22:28 Kyssa / poema | |
KYSSA
Poemalar
Bismillähi Allanyň Rahman adyndan, Merhemet Rahymnyň şan şöhradyndan, Äl Häkim Halyknyň Nur zyýadyndan, Yhlasym, ygrarym, galama salynsa. Bu kyssam Allahnyň kelam işlerin, Mälim ylymyngür açyban başlaryn, Ne mälim syrlaryn ümsüm hoşlaryn, Görüň ne kelamlar biliner bolunsa. Owal tümlik ýeke özi Hak Subhan, Enesiz-atasyz Nur Kadyr Rahman, Akyl-aň ejizdir eý toprak ynsan, Alla baky ýeke, her ne ýaradylsa. Allah ýekelikde owal bir zaman, Gudrat güýji çäksiz amaly aman, Ýoklukdan bar boldy kelamy aýan, Bildigim aýdaryn rugsat kylynsa. Ilki bar bolundy ýazylan galam, Bismilläh müň ýylda bu ajap kelam, Är-rahman müň ýylda ýazylan salam, Är-rahym müň ýylda boldy düzülse. Alla ilki ýaratdy bir ajap kelam, Nuryndan yş erdi ruh ede Salam, Resul Muhammedi bar edip Möwlam, Soňra ýaradyldy amaly görülse. Galamdan soň arş bar boldy biline, Müň ýylda ýel ösen suwdan tiline, Ýetmiş müň perdeli kürsi görüne, Dört ýüzli melekler tutmuş durulsa. Soňra bar eýlendi bir ajap göwher, Göwher haýbatyndan bolundy suw ser, Suwdan amal boldy, ýel bile öwser, Ýelden köpük, tütün bolmuş tilinse. Tütün dumanyndan gökni ýaratdy, Ýel köpükden ýer asmany bar etdi, Soňra asman içre ýedi gat örtdi, Ýerni ýedi gatda goýmuş bilinse. * * * Owal gat asmanyň Ezkiýa ady, Zümerretden sütünleri haýady, Esmaýyl melegi, öküz haýýady, Ne ajap kysmatda nesip bolunsa. Ikinji gat asmanyň Erfulun ady, Gök kümüşden, sütünleri haýady, Derdaýyl melekniň şirdir syraty, Gudratlar niçedir gezseň görünse. Üçünji gat asman Kaýdumy ady, Gyzyl ýakutdandyr sütüni, haýady, Hanbajaýyl melegi, bürgüt sypaty, Agzynda ot ýalyn döküler erinse. Dördünji gat asman Magundyr ady, Bürünç daşlaryndan sütüni, haýady, Salsaýyl melekniň gaz guw surady, Hakyň kelamydyr, barsaň görülse. Bäşinji gat asmanyň Sefaýyl ady, Gök tylla daşyndan sütüni haýady, Semhaýyl melegi, hüýri haýýady, Syrlar içre gezseň, bilseň bilinse. Altynjy gat asman Rafyka ady, Sary ýakutdandyr, sütüni haýady, Surýaýyl melekniň çaga surady, Ruhuň göterilende nesip kylynsa. Ýedinji gat asmanyň Garyba ady, Gök nuradan anyň sütüni, haýady, Baýhaýyl melekniň ynsan syraty, Bu gutratlar, bu kelamlar alynsa. Asman ýeriň syry baglandy häli, Mälim, ne mälimler ýaradyldy bary, Ýer myhlandy daglar bile ser çagy, Ilkinji gün bitmiş haýru düzülse. * * * Serýany at berlen meýdanüstünde, Ýakut daş aýakly melekastynda, Dört müň gol aýakly öküzdestinde, Balyk gerdeninde asylan bilinse. Ýeriň ilki gaty ismi Remkadyr, Ýetmiş müň nogtasy burundy bardyr, Her nogta ýetmiş müň melek taýýardyr. Akym atly ýel üste goýlan durulsa. Ikinji gat ýeriniň ady Jildedir, Seri doly içýan zähri tildedir, Üçünji gat ýeriniň ismi Arkadyr, Ýetmiş müň agyzly möýler görünse. Dördünji gat ýere Harýa at goýylan, Dowzahyňmarlary san san bolynan, Her başa ýüz kelle beden salynan, Her kellä ýüz agyz zähri bolunsa. Bäşinji gat ýerge Melip diýilen, Jähennem daşlary munda goýylan, Ot ýalyny çogup gaýnap guýylan, Göz görmez boýyna barça gurulsa. Altynjy gat ýeriň ismi Sijjindir, Dowzahy bilinen imansyz jyndyr, Ýedinji gat ýeriň ady Ajybdyr, Iblis şonda ýörär zaman bolunsa. Ol ýeriň serhedi Gök bilen serden, Bäş ýüz ýyl ýollary çekilen ýerden, Ýalany ýok sözlerim görüner görden, Nesip eder bir gün ömrüň çalynsa. Alla alty günde bar edibän baryn, Gudraty çäksizdir, hiç ne azaryn, Sejdäm saňa iman yhlasym zaryn, Ybadat myradym sende bilinse. Älemlerini ýekşenbede ýaradan, Aý, güni, ýyldyzy baglap garadan, Asman, gögi duşenbedebar eden, Gudraty kelamy sansyz bilinse. Sişenbede melek,gurtlarýazyldy, Çarşenbede çeşme-baglar düzüldi, Ol jumada ynsan, haýwan syzyldy, Aw şikaryn şenbe bilen gezilse. * * * Asmandan beýikde jennetler bary, Sekizdir hasaby,kim bilersyry, Biri birisinden ajapdyröri, Aýdar men ygtyýar bere bilinse. Firdöwsi at berlen jennetiň ulysy, Tylladan meýdany bark anwar ysy, Darus-salam gyzyl ýakut alysy, Seriň sermez eýlärkokuna demilse. Darul-karar lagl bilen ýazylan, Darul-huldy zer kümüşläp bezelen, Bakylyk jennetde kürslerdüzülen, Imanybar görer ýollar salynsa. Jennetul-ma bal hem şerwet süýjüsi, Ýaşyl ýakutdandyr boýagyünjüsi, Jennet Adny, gülbossandasünjüsi, Zeberjet daşyndan ýazylan bilinse. Jennet Nagym nygmat bile şerbetden, Ýaşyl zümerretden hoşlyk söhbetden, Fyzza-jennet zer kümüşden rehnetden, Altyna bezelen köşüklerdüzülse. Saraýlary ajaplapajapdan gurulan, Çeşmeleri bal bile süýtden bolunan, Baglary gül roýy daglara salynan, Miweleri şeker şerbet bolunsa. Ýer ýüzünde bir ajap köşk saraýdan, Nije müň beýikdirbarygöreýden, Her dag depesindegül kokyoýdan, Anwar ysaköňlüň yşykdan dolunsa. Ne ýokdur islemek hyjuw tutmyşdyr, Gaýgy ýok, gam gussa bary ötmüşdir, Hüýr melekler hyzmatyňda bitmişdir, Mekan menziline barsaň durulsa. Ýusup jemalynda, Isa ýaşynda, Salyh syratynda, täç bor başyňda, Ýüz müň hyýal biter hüýrler daşyňda, Allahym nesibäm ýazsaň görülse. * * * Dowzah kelamyna ýetdi setirler, Gurulmyş, düzülmiş sansyz hatarlar, Aýtmaga, ýazmaga halym beterlär, Tene tiken batar her söz ýazylsa. Biri Jehim, biri Hutam, biri Laz, Biri Sagyr, biri Sakar zulumy käz, Jähennem, Hawiýe isimler awaz, Ýedi dowzah içre ezýet salynsa. Mälikdir häkimi bi mydar zalym, Rehimsiz şefgatsyz hökümi zulum, Gaýnaý ataşlarda ýakyljak mälim, Tenler aýaz bilen kesilip goýulsa. Üç müň zyndan üç müň ýollary bile, Her zyndan müň otdan daglary tile, Her dagda müň gowak ataşlar bola, Her gowak şähristan deýin gurulsa. Her şähri müň otly tapgyrdan tapgyr, Ýedi ýüz müň saraýly zyndanlartapdyr, Her zyndan sandykda,ne ýazylan takdyr, Ýedi ýüz müň sandyga marlarsalynsa. Her mara ýedi ýüz müň başy bolunan, Her başa ýedi ýüz müň agyzsalynan, Her agza ýedi ýüz müň dişlertilinen, Ol dişler zynjyra çekilip daňylsa. Ýedi gapysynda, ýetmiş müň zynjyr, Ýetmiş müň halkaly demirli zyr jyr, Ýetmiş müň melekli, bu uly bir syr, Arasat meýdanda barylar görülse. Ýedi derwezede, on dokuz melek, Ýedidir gatlary, ýetmiş müň telek, Zähri, zakgun marlar edejek heläk, Kabusnyň agzynda salynyp goýulsa. Ölüm ýok, zulumdan harlanyp lagşan, Gözi kör, gulak ker, mydary çagşan, Aç, suwsyz, ýalaňaç azapdan agsan, Tilleri ýer süýrär görgi berilse. Adam ogly ömrüň niçe bilmersiň, Ýör diýilse saklanmarsyň, durmarsyň, Ötegçi sen, nobatyňdan galmarsyň, Penjire, gapysyz göre barylsa. * * * Gudraty serhetsiz hamd sena saňa, Otdan ýaradylan mahlukdan dana, Melek-jynlar hakda, Allahym maňa, Kyssa galamyma şerbet eçilse. Otdan bar eýlendi melek-jyn bary, Otnyň tütüninden döw bilen hüýri, Hüýr, melekler bi nebis imany zary, Döw bilen jynlara nebisi salynsa. Surma Abul jyndyr ol jyn atasy, Abulyň ogly Benil-jandan ýetesi, Ol Azazyl, Iblis, Şeýtan katrasy, Alla nälet salynan syrlar görünse. Benil-jan kowumdan asly ol Iblis, Şir sypat atadan, ismidir Jelis, Bör sypat eneden, ismidir Tiblis, Azazyl hakynda söhbet bolunsa. Azazyl müň ýyllar ybadat içre, Melekler takwada dogalar uçra, Asmanlara ýetişdi zamany barça, Müň ýyl asmanlardahoşlyk salynsa. Jennetniň häkimi ol Mälik Rizwan, Alla doga edip jennetde her ýan, Müň ýyl jennet içre gezdiki aýan, Azazyl jennetde müň ýyl ýörülse. Soňra müň ýyl dowzah ataşy bile, Boldy ybadatda, düşüp til-tile, Andan soň yhlasy ýene müň ýyla, Arş Mejide tagtda çekilip goýulsa. Baş üstüne baş, uly bir hormat, Ýakut münberinde oturan lagyt, Ylym ussatlykda berilmiş tagyt, Nurdan taji geýen Iblis bilinse. Erfulun asmanyň häkimi bolan, Jennet haznasynyň açaryn alan, Asman, jennet, ýere huzura dolan, Owalda ahyrda Iblis bolunsa. Adam ogly akyl eýle, aň eýle, Azazyl, Iblisi pikiriňde söýle, Müň ýyl menzil ýoly ylymy gör ne, Ýüz ýyl ömrüň barmy many salynsa. Owal ýer mülküne jynlar salynan, Jelýanus zamanda jynlarbozulan, Melekler hüjümde, zuluma düzülen, Ýer mülki melege geçen bilinse. Iblisiň döwründe bir jeň bolunan, Benil-jan kowumy azyp bozylan, Azazyl jeň salyp barça gyrylan, Bir niçesi gaçmyş daglar dolunsa. * * * Indi kyssamyzy bir ajap göwher, Alla öz nuryndan bar etdi röwşen, Owalda ahyrda bolmadyk jöwher, Ahmetniň nur ruhy hakda ýazylsa. Ol nur göterildi ýerden asmana, Müň ýyllar içinde seri zamana, Allanyň gaşynda duryp amana, Hyjaplar içinde päkiz goýulsa. Arş içinde röwşen nuryn seçende, Kürsu, Lowhu, Kalam joşup içende, Jennet ýagtylygy jöwher içinde, Aý, güni ereder nury dökülse. Alla arşdan şeýle habar gönderdi, Üst Äleme, ast Äleme inderdi, Arşa, Kürse, Lowha, Kalama erdi, Ahmetniň nuruna eýelik salynsa. Arşdan, Kürsden üms habar bolmady, Lowhdan, Kalamyndan jogap almady, Bir garaňky perde habar eýledi, “Bu amanat saklamak mende” goýulsa. Habary gönderen Adam ruhunyň, Perzent ogullary şol nur hakynyň, Hiç bir nyşany ýok ynsan çakynyň, Gizlin raýda ýatan Adam bolunsa. Alla habaryndan Arş-Kürs oýandy, Ynsan raýy hakda melek oýaldy, Azazyl mat boldy, Benil-jan soldy, Adam Sefiullah mejlis kylynsa. Iblis Meleklere sürünip ýetişdi, Ynsan günä işlär diýdi ant içdi, Alla Melekleriň arzyna düşdi, Melekler Lebbeýik diýilip durulsa. Alla gahar etdi melek raýyndan, Ynsan kepiline bolan haýyndan, Günä sogabynyň hasap paýyndan, Melek ýüzler gara bolmuş görülse. Barça ýyllar toba kylan melekler, Alla rehmetine ýetdi heläkler, Arş astynda derýa giren ýelekler, Täret bilen ak päk boldy bilinse. Ilki toba hem-de täret ol başy, Ynsan ogla myras galdy syrdaşy, Adam ogly geçejeksiň her gyşy, Aýaza baglanjak ýyllar geçilse. * * * Adam Sefiullaň kyssasy hakda, Gür açsak köp ýylyň ozaly çakda, Allah ýer zemine aýdypdy hatda, Adam Sefiullah kowumy bolunsa. Pygamberler hemu zalymlar kysmy, Ýagşyzada hem-de ýamanlar ismi, Zulum, hüjüm hem-de ölümu jismi, Wepa, biwepalyk, şerler görülse. Bu bolunjak işden habarly zemin, Birahat gam boldy gaýgydan emin, Hak ähdu kelamy bolunar ämin, Alla hökümdardyr neden kylynsa. Jebraýyl melege bolundy perman, Ynsanyň suraty bolunmakda jan, Arşdan ýere inip topragu her ýan, Ýer gozgana daglar lerzan bolunsa. Mykaýyl eremiş ýerniň ahyna, Israfil dözmemiş uf perýadyna, Alladan özgesi ýetmez dadyna, Ezraýyl permanyn aldy bilinse. Ýere inip her bölegi bir gysym, Ak, gara, sary, goňrundan jisim, Ýumşak, gaty, ajy hem şoru kysym, Alyndy toprakdan jemu bolunsa. Ynsan ogly şonuň üçin ak-gara, Ajy-süýji, gaty-ýumşak bir-bire, Ýaradan ne kylsa amallar bile, Bolynar erada hökümi salynsa. Gur topragy Mekge bile Taifiň, Hanna mekanynda kyrk ýyly anyň, Bahrul-ahzan derýasyna ýagmyryň, Palçyk bolup duran haly görülse. Kyrk ýylyň bir ýyly şatlyk ýagmyry, Galan ähli ömri gamdan gaý syry, Dolup teşne bolan adam ymgyry, Kyrk ýyl palçykhalda jemal bolunsa. Alla özi yhlas kylyban bar eden, Adam palçygyny şekilläp beden, Köňli suwdan, ruhun ýel bile idän, Nebsi otdan, akly toprak bilinse. Surat jemal bolan Adam mydary, Kyrk ýyl Mekge bile Taife sary, Topar-topar bolup melekler bary, Görüp akyl huşdan haýran bolunsa. Bir gün ol Azazyl melekler bile, Adam suduruna mysapyr kyla, Jesedin boş bildi sermenip bola, Kalyp derwezesin görmez görülse. Azazyl ant etdi kelamy tutdy, Alla gahr eýledi azaby ýitdi, Melekler imany selamy bitdi, Ynsan melek bile ýakyn gelinse. Adam Ataň depe maňlaý serinde, Ahmet nury täç bolundy teninde, Kelam boldy nepes demi deminde, Ylym şerbetinden ganyp dolunsa. Adam jana geldi ylymy arş-zemin, Juma güni, ähli melekler emin, Dileg dogalarym Ýa Alla ämin, Hamdu sena ylymyň diýe bilinse. Arşu, Kürsu, Lowh, Kalamyň arasy, Jennetu, Dowzahnyň akdan, garasy, Mekanyna doldy röwşen çyrasy, Nurdan ganan Adam Ata görülse. Owal ahyr ähli barlyk müždesi, Wysal ylymyndan püre puždesy, Melekler haýrana, höküm sejdesi, Allaha, Adama rukug kylynsa. Adam Ata Arş üstüne gaýymdy. Melekler hyzmatda emre taýyndy, Azazyl ters boldy zuluma maýyldy, Ne kylsa Alladan bolynar görünse. Melekler sejdede ýüz ýyl bolundy, Sujutdan turlanda bir pis göründi, Saçu sakal döw sypatly yrandy, Azazyl Iblise geçmiş bilinse. Ýene ýüz ýyl sejdä başyn goýdular, Şükür tagat ybadatyn kyldylar, Wada edilen nälet hakda bildiler, Iblis näletlenen halda görülse. . . Adam jennet içre ajap mekanda, Başynda täç tagty kürsi her ýanda, Häkimlik hasasy bolunyp rowanda, Ýetmiş müň hülle don hormat kylynsa. Alla Adam Ata bu Iblis hakda, Ganym duşmanyny tanatdy hatda, Ýene emri boldy kürsi üstitagtda, Şejereten memnug daragyt bilinse. Şejereten memnuga atly daragyta, Ýakyn barmazlyga äht boldyhata, Adam jennet meýlisinde ol tagta, Dolup gezdi kürs üstünde galynsa. Jennet mekanynyňgür şypasyna, Hyjuw höweslendi köňül hoşuna, Adam uky haldameýili başyna, Alla emri bilen ne iş bolunsa. Jebraýyl Adamnyň solu gerdenin, Gapyrga süňküniň bir ýaýu demin, Alyp How enäniň jemalyn emin, Alla demi bile ruh ten salynsa. Husny jemalasy zyýada çekilen, Görküne arşyndan nurlar dökülen, Adam Howy görüp bihuş ýykylan, Ajap ýok enem dek barlyk durulsa. Adam Howyň nika toýy baglandy, Jübütlik eşreti hoşluk çaglandy, Bäş ýüz ýyly ajap halda aýlandy, Gaýgy gamsyz ömür boldy görülse. * * * Iblis näletlendi ýere zyňyldy, Ýerde nala çeke zara daňyldy, Adam duşman ola ary galyndy, Allaha ant etdi, arzly bolunsa. Adam Howy bilen jennet bagynda, Iblis sakçy boldy bagyň çäginde, Bir gün Tawus guşy onuň raýynda, Iblis andy bile Tawus çilinse. Ant ýalanyn Iblis owal turuzdy, Wada ygrar ede höwes ýörüzdi, Tawus bu iş hakda mary görüzdi, Iblis ýylan bilen şerler bolunsa. Tawusa, Ýylana ýalan ant edip, Jennetde bakylyk ylymy pent edip, Hile bilen akyl suwun gant edip, Jennet serhedinden gizlin geçilse. Ýylan bihabarlyk ernin açanda, Iblis gizlin sessiz andan geçende, Maryň ýeňsesinden tyryp gaçanda, Iblisniň jennetlik meýili kylynsa. Meýil mejlis işi gizlin salyndy, Alla bu işleri bilmez bilindi, Bu ýalana barçaň tili düwüldi, Jennet içre Adama bara bilinse. Iblis Adam Ataň hemu How enäň, Huzuryna bardy puşmanlap senäň, Dostluk hilesindebolunyp neneň, Göz ýaşyn sil edip dökmiş görülse. Salam bile söhbet bile durdylar, Hormat süýjilikdengadyrboldylar, Jennetde bir gizlin syr bar bildiler, Iblis ylym ede antlar dökülse. Şejereten memnuga daragyty hakda, Syryn açan boldy gizlinlik hatda, Baky jennet içre ölmezlik çakda, Ýetmiş ant kelamy içmiş gyrylsa. Adamyň hem Howyň meýili oýaldy, Şejereten memnugaň miwesin ýoldy, How ene miwäni iýibän oýandy, Adam Ata How enäň işi bilinse. Adam iýdi How enäň raýyndan, Ýene iýmek üçin miwe paýyndan, Jebraýyl ýat saldy ähdiň oýundan, Adamyň bokurdak haly görünse. Bokurdakda galdy miwe jezasy, Täç başyndan gaçdy doldy kazasy, Hülle donlar gitdi neden ryzasy, Adam Ata ýalaňaç halda bolunsa. Hülpet gaýgy boldy ne bela galdy, Täret bozulmakda birahat boldy, Jennediň her ýeri azapdan doldy, Adam Ata ähdin bozmuş bilinse. Ýazyldy nejasat peşap bolundy, Peşapnyň ýerinden tüýler yryndy, Utandy, uýaldy, günä galyndy, How ene Adam dek halda görülse. Adam gaçdy jennet içre her ýana, Igde tutdy goýbermedi amana, Injir ýaprak berdi uýat ýapmana, Gaýgy gamda galdy kysmat urulsa. Allah bu işleri hökümi bilen, Iblis näletlendi jähennem bolan, Ýer üsti Ispyhan mekana zyňylan, Iblis Şeýtan boldy myrdar bolunsa. Tawus jennet içre bir ajap guşdy, Gyzyl lagly, ýakut penjeli hoşdy, Sekiz ýüz ganatly zerleri uçdy, Iki ganat içre Hebeşe zyňylsa. Ýylan dört aýakda zeru-zynatly, Zeberjet bedenli, merwer diş etli, Agzy zäher boldy, aýaksyz bitdi, Bedeni ýer süýrär Basra kowulsa. Igde hem taşlandy ýeriň ýüzüne, Suwsyz ýaşar Allaň ähdi sözüne, Injir hem jennetden ýeriň tozuna, Miwesi gül bermez hasyl bolunsa. Adam Hindi ülkä Serendip daga, Ýer ýüzi görülmez tümlikden gara, How ene Mekgede, Jiddeýi gala, Aýralyk uzak ýyl geçmiş görülse. Eý gardaşym gel syryma gulak sal, Owal duşman ahyr duşmanyňy bil, Şeýtan ylymy has uzagy syrly ýol, Iman penakardyr mäkäm durulsa. * * * Şeýtan ýer ýüzüne jar çeke çeke, Ähli barlyklara ant kelam döke, Adam höküm eýlär,nebsine daka, Diýibän Adam Ata kastlyk kylynsa. Ähli baru janly haýwan ülkesi, Üýşdiler, geçdiler hyrsyz her kesi, Adama kast bola,topulyp jyr sesi, Köpek dost çykyban halas bolunsa. Adam Ata aglaý aglaý diwana, Gözden akan ýaşy puştu peýmana, How eneden aýra pyrakdanýana, Adam Howy gözläp her hal gezilse. Alla Jebraýyldan “Eý Adam barda, Mekke-Mugazzama mukaddes ýerde, Toba togap eýle rehmetim serde”, Diýip ýol beledi, garga goşulsa. Adam safar eýläp Serendip ile, Mekke-Mugazzama mekana ýola, Günählerine toba,Hak nazar sala, Adam How ýarynakysmat gatylsa. Arş üstünde Beýtil-magmura öýüň, Mekke-Mugazzama dik asty anyň, Adam Ata gurdy diwaryn teýin, Jebraýyl melekden ýardam salynsa. Adam Howy bilen hoş nut gezdiler, Ekizden ogul-gyz perzent düzdiler, Ýedinji taý Kabyl Yklym gözdüler, Albudag Habylyň taýy bolunsa. Alla perman etdi, ekiz taýlary, Alyş edip nika kylmak paýlary, Kabyl garşy çykdy yşu raýlary, Yşk şerini Kabyl içmiş bilinse. Adam Ata Kabyl bilen Habyla, Malyndan sadaka bolunsa bile, Alla kabul kylsa dogrysy bola, Kabyl bilen Habylyň işi görünse. Kabyl daýhanlykda ýerde azaby, Habylyň mal gara kärdi güzaby, Kabyl gysgançlykdan sadaka maly, Habyl jomartlykdan kabul bolunsa. Ylym şerbetinden kök uran Şeýtan, Kabyly Habyla kast etdi her ýan, Adam Sefiulla Mekgä haj rowan, Kabyl Habyl ganyn döküp galynsa. Dogan doganyna zulumu gan etdi, Kabyl Habylyny uruban öldürtdi, Üç gije gündizdir jesedin ýörütdi, Habyl ýigirmi ýaşda ömüri solunsa. Iki garga uçdy geldi uruşdy, Bir garga ol gargaň kastyna düşdi, Öldürip jesedin guma garyşdy, Kabyl bu işleri görüp bilinse. Kabyl Habylynyň mazaryn ýazyp, Dogan doganynyň janyna dözüp, Guma miras goýdy ömürlik çözüp, Bu gan zulumy miras galdy bolunsa. Adam Sefiulla Mekgä haj bolup, Dolandy ojagyna ybadat kylyp, Ähli balalardan Habylyna dolup, Gözledi gan ýaşly gözler bozulsa. Her ýana yzlaýyp Habylyn tapmady, Alla ryzasyndan ýerden hoplady, Habyl gany üçin erkin çaklady, Nähak gany ýere sygmaz bolunsa. Alladan, Atadan gargynçly ogul, Dünýäniň gazaby zyndanynda gul, Zalymlyk zulumlyk owal başy ol, Ahyrýet hasaby dowzah kylynsa. Adam Sefiulla gam hal perişan, Köp ýyllar hasratda gezdigi nyşan, Habyl naçaryna ah urup ýaşan, Adam Ata gamdan hasrat tilinse. Adam ogly ganym boldy gardaşy, Ähli zulum zalymlygyň syr başy, Nähak gan dökülen dogan göz ýaşy, Şeýtan utuş etdi ähdu bilinse. * * * Uzak ýyl hasratda Adam perişan, Jebraýyl Alladan sowgatlyk nyşan, Şis pigamber hakda buşlady ynsan, On dokuzynjy göwre Şisdir bilinse. Jebraýyl Alladan buşlyk getirdi, Jennetden bir ajap miwe ýetirdi, Gusul päklik bilen hoşlyk bitirdi, Resul nury ene göwrä geçirilse. Ol zamanda şeýtan, jynlar daňyldy, Wagty ýetdi Şis dünýäge gelindi, Maňlaýynda Resul nury bolundy, Edep, haýa, akyl anda bolunsa. Şis ulaldy ýaşy ýetdi kemala, Akyldan zyýada, görku jemala, Pygamberlik kürsüsinde zamana, Alla pygamberlik emirinsalynsa. Şol zamanda Adam käbä zyýarat, Mekke-Mugazzama ýolunda hajat, Wady Nugman dagy andag Arafat, Uklaýanda görnen düýşler ýazylsa. Adamnyň kyrk dokuz ogul gyzyndan, Topar boldy sagdan soldan yzyndan, Aý kibi nuradan yşku ýüzünden, Gara ýüz garamat pisler görülse. Oýaldy bu ne düyş Hakdan sorady, Alla hikmet etdi düýşiň ýorgudy, Owaldan ahyrky ynsan sargydy, Kimde ne kysmat bor ýazgyt bolunsa. Misak ähid nama ýazgyt ýazyldy, Kysmat kelam ömür ýoly çyzyldy, Muslym, kapyr topar bolup düzüldi, Dogum-ölüm wagty takyk bolunsa. Adam Ata kysmat ýazgyt kitaba, Alla bilen ähit edişdi şolbada, Ynsan ogly kysmat ýazgytda bara, Özüň sebäp bolup çekseň ýörülse. Müň ýyl ömür süren Adam Atanyň, Ýetmiş iki dilde halk boldy sanyň, Millet, urug, taýpa, tireler anyň, Ynsan ýer ýüzünde gaýym bolunsa. Adam Ata Şise öwüt pent edip, Allanyň parzyny amanat goýup, Ýan hasasyn pygambere ýöredip, Bu dünýäden Möwlam Alla barylsa. Adam ogly ömrüň müň ýyl bolsada, Ahyry ölümdir kysmat gülsede, Malk mülkiň nesipdir ýere dolsada, Wagt öz hökümin salmyş bilinse. * * * Alla hökümündengör sen bar eden, Şis üçin hüýr melek nikalap beden, Adam ogly aslyňa dolansaň neden, Ataň toprak, eneň hüýrden bolunsa. Şis pygamber kämil ýaşa ýetende, Nahwaýyl hüýr perä nika bitende, Anuş atly ogul perzent nur tende, Ahmediň röwşeni kemere geçilse. Anuşdan Kynana nury geçende, Kynan ibn Kaýnuş ony içende, Kaýnuş ogly Senha nury guçanda, Mehlaýyl ol nurdan Idris dogulsa. Müsür ülkesinde Hermes at bile, Asman ýyldyzlaryn, ylym, hat bile, Din iman ýolynda şerigat bile, Hasap hesip işde alym bolunsa. Demir gylyç ýarag işini oýlan, Şäherler gurdurmakylymyn saýlan, Kysmat nesibäni okaýyp paýlan, Ýetmiş iki dilde ylymy görülse. Otuz ýyl ömrüniZuhal ýyldyzda, Altmyş bäşde yşgy Ham atly gyzda, Nika şöwhet bile hoşlanan dyzda, Matuşlah ogula ol nur geçilse. Bir gün ol Ezraýyl ynsan keşipde, Üç gün myhman boldy hezzet eşikde, Idris Ezraýyla sen kim köşükde, Diýip tanatdyrdy ne iş bolunsa. Idris Ezraýyla janym al diýibän, Ömrüni biwagt neden gyýyban, Alla emri bilen tenin soýyban, Idris arz eýledi biwagt bilinse. Alla emriboldy ruh tene girsin, Idris jana girip, arzuwym bolsyn, Diýip doga etdi,höküme salsyn, Alla Ezraýyla hökümi bolunsa. Idris dileg etdi dowzahny görmek, Dowzaha saldylar, ot içre ýörmek, Syratdan geçildi, jennete girmek, Jennete giribän köwüşingoýulsa. Mälik Ryzwan hem Ezraýyl melege, Idris diýdi köwüşim galdy ýelege, Jennete giribän indi men pelege, Barman diýip jennet içre galynsa. Idris ilki ynsan ruhu ten bolup, Ýerden jennet içre bakyda galyp, Adam Ata ruh tenjennetdengaýyp, Ýere gaýym bolan ynsan bolunsa. Adam ogly gör sen zaman ötülen, Ol zamandan gür galmady ýapylan, Allaň guly sözlär söz ýer tapylan, Ygtyýar erk eden Hakdyr bilinse. * * * Idris pygamberiň ýaşan zamany, Melekler yns üçin boldy gumany, Alla arz etdiler ynsan ne many, Günähli işlerde bozuk ýörülse. Kabylyň bir ogly gözsüzu kördi, Şol köri bir ogly gezdirip ýördi, Ol körüň öňünden bir ynsan tyrdy, Atamy öldüren ganym diýilse. Ol ynsan kör guly daş bile ura, Ganyna galdyda zulum etdi dura, Melekler bu işe şikaýat kyla, Allaha arz kylyp minnet bolunsa. Alla meleklere siz alym sahy, Gulluk ybadatda mydama wehi, Sizden mäkäm bolan iki melegi, Nebis küýseg bile ýerde goýulsa. Ol melekler Harut blen Marutdy, Ynsanlar içinde şerigat ýörütdi, Harut müfti, Marut kazylyk etdi, Jadylyk ylymyn bozmuş bilinse. Bir gün bir ojakda bir dawa bola, Är-aýal kazyga şol dawa bile, Bardylar diýdiler şerigat kyla, Dawany açyklaň dogry görülse. Ol är aýalynyň ismi Zöhredi, Görki aý dek, gören yşykdan erirdi, Päk, arassa, iman bile ýörürdi, Harut, Marut yşkdan şere köýülse. Harut, Marut Zöhräň yşgyna gala, Zyna küýsegindeol naçar gola, Zulum hilägoýulyp, bialaç gula, Melekler nebisde,kastlyksalynsa. Zöhre diýdi asmanlara çykmaga, Ismagzam ylymdan şerbet içmäge, Amal ylym bolsa razy guçmaga, Harut, Marut ol ylymdan ýarylsa. Zöhre ol ylymdan ganyban çäre, Rahmana arz etdi ejiz biçäre, Asmana göterdi ýer zemin para, Ol Zöhre ýyldyzy gudrat bolunsa. Bu gudrata ynsu-junsu haýrana, Seri gitdi azgyn zenan görmäne, Harut, Marut huzurynda durmana, Şerapdan, zynadan işler salynsa. Ismagzam ylymdan zynakeş zenan, Asman sary galdy,Alladan perman, Uruldy, ot boldy häzire zaman, Suwda, çölde, kükürt bolup galynsa. Harut, Marut meleklikden aýrylyp, Döw sypat myrdara galdy öwrülip, Toba bolmak üçin asmana ýörip, Ähli melek ýazyk diýip darygsa. Melekler ýüz öwre Harut, Marutdan, Idris pygamberebu günä dertden, Toba puşmanynda bolunyp niýetden, Harut, Marut Idris ýana barylsa. Idris Alla rehmet üçin ýalbara, Harut, Marut tobasyna gol bere, Jebraýyldan habar geldi, ser görä, Ýa panyda, ýa ahyrýet ýörülse. Harut, Marut jepa çekmek panyda, Ahyrýetde aman bolmak manyda, Demewent dagynda, Babyl hanyda, Guýa salynyp, aýak asylan bilinse. Bu wakada toba gelinen melekler, Alla ne iş etse haýry çeleklär, Bu dünýä gargynç hem günä heläklär, Toba kylmak jennetinden görülse. Adam ogly ynsyň jynsyň nebis içi, Dogry ýoldan bozar dünýäniň işi, Harudy, Marudy köňlüňolhoşy, Melekler bozulan,sen kim bilinse. * * * Idris ogly Matuşlah Hak Allaň emri, Ýüz ýigirmi bäşe baranda ömri, Kaýnuş bile nika suwynyň hamry, Elmek nur eýesi bolsa görünse. Şäkir ibnu Elmek, Matuşlah, Idris, Şäkirni Nuh eden kowumu Iblis, Alla üçin gözi ýaşlydy hergiz, Ýyglamak hylwaty Nuhda bolunsa. Nuhu nebiullah döwri bir zaman, Adam halky ýaýylandy ýer aman, Kabylyň kowumy şäherlerde san, Şisiň kowumy dagu düze dolunsa. Güru şygyrym Nuhu Halyl zamany, Adam ogly bozulypdy ýer syny, Şeýtanyň şerinden ynsanlar sany, Bi Huda gezilen zaman bolunsa. 350 Alla emrin üç ýüz elli ýyl ara, Wagyz kyldy imany ýok mydara, Urdylar, söwdüler goýup azara, Nuh pygamber Alla nala kylynsa. Alla Nuha derek agajyn ekdirdi, Kyrk ýyl içre ýetişdirdi dikdirdi, Gämini gurdurdy yhlas çekdirdi, Ol ylym şerbeti Hakdan baglansa. Nuha azap saldy kapyrlar bary, Gury ýerde gämi nämäň mydary, Diýip gyjalatdan güldiler sary, Gämä nejat edilen işlergörülse. Nuh Allaha nala etdi ýetişdi, Kapyrlar gazapdan kesele duşdy, Kesel derdi şol bok bilen ulaşdy, Gämini yuwyban suwuna ganylsa. Nuh pygamber yhlas bilen bolundy, Allaň permanasyn her kes bilindi, Hak gazaby hakda barça tilindi, Kapyrlar daş bilen urup durulsa. Hakyň emri ähli haýwan barlyga, Nuh gurduran gämädolup raýlyga, Jübüt taýybilen barça sanlyga, Haýwan bary emre boýun bolunsa. Nuhu nebiullaň ol dört oglundan, Kengan ogly imanyndan dininden, Daş bolupdy Allaň ähdu ýolundan, Kapyrlarki baky zuluma galynsa. Hamu, Samu, Ýafes Hak ýoly bilen, Sansyz halkdan segsen imanu bolan, Nuhyň ol aýaly tamdyr suw gören, Segsen ynsan bile gämä ýörülse. Adamnyň perzendi Inagyň ogly, Iwaj atly bir äpetden gür dogry, Segsen birinjidi ýöreden tigiri, Nuhyň gämisine ýoldaş bolunsa. Şeýtan hem eşegiň guýrugyn çeke, Gämä mündi ölüm serinden gaça, Ynsan, haýwan hemu ösümlik barça, Adam Ata jesedin ýoldaş alynsa. Nuh ol halky bile gam içe içe, Yrakdan Mekgäge zyýarat seçe, Alty aý ýagyşyň suwyndan gaça, Judy daga ýetip baryp durulsa. Allaň emri bilen ýeriň ýüzüni, Suw sil edip zemin dagu düzüni, Jebri jepa salyp kapyr gözüni, Sansyz ynsan gyrylyban ölünse. Adam ogly pany dünýäň ýüzüne, Maslygy porsaýyp suwuň tozuna, Hakyň gahar gazabynyň özüne, Nygmaty çekilen kapyr dolunsa. Nuhyň ol gämisi Judy dagynda, Ýeriň ýüzi suwu palçyk laýynda, Habar almak üçin garga raýynda, Garga maslyklara hemra bolunsa. Soňra gögerçini habara ýollap, Gury ýer habary bolundy illäp, Allahyň permany Nuhyny gollap, Segsen oba atly mekan gurulsa. Nuhu nebiulla Hak yşykdagala, Segsenden üç ogul zenanlar bile, Ýetmiş üç ymmaty keselden öle, Adam nesli Nuhdan boldy bilinse. Nuhuň ol Samyndan araby mekan, Ýafesden türkiler halku boldy han, Hamdan hindi, zengi, hebeşiler san, Dünýä içre halklar, millet bölünse. Nuha berlen ömür dokuz ýüz elli, Ýüz ýaşynda pygamberlik berildi, Töwrat, Zebur, Injil, Kuranda belli, Nuhu nebiullaň ömri dolunsa. Adam ogly görä pany dünýäden, Nije ärler geçen dartyşyk dadan, Bir gün nobat ýetse seni hem idän, Işiksiz dar gabyra salynar bilinse. * * * Ryýahibnu Jalud ibnu Ad nesli, Awaz ibn Samdanpygamber asly, Ibnu Abdulladyr ol Hudyň ismi, Nuhdan soň Hud habib bolunsa. Nuhyň ogly Samdan ýedinji arka, Hud pygamber Adu kowuma halka, Budparaz, kapyrlar çokunyp hyrka, Kamat boý äpetler munda görülse. Adyň kowumy äpet ynsan bolunan, Daglary penjeläp daşlaryn tilinen, Asman bulutlara syr boýlarsalynan, Uzak ýyl ölümsiz zaman bolunsa. Alla Ad kowuma ähdu zulumyndan, Gahary, gazaby, barçaň ölüminden, Hud pygamber yhlas etdi ylymyndan, Kabul edilmeýen näler görünse. Haka garşy boldy Adyň kowumy, Alla ol kowumaaýaz, ýel şuwumy, Kamat boý, et teni syryp düwümi, Ad kowumyň bary heläk bolunsa. Hud pygamber Allaň zaman resuly, Hakýolynda yhlas imanyn doly, Alla garşy boldy kapyrlar maly, Şeýtan ne hatagasalmyş bilinse. Adam ogly bizi ýokdan bar eden, Akyl erip, göreç didä, zor beden, Allahdan başganyň keremi neden, Bu barlyklar syr ylymyna salynsa. * * * Hud pygamber zaman şalar soltany, Ol Şetdat patyşa hökümi zamany, Dört ýüz ýyl kürsüde bolunyp many, Gündogardan günbatar ýurdy bolunsa. Şetdat patyşalyk hökümi zamanda, Nije ýyllar yhlas bolunyp eminde, Erem bagyn dikmiş jennet zeminde, Gapysyn açmazdan ömri solunsa. Bir gün Alla Ezraýyldan soraýyp, Nije janlar aldyň gynap gynaýyp, Dözmedigiňbarmyömre gynanyp, Diýibän Melegine sala salynsa. Ol dört baş melegi Ezraýyl erip, Iki ynsan ogla dözmedim garyp, Hut zamany ol gämini çöwürip, Ene döşün çeken bäbek bilinse. Özün Hudaý saýan ol zalym Şetdat, Dünýä gelip gözün açdygy bidat, Suw gämi üstünde mähremi wepat, Çeşme saýasynda jerene doýulsa. Adam ogly owal ahyr gezmedik, Azap yhlas Erem baga dözmedik, Gapysyn açyban ysyn bozmadyk, Şetdat patyşaga dözmez görülse. Hak Subhan Ezraýyl melege sary, Diýdi dözilmedik şol ynsan zary, Şetdatdy ol özüni Hudaýlan päli, Özün Hudaý eden üçlik bolunsa. Ezraýyl hatadan utanç gam çeke, Wada etdi Hakdan permana baka, Owalda ahyrda gynançdan çyka, Hak buýruga emre amal kylynsa. Adam ogly haýyr bilen şer çägi, Allah biler ne islese syr many, Bu pany dünýäde ýazylan syny, Çeker sen kysmatda ýazgyt bolunsa. * * * Salyh ibnu Ubaý, ol Asaf asly, Fasyhibnu Hamol Samud nesli, Yram ibnuSam ol Nuhdanesli, Hutdan soň Salyh habib bilinse. Nuhyň ogly Samdan ýedinji arka, Salyh pygamberdir, Samudy halka, Kapyr budparazlar çokunyp hyrka, Kamat boý äpetler munda görülse. Samud kowumy äpet ynsan bolunan, Daglary penjeläp daşlaryn tilinen, Asman bulutlara syr boýlar salynan, Uzak ýyl ölümsiz zaman bolunsa. Alla Salyhyna Karrag dagynda, Bir öý salyndyrdy ajap çagynda, Salyh kyrk ýyl ýata uky raýynda, Buta sejde bolunan kapyr dolunsa. Salyh aýtdy Sam kowuma Hak emrin, Bi iman gezdiler geýinip demrin, Alla zulumy hakda gür açyp hamryn, Gorkudan muždalyk gudrat salynsa. Samud kowum gudrat kelam isledi, Beýik dagnyýarandüýe oslady, Ol düýeden bir köşegitoslady, Bu düýe gyzyl saç, gara til bolunsa. Alla gudratyndan dag daş yrana, Gyzyl saç, gara til düýe görüne, Ol düýe köşekläp gudrat boluna, Salyh jady kyldy diýilipdurulsa. Salyh habib gudrat bolunan düýä, Urmazlyk, öldürmek zulumdyr diýe, Alla nazar eden maýadan göýä, Müň ýedi ýüz öýli süýtli bolunsa. Otuz ýyllap düýe köşegi bile, Asuda ýaşady rysk seçip güle, Salyh habib diýdi sary saç möle, Çakyr göz düýäniň ganyn alynsa. Sary saç, çakyr göz dokuz bäbegi, Kast etdiler, günä goýjak ojagy, Salyf ibnu Kazar zalym möjegi, Dözmediler, ne zuluma salynsa. Salyf ibnu Kazar ýigirmi bäşinde, Gudrat bolan düýä kasty başynda, Ölüm, zulum boldy kowum hyşynda, Sary, gyzyl, gara ýüze öwrüle. Üç gün ol kowuma belalar geldi, Dördünji gün Jebraýyl uly ses saldy, Ähli günä galan şol sesden öldi, Ýerden ot ýalynlar küle öwrülse. Salyh habyb ýurdu, ilin terk edip, Gaçdy oba, şäher Şamistan gidip, Şamda ömür sürdi şerigat ýördüp, Pygamber habibiň ömri soňlansa. Salyh pygamberiň ömrüne kyssam, Jennetimekanda ser boýly bitsem, Ähli musulmanyşol boýly ýörtsem, Allam dogalarym kabul bolunsa. Adam ogly bu bäş günlik ömürde, Ne etseň geçejek berlen döwürde, Ahyryň ölümdir ol dar gabyrda, Soraga çekilçek hasap salynsa. * * * Bu kyssa Ybraýym halyl wakasy, Nemrut patyşanyň hökümi şasy, Butparaz, butkäriz Azar kakasy, Hak dosty Ybraýym halyl bilinse. Ybaýym pygamber ol Taryh nesli, Saruh ibnu Argus, Falyhdan asly, Abyr ibnu Salyh, ol Artus ismi, Samu ibnu Nuhyň nesli bolunsa. Ybraýym halyl Allah yşgyna, Ýedi ýaşda iman salyp köşgüne, Hakyň jemalyna, ygrar müşgüne, Soraglaý gözlegleý yzlap gelinse. Owal zöhre ýyldyz, soňrasy aýa, Gündiz dogan güniň nuryny oýa, Gözlegi yhlasy Hak bir Allaýa, Mydary, maksady iman bilinse. Azar oň lakamy Taryh at bilen, Kakasy butparaz, butkäriz bolan, Nemrut patyşanyň ynamyn alan, Bu uzak rowaýat kelam ýazylsa. Butlara baş ussa Halyl atasy, Agaçdan butlaryň bolunyp bahasy, Bazarda söwdalyk haryt bolasy, Alla haryt bilinip satylyp alynsa. Ybraýym halylu bu hata işe, Akyl ýetirmekde ejizdi başa, Alla ýasalmaga, satyp, alyşa, Mäkäm ýakyn däldir diýe bilinse. Halyl sekiz ýaşda, Azar iş kylyp, But ýasady, yhlas ygraryn serip, Halyl but başyny ýüpe çöwürip, Suwa taşlap palçyk laýa atylsa. Laýa atylan butyň sessiz, sedasyz, Gözsiz, dilsiz, erksiz, ygraryjansyz, Satylypalynan heýkel bihalsyz, Bi iman, bi akyl,din ýol bolunsa. Bu bolan wakany halku halaýyk, Nemrut patyşaga ýetirildi laýyk, Azar ogly üçin af sorap haýyp, Ybraýym halyly ýurtdan kowulsa. Çölu beýewanda bolundy köp ýyl, Atasy Azarnyňjanyn ezraýyl, Ybraýym ýurduna dolandymeýil, Dogany Hazardan iman soralsa. Hazar dogany hem ol Azar kibi, Butny ýasamakda ussatdy ýiti, Nemrut hadaýydy, imany küti, Ybraýym Hak ýolda aman bolunsa. Nemrutnyňiliniňdäbine laýyk, Baýram günlerindeähli halaýyk, Butlara tagamlar eçilmek laýyk, But öýi nygmatdan saçaksalynsa. Ybraýym pygamber gahar gazapdan, Ähli but baryny paltalapsepden, Kelle, el, aýaklar galyp azapdan, Dogralan butlara hasap soralsa. Kethuda ol butny aman goýuldy. Goluna paltany sowgat salyndy, Geldiler gördüler haýran bolundy, Bu ne iş, kim eder diýilip durulsa. Ol Ybraýym bu işi etmäge maýyl, Tutuban dartdylar zuluma kaýyl, Nemrudyň öňünde soraga taýyn, Nemrut Ybraýymdan jogap salynsa. Ne maksat, ne pikir hudaý butlary, Kast etdiň din kelam düzülen hatlary, Çapdyň, ýykdyň hasaby ne otlary, Soraglaý soraglap jogap alynsa. Nemrut gazap etdi soraga dartyp, Ybraýym azapda jan tenin ýyrtyp, Diýdi Alla ýeke, sizheýkelörtüp, Jansyza ybadat nedir diýilse. Megerem bu işe uly baş butdyr, Golunda paltasy gazaplynetdir, Nemrut gaharçekip aň pikiri otdyr, Dili ýok,erki ýok neden salynsa. Siziň Hudaýyňyz dili ýok, jansyz, Ybadata, sejdä ne mümkin amsiz, Alla ähli işni bar eder sansyz, Diýibän bu jedele kepil galynsa. Jebraýylu melek gaýym bolundy, Ybraýyma Hakdan höküm gelindi, Alla ilçi diýilen wekil bilindi, Ybraýym pygamber dony geýilse. Nemrut Ybraýymy zyndana sary, Jar boldy her kesden agaç bazary, Odun häzir boldy jygyldym bary, Kükürt palçyklana dag dek bolunsa. Agaç odununyny Halyl dogany, Hazar ýakdy dogan doganyň gany, Ot ýalyn asmana göterildi göni, Demirini, polatny köýdir urulsa. Bu ne ahwal, bu ne güýçdir ot işi, Hiç kes ugur tapmanýakylan ataşy, Ybraýym Halyly köýdürmek başy, Şeýtan ylym etdi,gör ne bilinse. Adam sypatynda alym keş bola, Manjanyk ol bady ylym edip gola, Ybraýym bu batyň joýynadola, Bat bile bat bere oda zyňylsa. Jebraýyl melegi geldi ýetişdi, Ybraýymdan halyn soraý ataşdy, Hak halasy rehmetinde tutaşdy, Halyl diýdi Alladan bu islense. Subhan Allaň emri budyr biline, “Eý ot! Sowa, parahatki bol oňa”, Ýalyn sowap hem parahat boluna, Ybraýym pygamber aman galynsa. Nemrutol Lemken gula buýurdy, Ybraýym ot içire nä hal köýerdi?, Lemken bu ahwala pikrin çöwürdi, Nemrut kapyr şaha habarsalynsa. Lemken diýdi şalar şahy älem şa, Ybraýyma hurma agaç saýa ha, Çeşme suwdan gül çigildem bagy ba, Nemrut bu hal görüp däli bolunsa. Bu oduň zarbyna nije gün azap, Ýer yrana barça gorkudan tozap, Nemrudyň mülküne ölüm dargazap, Gaýgy gamuhasrat zarlar erinse. Bu ot ýalynyna, ýakan jöwzasy, Sarany yşk ýakdy köýdürdi asy, Allany hak bildi Halyl ýer şasy, Nijeler imana dogry gelinse. Ybraýym halylyň ganym dogany, Hazar Nemrut şaga ölüm sogany, Maslahat biçdiler köýülsün gany, Bir çukur gazyban otlar gurulsa. Alla gaharyndan ol ot Hazary, Ýakdy küle saldy ýelde mazary, Nemrut gorkusyndan janu nazary, Ne alaçda gezdi mülki sowrulsa. Ybraýym pygamber Nemrut ýanyna, Alla hem resulaiman bolyna, Keleme sorady hak din ýoluna, Müddet kelam sala puruç alynsa. Nemrut şa wezir wekiller bile, Maslahat kyldylar pygamber sala, Ajap däl gördüler aýdylan ýola, Nemruda kapyrlyk möhri basylsa. Nemrut patyşady Hudaýlyk satan, Ýer Hudaýy diýip permany biten, Azalda kapyrlyk ruh bolyp ýatan, Özün Hudaý eden üçlik görünse. Nemrut diýdi ol Ybraýym halyla, Asman sary çykyp Allah Jelile, Başa baş uruşmak hyýal delile, Guşlaryn esbaplap, asman barylsa. Asmanyň serinde şa kapyr Nemrut, Ýaýyn syra salyp atdy okun hut, Alla Jebraýyla Nemrut okun tut, Ol oknyň ujyna balyk salynsa. Asmandan zemine gelende sary, Nemrut halka çykdy balyk wysaly, Bir ýaý okda öldürdimä Hudaýy, Diýip jar eýletdi haksyz bolunsa. Alla Ybraýymny Nemrut ýanyna, Gudratyny görkezmekde ýaýyna, Ähli güýç goşunly çyksa ýoluna, Diýip buşlyk bolan habar salynsa. Nemrut goşun bile aly meýdana, Demir don leşgerigujurdandana, Alla diýdi çibin-peşä san sana, Bir peşä bir esger ömri galynsa. Nemrudyň leşgeri peşeden öçe, Kapyr şa jan üçin serinden uça, Köşgüne atyldy namartki gaça, Bir gözi kör garry peşä tutulsa. Bir gözi kör garry peşe baryban, Kapyr şa burnuna girdi duryban, Dört ýüz ýyl azara goýdy uryban, Burnuna, kelläge ýumruk salynsa. Nemrut patyşanyň guly gyrnagy, Tokmaklap ýeňsäge urup durmagy, Zalym kapyr şanyň kötek almagy, Allanyň näleti bolunar görülse. Nemrut öldi urgy derdu azapdan, Malu mülki galdy dünýä hasapdan, Zul-Arşy patyşa hökümi sapdan, Ybraýym halylny resul bilinse. Adam ogly sen bir pursat ömürde, Nemrut deý hökümiň bolsa demirde, Hany seniň soltan hökümiň emirde, Allah ýeke täkdir zikriň bolunsa. * * * Zul-Arşu patyşa malyndan mülki, Magryp patyşanyň Hajary görki, Sara Ybraýymnyň nikada erki, Lut ibnu Hazar ýoldaş bolunsa. Ybraýym halyl mukaddes ýere, Kenan ülkesinde mekana bara, Lut Ordon şährinde kysmaty sere, Bir günlik menzildi ýoly geçilse. Ybraýym halylyň maňlaý serinde, Resul nury Hajar ýatgyň ýerinde, Sara wysal boldy nuryň syrynda, Gysgançlyk pyragy aýra salynsa. Alla hökümi bile Hajar enämiz, Ysmaýyl balasy ejiz hem tämiz, Käbä nesip bolunanda senämiz, Hakyň eradasyn sabah kylynsa. Hajar Käbe menzilinde sedasyz, Ysmaýyl gundagy suwsyzu halsyz, Sapa Merwe dagda hijranu ýolsyz, Zem zem suwateşnelikden ganylsa. Sara Hajar bilen aýra illerde, Ybraýym halylu ol şol ýollarda, Ismaýyl söýgüde ajap tillerde, Alla özi kepil aman goýulsa. Halyl bir gün agyr düýşe ulaşdy, Bu düýşiň üç güni gurbanlyk işdi, Halyl ogly Ismaýyl gurbana düşdi, Alla üçin Ismaýyl gurban salynsa. Bi alaç Ybraýym gamu hyýalda, Ismaýyl enesi Hajar ne halda, Ýedi ýaşly oglan ajap wysalda, Pygamber ot donun geýip ýanylsa. Goluna ýüp ýarag baglanan ata, Ismaýyl oglunyň boýuna baka, Alla üçin gurban ýoluna çyka, Mina dag meýdana baryp durulsa. Ol nälet bilinen Azazyl Şeýtan, Ismaýyla gurban habary ýoldan, Halyl ogly ony ýedi ýer daşlan, Hajar ene kowmuş nälet urulsa. Mina dagda ogul ata wesýetde, Ismaýyl dilegi mäkäm hal etde, Elini aýagyny daňyban ýörütde, Damaga tyg salgyn diýip durulsa. Ybraýym halylul bu agyr derdi, Gözi ýaşda bagryn paralap serdi, Ismaýyl balasy gurbanlyk ýördi, Damaga tig ýara salyp ýörülse. Jebraýyl melegi arşdan zemine, Ýetişmegi emr eýledi Rahyma, Alty ýüz ganatyn açyp demine, Ýetişdi pyçaga kesmes bolunsa. Üç mertebe pyçag tygyny darta, Ismaýyl damagyna pyçagy ýörte, Pygak kese bilmän galyna sürte, Bir uly dag daşa urdy bölünse. Jennetde bakylan ol Habyl goçy, Ybraýym halyla gurbanlyk hajy, Ismaýyl zabyhyň sag aman başy, Alla hamdu şükür doga kylynsa. Alla ähli pygamberu ymmata, Zaman zaman gurban işine pata, Emir eýleýip yhlas ygrara ýete, Gurbanlyk Allaha ýakyn bolynsa. Ybraýym Halylyň gurbanlyk işin, Muhammet Resulym sünnetihoşun, Gurban baýramyny dürs ede başyn, Mekge hajyň parzy wajyp salynsa. Yslam dinde musulmanyň gurbany, Ybraýym Halyldan mirasdyr many, Resula, ymmata wajyp mal jany, Syratda gurban mal ulag bolynsa. Adam ogly bir pursat sen aň eýle, Her ne yhlas bolunan işe syr oýla, Allahdan yhlasyň hasabyn söýle, Seni ýokdan bar edene barylsa. * * * Nuh zamany siliň suwyňzarbyna, Ol Beýtul-Magmura asman synyna, Göterildi, Hak pygamber guluna, Käbäni gurmaklyk emri bolunsa. Käbe Beýtullany Ybraýym halyl, Jebraýyl melegine permanyn Jelil, Melekler ýardamda, ogly Ismaýyl, Şam dagyň daşyna boýysalynsa. Abu-Kubaýs dagyň daşlary bilen, Jebraýyl melegijennetdenbolan, Aklykdan nur eçen şol daşy alan, Käbe Beýtullahda goýlan durulsa. Salynyp boýy berlen Alla öýüniň, Melekler hoşlukda yhlasy küýüniň, Buşluk hoş habaryýeriň ýüzüniň, Zyýarata haj üçin tesbih salynsa. Ilki habar Jebraýyldan bolyndy, Halyldan hamdu sena salyndy, Nälet Şeýtan bu tesbiha yryndy, Jebraýylu ýa Şeýtandan bolunsa. Ynsan ogly Käbä hajyň menzili, Imandan dökülsin teniň her gyly, Yhlasyň, ygraryň Hak bolsun uly, Haj parzda Jebraýyl sesedolynsa. Subhan Allamenem-atam, gardaşym, Saňa iman edýär ýakyn syrdaşym, Kalbym yhlas eder Käbä haj hoşym, Nesip etdir biz gulyňa barylsa. * * * Indi bu kyssamyz ömür hem ölüm, Ahyrýetde ruh ten ne bolarylym, Häzirki halyň dek jan nepes mälim, Alla ne islese bolunar bilinse. Ybraýym pygamber bir gün bir ýolda, Gördi düýe maslyklagşagan halda, Allaha arz etdi,gudrat azalda, Ölüni direletmek ylymasalynsa. Alladan bolynan emru erada, Dört guşlary bogazlama barada, Garga, ördek, tawus, towuk arada, Etleri bir saçda tagam bolunsa. Ol dört guşlarynyň kelle bölegin, Halyl sermes eden halal bilegin, Iýip hoşlyk ede tagam, dalagyn, Kelleler dört dagda goýup gaýdylsa. Alla Ybraýyma ol dört guşlaryn, Atlaryn tutuban sargap başlaryn, Ülüşlenen, hoş eýlenen aşlaryn, Gudratyndan et süňk uçup gelinse. Guşlaryň et süňki, asmanda sary, Göterildi Halylyň öňünde bary, Peýda boldylarki her kellä biri, Ölüler direljek Rahman islense. Adam ogly sen bu söze gulak sal, Ahyrýet şol güni turuzylar ozal, Ruhuň şu teniňesalynar azal, Topar topar ynsan bolup durulsa. * * * Ybraýym Halyldan pygamber urug, Ismaýyl Hijazda araby syryg, Ishak pygamberden şejere aryg, Kenanyň ilinde jöhit bilinse. Sara umytsyzdy garran, ýüz ýaşda, Jebraýyl melegi buşlykda,hoşda, Lutyň şäherinde aýylganç işde, On iki melek safar bile gelinse. Jebraýyl melegi Saradan soraý, Bir gury çybyk ýaprakdan galaý, Alla isleg salsamiwe ne bolaý, Guran çybyk ýaprak miwe berilse. Dowamy bar >> | |
|
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |