14:38 Mäti Kösäýew | |
MÄTI KÖSÄÝEW
Ýatlamalar
Köpleriň mähriban mugallymy, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri Mäti Kösäýew, onuň manyly ömri, köpgyraňly döredijiligi hakda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Onuň geçen ýoluna ser salyp, «Bäý-bä, adam başy – daşdan gaty» diýleni dogry eken-ow. Durmuşyň bu ýowuz şatylaryna ol nädip döz geldi-kä?» diýeniňi duýman galýarsyň. Herhili ýowuz daralsa-da gowy adamlara bolan ynamyny ýitirmän, başyny belent tutup, mert ýaşamagyň nusgasyny görkezen bu mähirli, göwnaçyk, rehimli goja bolan hormat-sylagyň artýar. Mäti aganyň ynsanperwerligi, sadalygy, ynanjaňlygy, açyk göwünliligi hakda, umuman, kän gürrüň edilýär. Dana, pukaragöwün gojanyň ne uniwersitetden, ne-de ýazyjylar soýuzyndan telim sapar hödürlenen jaýlary alman, 40 inedördül mertlik hütdüginde 10-12 baş bolup, agtykly-gelinli ýaşap ömrüni ötürendigi, agyr günleri hemaýatçy, gowy günleri hemdemi Annanabat ejäniň gazanynda aglaba unaş ýa-da süýtli şüle bişendigi, harsydünýäligi ýigrenen alymyň öz çagalaryna «garnitur alman, garyn otyr alyň», «magnetafon almaň, kelle fon alyň» diýip, degişmä salyp öwüt berşi, öýdäki ýekeje türkmen halysyny gyzlary diwara kakanda: «Gomparmaň!» diýip, goparyp aýryşy, iň soňky şaýysyny, döwüm çöregini ýoldaşlary bilen bölüşişi barada näçe ýazsaň ýazyp oturmaly. Ine, şonda pähimli türkmen ýaşulusynyň keşbi göz öňüňde janlanýar! Eger-de şeýle bolmadyk bolsa, onda onuň bilen köp ýyllap goňşy bolup oturan şahyr Begmyrat Ussaýew: Her kişiniň bahasy bar, orny bar, Onam kesgitleýär adamlaň akly. Dünýäde bir adam daga meňzelse, Senem deňemäge hakly biz, hakly. Ýa-da bolmasa, Gurbannazar Ezizowyň: Seniň ömrüň, seniň döwrüň barada, Mäti Kösäýewiň bildini çeken Şägirdiň iň belent baha alsa-da, Beýik halypasyn bilmeýän eken – diýen setirleri döremezdi. Türkmeniň uly şahyry Mämmet Seýidow Mäti Kösäýew baradaky ýürek buýsanjyny belli edip şeýle ýazypdyr: Meniň üçin sensiň, ýoldaş mugallym, Ilkinji ideal ömür ýolumda. Okadygym durmuş atly dessandan, Saýlan gahrymanym, Apollanym-da. Aýdyşyň dek bu gysgajyk ömrümiň, Ykbalyny toprak bilen bagladym. Ädimlermiň dogrudygyn, däldigin, Mydam seniň sözleň bilen barladym. Professor Mäti Kösäýew 1906-njy ýylyň mart aýynyň 20-sinde Aşgabat uýezdiniň Herrikgala obasynyň Syrtmiriş böleginde daýhan maşgalasynda eneden bolupdyr. Ol Köse aga (Annadurdy) bilen Artykgül ejäniň ýalňyz çagasy ekeni. Soň olaryň maşgalasy eklenç gözläp, Tejeniň Bagşymiriş obasyna, häzirki Agalaň obasyna göçüp barypdyr. 1925-nji ýylda başlangyç mekdebi tamamlaýar. 1926-njy ýylda Mary şäherindäki kämilleşdiriş kursunda okaýar. Ony tamamlandan soň mekdepde mugallymçylyk edýär. 1928–1930-njy ýyllarda Tejendäki internat mekdebiň terjimeçisi, mugallymy, soňra müdiri bolýar. 1930–1931-nji ýyllarda M.Kösäýew ilki Tejen etrabynyň halk magaryf bölüminiň uly inspektory, soňra partiýanyň Tejen raýkomynyň agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri wezipesinde işläpdir. Ol raýkomyň karary bilen Aşgabada täze açylan komwuza iberilendigine garamazdan, 1931-nji ýylda Aşgabat pedagogiki institutynyň dil-edebiýat bölümine okuwa giripdir. Soň ýurdumyzda belli adamlar bolup ýetişen Ş.Batyrow, M.Annagurdow, M.Hydyrow, M.Hamzaýew ýaly adamlar bilen bile okapdyr. M.Kösäýew instituty 1934-nji ýylda oňat bahalar bilen tamamlapdyr. Şol ýerde hem mugallym edip işe galdyrylypdyr. Mäti Kösäýew institutda işlän ýyllary türkmen edebiýatyny, onuň halk döredijiligini ezberlik bilen öwrenip, ony öz okuwçylarynyň aňyna siňdiripdi. Uruş ýyllary Mäti aga «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalyna redaktorlyk edipdir. «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktorynyň orunbasary wezipesinde işläpdir. Bu hakda şol döwürde onuň bilen gazetde bile işlän baýry žurnalist Myrat Rejebow şeýle ýatlapdy: «Beýik Watançylyk urşy başlandy. Ähli metbugat organlarynyň hem-de ýazyjylar soýuzynyň partiýa guramalary birikdirildi. Meni şol guramanyň sekretarlygyna saýladylar. Mäti Kösäýew redaktoryň orunbasary bolup işleýärdi. Redaktory Aşyr Annabaýewdi. Adamkärçiligi gowudy, tapbiler adamdy. Ine, gazetiň sahypasyny düzüp otyrys. Azajyk ýer galýar. «Näme bereris?» diýseň, Mäti aga Magtymgulynyň şoňa gelşip duran bir bendini tapyp: «Şuny goýaýyň» diýer. Soň görüp otursaň, şaplaşyp durandyr. Urşa bizden köp adam gitdi. Gurbanmyrat Eýemberdiýew – terjimeçi. Muhammet Babaýew – terjimesi. Durdy Haldurdy – sekretariatyň işgäri, Şaly Kekil – oba hojalyk bölüminiň edebi işgäri»... Žurnala ýolbaşçylyk eden ýyllary Mäti aga bu neşiriň gyzykly çykmagy üçin yhlasyny, zehinini gaýgyrmandy. Bu ýyllarda žurnalyň esasy aýratynlygy nämeden ybaratdy? Ýurtda nemes-faşistik basybalyjylaryna garşy söweş gidýän wagty her bir adamda duşmaşa bolan gahar-gazap, ýigrenç döremelidi. Žurnalyň sahypalaryna göz gezdirip otursaň, şahyr Nury Annagylyjyň, Ata Salyhyň, Durdy Gylyjyň, Ruhy Alyýewiň, Berdi Kerbabaýewiň, Gara Seýitliýewiň, N.Pommanyň, Ş.Kekilowyň gahrymançylygy wasp edýän goşgularynyň yzygider çap edilendigini görmek bolýar. Mäti Kösäýewiň aladasy bilen žurnalda ilkinji gezek türkmeniň gahrymançylykly eposy «Gorkut ata» neşir edilip başlanmagy ýöne ýerden däldi. Çünki Gorkut ata öz topragyny keseki basybalyjylardan goramagyň nusgasydy. «Ýusup-Ahmet», «Saýatly-Hemra», «Melike-Dilaram» ýaly halk dessanlary okyjylara ýetirilipdi. Uly rus alymy, gündogarşynas Ý.E.Bertelsiň, W.W.Bartoldyň türkmen edebiýatynyň meseleleri hakdaky makalalary žurnalyň sahypalarynda çap edilipdi. Munuň üçin, uruş ýyllaryndan birnäçe ýyl soň, Mäti Kösäýew aýyplanýar. Muny «Ideolgiýa işine respublikanyň partiýa guramalary tarapyndan berilýän ünsüň diňe gowşadylanlygy bilen, syýasy hüşgärligiň kütelendigi bilen düşündirilýär». Şonuň netijesinde, garryýewlere, abdalowlara, kösäýewlere ynama sokulyp girmekligiň başardanlygy-ha beýlede dursun, hatda tumşuklaryny ýokary tutup, öz buržuaz-milletçilik «konsepsiýalaryny ýöretmek hem olara başardanlygy, halk döredijiligi bilen hiç hili umumylygy dahyly bolmadyk zatlary («Ýusup-Ahmet», «Raý-Çyn», «Saýatly-Hemra» we başgalar) «halk dessanlary» diýen at bilen neşir etdirendikleri üçin «günä ýüklenýär». «Bu halk duşmanlary halka garşy ganly epos bolan «Gorkut ata» eposyny uzak wagtlap propagandirläp gelipdirler» diýip, töhmet atylýar. 1952-nji ýylyň ortalarynda sud tarapyndan «M.Kösäýew we onuň ýoldaşlary ilkibaşda 25 ýyl azatlykdan mahrum edilýär. Ýöne türkmen edebiýatynyň hatyrasy üçin jan çekip ýören Mäti Kösäýew ýene-de birnäçe ýyldan şol wagtlar şeýle gara apatyň öz üstüne abanjakdygyndan bihabardy. Men ýazgymyň şu ýerinde edebiýaty öwreniji alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammet Gurbansähedowyň ýatlamalaryna orun beresim gelýär: – Ýalňyşmaýan bolsam, 1950–1951-nji ýyllar bolsa gerek. Ol wagtlar uniwersitet Köşi bagynda, ýer yranmasyndan soňky gurnalan wagtlaýyn jaýlarda ýerleşýärdi. Obadan gelip, uniwersitetde okuwa başlan biziň deň-duşlarymyz üçin gadymy edebiýatdan sapak berýän Mäti aganyň her günki leksiýalary şeýlebir gyzykly geçýärdi welin, biz şol pursatlara edil baýramçylyga garaşýan ýaly bolup ymtylýardyk. Mäti aganyň jaýa girişem, leksiýa başlaýşam, özboluşly bir häsiýete eýedi. Ol ullakan portretini goýýardy-da, oturjagam bolman, çalajadan gezmeläp hekaýat şekilli bir wakany ýatlap, studentleri özüne bendi ederdi. Bu saparam şeýle bolupdy: – Oglanlar, gyzlar, eger bir ýerde üýtgeşik gowy kitap görüp, ony okajak bolsaň, illere gürrüň edip berjek bolsaň, ol kitaby birugsat alanam bolsaň, günä etdigiň däldir – diýip, ol başyndan geçen bir wakany ýatlady. Papkasyndan çykaryp birnäçe kitaby görkezdi: – Ine, şu kitaplary ýitirenime birnäçe ýyl boldy. Ynha, şu gün görsem şol kitaplary bir wagtky studentim Sakarçägäniň Garaly obasyndan – işleýän ýerinden iberäýipdir. Gapdalyndan hatam ýazypdyr. Ötünç sorapdyr, hemem: «Indi bu kitaplaryň Garaly obasynda geregi ýok» diýen ýaly. Olaryň uludan-kiçi hemmesi bulary ýatdan bilýär diýen ýaly. Kitapdaky gyzykly hekaýatlar üçin obadaşlarym Size köp-köp Taňryýalkasyn aýdýar» diýip, minnetdarlygyny bildiripdir. Ine, şol wagtam Çary Çalt diýen bir ýoldaşymyz: «Men öten agşam Magtymgulyny uzyn gije okadym welin, bir ýerine düşünmedim» diýdi welin, Mäti aga-da: «Çary, sen-ä, tüweleme, ýagşy ekeniň, biz-ä entek köp ýerine düşünýän däldiris» diýdi. Şonda studentler, baý, gülüşdiler-ä, heý goýaý ýöne. Mäti aganyň şular ýaly hekaýalardyr rowaýatlar bilen utgaşdyrylýan leksiýalary, aýratynam onuň «Gorkut atanyň» her baby dogrusyndaky pähim-parasada ýugrulan gürrüňleri bizde uly täsir galdyrýardy. Ine, şonda biz Mäti aganyň taýýarlan «Gorkut ata» barasyndaky kitabynyň neşirlerde çykaryna her gün garaşýardyk, eý görýän mugallymymyzyň üstüni bolsa her hili soraglar bilen doldurýardyk. Şonda Mäti aga «Gorkut atanyň» kitap bolmagyna bir gün onuň kleýiniň doňanlygynyň päsgel berendigini aýtsa, beýleki gün ýene bir şonuň ýaly gürrüňler bilen bizi köşeşdirerdi. Ine, birdenem, Mäti aga leksiýa gelmedi, garaşdyk, bolmady. Eger ýalňyşýan bolmasam, bir hepde şeýle ýagdaýda geçdi öýdýän. Endik edilen ýagdaý-da, her gün irden ýygnanyşyp ýörkäk, bir gün jaň bolandan soň, 5–10 minut geçen soň, gapy ýuwaşdan açylyp, inçemik bir ýaş ýigit gapydan girdi-de, bizden ötünç sorady. «Mäti aga ýaly halypanyň turuzylan kreslosynda oturmaga het edip bilmejegimi duýdursamam bolmady, gelmeli boldy» diýdi-de, ep-esli wagt dymyp oturdy. Soň «Gorkut ata» eposy barasynda gürrüň edip başlady. Görüp otursak, ol ýigit şol ýyla çenli Mäti aganyň tälimini alyp, uniwersiteti tamamlap, aspirantura kabul edilen Rahman Rejebow bolup çykdy. «Gorkut ata» eposy barasyndaky ýygnaklaryň biridi. Aşgabatda ideologiýa işgärleriniň ýygnagy bolup, onda «Gorkut atadyr» onuň propagandasy bilen baglanyşykly adamlaryň ýazgarylyşy Mäti Kösäýewiň, Baýmuhammet Garryýewiň hem Orazmämmet Abdalowyň ýazgarylyşy bilen gutarýar. Ine, şol ýygnaga gatnaşan ýaş ylmy işgär Rahman Rejebow oturanlara ýüzlenip: «Siz häzir «Gorkut ata» eposy dogrusynda nähili netijelere gelseňiz geliň, ýöne ol türkmen halkynyň ajaýyp geçmişidir» diýip aýdypdy». Ine, biz bu gürrüňleri «Türkmen arhiwi» žurnalyndan aldyk. Bu zatlaryň apyla-sapylasy sowlandan soň, ýetmişinji ýyllaryň ortalarynda men Aşgabatda Mäti Kösäýewe duş geldim. Onuň saglygy, iş ýagdaýlary bilen gyzyklandym. «Eger gazet-žurnal satylýan butkada işlärin diýseň ýa-da kerpiç guýup, jaý salaýyn diýseň, işe ýerleşmäge kömek ederis, ýogsa-da entek garaşmaly bolarsyň» diýipdirler. Bu döwür Mäti Kösäýewiň Berdi Kerbabaýew barasynda söz açýan «Turan aksakgaly» atlandyrylan makalasynyň «Mydam taýýar» gazetinde çap edilen döwrüne gabat gelýär. Bu zatlardan soň menden M.Kösäýewiň «Turan aksakgaly» atlandyrylan makalasy barasynda öz garaýyşlarymy ýazyp bermegimi haýyş etdiler. Belki, ol zatlaryň hem kömegi ýetse ýetendir, halypa mugallymyň çagalary maňa gabat gelende kakalarynyň «Mydam taýýar» gazetinde çykan makalasynyň gürrüňini edip, maňa minnetdarlyk bildirdiler. 78 ýaşy arka atyp, 1984-nji ýylda dünýäden öten professor Mäti Kösäýew hakda ýatlara, gürrüň edere zat köp. Ýöne, her niçigem bolsa, žurnal sahypasynyň çäkliligine eýerip, ol hakdaky gysgajyk gürrüňimizi tamamlamakçy. Eýsem-de bolsa, onuň ylmy derňewleri, Magtymguly Pyragyny ilik-düwme edip öwrenişi hakda, mekdep okuwçylary üçin edebiýatdan okuw kitaplarynyň awtory hökmünde bitiren işleri, ýarym asyrlyk mugallymçylyk işi hakda gürrüň edere zat köp. Sözümi belli gündogarşynas Ý.E.Bertelsiň: «Mäti Kösäýew türkmen edebiýatynyň janly ensiklopediýasydyr» diýip, aýdan juda jüpüne düşen sözleri bilen tamamlamagy göwnemakul bildim. «Garagum» žurn. № 7. 2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |