21:19 "Maña-da..." / satiriki hekaýa | |
"MAÑA-DA..."
Satiriki hekaýalar
- Ýoldaşlar! - diýip, edaranyñ direktory otagyna ýygnanan on iki adamdan ybarat kollektiwine ýüzlendi. - Özüñiz bilýäñiz, ýurdumyzda işler üýtgedilip gurulýar. Döwre biziñem sesimizi goşmagymyz gerek. Beýtdigimiz işimiziñ has-da ilerlemegine ýardam berer. Edaramyzda düzgün-tertibiñ mundan beýläk-de has pugtalanmagy üçin, direktory ownuk işler bilen bimaza edip durmazlygyñyz üçin işgärleriñ işinde, strukturasynda käbir üýtgeşmeler girizýäris. Şol täzelikler şeýle: ýagny, özüme iki sany orunbasar belleýärin. Bir sany jogapkär sekretar, ol siziñ işiñize kontrollyk eder. Galanlaram näme, bölüm müdirler hem-de iki sany ýönekeý işgärler. Ine, gördüñizmi, şeýle bolanda direktoryñ işi ep-sli ýeñleşjek. Aýdaly, işgärleriñ birisi gerek bolsa, öñkülerim ýaly alada galyp durmaryn. Orunbasarymdan talap ederin, ol hem sekretardan sorar. Sekretar hem bölüm müdiriniñ ýakasyndan tutar. Soralan işgärem şolaryñ üsti bilen gaşyma geler. Görýäñizmi, üýtgedip gurmagyñ peýdalydygyny! Indi öñküler ýaly edaranyñ bar ýüki meniñ üstüme ýüklenjek däl, ähliñiz üçin men ylgap ýörmeli bolmaryn. Heriñiziñ öz ýolbaşçylaryñyz bolar. Şeýlelikde düzgün-tertibem pugtalanar, işiñ öndürujiligem artar - diýip, direktor bir sägindi-de oturanlara birlaý göz aýlady. Soñam bogazyny arçap, sesini batlandyrdy: - Soragyñyz barmy? - Soragymyz-a, ýok, ýöne haýyşymyz-a bar! - diýip, gapynyñ agzynda oturan maşinistka gyz öýkeli gürledi. - Maña-da bir işgär beräýseñiz!.." Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |