23:06 Kysasyl enbiýa -33: Ýusup alaýhyssalamyň wakalarynyň beýany | |
ON ALTYNJY KYSSA
Halk döredijiligi we rowaýatlar
ÝUSUP ALAÝHYSSALAMYŇ WAKALARYNYŇ BEÝANY Ol: «Eý, atam! Men düýşümde on bir ýyldyzy, güni, aýy maňa sežde eden hallarynda gördüm» diýip düýşüni atasyna aýdyp berdi. Ol atasyndan: «Eý, oglum! Sen bu düýşüňi doganlaryňa aýdyp berme. Olar saňa al-hile ederler» diýen nesihaty eşitdi. Ol doganlarynyň jepasyna ilinip, guýa atyldy, soňra guýydan çykarylyp, on sekiz bedel ýarma satyldy. Ol Müsür patyşasyna: «Meni ýurduň hazynalaryna höküm ediji belle. Çünki men olary ýagşy saklaýjydyryn, ýurduň ýagdaýyny ýagşy bilijidirin» diýip aýtdy. Ol Müsüriň aýallarynyň sütemine duçar bolup: «Eý, Taňrym! Bu aýallaryň maňa ündeýän zadyny edenden zyndanda ýatanym ýagşydyr» diýip, zyndana girenini gowy gördi. Ol ömrüniň ahyrynda: «Eý, Taňrym! Sen meniň janymy musulman halymda al we meni ýagşy bendeleriň hataryna goş» diýdi. Çün on iki erdi Ýakup sawçynyň balalary, Görse onuň bir dek erdi boýlary, balalary. On birinji Ýusup erdi, suraty ýawlak bediz, Lagl içinde gül çirer, köp luw-luwy, läleleri. Görk, gylyk, zynat, melahat, hem nubuwwat, hem kerem, Baş azakga tegru jümle Möwlanyň alalary. Ata söwgen, atasyna düýş görüp ýordurgujy, Ne hasat kyldy, gör, oňa ol öweý agalary. Ol Misr mülki içinde mälikler hatynlaryn, Gul kylan ol kamugyny zülpüniň läleleri. Gul satyldy il içinde, gaýra aldy gul kylyp, Weli boldy Misr içinde, boldular möwlalary. Rowaýat edilşine görä, Ýakup alaýhyssalamyň dileginiň Taňrynyň dergähinde kabul bolmagy bilen ol on ogluň atasy boldy. Allatagala Ýusuby bularyň arasynda hemmesinden mumtazrak etdi. Biziň Taňrymyz gadymy kitap bolan keramatly Gurhanyň içinde şeýle habar berýär. Aýat: «Eý, Muhammet! Biz saňa kyssalaryň iň gözelini aýdyp bereli». Rowaýat edilişine görä, Hudaýtagala: «Bu gözel kyssa gysga bolmasyn» diýipdir. Çünki bu kyssada peýdaly öwüt-nesihatlaryň köp bolmagy sebäpli, ony uzyn edip aýtmak maksada laýykdyr. Sowal: Bu kyssa «Ahsan» diýilmeginiň sebäbi nämedir? Jogap. Gurhanyň içindäki hemme kyssalardan we rowaýatlardan peýdasy köpräk Ýusup alaýhyssalamyň kyssasydyr. Bu nukdaýnazardan ol «Ahsanal-kysas» diýlip atlandyryldy. Ikinji jogap. Bu kyssanyň wakalarynyň başyndan ahyryna çenli, käbir alymlaryň sözüne görä kyrk ýyl, başga bir alymlaryň aýtmagyna görä, segsen ýyl geçdi. Onuň üçin ol «kyssalaryň iň gözelidir». Üçüji jogap. Beýleki kyssalar Gurhanyň içinde dürli ýerlerdäki aýatlarda getirilýär. Emma Ýusup alaýhyssalamyň kyssasy, tä, tükenýänçä bir sürede gelýär. Onuň üçin Allatagala oňa «Kyssalaryň iň gözeli» diýdi. Dördünji jogap. Beýleki kyssalar ýat adamlaryň arasynda bolup geçýän wakalary beýan edýär. Emma Ýusup alaýhyssa-lamyň kyssasynda ata-ene bilen oglanlarynyň arasynda bolup geçýän wakalaryň beýany berilýär. Bäşinji jogap. Bu kyssada üç hal bar. Rahatlykda, emgekde we Taňrynyň tagatynda halaýygyň arasynda ýagşy amal etmek. Onda giňlikde we darlykda eliňi açyk tutmaklyk ündewi bar. Altynjy jogap. Ýusup alaýhyssalamyň doganlary bilen gowy gatnaşykda bolandygy we olara ýagşylyk edendigi, doganlarynyň özüne beren jepalaryna sabyrly bolandygy üçin «Kyssalaryň iň gözeli» diýildi. Ýedinji jogap. Bu kyssanyň başy hem, ortasy hem, ahyry hem düýş görmek bilen baglanyşyklydyr. Onuň üçin Hudaýtagala muňa: «Kyssalaryň iň gözeli» diýdi. Sekizinji jogap. Bu kyssa yşk bilen tamam boldy. Ol owalyndan ahyryna çenli aşyk we magşugyň arasyndaky wakalaryň beýanydyr. Onuň üçin Hudaýtagala oňa «Kyssalaryň iň gözeli» diýdi. Dokuzynjy jogap. Muhammet alaýhyssalam: «Kim on dürli bela ulaşsa şu on süräni okasyn. Kim menden nawsibaslyk gitsin diýse, ol «Alhamd» süresini okasyn. Kim Ogrulardan gutulaýyn diýse, ol «Bakara» süresini okasyn. Kim garyplykdan gutulaýyn diýse, ol «Äli Ymran» süresini okasyn. Kim gaýgy-gam köňlümden çyksyn diýse, ol «Engam» süresini okasyn. Kim nifak köňlümden çyksyn diýse, «Enfal» süresini okasyn. Kim meniň gaharym öçüşsün diýse, ol «Asr» süresini okasyn. Kim gaýgy maňa haram bolsun diýse, ol «Elem Neşreh» süresini okasyn. Kim küpürlik we şirk menden gitsin diýse, ol «Yhlas» süresini okasyn. Kim jadylykdan aman bolmagy islese ol «Mauzeteýni» okasyn. Kim bu on dürli gaýgy menden gitsin diýse, ol «Ýusup» süresini okasyn. Çünki bu belalaryň hemmesi ol sürede bardyr» diýipdir. Aýdypdyrlar: Ýakup pygamberiň alty aýaly bardy. Onuň her aýalyndan iki ogul dogdy. Ulwy älemde on iki burç bardyr. Aýat: «Asmanda burçlary peýda eden Taňry bereket eýesidir». Aýat: «Burçlary bar bolan asman bilen ant içýärin». Ol burçlar şulardyr: Guzy (Hamal)16, Öküz (Söwr), Arandand (Ekizler, jöwza), Goçyk (Leňňeç, Seratan), Kör arslan (Eset), Bugdaý başy (Sünbüle), Ülker, Içýan (Akrap), Ýaý (Kawus), Owlak (Jedi), Kinek (Gowa), Bedre (Delw), Balyk (Hut). Aýat: «Men gije görünip, gündiz ýaşýan ýyldyzlar we asmanda gezýän, emma görünmeýän ýyldyzlar bilen kasam edýärin». Ol ýyldyzlar haýsy ýyldyzlar diýip senden sorasalar: «Olar Sakandir (Zühal, Saturn, Ömrizaýa), Öngeý (Müşteri, Ýupiter, Kerwengyran), Kurud (Mars, Myrryh), Ýaşyk (Gün), Sakyt (Zöhre, Wenera), Arzu (Utarut, Merkuriý), Ýalçyk (Aý). Bu ýyldyzlar bir ýerde karar tapman ýöreýärler. Beýt On iki ükak, ýedi akran gykyk, Iň ilki Guzy, Üý, Arandand, garçyk. Kör Arslanma Bugdaý başy Ülker era, Içýan hem Ýaý, Owlak, Künek hem Balyk. Ýene edi ýyldyz bularda ýöreýär, Sakandir, Öngeý, ol Kurud hem Ýaşyk, Sakyt, Arzu, Ýalçyk ýagy dek bolar. Töküşdan ösenme, geziban Ýaryk. Bu on iki burçlarda bu ýedi ýyldyzlar dogar. Ýene älemi saflide (pesdäki älemde, şu dünýäde) ýedi burçdan on iki ýyldyz dogdy. Olar haýsylar diýseň, men aýdyp bereýin: Ýakup pygamber, Şawşa, Zagura, Sünbüle, Kamar, Habiba, Rahil. Ýakup alaýhyssalam alty aýaly bilen ýedidir. On iki ýyldyz haýsylar diýseň, ony hem sanaýyn. Rawil, Lawy, Şemgun, Ýehuda, Jada, Don, Ýagsar, Ýastahyr, Zabatuk, Kazir, Ýusup, Ibn Ýemin. Bular Ýakup alaýhyssalamyň oglanlarydyr. Ýusup alaýhyssalam on birinji oguldy. Allatagala oňa on zady keramat etdi. Görk, hoş gylyklylyk, geçirimlilik, pygamberlik, düýş ýorgudy, gönisözlülik, şejagat, päklik, patyşalyk, tagwil suhuf. Rowaýat. Müsür halky ýedi ýyllyk gahatlyk belasyny başdan geçirdi. Adamlar malyny, mülküni, esbaplaryny, guluny, köňlüni Ýusuba satyp aşlyk (däne) aldylar. Ahyry ambarda aşlyk galmady. Gahatlygyň tamam bolmagyna dört aý galdy. Ýusup alaýhyssalam ýüzünden nykabyny göterdi. Ol adamlara ýüzüni görkezdi. Ýusubyň jemalyny görmek bilen olar dört aý tagam iýmediler. Olar Ýusubyň görki bilen gün geçirdiler. Habarda şeýle gürrüň getirilipdir. Muhammet alaýhyssa-lam aýdypdyr: «Magraç gijesinde Taňrydan maňa owaz geldi: «Eý, Muhammet! Uçmahdaky hüýrleriň görküni dünýäde iki kişä berdim. Onuň biri seniň eneň Howadyr, ikinjisi Ýusup Syddykdyr». Şeýle hem aýdypdyrlar: Allatagala görki müň ülüş etdi. Onuň dokuz ýüz togsan dokuzyny Ýusuba berdi. Bir ülüşini bolsa galan adamlara berdi. Haçan Ýusup öýden çyksa, Aýyň, Günüň nury galmazdy. Onsoň hemme adamlar: «Ýusup çykdy» diýip bilerdiler. Kim Ýusubyň ýüzüne baksa, onda aýnada ýaly özüni görerdi. Ýusup «Günüň nuruny gidirýär» diýip ýüzüne nykap tutardy. Ol tagam iýse, bokurdagyndan ötýänçä görünip durardy. Onuň nurundan garaňky gije ýagty bolardy. Bir kişi onuň ýüzüne baksa, onuň hiç takaty-sabry galmazdy. Onuň iki çekgesinde kyrk örüm saçy bardy. Onuň ýigrimisi sag tarapynda, ýigrimisi bolsa çep tarapyndady. Saçlaryndan müşki-anbaryň ysy bark urardy. Onuň görküni näçe wasp edeniň bilen tarypyny aýdyp soňuna çykyp bolmaz. Başga bir rowaýatda şeýle aýdylypdyr: Hudaýtagala dünýäde bäş sany zady on bölege bölüp, onuň dokuz bölegini bir kişä beripdir. Birinji, utanç-haýany on bölek edip, onuň dokuz bölegini erkeklere, bir bölegini aýallara beripdir. Ikinji, akyly on bölek edip, onuň dokuzysyny erkeklere, birini aýallara beripdir. Üçünji, hoş owazlylygy on bölege bölüp, onuň dokuz bölegini Dawut alaýhyssalama berdi, birini galan adamlara berdi. Dördünji, hoşgylyklygy on bölek edip, onuň dokuzyny Muhammet alaýhyssalama, birini beýleki adamlara berdi. Bäşinji, görk-görmegi we mylaýymlylygy ýüz bölege bölüp, onuň togsan dokuzyny hezreti How enemize berdi, galan birini on bölege bölüp, onuň dokuzyny Ýusup alaýhyssalama, bir bölegini bolsa hemme adamlara berdi. Ýusup we Ibn Ýemin Rahilden doguldylar. Ýusup kiçi wagtynda Rahil öldi. Ýakup alaýhyssalam: «Ýusup bilen Ibn Ýemin kiçiligine enesiz galdylar» diýip, bu ikisine köp mähribanlyk ederdi. Emma ol Ýusuby has gowy görerdi. Ol Ýusupsyz ýöremezdi. Rowaýat. Hudaýtagala Ýakup alaýhyssalamyň öýlerinde bir top daragt ösdürdi. Onuň hiç şahasy we pudagy ýokdy. Onuň aýallary oglan dogsa bu daragtda bir şaha peýda bolardy. Ol oglan bu şaha bilen deň öserdi, deň ulalardy. Ol şahany kesip ol oglana hasa edip bererdiler. Ýusup alaýhyssalam doglanda bu daragtda bir şaha peýda boldy. Olar deň ulaldylar. Ony kesip Ýusup alaýhyssalama hasa edip berdiler. Ol bu hasany nirä barsa özi bilen hemra edip ýörerdi. Ol wagtda olar Ýusup alaýhyssalama çaksyz mähribandylar. Ony her bir ýere äkidip, oýnadyp gelerdiler. Olar Ýusupsyz ýöremezdiler. Ol ýedi ýaşanda bir düýş gördi. Göýä ol agalary bilen sähra çykypdyr. Olaryň her biri taýaklaryny bir ýere sançdylar. Onuň agalarynyň taýaklary gögerdi, emma ýokary galmady. Ýusup alaýhyssalamyň taýagy asmana çenli ösüp galdy. Onyň taýagy agalarynyň taýaklaryna kölege berdi we bihasap miwe berdi. Onuň miwesini yrgyldadyp düşürdiler. Hemmesi ondan iýdiler we doýdular. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, agalarynyň taýaklary Ýusup alaýhyssalamyň taýagyna sežde etdiler. Ýusup alaýhyssalam bu düýşüni agalaryna aýdyp berdi. Agalary: «Rahiliň ogly atamyza gowy görünjek bolýar» diýip aýtdylar. Bu düýş olaryň köňüllerine ýakmady. Ikinji gije Ýusup alaýhyssalam ýene düýş gördi. Ol gorkup oýandy. Ol atasyna: «Men göýä bir uly şäherdemişim. Ol ýerde men bir uly tagtyň üstünde oturypdyryn. Başymda altyn täç, bilimde bezelen kemer, golumda döwlet hasasy bar. Halk meniň hyzmatymda dur. Men bu zatlara haýran bolup durdum. Şol wagt on bir ýyldyz, Gün, Aý gelip maňa sežde etdiler» diýip, düýşüni aýtdy. Aýdypdyrlar: Bostan atly jöhit Muhammet alaýhyssalam-dan: «Ýusuba sežde eden on bir ýyldyzyň atlary näme?» diýip sorady. Pygamber alaýhyssalam: «Men ol ýyldyzlaryň atlaryny aýdyp bersem, sen iman getirermisiň?» diýdi. Jöhit: «Aýtsaň iman getireýin» diýdi. Pygamber alaýhyssalam: «Ol ýyldyz¬laryň ady şeýledir: Içýan, Taryk, Kaýys, Handuh, Faýlak, Musabbih, Wassap, Raýýal, bir rowaýatda Zaýal, Zulumadan, Zulfarag, Zulkitfan. Bu on bir ýyldyz. Aý bilen Gün Gögüň eteginde sežde etdiler» diýdi. Jöhit: «Hudaý kessin! Men Töwratyň içinde hem şeýle okadym» diýdi we iman getirdi. Bir rowaýatda aýdylyşyna görä, Ýusup alaýhyssalama sežde eden ýyldyzlar şulardyr: Utarut, Müşteri, Myrryh, Zühal, Zöhre, Şems, Kamar, Mizan, Jedi, Delw, Söwr, Jöwza. Atasy: «Eý, oglum! Sen bu düýşüňi doganlaryňa aýtma. Olar saňa al-hile ederler. Çünki şeýtan ynsan üçin anyk duşmandyr» diýdi. Bu sözi Rubiliň enesi Kamar eşitdi. Ol baryp eşiden zatla-ryny Rubile aýtdy. Rubil bolsa ony doganlaryna sözledi. Olar¬da bu sözi eşidenlerinde göripçilik duýgusy oýandy. Olar: «Biz Rahiliň ogluça dälmi? Atamyz ony bizden gowy görýär. Ol ony bizden artyk tutýar. Ol özüni mundan hem has gowy gördür¬mek üçin: «Düýş gördüm» diýip, ýalan sözleýär. Biz gije-gün¬diz meýdanda ýylky-gara, goýun-guzy bilen emgenip ýörýäris. Aýat: «Olar;: «Ýusup we onuň dogany biziň atamyza bizden gowy görünýär. Biz bolsa iş bitiriji köpçülikdiris. Biziň atamyz görnetin ýalňyşdadyr» diyip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam ýene bir gije düýş gördi. Ol hemme agalary bilen bir depä çykyp, olaryň her biri bir guýy gazdylar. Ýusubyň gazan guýysyndan suw çykdy. Agalarynyň gazan guýylaryndan bolsa suw çykmady. Ýusup alaýhyssalam soňra ýene bir gije düýş gördi. Ol hemme agalary bilen odun ýygmaga çykdy. Agalarynyň ýygan odunlary gara boldy, Ýusubyň ýygan oduny ak boldy. Ýusup ýygan odunyny tereziniň bir jamyna, agalarynyň barysy bolsa ýygan odunlaryny tereziniň beýleki bir jamyna saldylar. Ýusubyň oduny bularyň odunlaryndan agyr geldi. Ýusup alaýhyssalam bu düýşlerini atasyna beýan etdi. Atasy: «Eý, oglum! Sen ýagşy düýşleri görüpsiň. Sen olary agalaryňa aýtma. Olar saňa ýamanlyk ederler» diýdi. Bu sözi Rubiliň enesi eşitdi. Ol baryp ony Rubile aýtdy. Rubil hem ony beýleki doganlaryna aýtdy. Doganlaryň hemmesi üýşüp geňeş edip: «Rahiliň ogly atamyza ýagşy görünjek bolup, oňa ýalan düýşleri aýdýar» diýişip göriplik etdiler. Emma muňa näme alaç etjekdiklerini bilmeýärdiler. Olar duşmanlyk gylyjyny gynyndan çykaryp, doganlyk nahalyny kesmegiň çäresini gözleýärdiler. Bir gün agalary Ýusupdan: «Sen nähili düýş gördüň?» diýip soradylar. Ýusup olara hiç jogap bermedi. Olar bu ýerden Ýakup alaýhyssalamyň Ýusuba: «Düýşüňi agalaryňa aýtma» diýen sözüniň çyndygyny bildiler. Olar bir-birine: «Atamyz haýsy bir zat ýagşy bolsa, ony bize bermän, Ýusuba berýär. Ol babamyz Yshagyň köýnegini oňa berdi. Hezreti Ybraýym Halylallanyň sellesini onuň başyna orady. Ol sährada hyrs, doňuz we böri bilen tutluşyp, mallary bakmagy bize buýurýar. Öýde oturmagyň hezilini bolsa Ýusup görýär» diýip aýtdylar. Elgaraz, olar şeýle reşk etdiler. Rowaýat. Ýakup alaýhyssalamyň her oglunyň bir häsiýeti bardy. Olaryň häsiýetleri özge kişilerde ýokdy. Biriniň owazyny eşiden kişi gorkup bihuş bolardy. Biri ýaýyna daş salyp atardy. Biriniň gahary gelse, tüýleri dikelip, lybaslaryny deşip daşyna çykardy. Biri şemşiri bilen daşy iki ýarardy. Biri şemşirini daşa ursa, ol bölek-bölek bolardy. Ýusup alaýhys-salam bolsa örän çyraýlykdy. Ol gündüzine Güne ýüzbe-ýüz bolsa, ondan galaba kylardy. Bir gün şeýtan (goý, oňa nälet bolsun!) bir merdi-kelan keşbine girip, gelip, Ýusup alaýhyssalamyň agalaryň ýanyna geldi. Aýat: «Siz Ýusuby öldüriň, ýa-da ony uzak bir ýere iberiň» diýip aýtdy. Agalary biri-birine: «Eger biz ony öldürsek, Hudaýtagala bizden bizar bolar. Eger biz: «Ony uzak bir ýere ibereli» diýsek, atamyz Ýusuby bize goşmaz» diýdiler. Şeýtan: «Häzir gyş, howa bolsa sowuk. Şonuň üçin bu wagt siziň şu maslahatyňyz göwne jaý däl. Siz birnäçe wagt sabyr ediň. Bir iş bilen Ýusuby özüňize ram kylyň. Ýaz gelsin, güller açylsyn, bilbiller saýrasyn, goýunlar guzlasyn, düýeler botla¬syn. Siziň her biriňiz Ýusuby ýagşy söz bilen aldawa salyň. Şol wagt siz ony: «Biz sähra barýarys» diýip aldaň. Şonda ol size ergeşip ýyglamaga durar. Ondan soň ataňyz alaçsyz bolup, ony size goşup iberer. Şeýdip siz ony sähra alyp çykararsyňyz. Ondan soň iş etmek size asan bolar. Aýat: «Siz bu işi edeniňizden soň toba ediň, onsoň ýagşy adamlardan bolarsyňyz» diýdi. Doganlar: «Şu maslahat ýagşy» diýşip bu işi etmeklige birnäçe wagt sabyrly boldular. Wagt geçip, ýaz geldi. Çiçekler açyldy, bilbiller saýrady. Bir gün doganlar tapyşyp, atalarynyň ýanyna girdiler we: «Eý, ata! Ýaz güni geldi. Bu gün Gün atly soltan Hut atly gyşlakdan göçüp Hamal atly ýaýlaga düşdi. Adyz gök ýyglaýar, ýagyr ýer gülýär. Ýer ýüzündäki ösümlikler gunça köňüllere bahar ysyny ýetirip, gül ýaly bolup ýylgyrýarlar. Bilbiller saýraşyp, ýüz müň dürli nagma kakýarlar. Älem-jahan ýaşyl donuny geýdi. Eý, ata! Bu gün sähranyň howasy çäksiz göwün açyjydyr. Bu gün sährany gezmegiň wagty geldi. Siz Ýusuby bize goşup iberseňiz. Biz ony sähra alyp çyksak, onuň bahar howasynda goýun-guzulary görüp göwni açylyp şatlansyn» diýdiler. Ussat Nasyreddin Rabguzynyň baharyň hoş howasyna bagyşlap ýazan beýtleri şudur: Elwan güller açyldy täzeden özi, Guşlar saýrady, geldi bahary-ýazy. Öli ýer direlip, ýaşyl begres geýindi, Budur bil Taňrynyň rehmetiniň yzy. * * * Gün hamalga girdi, erse geldi älem Nowruzy, Geçdi bahman zamharyr gyş galmady gary-buzy. Gün gelip müň görki artyp, tiriler ölmiş jahan, Taň bedizläp nagşy birle bezener bu ýer ýüzi. Taň atarda esneýur dört böleňden şemal saba, Kin tüzer, kindik ýypar yzlanar ýaban ýazlar. Ýarlygy ýepgün – bagyrdan, abugy ýaşyl-gyzyl, Arasy pudak, ýapyrgak tal çiçekler düp-düzi. Orlasa bulutlary, gül çyrar bagy-bossan, Tal ýygaçlar ýeň salyşar, oýnaýur dek koý-guzy. Kirşeni gar kany eňlik baksa daglar suraty, Tonlugy taňsuk ýypardan Rum-Hytaý atlas-çuzy. Läle sagragyn içerde saýrar ösüp sandawuç, Durna üýn tartyp, öterde sakraşur baklan guzy. Gökde oýnar, gol salyşar kugu-gaz, gil-gargulaç, Ýerde ýüwrüp jübt alyşur as, tiýiň, gyş, gündizi. Tal agaçlar münberinde toty guş mejlis tutar, Gumry, bilbil mukry bolup, üýn düzer tün-gündizi. Bu ýagyz ýer, gök meňizlik ýaşnaýur, meýdan bolup, Agruşym aý dek çeçekler degresinde ýyldyzy. Huýry aýn uçmah içinde ýaň salyp, tahsyn kylar, Ýaz üze mundag gazal aýmyşda Nasyr Rabguzy. Doganlary: «Eý, ata! Munuň ýaly sapaly günde säher bilen älem-jahana nur ýaýylan çagy Ýusuby biziň bilen iber. Goý ýaban ýazyny görsün. Onuň baklan guzulara gözi düşüp, gaýgy-gamy gitsin, baharyň sergin howasynda gamgyn köňli açylsyn» diýdiler. Aýat: «Ony ertir biziň bilen (sähra) iber. Goý, ol göwnüni açsyn we oýnasyn». Ýakup alaýhyssalam: «Eý, perzentlerim! Siz balygyň suwsuz ýaşap bilmeýşi ýaly meniň hem Ýusupsyz oňup bilmeýändigimi bilýärsiňiz. Men ony siz bilen ibersem gözüm ýolda galyp, onsuz bir sagat hem oňup bilmerin» diýdi. Olar: «Eý, atam! Sen bize ynanmaýarsyňmy? Sen Ýusuba ata bolsaň, biz oňa dogandyrys. Sen ony söýýän bolsaň, biz on dogan bolup, ol guş bolup uçjak bolsa hem biz ony uçurmarys. Sen näme üçin ony biz bilen ibermeýärsiň? Biz oňa ýagşylyk isleýäris» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam Ýusuby agalary bilen ibermegi rowa görmedi. Aýat: «Ol: «Siziň ony alyp gitmegiňiz meni gaýga batyrar. Siz Ýusuby bir ýere goýup, özüňiz awa meşgul bolarsyňyz we Ýusuby böri iýer. Siz hem Ýusupdan bihabar bolarsyňyz diýip gorkýaryn» diýdi. Sowal: Ýakup pygamber näme delil bilen ogullaryna: «Siz awa meşgul bolarsyňyz we Ýusuby böri iýer» diýdi? Jogap: Muhammet alaýhyssalam: «Hudaýtagala Ýakup pygamberi Ýusubyň aýralygy bilen ýyglatmak isledi. Ol Ýakup alaýhyssalamyň köňlüne howsala saldy. Ol kyrk gije-gündiz ýatmady, donuny çykarmady, tagat etmekden dynmady. Kyrk gije-gündizden soň onuň ukusy üstün geldi we ol uklady. Ol düýş gördi. Düýşünde Ýakup alaýhyssalamyň özi dagyň başynda, Ýusup goluň içinde otyrdy. On sany böri gelip Ýusubyň daşyny gabadylar. Olar Ýusuby heläk etjek bolup haýbat atdylar. Ýakup alaýhyssalam dagyň depesinden bulara bakyp durdy. Börüleriň içinden biri aýrylyp Ýusuby beýleki börülerden gorady we olary kowdy. Ýusup börülerden halas boldy. Emma birden ýer ýaryldy, Ýusup ýere girip, gaýyp boldy. Ol üç günden soň ýene ýerden çykdy. Ýakup alaýhyssalam bu düýşden gorkup oýandy. Onuň: «Men Ýusuby möjek iýer diýip gorkýaryn» diýmegi şu sebäpdendi» diýip aýdypdyr. Agalary atalarynyň Ýusuby özlerine goşup ibermejekdigini anyk bildiler. Şonuň üçin olar Ýusubyň ýanyna geldiler we Ýusuba gep berdiler. Olar onuň köňlüni al-hileli hoş sözler bilen awladylar. Ýusup alaýhyssalam atasynyň ýanyna gelip, ýyglap: «Eý, ata! Meniň köňlüm agalarym bilen sähra gitmekligi isleýär. Siz meni olara goşup iberseňiz, goýun-guzulary görüp meniň göwnüm açylar» diýdi. Ýakup alaýhyssalam: «Eý, meniň perzendim! Eý, meniň botam! Sen meniň gözümiň röwşeni, köňlümiň hoşlugy, dyzymyň kuwwaty! Men indi garradym. Men sensiz niçik sabyr-takat ederin?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam köp bitakat bolup: «Seniň meni gaty gowy görýändigiňi bilýärin. Kim gowy görýäniniň göwün islegiçe ýörese, şol gowy görmekligiň alamatydyr. Meniň islegim bolsa, agalarym bilen sähra gezelenje çykmakdyr» diýdi. Ýakup alaýhyssalam bu sözlerden soň rugsat bermezligiň ugruny tapman: «Eý, meniň ýüzi görkli Ýusubym! Men Oganyň hökmüne razylyk berdim. Men seni ertir doganlaryň bilen ibereýin» diýdi. Aýdypdyrlar: Yşku-muhabbetiň iki sany alamaty bardyr. Onuň biri gijelerine uklamazlykdyr, beýlekisi bolsa gündiz bikarar bolmaklykdyr. Ýakup alaýhyssalam Ýusuba: «Eý, balam! Men bu gije seni goýnuma sokup, bagryma gysaýyn. Men seniň görkli ýüzüňi görüp doýaýyn» diýdi. Ertesi agalary geldiler. Olar Ýusuby atalaryndan goldular. Ýakup alaýhyssalam: «Eý, ogullarym! Siz meni Ýusupsyz goýmaň. Siz Ýusuba ýagşy bakyň. Eger ol aç bolsa, oňa aş beriň, suwsasa suw beriň, ýadasa ony egniňize alyň. Eý, meniň jigergüwşelerim! Men Ýusuby Hudaýa tabşyrdym. Siz ony özüňizden uzaklaşdyrmaň, ony börä-tilkä aldyrmaň. Siz oňa biperwaýlyk etmäň» diýdi. Ýusubyň agalary: «Eý, ata! Bu nesihatlary ýat kişilere diýseňiz ýagşy bolar. Bize munça nesihat hökman däl. Biz Ýusubyň doganlary bolup, ony nähili aç-suwsuz goýarys?» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam ýyglap, Ýusubyň başyny ýuwdy, saçyny darady, oňa ýagşy lybaslar geýdirip, agalarynyň ýanyna goşdy. Ol: «Eý, Taňrym! Men Ýusubymy saňa tabşyrdym. Sen ony maňa ýandyr! Meni onuň aýralygynyň oduna ýandyrma» diýdi. Doganlary Ýusuby alyp, ýola düşüp gitdiler. Ýakup alaýhyssalam bir depä çykyp, bularyň yzyndan garap oturdy. Doganlary Ýakup alaýhyssalamyň gözüniň öňünde Ýusuby ilki Rubil egnine alyp göterdi, ondan soň Lawy aldy. Agalary ony elden-ele geçirdiler. Ýakup alaýhyssalam ol depäniň üstüňde botasy galan inen düýe ýaly eňräp galdy. Olaryň garasy Ýakup alaýhyssalamyň gözlerinden gaýyp bolup, görünmän galdy. Ýakup alaýhyssalam gaty üýn bilen ýyglap, öýüne ýandy. Agalary atalarynyň gözlerinden aýrylandan soň, Ýusuby ýere çalyp ugradylar. Olar: «Eý, Rahiliň ogly! Sen ýalan düýşüň bilen atamyza sizden ýagşy görünerin diýýärdiň. Ýene sen biziň boýnumyza münermiň? Sen aýakýalaňaç ýöre» diýip, ony gyzgyn çägäniň üstünde aýak ýalaňaç kowaladylar. Ýusup ýadady. Ol her doganynyň ýüzüne bakyp: «Bularyň biri maňa rehim etmezmikä?» diýip, telmiräp başlady. Olaryň hiç biriniň oňa rehimi gelmedi. Ýusup alaýhyssalam gaty suwsady, onuň ýüwürmäge ýagdaýy çatmady. Ol ýalbaryp: «Eý, agalarym! Men örän ajykdym, suwsadym, siz maňa tagam-suw beriň» diýdi. Her dogany ony ara alyp bir urdylar we: «Sen baryp tagam-suwy ol ýalan düýşüňden dile. Ol saňa aş-suw bersin» diýdiler. Şol wagt Rubil turup ony süýräp, gabat gelen daşlara urundyryp alyp ugrady. Onuň mübärek bedenleri para-para boldy, ýüzi gana, topraga bulaşdy. Şol mahal bir janawar peýda boldy. Ol: «Eý, Ýakubyň perzentleri! Siz ataňyzyň nesihatyny peramuş kyldyňyz. Siz Hudaýtagaladan gorkmaýarsyňyz, mahlukdan uýalmaýarsyňyz» diýip, gözden gaýyp boldy. Doganlary Ýusuby ol depeden alyp gidip, başga bir ýere eltip öldürmäge meýil etdiler. Olar bu ýerde: «Biz muny nähili öldüreli» diýip geňeşdiler. Olaryň biri: «Biz muny daş bilen uralyň» diýse, ýene biri: «Biz muny teriň çukur gazyp gömeli. Goý, ol şol ýerde ölsün» diýdi. Şemgun pyçak çykardy. Ol pyçagy Ýusubyň bokurdagyna saljak bolanda, ýer titräp, ondan: «Eý, Ýakubyň perzentleri! Siz Ýusuba azar bermäň. Eger siz meniň sözüme ynanmasaňyz, diýenimi etmeseňiz, siziň hemmäňizi ýuwdaryn» diýen owaz geldi. Olar Ýusup alaýhyssalamy bu ýerden hem alyp, üç agaçlyk ýere çenli kowaladylar. Ýusup alaýhyssalam olardan ýene suw we tagam diledi. Olar muňa hiç zat bermediler. Bir şir gelip: «Eý, Ýakubyň perzentleri! Siz Ýusuba beýle jepa etmäň. Mahlukdan uýalyň. Siziň ataňyz garrydyr. Ony Ýusubyň aýralygynda köýdürmäň» diýdi. Olar bu söze hem gulak gabartmadylar, gazap bilen Ýusuby öldürmäge maýyl boldular. Ýusup alaýhyssalam olaryň özüni öldürjekdiklerini bildi. Olardan gaçdy. Onuň uly dogany Rubil yzyndan bardy. Ol Rubiliň aýagyna ýykyldy we ýyglap: «Eý, dogan! Sen bularyň meni öldürjek bolýandyklaryny görmeýärmisiň? Eý, uly agam! Maňa rehim etmeseň hem, meniň garry atama rehimiňiz gelsin. Siz onuň bagryny köýdürmäň. Sen bu gün maňa atamyň ornuna atasyň. Sen maňa geçirimlilik et. Sen meni bulardan halas et!» diýdi we ol Rubile: «Eý, Ýehuda! Sen maňa hemme doganlarymdan bagyrsakdyň. Sen maňa rehim et!» diýip ýalbardy. Ýusup alaýhyssalamyň ýaňagyndan nar dek we derýanyň suwy dek göz ýaşy akdy. Ol soňra Ýehuda ýalbardy. Ýehudanyň doganlyk mähri oýanyp: «Eý, dogan! Sen maňa ýakyn gelme. Men saňa hemaýat etsem, bular meni hem öldürerler» diýdi. Doganlaryň hemmesi jemlenişip, Ýehudanyň ýanyna geldiler. Ýehuda olara: «Eý, doganlarym! Geliň, biz atamyzyň hakyny ödäliň. Biz uly günde Taňra näme jogap aýdarys? Siz Ýusuba beýle jepa görkezmäň» diýdi. Doganlar Ýehuda gaty sözleri aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam ýalbaryp: «Eý, doganlarym! Atam meni size tabşyrmadymy? Atama beren sözüňiziň hakyna siz maňa rehim etseňiz, ýagşy bolardy» diýdi. Ýehuda: «Eý, Ýusup! Sen bu işde sabyrly bol! Saňa Hudaýtagala nejaty berer» diýdi. Ýusup alaýhyssalam ahyrynda umytdan düşüp güldi. Ýehuda: «Seniň janyň tumşugyňa gelip dur. Onsoň sen näme üçin gülýärsiň?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Bir gün men atamyň gujagynda, siz bolsa onuň daşynda otyrdyňyz. Şol wagt meniň hatyrymdan: «Meniň başyma bir iş düşse ýa-da bir kişi maňa zulum etse, bu agalarymyň barlygynda meniň näme aladam bar, kim maňa duşmançylyk edip biler?» diýen söz ötdi. Hudaýtagala ol sözümiň hatyrasyna sizi maňa sütemkär etdi. Siziň hiç biriňiz maňa rehim-şepagat etmediňiz. Bu ýagdaý meniň siz barada ýalňyş pikir edendigimiň netijesidir» diýdi. Bu sözleri eşidip Ýehudanyň bagry eredi we ol: «Eý, Ýusup! Men bulara seni öldürmäge goýmaryn. Sen birden atamyň ýanyna barsaň, oňa meni ýüzi gara etme» diýdi. Ol Şemgun bilen Rubili gyra çekip: «Munuň gözi garap dur. Muny nähili öldürip bolar? Biz kyýamatda näme jogap bereris? Pygamberzadany öldürmek uly günädir» diýdi. Şemgun gaharlanyp: «Eger siz ony öldürmejek bolsaňyz, oňa başga bir iş ediň» diýdi. Rubil: «Eý, Ýehuda! Sen biziň ähdimizi syndyrýarmysyň? Sen atamyzyň ýanynda gadyrly boljak bolýarmysyň? Biz seniň sözüňe gitmeris. Biz Ýusuby öldürmän goýmarys» diýdi. Ýehuda: «Biz muny öldürenimiz bilen bu dünýä giňejekmi?» diýdi. Şemgun: «Beýle bolsa, munuň gol-aýagyny baglaly. Sam ibn Nuhuň gazdyran bir guýusy bar. Ony şoňa taşlaly» diýdi. Ony süýräp guýynyň başyna alyp geldiler. Ýusup alaýhyssalam köp ýyglap ýalbardy. Hiç bir agasy oňa rehim etmedi. Sowal: Ýusuby öldürmeklik iki ýagdaýdan boş däldir. Ýa-ha Yshagy halal görmek, ýa-da onuň ganyny halal görmek bilen bolar. Olar bu iki ýagdaýdan uzakdadylar. Çünki olar pygamberleriň urugyndandy. Olar näme üçin gan dökmeklige ugradylar? Jogap: Olar bu ygtykat – ynanç bilen gan dökmekligi halal görmediler. Eger: «Olar muny halal gördi» diýsek, bu söz küpürlik bolar. Pygamberler küpürlikden magsymdyrlar. Ýene bir jogap: Ymam Abylhasan Şapygy (goý, Allataga-lanyň oňa rehmeti bolsun!) «Usmatul-enbiýa» atly kitabynda şeýle gürrüň getiripdir: «Agalary Ýusuby öldürmäge ugranda, olar entek pygamber däldiler. Onsoň, olar sagyra we kebire günälerden nähili päk bolsunlar?» Netijede: «Söz togtady, sowal aradan aýryldy». Ýusup alaýhyssalam ýene: «Siz maňa rehim etmeseňiz hem meniň garry atama rehimiňiz gelsin. Siz Hudaýtagaladan gorkuň» diýip ýalbardy. Olaryň hersi oňa bir şapbat çalyp: «Sen bu sözi sözleýänçäň çytrak dony çykar» diýdiler. Ýusup ýene: «Eý, doganlarym! Atamyň haky üçin köýnegimi maňa bagyşlaň. Eger men diri galsam owrat ýerim ýapylsyn eger ölsem, ol meniň kepenim bolsun. Ýene meniň elimi guýa baglap salmaň, men ellerim bilen guýydaky guş, gurt, ýylandan goranaýyn» diýip ýalbardy. Olar: «Sen özüňe sežde eden aýa, güne, on bir ýyldyza aýt. Olar saňa don bersin, eliňi, aýagyňy çözsün» diýip unamadylar. Onuň köýnegini çykaryp, biline tanap baglap guýa salladylar. Ýusup alaýhyssalam guýynyň ortasyna baranda tanapy kesip goýberdiler. Aýat: «Olar ony alyp bardylar we ony garaňky guýa taşlamagy maslahat bildiler». Ýusup alaýhyssalam guýynyň düýbüne ýetmezden sidretul-muntehadan Jebraýyl alaýhyssalama «Meniň bendäme kömege ýetiş» diýen perman boldy. Jebraýyl alaýhyssalam ony guýynyň suwuna ýetmänkä tutdy. Suwuň düýbünde bir uly ak daş bardy. Ony suwuň ýüzüne çykardy we ganatlary bilen sypalady. Daş ýumşak boldy. Oňa uçmahdan bir namazlyk we bir köýnek getirip berdi. Ol köýnegi Ýusuba geýdirdi. Ýusuby tutup ol daşyň üstünde oturtdy. Oňa musalla düşäp berdi. Ol: «Eý, Ýusup! Saňa Allatagala salam we pygamberlik iberdi» diýdi. Ol güni Ýusup on iki ýaşyndady. Jebraýyl alaýhyssalam: «Eý, Ýusup! Taňry saňa öz hökmüne sabyr etmekligi tabşyrýar. Ol saňa: «Men Ýusuby bu beladan gutararyn. Ony Müsür welaýatyna patyşa ederin. Ony atasy Ýakuba salamat gowşuraryn» diýdi. Ondan soňra Jebraýyl alaýhyssalam oňa şu dilegi öwretdi: «Allahümme ýa käşifa külli kürbetin we ýa jabira külli kesirin we ýa sahiba külli garibin we ýa munisa külli wahidin we ýa şehide külli nejwä we ýa hazira külli belwä we ýa lä ilähe illä ente subhaneke, es'eluke en tejgalani farajan we mahrajan we takzifa hubbeke fi kalbi hatta lä ýekune li hemmun we zikrun gaýruke we tahfazani we terhamani ýa arhamar-rahimin.¹⁷ Kim berk ýere gidende ýa-da bir bela duşanda bu dilegi okasa Allatagala oňa halaslyk berer diýipdirler. Jebraýyl alaýhyssalam Ýusuba ýene uçmah nygmatlaryn-dan getirip berdi we guýynyň içini ganaty bilen sypalady. Onuň içi bossan ýaly boldy. Ol guýyny Ordon ýerinde Medine bilen Müsüriň arasynda Kengana üç agaçlyk ýerde Nuh pygamberiň ogly Sam gazypdy. Onuň ady «Hubbul-ahýardy». Ol guýynyň suwy ajydy, datly boldy, garaňkydy, ýagty boldy. Jebraýyl alaýhys¬salam Ýusubyň ellerini çözüp, oňa bir behi berdi. Ýusup ony iýdi we doýdy. Aýdypdyrlar: Ol toprakda ýatan bir gara ýylan bardy. Ol Ýusubyň üýnüni eşidip Ýusuby iýmäge hyýal etdi. Jebraýyl alaýhyssalam «Eý, süýrenijiler! Bu Ýusup Syddykdyr» diýip, bir gaty üýn etdi. Olar şundan soň, tä, Ýusup alaýhyssalam guýydan çykýança başlaryny götermediler. Rowaýat. Şyh Hasan Basry (goý, Allatagalanyň oňa rehmeti bolsun!) şeýle rowaýat aýdypdyr: Ýusup guýa girende ýedi ýaşlydy. Ol segsen ýyl patyşa boldy. Ol ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Habarda şeýle gelipdir: Pygamberimiz Muhammet Musta¬pa alaýhyssalam hezreti Jebraýyldan: «Sen gökden ýere ineňde emgenýärmisiň?» diýip sorady. Ol: «Eý, Allanyň resuly! Men dört ýerde emgendim. Bir gezek Ybraýym halylallany manjanyga salyp, ony oda atanlarynda Sidretil-muntehadan ganat kakyp ony oda düşmezden öň tutdum. Ikinji sapar men Ybraýym alaýhyssalam Ysmaýyly gurban etjek bolanda maňa: «Pyçagy Ysmaýylyň bokurdagyna tartmazdan öň tut» diýip perman boldy. Men Sidretul-muntehadan inip pyçagyň ýüzüni arkasyna öwürdim. Üçünji gezek, Ýusuby doganlary bilini ýüp bilen baglap guýa salladylar. Ol guýyň ýarysyna ýetende ýüpi kesdiler. Şonda men Sidretil-muntehadan inip Ýusuby tutdum. Dördünji gezek Uhut döwüşinde seniň mübärek dişiňe daş degip, gan akanda maňa: «Pygamberiň gany ýere düşmezden ýetiş. Ýogsa ol ýerden tä, kyýamat gününe çenli ot-iým ön¬mez» diýip, perman boldy. Men şonda hem Sidretil-munteha¬dan inip, şol gany ganatym bilen tutdum. Şeýdip, men dört gezek emgendim» diýdi. Sowal: Ýusuby guýa salyp, ony ýene çykarmakda näme hikmet bardy? Allatagalanyň ezelde islegi şeýledi. Hebeşi oglanlaryň iman getirenleri meniň hezretimde Maňa ýakyn bolarlar. Iki hebeşi bardy: Onuň biriniň ady Beşir, beýlekisiniň ady Buşrady. Ýakup alaýhyssalam bu ikisini Mälik Zagara kyrk ýyl gul edip satdy. Olar gulluk etdiler. Kyrk ýyl tamam boldy. Ýusup guýynyň içinde dört gün boldy. Mälik Zagar Müsürden Şama sapar etmeklige meýil etdi. Ol ýola rowan boldy. Allatagalanyň gudraty bilen ol ýolundan azaşyp, Kengan welaýatyna düşdi we Ýusubyň taşlanan guýysynyň ýanyna gelip düşdi. Ol Beşir we Buşra atly gul oglanlary guýydan suw almaga iberdi. Bular baryp guýa gowa saldylar. Hudaýtagalanyň permany bilen Ýusup iki aýagyna gowa saldy. Beşir gowany tartdy we ony guýynyň daşyna çykardy. Ol gowanyň içinde aýdan we günden görkli Ýusuby gördi. Beşir «Buşluk guýydan bir oglan çykdy» diýip seslendi. Aýat: «Kala ýa Buşra häzä gulamun we asarruhu bizagatan». Ýusubyň guýa düşmeginiň sebäbi şeýledir Ýakup pygam-beriň oglanlary Ýusuby guýa sallanlaryndan soň bir owlagy bogazlap, onuň ganyna Ýusubyň köýnegini buladylar. Olar Ýusup alaýhyssalamyň ganly köýnegini başlaryna göterip, perýat edip, agşamara atalarynyň ýanyna geldiler. Aýat: «Olar atalarynyň ýanyna agşamara aglaşyp geldiler» we: «Eý, atamyz! Biz ýylky-garamyzy bakmaga gidenimizde, Ýusuby goşumyzda galdyryp gidipdik. Biz yzymyza gaýdyp gelsek, Ýusuby böri iýen eken. Biz dogry sözümizi aýtsak hem sen bize ynanmarsyň» diýip aýtdylar. Aýat: «Olar: «Eý, atamyz! Biz ylgamaga sähra tarap gitdik. Biz Ýusuby onuň rahatlygy üçin goşumyzda goýduk. Şonda ony gurt iýipdir. Sen biziň bu sözümize çynymyzy aýtsak hem ynanmarsyň» diýip aýtdylar. Doganlary Ýusubyň ganly köýnegini atalarynyň öňünde goýdular. Aýat: «Olar Ýusubyň köýnegine ýalandan gan çalyp getirdiler». Ýakup alaýhyssalam bularyň bu sözüni eşidip bihuş bolup ýykyldy. Ýakup alaýhyssalam huşuna gelip Ýusubyň ganly köýnegini eline alyp ysgady we: «Bu nähili mähriban böri eken. Ol Ýusubyň köýnegini ýyrtmazdan onuň özüni iýipdir. Eger Ýusuby böri iýen bolsa, onuň köýnegi hem ýyrtylardy. Ony böri iýen däldir» diýip aýtdy. Ol ýedi gün Kenganyň ýabanyny gezip, iki eli bilen bilini tutup: «Eý, söwer oglum! Eý, gözümiň röwşeni! Eý, bagrymyň parasy! Eý, köňlümiň miwesi! Seni haýsy guýa atdylar, seni haýsy derýa gark etdiler, seni haýsy gylyç bilen öldürdiler, seni haýsy ýerde gömdüler? Eý, Ýusubym! Sen haýsy börüniň garnynda ýatyrsyň? Eger men seni iýen börüni görsem, onuň aýagynyň topragyny gözüme sürterdim. Men ony ýanymdan goýbermezdim. Men ol börüni tapsam, ony soýardym we onuň içinden Ýusubymy tapardym. «Ah, Ýusubym, wah Ýusubym!» diýip, gaty owaz bilen nagra urup, zar-zar bolup, bahar ýagşy dek gözlerinden ýaş dökdi. Doganlary atalarynyň bu halyny görüp: «Biz doganymyz Ýusuby zaýa etdik, atamyz Ýakuby öldürdik» diýdiler. Olar atalary bilen bile ýyglaşdylar. Ýakup alaýhyssalam: «Bu iş siziň aýdyşyňyz ýaly däldir. Bu iş sizden gelip çykýar. Siz göriplik edip, ýaman işe baş goşduňyz» diýdi. Aýat: «Atalary: «Bu iş siziň aýdyşyňyz ýaly däldir. Belki, siziň nebsiňiz size bir ýaman işi ýagşy edip görkezendir. Bu işde maňa sabyrly bolmak ýagşydyr. Siziň ýalan sözüňize Allatagalanyň özi maňa ýardam berer» diýdi. Ýakup alaýhyssalam ýyglady. Olar: «Eý, ata! Indi sen Ýusup üçin özüňi öldürjekmi? Eger sen isleseň, biz Ýusuby iýen börüni tutup, ony seniň ýanyňa alyp geleli. Ony görseň, seniň köňlüň köşeşer» diýip aýtdylar. Ýakup alaýhyssalam: «Baryň, ony tutup, meniň ýanyma getiriň» diýdi. Olaryň hemmesi sähra çykdylar. Olaryň öňünden bir böri çykdy. Bular ony tutup, goluny boýnuna baglap, agzyna gan sürtüp, Ýakup alaýhyssalamyň ýanyna alyp geldiler. Olar: «Ýusuby iýen böri budur» diýdiler. Ýakup alaýhyssalam börüniň agzynyň ganyny gördi we ol börüniň ýanyna gelip, Allatagaladan: «Eý, Taňrym! Bu börä dil ber, men onuň bilen sözleşeýin» diýip, dileg etdi. Taňrydayn: «Eý, Ýakup! Soramak senden, sözlemek Menden» diýip, owaz geldi. Ýakup alaýhys¬salam: «Eý, böri! Taňrynyň haky üçin dogryňy sözle. Sen meniň Ýusubymy näme üçin iýdiň?» diýip sorady. Böri Taň¬rynyň gudraty bilen dile gelip: «Eý, Allanyň resuly! Hemme pygamberleriň eti bize haramdygyny sen bilmeýär-siňmi? Men Ýusuby görmedim. Meniň özüm üç günden bäri açdyryn. Men hem gözümiň nury bolan oglumy ýitirdim. Men öz oglumy gözläp ýörkäm, bu ýalançylar meniň agzyma gan sürtüp, seniň ýanyňa alyp geldiler. Eý, Ýakup! Sen bir dileg etseň, seniň bu dilegiň bereketinden men ogluma gowuşsam» diýdi. Ýakup alaýhyssalamyň oglanlary daş çykdy. Olar: «Indi, biz baryp Ýusuby öldüreli. Onuň başyny, aýagyny kesip getireli. Atamyzyň köňli köşeşsin» diýip aýtdylar. Olaryň bu teklibini Ýehuda unamady. Ýusup alaýhyssalamy guýydan çykaranlarynda, ol iki hebeşi guly görüp, olaryň ýüzüni eli bilen sypalady. Olaryň ýüzleri, tenleri öreň boldy. Bu ikisi iman getirdiler. Olar begenişip Ýusup alaýhyssalama sežde etdiler. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, ýigitler! Siz mahluga sežde etmäň. Beýle sežde rowa däldir. Siz bizi ýaradan Taňra sežde ediň» diýdi. Buşra: «Bizi hem sizi ýaradan kimdir?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Hemmäni ýaradan ýeke-täk Allatagaladyr. Mülk içinde Oňa şärik ýokdur. Onuň mülküniň tamamy ýokdur» diýdi. Olar: «Bize musulmançylygy dileg edip ber» diýip aýtdylar. Ýusup alaýhyssalam olara dileg edip berdi. Bu ikisi musulman boldular. Ýusup alaýhyssalamy guýydan çykarylmagynyň sebäbi budy. Sowal: Gül meňizli Ýusup alaýhyssalamy satdylar. Muňa hikmet nämedir? Jogap: Günlerde bir gün Ýusup alaýhyssalam guýa bakdy. Ol ýüzüni gördi. Ol ýüzüniň görküne özi taňlady. Onuň göwnüne: «Eger men bu görk bilen gul bolsam, meniň bahamy kim berip, alyp biler?» diýen pikir geldi. Ol öz görküne guwandy. Ony «gul» diýip on sekiz ýarma satdylar. Bu ýerde görke guwanmagyň bahasyny görkezdiler. Onuň satylmagynyň sebäbi şudy. Ýusup alaýhyssalamy guýydan çykaranlarynda, onuň garyndaşlaryna habar boldy. Olar bu ýere geldiler we Mälik Zagara: «Bu biziň gaçgak gulumyzdyr. Üç gün boldy, ol bizden gaçyp ýör. Sen almakçy bolsaň, biz ony saňa satarys» diýip aýtdylar. Mälik Zagar: «Men ony alaýyn» diýdi. Ol wagt Rubil Ýusubyň ýanyna gelip, oňa ybry dilinde: «Biz näme islesek, sen hem şony aýt. «Ýok» diýseň biz seni öldüreris» diýip gepledi. Mälik Zagar: «Sen gulmusyň?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Men gulduryn» diýdi. Ol bu sözi bilen «Men Taňrynyň guludyryn» diýmek isledi. Doganlary: «Bu gul kiçiliginden biziň ýanymyzda. Biziň ony satmaga göwnümiz ýok, eger onuň özi göwnese, biz ony sataly. Emma munuň üç aýby bar. Ol birinjiden – ogry, ikinjiden – gaçgak, üçünjiden – ýyglak. Şol aýyplary bilen kabul etseňiz sataly» diýip aýtdylar. Mälik Zagar ony bu üç aýyby bilen kabul etdi we: «Mende ýarmak ýok. Ýylky-gara bar, haryt bar, olardan bereýin» diýdi. Olar geňeşdiler we: «Eger biz ýylky-gara alsak, ony atamyz biler» diýdiler. Şonuň üçin olar ýylky-gara almadylar. Olar: «Bize ýarmak gerek» diýdiler. Mälik Zagar ýerinden turup, argyşyň arasyna girdi. Argyşdan on sekiz Müsür ýarmagy çykdy. Terezä tartdylar, on sekiz ýarmak agry berdi. Kenganda ol ýarmagyň ikisini bir ýarmagyň ýarysyna alýardylar. Ýusuby Kengan ýarmagynyň dokuzyna satdylar. Aýat: «Olar Ýusuby sanagly teňňelerden ybarat bolan arzan baha satdylar. Olar bu pullara mätäç hem däldiler». Mälik Zagar: «Siz maňa öz eliňiz bilen hat ýazyp beriň» diýip aýtdy. Doganlar: «Biz bir şert bilen hat ýazyp bereris. Munuň aýagyna zynjyr uruň, özüni gaty iňirçege mündüriň, uzak ýere eltip satyň» diýip aýtdylar. Mälik Zagar bu şertleri kabul etdi. Ýehuda: «Bismillähi-r-rahmany-r-rahym. Biz Ýakubyň oglanlary: Rubil, Şemgun, Ýehuda, Lawy, Jad, Don, Ýagşar, Ýastahyr, Zabadun, käbir rowaýatda Raýalun, Kazur onymyz Ýusup atly gulumyzy Mä¬lik Zagara on sekiz agram ýarmaga satdyk. Biz onuň üç aýybyny aýtdyk: ogurlyk, gaçgaklyk we ýyglaklyk. Biz ýene üç şert etdik. Mälik Zagar olary hem kabul etdi: aýagyna zynjyr urmak, gaty iňirçege mündürmek, uzak ýere eltip satmak. Biz bu haty öz elimiz bilen, pylan aýda, pylan günde, pylan ýylda ýazdyk» diýip, hat ýazdylar. Ony Ýusuba tabşyrdylar. Özleri öýlerine gaýtmaga hyýallandylar. Gije boldy. Ýusup: «Men kiçilikden bäri bular bilendim. Men olar bilen hoşlaşaýyn» diýip, Mälikden rugsat sorady. Mälik Zagar rugsat berdi. Ol onuň aýagyna zynjyr urdy. Bir ogluny Ýusuba müwekkil etdi. Ýusubyň agyr zynjyr bilen ýöremäge ýagdaýy ýokdy. Ol iki ädip, bir ýykylýardy. Onuň görkli ýüzi topraga bulandy. Ýusup alaýhyssalamy bu halda görüp agalary aňyrlygyna bakdylar. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, agalarym! Siz meniň hakymda bu işi etdiňiz. Özge kişä beýle işi hergiz etmäň. Siz men ulalamda atamdan aýyrdyňyz. Eý, doganlarym! Eý, Ýehuda! Siz salamat galyň! Eý, Ýehuda! Menden atama salam aýt. Ol meniň üçin köp azaplar görer. Eý, Ýehuda! Sen hemmesinden maňa mähribanrak. Sen nirede guýy görseň, men hakymda oýlan. Eý, Ýehuda! Sen atam bilen oturanyňda: «Ýusup nirede ýörkä? Kim bilen ýörkä? Kimiň ýüzüne delmiräp bakyp durka?» diýip ýadyňa sal. Eý, Ýehuda! Meniň sizden aýrylanyma bu gün dört gün boldy. Çet ýurtlarda sizsiz men näme iş ederin? Eý, garyndaşlarym! Geliň, siz bu işiňize öküniň. Meniň kiçiligime bakyp, rehim ediň. Argyş beginden gaýra alyň» diýdi. Ol köp ýalbardy, emma olar onuň sözüni diňlemediler. Ýusup alaýhyssalam arkasyna garap-garap, ýola delmiräp, müwekkil bilen gaýdyp Mälik Zagaryň ýanyna bardy. Kerwen gozgaldy. Ýusup alaýhyssalamy bir gaty iňirçege mündürip ýola düşdüler. Mälik Zagar Ýusup alaýhyssalamy Aflaha atly guluna tabşyrdy. Kerweniň ýoly Ýusup alaýhyssalamyň enesiniň gabrynyň üstünden düşdi. Ol özüni düýeden taşlap, aý ýaly ýüzüni gara topraga sürtüp enesiniň gabryny gujaklap ýyglady we: «Eý, ene! Men ozal sizden aýrylypdym. Indi men atamdan hem aýryldym. Men gul diýlip satyldym. Meniň aýagyma zynjyr urdular. Meniň injiklerim gaty zynjyrda çişdi, tenim gaty iňirçekde ýenjildi. Eý, ene! Käşgä, men senden öň ölen bolsam ýagşy bolardy» diýdi. Şol wagt argyşyň soňuna galan bir kişi ýetip geldi. Ol Ýusup alaýhyssalamyň toprak guçup ýatanyny gördi. Ol gelip Ýusubyň ýaňagyna bir şapbat urdy we: «Begler saňa gaçgak diýip dogry aýdan ekenler». Ýusubyň köňli emgendi. Ol: «Eý, Taňrym! Sen meniň bu ýagdaýymy görýänsiň, bilýänsiň, maňa rehim et» diýip ýalbardy. Perişdeler hem: «Bu ýetimiň halyna rehim et!» diýip mynajat etdiler. Nazm Ýüzüme käç urup, Aflah diýen gul elem kyldy, Pyrak oduna örtäp, wujudymy adem kyldy. Ýusup alaýhyssalamyň bu dilegi kabul boldy. Allatagalanyň gudraty bilen şemal gopdy. Älem-jahanyň ýüzi gap-garaňky boldy. Asmany gara bulut basdy. Şemal sagatba-sagat güýçlendi. Ýagty gündiz garaňky gijä aýlandy. Şemalyň derdinden göz açyp bolmady. Şemal ýerden daş-topragy ýüz-göze alyp urdy. Kerwen ýoldan azaşdy. Mälik Zagar kerweni bir ýere jemledi we şol ýerde düşledi. Hemme mal-haýwan jandan el üzdüler. Mälik Zagar: «Bu kerwende Hudaýtagala günä eden kişi bar bolsa, ol toba etsin. Bir kişi başga birine azar beren bolsa, ol ondan ötünç sorasyn. Şonda Hudaýtagala bu belany biziň başymyzdan aýyrar» diýdi. Aflah Mälik Zagaryň ýanyna gelip, wakany beýan etdi. Mälik Zagar şol wagt Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna baryp: «Eý, Ýusup! Meniň Aflah diýen gulum biedeplik we bihormatlyk edip, saňa ezýet beripdir. Sen onuň günäsini geçirip, ony bagyşla» diýip aýtdy. Aflahy Ýusup alaýhyssa-lamyň aýagyna ýykdylar. Ýusup alaýhyssalam onuň günäsini bagyşlady. Ýusup alaýhyssalamyň köňli hoş bolup güldi. Şol wagt şemal köşeşdi. Howanyň ýüzi açyldy. Gün çykyp, älem-jahan röwşen boldy. Kerweniň hemme adamlary hoşal bol¬du-lar. Mälik Zagar bu keramaty görüp, Ýusup alaýhyssalama hezzet-hormat etdi. Onuň aýagyndan zynjyry aýyrdy. Oňa täze donlary geýdirdi we amara mündürdi. Sowal: Pygamberler halka esiz dileg etmezler. Olar halka erbetlik islemezler. Ýusup alaýhyssalamyň beýle dileg etme-ginde näme hikmet bar? Jogap: Ýusup alaýhyssalamyň bu dilegi esiz dileg däldi. Ol: «Bu är maňa ýaňaklady. Onuň bu işi sütem edendigi sebäpli günä boldy. Aflah munuň üçin kyýamat güni azap görer. Allatagala gudrat görkezsin. Goý, ol bu işinden toba edip, ýazygyndan päklensin. Ol dowzah azabyna sezewar bolmasyn diýip, ýagşy dileg etdi. Onuň bu dilegi bu sebäpden esiz (bet) dileg däldir. Mälik Zagar: «Eý, oglum Ýusup! Sen kerweniň öňünden ýöre. Beýleki adamlar seniň yzyňdan ýöresin» diýdi. Bu çöl yssydy. Hudaýtagala bir topbak buluda: «Sen Ýusuba saýa bolup ýöre» diýip buýurdy. Ol bulut Ýusup alaýhyssalamyň depesine kölege berip ýöredi. Kerweniň adamlary bu işe haýran galyp: «Eý, Mälik! Bu ogul Hudaý-tagalanyň dergähinde ýakynlyk we menziletlik tapan oguldyr. Sen munuň köňlüni zynhar agyrtma» diýdiler. Mälik Zagar Ýusupdan: «Eý, Ýusup! Ol gün sen düýeden düşüp galyp, gaçmak hyýalyň barmydy?» diýip sorady. Ýusup alaýhyssalam: «Magazalla! Men hergiz gaçmaryn. Ol görüstanda meniň ejemiň mazary bardy. Men onuň bilen hoşlaşmak üçin düýeden düşüpdim» diýdi. Kerwen Müsüre bir günlük ýol galanda Uşwan atly ýerde, bir derýanyň kenarynda düşledi. Mälik Zagar: «Eý, Ýusup! Sen bu derýanyň suwuna ýuwunyp-ardyn, üstüňden ýoluň gerd-u-gubaryny aýyr. Men saňa täze şahana lybaslary geýdireýin. Ertir hemme halk biziň öňümizden çykar» diýdi. Ýusup alaýhyssalam derýanyň gyrasyna gelip: «Eý, Taňrym! Sen maňa keramatyň bilen bir perde ört. Meniň etimi, tenimi kişi görmesin» diýdi. Allatagala Aýnul-hitan atly balygy iberdi. Ol balyk suwuň içinde guýrugyny başyna aýlap, halka bolup durdy. Ýusup alaýhyssalam onuň içine girdi, ýuwundy we ardyndy. Ol balyk ýaradan Taňra: «Eý, Taňrym! Bu Ýusubyň bereketinden maňa başga balyklaryň arasynda ýagşy at bolar ýaly keramat ber» diýip ýalbardy. Hudaýtagala onuň bu dilegini kabul etdi we oňa iki aýat berdi. Olaryň biri – Ýunus alaýhyssalam onuň garnynda kyrk gün galdy. Aýat: «Ony näheň balyk ýuwutdy. Ýunusyň janyna melamat edildi». Ikinjisi – Süleýman alaýhyssalamyň ýüzügi onuň garnynda kyrk gün galdy. Başga bir rowaýata görä, bir perişde aždarha sypatynda bolup, gelip Ýusuby ýuwnup bolyýança halkyň gözünden gizledi. Jebraýyl alaýhyssalam uçmahdan – nurdan ýaradylan köýnek getirdi. Ol ony Ýusup alaýhyssalama geýdirdi. Mälik Zagar oňa atlas don geýdirdi, başyna göwher bilen bezelen altyn täç atdy, biline altyn guşak guşady. Ony kejebä mündürip Müsüre alyp girdiler. Sowal: Argyşyň içinde başga ýerden gelenler hem bardy. Ýusup alaýhyssalamyň Mälik Zagaryň eline düşüp, başga adamlaryň eline düşmezligine sebäp nämedir? Jogap: Müsür şäherinde Züleýha atly bir zagypa bardy. Ezelde Hudaýtagala ol aýala Ýusup alaýhyssalamyň elinde imana gelmegi takdyr edipdi. Ýusuby agalaryna Mälik Zagara satdyryp, onuň bolsa Ýusuby Müsüre getirip satmagynyň sebäbi şudy. Züleýha Ýusubyň elinde iman getirmelidi. Müsür halkyna: «Mälik Zagar bir oglan getiripdir, göýä ol asman aýyny ýerden tapyp gelipdir. Onuň ýaly görki heniz hiç kim gören däldir. Her kim ony görse haýran bolýar» diýen habar ýaýrady. Kim Ýusup alaýhyssalamy görse, ol oňa aşyk bolardy. Ýusuby gören her kişi ony satyn almagy arzuw ederdi. Her bir welaýatyň begleri gelip, altyn-kümüş, ýylky-gara, mal-haryt jemlediler. Müsür halky uly-kiçi, är-hatyn Ýusuba tomaşa etmäge çykdylar. Halkyň gözi Ýusup alaýhyssalamda boldy. Ony bir gezek gören adam ýene bir görsem diýip arzuw etdi. Emma bir topbak ak bulut onuň üstüne saýa bolup durdy. Ibn Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) aýdypdyr: Ol ýyl Müsür halkynyň ýagdaýy ýaramazdy. Nil derýasynyň suwy azalypdy, bulara suw ýetmeýärdi. Daragtlaryň köpüsi gurap galypdy. Ýusup alaýhyssalam Müsüre girende Nil derýasynyň suwy joşdy, guran daragtlar täzeden gögerdi. Açlar doýdy, ýalaňaçlar geýindi» diýipdir. Mälik Zagar Ýusup alaýhyssalama tagt gurnap, onuň üstüne altyn gupba çykartdy, astyna halylary ýazdy we özüni altyn kürsüde oturtdy. Ol gün juma günüdi. Hemme halk ol ýere ýygnandy. Ol wagt Müsüriň patyşasy Mälik Raýýandy. Ol bu oglanyň owa-zasyny eşidip: «Baryp, ony gör» diýip, bir kişini iberdi. Ol ýene-de: «Eger ol adamlaryň aýdyşy ýaly bolsa, men ony satyn alaýyn» diýip aýtdy. Ol kişi Ýusup alaýhyssalamyň ýanyna baryp geldi we Mälik Reýýana: «Ol halkyň aýdyşyndan ýüz dereje artyk eken» diýip taryp etdi. Mälik Reýýanyň Müsür ezizi diýen bir weziri hem bardy. Patyşa oňa: «Sen hem baryp ol guly görüp gel. Mälik Zagar ony bizden başga hiç kime bermesin» diýip buýurdy. Müsür ezizi bu ýere gelip, Ýusup alaýhyssalamyň tagtynyň üstünde täç geýip, owadan geýimlere bezenip oturandygyny we onuň görküniň we näzikliginiň çaksyz artyk¬maçdygyny görüp haýran galdy. Onuň huşy başyndan uçdy we sözlemäge sabyr-takaty galmady. Ol yzyna gaýdyp, gören zatlaryny Mälik Reýýana aýtdy. Ertesi Mälik Zagar Ýusup alaýhyssalama başga reňkdäki lybaslary geýdirip, bezäp-besläp bazara orta çykardy we gymmatbahaly halynyň üstünde altyn kürsüni goýdy. Kürsüde Ýusup alaýhyssalamy oturtdy. Onuň görki-gelşigi öňküden hem zyýada boldy. Her kim gelip, ony jany-dili bilen almaga hyrydar boldy. Mälik Zagar bir jarçy getirdi. Jarçy: «Eý, halaýyk! Kim bu näzik, ajaýyp, sypaýy hem päk oglany satyn aljak? Adam perzendinde onuň ýaly görkli oglan dünýäde ýokdur. Mundan öň munuň ýaly oglan doglan däldir. Munuň bahasyny ýetirip alyp biljek kişi barmy?» diýip jar çekdi. Ýusup alaýhyssalam başyny aşak salyp, dür dek ýaşlaryny akdyryp: «Eý, jarçy, sen meni beýle taryplama. Bu taryp bilen hiç kim meni satyn alyp bilmez» diýdi. Jarçy: «Onda men nähili aýdaýyn?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, jarçy! Sen dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu ýetim, garyp, arryk we biçäre oglany kim satyn aljak diý» diýdi. Jarçy: «Seniň bu aýdyşyň biziň urp-adatymyzda ýok. Men dogrusyny aýdýaryn» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eý, jarçy! Seniň köňlüňde dogry sözleri aýtmak bar bolsa, onda sen: «Allanyň Syddygy Ýakup Ysraýylallanyň, Yshak pygamberiň ogly, Ybraýym halylallanyň ogly bolan bu oglany kim satyn aljak?» diýip aýt» diýdi. Jarçy: «Men beýle diýsem, hemme halkyň ýüregi ýarylar» diýdi. Aýdypdyrlar: «Müsür iliniň hemme dellallary ýygnanyp, Ýusup alaýhyssalama şeýle baha kesdiler. Onuň öz agramyça altyn, agramyna barabar ýypar, agramyna deň kümüş, onuň ýaly anbar, agramy ýaly kafur bermelidi. Käbir rowaýatlarda: «Bu agramlar Ýusup alaýhyssalamyň agramyna on essedir» diýilýär. Jarçy Ýusup alaýhyssalamyň ata-babalarynyň atlaryny aý-dyp berende adamlar haýran galdylar. Mälik Zagaryň huşy başyndan uçdy. Onuň gözi ýaşdan doldy we köňli ot bilen ýakylyp: «Eý, Ýusup! Biz ol guýynyň başynda seni satyn alanymyzda sen näme üçin bu sözleri maňa aýtmadyň? Şol gün muny mälim eden bolsaň, men seni gul diýip satyn almazdym. Indi iş bu derejä ýetenden soň men näme alaç edeýin?» diýdi. Ýusup alaýhyssalam: «Eger men gul diýmesem agalarym meni öldürerler diýip gorkdum. Men öz ygtykadymda: «Men Hudaý¬tagalanyň guly» diýdim» diýdi. Mälik Zagar: «Sen Kenganyň ýolunda sährada Hudaýtagala nala edip: «Gözümiň nury, köň¬lümiň miwesi, oglum Ýusuby maňa ýetir» diýip, ýyglap ýören garry kişiniň oglumysyň?» diýdi. Ýusup alaýhys¬salam: «Men ol gözi ýaşly, aýralyk oduna örtenen, hesret derýasyna gark bolan, ok dek boýy ýaý dek egilen, çyra ýaly açyk köňli ýag dek dökülen Ýakup Ysraýylallanyň ogly, Yshak pygamberiň neberesi, Ybraýym halylallanyň ebiresi Ýusup Syddykdyryn» diýdi. Mälik Zagar ýerinden turup, Ýusup alaýhyssalamyň aýagyna ýykyldy we ondan köp ötünç sorady. Rowaýat. Mälik Reýýan Ýusup alaýhyssalamyň habaryny eşidip Müsür ezizini: «Sen ony görüp gel» diýip iberdi. Ol Ýusup alaýhyssalamy görüp gelip: «Adam perzendinde munuň ýaly görkli hiç zat ýokdur» diýip, patyşa Ýusuby köp taryp¬lady. Patyşa: «Sen baryp, onuň bahasyny sözleş» diýdi. Müsür ezizi onuň bahasyny gelişmek üçin Mälik Zagaryň ýanyna bardy. Mälik Zagar oňa: «Entek biz şähere girmedik, bazary görmedik we guly satuwa salmadyk. Biz ertir bazarda sözleşeli» diýdi. Ertesi Mälik Zagar Ýusup alaýhyssalama şahana don geýdirip, başyna altyn täç goýup, biline altyn çaýylan kemer baglap, ata mündürip bazara getirip, altyn kürsüniň üstünde oturtdy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam gelip, Ýusup alaýhys¬salama Hudaýtagalanyň salamyny ýetirdi we «Eý, Ýusup! Hudaýtagala saňa: «Ýusup bu gün gam iýmesin. Ol bu gün gul bolup satylsa, ertir men oňa Müsür halkynyň hemmesini gul ederin, özüni olara patyşa ederin. Ol bu günki horlugy tartsyn, ertirki hezzet-hormaty görsün. Bu gün men ony satyn alaýyn diýip duranlara, ertir oňa satylaýyn diýerler diýip, perman berdi» diýdi. Elkyssa, Reýýan patyşa Ýusup alaýhyssalamy gördi. Ol Ýusup alaýhyssalama: «Ýüzüňden nykabyňy göter» diýdi. Ýusup alaýhyssalam nykabyny göterdi. Onuň gözi ýekbara Ýusup alaýhyssalama düşdi. Patyşa bihuş bolup ýykyldy. Peýda. Sen Gün atly patyşanyň gijäniň ýarymynda adyz Gökden ýagyz Ýere görkli ýüzi görmek üçin ýüzin düşendigini nähili görýärsiň? Gün Ýusup alaýhyssalama sežde etmäge geldi. Aýat: «Ýusup: «Men Güni we Aýy özüme sežde eden ýagdaýlarynda gördüm» diýdi. Mälik Reýýanyň iberen Müsür ezizi Ýusup alaýhyssalamyň görküni görüp, atdan düşüp, pyýada bolmagy gör ne ajap! Onuň eziz akyly gidip, ejiz bolup, Ýusup alaýhyssalamy kybla edinip, seždä başyny urmakçy boldy. Ýusup alaýhyssalam: «Haý, haý! Men sežde etmäge laýyk däldirin. Maňa sežde etmek rowa däldir» diýdi. Habarlarda şeýle diýipdir: Allatagala ynsanyň ruhuna şekil berip, ony görkezse, ony gören adam oňa sežde ederdi. Allatagala özüniň parasatlylygynyň kämilligi bilen ruhy: «Ony görmesinler, menden başga sežde etmesinler» diýip gözlerden gizledi. Hudaýtagala: «Hakykat ýüzünden onuň suratyny görüp, meniň bendelerim gowga düşmesinler» diýdi. Şonuň üçin Isa pygamberiň ýüzüne nykap ýapyldy. Sen: «Isa pygamberi Taňrynyň ogly» diýip, biziň günlerimize çenli halkyň gowgada galandygyny bilmeýärmisiň?» diýip aýdylypdyr. Aýat: «Nasaralar: «Isa – Allanyň ogly» diýdiler». Olar Bibi Merýeme: «Allatagalanyň jübüti» diýdiler. Emma Ýusup alaýhyssalamyň ýüzüne ilki nykap örtmediler we onuň suratyny nykabyň içinde gizlemediler. Şonuň üçin bir gijäniň içinde Aý bilen gün onuň ýüzüni görüp, gökden inip, ýüzin düşüp oňa sežde etdiler. Patyşa Reýýan hem aý ýüzli oglany görüp, onuň aýagyna ýykyldy. Beýt Bu köňlüm myrada teginmek dilär, Telim halkalar era öwünmek tilär. Gün-Aý sežde kylgaý aryg ýüze men, Bu gün atdan inip, ýükünmek dilär. Wahp ibn Munabbih (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) ýeýle diýipdir: «Ýusubyň bahasy dört ýüz ratl altyn, dört ýüz ratl kümüş we dört ýüz ratl hünji-göwher boldy. Onuň bahasy mundan artykmaç bolsa ony hiç kim tapyp bilmezdi». Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |