10:02 Magtymgula tagzym eden... | |
MAGTYMGULA TAGZYM EDEN...
Magtymgulyny öwreniş
Gündogary öwrenijiler Aleksandr Hodzko, F.Bakunin, Arminiý Wamberiden soň türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakda söz açanlaryň biri hem Nikolaý Orstroumowdyr. Ol Daşkentde Magtymgulynyň kitabyny özbaşyna neşir eden adamdyr. Bu hakda akademik Baýmuhammet Garryýew şeýle ýazypdyr: «N.A.Ostroumow (N.P.Ostroumow – A.Ç.) Daşkentde 1907-nji ýylda Magtymgulynyň birnäçe goşgusyny arap harpy bilen türkmen dilinde «Türküstan ýerli gazetinde», soňra 1911-nji ýylda aýratyn kitapça edip çykardylar. Şunlukda, rus şarkşynasy beýik türkmen şahyrynyň goşgy-gazallaryny ýerli dilde ilkinji ýaýradanlardan hem ony öwrenmegiň gerekdigine köpçüligiň ünsüni çekenlerden biri bolýar. Bu, gürrüňsiz, asylly hyzmatdyr». Eýsem-de bolsa, baryp-ha, XX asyryň başlarynda Magtymguly Pyragynyň beýikligini dünýä aýan etmek üçin zehinini gaýgyrmadyk bu adamyň ömri we döredijilik ýoly bilen gyzyklanmagymyz tötänden däl. Çünki türkmen halkyna sarpa goýup, Magtymguly Pyragy hakda ylmy nazaryýetden söz sözlemegi öz döwri üçin uly medeni waka bolupdy. Nikolaý Ostroumow 1866–1870-nji ýyllarda Kazandaky dini akademiýada okapdyr. 1877-nji ýyla çenli hem şol akademiýada mugallym bolup işläpdir. N.Ostroumow akademiýada okan döwründe atlary Russiýada belli alymlar Nikolaý Iwanowiç Ilminskiý, Ýefim Aleksandrowiç Nalow, Gordiý Semenowiç Sablukow ýaly halypalardan tälim alypdyr. Okap ýörkä halypasy Ýe.A.Malowyň maslahat bermegi bilen Rabguzynyň «Kysasyl-enbiýa» atly eserini arapçadan ilkinji gezek rus diline terjime edipdir. N.Ostroumow arap we türki dillerine suwara bolupdyr. Onuň ylma bolan güýçli başarnygyna göz ýetiren G.S.Sablukow öz şägirdine aýratyn bir mähirlilik bilen garapdyr. Ýeri gelende aýtsak, professor G.S.Sablukow Gurhany asyl nusgasyndan rus diline terjime eden ilkinji adam hasaplanylýar. 1870-nji ýylda N.I.Ilminskiý öz zehinli okuwçysyny ýaşy birçene baran adam G.S.Sablukiw bilen tanyşdyrypdyr. Olaryň gatnaşygy Ostroumow 1877-nji ýylda Kazandan gaýdýança ysnyşykly dowam edipdir. Ostroumow öz mähriban halypasyna «Atam» diýip ýüzlenipdir. Pähim-paýhasly, ýokary adamkärçilikli, örän sada we ýönekeý bu adamdan ol ylma wepalylygy öwrenipdir. «Şu işe baş goşduňmy, indi ony soňuna çenli äkit. Ýapyşan işiňe yhlas et. Durmuşda her hil göwnüçökgünlige ýüz uraýma. Ýürekden ýapyşsaň, bitip galmajak iş bolmaz» diýip beren öwüt-ündewleri, ýaş Ostroumowyň durmuşdaky ýörelgesi bolupdy. Ylym atasynyň öwüt-ündewlerine wepaly bolan Ostroumow öz ömrüni manyly ýaşap, özünden soňky nesle az ylmy-edebi miras goýmandy. Şol mirasyň bir bölegi hem onuň türkmeniň beýik şahyry Magtymguly hakda ilkinjileriň hatarynda bitiren hyzmatlarydyr. Ykbal N.Ostroumow 1877-nji ýylda Orta Aziýa, has takygy, Daşkent şäherine getiripdir. 1879-njy ýyldan ülke halk magaryf inspektory, mugallymçylyk seminariýasynyň direktory, 1889-njy ýylda erkekler gimnaziýasynyň direktory ýaly wezipelerde işläpdir. 1883-nji ýyldan 1917-nji ýyla çenli hem «Turkmenskaýa tuzemnaýa gazetine» redaktorlyk edipdir. Gazet Türküstan wedomostlaryna goşmaça hökmünde kiçi möçberde, başda gyrgyz we özbek dillerinde çap edilýän eken. Şeýle gazetiň 1870-nji ýyldan çap edilip başlanmagy hem gyzyklydyr. 1883-nji ýylda Türküstan general-gubernatorynyň buýrugy esasynda gazete redaktorlyk etmek N.Ostroumowa tabşyrylypdyr. Gazet hepde-de bir gezek iki dilde – özbek hem rus dillerinde 500 nusgalykda neşir edilipdir. 1890-njy ýylda gazetiň okyjylarynyň sany 615-e ýetipdir. Gazet diňe bir Türküstana ýaýraman, eýsem onuň Russiýada-da okyjylary bolupdyr. Mysal üçin, Peterburgda 5, Omskide 1, Kazanda 3... abunaçysy bar eken. Tejen stansiýasynda bu gazete 2 adam ýazylypdyr. Redaktor hökmünde N.Ostroumow hemişe görelde bolupdyr. Gazetiň okyjylarynyň söýgüsini gazanmak maksady bilen, onuň başlangyjy bilen Türküstanyň taryhy bilen baglanyşykly gyzykly materiallar çap edilipdir. Çingiz hanyň, Timuryň durmuşlary, olaryň gandöküşikli söweşleri hakynda, gadymy Samarkandyň geçmişi, Türküstanda ýaşaýan halklaryň taryhy, şeýle hem Hindistan, Hytaý bilen baglanyşykly makalalardyr oçerkler yzygiderli berlip durlupdyr. Ýazgymyzyň başynda belleýşimiz ýaly, 1907-nji ýylda N.Ostroumowyň taýýarlamagynda türkmen şahyry Magtymguly Pyragy hakynda gazetde makala peýda bolupdyr. N.Ostroumowyň Magtymguly bilen ýörite gyzyklanmagy tötänden däldir. Muňa esas bar. XX asyryň birinji onýyllygynda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasynda Zakaspiden baran oglanlaryň birnäçesi şol seminariýada okapdyrlar. Seminariýaçylar Muhammetguly Atabaýew, Gaýgysyz Atabaýew bilen Nikolaý Petrowiç Ostroumow gowy gatnaşykda bolupdyr. Musulman dünýäsiniň taryhy we Türküstanda magaryfyň ýagdaýy barada birnäçe kitabyň awtory bolan N.Ostroumow özüniň ylmy işleri üçin maglumat ýygnamaklyga seminariýanyň zehinli diňleýjileriniň birnäçesini, şol sanda Muhammetgulyny hem gatnaşdyrypdyr. Ynha, biziň elimizde 1906-njy ýylda Russiýanyň halk magaryf ministrliginiň žurnaly. Žurnalda N.Ostroumowyň «Türküstan ülkesinde halk magaryf, musulman mekdepleri we rus-ýerli ilat mekdepleri» diýen makalasy çap edilipdir. Şol makala goşmaça hökmünde bolsa M.Atabaýewiň rus dilinde ýazylan «Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň mekdepleri» hemem Baýşamyrowyň «Syrderýa welaýatynyň gyrgyz ilatynyň mekdepleri» atly makalalary ýerleşdirilipdir. Şu ýerde biz M.Atabaýewiň seminariýanyň başga bir mugallymy Merkulowiç bilen hem gatnaşykda bolandygyny ýaňzydasymyz gelýär. Seminariýany 1907-nji ýylda tamamlap, Zakaspä gaýdan M.Atabaýewe Merkulowiç şeýle mazmunda hat ýazypdyr: «Häzirki pursatda biz agyr pursaty başdan geçirýäris. Siz makalalara syn edýärsiňizmi ýa-da syn edeňzokmy, bilmeýärin, ýöne welin syn edýän bolsaňyz, meniň bilen hökman yalaşarsyňyz. Hatda gazetleri-de okasyň gelenok. Hemme ýerde reaksiýa heşelle kakýar. Şeýle ýagdaýyň uzak dowam etmeginden Hudaý saklasyn. Syýasy wakalar hakynda-ha asla ýazybam durjak däl, munuň özi örän uly tema bolansoň, bu hakda Siziň bilen geljekde duşuşan mahalymyz gürrüňleşeris». Orta Aziýada ýaşaýan halklaryň däp-dessury, din-ygtykaty, halk döredijiligi, şahyrlary bilen yzygider gyzyklanan bu ugurda birnäçe işleri eden N.Ostroumowyň türkmenler bilen gyzyklanmazlygy asla mümkin däl. Özbek halkynyň türkmeniň parasatly ogly Magtymgula uly sarpa goýup, onuň şygyrlaryny okap, aýdymlaryndan ganman diňländikleri hakykat. Mundan N.Ostroumowyň habarly bolandygy hem gümürtiksizdir. Ýöne onuň Magtymguly Pyragy we başga türkmen şahyrlary hakdaky gerekli maglumatlary Muhammetguly we Gaýgysyz Atabaýewlerden toplandygyny hem gümansyratmaýarys. Soň N.Ostroumow beýik şahyr baradaky maglumatlaryny çuň öwrenmek bilen, has kämil görnüşinde onuň goşgularyny arap elipbiýinde türkmençe kitapça edip çykardylar. Ýokarda belleýşimiz ýaly, bu waka 1911-nji ýyla degişli. Kitabyň neşir edilmegi Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar üçin giň ýol açypdy. Has takygy, ýol görkeziji bolup hyzmat edipdi. Ýene-de bir ýagdaý, şol gürrüňi edilýän döwürler gündogary öwrenijiler tarapyndan türkmen edebiýatynyň wekilleri dogrusynda maglumat toplamaga, olaryň döredijiligini öwrenmäge girişilen döwür bolupdy diýsek öte geçmeris. Bu babatda edebiýatymyzy öwrenmekde köp hyzmat bitiren A.N.Samoýlowiçiň adyny agzap geçmek gerek. Ol 1906-njy ýylyň sentýabrynda Maryda Molla Sabyr diýen adam bilen bilelikde Körmollanyň terjimehalyny we 17 sany goşgusyny onuň hut özünden ýazyp alypdyr. Şol maglumatlar esasynda A.N.Samoýlowiç «Turkmenskiý poet – bosýak Ker-Molla i ego pesni o russkih» diýen makalasyny ýazypdyr. Makalada şahyryň esasy sypaty barada «ol paýhasly, ýiti akylly, şerebeli dilli adamdy... Şahyr hökmünde Körmollanyň kesbi-käri öwgüli, taryplap arşa çykaryjy ýa-da kötekleýji aýdymlary, satiralary düzmekdir» diýip, Sankt-Peterburgda neşir edilen «Žiwaýa strana» žurnalynda (1907-nji ýyl) ýazypdyr. Edil şol ýylda, Ostroumowyň hem Samoýlowiç ýaly türkmen edebiýaty dogrusynda söz açmagy aýratyn gyzyklydyr. N.P.Ostroumowyň özbek halkynyň etnografiýasyna degişli kitabynyň birinji goýberilişi 1890-njy ýylda Daşkentde neşir edilipdir. Kitapda halkyň taryhyna umumy häsiýetnama berlipdir. Halkyň aýry-aýry görnükli wekilleri hakda gürrüň edilmegi kitabyň ähmiýetini artdyrypdyr. Setdar han Abdylgaparowyň ýatlamalary, täjir Mürze Buharin Mürze Abdulliniň Harkow, Moskwa, Peterburga eden syýahatlary dogrusynda ýazylypdyr. Kitabyň ikinji goýberilişi 1892-nji ýylda neşir edilipdir. Munda halk ertekileriniň 26-sy ýerleşdirilipdir: «Han we ogry», «Üç kör», «Kempir we gyz», «Hyrs pälwan» we başgalar. Kitabyň üçünji goýberilişi 1895-nji ýylda çapdan çykypdyr. Onda nakyllaryň we matallaryň ýüzlerçesi toplanylyp, okyjylara hödürlenipdir. Häli-bu güne çenli bu nakyllaryň, atalar sözüniň... gyzylyň gyryndysy ýaly edilip saklanmagynda N.Ostroumowyň kitabynyň ähmiýetlidigi öz-özünden düşnüklidir. Nikolaý Petrowiç bulardan başga-da rus edebiýatyny ýerli ilatyň arasynda ýaýmakda-da köp iş bitiren adam. L.N.Tolstoýyň birnäçe eserini, A.S.Puşkiniň «Altyn balyk hakynda ertekisini» özbek diline geçirip, ony kitap görnüşinde neşir etmegi hem ýatlanylmaga mynasypdyr. Ýa bolmasa, «Gadymy Müsüriň gysgaça taryhy», «Kolumbyň durmuşy», «Dünýäniň geografik kartasy», «Tebigat geografiýasy hakynda hekaýalar» we ş.m. atly kitaplaryň özbek diline geçirilip, neşir edilmegi hut Nikolaý Petrowiç N.Ostroumowyň galamyna degişlidir. Şu zatlary gysgaça ser salanyňda-da bu adamyň niçiksi ýadawsyz bolandygyna, onuň sowadynyň ýetikdigine, düşünjesiniň her taraplaýyndygyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. Hawa-da, adama zehin berlende şeýle bolýar-da! Nikolaý Petrowiç bolsa zehinini işledip bilen hyjuwly we gaýratly adam bolupdyr. Elbetde, çaklaňja bir makalanyň çäginde N.Ostroumowyň bize galdyryp giden uly ylmy mirasy hakynda doly gürrüň etmek kyn. Biz onuň eden käbir işlerine syn etdik. Baryp-ha, ýüz ýyl mundan öň biziň parasatly atamyza sarpa goýup, oňa tagzym eýlän ýönekeýje ylym adamsyny ýatlamak özümiziň borjumyz hasapladyk. N.Ostroumow uzak ömür sürüpdir. Ol 1846-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Tambow oblastynyň Sasowe obasynda doglupdyr. 1930-njy ýylyň 17-nji noýabrynda hem Daşkent şäherinde, has takygy, doglan gününden iki güni geçirip, 84 ýaşynda aradan çykypdyr. Onuň doglan gününe hem üstümizdäki ýylyň noýabrynda 165 ýyl dolýar. «Edebiýat we sungat», 18.11.2011. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |