21:06 Magtymgulynyñ Meñlisi | |
MAGTYMGULYNYŇ MEŇLISI
Teatr we kino sungaty
Çagalyk döwrümizde ejem her gezek belli artist we kinorežissýor Alty Garlyýewiň surata düşüren «Magtymguly» atly çeper filmi görkezilerdi welin, «Hany, ýuwaş boluň, Güljan daýzaňyzy görkezýärler» diýip, biziň ünsümizi mawy ekrana çekerdi. Şol ümsümlik tä çeper film gutarýança dowam ederdi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän çeper film tamamlanandan soňra, ol: «Wah, Güljan pahyr, gezip ýörseň bolmaýarmy?» diýip, gözüniň ýaşyny gizlemäge çalşardy. Men ol wagtlar 14-15 ýaşly gyzdym. Ejemiň obadaşymyz Güljan Döwletmyradowa baradaky soňlanmajak aýdyma çalymdaş ýakymly ýatlamalary meni ýaşan gysga ömründe milli kino sungatymyzyň taryhyna giren «Magtymguly» atly çeper filmde beýik şahyrymyzyň söýgülisiniň — Meňliniň keşbini ussatlarça janlandyrmagy başaran obadaşymyz baradaky täsin gürrüňleriň, söhbetleriň, ýakymly ýatlamalaryň ýumagyny çözlemäge atarardy. Öýümizde saklanylýan maşgala arhiwimizde ejem bilen Güljanyň bile düşen suratyny elimden düşürmän diýen ýaly synlamak endigime öwrülipdi. Her gezek şol suraty synlanymda, onuň owadan keşbi meni ýene-de ol baradaky ýakymly ýatlamalaryň jümmüşine alyp gidýärdi. Şol sebäpli men bu owadan gyz barada içginden-içgin gyzyklanyp, ony ýakyndan tanan birnäçe adamlar bilen duşuşmagy müwessa bildim. Güljan Döwletmyradowa 1948-nji ýylyň güýzünde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Purnuwar obasynda doglupdyr. Mekdepde okan döwri dürli gurnaklara uly höwes bilen gatnapdyr. — Güljanyň ýakymly sesi bardy. Ol aýdym-sazyň aşygydy. Güljan oba- myzyň iň owadan gyzlarynyň biridi. Ol sport çärelerine-de ilden öňürti gatna- şardy. Özara gürrüňdeşlikde ol maňa: «Meniň ýeňil atletikaçy ýa-da aktrisa bolasym gelýär» diýip, kalbynda besleýän ak arzuwlaryny aýdardy. 1965-nji ýylda ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýatfakultetine okuwa girdi. Gysga wagtyň içinde belent adamkär- çiligi, zehini bilen köplere özüni aldyran oba gyzyny beýik şahyrymyz Magtym- guly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän çeper filmde baş gahrymanyň — Meňliniň keşbini döretmek üçin saýlap alýarlar. Bu waka diňe Güljan üçin bolman, eýsem, biz üçin hem ýatda galyjy, buýsançly wakalaryň biri bolupdy. Çagalygymyz bile geçip, syr alyp, syr berşen boýdaşymyň dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň söýgülisi Meňliniň keşbini kino sungatynda janlandyrmagy bizi diýseň tolgundyran wakalaryň biridi. Sözüň doly manysynda, ol obamyzyň buýsanjyna öwrüldi — diýip, Güljanyň ýakyn joralarynyň biri, meniň käbäm Nurgözel Hojaberdiýewa tolgunmak bilen gürrüň berdi. Meniň Güljan Döwletmyradowany ýakyndan tanan adamlar bilen duşuşmak, gürrüňdeş bolmak isleg-arzuwym onuň mekdepde bile okan synpdaşy Ogulbike Durdyýewanyň ýanyna alyp bardy. Häzir Ogulbike daýza Serdar şäherindäki Garry Kulyýew adyndaky 4-nji orta mekdepde mugallym bolup işleýär. Ol: — Men bir özümi dürsäýin — diýip, tolgunýandygyny gizlejek hem bolmady. Az-kem özüni dürsänden soň, tolgunmak bilen söze başlady: — Biz Güljanlar bilen goňşy ýaşaýardyk. Ikimiz ýaşytdaş, günde-günaşa dürli oýunlara güýmenip, wagtyň nähili geçendigini hem duýman galýardyk. Ol mähir-muhabbete ýugrulan, ýumşak häsiýetli gyzdy. Ata-baba goňşy bolup ýaşamyzsoň, biri-birimizden aýry zadymyz ýokdy. Ol günde-günaşa öýümize gelip kakama «Görogly», ejeme «Agaýunus peri» diýip, degişme bilen ýüzlenerdi. Onuň degişmesine ejemdir kakam mähir bilen ýylgyrardylar. Men boýdaşymyň degişgendigine, onuň dürli degişmeler, şorta sözler bilen köpleri ýylgyrmaga mejbur edip bilýändigine geň galardym. Pyýala gözli, nogta gara saçly, ýüzi gülüp duran jorama içgin syn edip, öz ýanymdan: «Güljan nädip hemişe şadyýan bolup bilýärkä?» diýip oýa batýardym. Onuň «Magtymguly» atly çeper filmde Meňliniň keşbini döredýändigini eşidip, özünden beter begendim. Zehinli artist we kinorežissýor Alty Garlyýewiň müňlerçe gyzlaryň içinde diňe Güljany saýlap alandygyna guwandyk. Bu çeper film tomaşaçylara görkezilenden soňra, biz hem Güljanyň kino sungatynda janlandyran keşbini synlamaga höwesek bolduk. Arzyly gün ýetip geldi. Oba medeniýet öýünde bu çeper filmiň görkezilýändigi barada habar ýaýrady. Obadaşlarymyz bolup, çeper filme tomaşa etdik. Ony ýakyndan tanan adamlaryň ýakymly ýatlamalary meni diýseň tolgundyrdy. Men obamyzyň gözel gyzy baradaky ýatlamalaryň has köp bolmagyny isläp, ýene-de ony ýakyndan tanan adamlaryň gözleginde boldum. Maňa onuň jigisi Ogulhally Mämiýewa bilen duşuşmak miýesser etdi. — Mende Güljanyň «Magtymguly» atly çeper filmde Meňliniň keşbini döredende maňlaýyna daňan öýme ýaglygy bar. Ynha, ol ýaglyk. Edil düýn satyn alnan ýaly. Her gezek şu ýaglygy elime alanymda, Güljan gelägede, ony ýene-de maňlaýyna daňaýjak ýaly, täsin duýgy serime dolýar. Men bu ýaglygy öz mähriban doganymdan ýadygärlik hökmünde saklaýaryn. Ol talyplyk döwri maňa hat ýazmagy gowy görerdi. Onuň maňa iberen gutlag hatam bar. Üstünden elli ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, bu hat edil düýn-öňňin ýazylan ýaly bolup dur. «Mähriban jigim Ogulhally! Men seni baýramçylyk bilen gutlaýaryn, seniň geljekde ene-ataňa, öz halkyňa, öz Watanyňa wepaly we gaýratly gyz bolup ýetişmegiňi arzuw edýärin. Arzuw bilen doganyň Güljan. 1967-nji ýyl. 7-nji noýabr» — diýip, dogany barada gürrüň berdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa artistlerimiz, ussat bagşy-sazandalarymyz aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolýarlar. Şeýle hormat-sarpa mynasyp bolýan ussatlaryň arasynda milli kino sungatymyzyň taryhyna giren «Magtymguly» atly çeper filmde akyldar şahyrymyzyň kalbyny eýelän Meňli gyzyň keşbini ilkinji döreden Güljan Döwletmyradowa hem bar. Gunça ARAZJANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |