23:25 Bir torba goş / hekaýa | |
BIR TORBA GOŞ
Hekaýalar
Bä-ä-äý, şum habar çalt ýaýrar diýilýänleri çyn-ow. Polat aganyň ýogalanyny Rahmanyň eşidenine gaty gitse ýarym sagat bolandyr-da. Ýa o-da geçen däldir. Ol şol habary eşidenden derrew geýnip Polat agalara tarap ylgapd-a. Hem obadaş, hemem daşgynyrak garyndaş bolansoňlar Polat aganyň ogly Soltan ilkinjileriň hatarynda oňa jaň edipdi. Daň entek doly atmadygam bolsa Rahman baran wagty adamlar eýýäm üýşüşip ugran ekenler. Başga-da adamlar ýuwaş-ýuwaşdan, ikibir, üçbir gelip durlar. Erkekler-ä daşarda, her ýerräkde topar-topar bolşup üýşüşýärdiler. Aýallar bolsa ýaglygklaryny çümre geýip, ýüzlerini ýerden galdyrman öýe girip gidýärdiler. Girenlerindenem öýde ýäňy pessaýlan agy sesi täzeden güýç alýardy. Şular ýaly-da obadaş, dogan-garyndaşyň gerek ýeridä. Şäherde ýaşasaň-a hasam. Ençe ýyllap goňşy ýaşaýansyňyz welin, goňşy-goňşyny ol-a gatnaşmak eken, idili tananoklaram. Başyňa ýagş-u ýaman iş düşäýse dagy has hem kyn bolýar. Onsoň her kim jaň edip çalarak ilteşenem bolsa dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny, obadaşlaryny gözläp başlaýarlar. Adamlaryň gowy tarapy, şeýle ýagdaý ýüze çykanda öň arada öýke-kine baram bolsa ýatdan çykarylýar. Gepsiz-gürrüňsiz üýşýärler, dinde-ilde edilmeli ähli kadalary berjäý edýärler, merhuma iň soňky hormatyny bildiribem bakyýa ugradýarlar. Rahman ogly Atajana ulagynyň açaryny berip, şular ýaly ýagdaýda zerur bolan zatlary almak üçin golaýrakdaky metjide ugratjak bolup durka ýanyna Soltan geldi. Ol Atajan dagy ugransoň, Rahmany üm bilen bir gyra çagyrdy. ― Neme-le, Rahman aga, bi Bally aga habar etsemmikäm? Rahman bir hili bolup durdy. ― Gowusy-ha şular ýalyda habar etmeklik, inim, ýöne… ― Wah şo-da Rahman aga, ýöne neme-dä… ― Soňky pursatlarda kakaň hiç zat diýmedimi? ― Diýdi, ýöne nämä ýorjagymy bilemok? ― Näme diýdi? ― Aý, anyk zad-a aýtmady. Adyny tutup, ik-üç gezek “Bally, Bally” diýdi, bolany. Soňam özünden gitdi. Kän wagt geçmänkä-de jan berdi. ― Çagyrdygy bolaýmasyn şo şonuň? ― Menem şeýlemikä diýýän. Ýöne anyk zadam diýmedi-dä. Özüni bilýäkä-rä soňuna çenli, adynam tutman “Şony patama getiräýmäň! Razy bolman, gabrymda dik oturaryn” diýip gitdi. ― Onda iň soňky gezek ony getirmeli däldigini ýatladaýyn diýip, adyny tutan bolaýmasyn?! ― Hereket-ä olam däl ýaly. Gaýtym tersine elini uzadyp, howany sermeleýş-ä ony çagyrýanam ýaly. ― Ýa iki dünýäň bosagasynda ähli dawalaryny ýadyndan çykaryp razylaşjak bolan bolaýmasyn. O taýda ― Rahman ýokaryk, asmana ümledi ― bärdäki i-iň uly dawalaram gaty ownuk bolup görýnýämiş diýýäler. ― Bilmedim-dä, Rahman aga. Birdenem eýle däl bolsa, men-ä halys nätjegimem bilemok. Näme-de bolsa mesele öz-özünden çözüläýdi. Rahman bilen Soltana dogrulygy ýa nädogrulygy belli bolmadyk netijä gelmelem bolmady. Nireden eşideni belli däl Bally aganyň özi geläýdi. Onuň özüniň gelenini, çözülmesi kyn bu meselede ugur tapylanyny görüp bularyň ikisiniňem arkalaryndan agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Bally aga Rahman bilen Soltany göreninden ýanlaryna geldi. Gelşine-de bularyň belli bir birine ýüzlenmän, “Meni Poladyň ýanyna eltiň!” diýdi. Rahmanam, Soltanam seselerini çykarman Bally aganyň öňüne düşdiler. Polat aga bilen hoşlaşyp daş çykansoň Bally aga bir gyrada, ýekeje özi, hiç kime goşulman bir-az durdy. Arasynda iki ýana gezmeledi. Bir-az köşeşendir-dä, ol Soltan bilen Rahmany ýanyna çagyrdy. ― Neme, inijikler, bi Polady bärde jaýlyýasmy ýa oba äkidilýämi? ― Oba äkitmeli edildi dämi, Soltan. ― Howwa, obada, ejemiň ýanynda jaýlaýas. Özi şeý diýipdi. ― Ulag zat gürleşdiňizmi, Soltan? Oba habar edildimi, barýançak jaýyny taýyn edip goýmalydyr. ― Ulag-a Aman Täşli gelmeli, şondan haýyş ederindä. ― Amany azara goýup ýörmäň. Özüm gürleşerin, ulag bar. Näçelere ugralar? ― Onlara dagy ýöremeli bolarys. ― Onuň ýaryna ulag taýyn bolar. Bir maşyn çägedem-ä gerek bor, jynaza durmaga. Metjitden ýäşulylyary getirmäge ulag gürleşildimi? ― Jynaza oba baryp, jaýlamazynyň öň ýany durarlar diýdiler. Belli günlerem aňyrda geçiriljek. ― Hä-ä, şeýlemi? Onda men oba bilen habarlaşaýyn. Barýançak hemme zat taýýar bor ýaly. ― Bally aga, Taňry ýalkasyn, ýöne… Bally aga derrew onuň sözüni böldi. ― Inim, maňa “Taňry ýalkasynam” diýme, “ýöne-de” diýme. Gaýrat etde köne dostumyň öňündäki edip biläýjek soňkuja hyzmattymy berjäý etmäge rugsat ber! Indi meniňem dostumyň yzynadan haçan gitjegim belli däl, inim, şonuň üçin ýolagçynyň raýyny gaýtarama! Soltan, Rahmanyň ýüzüne seretdi. Rahman hiç zat diýmedi-de, çalarak başyny ataýdy. Olaryň bu hereketlerini Bally aga razylyk hökmünde kabul etdi. ― Sag boluň, inijiklerim, Alla ýalkar siziň bu ýagşylgyyňyz üçin. Indi bolsa ýigitler, men dostumyň iň soňky ýol şaýyny tutaýyn. * * * Aýdyşlary ýaly sagat ona hemme zat taýyn edildi. Ulagam geldi. Merhumy, hala dolap, emaý bilen, oňa ýüklediler. Ogullary Soltan bilen Selim, Rahman dagy merhumyň ýanyna, ulaga mündiler. Bally aga-da olara goşuldy. Ugraljak bolup durkalar aýallaryň biri Soltanyň adyny tutup gygyrdy. Yz ýany bilenem Soltanyň aýaly “Ine bi atasynyň eşikleri” diýip, garamtyl gök reňkdäki, gaýyş torbany ulagdakylara uzatdy. Soltan torbany alyp, merhumyň aýak ujynda, ýerde goýdy. Ugradylar. Torbany göreninden Bally aganyň ýüzi ak tam boldy. Ol ýerde goýlan torbany sandyraýan elleri bilen aldy-da, dykgat bilen eýlesine beýlesine seretdi. Torbanyň öz reňki dagy ýitip gidipdir diýän ýaly. Gyralaram syçan iýiprmi ýä wagt geçip könelişeni sebäpli özi gopupmy, kertik-kertik bolup dur. Egne asmak üçin berkidilen kemeriniňem bir gapdaly halkadan sypypdyr-da, çigilip daňylaýypdyr. Bally aga birden elindäki torba ýüzüni goýdy-da möňňürip goýberdi. “Bally aga goýuň, giň boluň!” diýselerem goýmady. Uzak ýol bolansoň birden gerek bolaýmasyn diýlip ýanlary bilen berilen suwdan içirdiler, biraz köşeşen ýaly edýär-de ýene-de başlaýýar. Öňler haýbaty bilen eýmendirýän ýaşuly adamyň aglap duranyna Rahmanam bir hili boldy welin, ýaş oglanlar-a hasam bozuldylar. Rahman Bally aganyň ýanyna geçip, köşeşdirjek boldy. Bolmady. Öň dykyn alyp duran böwedi sil böwsen ýaly Bally aga özüne basalyk berjek bolsa-da başartmady. Aňyrdan, ýüreginiň jümmüşinden göz ýaş şol çykdy durdy, çykdy durdy. Bäş-üç minut dagy aglandyr, Bally aga ahyry köşeşeip ugrady. Ýöne doly däl, sesli bolmasa-da ep-esli wagtlap eli bilen ýüzüni tutup aglady. Gözýaşlary eliniň arasyndan syrylyp, aşak, gök torbanyň üstüne damdy. Entek garrylyga doly boýun egmedik Bally aganyň birden kiçelen eginleri wagtal-wagtal silkinip gitdi. Ahyry olam galdy. Şonda-da Bally aga esli wagt elini ýüzünden aýyrmady. Soňam uludan demini alyp dikeldi-de, jübüsinden elýaglygyny çykardy, ýüzüni-gözüni süpürüşdirdi. Burnuny arassalady. Ýanynda oturan Rahmana tarap seretmän, “inim, ýaňky suwuňdan bir owurt ber” diýip ýüzlendi. Plastmas käsä guýlup berlen suwdan ulagyň aýnasyndan daşaryny synlap oturşyna her wagt bir owurtlady. Birdenem öz-özi bilen gürleşdimi, ýa ýanyndaky oglanlara aýdyp berdimi belli däl, gürrüňe başlady. ― Nähili dostduk biz, Polat bilen. Baý-ba, doganlaram bir-birini beýle gowy gören däldir. Goňşuçylykda önüp-ösdük, bir mekdebi, bir synpy tamamladyk. Ýokary okuw jaýyna-da bileje girip, bile-de tamamladyk. Saýlan ugrumyzam bir boldy. Hatda geýnenimizde-de meňzeş geýinjek borduk. Bir wagtda-da öýlendik. Polat dagy bir ýyl garaşdam, biziňkileriň Jemiläniň ene-atasy bilen ylalaşyp sähet alarlaryna ― Bally aga dymdy. Aýnadan ho-ol aňyrda kemer-kemer bolup duran Köpet daga seredip Bally aga sözüni dowam etdi.― Öz dostlugymyzy şu daglar ýaly beýik, bakydyr öýderdik. Emma… Näme sebäp boldy, näme düşdi aramyza? Okaýan döwürlerimiz bir döwüm çöregi ikä bölüşen wagtlarymyzam bolupdy. Gijeler kinodan gelýärkek gyzlaryň üstünde dawa bolup, urulan, uran gezekleroimizem bolupdy. Dostlugymyz mizemedem. Gaýtam berkedi. Soň bolsa, ― Bally aga kükregini dolduryp sowuk dem aldy.― soň bolsa, hiç ýerde ýazylmadyk düzgünleri, kanunlary bolan durmuş başlady. Ine şoňa wlelin biziň dostlugymyz çydamady. Çat açdy. Sebäbem, pul toplamaly, baýlyk ýygnamaly, wezipe edinmeli, baýraklara mynasyp bolmaly. Ana, şol zatlaram dostlugymyzy bozdy. Ýönede bozmady, düw-dagyn etdi. Biziň işleýän ugrumyz bir bolansoň, şo zatlara ýetmäge ilkinji garşydaşam bir-birimiz bolduk. Başda duýmadyk. Özünden beter begendik dostumyz üstünlik gazanaýsa. Ýöne, ― Bally aga gaşlaryny gerip, hyrçyny dişledi. Gözüni bir nokada dikip başyny atyp oturşyna dowam etdi ― ýuwaş-ýuwaşdan ýüregimizde, kalbymyzda bassaşlykmy, göriplikmi, hiçisem gowy däl, hapalyk ýygnanyp başlady. Kem-kemdenem köpeldi. Bizem, oňa basalyk bermäge derek, gaýtam ugruna gitdik. Gulagymyza çakýan çawuşlaryna “hä” berdik. “Seňki dogry” diýdik. Özümize: “Näme üçin men däl-de ol?”, “Onuň menden nämesi artykmyş?” diýen ýaly arany daşlaşdyrýan şeýtany sowallary berdik. Şeýdibem ol hapa läbik ulalyp, batgalyga öwrüldi. Diňe ýüregimiz däl, beýnimize çenli püre-pür doldy. Öň sähel birek-biregi görmesek, iň bolmanda habarlaşmasak kalbymyz aram tapmaýan bolsa, indi näçe görüşmesek şonçada gowy gördük. Gabatlaşsagam edil ýamanalgyly ýaly, derrew kejeleşip, sähel zadyň üstünde dawalaşdyk. Birimizden-birimiz işde beýlekide üstünlik gazanaýsak dagy, şol gije erbet bolup ýatybam bilmedik. Daň agaryp-agarmanka-da turup, öň dogan hökmünde görüp ýören ynsanymyzyň üstünden şyltak atyp arza ýazdyk. Ýygnaklarda dikleşip, ýüzümize durduk. Her baranymyzda höre-köşe, öwüt-ündew bilen aramyza düşen towy ýazmakçy bolansoňlar, obada seýrek gitdik. Gitsegem, beýlekimiziň şäherdedigine, obada gitmejekdigine doly göz ýetirensoň ýola düşdik. Oba barybam ata-baba goňşy oturan dostumyzyň öýüne salama-da barmadyk. Öň ata-enemiz hökmünde görýän adamlarymyz gabatlaşaýsa-da zordan salamlaşdyk. Ine şeýdibem bir-birekden daşlaşdyk. ― Bally aga ýene-de dymdy. Uludan demini aldy-da, özi suw guýunyp içdi. ― Näme gazandyk? Oturyp, oturyp oýlanýan, özüme şu soragy berip. Soňky günler-ä hasam. Hiç zat. Gaýtam kän zat ýitirdik. Biz güýjümizi dawalara däl-de, işimize, maşgalamysza sarp eden bolsak gaty kän zatlary gazanardyk. Derejämiz şu wagtkymyzdan näçe esse uly bordy. Özümizem belki, uzak ýaşardyk, beýle ir garramazdyk.― Bally aga ýüzüni galdyrdy. Dym-gyzyl bolan gözlerini oglanlara aýlady. ― Ýigitler, geň görmäň, meniň bolşuma. Şü ― Bally aga aşak ümledi.― torbany gördüm-de durup bilmedim. Soltan, inerim, biler bolsaň kakaň pahyr ine egni şujagaz torbaly şähere gelipdi. Içinde-de bir laý egin-eşigi, resmi hatlary bardyr-da. Başga hiç zady ýokdy. Mende-de bar, edil şular ýaly sumka. Ine, indem…― Bally aga agyr-agyr ýumdundy.Bokurdagy doldy. Saklajnak boldy, ýene-de bolmady. Ahrysyna bakdy-da, ýeňi bilen gözüniň ýaşyny syldy. Bir salym sesini çykarman oturdy. Arasynda-da “E-e-eh” edip uludan demini aldy-da başyny ýaýkady. ― Howwa, ine indem Polat, şo-ol öňküje torbasy bilen yzyna, oba barýar. Başga zat alanok ýany bilen. Aňyryg-a munam alyp gitmez, goýar. Onsoň nämä gerek bolduka, bize bu ençe ýyllap birek-biregiň zehinini ýakmak? Saglygymyza zeper ýetirýän, ömrümizi gysgaltýan dawa-jenjellerimiz nämä gerek bolduka? Hä? Nämä? Bally aga gezek-gezegine oglanlaryň ýüzüne seredip çykdy. Olaryň hiç haýsyndan jogap bolmady. Gaýtam, näme diýjeklerin bilmän ýzüzlerini sowdular. Bally aga ýene-de “Nämä gerek?” diýip pyşyrdady-da, aşak bakdy. Soňam aýnadan daşaryny synlap başlady. Oba barýançalaram sesini çykarmady. Ulagdakylaram dymyp gitdiler. Her kim Bally aganyň aýdanlaryny aňynda aýlady. Ýalançynyň panydygy barada adamzat döräli bäri edip gelýän pikirine çümdiler. 21.02.2015 ý. Maksat HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |