16:36 Meniñ daça alşym / satiriki hekaýa | |
MENIÑ DAÇA ALŞYM
Satiriki hekaýalar
Eger sözümi gysgaldyp aýtsam, maňa şäheriň çetinden daça üçin ýer uçastogyny bölüp berdiler. Okamaga takatyňyz ýetse, sabyr käsäňiz uly bolsa soňky ýagdaýlary teswir edeýin. Ýer bölüp berýänçiler: «Dynç günlerinde bagbançylyk bilen meşgul bolarsyň. Oduk-buduk ekinersiňiz. Iýeniňden artygyny satarsyň» diýdiler. Ýer üleşdiriji ýoldaş meni şäheriň çetine alyp gitdi. Paýlanjak meýdan gaty şorluk ýer ekeni. Men ony duz känidir öýtdüm. Agynjak Mollagara kurortyň bar-da. Guragyryň-a azar berer öýdemok. Käýerinde biten ýylgyn garaw görmän ösüpdir. Düýe asybermeli. Bölek-bölek şor suw çaýkanyp ýatyrdy. Käýerinde duz kesmekläpdir. Suwuna çümjek gümanyň ýok, durşuna goraba. Başaşak oklaýsaňam seni pyzyp goýberýär. Gara ýoldan düşdügem weli, maşynymyz batdy. Geçip barýan şofýordan haýyş etdik. Gaýtam özümiz utanmaly bolaýdyk. Onuň maşyny oňatja batdy. Ýene bir «Kamazyň» şora sokulmagyna sebäp bolduk. Äpet maşynlary şor läbik sokga soraýdy. Halys öz maşynymyzyň şordan çykmajagyny bildik. Ýaýdanyp durmadyk. Pyýadalap ugraberdik. Batyp-çümüp, ahyrsoňunda barmaly arzyly daça ýerimize etdik. Adam pahyr, garaz, almaly diýlip, ajal paýlansa-da, elini uzadyp öljek-dä. Bu edähet bize eždatlarymyzdan miras galan bolarly. Dört tarapyna gazyk kakdyk-da daça sen sag bol, bizem aman bolaly diýip gaýdyberdik. Durar ýaly däl. Gögeýinler endam-janymyzy persala etdi. Heý bir gök siňek bar, syrtlaşyp münübermeli. Ol ýerde bagyň bitmejegini, ekniň gögermejegini zyr dälilerem bilse gerek. Şänik çakaryn-ow, gawun pitiklärin-ow diýen tamaň tala daňylan ýaly bolaýsyn. Onuň goraba suwunda hatda janly-jandarlaram ýok. Başga planetalylaryň ýeri ýaly gyrmyldysyz ümsümlik höküm sürýärdi. Tukatlykdan ýaňa «waý!» diýip sesiňde baryndan gygyrasyň gelýärdi. Biziň hojalygymyzdan: aga, ini, ogul, gyz, ata, ene, hiç kim bu «daça» aýagyny sekmedi. Birnäçe ýyllap ol ýer eýesiz haňlap ýatdy. «Aýa, Zöhre we Myrryh ýyldyzyna gideris weli, ol batgalyga gitmeris» diýdiler. Akyl etdiler. Emma kakam aýak diräp oturmady. Günlerde bir gün kakam: — Amanady alýanam bolsa men şol ýere gideýin — diýäýdi. Özem dälirän ýaly: — Päheý-de welinim — diýip, tarsa ýerindenem turdy. Pahyr! Ýatan ýeri ýagty bolsun! Topragy şol ýerden alnan borly görgüliniň. Meniň gözüme ýaş aýlandy. Emma duýdurmadym, mert durdum. — Kaka, oňarýaň. Fronta-da sen arza berip gidipsiň — diýip, menem oňa gop berdim. Oňa-da goja göwün göterildi. Kakamda mertligem bardyr weli, garaz, ajaly çekýän bolmaga çemli. Gidermen boldy, görgüsi ýaman. Goş-golamyny ykjamlap başlady. — Oglum, täze ýurda gitseňiz, ilki duz göteriniň — diýip, ejem biçäre çyny bilen aýtdy. Men tas pyňkyrypdym. — Eje, ol ýeriň iň bol zady duz ahyry — diýdim. Ähli Türkmenistanyňa duzluk etjek, haw, ol ýer. Kakam köp zat aldy. Brezent çadyr, pil, palta, orak, un, çäýnek, suwly gaplar, radiopriýomnik, çilim, otluçöp bilen nas, azot, polietilen haltalar, plýonkalar, namazlyk, kündük, aý garaz, hojalyga gerek ähli zatlaryň hemmesini, duzdan başgasyny, köpeninden özgesini spisok boýunça tükelläp, bir gapdala geçirdi. Ýüküniň üstünde oturybam bir nas atdy. — Kaka, edil öýlenjek ýigidiň spisogy ýaly-la munyň?!— diýip, men güldüm. Bu sözüm ejeme ýaramady. Gaharlandy öýdýän. Hamana ol şorlukda şaýly gelin saçyna zeýtun ýagyny çalyp garaşyp oturan ýaly. — Samsyklama, dogman geçen. Agzyň jähegi sökülipdir — diýip, ejem ýüzümi aldy. Ugramaly pursat gelip ýetdi. — Kaka, gitmänkäň ejem bilen pugtaja hoşlaş — diýip, degişmä salyp aýtdym. — Lal aç, dogman geçen. Kakaň näme gitsegelmeze barýamy. Köne galoş bilen agzyňa kakmaly seniň — diýip, ejem käýindi. Gara ýoldan aşak düşdügem weli, şol lüýk maşynymyzy gürleňňijiň garynjany çekip alşy ýaly etdi-de, demine sokga soraýdy. Özümiz içinden zordan çykdyk. Biziň bagtymyza şol gün şol etrapda geologlar gözleg işini geçirýän ekenler. — Munuň ýaly batgalygy biz soýuzymyzyň hiç ýerinde göremzok. Biz suwda hem-de batgalyk ýerlerde hereket etmäge niýetlenip ýasalan täze tehnika bilen ýaraglanyp şu ýere gelipdik. Ýöne welin, göz öňünde tutmadyk zatlarymyz bar ekeni. Bu batgalyk ýowuz ekzamenator hökmünde bize «ikilik» goýdy. Wertalýotsyz iş kynlaşjak görseň — diýip, goja geolog ýylgyrdy. Kakam goja geolog bilen tanyş boldy. Olam urşa gatnaşan ekeni. Front ýollaryny ýatlap, birsalym keýpden çykdylar. — Men bir säwlik bilen gabawda galyp ýesir düşdüm. Fransiýaň bir ýerinde bizi konslagerde sakladylar. Orus ýoldaşym Kulikow bilen bir gije gaçdyk. Niredesiň Italýan daglary diýip, barybam partizanlara goşuldyk — diýip, kakam gür berdi. — Şol Kulikowdan hat-habar ýok. Ölenem bolsa bilemok. Özün-ä göresim gelýär — diýip, kakam ýatlady. — Biziň bu geçirýän barlag işimize uly synag diýsegem boljak. Şu batgalykda işlemek üçin harby tehnikany hem ulanýas. Tankdyr transporýor hem aldyk. Emma bu şorlukda bujagaz tanklar, transportýorlar ejizlik edýär. Iň erbedi, wertolýotam batýar — diýip, goja geolog haýygyp gürledi. — Aý, sakallaş, bar goşuňy tankyň küpesine ýa-da transportýoryň biline. Komanda bereýin, eltip düşürsinler. Işiňi asan edeýin-le — diýip, goja geolog joşdy. Biz maşynymyzy tanka süýredip gara ýola çykardyk. Trosy berk ekeni. Maşynymyzyň öň buferi goparyldy. Kakamyň paty-putusyny transportýora ýükledik. Transportýor tomzak ýaly müňzäp ugrady. Bizem üstünde joňkaryp otyrys. Transportýor birneme ýol geçdi-de batdy. Ony tanka süýretdiler. Tankyň nilinden şor palçyk girip başlady weli, tankçy ökde ekeni, nili ýeňsä öwräýdi. Tank dyzaýardy. Üstümize petde-petde şor laý patda-patda gaçyp başlady. Joňkaryp oturybilseň otyr-da indi, ýapyrylmak ýapyryldyk. Ýylgyn meniň köýnegimi sypyryp alyp galdy. Şlýapa bir ýerde gaçdy. Men gülýärdim. Kakamyň gahary gelýärdi. Ol meni kowalady. Keseklemäge zat tapmady. Ikimizem batdyk. — Agzymy açmadyk bolsam, oturtma dişlem agzymda galaýjak ekeni. Bir ýerde awunyp «wäk» diýipdirin öýdýän, gaçypdyr, äteňet — diýip, kakam agzyny köweldip oturyşyna ökündi. — Sakaldaş, şu ýerde bag ösdürip bilseň, seniň konslagerden gaçyp, partizan bolanyňa onsoň bek ynanaryn — diýip, goja geolog güldi. — Miçurin-ä oňarmazdy — diýip, ol aýtdy. Meni tank gara ýola alyp gaýtdy. Kakam görgüli bolsa şol ýerde galdy. Iman baýlygyny bersin diýäýmekden başga näme aýdaýyn. Şondan soň birnäçe wagt geçdi. Bizem güzeran aladasy bilen başagaý bolşup, şol eňişip ýörüs. Günlerde bir gün Don boýundaky Rostow şäherinden bir frontçy ýaşuly öýümize geläýdi. — Maňa Kulikow diýýärler. Seň kakaň bilen Italiýanyň daglarynda partizançylyk edipdik. Faşizmiň Fransiýadaky konslagerinden bileje gaçypdyk. Kakaň diýseň dogumly adamdy — diýip, ýaňky myhman aýtdy. — Ol görgüli dirimi beri? — diýip, howatyrly äheňde sorady. — Şäheriňize gelip bir eli bilen bir gulagy protezli adam gözläbem gözlem çaşy bolup gitdi — diýip myhman ýylgyrdy. Şol sözden soň kakamy itiň ölen şorunda taşlap gaýdanlygym güpbe ýadyma düşdi, aljyradym. — Kakam daçada — diýip, myhmany hem alyp «daça» gitdim. «Batýandyr» diýip, gara ýolda maşyny goýjak bolanymda Kulikow: — Ruly ber maňa. Hany şu maşyn batybilse batsyn-da göreýin. Men frontda mundan hem bäş beter erbet batgalyklarda maşyn sürüpdim. Özem üsti kartoşkaly maşyn — diýip, Kulikow ynamly gürledi. Men beýle hormatly myhmanyň raýyny ýykmadym. Gepiň gysgasy, maşyny batyrdyk. Myhman utandy. Menem bir hili boldum. Pyýadalap ugraberdik. Ahyry görgüsi ýaman «daça» ýetdik. Görsem, kakam gara berenok. Inim bir zat syzdy. Gygyrdym, ses bermedi. Süňňüm lerzana geldi. Meni der basdy. Howa ýetmedi. Bir haýukdan soň ýylgynlykdan biri çykdy. Ynsmy-jynsmy, mahlukmy biler ýaly däl. Başynda gadymky furaşka, gaty Stalin papagy. Egninde meňki bolsun diýer ýaly geýim ýok. Sal-sal, daraw-daraw. Depesinden bir put dary guý. Ýekejesem ýere gaçjak däl. Aýagynda köne hokga köwüş. Bu adam sakgal-murta, saça mazaly özüni basdyrypdyr. Üsgüräýmese, agzynyň nirededigini bilip biljek gümanyň ýok. Tüýden ýaňa zeýkeşiň kerepli zeý suwundaky balygyň örküji ýaly zordan burnunyň arkasy görünýärdi. Ýogsam sypalap howut salybermeli örküçli uly burny bardy. «Bu meniň kakam bolaýmasyn?!» diýip, az salym pikire batdym. Derrewem özümi ele aldym: «Daş edewersin». — Ýaşuly, bu ýerde meniň kakam bolmalydy, adyna-da Çilgez aga diýilýärdi. Ady ýaly kyrk gez boýy bardy. Görmediňizmi?! — diýip, ol adama ýüzlendim. Ol adam oýlanyşyp gürledi. Dil ýadyndan çykan bolara çemeli. Gepläp görmedik ýalydy. — Bolmaly öz-ä, bardyr. Ýörüň, görkezeýin — diýip, ol gaty papak öňümize düşüp ugrady. Bir az salym ýöräp bir şor tümmegiň başujunda çöke düşdi-de, Stalin papagynyň maňlaýyndaky erňegini ýeňsä öwürdi. Gürlendirip aýat okady. Ellerini maňlaýyna ýetirdi. Menem şeýtdim. Emma Kulikow bir hili oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Nämäň-nämedigine ol bir bada düşünmedi öýdýän. Aňk-taňk bolup, äme-säme ýagdaýda oturdy. — Ýatan ýeri ýagty bolsun. Yman baýlygyny bersin — diýip, ýaňky gaty papak uludan demini aldy-da, bize tarap sähelçe öwrülip söze başlady. — Han ogul, kaka seňki bolsa aýdaýaýyn, gowy adamdy biçäre. Amanadyny tabşyryp bilmänem Ezraýyl bilen çekeleşip köp ýatdy görgüli. Oglum, gyzym diýip, zol aýtdy ýatdy. Men samraýandyr öýtdüm. Ogly, gyzy ýokdur, ýerden ýeke çykan tüwmaýakdyr diýip pikir etdim. Özem meniň ýüzümi şäher tarapa öwür, olaň geljek ýoluna bakyp öleýin diýdi pahyr. Azyk-suwlugymy soňky demine çenli deň paýlaşjakdym. Emma kakaň aýtdy: ikimizem deň ölsek bizi şagallar çekeläp wejera ederler diýdi. Sen suwuňy, çöregiňi tygşytly tut diýdi. Şeýdip özi açlyk yglan etdi. Gadymky gürrüňlerde durnalardan hat-habar, salam ýollar ekenler. Bu ýerde ol-a durna ekeni, hatda garga-da, baýguşam ýok. Bu suwlarda tutup iýäýeýin diýseň gurbaga-da ýaşanok. Şeýle diýip ýaňky gaty papak ýaşuly ýerinden turdy. Gürrüňini dowam etdirdi: — Tenini päkledim, oglum. Özüm elin jaýladym. Bildigimden jynaza-da okan boldum. Tebärek çykdym. Heý, garyndaşlaryndan, dost-ýarlaryndan gelen bolmazmyka diýip azotly suwda bir hepde on gün dagy sowadyp sakladymam. Azody özi bilen getiren ekeni. Azodyny bag üçin getiripdir. Garaz, azot ölümine ýarady. Timisgenişip ýören aç tilkidir şagallardan, möjeklerden ätiýaç etmänem durmadym. Aýakujundan gelip iýip başlaberseler nätjek. Kowmaga mende-de mejal ýok. Ýöne weli, ýaňky mahluklaryň duzly zady iýesem-ä ýok weli, aý, gorkulýa-da. Bolsa-da kakaň wagtynda-ha gaýratly adam bolan ekeni. Zol Italiýanyň daglarynda partizançylyk döwrüni ýatlap hyrçyny dişlärdi görgüsi ýaman. Ýaşuly sözüni dowam etdi: — Kakaňy ynjamaz ýaly edib-ä jaýladym, han ogul. Köpen ýerine azotdan boşan polietilen haltany ulanaýdym. Arassa mata tapmadym, hanym, günämi geç. Bu ýerde näme magazin barmy. Bir haltany aýak ujundan geýdirdim. Kakaň uzyn ekeni. Haltaň gowuz ýerlerini kesmekläp duran şordan pugta doldurdym. Ynjamasyn diýdim. Duzuny mazaly ýetirdim. Jeset zaýalanyp ynjamal-a däl. Mazaly salit bolan bolmaly. Bir haltanam başujundan geýdirdim. Bilinem mäkäm bogdum. Kakaň horlanypdyr. Egniňe atyp ötägitmelije bolan ekeni. Boglan odun diýäýseňem boljak. Gadym müsürleriň şazadalaryny mumyýalaýyşlary ýaly etdim. Ýaşuly sözüne dyngy berip, maňa ýüzlendi: — Inim, kakaňy alyp gitjekmi? — Hawa ýaşuly, alyp gitjek. — Be, şeý diýsene. Azara-ha galarsyň. Ýol azaby bar zatdan ýamandyr, hanym. Ýol azaby — gör azaby diýlen söz bardyr. — Nätjek-dä, ýaşuly. Alyp giderin-dä. — Meň diýenimi etseň-ä, inim, ýatybersin. Bu ýere getirilip taşlanýan garrylaryň bärsinden aňyrsy ýakyndyr. Bize-de gonambaşy gerek boljak. Menem öýümizde ýedi-sekiz sany ýezit ýetişdiren ekenim. Hersi bir deräň doňzy bolup otyr. Emma gelip habar alýany ýok. Sen kakaň hakyky ogly ekeniň. Seň adyňy köp agzady biçäre. Biz ýagdaýy Kulikowa düşündirdik. Ol şor palçykdan galdyrylan mazara özüni oklady. Öýde oňa köne-küşül eşik geýdirenim gowy bolaýdy. Ýogsam nebir geýimleri zar-ýaza boljak ekeni. Men kakamyň jesedini alyp gaýtmagy ýüregime düwdüm. Ony agtardyk. Gara ýol ep-seli meýdan bardy. Ýokaryň gök, aýagyň aşagy şor ýer. Hakyky kynçylyk şondan soň başlandy. Pyýadalap gara ýola çykdym. Haýyş etdim. Şofýorlara ýalbardym. Birnäçe maşyn batdy. Ispolkomymyza haýyş hatyny ýazyp iberdim. Hiç kim gelmedi. Üç günläp garaşdyk. Howa yssy. Kakam ynjap barýar, görsem. Ýene jaýladyk. Elbetde, wagtlaýynça. Şora duwlaýdyk. Ahyry mekirlige ýüz urmaly dolduk. «Pylanykes daçasynda göknar ekipdir. Çürtüp tirýek baryny alypdyr. Alan tirýegini mazar edip gömüp goýupdyr. Kakam ýogaldy, şonuň gubury diýlen sözüne ynanmaly däl» diýip öz aýagymdan özüm arza ýazdym. Kopiýalap ispolkoma, milisiýa, suda, prokurora geçip barýanlardan iberdim. Biri gowuşmasa, biri gowşar diýdim, ählisem degişli adreslerine baryp ýetipdir. Şum habaryň ýetmejek gümany barmy diýsene. Men barlajak-da, men barlajak, uly uruş bolupdyr. Ählisem eňişip geläýdi. Wertolýotlar ýöne teneçir ýaly depämizde gaýda-gaýmalaşyk görsek. Siňekdenem kän. — Bagyşlaň, men ýalan sözledim. Kakam ýogaldy — diýip, aşak bakdym. Gelenleriň biri uludan güldi. — Jesedini alyp gidip bilmän sizi çagyrdym — diýdim. Gelenlerden eke-tokarak biri: — Gazly suwdan serhoş bolup, düýä salam berip ýören gadymky keçe telpek türkmeniňi başga ýerden gözle — diýdi. Meni, Kulikowy, şeýle hem şaýat hökmünde gaty papakly ýaşulyny wertolýota depip dykdylar. Heziller edinäýdik. Depen aýaklaryňyza güller bitsin diýdik. Soňra özara gürrüň etdiler. — Gör bularyň hilegärdiklerini. Kontrobanda harydy adam ýaly jaýlan bolupdyrlar — diýşip, kakamyň jesedini ysgaw itlerine salgy berip goýberdiler. Olaram baryp ysgadylar. It janawarlar çyňsaşyp gür ýylgynlyga sümüp gitdiler. — Görsene, garyndysyz güýçli tirýek bolmaga çemeli — diýşip begendiler. Kakamyň jesedini bir wertolýota emaý bilen ýüklediler. Indi daça göçmek gezegi ejemiňki. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |