06:46 Mary - Myralynyñ mesgen-mekany | |
MARY – MYRALYNYŇ MESGEN-MEKANY
Edebi makalalar
Gündogaryň beýIk söz senetkäriniň biri Alyşir Nowaýynyň türkmen halkynyň arasyndaky mertebesi barada gürrüň edip türkmen sowet edebiýatynyň klassygy Berdi Kerbabaýew şeýle ýazypdyr: «Myralyny –Nowaýyny türkmen halky özüniň klassygy hökmünde söýerdi. Sowat çykmak üçin mekdepde okalýan esasy kitaplardan biri Nowaýynyň lirikasy-gazallary bolardy. Sowatly, düşünjeli adamlar öz töweregine diňçileri üýşürip, onuň gazallaryny, «Hamsasyny» hepdeläp okardylar. Nowaýynyň gazallary sazlarda, aýdymlarda ýaňlanardy. Şol aýdymlar henize çenli hem bagşylaryň agzyndan düşenok, bagşylar adatçaçak gijäniň aýdym-sazyny Nowaýy bilen başlaýarlar». Hakykatdan hem Nowaýynyň türkmen halkynyň ruhy durmuşyna ýetiren täsiri şeýledir. Umuman, Nowaýy diňe bir türkmen halkynyň ruhy küýsegini gandyrmak, özünden soňky döwür türkmen şahyrlaryna çeperçilik görüm-göreldesi bolmak bilen çäklenmändir. Ol öz döwründe türkmenleriň ruhy, syýasy, jemgyýetçilik durmuşynda hem ägirt uly rol oýnan şahsyýetdir. Onuň ykbaly türkmenler, türkmen topragy bilen hem berk baglydyr. Muňa şahyryň şol wagtky Mary şäheri, Mary welaýeti bilen baglanyşykly işleriniň hem eserleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirip bolar. Şahyr ömrüniň ahyrlarynda türki dildäki ähli liriki eserlerini bir ýere jemläp, dört diwandan ybarat «Hazaýynul-maganyý» («Magnylar hazynasy») atly külliýetini düzüpdir. Soň-soňlar «Çar diwan» adymy alan bu külliýetiň her diwany hronologik tertipde düzülip, şahyryň özi olary: 1) «Garaýybus-siger» (Ýaşlyk döwrüniň şygyrlary, 7-8 ýaşdan 20 ýaşa çenli); 2) «Nowadyruş-şebab» (Ýigitlik döwrüniň şygyrlary, 20-35 ýaş aralygy); 3) «Bedaýyl-weset» (Orta ýaşyň şygyrlary, 35-45 ýaş aralygy); 4) «Fawaýydul kiber» (Garrylyk döwrüniň şygyrlary, 45 -60 ýaş aralygy) diýip at beripdir. Şahyr munda ýylyň dört paslyny tymsal alyp, öz ömrüni hem lirikasyny dört döwre bölüpdir. Gyzykly ýeri şahyryň ýaşlyk ýyllarynda ýazan gazallarynyň birisi aşakdaky ýaly setirler bilen başlanýar. Eý saba, gözden uçur Mazendaranyň werdini, Kim kylybmen sürme Merwi – şahy –jahanyň gerdini. Aslynda söýgi duýgulary bilen bagly ýazylan bu gazalyň, şu iki setirinden many alsaň, şahyr gazaly Merwde (Marynyň irki döwürlerdäki ady – A.B.) ýazan ýaly bolup dur. Munuň şeýle bolmagy gaty ähtimaldyr. Sebäbi «Babyrnamada» aýdylyşyna görä, 1456-njy ýylyň oktýabrynda, has takygy şol aýyň başlarynda Nowaýy Soltan Hüseýin Baýkara bilen Maşatda bile bolupdyr. Hut şol aýda hem Soltan Hüseýin Mara gelip, Marynyň hökümdary Sanjar mürzäniň gyzy Bike Soltanbegime öýlenýär. 1457-nji ýylyň alabaharynda bolsa Soltan mürze Maryny Soltan Hüseýiniň ygtyýaryna berýär. Ras şeýle bolsa Nowaýynyň öz dostunyň toýuna gatnaşmagy, soňy bilen hem onuň ýanynda galybermegi bolup biljek zat. Şeýle bolsa hakykatdan hem bu gazal Maryda ýazylan bolup çykýar. Bu şahyryň külliýetiniň düzüliş döwrüne hem gabat gelýär. Şahyr şol wagtlar 16-17 ýaşlarynda bolýar. Şu faktlar bilen bagly ýene bir zalyň üstünde hem durulsa kem däl. Ozaly bilen söýgi hakynda ýazylan şol gazalyň iki setirini diňläliň! Nowaýy türkülerniň terki tutsa aýyp kylmaň kim, Anga bir türkmen mahwaşy gamy mähkäm dolaşypdyr. Gazal şahyryň orta ýaşdaky eserlerini öz içine alýan diwanynda saklanyp galypdyr. Ýönebiziň pikirimizçe, şahyryň bu gazaly hem Maryda, öňdäki gazal bilen bir döwürräkde ýazylan bolsa gerek. Eger diwanda berlişine ynansaň, şygyr şahyryň 35-45 ýaşlaryna düşýär. Emma bu ýaşlar adamyň has kämil ýyllaryna düşýär. Meger şahyryň ilden-günden geçip, «bir türkmen mahwaşynyň gamy bilen mäkäm dolaşan», ýaşlyk söýgi duýgularynyň başbermez bedewe öwrülen ýyllary has öňräk bolmaly. Birinjiden, ömrüni müjerret geçiren şahyr, özüniň tüýs diýen wagtyny ötürip, bu ýaşlarda yşk derdine çolaşmaz. Onuň bu ýaşlary iňňän galagoply geçipdir. Bir tarapdan şahyryň wezirlik aladalary, ikinji tarapdan köşk gapma-garşylyklary onuň başyna düşýär. Şahyr bu ýyllarda Astrabada sürgün edilýär. Ikinjiden, 1476-1486-nji ýyllar şahyryň lirikadan «ýüňi ýetip», epikada ot gorsan ýyllary boldy. Belinskiý Puşkiniň lirikasy hem poemalary barada gürrüň edip «...ýigitlik liriki poeziýa üçin iň gowy wagtdyr. Poema ýaşaýşa we adamlara beletligi talap edýär, häsiýetler döretmegi talap edýär, diýmek belli derejede dramalaşmagy talap edýär» diýip ýazýar. Hakykatdan-da, Nowaýy hem 35-45 ýaşlarynyň aralygynda lirikadan belli derejede ara açyp, şu döwürde özüniň meşhur «Hamsasyny» (bäş poema), käbir beýleki epiki eserlerini dünýä inderdi. Üçünjiden, belli özbek edebiýatçysy Hamit Süleýman köp ýyllar iş edinip, «Hazaýynul-maganynyň» tankydy tekstini düzdi. Onuň siňňin barlaglarynyň netijesinde şahyryň diwanlaryna onuň şygyrlarynyň ýazylyş döwri boýunça anyk tertipde girizilmändigi belli boldy. Mysal üçin, şahyryň 35-45 ýaşlarynda ýazylan hasap edilýän diwanyna onuň ýaşlyk ýyllaryndaky şygyrlarynyň 132-si girizilipdir. Eger şundan ugur alsaň, Nowaýy gürrüňi edilýän şygryny hem ýaşlyk ýyllarynda ýazypdyr. Özi-de şu iki şygryň hörpüne görä, şahyr Maryda ýa bolmasa şol töwereklerde bir türkmen gyzyna çyndan aşyk bolupdyr. Ýöne nähilidir bir sebäplere görä olaryň ýyldyzy duşmandyr. Nowaýy-ýa erür ol şoh türkmen bes tünd, Nowa tilär iseň andin, ýügürme ardyça çoh. Ozaly bilen şahyryň bu ýerde türkmen gözeliniň milli özboluşlylygyny iňňän ussatlyk bilen beýan edýändigini aýtmak gerek. Şahyryň söýen gyzy şoh ýagny, göwnaçyk, alçak. Emma ol edil tez maral ýaly, gaharjaň, sähel bir zat diýseň, gahary gelýär. Şonuň üçin hem şahyr özüne ýüzlenip, eger ondan nowa–söz, wada eşitjek bolsaň, yzyndan köp ýügürip, ýüregine düşme diýýär. Şol bir wagtyň özünde onuň türkmen gözeli meniň söýgime söýgi bilen jogap berer diýen umydy bar. Nowaýynyň bu gazaly hem onuň ýaşlyk ýyllaryna degişli. Onuň biziň öňde gürrüňini eden gazalymyz bilen bir wagtda döredilen bolmagy juda ähtimal. Şu ýerde ýörite bellenmeli bir ýagdaý bar. Şahyr gazallarynyň hiç birinde hem söýen gyzynyň ýerligini, milletini görkezmeýär. Diňe şu gazallarynda ol hiç zady gizlemeýär. Biziň çaklaýşymyza görä, Nowaýy Maryda şol türkmen gyzyna onki süňňi bilen maýyl bolup, ençeme gazallaryny şu ýerde döreden bolsa gerek. Şahyryň Maryny özüne hemişelik mesgen edinesi, şol gyzyň ýanynda hemişelik galasy gelýär. Bu şahyryň başga bir gazalynda şeýle beýan edilýär. Mesgenim hijranda boýasa erdi Merwi-şahy-jahan, Bergeý erdi hyjrydan ölsem, tenimge şahy-jan. Taryhy çeşmeler boýunça 1498-nji ýylyň güýzünde Hüseýin Baýkaranyň iki ogly Maryda hem Abywertde (Häzirki Kaka raýonyňda ýerleşen şäher – A.B) gozgalaň turuzýar. Soltan Hüseýin şol ýylyň 9-njy dekabrynda Hyratda Nowaýyny hem-de käbir beýleki ynamdar adamlary galdyryp, Mara garşy ugraýar. Ol Maryny 3-4 aýlap gabawa salýar. Teý ahyry soltanyň ogly Abulmuhsin kakasy bilen ýaraşyk baglaşmaga mejbur bolýar. Gabawdan soňky ahwalaty akademik W.W.Bartold şeýle häsiýetlendirýär. «1499-njy ýylyň alabaharynda Mir Alyşir Mara tarap ýola düşdi. Saragtyň sebitlerinde eýýäm ýaraşyk baglanyşylandygyny eşitdi. Galyberse-de, şazadanyň haýyşy bilen Mara gelen inisi Derwüş Aly hem oňa gatnaşypdyr. Basym Soltan Hüseýiniň özi hem Saragta geldi, Mir Alyşir onuň bilen Bezirgendepede duşuşdy». Biziň bu zatlary ýatlamagymyzyň öz sebäbi bar. Ýöne munuň üçin şahyryň aşakdaky setirlerine ser salyp görmelidiris. Tä bakyp Merw sary baş uraýyn, Başny gök menzerinden aşyraýyn. Sanjary mülküge bolgam warys, Sanjary sanyýu belkim salys. Ýady birle tutaý özümni bir dem, Bu gamabat jahanda horram. Şahy Abulmuhsin ferruh diýdar, Ömri ile döwletinden berhurdar. Bu setirler şahyryň türki dildäki lirikasynda ýeke-täk bolan «Sakynamasyndan» alyndy. Adatça «Sakynamalar» şeraby hem şerap süzüp berýän gözeli wasp edýän liriki şygyr hasaplanýar. Emma Nowaýy bu žanryň tebigatyna, ideýa-tematik ugruna ençeme täzelikler girizipdir. Şahyryň «Sakynamasynda» awtobiografik maglumatlary görýäris. Mysal getirilen setirlerdäki pikirler biziň öňde ýatlan wakalarymyz bilen bir perdeden gopýar. Liriki gahryman Mara gitmegi, Sanjarlardan (Seljuk-türkmen hökümdary Soltan Sanjardan hem-de Hüseýin Baýkaranyň gaýyny Soltan Sanjar mürzeden) galan gözel ymaratlary, ýerleri görüp, olardan lezzet almagy, gam-gussany unudyp, kakasyna garşy topalaň turuzan Abulmuhsini görmegi arzuw edýär. Biziň çaklaýşymyza görä, şahyr «Sakynamany» Mara barýarka, ýolda ýaraşyk baglanyşylandygyny eşidenden soň ýazan bolmaly. Ony ilkinji ýola Saragtda Hüseýin Baýkara bilen duşuşan günündäki meýlisde okan bolmagy-da ähtimal. «Sakynamanyň» şu gozgalaňdan soň ýazylandygyny onuň «Çar diwanyň» soňky kitabynyň ahyrynda ýerleşdirilmegi hem belli derejede tassyklaýar. Beýik adamlaryň at-owazasy uzak ýerlere ýetýär. Ýöne olaryň ýaşan, hereket eden ýerlerinde çuň yzlar galýar. Bu Nowaýynyň Türkmen halkynyň arasyndaky meşhurlygy babatynda-da şeýledir. Biz öňde Berdi Kerbabaýewiň «Bagşylar uzak gijäniň aýdym-sazyny Nowaýydan başlaýarlar» diýen sözlerini sitirläpdik. Bu däbiň halkymyzyň arasynda ençeme asyrlap dowam edip gelendigini aýtmak gerek. Mysal üçin, türkmen «Göroglusynda» şeýle sözler bar. «Görogly eline sazyny alyp, ozaly bilen Nowaýydan tutdy, onuň yzyndan damana, iň soňundan bolsa ylgar ýoluna ýazdyryp goýberdi». Edebiýat taryhçylarynyň tassyklamagy boýunça türkmen «Göroglusy» bolsa XVI-XVII asyrlarda formirlenip gutarypdyr. Galyberse-de, türkmen dutarynyň ikinji perdesi «Nowaýy perdesi» diýlip atlandyrylýar. Umuman, Nowaýynyň öz döwrüniň meşhur sazandasy hem kompozitor Hoja Ýusup Burhandan tälim alandygy fakt. Käbir taryhçylar şahyryň özi hem saz döredipdir diýip tassyklaýarlar. Ýöne onuň türkmen saz sungatynda şeýle çuň yz galdyrmagy täsin zat. Bu iňňän köp barlaglary talap edýän, öwrenilmeli mesele. Öňdäki pikirimize dolansak, bize häzire çenli Nowaýynyň ady bilen bagly türkmen sazlarynyň üçüsi belli. Bu sazlary ilki bolup belli saz öwreniji W.Uspenskiý nota geçiripdir. Özi-de şol sazlaryň üçüsi-de maryly sazandalardan ýazylyp alnypdyr. Belki, bu Nowaýynyň şu ýerler bilen bagly bitiren işleriniň, ykbalynyň çuň yzlaryny kepillendirýän özboluşly nyşanlaryň biridir! Türkmen halky diňe bir Nowaýynyň dür däneleri deý eserleriniň lezzetinden ganmak bilen oňmandyr. Onuň adyny diliniň senasy edipdir. Öz aňynda onuň özboluşly çeper obrazyny döredipdir. Biz bu ýerde «Myraly we Soltansöýün» ady bilen meşhur bolan türkmen halk rowaýatlaryny göz öňünde tutýarys. Bu rowaýatlarda Nowaýy beýik akyldar, halkyň howandary, ynsanperwer, ýiti pähimli adam hökmünde orta çykarylýar. Onuň ýiti, paýhasly sözleri, jaýdar jogaplary, asylly hereketleri Hüseýin Baýkaranyň zalymlygyna, eden-etdiligine, paýhassyz hereketlerine garşy goýulýar. Hökümdar hemişe sözde, pähimde şahyrdan asgyn gelýär. Bu babatlarda onuň özünden rüstemligini boýun almaga mejbur bolýar. Bu rowaýatlar soňky döwürlerde siklleşip dessan derejesine ýetirilipdir. Hut häzirki günlerde hem ol «Soltansöýün Baýkara» ady bilen Tagtabazar, Ýolöten etraplaryndaky bagşylaryň repertuarynyň bezegi. Dessanyň bagşy Hezret Çaryýewden ýazylyp alnan bir nusgasy TSSR YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunda saklanýar. Ýöne Nowaýy bilen Soltan Hüseýin hakyndaky rowaýatlar halkymyzyň arasynda has irki döwürlerdeň döräp, il içinde ýörgünli bolupdyr diýmäge esas bar, Soltan bilen şahyryň arasyndaky söz, pähim bäsleşikleri Magtymgula-da mälim eken. Şahyr bir müsebbesinde muny şeýle beýan edýär. Ol şyhy-Fizulyga sözüm bolsa barabar, Soltan Söýün Mir Alyşir dünýede dawagär. Bu ýerde Nowaýy hakyndaky türkmen halk rowaýatlaryny jikme-jik analizlemek biziň wezipämize girmeýär. Ýöne şol rowaýatlaryň süňňüne Soltan Hüseýin bilen Nowaýynyň ömrüne hem durmuşyna degişli köp sanly detallaryň siňdirilendigini welin aýtmalydyrys. Şeýle detallaryň biziň temamyz üçin iň ähmiýetlisi rowaýatlarda gahrymanlaryň Mary, Tagtabazar, Pendi etraplarynda hereket edýänligi. Biz öňde Nowaýy Hüseýin Baýkaranyň Marydaky öýleniş toýuna gatnaşypdyr diýen çaklamany öňe sürdük. Soltanyň öýlenmegi bilen bagly çaklamamyzy tassyklaýan faktlaryň türkmen rowaýatlarynda saklanyp galmagy gyzyklydyr. Şonuň ýaly-da, rowaýatlarda şahyryň Hüseýin Baýkaranyň wezir-wekilleri bilen gatnaşyklary, wezir-wekilleriň Nowaýa bolan duşmançylygy ýaly anyk durmuş faktlary-da öz beýanymy tapypdyr. Biz rowaýatlarda şahyryň real şahsy häsiýetlerini-de görüp bilýäris. Mysal üçin, Babyr Nowaýy barada gürrüň edip «Mürze Hüseýin Baýkaradan hiç zat almazdy, gaýta her ýylda oňa köp sanly zatlary peşgeş bererdi» diýip ýazýar. Türkmen rowaýatlarynda-da Nowaýy hiç haçan soltana elgarama bolmak islemeýär. Ýa bolmasa taryhçy Hondemir şahyr bilen bagly şeýle bir wakany beýan edýär. «Abuseýit zamanynda juma güni jemagat Hyrat şäheriniň içindäki metjitde juma namazyny okap bolansoň, köçelerde seýil etmek üçiň ýola düşdüm. «Mufarrah» köçesine ýakynlaşanymda başy açyk, aýak ýalaň zat sorap oturan gedaýa gözüm düşdi. Ol «Men aýally, köp çagaly bir adam men. Ertirden bäri oturyp dilegçilik edýärin. Ýöne hiç kim ýeke şaýam berenok» diýdi. Ol hezret (Nowaýy) aýtdy şol wagt ýanymda ýekeje teňňäm bardy. Ondan başga dünýä malyndan hiç zadym ýokdy. Men içimden öz-özüme şeýle diýdim. «Uly hem kiçi zatlary ýaradana töwekgellik edip, şujagaz teňňämi gedaýa bereýin. Ol çaga-çugalarynyň şu günki owkadyny tapar, saňa bolsa ertirlik ryzkyny hudaýyň özi berer». Men şol teňňämi gedaýa berip geçip gitdim». Şahyryň ajaýyp ynsançylyk sypatyny görkezýän bu detal türkmen rowaýatlaryna-da girizilipdir. Elbetde, Nowaýynyň Maryda näçe gezek bolandygy, näçe wagtlap ýaşandygy barada biziň elimizde anyk faktlar ýok. Ýöneşahyryň eserleriniň ençemesiniň Maryda dünýä inendigini welin tassyk etmek bolar. Muny şeýle bir fakt hem açyk aýan edýär. Bir gün Nowaýy öz halypasy Abdyrahman Jamy bilen hemsöhbet bolupdyr. Olar şonda Emir Hosraw Dehlewi bilen Nyzamy Genjewiniň gürrüňini edýär. Şonda Nowaýy özüniň Dehlewiniň şygyrlaryny, aýratyn-da onuň «Derýa-ýe abrar» kasydasyny gowy görýändiginimälim edýär. Jamy adatdakylar ýaly ümsüm oturýar, elli bir pikir aýtmaýar. Şol wagt Nowaýa gyssagly Hüseýin Baýkara bilen Mara gitmeli diýen habary getirýärler. Nowaýy ýola düşmezinden öňünçä halypasy bilen hoşlaşmak üçin onuň ýanyna gelýär. Hoşlaşyp çykyp barýarka Jamy onuň eline bir bukja tutdurýar. Howlukmaçlygyna görä, şahyr bukjany şol ýerde açman, ony ýolda açyp okaýar. Bukjada Jamynyň Dehlewiniň şol gürrüňi edilen kasydasyna ýazan neziresi bar eken. Nowaýy halypasynyň bu eserini öwran-öwran okaýar. Şol wagt hem Jamynyň goşgusynyň äheňindäki bir bent şahyryň kellesine gelýär. Ol bendi ýazyp, çaparlardan Jama ýollaýar. «Yzyny dowam etdireýinmi?» diýip maslahat soraýar. Çapar hökman dowam etdirmeli diýen habar bilen dolanyp gelýär. Nowaýy kasydany Maryda ýazyp gutarýar. Soň kasydany okap Jamy şahyryň bu eserine ýokary baha berýär. Emir Hosrawyň kasydasyna nezire ýazmakda Nowaýynyň özünden ozdurandygyny uly guwanç bilen mälim edýär. Şuňa esaslansaň, şahyryň gözel gazallarynyň ençemesi Maryda döredilipdir diýen netijä gelmek bolýar. Diňe bu däl. Mary şahyryň iň küýsegli ýerleriniň biri bolupdyr. Hondemiriň «Makariamul ahlak» diýen işiňde şeýle bir maglumat bar. Bir gün Nowaýy döwrüniň goh-galmagalyndan gaçyp, birneme dynç almak, käbir eserlerini dowam etdirmek üçin Mara gelýär. Şäheriň çeträginde özüniň çadyryny dikýär. Şu ýerde esli wagtlap ýaşaýar. Şol döwürde şahyryň çadyrynda bir garlawaç höwürtge ýasanyp, çaga çykarýar. Birden şahyry gyssagly yzyna, Hyrada çagyrýarlar. Şahyr garlawajyň gyzyl etene çagajyklaryna rehim edip, hyzmatkärini şu ýerde galdyrýar. Garlawaçlar uçup gidensoň çadyry ýygnap yzyndan barmagy tabşyrýar. Şahyryň Mary topragy bilen bagly bu hereketi, elbetde, onuň belent adamkärçiliginden, uly şahsyýetinden habar berýär. Umuman, Nowaýynyň bir aýagy hemişe Mary topragynda bolupdyr diýmäge esas bar. Özbek edebiýatçysy A.Şarafutdinow Hondemire salgylanyp şeýle ýazýar. «Alyşir Hyradyň özünde «Nyzamyýe», Maryda bolsa «Hosrawyýe» medreselerini saldyrypdyr. Bular ajaýyp jaýlar bolupdyr. Hondemiriň aýtmagyna görä, bu medreselerde müňlerçe talyplar okapdyr. Olaryň ylymdan ýüküni tutmagy üçin Nowaýy elinde baryny edipdir, talyplaryň harajadyny özi çekipdir. Ol talyplardan uly alymlar çykypdyr, olar öz okan medreselerinde galyp sapak beripdir». Haýp ýeri, asyrlaryň agyr heňňamlary, üznüksiz gowga-jeňler zerarly şahyryň Maryda saldyran medresesi weýran bolupdyr. Ondan hiç bir nyşan galmandyr. Ýöne şeýle bolsa-da, Nowaýy türkmenler arasynda ýene bir medrese saldyrypdyr. Ol şahyryň tä bakyýete çenli ýaşajak poeziýa medresesi. Indi alty asyr bäri türkmen halkynyň çeperçilik nesilleri, ine, şol medresede okap gelýär. 1984 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |