-kümüşini almaklygy buýurýar. Sen onuň başga zatlaryny oda ýakyp köýdür» diýdi. Ýakup alaýhyssalam Allatagalanyň permanyny berjaý etdi. Soňra ol Kengana gelip oturdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |