L Ä L E
Bekä bedew lakamyny obadaşlary at bilen bagry badaşanlygy üçin dakypdyrlar diýýärler. Bu hakykatdanam şeýledi. Gözüni açyp göreni atdy. Onuň ata bolan yşgy garry atasy Myratgeldi seýisden geçipdi. O mahallar kolhoz gurluşygynyň bat alan ýyllarydy. Myratgeldi aga kolhozyň gylýal çopanydy.Ata-eneleri ir ýogalan agtyjagy Beki hem on-on iki ýaşly oglanjyk halyna atasyna kömekçi bolup, süriň peşinden galmazdy. Atlary söýşi ýaly olary münüp, ýakyn aralyklara gezdirmegi hem halardy, çapmagyň höwesinde gezerdi. Ol kiçijikkä-de atasynyň üstüne sowal baryny ýagdyrardy: “Ata, nümüçin bir ýaşar atlar ýaryşa goşulmaýar?“,“Atlara näçe ýaşda eýer salynýar?“. „Haçan taýçanaga münüş öwredilýär?“, „Nal ähli atlaryň aýaklaryna kakylýarmy?“, „Taýlary enesinden näçe wagtdan soň aýyrýarlar?“,“Ata, atlar näçe ýaşap bilýär-ä?...“. Ol soranjaňdy, ähli sowallary-da at baradady. Atasam „Bedew lakamyň halal bolsun!“ diýerdi, onuň sowallaryna başardygyça birin-birin jogap bermäge çalyşardy.
“Ýetim oglan öz göbegini özi keser” diýleni boldy. Döwür, durmuş, gün-güzeran murty taban ýigit bolup ýetişen Bekini hem taplady. Myratgeldi aga halys gartaşyp ýördi. Şonuň üçinem öň Beki sürä kömekçi bolan bolsa, indi ol Bekiniň yzyna eýerip işleýärdi. Bekä “eýt”,”beýt” diýmegiň özi ýeterlikdi. Ol süriň yzynda gezip, ähli etmeli işleri aňryýany bilen ýerine ýetirerdi. Bardy-geldi Myratgeldi aga ýarawsyzlyk tapdygy, şol gün onuň ýanyna gelip: “Sen meniň armamy ýetirseň bolany, ata jan, işiň gaýgysyny etme, gep getirtmen” diýýärdi.
Şol günleriň birinde-de mele baýtallaryň birinden ýakymlyja, goňras taýçanak dünýä indi. Bekiniň şondaky begenäýşini.Üstesine atasynyň “Bu mele baýtalyň ady Laçyn, atasy hem on iki ýaşyna çenli at çapyp, aýlawlarda meşhurlyk gazanan Ýelguşdyr” diýmesi, onuň bu taýa bolan garaýşyny has-da güýjetdi. Taýçanagyň gözleri ýanyp, endamy lowurdap durdy, ilkinji günlerinde aýaklarynyň üstünde durşy dogumlydy. “Bu taýçanaga-da geregiçe gözbaş eden adam tapylsa, ondan Balkany baglajak at çyksa gerek” diýip, Myratgeldi aga bir sözünde aýtdy. Şondan soň Bekiniň hem bu taýçanaga gözi gitdi. Şol pursatdan başlabam ony ýelden-günden gorap, apalap saklady. Heniz taýçanaga at dakylmansoň, oňa özüçe Läle diýip at berdi. Bu barada garry atasyna sala saldy. Ony atasy hem unady.”Atlaryň arasynda ozal Läle atlysy ýokdy. Goý, seniň aýdanyň bolsun, Läle bolsa, Läle-de bolsun”. Şeýdibem onuň hakyky ady Läle boldy galyberdi. Taýçanak özüne üýtgeşik bakyş-görüşdenmi nämemi, gününi sanap ösmek bilen boldy.
Bir gezek welin Bekiniň durmuşynda bolmasyz bir iş boldy oturyberdi. Myratgeldi aga atlary daşary kowmagy Bekä tabşyrdy. Beki bolsa öňi bilen öz taýçanagynyň ýanyna geldi. Görse, taýçanagyň ýatjak ýeri hapalanypdyr. Ol dessine eline pil alyp, töwerege ýaýraň tezekleri bir ýerik toplap, aýyrmakçy boldy. Özge mahallar taýçanagyň ýatagyny arassalamakçy bolanda, öňinçä ony daşary çykarardy. Emma bu gezek ony unutdymy nämemi, taýçanagyň bar mahaly eline pil alaga-da, ýatagy arassalamak niýeti bilen aşak egildi. Bu bary-ýogy göz açyp ýumasy salymda bolup geçdi. Hakyt “Emgek göz bilen gaşyň arasynda” diýleni.Taýçanak yzynda duran eli pilli Bekiden ürkdümi ýa ondan heder etdimi-nämemi, goşa toýnaklaryna agram salyp, depip goýberdi. Güýçli urga gözlerinden ot syçran Beki çirkin ses edip, ýüzin ýykyldy. Bu sesi eşidip Myratgeldi aga hem bir ýerlerden ylgaşlap geldi.Ol agtyjagyny görenden, nämäniň-nämedigine derhal göz ýetirdi. Ony göter-göter edip, öýe getirdi. Başynda ýassyk goýup, uzynlygyna süýndürip ýatyrdy. Soňam balagyny dyzyna çenli çermedi-de, agyryly ýerlerine barmaklaryny gezdirip çykdy. Beki bolsa atasynyň şojagazja elländäki agyrysyna-da çydaman, uwlamak uwlady. Gözlerinden paýyrdap ýaş akdy.
--Ah, oglum, oglum, “Hergiz atyň yzyndan geçiji bolmagyn, öňünden geçgin!” diýip, garga bolup gagylladym. “Ýaş taý depek bolar”, “Taý depse, atdan ýaman” bor diýilýändir--diýdi-de, Myratgeldi aga uludan içini çekdi.-- Ahyrynda-da, näme boldy? Ahyrynda meň pikir edişim ýaly boldy. “Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň ýüwür” diýleni boldy. Men saňa atlary daşary kowgun diýip iberdim, sen näme etdiň?
--Men, men, sadaja tezeklerini aýyrmakçy boldum.
--“Tezeklerini aýyrmakçy boldum”.Ýagşam bir iş edipsiň. Heý-de, gazygyna baglangy duran atyň, taýçanagyň ýanyna eli pilli bararsyň-da o janawar ürkmezmi? Şonsuzam at janawarlaryň arasynda gamçynyň gözüni gorkuzanlary kän ahyryn. Hälem çöregiň bitin eken, taýyň depen ýerinde döwük-çykyk ýok, süňkleriň abat, sen şoňa şükür et, dyzyň eti welin mazaly ýenjilipdir. Bilýän, agyrysy güýçlüdir. Nätjek, çydamaly borsuň. Geçer, bir gün agyryňam aýrylar, ýene-de aýaga galar gidersiň. Bu indikiňe sapak bolar.
Şol günden başlabam Myratgeldi aga onuň aýagyna bada-bat duzlanan hamyr ýapdy, özi-de günde-günaşa daňysyny täzeledi durdy. Taýyň toýnak depen ýeri töweregi bilen gyzyl-gökdi.
Beki birnäçe günläp düşekden galman ýatmaly bolansoň içerde onuň bir özüniň içi gysýardy, iki-ýana urunsa-da, ýerinden galyp bilenokdy. Agyry sähelçe gowşadygy, Läläni alada ederdi.Ol Läleden gaty görjek bolup duranokdy. Muny özüniň säwligi hasaplady. Başga mahallar ol ony her gün ir bilen gezdiredi, otuna-suwuna serederdi. Ýatýan ýerini arassa, tämiz saklardy. Indi bir hepde bäri bu ýerde ata aýratyn mähir bilen, özüňki ýaly bakyş-görüş etjek adam ýokdy. Atasy-ha uly sürä çopandy, başga kişiler-de hersi öz işi bilendi. Bir ýeke Annam malçy bardy, atyň ýataklarydyr ahyrlaryny arassalamak onuň bir özüniň boýnunady. Atlar bolsa esli bardy. Şonuň üçin ol Läläň ýatýan ýerine üç günden bir aýlansa aýlanardy, bolmasa onuň edil Bekiňki ýaly üýşüp duran boş wagty ýokdy.
Taý mazaly süýtden aýrylansoň birsellem enesine golaý ýerde saklandy. Oňa ilkini gezek eýer salmak, münüş öwretmek Beki üçin aýdyp goýardan juda kyn boldy. Gün içinde telim sapar ýykylyp, endam-jany sypjyryldy. Hatda taýa münüş öwreden ilkinji günlerinde ýykylyp, huşundan giden gezegem boldy. Ondan atasynyň hem habary ýokdy, özi ýykyldy, özi-de aýaga galdy. Şonda-da başlan işini taşlamady, asla yza tesmedi. Atasynyň ”Aty at edýänçä, eýesi it bolar”diýen sözlerini unutmady.
Onuň bilen Sumbar boýuna gezim etdi, ýakyn aralyklara çapyp gördi. Assa-assadan çapyksuwarlyk käriniň hem ämini-sämini ele aldy. Şeýdibem aty birkemsiz seýisledi. Ony sähelçe wagtam gözegçiliksiz galdyrmady. Bilmedigini ýaltanman, obaň gaýrasynda ýaşaýan, birmahallar ady äleme dolan garry seýis Hojaly körden sorap gaýtdy. Hojaly kör onuň gözlerini açdy, bar bilýänini oňa geçirmek üçin jan etdi. Ol bir baranda garry seýis: “Atlar hem hil-hil bolýandyr. Bir at bardyr, eger-eger baş bermez, beýle atyň peýdasyndan geçäýmelidir. Atşynaslar „Ýaman at ahyryny bozar“ hem diýýändirler. Şol gürrüň gaty dogrudyr. Başga biri bardyr derhal seniň bilen ysnyşar gidiberer. Sen ony hor etmeseň, ol seni har etmez. At güýji arpadadyr welin, ýöne ata mähriňi bermeseň, näçe arpa berseň-de, ol seniň isleýşiňçe çapmaz“ diýdi.
Läle iki ýaşady. Beki bedewiň Lälä siňdiren alyn zähmeti hem zyrýa bolmady. Läle tügenleşiklerde, ýakyn aralyklara goýberilen ýaryşlarda öňdeligi bermedi. Etraplaryň arasyndaky çapyşyklarda-da öňüne at geçirtmedi. Şeýdibem Läläniň tarypy tutuş welaýatda-da atşynaslaryň, janköýerleriň dilinden düşmedi. Oňa uly oba bolup guwandy. Ine, bir günem Beki bedew paýtagtda geçiriljek at çapyşygyna gatnaşmaga çakylyk aldy. Çapyşyga gatnaşýanlaryň ählisi-de iki ýaşar atlardy, olaryň ählisi hem güýçlüdi, biri-birinden peslär ýaly däldi. Owadan, ýyndam, endamlary ýaldyrap duran göze ýakymly tohum atlardy.Çapyksuwarlary-da oglan-oglanjyk däldi, tejribelidi, telim ýeňişli aýlawlary göre-göre gelýän ýigitlerdi.
Şeýdibem on-on iki atdan ybarat düzümdäki atlar ýaryşa goýberildi. Beki atyny birjigem gyssamaýardy. Şoň üçinem olar turuwbaşdan üçünjiligi sypdyrman gelýärdi. Üç aýlawda hem hiç hili üýtgeşiklik bolman gelýärdi. Ynha, atlar soňky aýlawa, dogry ýola düşdi. Beki atynyň jylawyny erkine goýberdi. Läle çarpaýa galdy. Ol özünden öňde barýan iki aty hem tozana gardyryp, pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Hemmeler ör turup, el çarpdylar. Ýaşulular bedewiň eýeri aýrylansoň, oňa uly bir türkmen halysyny serpaý ýapdylar. Mikrofonda bolsa Läläniň gazanan ýeňişi, görkezen netijesi habar berilýärdi. Läläni seýislän, oňa çapyksuwarlyk eden Bekiniň ady dilden-dile geçýärdi. Üsti serpaýly tomaşaçylaryň öňünden geçip barýan Läläniň häzirki aýak urşam üýtgeşikdi, ol özüniň tanapyndan idip barýan oglanlaryň elinden syparly görünýärdi.
Atyň buýsançly başyny belent tutup, gyz gylykly, owsun atyp ýöreýşini daşyndan synlap oturan Bekiniň hasam keýpiçaglandy. Şonuň üçinem ol atyň ýanyna geldi, onuň derçirgän boýnundan gujaklap durşuna uçganaklap duran gözleriniň içine bakyp, eşidiler-eşidilmez röwüşde adaja pyşyrdady: ”Berekella atym, berekella! Kesbiňden kemal tap!”.
Ynsan pisintli duýgur janawar bolsa eýesiniň özünden hoşallygyna düşünýän ýaly, ilkä başyny aşak-ýokaryk galgatdy. Soňam burnuny ýellendirip durşuna oňa bakan “Pyrrr-pyrrr” etdi-de, pyşgyrmak bilen jogap berdi.
Hekaýalar