16:27 Kyssa -3: poemanyň dowamy | |
Utanjyň içinde galan şah soltan, Süleýman mülkine nedenki ýeten, Ähli haýwan ilin bir güne çatan, Myhman safarynda meýlis kylynsa. Hezreti Süleýman döwler başynda, Dag daşlardan gazan tagam işinde, Sekiz aý ýollykda saçak daşynda, Köp nygmatlar dolup dolup seçilse. Ýer ýüzünde gezen ähli haýwanu, Suw içinde bolynan janly jandaru, Gündogardan günbatara ynsanu, Çakylyklap nygmat narlar dökülse. Tagt üstünde ol hezreti Süleýman, Derýadan byr balyk baş etdi aman, Şu günki rysgymy sendenmi zaman, Süleýman pygamber tagam salynsa. Hezreti Süleýman nygmat meýdanyn, Üm etdi balyga tagam eýwanyn, Sekiz aýlyk saçakdaky bar nanyn, Ýuwdyp minnet ede habar bolunsa. Diýdi läheň balyk deňiziň içinden, Günde ýedi gezek lukma aşyndan, Alla nygmat eçer rysygy hoşymdan, Iýer men, doýar men minnet bilinse. Men nygmatdan iýdim ýediden iki, Aç galynan bäş rysgymyň ol ýüki, Şalar şasy gerdeniňde çek haky, Özün tanamazdan ne iş salynsa. Bu bolan ahwala sahy pygamber, Bi alaç oturmyş pikirde gam ser, Dünýä şasy ne diýejek gapyl gör, Her näň rysgyn Alla kepil görünse. Bir läheň balygyň bir gün rysgyny, Ýigirmi sekiz aýa ynsan her güni, Süleýman patyşaň hezzeti muny, Hasaby şeýleräk dogry bolunsa. Adam ogly bu ahwala akyl eýle, Otyryp turuban ýagşy pikir eýle, Rysk Alladan ýaradylan ne beýle, Süleýman hem ejiz galan görülse. * * * Bu rowaýat şähri Kawan ülkesi, Bu ülkäniň çeşme suwunyňşirkesi, Bagynda bakçalar,bilbiller sesi, Jennet mekany deý ýollar salynsa. Hezreti Süleýman gudrat görübän, Ganatly bedewler uçmuş ýöribän, Hyýalda at byrag bedew süribän, Bedew atlar ganatyn ýaýyp ýörülse. Bu bedewleň arzuwynda yşgynda, Pygamber hyýalda gamu köşgünde, Kawus atly döwden sorap asgynda, Şeýtan döwlerinden Samud görülse. Kawus aýtdy bu iş Samudyň hoşy, Samud hilä salynyp tussagda başy, Süleýman emr etdi bedew syrdaşy, Mülkine getirmek perman bolunsa. Samud şerap şerbet küýzeler goýa, Suwsyz çeşme içre bedewler göýä, Bialaç şerbetden şerapdan doýa, Seri sermez müň bedewni alynsa. Süleýman mülkine salynan atlar, Syn ede yşk bilen ýanylan otlar, Ikindi namazyn unydylan hatlar, Pygamber Süleýman oda dolunsa. Dokuz ýüz at gany dökülmiş ara, Pygamber namazy kazada para, Alladan dogasy şol wagty zara, Güni yza dolap namaz kylynsa. Bu ahwala nebis goýmyş mydara, Pygamber hem gapyl galyp azara, Adam ogly barsaň ýörseň mazara, Sorag agyr bolynar jogap salynsa. * * * Ýene bir rowaýat pygamber şadan, Süleýman halyl kapyr zenandan, Kunana isminde butparaz nadan, Yşk içinde haram hatyn bolunsa. Kunana butparaz kapyr ol zenan, Süleýman yşk ede ýanaşdy zaman, Alla gahr eýledi pygamber aman, Köşgünden daş bolup zara galynsa. Süleýman ýüzügin Hakyk atly döw, Ogurlap tagtyna boldy soltan sow, Şerigat ylymyna eýlenip bir tow, Alymlar jadylyk ylymyn bilinse. Soltan baş weziri Asyf Berhyýad, Alymlar içinde maslahat zyýad, Jadylyk ylmyna ser eden haýýad, Süleýman işi däl diýilip görülse. Alymlar, baş wezir soltan huzura, Zeburdan ylym ede dolup nazara, Tagta geçen Hakyk galmyş azara, Ismagzam dogasy kelam salynsa. Ismagzam sesine bozulan Hakyk, Tagty terk eýledi jan başy takyk, Gam gussa galdyran patyşa ýüzük, Ol deňiz çäginde suwa taşlansa. Suw içinde gezen Arham balyga, Ýuwut diýen emri boldy Halyga, Süleýman pygamber öten şalyga, Arham balygyndan ýüzügi berilse. Kyrk bir gün şa soltan aju ýalaňaç, Gapyllykda her ne görmüş bialaç, Ýüzügin dolaýyp kürse şalyk täç, Dünýä hökümdara nesip bolunsa. Yşk şerbeti bile bolunan günäler, Toba kabul boldy hamdu senalar, Kunany tabyda salynyp penalar, Deňize göterilip ölüme berilse. Hakyk döwni tutup geldiler zaman, Boýnuna atdylar müň batman aman, Soň ömrüne çenli gam halda ýaman, Bu rowaýat kyssam tamam bilinse. Adam ogly yşyk peýalaň şerbetin, Dadylsaň sermez sen ömrüňe bütin, Sen dünýäň bedewi gerdende hatyn, Jylawyň sypylmaz, meýdiň idilse. * * * Burowaýat kyssam Bilkis şa soltan, Saba ülkesinde Marap şähristan, Kurany kerimde aýatlar syr san, Süleýman hüýpüpik guşdan soralsa. Bir gün älem şasy soltan Süleýman, Üstüne gün yşy seç etmiş zaman, Ol saýawan guşlar içinden aman, Hüýpüpik ol guşny görmez bolunsa. Saýawan guşlardan hüýpüpik guşy, Soraglaý idegleý tapylmaz başy, Süleýman emr etdi gözlendi daşy, Ýat ülkeken ýat illerden tapylsa. Der gazap hüýpüpik sorag içinde, Ol Saba welaýat barmyş uçanda, Marap şähristany menzil seçende, Ajap mekan ýurtdan habar berilse. Bu hoşluga soltan köňlün gandyrdy, Bilkisniň ýurduna habar gönderdi, Habar alan şa gyz sowgat syndyrdy, Sowgaty sowally syrlar salynsa. Bilkis sowgatyndan habaryn alan, Süleýman pygamber dabara dolan, Toý lybasyn salyp nygmatlar salan, Hoş habar içinde myhman bolunsa. Ol Bilkis sowaly hünjä el urman, Deşdirip, ýüp bilen örümi durman, Asmanyň hem ýeriň suwuny alman, Gaplaryna suw salyp dolsun diýilse. Hünjilerin güýe deşmiş çöplendi, Gurçuk ýüpi erşdi sapak saplandy, Agajyň suwundan gaplar gaplandy, Keniz gyrnak erkek aýal bilinse. Bu kyssa içinde bir habar aýtsak, Bilkisiň kürs tagty ajap syr etsek, Süleýman bu kürsi mülküne eltsek, Mikaýyl Asife ýardam bolunsa. Bilkis şa gyz Süleýmanyň raýynda, Kürsüsi kelamda ylymyň oýunda, Çäşden suw howuzly öýüň laýynda, Bilkis Süleýmana nikah salynsa. Alla ne islese ol iş mäkämdir, Süleýmana iki dünýä mukamdyr, Hakyň söýlen guly malyna kändir, Melekler ýardamda syrlar bilinse. Adam ogly günüň günden hasaply, Ol Bilkis ýurdunda kürsä nesipli, Şanyň müň gyrnakly oýuna nepli, Asmana zar uran päliň ýykylsa. * * * Süleýman pygamber kyssa içinde, Bu rowaýat köňüli gussa guçanda, Müň hatyn perzentsiz gam nala çende, Süleýman Allandan doga kylynsa. Dogasynda hamdu sena kylyndy, Alladan pygamber perzent dilendi, Resul hamdy bu wakaýa dolandy, Bilkis hatyn hamyl zaman galynsa. Dokuz aý dokuz gün ömür sagady, Byr tokga et dogmuş Hakyň sowgady, Süleýman gam seru bozulyp rahady, Ne hikmet nazaryderde salynsa. Jebraýyl melegi pygamber senden, Allah şeýle işi emr etdi menden, Özüň, baş weziriň, hatyn Bilkisden, Hyýal bolynan günähleriňiz dökülse. Süleýman pygamber eý Allam diýe, Dünýäniň baýlygyn bu nebis söýe, Huzurymda bir kişi serpaýy saýa, Ol eli boş gelen hassa görünse. Baş wezir ol Asyf ogly Berhyýad, Diýdi Süleýmanyň mülki ne zyýad, Bu müň hatyn miras galynsa haýýad, Guçsam, uçsam arzuwymdy diýilse. Süleýman hatyny Bilkis aýdadyr, Pygamber müddeti tamam kaýdadyr, Bir goç ýigit gujagynda jaýdadyr, Diýip arzuw hyýal hasap kylynsa. Ol bir et dogulmyş çagaň sudury, Mäkäm boldy bu syr saýada diri, Ol gyz perzent pygamberiň nediri, Bu ne mysal sorag sowal görülse. Süleýmanyň hem baş wezir Asyfyň, Bilkis hatyn arzuw goýlan nebisiň, Aýan boldy hyýal gezen her kesiň, Gizlinlikde salynan syrlar bilinse. Adam ogly seni ýokdan bar eden, Içki daşky hyýalyňdan gör neden, Bihabar bolarmy jismiňiÝaradan, Ähli işden syrdan habary bolunsa. * * * Süleýman pygamber soltanlyk döwri, Kubbetil Sähranyň bitmedik hamry, Döwlere dag daşyn kesdirip demri, Ahyrýet zamana çen ömüri bolunsa. Beýtul mukaddesiň tamam däl işi, Hezreti Süleýman ömüri soň hoşy, Ezraýyl melegi, Hak perman aşy, Pygamber mesjidin tamam görünse. Alla arz eýledi pygamber habyp, Kubbetil Sähranyň halyna garyp, Döwler terk edejek bu işi goýyp, Diýibän Allahyna nazar salynsa. Ol Jebraýyl melek hasaň saýasy, Beýtil mukaddese ýetir her kesi, Ruh tenin galdyrdy bir ýyla pesi, Hasasyn garynja iýibän bilinse. Süleýman hasasy ýere gaçanda, Kubbetil Sähranyň başy biçende, Döwler terk etdiler syry açanda, Süleýman mülküne miras bozulsa. Süleýman hökümi tamam bolundy, Ýurtlar, iller, her kes öz baş bilindi, Hatyn talah, mülki dünýä salyndy, Baş wezir ol Asyf zaman bolunsa. Adam ogly nije şalar höküm eden, Dünýä emri ýeten Süleýman neden, Men men diýen ärler görüstan giden, Hany kim galypdy dünýä dolunsa. * * * Bu rowaýat Ýunus halyly hakda, Kurany kerimde kyssa aýatda, Maharkyý gamyşy ol boýy çakda, Mosul ülkesine hökümi dolunsa. Mosulnyň şahyna Bermaş diýerler, Bermaş halky buta sejde eýerlär, Ýunus Hak Allany bu ülkä syrlar, Imana çakylyk kyrk gün bolunsa. Mosul halky betparazlyk pälinden, Dönmedi hiç kişi kapyr ýolundan, Alla meleklerine gazaby synyndan, Dagdeý bulutlarynzulumasalynsa. Gördüler, bildiler Allanyň işin, Tobada bu ülke gorka göz ýaşyn, Amanagelmişler, meleklerbaşyn, Allany bir, Ýunusa ymmat gelinse. Mosul şahy Bermaş iman içinde, Ýunus habyp bu ülkeden gaçanda, Şeýtan garry erkek sudur ýaşynda, Ýunusyň öňünden çykyp sürünse. Şeýtan diýmiş ol belalar, apatlar, Mosul ülkä ýetişmedi haýýatlar, Bermaş şah ölüme ýazylan hatlar, Ýunus bu höküme salynan diýilse. Kineden, gorkydan gaçyp her ýana, Sersabil melegi boluban haýrana, Abytlar mekandagezip seýrana, Deňize ýol salyp ýoldaş bolunsa. Nije ýollar, nije menziller sandy, Aýaly hem ogullar sargaryp soldy, Ýunus Allahişde ölümüne syndy, Kysmata ne ýazylan ýollar salynsa. Ýunus habyp pelek ujun ýitirip, Aýal ogullaryn gurtlar göterip, Gam hasratda gämä başyn ýetirip, Zar köňüli darygyp gama dolunsa. Deňiz gämisine ýel uran şemal, Ölümşerbetine howup ede amal, Bijede isimlerýazyldy jemal, Ýunus ady üç halbijä galynsa. Ýunus habyp bu ýazykly zuluma, Razylaşdyumman içreölüme, Kysmatyna ýazylan owal ylyma, Ýunus deňiz içre suwa zyňylsa. Ýunusny ol Zaluç läheň ýuwutdy, Kyrk gün deňiz menzilinde ýöretdi. Ummanyň syrlaryn açyp göz etdi, Zalym Faraon, Haman, Harun görünse. Jebraýyl melegi Ýunus ýanynda, Zaluç läheň Hak permany synynda, Umman syrlarynyň inçe ýolynda, Ýunusny gezdiren gudrat bolunsa. Kyrk birinji güni ýeriň üstünde, Tüýsiz hassa halat agaç astynda, Keýik süýdin eme ömür kastynda, Neýnawa ýurduna ýollar çekilse. Ýurt sakada gezen çopan bir kişi, Ýunus habyp jemalyna syrdaşy, Patyşa habaryndan buşluklap hoşy, Ol çopan mülk mala eýe bolunsa. Allanyň kelamy Ýunus hemrasy, Aýaly, ogullar bolunyp penasy, Galan ömri Mosul ýurtda senasy, Ýunus pygamberdir barça söýülse. Görüň biliň Alla işin kim başar, Läheňiňgarnynda dem berip ýaşar, Allanyň hökümi magrypdan magşar, Yunusnyň wakasy umman görülse. Adam ogly bu ne gudrat ne hasap, Ýer ýüzünde ähli jyn ynsan tosap, Ylym şerbetinden syr sepil ýasap, Ýuwdarnyň garnynda ýaşap bilinse. Allahym wallahym saňa hamd ede, Imanym ygrarym sydkym ant seda, Gudratyň kelamyň çäksizdir juda, Kalamym kepildir kabul bolunsa. * * * Bu rowaýat Ylýas halyl hakynda, Kurany kerimniň kelam hatynda, Hezreti Hydyry syrdaş ýörtende, Hak yşgynda dagu düzler gezilse. Ylýas pygamberiň owal zamany, Eflatun bint Armala şahyň aýaly, Bagyl butparazdy,şirkde hudaýy, Üç ýüz ýetmiş pygamberler urulsa. Üç ýüz ýetmiş pygamberler ganyny, Ýere dökdi, bozup Allah raýyny, Ilýas bu patyşaň köňül saýybyny, Eflatun bint Armala jeňe salynsa. Edi ýüz müň ärden goşun çekildi, Ärler gaýym bolyp leşger döküldi, Halykdan Ylýasa kelam dakyldy, Arslan, şirler nyzam hatara dikilse. Edi ýüz müň äriň başyn çekdiler, Eflatun bint Armalaň etin kertdiler, Asmandan ot ýagyp ýurdy ýörtdiler, Şam welaýat Baglabakka ýykylsa. Adam ogly sen ne gapyl aňmaýa, Allasyz çöp başy durmaz synmaýa, Ýer ýüzüne ot suw bela gelmeýe, Toba eýle gün gündogar batylsa. * * * Bu rowaýat Hydyr halyl hakynda, Kurany kerimniň Saffat hatynda, Allanyň permany emri hakynda, Bakylyk ömür suw içmiş bilinse. Pygamber Ylýasu pygamber Hydyr, Ahyrýet zamana çen berildi ömür, Ylýas sähra, çölistanda syr salyr, Hydyr derýa, deňiz ýollar gezilse. Hydyr pygamberiň owal zamany, Uly ýurdyň meý şerapdy imany, Buta sejde etmek mydar amaly, Hezreti Hydyrdan Hak ýol salynsa. Hydyr pygamberdir Hak diýe jepa, Ol ülke ygrarsyz mydarsyz hapa, Halylnyň dogasy kabuldy nepe, Sekiz ýyl bulutlaň ýagyşy diňilse. Ýagmyrsyz guraklyk azap içinde, Rysyk bereket gaçan tozap uçanda, Şonça ýyl açlykda, gazap biçende, Toba gelen ülkä, rehmet salynsa. Hydyr halyl pygamber häzire güne, Salyhlar, erenler, pirler syr düýne, Weli, ýagşyzada Hak ýolda dine, Gol salyp pataga hemdem bolunsa. Halyl Hydyr Alla emrin eçildi, Hakyň yşgy bilen her ne geçildi, Imandan püre pür kelam seçildi, Nesibe pygamber Hydyr görünse. Adam ogly Hakyň söýen salyhy, Hydyr pygambere bolunsa wehi, Allanyň her guly welidir, sahy, Nähak ynjydylan päle köýülse. * * * Bu rowaýat Jirjis pygamber hakda, Ýedi ölübän alty direlen hatda, Şam welaýat Dabdan patyşa otda, Zulumlar içinde azap berilse. Jirjis ol Palestin täjir baýydy, Şam ülkede garyp ajyň donudy, Dabdan patyşa ol kapyr dinidi, Butparaz Afguna sejde kylynsa. Dabdan mülk içinde Jirjis huzurda, Pygamber Hak diýe kelam nazarda, Patyşa zulum ede hökümi mazarda, Dara çekilip ölümi ile salynsa. Patyşa emrinden öldürilen Halyl, Ýene jana girdi, emr etdi Jelil, Bu hala gam hassa patyşa emir, Jady ussat diýip kepil bolunsa. Zyndan saraýynda zulum içinde, Şamyň jadylary köşgüň daşynda, Ol Dabdan patyşa huzur başynda, Bir öküz öldürilip jana salynsa. Jadydan hileden öküze jan syryp, Ýere däne sepilip arpadan dolup, Ol öküz ýer süre, un çörek bolyp, Ýarym gün bu waka ahwal bolynsa. Jirjis pygamberden ölüp direlmek, Jadylyk syrynda hokga direnmek, Halyl diýdi Alla işi syrynmak, Güýç kelamy çäksiz çaksyz bilinse. Patyşa gazapdan hanjar göndere, Jirjis pygamberi dograp her ýere, Bir gazana saldy läşin syndara, Ýer titreýip jahan lerzan bolunsa. Jebraýyl melege Alla emr ede, Jirjis pygamberiň ruh jany seda, Halyl diýdi patyşa eý kapyr geda, Bu jansyz butuňdan şerler görünse. Jirjis pygambere ömür eden Alla, Palçylar imanda boldular walla, Patyşa gazapda muslimler külde, Ölüm höküminden şehit kylynsa. Jirjis pygamberiň agzyn ot bilen, Gurşuny ýakdylar azap dat tilen, Jebri jepa bilen zulum mat salan, Pygamber tenini dara salynsa. Bu işe hoş bolan Dardan patyşa, Meýlis gurdy horram saza ataşa, Alla emri bilen Halyl göz başa, Eý zalym patyşa tobaň bolunsa. Akyl huş haýrana bolan bendeler, Iman etdi niçe niçe gendeler, Zäher zakgum sirkesine jindeler, Ölümden jan alan hallar bozulsa. Zalym Dardan ýedi gezek öldürip, Pygamber Jirjisiň janyn syndyryp, Alty gez direldip gudrat gönderip, Pany dünýäsinden göçse gutulsa. Alla gazabyndan Şamyň ýurduny, Oda salyp küle öwürdi orduny, Dardan maslygyny tyryp ardyny, Ruhun azap dowzah oda salynsa. Adam ogly sen patyşa ýa geda, Mülki malyň hazynaňdökülseseda, Mal-mülk, ogul-gyz, söwer ýar guda, Kim ýoldaş bolajak hallar ýygylsa. * * * Kyssamyz Hezreti Uzaýyr hakda, Kuran KerimindeBakara aýatda, Töwrady ýat edip,alymlyk takwa, Beni Israýylyň kowumy bolunsa. Hezreti Uzaýyr Alla yşk ede, Töwrat ylymynda alymdy juda, Allanyň ýolundasahydy geda, Dag düz dere geçip ýollar salynsa. Kyrk ýaşdady, ölüm haýýat gürüne, Ahyrýet gününde gabyryň serine, Ölenler direlişer bu ylymsyryna, Iman pikirin ede ýatmyş görülse. Oýandy ýüz ýylyn uky içinde, Jebraýyl melegi Hakyň işinde, Soraşdy ne zaman uky hoşynda, Ýatyp oýalyp sen ýyly bilinse. Ölümden bi habar Hezreti Uzaýyr, Meger ýarym gündir diýip söz eýir, Jebraýyl bu wakaň halyn göz eýir, Eşek maslyk süňkden yzy bolynsa. Ýüz ýyl geçdi ara uky pursaty, Haýran galyp delil gözlär her çeti, Ol eşekniň pytran süňkleriniňgaty, Gaýym boldy haryň sesi seslense. Bardy ýetdi ýüz ýyl öten örüne, Ýüz ýigirmi ýaşly ogul törüne, Kyrk ýaşly atasy kysmat görüne, Ogul atasyndan nyşan yzlansa. Bu ne gudrat, bu ne kelam işine, Millet urug geldi Uzaýyr gaşyna, Töwrady ýat eden ylymy başyna, Soraglap idegläp delil alynsa. Ölmek hak direlmek hak barysy aýan, Ne etseň erkiňde ahyry haýaň, Sorag jogap güni ne bolar oýan, Ýeke baş dar gabyr kyn bor bilinse. Adam ogly gördüň ajap ne waka, Alla gudratyny ylym edibän oka, Her ylymda nije syr bar sen baka, Amaldan, ylymdan salyhbolusa. * * * Kyssamyz Zekeriýa pygamber hakda, Kurany kerimde aýatlar hatda, Halyl garry ýaşda perzentsiz otda, Hakdan ogul perzent dileg bolunsa. Zekeriýa pygamber mährap namazda, Jebraýyl melegi buşlyk syr sözde, Päk insan Ýahýanyň tarypy gözde, Müždeler içinde müžde görünse. Zekerýa hem Ýahýa pygamber resul, Töwratdan ylym ede, şerigat kepil, Ol zaman patyşa yşyk içre gapyl, Nikaly aýalynyň gyzy söýülse. Ol zamanda bir şa soltan emiriň, Nikasynda bolan hatyn eminiň, Yzynda bar bolan gyza deminiň, Nikasyny gyýmak zerur görünse. Ýahýa habyp bu nikaha gatyşdy, Nika düşmez diýip ylmyn açdy, Patyşa der gazap zulumy ataşdy, Ýahýaýa kast ede ölüm salynsa. Ýahýa pygamberiň ganyn dökdüler, Bi nikaha hakdyr diýip bakdylar, Pygamber jesedin jama dykdylar, Şehit gany dumly duşa akylsa. Ah nala gam çekip Zekerýa habyp, Daglara göç etdi kowdular kowyp, Bir agaç içinde telmuryp galyp, Zekerýa pygamber gany dökülse. Zalym zulumyndan ýykylan daglar, Alla hökümine kast eden närler, Zekerýa ol Ýahýa ganyna aglar, Bagu bakça güller günler solunsa. Patyşa gorkudan binakah gyzny, Damaga tyg urup kast etdi yzny, Pygamber ganyna şerigat sözni, Nika salynan enäň gyzy bozulsa. Eý zalym zamana ýalançy ömür, Haku nähak işler kylynan döwür, Zekerýa ol Ýahýaň kysmaty emir, Alladan hasap gün sorag bolunsa. Adam ogly sen zamanda bir pursat, Pygamber, patyşa her kesden bir at, Galandyr bu çeçmiş ömürde bir hat, Ne tagty ne mülki galmyş görülse. * * * Kyssa setirimbibi Merýem hakynda, Isa kelimulla Hak nur hatynda, Alla ygtyýary ylymyň gatynda, Ymran salyh gyzy Merýem bilinse. Merýem enem eje göwre çagynda, Ymran salyh amanatnyň halynda, Imany Hak bola dünýäň alnynda, Salyh Ymran bakyýete göçülse. Zekerýa Ymranyň baja gardaşy, Hak Allanyň sadyk pikir syrdaşy, Pygamberler Hakyň nazar göz gaşy, Ymran gyzy Merýeme molla bolunsa. Ymran gyzy Merýem Haka nazary, Beýtil mukaddesde Allaň yşyk zary, Dört pasyl saçakdamiweler bary, Melekler tagamda nygmat seçilse. Zekeriýa pygamber, bibi Merýeme, Nazary aýlansa her pursat üme, Ybadat içinde,Alla yşyk deme, Hakyň jemalyna iman salynsa. Ymran gyzy Merýem nepesi sary, Hak Alla emr etdi deminden nury, Atasyz bar boldy pygamber şiri, Isa kelimullaýoldaş bolunsa. Beni Israýylyň kowum gardaşy, Ymran gyzy Merýem bolundy işi, Gümana geçdiler, mynajat daşy, Imanyn köýdürip gapyl galynsa. Zekeriýa hatyny Merýem halasy, Bibi Merýem yşdan ýükli bolasy, Utançdan, haýadan, imannalasy, Bibi Merýem köňli gamdan üzülse. Çöl içinde dag ýolunda hijrana, Köňli gamu utanç haýasy jana, Hurma agaç saýa perzendi dana, Isa kelimullah dünýä dolunsa. Ymran gyzy Merýem Isa balasy, Utanç haýa çekilen Jöhit nalasy, Alla emri bilen gundak çagasy, Isa kelimulla Hak guly diýilse. Isa kelimulla til açyp Hakdan, Pygamber halady bäbek gundakdan, Beni Israýylyň barçasy çakdan, Imandan daş bola gapyl galynsa. Isa Halyl, pygamber kelam içinde, Köri, keri, pisi, hassany çende, Ölüler direler dilegin açanda, Nuhyň ogly Samyň gabyry ýarylsa. Isa kelimulla Nuh ogly Samy, Direltmek gutraty Hak açdy many, Dötr müň ýyl gabyrda öleniň haly, Ak saç, ak sakal Samdan soralsa. Bir garry enäniň ogly jan beren, Mazarda gabyra goýuldyýören, Ene pygambere göz ýaşlar seren, Gabyrystan meýdanda öli direlse. Ölen direlibän köp ýyl ýaşady, Perzendi hem boldy Alla halady, Pygambere berlen bu don halady, Gördüler, bildiler ýollar ýazylsa. Isa kelimulla diýdiler Hakdan, Saçak nygmat bile dökülse gökden, Pygamber derejäň görünse çakdan, Haka iman edip Hakdan bilinse. Alla Jebraýyldan höküm sargady, Saçak nygmatynyň anyk sargydy, Hakdan bilinip, iman bolmak dogrydy, Iman etmedikler heläk bolunsa. Asmandan dört aýak saçagy düşdi, Dokuz ýüz bendesi nygmata üýşdi, Üç gün ol saçakdan dokunan hoşdy, Dokuz ýüz bi iman derde galynsa. Saçaga dokunan dokuz ýüz kişi, Myrdarlar doňuza öwrüldi başy, Gara ýer ýuwutdy kowumy hyşy, Imansyz,barçasy kapyr bolunsa. Dokuz ölä jan, kör, hassa, pisi, Hakdan pygambere ol gudrat işi, Injilni bagyş etdi, eý ynsan kişi, Bu syrlar pygamber Isa berilse. Zamana Rimistan hökümi heder, Jöhitler diýdiler jadylyk ýörider, Ölüm hökümine saldylar beter, Matluş atly jöhit zuluma salynsa. Otuz üç ýaşynda Jebraýyl melek, Rafyka göterildi ten ruhy ýelek, Ahyrýet zamanda dolanar pelek, Isa halilullah geliner bilinse. Ymran gyzy Merýem ogly Isaga, Pygamberlik don hyrkasy hasaga, Ahyrýet zamana çen ömüri hasaba, Deçjal, äjut-mäjut myrdar görünse. Ahyrzaman ýakyn bolan halaty, Asmandan dürs geler Isanyň aty, Ýer ýüzüni alan kapyrlar haty, Isa pygamberiň zory görülse. Deçjal ýer ýüzüne hökümin ýetir, Özün Hudaý eýlär gudratyn bitir, Topar topar ynsany imana ýörtir, Deçjalny Hak bilen kapyr bolunsa. Ýer synyndan aşan zaman bozular, Äjut-mäjut goşuny hüjüme düzüler, Öňünden ardyndan çykan üzüler, Derýa deňiz gurar harapkylynsa. Isa deçjal bilen söweş eýleýir, Äjut-mäjut dogasyndan neýleýir, Muhammet ymmaty halasu eýir, Nikasynda ogul-gyzy bolunsa. Köp ýyl aýşu eşret iman içinde, Kurandan şerigat ylymyn seçende, Bu işler ahyrýet zaman haçanda, Kim görejek kysmat nesip kylynsa. Adam ogly ahyr zaman gelende, Gün günbatar garşy tarap doganda, Muhammet ymmaty ýetiş sen onda, Tobalar kabula bolmaz bilinse. * * * Kadyr Allam meniň arzuw hyýalam, Şygyrym amal erdi maksat peýalam, Allaň owal nuryş salynan jemalam, Bu Ahmet kyssasy wasypda ýazylsa. Hak owal ýaratdy bir ajap nurny, Ol nura yş saldy ylym ede syrny, Arşda Ahmet ismi ýerde Halylny, Muhammet Mustafa söýgi bilinse. Bu şygra syn erdim yhlasym many, Resul Muhammede yşk eýläp jany, Maksadym myradym hyýalym any, Ýetirsem söz seçip dolup ganylsa. Owal Rahman hem Resulyň yşgyna, Hyjuw synam joşup ganyp müşgüne, Kyssa setirim çeke bilsem köşgüne, Arzuwymmaksadym aman bolunsa. Ähli melekleriniň hormat eýesi, Ähli pygamberler waspyn edesi, Muslym jynlar iman içre köýesi, Muhammet Mustafa ismi salynsa. Allahym ylhamym özüňden Jelil, Ýer ýüze yşykdan seçilen Halyl, Waspyňy ýazmakda ejiz men kepil, Muhammet Mustafa waspy ýazylsa. Alymlyk şerbetin içdi Muhammet, Ahlaklyk gapysyn açdy Muhammet, Halallyk ynsaplyk yşdy Muhammet, Muhammet Mustafa kepil bolunsa. Resullarhormaty Halyl Muhammet, Ymmatyna yhlaserirMuhammet, Ähli ynsa-jynsa Resul Muhammet, Muhammet Mustafa syrdaş bilinse. Ol Resul gapysy yşk açylar Hakdan, Jennetler saýalar hezzetlär çohdan, Ne maksat isleseň döküler gökden, Muhammet Mustafa ymmat bolynsa. Müň ýyl ömri bolar bu gazal setir, Muhammet Ahmetniň tarypyn götär, Resullullah wasypdamaksada ýetir, Muhammet Mustafa salam salynsa. Adam ogly ýer ýüzünde ynys-jynysdan, Habarsyz kim bolar Resul isimden, Muhammet owaly her bir jisimden, Alla Hak, Muhammet resul bilinse. * * * Pygamber şejere Ybraýym nesli, Ysmaýyl pygamber atadan asly, Araby mekany, kuraýşy bismi, Muhammet Resulnyň asly ýazylsa. Ybraýym nuryna Ysmaýyl Halyl, YsmaýyldanAdnan oglunasepil, Adnandan Nizara ol yşykkepil, Nizardan Mudira dowam bilinse. Allaň melekleri bu nur jöwheri, Mudir ogly ol Ilýasyň göwheri, Ilýasdan Mudrikaňbaşynda seri, Resul nury arşdan goraw salynsa. Mudrikadan Huzeýmanyň başyna, Huzeýmandan Nazir ogluň gaşyna, Nazir ibnu Mälik ol nur hoşyna, Mälik ogly Fihir yşdan eçilse. FihirdenGalyba ol yş jemalyn, Galypdan Luwaýyňnurynaýalyn, Luwaýdan Ka aba şejere golyn, Her zaman nur üçin barça daňylsa. Ka ab ogly Murra ol nur röwşeni, Murradan Kilaba röwşeniň şirini, Kilab ibnu Kusaý şerbetniň syryny, Kusaý ogly Abdulmannaf bilinse. Mannaf ogly Haşyma nury hyrkasyn, Abdylmutallyp Şeýba yşa şöwkesin, Abdulla pygamber söýülen atasyn, Muhammet Mustafa eýesi bolunsa. Pygambere salam, salawat sena, Iki jahan Hakdan gönderiler pena, Säher şamu çaglar hamd edesyna, Muhammet Mustafa salam salynsa. * * * Pygamber atasy Şeýbaň zamany, Emr edildi zem zem syryna many, Şaýba ibnu Harys bu ýolda jany, Jurhum taýpasynyň huny tapylsa. Haşym inbu Şeýba altyn gyzylyn, Mukaddes Käbäge bagyş ede üzümin, Zem zem suwy teşnelikde düzümin, Ahyrýet zamana çen dolyp akynsa. Adam ogly Käbe ýeriň myhydyr, Allanyň ýanynda iman sahydyr, Bi iman ybadat tagamyň pohydyr, Tagama ýaraşar şerbet ballansa. * * * Şeýba inbu Haşym ömür zamany, Ýemen şahy Asmahad hüjüme sany, Käbe Beýtullahy ýykmakda many, Uly goşun dartyp gazap kylynsa. Şeýba düýelerine kast eden goşun, Şa habaryn aldy Käbeden hoşun, Käbäniň eýesi Allahdan şu gün, Belalar gönderilip harap salynsa. Käbe halky daglar gowak içinde, Şeýba ol kör bile Hyraň başynda, Asmanda göç eden zemin gaşynda, Ebabil guş dowzah daşdan dolynsa. Asmahad goşunyň her bir esgerin, Ebabil guş kast edendir leşgerin, Maslyklar harapda ýer ýüze serin, Alla gahar eýläp gazaby bilinse. Pil goşunyn bir kijik guş bilen, Derbi dagyn etdi salym yş bilen, Asmandan dökülen ot ataş bilen, Sarsgyn uran goşun harap bolunsa. Adam ogly Hakyň işin Hak biler, Peşe bilen Nemrut şany kast kylar, Ähli barlyk dur diýilse nist bolar, Küle emir ýetse dag daş salynsa. * * * Haşym inbu Şeýba bir gün ähid ede, Abdulla Hak ýola gurbanlyk pyda, Ilden halkdan ahu perýatlar seda, Ýüz düýä baş goýup aman galynsa. Muhammet Mustafa bu iki ataň, Hak emri Ismaýyl gurbanlyk biten, Şeýba ibnu Abdulla andyna hataň, Perzendu jemaly röwşen bolunsa. Muhammet Mustafa nuru yşyk içre, Alymlar Töwratdan ylym ede uçra, Abdulla başynda röwşen nur hüjre, Allanyň adyndan antdyr bilinse. Nury röwşen syryň yşgyna seda, Şam welaýat şahnyň Patmasy geda, Abdulla mülk seçip nikasy pyda, Emine göwrede yş nur dolunsa. Pygamber göwrede alty aý çagy, Abdulla atamyz ömrüniň çägi, Medine Ýesripde mazaryňdagy, Ata yşgyn görmez kysmat bolunsa. Söýgüden söýülen yşykdan salynan, Ähli barlyk bu nurlykdan gurulan, Muhammet Mustafa yşdan gelinen, Melekler bu dogulan nura dökülse. Bäş ýüz ýetmiş bir milady ýylynyň, Dört tirkeşler owal rebi aýynyň, Asman nury ol duşenbe gününiň, Muhammet Mustafa dogulan bilinse. Pygamber Halylyň yşk nurdan ismi, Hak permanyn ýazan owaly kysmy, Şeýba inbu Haşym Käbede bismi, Pygamber sejdede dolup gelinse. Iki jahan Hak Resulniň röwşeni, Bu dünýä gadamy pursaty şany, Käbe beýtullahda butlaryň sany, Ýykylyp pytraýyp harap bolunsa. Gök ýyldyzlar asman zemine sary, Ýere nazar saldy dökülişip bary, Ýer zemin asmanu gatynyň nury, Açylyp ýol çekilen menzil salynsa. Yraknyň ýurdynda Mutanna şähri, Alla gazabyndan suw silde bahry, Sawa ülkesinde ol kölüň möhri, Gurap kakap şemal toza galynsa. Mejus urugynyň müň ýyl ataşy, Söndürilip üm bolundy syr başy, Farsy Kisraň on dört sütün buruçy, Ýykylyp pytraýyp harap bolunsa. Arş syryna çekilen inçe ýollaryň, Gapatyldy möhür içinde tyllaryň, Pal açan habarly hop hop tilleriň, Lal bolup gözleri kör dek gyrylsa. Pygamber jemaly Töwrat içinde, Zeburda, Injilde wasplar seçende, Arşa, Kürse, Lowha nury guçanda, Muhammet Mustafa sena kylynsa. Abdulmutallyp Şeýba Resul röwşene, Käbe beýtullahdan alynyp syr sena, Asmandan hem ýerden öwgi ede sene, Muhammet isimi dakylan bilinse. Ýigirmi bäş gün pany dünýä içinde, Alla yşgy bilen bolunyp hoşunda, Halymanyň sag emmeginiň aşynda, Harys ata Resul üçin dolunsa. Ol Harysnyň gotur arryk düýesin, Bereket, nygmatdan hoşlap eýesin, Kerwendeşler şaýat bolup göýäsin, Akyly haýran eden müžde bolunsa. Alty ýyl Benisat ülkede Halyl, Bereket nygmatdan eçilip Jelil, Abdullah, Uneýsa doganlar kepil, Şeýma süýt gardaşy ýoldaş bilinse. Jebraýyl, Mikaýyl arşdan gönderilip, Resuly aldylar arkan syndyrylyp, Gursagyn ýardylar kükregin gerip, Kalbyna imanyň ylymyn salynsa. Bu ahwaldan heder eden Halyma, Resulyn gönderip enemiz Eminä, Ene mährin söýüp bagytdan syna, Ajy gamly günler sowgat bolunsa. Ýesrip Medinäge safary ýolunda, Emine enemiziň dogduk raýynda, Kyrak çeşmesiniň suwsyz boýynda, Guran çeşme suwa teşnä dolunsa. Resula mähir eden Emine enem, Alty ýaşda enäň yşgyndan kemen, Ebwa ülkesinde mazary çemen, Atadan, eneden ýalňyz galynsa. Ýedi ýaşda söýülen garry atasy, Abdylmutallyp Şeýba ömüri ötesi, Eziz ýalňyzlardan kysmat bitesi, Syrdaş mährem ol atadan aýrylsa. Çagalyk oglanlyk şirin günlerin, Ene mähirin yzlan ýyly sözlerin, Ata yşgyn küýsän naçar gözlerin, Muhammet Mustafa jebre salynsa. Pany dünýäň ajy agyr hupbatyn, Hak röwşeni Resul çekdi hasratyn, Nüçin, näme üçin sowal her gatyn, Bialaç men hassa derdim bozulsa. Aglaý, aglaý göz ýaşlara syrdaşam, Her setir kalbymy keser gardaşym, Hak dostyň kysmaty ne içim daşym, Sözüm söz tutmaýar kalbym gyrylsa. Alla Muhammetni yşu nuryndan, Owal bar eýleýip gizlin syryndan, Ähli pygamberler Resul alnyndan, Alla hamd eýleýip ýakyn gelinse. Pygamber agasy ol Abu Talyp, Muhammede röwşen nazaryn salyp, Balalary deýin göz nuryn serip, Yhlas ygrar edibän syrdaş bolunsa. Oglanlyk ýyllaryn çopanlyk salan, Abu Talyp söwda kerwen ýol bilen, Muhammet islegine ýoldaşlyk bolan, Saýawan ýan bulut müžde bilinse. Şamyň ülkesinde Isa ymmatdan, Buhyra hezzete dolup nygmatdan, Muhammede pygamberlik hormatdan, Pygamber möhrüne şaýat bolunsa. Adam ogly sen bilermiň bu syrny, Alla Ahmedine yş edip nurny, Ýer ýüzünde ynsan adamzat barny, Muhammet Resuly tanalalar bilinse. * * * Kemala ýetişdi Muhammet ýaşy, Huwaýlidniň gyzy Hatyjaň başy, Mallydy mülklidi, Atykaň işi, Muhammet Mustafa kärli bolunsa. Hatyja enemiz mal mülkli täjir, Resul jemalyna yşyk salyp hanjar, Şamyň ülkesine söwdaýasanjar, Muhammet bu işde haýyr salynsa. Resul ýigirmi bäşi, ýigit çagynda, Hatyja enemiz kyrk ýaş bagynda, Nikalar baglandy Hakyň raýynda, Toý tutulyp buşluk hoşluk eçilse. Bu hoşluk bu nika boldy ebedi, Gezdiler gün, aýu, ömür sebedi, Muhammet ahlakda päkdi edebi, Hak sözli, dogruçyl atly bolunsa. Kyrk ýaşyn dolduran Resulyň başy, Hira dagda ýalňyz ýekelik hoşy, Jebraýyl melegi gaýym syrdaşy, Ikro “Oka” diýibän salam salynsa. Alty ýüz ýigirmi miladi ýyly, Remezan aýynyň Gadyry güni, Mekge ülkesinde ol Hira dagy, Muhammet pygamber Resul bilinse. Bu ahwala heder salan Resulym, Gorkydan erkini syzdyrypalym, Hatyja enemize syr salyp mälim, Warka ibnu Nowfyl daýa barylsa. Nowfyl daýy Injil ylymyn biledi, Jebraýyl melekden habar salady, Hatyja enemize syr gür bolady, Başyň açyp saçyň seçgin diýilse. Jebraýyl Hak emrin dosta ýetirip, Ahyrýet pygamber täjin götirip, Hatyja enemiz şahadat getirip, Ilki yslam dinde ymmat bilinse. | |
|
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |