22:13 Meniň goç satyşym / satiriki hekaýa | |
MENIÑ GOÇ SATYŞYM
Satiriki hekaýalar
Meniň gyzym Gülnar jan şu ýyl uniwersiteti gutaryp geldi. Raýon halk magaryf bölüminiň müdiri Allaw Akgaýew: «Biziň raýonymyzyň mekdeplerinde häzir-ä saňa ýer ýok» diýip, çürt-kesik aýdypdy. Ertesi men Allawyň huzuryna bardym. Ol arçaň ody ýaly dumly-duşa pytrap, ýanyna gelen mugallymlardyr mekdep direktorlaryna bolgusyz bahana tapyp ýüzlerini alyp otyrdy. Ahyrsoňunda gezek maňa ýetdi. ― Hawa, ýaşuly, habaryňyzy berip oturyň. ― Oglum, Alaw jan, düýn meniň gyzym Gülnar... ― Ýaşuly, gyzyňam bilmen, näziňem, meniň bir başym bar, müň işim bar ― diýip, gapa tarap elini uzatdy. Meniň hem ýeňsedamarym gatap, zöwwe ýerimden galdym. ― Inim jan, Allaw, otuzynjy ýyllarda men oba Sowetiniň poçtalýony bolup atly gezýärkäm, sen oglanjykdyň. Ýadyňdamy, bir ýumuş buýranymyzda-da bir gysym igde para berilmese, kes kelläm etmezdiň ― diýenimde, ol stolunyň üstündäki kalendary penjeläp zöwwe galdy. Men onuň wejera bolup durşuna geň galyp, ýylgyranymy duýman galdym. Ol süsjek goç ýaly gelip, maňlaýyny meniň maňlaýyma diräp: ― Sen hökümet işgärine şyltak atyp, ony kemsideniň üçin häzir seniň sakgalyňy tersine syragadan, on bäş günläp köçe süpürdäýsem nädersiň ― diýdi. Menem: ― Han ogul, oňarmarsyň. Men seniň saçyňy gury syrdyryp, Akdaşda kerpiç kesdirmäge iberderin ― diýdim. Biziň maňlaý direşip durşumyza gapymyzdaky baga bakýan göçum gözümiň öňüne geldi-de, Allawa men şeýle diýdim: ― Inim Allaw, senem obamyzdan ýetişen kadr. Men garry köpegi bagyşla. Aramyza ala şeýtan düşdi-dä. Gel ikimiz döwletli bir maslahat edeli. Men agtygym ikimiz iki ýyl bäri bir goçy bakyp ýörüs. ― Baý, ýaşuly, ol-a semrändir-ow ― diýip, Allaw ugrany üzülen öý ýaly bolup gowşaýdy. Ol ýerine geçip, sekretar gyza «çaý getir» diýip buýruk berdi. Biz dürli-dümen kemputdyr şokolad bilen ümmüldeşip çaý içdik. Çaý başynda ol gülümjiräp: ― Be, asyl seredip otursam, sen meniň daşkyrak garyndaşym Goçguly aga bolmaly ýaly-la. Ýaşuly, nesibe çeken güni öýüňe-de bararys. Görýäňmi, iş başymdan agdyk. Ýokary okuw jaýlaryny tamamlap gelýänleri işe ýerleşdirmeli bolýarys. Onsoňam gelen-gideniňem öňünde durmaly. Kyn görmeseň, şol goçy soýup iýdigim bolsun, öýe getiräýsene ― diýip, açgözlük bilen maňa seretdi. Meniň ýüküm ýeňlän ýaly boldy. ― Päheý, Allaw jan, mundan aňsat zat barmy. Häli ikindinara agtyjagym getirip gider ― diýdim. Şeýle diýenimde, Allaw elini agzyna ýetirip: ― Hüş-ş-ş ― diýdi, ― Goçguly aga, «Oglanly öýde ogurlyk ýatmaz» diýipdirler. Sen agtyjagyňdanam, bir keseki adamdanam goçy iberme. Hatda özüňem goçy gapa getiriji bolma. Ýöne, Goçuly aga, bu işiň ikinji bir warianty bar. Ol wariant diýeninde meni tok urak ýaly boldy. Häk, şütüki wariant diýdigi nämekä, ýa goçyň gapdaly bilen arak-şerabam goşup getir diýjek bolýarmyka? Gel, gowusy özünden sorap göreýin. ― Inim, Allaw, otüki wariant diýýäniň näme? ― Baý-ba-a-a, Goçguly aga, magaryf ugrundan gömükligiň belli-dä. Sen oglankaň matematikadan, heý, kontrol iş zat işlemediňmi? Ýeri, bolýa-da, saňa has türküläýmesem bolmaz. Sen goçy indiki bazar güni bazaryň mal saraýyna getiräý. Men hem goçy senden satyn alan bolaýyn. Sen maňa 150 manat getirip ber. Men ony goç bahasy diýip, saňa bererin-de, goçy alyp gaýdaryn, düşnüklimi? Men ylalaşdym. Ertesi gün goçy agtygym bilen bazara alyp bardym. Hyrydarlar meniň daşyma hüwwe üýşdüler. Gyrçuw sakally ýaşuly goçuň ýüpüni meniň elimden alyp: ― Tüweleme, ýaman gözden saklasyn, mal-a mal jan ekeni, goçuň bahasyny aýtsaň armanym ýok ― diýdi. Başga bir daýaw adam goçuň ýüpüni ýaňky gyrçuw sakallynyň elinden silkip diýen ýaly aldy-da: ― Goç meniňki. Bu janawar mal saraýyna girenden göz astyna aldym. Ýüz diýsin, müň diýsin, ynsap eýesinde, men muny satyn aljak ― diýdi. ― Goç, saglyk bolsa, ikiňize-de miýesser bolmaz, men çynymy aýdýan, men muny toýda süsüşdirjek, baýrak aljak ― diýip, goňşy obamyzdan Jümýaz eke diýip biri ýüpe ýapyşdy. Men rejäniň geň däldigini bilip, olaryň uzadýan desse-desse pullaryny yzyna itip, goçuň ýüpüne ýapyşdym: ― Adamlar, goç satlyk däl. Men muny bazara satmaga getiremok. Muňa arada bir toýda süsüşeninde göz degdi. Onsoň palça, tebibe ýüz tutdum. Olar hem bazara sal, ile görkezip gaýt diýipdiler. Şonuň üçinem getirdim. Häzir hem yzyna alyp gitjek ― diýdim. Onýança-da şlýapasyny bir şahyna atyp, gara äýnek dakynyp Allaw bazara geläýdi. Ol hiç zatdan bihabar bolan bolup: ― Ýaşuly, siz haýsy obadan? ― diýip, menden sorady. ― Men Gümmezli obadan ― diýdim. ― He, menem şeýle çäk edipdim. Sebäbi siziň oba maly baga bakmaga ökde ― diýip, Allaw gözlerini elek-çelek edip, töweregine seretdi. ― Goçuňyz-a tüýs tohum goç ekeni. Münseňem aýagyň ýere ýetjek däl öz-ä. Hany, ýaşuly, eliňi bäri ber, ine-de saňa pul ― diýip, Allaw elini ýokary göterip, aýama boş eli bilen bir urdy welin, şarpyldy bazary ýaňlandyrdy. Meniň elim bolsa köz gysdyrylan ýaly bolup lowlap ýanyp gitdi. Başym aýlanyp, gözüm garaňkyrady. Men: «Hany, pul» diýenimi, diýmänimi aňşyrmadym. Allaw bolsa şlýapasyny ýylan kömelegi ýaly edip, goçuň ýüpünden tutup, janawary alyp ugrady. Bir hepdeden soň gyzym Gülnary yzyma tirkäp raýon halk magaryf bölüminiň müdiri Allawyň kabinetine girdim. Görsem onuň ýerine başga bir mylaýym ýigit otyr. ― Ýaşuly «Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz» diýlişi ýaly siziň goçuňyz Allawy erbet «süsüpdir», ol hatda kürsüsindenem pyzylyp düşdi. Ynha-da gyzyňyzyň işlemeli mekdebi, hepdede okatmaly sapagy. Şuny obaňyzdaky 39-njy mekdebiň direktory Kerim Isaýewe eltip beriň ― diýip, täze müdir bize bir kagyz uzatdy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |