18:32 "Kyýamat diýip men nämä düşünýän...” | |
"KYÝAMAT DIÝIP MEN NÄMÄ DÜŞÜNÝÄN..."
Goşgular
"Wah, oglum, açlyk belasyndan dokluk belasy ýamandyr”. Obadaşymyz Meret mollanyň aýdany. Ha günäläň meni, ha günälemäň. Kyýamata ynanýaryn indi men. Öz gyzyna zyna iş eden hakda Eşdenim ýadymdan çykmaz şindi meň. Bir saçak başynda ärin, oýnaşyn, Ýal iýdirip ýören gelni tanaýan. Beýle ahwalata aklym çatanok, Oýlanyplar öz-özümi gynaýan. Ogly suwa-salma ýenjeniňden soň, Göwsün ýere berip aglaýar ata. Nämekän oň eden agyr etmişi, Indi goja barsyn kimlere dada?! Ine, saňa gerek bolsa kyýamat, Bormy şundan ýaman ahyrzamana? “Aý bolýa-da” diýip, seňrik ýygyrma, Görmedikden bolan bolma hamala. “Aý, nätjek, durmuş-da” diýdiň şo gezek, Şo gezek kyýamat indi başymdan. Eger durmuş bolýan bolsa bu zatlar Onda el çekýärin beýle durmuşdan. Men onda ret edýän beýle durmuşy Jyda düşýän bolsa dogan-dogandan. Hatynyňy gorap ýörmeli bolsa, Tüntan-tüntaw çykan daýy-ýegenden. Terk edýärin mankurtlaryň dünýäsin, Düşen wagty pähim aýak astyna. Ýaman söz hanjara gaýra dur diýýär, Gol çermäp çykypdyr ömür kastyna. Lebiz, ynsap, namys diýilen zady, Eziz gören ol gadymy atalaň Dünýäsine dolanasym gelýär meň, Çykyp dünýäsinden haram lotulaň. | |
|
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |