04:42 Meni düşünjek barmyka dünýäde? | |
MENI DÜŞÜNJEK BARMYKA DÜNÝÄDE?
Goşgular
"Meni düşünjek barmyka dünýäde?" - diýip käte öz-özüme diýýän men. Belki olar azdyr, belki-de köpdür, Ýöne şolaň bardygyny duýýan men. Enesinden jyda düşen owlak deý, Elewreýän del duýgulaň yzynda. Juwan ýaşda garrylara meňzäp men, Pos basanja sözlerimem yzymda. Kä tekizlikde büdreýän ynama, Hemmä deň göz bile bakanymdandyr. Alçy gopmasa bir bendäň aşygy, Özünden öň içim ýakanymdandyr. Batanymda batgalygna gussanyň, Umytlarym golun berýär her ýerden. Şolar meni ýagtylyga çykaran, Şolar meni şu derejä beýgelden. Adamlaň göýberýän hatalaryna, Goşgularmyň arkasyndan haýkyrdym. Bu ýolumdan dönmerin men hiç haçan, Men bireýýäm tüýkürjegim tüýkürdim. Erkek men, ýöne ýüregim ejizdir, Degip bilmen garynjaňam göwnüne. Onuňam bu dünýäde öz orny bar, Böwet bolman sanalgyja ömrüne. Ýeke özüm kürekleýän gaýygy, Etjegimi diňe içim bilýä-de. Şonuň üçinem käteler diýýän men, Meni düşünjek barmyka dünýäde? Ylham GURBANALYÝEW. 2021. | |
|
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |