11:42 Mañlaýy hatly / satiriki hekaýa | |
MAÑLAÝY HATLY
Satiriki hekaýalar
Ýusup Täjowyň üýtgeşik bir pelsepesi bar. Durmuş barada gürrüň edilende ol şeýle diýýär: «Adam dünýä inmezinden 300 ýyl öň perişdeler üýşüp, şol doguljak çaganyň rysgyny, umuman ähli görjek gününi, öňünden şol ynsanyň çat maňlaýyna ýazýarmyşlar. Şol ýazgydan çykyp, hiç kes hiç hili hereket edip bilmez». Ine Ýusubyň mydama tekrarlaýan pelsepesi şu. Biz oňa beýle warsakyňy kime aýtsaň şoňa aýt diýip bileris. Ýöne geliň, öz hyýalymyzda Ýusubyň pelsepesi dogry diýip göreliň. Şonda nähili bolarka? Baryp 300 ýyl mundan öň, ýagny ХVII asyryň başlarynda arşyň üstünde perişdeler üýşdüler. Uly maslahat edildi. ― Hormatly adamlar... wiý, bagyşlarsyňyz, hormatly perişdeler, şu günki ýygnanyşygymyzyň esassy sebäpkäri Ýusup bolmaly ― diýip, Azazyl perişde söze başlady. ― Ötüki, ol Ýusubyň kim? Ýusup pygambermi ýa Zylyhanyň aşygy Ýusupmy? ― diýip, Harut perişde Azazylyň sözüni kesdi. ― Meniň diýýänim ol Ýusuplar däl. Baýramaly şäherinde Ýusup Täjow diýen birini ХХ asyryň başlarynda dünýä indermeli boljak. ― A-haw, Azazyl han, Ýusuby dünýä indermeziňden öň ilki N şäherini döretmeli, soňra Ýusubyň kakasy Täjini dünýä indermeli ― diýip, Marut perişde aýtdy. Perişdeler 300 ýyllap üýşüp-çaşdylar. Ýusubyň ähli görjek gününi onuň maňlaýyna ýazdylar. Ýöne welin, şol ýazylan hatlary seredäýeňde görüp bolanok-da. Ol hatlar süňk bilen deriniň arasynda owunjak, şikeste harplar bilen ýazylypdyr. Geliň, indi Ýusubyň maňlaýyna ýazylan hatdan parçalar çap edeliň. Ýazylan zat köp, emma maňlaý bolany üçin sözler gysgaldylypdyr. «Ýu. N şäh...niň N köç... 2-nji j. ýaşamaly. R-n alyj. jemg-iň iýmit kärh-nyň 6-njy nahar-da, st. aşpez bolup işlemelidi. Ol gaty doýmaly. Emma oňa hiç kim sen dok, onuň towugyna hiç kim tok diýmeli däl. Ýusup naharhanadan düşen pullary öz haýryna sowubermeli. Şol puldan öýi üçin haly, telewizor, garnitur ýaly zatlar almaly. ― Beýle bolsa telewizory hem oýlap tapmaly boljag-ow ― diýip, perişdelerden biri blaknotyna bellik etdi. Netijede, Ýusubyň rastratasy 4768 manat bolmaly. Perişdeler». Eger rentgeniň we elektron mikroskopynyň kömegi bilen maňlaýdaky haty okap bolýan bolsady, onda Ýusubyň täsin takdyry dodagyňy dişläp, başyňy ýaýkamaga mejbur ederdi. Bu adam nahara atylmaly kartoşkany bazarda satýar. ― Näme üçin seniň kartoşkaň kilosy 41 köpükden? ― diýip, müňkür bolýanlara onuň jogaby nagt. ― Bu kartoşka naharhana üçin berildi ― diýip, Ýusup jogap berýär. Ol 2 tonna 870 kilogram kartoşkany satyp hem haýyr görmeli hem ony arassalap, nahar bişirmegiň hossasyndan dynmaly. Ýusup Täjowyň pelsepesi boýunça maňlaýa hat ýazylýany çyn bolsa, onda onuň maňlaýy at gaýtarym meýdan bolaýmasa, onuň diňe bir pyssy-pyjurlygam ýerleşjek däl. Ol öň çişlik satardy. Bir gezek biz ondan çişlik aldyk. ― 3 manatjyk, ýekeje üşlüjek beräý ― diýip, şonda Ýusup başam barmagyny süýem barmagyna sürtdi. Bizem üşlügi uzatdyk. ― Hany, bize berjek gaýtargyň? ― Näme, bu ýeri nas satylýan bazardyr öýdýäňmi? Menden size gaýtargy bolmaz. ― A-haw, halypa, biziň alan çişligimiz 1 manat 87 köpük bolmaly. ― Be-hek, diýmek, men her kimden 1 manat 13 köpüjek artyk alýan-da? ― Hawa, bary-ýogy 1 manat 13 köpük. ― Hah-hah-ha-a, diýmek, meniň bokurdagymy ussa Haýty deşmändir, pena deşipdir, çagalarymyňam rysgyny şol gudraty güýçli ýazypdyr. Diýmek, etjek alajyňyz ýok. ― Halypa, biziňem maňlaýymyza seni barlap, felýeton ýazmak ýazylan bolaýmasyn? ― Onda meniň maňlaýyma-da çişligiň simini taşlap, naharhananyň kartoşkasyny gymmat bahadan güzledibermek ýazylandyr, hah-hah-ha-a... Gepiň gysgasy Ýusup Täjow ýaly alarman-ýolarman adamlaryň maňlaýynyň daş ýüzüniň görnükli ýerine: «Bular ýalylara söwdada orun ýokdur» diýip ýazaýjak adam tapylmazmyka?! Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |