MEN AŞYGYÑ OWALDAN
Goşun gullugyndan gelen gününiň ertesidi, ene ýabyň gaýrasyndan geçýän pyýada ýoluny külterläp barýan Kerem igdeli deräniň deňine ýetende, sag golunda ýaýrap ýatan ekinzarlyga nazar saldy. Gör-ä, muny, onuň öz elleri bilen oturdan nahallary bu gün eýýäm gol ýaýyp, adam boýundan geçipdir. «Adam eli gyzyl gül» diýleni, iki ýyl mundan owalky ot-çöp bitmedik ýer giden bagy-bossanlyga, bakjalyga öwrülipdir. Ýaňy-ýaňylar dälmidi, Aýsülügiň kärendeçi daýhanlar bilen ýowara gatnaşyp, bu ýerlere serenjam berenleri. Kerem bu ýeri synlap durşuna adam wagtyň ýaz buludynyň kölegesi dek eglenerliginiň ýoklugyna ýene bir gezek akyl ýetirdi. Kerem wagtyň çalt geçişini başga bir zatdan hem çen tutupdy. Aýal dogany Merjeniň goşun gullugyna ugran güni dünýä inen bäbejigi eýýämden gepläp ugrapdy.
Ol şol bir oýlanyp gelşine Gulnazar aganyň mellek ýerine ýakynlaşdy. Gulnazar aga hormatly dynç alşa çykýança daýhan birleşiginde işläpdi. Hut zähmetde gaýnan, işe werziş bolan daýhan diýilýänlerdendi. Häzirem gol gowşuryp oturanokdy. Hususy mellegine gök-bakja ekinlerinden ekerdi, hasylyny ýygnansoňam ýerini boş goýmazdy, mal üçin ýorunjadyr mekgejöwen ekerdi. Ol Aýsülügiň atasydy. Ata-enesi ýol heläkçiliginde wepat bolan Aýsülük bilen Tagyjyk Gulnazar aganyň eklenjinde galypdy.
Kerem bu ýere gelende, Gulnazar aga mellegiň aýagujunda köwüşlerini çykaraga-da, ýere ýazylan bir bölek keçede otyrdy. Gapdalynda-da iki gulakly, egri saply könelen pili bardy. Onuň bu ýere saba bilen mellegiň ýorunjasyna suw tutmaga gelşidi. Öýem uzak ýerde däl, sesýetim ýerdedi. Keremiň göwnüne bolmasa, Gulnazar aga häzir kimdir biri bilen jübi telefonynda gepleşip duran ýalydy. Ol siňe seretdi, telefona welin, gözi düşmedi. Onuň ýeke özüdi, golaý-goltumynda gepleşere adam ýokdy. Onuň ýeke özüdigine anyk göz ýetirensoň, Kerem birsellem aýak çekdi. Gulnazar aga gyryljak sesi bilen dünýäni unudyp, aýdym aýdýan bolsa nätjek?! Soňy bilen onuň aýdýan aýdymy açyk-aýdyň eşidilip ugrady.
Men aşygyň owaldan, sen söýgüli dildarym,
Salsaň gulak aýdarmen sazyňny beýan ýarym.
Gulnazar aga aýdym aýtmasyny bes edensoň, ýerinden galdy, köwşüni geýdi, gerindi. Ine, şol pursatdan hem Kerem peýdalandy:
— Gulnazar aga, salawmaleýkim!
— Waleýkimessalam, Kerem, oglum, bu senmidiň? Aýdyma hiňlenip, seniň geleniňem duýmandyryn. Haçan geldiň?
— Ýaňyrak geldim-de, siziň aýdymyňyzyň arasyny bölmäýin diýdim. Öz-ä gowy aýdym eken.
— Pah, pah-eý, aýdym diýibem şuňa diýseň, süňňüňi gyzdyryp, endamyňy tikeneklediberýän jady bar munda. Aýdym haçanda kalbyňy eýelände, onuň täsirinden çykyp bolmaz eken. Meniňem ýaşlykda şu aýdymy aram-aram aýdaýmam bardy. Haýp, ýaş birçene bardy, arman sözleri oňly ýadymda galmandyr. Ýadymda galan sözlerini aýdýaryn. Aslynda aýdymyň sözlerini bilmeseň, aýdym aýtjagam bolmaly däl, bu ony harladygyň bolar. Wagtynda bu aýdymy Sahy bagşy aýtdy, Gurbanmämmet Garaja-da aýtdy. Näçe diňleseň, diňläsiň gelýär-ä ony.
— Atam size bir mahallar obada bagşyçylygam ederdi diýýär.
— Hawa-la, bagşysyz toýlarda elime dutar alyp, märekäni güýmän ýerlerim kän bolupdy. Meni gyzamyk çykarýan çagalara saz çalyp bermek üçin uzak obalara-da äkiderdiler.
— Atam ýene-de bir zat aýdardy. Berk ýadymda galypdyr. Ol Nurgül gelnejeň Gulnazar aganyň aýdymlaryna maýyl bolup durmuşa çykypdyr diýerdi.
— Juda bir beýle-de däldir, how, ýöne, umuman, bu gürrüňiň jany ýogam däl. Bir gezek Garawul obasyna baryp aýdym aýtmaly boldum. Toý ýerine märeke bary ýygnanypdyr. Gyz-gelinem ýetikdi. Men aýdymy başymy galdyrman aýdardym. Şol obaly Çerkez gyjakçy maňa goltgy berdi. «Çoh derde goýan, ýarymam» ilkinji gezek şonda aýdypdym. Halkyň göwnünden turan bolarly, gaýtalabam aýtdyrdylar şonda.
— Gelnejem bilen neneň tanyşdyňyz?
— Näçe ýygra bolsam-da, dogrusy, aýdym aýdyp durkam göz astyndan gelin-gyzlary ogrynça synlardym. Ana, şol gözümi çarhlamalarymyň birinde-de gelnejeň gözüme kaklyşdy. Ol özi ýaly boýdaş gyzlaryň arasynda, töweregine ýyldyzlary üýşüren Aý ýaly bolup otyrdy. Walla, ulaldyp aýtdygym däl, ählisinden saýlanyp durdy. Ony men bir bakyşda haladym. Soňra muny gyjakçyma-da duýdurdym. Ondan bu gyzyň düýe çopany Taganmyradyň gyzydygyny anykladym. Ikinji gezek şol oba toýa baranymyzda gyzyň özi bilen birki agyz gepleşmäge-de maý boldy. Ilk-ä adyny soradym. Adym Nurgül diýdi. Soň hem ýüregimdäkini aýtdym.
— Nädip? Bir görendemi?
— Hawa-la, bir göremde. Dogrusy, gyssandym.
— Näme diýdiňiz, Gulnazar aga! Aýdan sözüňiz jikme-jik ýadyňyza düşýärmi? Bu meniň üçin örän möhüm.
— Şol pursatda aýdan sözüm ömür ýadymdan çykmaz. «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» diýleni boldy. Ur-tut göwne gelen sözleri aýtdym: «Sen biziň oba gelin bolup gitmäge razymy?» diýdim.
— O näme diýdi?
— Ol? Ol birbada hiç zat diýmedi, ýüzüni aşak saldy, dymdy, soňam ýuwaşja başyny atdy-da: «Ony ata-enem biler» diýdi. Şeýdibem biziň toýly meselämiz ugrukdy gidiberdi. Ata-enesem gowy adamlar eken. Ine, bar bolany.
Keremiň Gulnazar aganyň gözsüz batyrlygyna gözi gitdi. «Gulnazar aganyňky çüwüpdir, öz bagtyny özi tapypdyr. Onuň bagtly maşgalasy bar. Ol durmuşda ýalňyşmandyr» diýip içini gepletdi.
— Kerem, oglum, näme meni köp gepletdiň, ýa men barada kitap ýazmak niýetiň barmy?
— Ýok,ýok, Gulnazar aga!
— Eýsem, seniňem-ä öýe gelin getirer wagtyň bolupdyr. Ýa heniz saýlap-seçeniň ýokmydy?!
Bu jümle Keremi tok uran ýaly etdi. Tasdan ol: «Bar, bar. Ol siziň gyzyňyz Aýsülük!» diýipdi. Ol bir gyzardy-da iki egnini gysdy.
— Bu meselede birneme batyrrak hereket ederler, oglum.
Gulnazar aga mundan artyk Keremi utandyrmaýyn diýendir-dä, gürrüňini başga ýana sowdy:
— Neneň, oglum, mähelle aman-esen sowuldymy? Tüweleme, adam bary gelipdir. Datly ýarma-da bişiren ekeniňiz, hezil edip iýipdirin. Şol hem köplere başardybermeýär. Asyl öýe gelensoňam joş berdi, ynan, uly bir çaýly çäýnegi bir özüm boşadaýypdyryn. Dogramaňdanam, jüýjeli palawyňdanam iýip doýup bolanok diýdiler.
— Iýen bolsaňyz, noş bolsun. Gulnazar aga. Baryň, häzirem atamyň öýde bir özüdir. Ýaňam bir tokly soýdular. Suwuňyza özüm gözegçilik ederin.
— Taňryýalkasyn, oglum.
— Gulnazar aga, Nurgül gelnejem öýdemidi? Men ony düýnem görmedim-le.
— Gelnejeň öýdedir-le. Gidýän ýeri ýok. Bolsa-da, size-hä baryp gaýtdy. Olam seni görüp bilmedim diýýärdi öz-ä. Baryber, asyl Aýsülük, Tagy dagylaram öýde. Bar, oglum, çekinme. Menem soňky peli suwardygym, bararyn. Üýşüp, çaý içeris.
Kereme şondan soň Aýsülük bilen görüşmäge maý tapyldy. Ol daş işikden salam berip girende, onuň öňünden ylgaşlap çykanam Aýsülügiň körpeje dogany boldy. — Ene, bize Kerem daýym geldi!
— Kerem! — Tagyjygyň sesine eneli-gyzyň sesi goşulyşyp gitdi, ýerlerindenem deň gopdy. Soň Kerem bilen baş atyp salamlaşdylar.
— Kerem, oglum. Geleweri, geçeweri. Aman-sag geldiňmi, balam! Düýnem görüp bilmän gaýtdym seni. Soraşdyrdym. Her-nä özüň geläýdiň! Neneň janyň sagmy? Gözüň aýdyň, goşun gullugyny aman-sag tamamlapsyň. Tagy janam seni harby eşikde görüpdir-de, düýnden bäri: «Ene, menem esger boljak!» diýip, tutduryp dur.
— Salam, Aýsülük!
— Salam, Kerem!
— Atam mellekde bolmaly.
— Men ony gördüm.
— Şeýlemi? — Nurgül eje ara goşuldy. — Hany, gyzym, bar bir çäýneklik çaý oturt.
— Ýok, ýok, gelneje, azar edinmäň! Ejeme-de aýak üstünde Nurgül gelnejemi görüp gaýdaýyn diýdim.
— Oňarypsyň. Ýöne öýden agzy gury çykmak gowy däl, hödür-keremden ýüz öwürmek bolmaz. Basym Gulnazar agaňam geler.
— Bolýar, gelneje. Goý, siziň diýeniňiz bolsun!
Aýsülük çaý oturtmak üçin aşhana ýöneldi. Şol dem göz astyndan Keremiň syratly keşbini synlabam ýetişdi. Gözüne onuň boýam hemişekisinden ösüp, eti-ganam birneme çekilişen ýaly göründi. Kerem bolsa Aýsüligi Tagyjyk bilen gepleşip durka synlapdy. Aýsülük öňküdenem owadanlaşypdyr.
— Tagy, hany sen mekdebe gideňokmy?
— Täze ýyldan menem okuwa gidýärin. Eýýämden men özüme egniňden asylýan torba-da alyp goýdum. Kerem daýy, bilýärsiňizmi, biziň obamyza täze bir mugallyma gelipdir. Özem ýörite birinjileri okatmak üçin gelipdir eken.
— Aý, berekella! Ýene näme täzelik bar?
— Öten agşam Meretleriň sygyrlarynyň ekiz gölesi bolupdyr.
Muňa diňe bir Kerem däl, Aýsülügem ýylgyrdy. Ol ýene:
— Çypbakaý çynym, aldamok. Men olary görübem gaýtdym — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
— Ynanýaryn.
— Kerem daýy, sen näme üçin esger eşigiňi çykardyň? Indi hijem geýjek dälmi?
— Men ony iki ýyllap geýdim. Ol esger lybasy. Ony diňe esgerlikde geýmeli.
Şondan soň Tagy geplemedi. Kerem Aýsülüge :
— Aýsülük, sen neneň, taplaň gowumy?
— Şükür, sag boluň! — Ol adaja gepledi. — Goşun gullugynam dynypsyň, indi näme etsem diýýärsiň?
— Indimi? Indi işe dursam-da bolar. Ýokary okuw mekdebine-de girmekçi.
— Ajap bolar.
Şol günden soň Kerem Aýsülük bilen bir däl, birnäçe gezek duşuşdy. Ýöne oňa öz ýüregindäkisini aýdyp bilmändi. Bir gezegem ol Aýsülüge Tagy bilen barýarka ýol üstünde pete-pet gabat geldi.
— Aýsülük, neme, men... saňa möhüm bir zat aýtmaly — diýip, hakyt bir ýerden güýç gelen ýaly merdemsiredi. Şonda Aýsülük:
— O nämäniň möhüm zady? Hany, aýt, eşideli, «Dile geldi, bile geldi». Tagy jan, jigim, birsellem aýak çek, Kerem daýyň bize aýtjak möhüm bir zady barmyşyn.
Ol suslandy.
— Aý, bolýar. Soň aýdaryn — Kerem hyrra yzyna öwrüldi. Aýsülügem Tagyjygyň elinden tutup ýapdan geçirdi. Keremiňki bu gezegem paşmandy. Öýe gelibem ugry bolmady. «Aýtjak zadymy hata ýazyp beräýsemmikän» diýip böwrüni diňledi. Soň öz sowalyna özi jogap berdi: «Ýok, bolmaz. Ol hat başga biriniň eline düşse ýa-da gowşuranymy biri görse, şonda näme? Il-gün näme diýer? Bu iki tarap üçinem gowy bolmaz. Ýogsam, «Sen meniň bilen durmuş gurmaga razymy?» diýip ýazaýmaly. Ine, bar bolany. Bar işler ýekeje jümlede bitip dur welin, wah, şony gyzyň garşysynda durup aýtmaga gaýrat gerek. Özüňem goşun gullugyny tamamlan, ýaşy ýigrimiden geçen epeý adam-how! Hakyna seretseň-ä men olara ejemi sawçylyga iberäýmeli. Ýok, ol bolmaz. Men Aýsülügiň pikirini bilmel-ä. Onuň öz agzyndan eşideniň bir başga, daşgulakdan eşideniň ýene bir zat. Wah, diňe bir meniň ony söýenim ýeterlik däl-ä. Garry enem: «Söýeniňi alma, seni söýeni al!» diýerdi. Dogru-da walla, gyz ýüregini başga biri eýelän bolsa, bildiňmi?! Obada gelşikli, syratly, özüne göwni ýetýän akylly-başly ýigitler kän-ä. Hemmelerem özüni sençe görýändir. Şeýle näzenin bilen bütin ömrüni bile ötürmäge taýýar kişilerem kändir. Her niçigem bolsa, göwün berene göwün bermeli...
— Bu wakadan soň ara esli wagt düşdi. Kerem oba Medeniýet öýüne işe girdi. Sähel wagtda dürli saz gurallarynda saz çalmagam öwrendi. Aýsülüge bolan yşky welin, möwjemese, köremedi. Ol tijenmelidi. Aýsülükli meseläni bir ýüzli etmelidi. Munuň üçin ýüregini bire baglap, ilki gyzyň pikirini bilmelidi.
Her gezek Aýsülükleriň howlusynyň deňinden geçende, ylla bu ýerden ilkinji gezek geçýän ýaly, täsin duýgulary başyndan geçirerdi, tolgunardy. Käsinde Aýsülük bilenem gabatlaşardy, salamlaşardy, hal-ahwal soraşardy. Haýp, Keremiň gyz bilen ikiçäk gepleşmekçi bolanda, näme üçindir sussy basylardy. Başga bir zat welin, ony has iňkise goýardy. Ol häzirem şeýle boldy. Aýsülük onuň ýanynda özüni ylla hiç bir zat bolmadyk ýaly alyp barýardy. Keremiň welin içini it ýyrtýardy, oda-köze düşýärdi. Gyzyň welin, şol bir bolşy, iş-alada bilen gümrady. Bu, elbetde, Keremiň göwnüne şeýledi. Aýsülük ikelläp razydy. Ýöne gyz utanjaňlygy welin, oňa bu meselede ilki bolup baş galdyrmaga maý bermeýärdi. Aslynda ol Keremiň bu teklibine garaşyp ýördi. Şonda-da, bardy-geldi häziriň özünde Kerem onuň ýanynda ýüregini dökse-de, onuň özüni rahat alyp barjagy görnüp durdy. Bu gyz maşgalanyň edähedidi. Bu onuň ýigidi ýene bir gezek synag astyna almagydy.
Şol gün maşgalada Tagyjygyň doglan güni bellenilýärdi. Ol bäş ýaşapdy. Soň-soňlaram şol waka ýadyna düşende, Keremiň göwnüne Tagyjygyň doglan gününi bellemegem ýörite guralan ýaly bolup görnüpdi. Sebäp şol gezek Tagyjygyň doglan gününe Keremden başga öýlerine hiç bir myhman çagyrylmandy. Bu bir. Ikinjidenem, bäş sany adam üçin giňden saçak ýazylypdy. Kerem doglan gününi gutlap, Tagyjyk üçin içi reňkli, suratlyja ertekiler kitabyny sowgat getiripdi. Ol munuň üçin Kereme sagbolsun aýtdy. Haýp, basym Tagyjygy uky basmarlap başlapdy, yzly-yzyna pallaýardy. Saçaga nahar yzyna nahar çekilýärdi. Dabara uzaga çekdi.
Nurgül eje gaplary ýygnaşdyryp aşhana alyp gitdi. Gulnazar aga bolsa goňşy otaga geçip, eline dutaryny aldy. Saçak başynda Kerem bilen Aýsülük ikiçäk galdy. Ara böwşeňlik düşdi. Olar birek-biregiň ýüzüne garap, birsellem seslerini çykarman oturdylar. Aýsülük:
— Häzir men saňa gyzgynja çaý demläp getireýin — diýdi-de, tutuş nagyşlar bilen jäheklenen çäýneklerden birini alyp ýerinden turdy.
— Ýok, dur, gitme.
Aýsülük Keremiň sesine geňirgendi.
— Näme?! — diýip aýak çekdi. Kerem bu pursaty ýitirmek islemedi:
— Neme... — Kerem yzyndan kowgy gelýän adamyň bolşy ýaly, töweregine garanjaklady. Soň: — Aýsülük, sen biziň öýe gelin bolup barmaga razymy ýa ýok? — diýdi.
Kerem öňküsindenem beter alňasady...Birdenem olaryň ikisem birek-birege mähirli ýylgyrdylar. Bu razylygyň alamatydy.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar