08:17 Men ýok / hekaýa | |
MEN ÝOK
Hekaýalar
Men ýok. Ýok däl-de, göze görnemok. Dogrusy doly göze görnemok däl-de, hemme kişi görenok. Bir aýalym, käwagt oglum bilen gyzym, örän gaty seýregem dostlarym, olaryňam hemmesi däl, biri-ikisi görüp bilýär. Öň beýle däldi. Meni hemme kişiler, hatda tanamaýan adamlarymam görýärdiler. Diňe bir görmegem däl, ýanyma gelip, tanyşlyk berýärdiler, halymy soraýardylar, dertlerini paýlaşýardylar, köplenjem bir meselede ýardam bermegimi haýyş edýärdiler. Hoşlaşanlarynda-da uzak ömür, jan saglyk, maşgalamda agzybirlik, durmuşda-da iň gowy zatlary arzuw edýärdiler. Indi bolsa… Indi bolsa meni görenoklar. Duşumdan geçip gidýärler. Tanap, atlaryny tutup ýüzlensemem, maňa, meniň duran tarapyma geň galmak, howatyrly, gorky bilen seredýärler. Öň bolsa… Öň bolsa meniň nazarymyň özlerinde sähel egleneninem uly bagt saýýardylar. Meni gözleýärdiler, duşuşmak, sähel wagtam bolsa söhbetleşmek üçin güýç baryny sarp edýärdiler, harajat çekýärdiler, tanyş görýärdiler, para-peşgeş berýärdiler. Öň men gerekli adamdym. Gaty bir uly bolmasa-da, kiçi bolmadyk wezipäm bardy, maddy ýagdaýymam gowudy. Tanyş-bilişlerimiň dagy sany-sajagy ýokdy, islän gapyma islän wagtym girip bilýärdim. Girmesi kyn, iki gat, üç gat gapylaram meniň üçin haçan barsam açykdy. Nähili kyn, çözülmesi mümkin bolmadyk iş bolaýsyn, meniň ýanymda müşgili ýokdy. Sebäbi kimiň ýanyna barmaly, haýsy gapylary açmaly, işiň bitmegi üçin nähili hereketler etmeli, bilýärdim. Ýüz tutup baran ýerlerimem meniň ynamdardygymy, dilime berkdigimi, durmuşda özleriniňem maňa işleri düşäýse bitirip biljekdigimi bilýärdiler. Şonuň üçinem meniň olardan işim bitmese, maňa däl-de özleri üçin peýdasyzdygyna gaty gowy düşünýärdiler. Men bu ýagdaýyň bakydygyna, özümiňem iş başarjaňlygymyň, hökmüro – wanlygymyň bir günlük däldigine çyn ýürekden ynanýardym. Şeýle bolmazlygyň mümkindiginem göz öňüne getirip bilemokdym. Sebäbi men-ä men, işleşýän adamlarymam şol bir adamlar. Dogry, wagtal-wagtal dürli sebäpler bilen, kimsi abraý, köpüsi bolsa uly ile wejara bolup öz orunlaryny taşlaýardylar. Olaryň ýerlerine-de başgalar gelýärdiler. Ýöne,.. ýöne näme, olaram adam-da. Hersiniň aladasy, gaýgysy, gaýragoýulmasyz işi, bitirmeli örän wajyp meseleleri bar. Onsoň olaram, ýagny täze aýlawa girenlerem, soraşdyryp-ideşdirip meni tapýardylar. Şeýdibem durmuş ýene öňküje akymyna girýärdi. Ýene-de gapylar açylyp, olaryň aňyrsynda-da meni garşylaýan gülerýüzli adamlar. Meseleler çözülensoň her kimiň saňa minnetdarlyk aýdasy, özleriniň ömürboýy bergidardyklaryny, meni çäksiz hormatlaýandyklaryny, gerek bolsa häziriň özünde meniň üçin şirin janlaryny gurban ertmäge taýyndyklaryny bildiresleri gelýärdiler. Şonuň üçinem “ak ýürekden çykaryp” maňa beren baýraklaryndan daşary uly-uly meýlisler gurlardy. Şol meýlislerde-de men törde, iň bir hormtlanýan ýerde oturardym. Agzym gymyldasa bolýar, göwün islän zadym dessine öňümde peýda bolardy. Adyny tutan iýr-iýmişler, ençe ýyllary başyndan geçirip, ýerziminlerde tozanlap, daşyny kerep baglan şeraplar saçagy bezäp, bir-birinden owadan, surat ýaly, ezip içäýmeli näzenin gözellerem hyzmatymda durardylar. Indi bolsa… Indi bolsa mende şol zatlaryň hiç haýsysam ýok. Adam, abraýam, dürli haýyşlary bitirýän tanyşlaram, meniň bilen özlerini oda urmaga taýyn dostlaram, depseň yranmaz bolup görnen baýlygam ýok. Hiç zat galmady. Hemmesine-de özüm günäkär. Nädip imrigenenimem bilmän galypdyryn, ilki şersap, soň ol, mele bela bar, ana, şolarsyz geçen günüm ahyrzamana öwrüldi. Bokurdagym gurap, kellämem agyryp başym aýlandy, gulaklarymda-da yzy üzülmän, gaýtam kem-kem güýçlenýän “şaň-ň-ň” etdirip ýüregiňe-bagryňa düşüp gelýän ses peýda boldy. Huşum gidip, esli wagtlap pikirimem jemläp bilmedim. Edil ýöne gökden düşen ýaly boldum. Özüme ýer tapman sähel zada-da myrryhym atlandy. Wah, olaram hiç diýeli, derman-däri atyp, ýatyp-turup hötdesinden gelip bolýar welin, ýöne… Ýöne ýürek gysma diýen bir bela bar, ine, iň erbedi şol, şoňa çydamak kyn. Keýpiňi durlan wagtyň giň, owadan, mydama saňa ýylgyryp, mähir bilen seredýän, gözüň ýagyny iýip barýan ýiti reňklerden doly dünýe daralyp, çal reňke bürelýär, daş-töweregiňi şepbeşik çygly duman baglap, gysyp-gowrup barýar. Ondan dynmagyňam ýekeje çykalgasy bar. Bir-ki gezek agzyňa kagyzdan, ýürek bilen, sypalap-sypalap ýasalan müşdüge agzyňy ýetirip mele belany burugsadaýmaly. Bolany. Onsoň hemme zat ýene-de ýerli-ýerine barýar. Janyňam rahat tapýar, ýüregiňem giňeýäp. Dünýeler düzelip, ýaňyja çeken jebriňem gözüňe gülkünç bolup görünýär. Şeýdip, ol meýlisden, ol minnetdarlyga ädimläp ýörşüme, nädip öz boýnuma tanap salanymy, beýleki ujunam sime daňanymy bilmänem galypdyryn. Agzymdan mydama süýji şerbetleriň däl-de, düýn içilen, bu günem gözüm açylandan üsti ýetirilen şerabyň, üstümdenem bir ýerinde deşik bolsa petiklenen, yssy, dar ýerde uzak wagtlap çygyň gaýtmansoň deriň, tüssaniň agyr yslary geldi. Sagadymy-günümi, aýymy-ýylymy bulaşdyryp başladym. Baran ýerimde gepimi düşündirip bilmedim. Kem-kem “ýarowsyzlyk” zerarly barmaly ýerlerime barmadym, ýüz tutan adamlaryň işlerini bitirmedim. Gaty bir gerek, wajyp adam hasap etmesem ýüzlerini aldym, kowup diýen ýaly gapydan çykaryp goýberdim. Öz ýanymdanam “giden ýerleri bolmaz, ýene gelip maňa ýüz tutarlar” diýdim. Derrewem bulgury şerapdan dolduryp başyma çekdeim-de, müşdegi elime aldym. Ýalňyşypdyryn. Bir giden gaýdyp haýyş bilen gapymdan gelmedi. Dogry, tapyldy birküç sanysy, näçe kowsaňam ýene bosagaňda oturyp, gözlerine ýaş aýlap ýüz tutanlar. Olaram seýrekläp, soňam düýbünden gelmelerini kesdiler. Sebäbi edil men ýaly iş başarjaň, baran ýerinde gapylar açyk başga bir edermen ýigit tapyldy. Onsoň ýuwaş-ýuwaşdan ähli kişi oňa ýüz tutup, menem ýatdan çykyp ugradym. Aňrymda zadym barka “gümlerine gitsinler, şolarsyzam günümi görerin” diýdim. Ýöne baky zat barmy näme?! Näçe uludyr öýtsemem ýygnanja maýamyň düýbi göründi. Kän wagt geçmänkä-de taňkyrady. “Zyýany ýok, häzir köçä çykyp, iki ädim ätdigim, daşym hümer bolar, aýagyma ýykylyp işlerini bitirmegimi haýyş ederler” diýdim. Ýa-ha gaty sada ekenim, ýa-da öňdenem akylym ýok bolmaly, pikir edişim ýaly bolmady. Ýanyma gelen adam tapylmady. Gaýtam tersine, geçip barýanlary saklap: “Näme hyzmat, bitirimeli meseläň barmy?” diýip sorasam, “Hiç hili mesele ýok, ähli zat gülala güllük” – diýşip, ýüzüme ýiti-ýiti seretdiler, ädimlerini batlandyryp, çaltrak menden daşlaşmak bilen boldular. Onsoň, iş gözläp başladym. Bilimim bolansoň başda kynam bolmady. Ýöne elime pul düşenden ony keýpi-sapa sarp edip, üç-dört günläbem “ýarawsyzlygym” zerarly işe baryp bilmämsoň, derrew ýeňsäme depdiler. “Sen bolmasaň Senem jan ekeniňdä” – diýip, başga ýerlere işe durdum. Ýöne ol ýerlerde-de öňki waka gaýtalandy. Şeýdibem, hemme maňa belet bolup, işe kabul etmän başladylar. “Ýeri bolýa-da, bat almak üçin biraz aşak düşäýerin” – diýip, öz bilim derejämden pesräk ýerlere işe durdum. O ýerlerde-de uzak eglenmedim. “Zyýany ýok, bat almak üçin…” – diýip, kem-kem aşaklap, soňa-baka beýlekileriň pes görüp, ýüz öwren işlerinem edip başladym. Bu ýagdaýa çydaman, aýalym çagalary alyp, öýden çykyp gitdi. Onuň beýtmesini dönüklik hasap etdim. Özümde günä görmedim. Meni i-iň bir kyn günümde taşlady diýip, gaýtam bu beladan alyp galjak bolup wagtyndan öň garran ýanýoldaşymdan, öýüň dawa-jenjelinden bizar bolup, yraň-daraň edip gelýänligimi görenlerinden girmäge deşik tapman titreşen, gözleriniň nury öçüp, ýürekleri çöken çagalarymdanam gaty gördüm, öýkeledim. “Sizsizem günümi görýärdim, indem görerin” – diýip, gözleri ýaşly, jüýjejiklerini ganatynyň aşagyna alyp gidip barýan ýanýoldaşyma ýalbaryp, aýagyna ýykylmaga, yzyna dolamaga derek haýbat atdym. Indi bolsa… Indi bolsa men ýok. Ýok däl-de, göze görnemok. Görnýände-de hiç kim görenok. Göresleri gelenok. Dogrusy görer ýalagam däl. Öňki iň soňky nysakda tikilen egin-eşik geýýän, saçy bejerilgi, sakgal-murty timarlangy, üstünden iň gymmat müşkleriň ysy gelýän adamdam nam-nyşan galmandy. Öýüm-ä men bir wagtlar, çagalar gidenden, satyp, mele belanyň tüssesine sowurdym. Onsoň köçelerdäki ýaplardan elime-ýüzüme suw degenini hasap etmeseň, haçan doly ýuwnanym ýadyma-da düşenok. Saç, sakgal, murt ösüp, reňkini ýitirdi. Egin-eşik sül-sat. Daş-töweregimdäki öz aladalary bilen eýläk-beýläk geçýän arassa, tämiz geýnen adamlaryň, özlerinden tapawutlanýan, eleşan adam derrew gözlerine iläýmeli ýaly welin, görenoklar. Öňki dostlarym, ýoldaşlarym, möhümden-möhüm işlerini bititren adamlarymam meni görenoklar. Özüm atlaryny tutup, ýanlaryna barsamam, hiç zat diýmän, maňa tarap howatyrly, gorky bilen seredýärler.Görmeýän bolmaly… Men ýok. Ýok däl-de, göze görnemok. Maksat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |