14:07 Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwri barada | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝAŞAN DÖWRI BARADA
Magtymgulyny öwreniş
Kärim matematika mugallymy bolsa-da, sähel wagt tapsam sözler ummanyndan dür deýin sözleri saýlap, dür monjugyndan daglar döreden hezreti Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny öwrenmek, onuň syrly setirleriniň manysyny çöşlemäge synanyşmak, rowaýatlar ummanynda başardygymdan kürekläp ýüzmek, Magtymgulynyň ömür beýany barada oýlanmak meniň üçin gyzykly we lezzetli pişe. Hut şeýle bolansoň soňky döwürde mende bu akyldar barada ýazmak höwesi döredi. Şu maksat bilen bassyr 5 ýylyň dowamynda 50-den gowrak kitaby, gazet-žurnaly okadym. Olarda aýdylýan maglumatlary, rowaýatlary we hezreti Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ulanyp “Magtymguly Ýonaçy, Döwletmämmet Azady we Magtymguly Pyragy barada şygyrly kyssalar” atly kitap taýýarladym. Bu kitapda Magtymguly Ýonaçy, Döwletmämmet Azady we Magtymguly Pyragy barada şygyrly kyssalary jemlemäge synanyşdym. Kitaby başardygymça dessan dilinde ýazmaga çalyşdym. Kitap 20 şahadan ybarat bolup 315 sahypadan ybarat. Men bu kitap barada pikirini bilmek maksady bilen kitabyň ilkinji 5 şahasynyň elektron wariantyny “Garagum” žurnalynyň redaktory Osman Ödä iberdim. Ol maňa: “Bu iş biziň baha bererimizden uly zat. Siz Medeniýet Ministrligine ýüz tutuň” diýdi. Şonuň yzysüre “Edebiýat we sungat” gazetiniň 17.01.2014-nji ýyldaky sanynda “Üns beriň bäsleşik” ady bilen bäsleşik yglan edilýändigi barada bildiriş çap edildi. Bu bäsleşigi Türkmenistan Medeniýet Ministrligi we Türkmenistan Neşirýat gullugy geçirdi. Kitabyň bir nusgasyny bu bäsleşige hödürledim. Olar bäsleşikde dessan žanryna seredilmeýändigini aýtdylar. Edilen işe “Dessan dilinde ýazylan ylmy iş” diýip baha berdiler. Häzir kitabyň nusgasy şahsy kompýuterimiň ýat ulgamynda saklanýar. 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda paýtagtymyz Aşgabatda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Maňa bu ylmy maslahata gatnaşmak bagty miýesser etdi. “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly kitabyň 241-nji sahypasynda bolsa “Magtymgulynyň döredijiligi we Gündogar rowaýatlary” atly makalamy türkmen dilinde, soňky sahypalarda rus, iňlis dillerinde çap etdiler. Ine, şu öwrenen maglumatlarym esasynda Magtymgulynyň ýaşan döwri hökmünde 1724-1807-nji ýyllaryň saýlanyp alynmagynyň sebäbini beýan edesim gelýär. Turuwbaşdan mekdepde ulanylýan edebiýat dersinden okuw kitaplarynda goýberilen säwlikler barada durup geçeliň. Häzir döwlet derejesinde Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwri diýlip 1724-1807-nji ýyllar ykrar edildi. Emma bu sene häzirki orta mekdepde edebiýat dersinden ulanylýan VII synp üçin okuw kitabynda (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2008ý, 174 sah) 1733-1791-nji ýyllar, IX synp üçin okuw kitabynda (Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2009ý, 32 sah) 1733-1783-nji ýyllar diýlip görkezilipdir. Bu nädogry maglumatlar, säwlikler indiki neşirlerde düzediler diýen umydymyz bar. 1724-nji ýyl - Magtymguly Pyragynyň doglan senesi. Bu sene barada dil we edebiýat ylymlarynyň doktory Annagurban Aşyrowyň çapa taýýarlan Magtymguly (Goşgular, Aşgabat, 2010 ý, Türkmen döwlet neşirýat gullugy) atly kitabyna ýazan sözbaşysynda (6 sah) şeýle diýilýär: Ýekeje mysal. Magtymguly "Çowdur han üçin“ atly goşgusynda Çowdur hanyň “Ahmet patyşadan habar almaga” gidendigini ýazýar. Ahmet şa bolsa Maşada iň soňky gazek 1769-1770 –nji ýyllarda gelýär. 1772-nji ýylda dünýäden ötýär. Eger Magtymguly 1733-nji ýylda doglupdyr diýsek, onda ol 1770-nji ýylda 36-37 ýaşlarynda bolýar. Ahmet şadan habar almaga giden Çowdur hanyň ykbaly ters gelýär. Magtymguly onuň ölümine bagyşlap ýazan ”Çowdur han” atly şygryny şeýle tamamlaýar: Magtymguly, uçdy ol algyr guşum, Arkadagym, eziz syrdaş, gardaşym, Many saça bilmez çalaran başym, Büräp aldy ony duman, Çowdur han. Eger ”Çowdur han” atly goşgyny şahyr başynyň çalaran mahaly, has takygy, gartaşan mahaly döreden bolsa, onda bu goşgy şahyr orta ýaşdan geçensoň, iň bolmanda 45 ýaş töwereginde ýazylan bolmaly. Çünki ”Many saça bilmez çalaran başym” diýen setir muňa berk tutaryk bolýar. Şu we şular ýaly käbir beýleki deliller Magtymguly, takmynan, 1724-nji ýyllarda doglupdyr diýip çaklamaga esas berýär. Magtymguly Pyragynyň şejerede we birnäçe Magtymguly baradaky makalalarda Magtymguly Ýonaçynyň ýaşan döwri 1656-1720-nji ýyllar diýip görkezilýär. Käbir okuw kitaplarynda bolsa Magtymgulynyň doglan senesini 1733-nji ýyl diýlip görkezilýär. Eger şu sene dogry diýlip hasap edilse, onda “Döwletmämmet Azady öz kakasynyň adyny näme üçin 13 ýyllap dakman goýduka?” diýen kanuny sorag ýüze çykýar. Sebäbi türkmen halky öz aradan çykan her bir şahsyýetini uzaklaşdyrman adyny dakmak bilen hatyralaýar. Hut şonuň üçin hem bu sene köp wagtlap dogry hasaplanan hem bolsa esassyz, nädogry hasaplanylýar. Halk arasynda ýaýran gürrüňe görä Magtymguly 1807-nji ýylyň Oraza aýynyň onuna, 83 ýaşy dolup, 84 ýaşynyň içindekä, ölmänkä şu goşguny düzüpdir: Orazaň onuna kazamyz doldy, Il-ulsumyz bizi görmäge geldi, Ähli ilatymyz ýygylyp galdy, 84 ýaşymda gitmeli boldum. Şu şygyr Milli Golýazmalar institutynyň 1633-nji bukjasynda saklanýar. Ol 1941-nji ýylda Sopy Amanowyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Bu goşgyny Magtymguly däl-de başga biri Magtymgulynyň ölümine gynanyp düzen bolmagy hem mümkin. Şeýle bolanda hem ol Magtymgulynyň aradan çykan senesi barada takyk maglumat berýänligi bilen ähmiýetlidir. Ine, şu maglumatlar hem Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni 1724-1807-nji ýyllar diýip kesgitlemäge berk esas berýär. Hut şu sebäbe görä hem bu sene döwlet derejesinde ykrar edildi. Hut şu sebäbe görä hem dünýä derejesinde Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçildi. 2014-nji ýyl bolsa “Magtymguly ýyly” diýlip yglan edildi. Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |