14:39 Üşük / hekaýa | |
ÜŞÜK
Hekaýalar
Awtobus uzak garaşdyrmady. Mündük. Aýalym Näzik öňdäki, ýeke oturylýan oturgyçlaryň birine geçdi. Menem goşlarym bilen yzky oturgyçda oturdym. Çagalykdan ýaşap ýörsemem, şähere o diýen beletçiligim ýok. Beýle diýsem, barmaly ýerimi tapman ýöremok-da, köçeleriň atlaryna, şäheriçi gatnaýan awtobuslaryň belgilerine, haýsynyň nirelere barýanyna gezek gelende duran ýerim. Ýaş gidişip ugransoň-a ýatkeşligiňem ugry gaçyp, öňküligiňem galmaz ekeni. Aýtjak bolýanym, awtobusa münmesine-hä mündük welin, düşmeli ýerimiz ýadyma düşenok. Barmaly ýerimiz — uly gyzymyň öýi. Seýregrägem bolsa, gelip görmedik ýerim-ä däl welin, huşuňa ynamyň bolmasa kyn-da. Ýalňyş duralgada düşürip, iňirdä galanyňdanam, sesiňi çykarman oturanyň gowy. Onsoň içimden: «Gatnapjyk ýören ýeri, Näzigiň özi gowy bilýändir-le» diýip oturyberdim. Gözümem daşarda. Köçeleri, jaýlary göz öňüne getirjek bolýan. Ýadyňa düşäýse nädersiň. Gaty uzak gitmeli däldiginem, çagalar hassahanasynyň golaýy bolmalydygynam bilýän. Nireräkde düşmelidiginem çen bilen çaklaýan. «Ine, şu duralgada düşmeli» diýip, çürt-kesik edäýere welin, özüme ynamym ýok. «Ýaman etse, biraz gezim etjek ekenik-dä. Pyýada ýöremek saglyga-da peýdaly. Bahana bilen saglyga seretdigimiz bor-da» diýip, şol bolup oturyşyma öz-özüme göwünlik berenem bolýan. Gapdalymda üýşmek bolup duran torbalara gözüm düşendenem: «Bu goş bilen onça ýol aşaňsoň, öňküje saglygyň galaýsa-da bolýa» diýip, içimi gepletdim-de, bar umydymy aýalyma bagladym oturyberdim. Näzik uzak garaşdyrmady. Iküç duralga ýöräp-ýöremänkäk yzyna gaňryldy-da: «Düşmeli duralgamyz dälmi şü?» diýýän manyda maňa seretdi. Awtobusyň içinde ýolagçy o diýen kän bolmansoň, oturan ýerimden: — Bi däl bolaýmasyn? — diýip gygyrdym. — Şü, şü, bilýän-ä men — diýip, aýalym ýerinden turdy. Onuň gaty ynamly hereketi howumy basandyr-da: — Entek çagalar hassahanasyna çenli ep-esli bar dälm-aý? — diýenimde, sesim gaty ynamsyz, üstesine-de juda ysgynsyz çykdy. — Indiki duralga şoň deňi bolýa-da. Waý, hol arada-da geldig-ä, ýadyňa düşenokmy? — Düşüb-ä düşýä-le welin... — Howul-hara goşlarymy alyp, ýerimden turdum. Aýnadan daşaryny synlap durşuma-da, pyşyrdap diýen ýaly: — Diýseňem-ä, entek biraz ýöremelidi öýdýän — diýdim. Şol wagt öňümdäki oturgyçda oturan, orta ýaşlaryndaky kişi maňa tarap ýüzünem öwürmän: — Agam, bi däl, indiki duralgada düşmeli bolýaňyz — diýdi. — Aý, şeýledir diýdim-ä — diýip, öz çakymyň dogry çykanyna begenjime ýylgyryp, Näzige seretdim-de, boş oturgyçlaryň birine özümi goýberdim. — Sag bol, inim, oňaraýdyň. Tas şu giden goş bilen esli ýoly pyýada geçmeli bolýan ekenik. Alla ýalkasyn! Nätanyş ýene-de ýüzüni kese sowup oturyşyna: — Bile ýalkasyn! — diýdi. — Iki duralgaň arasy o diýen daşam däl-le. Bir ýolyşyk geçdigimiz barýas. Hakykatdanam, düşmeli duralgamyza derrew ýetdik. — Agam, geldik — diýip, nätanyş ýerinden galdy. — Indi taparsyň-la hassahanany, duralgaň aňyrsy şo bolmaly. — Hä, hawa, taparyn — diýip, başagaý bolup oturyşyma jogap berdim. Oňa ýene bir ýola sagbolsun aýtjak bolup, başymy galdyranymdan-da doňup galdym. Öňümde duranyň ýaňky, bize ýol salgy berip oturandygyna ynanmaýan ýaly, awtobusyň içine birlaý göz aýlap çykdym. Ýolagçylaryň biri-biri bilen işi ýok, düşen düşýär, münen münýär. Sypaýy kişi ýagdaýymyň üýtgänini aňandyr-da: — Näme, agam, birden dymdyň welin, ýalňyş salgy beripdirinmi? — diýip, aladaly sorady. — Ýok, inim, düşmeli ýerimiz şu. Goşlarymy jemledim. — Hä, şeýlemi, bolýa onda, sag boluň — diýdi-de, ýaňky bir eli bilen oturgyçlardan ýapyşyp, beýleki elindäki taýagy bilenem ýoluny peýläp, ýuwaşlyk bilen awtobusdan düşdi. Orta boýly, syrdam, ýaňy ak sepeläp ugran gara saçly sypaýy kişiniň yzy bilen bizem düşdük. Birine garaşýan ýaly, ulagdan düşen ýerinde säginip, diňşirgenip duran nätanyşa nähilidir bir ýardam edesim geldi. — Nememi, inim, barjak ýeriň uzakdamy? Ýoldaş bolaýaýyn? — Ýok, agam, sag bol. Häzir gelerler. Özümem gidibilýän welin, öýdäkiler ynjalman, ýanym ýoldaşsyz gozganmasam kem görenoklar-da. — Ýol tapyşyň-a biz ýalyň ikisiçe bar ekeni — diýip, dartgynlylygy aradan aýyrmak üçin degşen boldum. — Bize ýol salgy berip otyrşyň-a, tüweleme. — Aý, üşük gerek-dä, agam. Tebigat bir ýerden kemse, başga bir tarapdan agdygrak eçiläýýän ekeni. Gözüm görmese-de, ünsümiň, huşumyň ýitiliginden zeýrenerligim ýokdur. Onsoň ädim ädenimizden hasap bilen-dä biziňki. Biz köne tanyşlar ýaly hoşlaşdyk. Aňyrdan gelen oglanjygyň elinden tutup, taýagyny tyrkyldadyp barýan nätanyş kişiniň yzyndan seredip, biraz duranymyzdan soň, bizem öz ýolumyz bilen gitdik. Näzik esli ýere çenli pikire çümüp gidensoň: — Ýol bilmek üçin gözli bolmagam hökman däl-ow — diýdi-de, uludan demini alyp, maňa seretdi. Men sesimi çykarman başymy atdym. © Maksat HUDAÝGULYÝEW. Çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti, 14.10.2022ý. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |