03:42 Men señ kyýamatlyk kakañ bolaýyn | |
MEN SEÑ KYÝAMATLYK KAKAÑ BOLAÝYN
Goşgular
Bu dünýäde birje gyzy ýok kışı, Mydam göwni ýarym, Ýüregi ýuka. Kalbynyñ çuñunda bardyr elemi. Senem bu dünýäde şu güne çenli, Görmän ulalypsyñ kaka mährini, Hemem bir adama diýmänsiñ kaka. Men bir mahal juda bagtly ekenim, Soñra bagtly günlerime göz degdi. Kebelegi deýin bagy Eremiñ Gyzjagazmy ýitirdim men. Gözlerimden akyp-akyp eredim. Şondan bäri ýörün ýüregi ýetim. Bolmady şol bir gün çöregim bitin... Gyz balamy ýitirdim men, Ýaz balamy aldyrdym men. Yöne günleñ bir gününde, Bir bagtyýar gününde, Saña sataşdyrdy ykbal. Bes et diýen ýaly hasrat-elemi. Eý ömrümiñ nowça güli, Eý köñlümiñ melegi! Men gyzymy ýatlap uzak agladym, Sen kakañy ýatlap kän-kän solansyñ. Gel sen meniñ şol ýitiren gyzym bol, Men señ kyýamatlyk kakañ bolaýyn. | |
|
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |